20:24 Söýgi şerbeti / rubagylar | |
SÖÝGI ŞERBETI
Goşgular
(Rubagylar çemeni) Lebleri bal kibi ak ýüzi Aý gyz, Barça gözellere bir özi taý gyz, Men aşyga nazar salgyn, dem salym, Ýogsam ýagty gündiz tümlükdir, aý gyz. * * * Şahandaz ýigidiñ gaýgysyz seri, Daýhana bagt getir mañlaýyñ deri, Jahyllyk çagyma dolady, gör-ä, Bir pursat ýylgyrşyñ ak saçly peri. * * * Wah, şol peri-peýker erkimi aldy, Deregne kalbyma ataşyn saldy, Bu sähranyñ goltugynda-goýnunda, Meniñ başky söýgim ~ armanym galdy. * * * Haýran eder, oýun-bazlaryñ seniñ, Bilbili küýsetmez, sazlaryñ seniñ, Jellat gözleñ onki süññüm gagşatsa, Meýdanly gujagyñ ~ ýazlaryñ seniñ. * * * Asal dek lebleriñ ~ ýukajyk gaýmak, Mähirli ýüzüñden ýok maña doýmak, Barmak dişläp uýalmagyn, melegim, Hakyñ eradasy söýülmek-söýmek. * * * Gazansyz gaýnaýyp, otsuz bişmişem, Bikararam, menzil-menzil aşmyşam, Bilginiñ, eý dostum, munuñ sebäbin, Yşkyñ apat söwdasyna düşmüşem. * * * Men şamar saçlaryñ ýesiri-bendi, Ataşsyz näziñe jigerim ýandy. Ýüzüñ şuglasyna, eý perim, gije, Asmanyñ täk Aýy, ýyldyzlar söndi. * * * Ýöräp däl, yrakdan uçup geleýin, Mal-mülkden, barymdan geçip geleýin, Serwim, öñde-soñda ölmeli bolsa, Men yşkyñ oduna ýanyp öleýin. * * * Ylham sen, kalbyma gazallyk berýäñ, Hut Aýyñ özüne gözellik berýäñ. Indi aýra düşüp, ak saçly perim, Ýatlamalar bolup düýşüme girýäñ. * * * Şady-horram gezip, ýürekden gül sen, Kim dostuñ-duşmanyñ parhyny bil, sen. Bu panydan gitmejek ýok bakyýa, Razy otsuz ýakýan näziñden ölsem. * * * Asal şirinligi sözleñde galdy, Ataşsyz ýandyrmak näzleñde galdy. Aýralykdan soñam gülgün sähramda, Ýar basan yzlary gözlemde galdy. * * * Sadap haýran galar ap-ak dişiñe, Arzuwlañ siñipdir eden işiñe, Täleý aýra salyp, biarman indem, Bir ýatlama bolup girsem düýşüñe. * * * Okalmadyk kitap ~ ýüregim açsam, Yrakdan ýanyña guş kimin uçsam, Ýapraklary tänen baglañ içinde, Güýz damjasy bolup lebiñe gaçsam. * * * Ökde tebip biler gözüñden halyñ, Ölseñem, iliñe bolmasyn alyñ. Eý perim, baýlygy-zeri näderin, Bir ýylgyryp baksañ şol dünýe malym. * * * Ýagşylyk edilse ýada salgynyñ, Zeriñ deregine alkyş algynyñ. Başky söýgim, meniñ teşne kalbyma, Dagdan akýan sowuk çeşme bolgunyñ. * * * Derdi-hal aýtmagyl mesiñ ýanynda, Bikärler görülmez adam sanynda. Başky söýgim, maña kän zat gerek däl, Bir owurt şerbet bol ýürek ýananda. * * * Bikararam, mejnun bolup giderin, Zülpüñ tarlaryna sežde ederin. Kalbymyñ bahary, dinim-imanym, Sensiz, bir dem bu jahany näderin?! * * * Men güýzde doguldym, sataşdym saña, Onsoñ apalaýan şu pasly diñe. Eý saky, meý guýma, munsuzam bilseñ, Jahana sygamok söýgüden ýaña. * * * Bahylçylyk eder adamyñ pesi, Müñ serçä misli ok bir gyrgyñ sesi, Kalbymy heýjana salyp dur, dostum, Başky söýgiñ beren şirin gussasy. * * * Derin döken ýüpek geýip, iýer ýag, Bürgütsiz ýalñyzdyr başy belent dag, Gizlejek däl, gözüm gidýär bagtyña, Gyzyñ leblerinde irkilen ak çyg. * * * Bakyşyñ ýaşylbaş ördege meñzär, Ýakyşyñ magşaryñ oduna meñzär. Uýalyp, söýgiñi gizlejek bolma, Gözlemden öñünçä ýüregim syzar. * * * Miwe iýmez yhlasyny bermedik, Namartdyr ol jeñde döşün germedik, Bu ýagty jahana geldi-gelmedi, Yşkyñ şerbetini dadyp görmedik. * * * Pynhan syryñ ilki saklagyn özüñ, Soñky döwüm nany çyn dosta dözüñ, Şady-horramlykdan geçerin, belki, Şirin gussasyna näzenin gyzyñ. * * * Gylyçlar köp ýatsa gynynda synýa, Der dökene ýagşy döwranlar dönýä, Magat göz ýetirdim, sataşyp saña, Yşkyñ şerbetinden ýasalmyş dünýä. * * * Näziñ magşar ody, gözleriñ umman, Bal karar eýlemez lebiñden damman, Towlam-towlam zülpüñ inçe tarlary, Owsun atýar keýgim, ah, aman-aman... * * * Ruhubelentlik türkmen bilendir, Hak söz üçin jigerini dilendir, Kalbyñ gemre baglap, busup oturma, Bahar gapyñ kakýar, söýgi gelendir. * * * Bir şirin çalynan mukam-sazmy sen? Jahana sygmaýan ýaşyl ýazmy sen? Gözellikde Aýyñ husnuny baglap, Hemem meñ bagtyma çykan gyzmy sen? * * * Ýagşy söze ynsan göwni galkynar, Alkyş alan iki dünýe ýalkanar. Meni ýuwutjak dek, behişti perim, Gara saçlañ umman bolup tolkunar. * * * Läle-reýhanlyk görküdir ýeriñ, Noş bolmaz janyña haramy zeriñ. Eger teşnelikden ejir çekäýsem, Dostlar, diñe söýgi şerbetin beriñ. * * * Ýyl kerweni geçip, ömür gädiler, Zähmet çeken il içinde at alar. Gara gözleñ bir uçgunjyk düşürdi, Indi, keýgim, rahat kalbym ot alar. * * * Dana bir söz diýse, siz gulak asyñ, Il içinde egni gysyk bor asyñ. Bagdan tänip düşýän guran ýapraklar, Belki, saña bolan synan yhlasym. * * * Watan gereklese geçiler serden, Zer dänesi üýşer dökülen derden. Çytylsañ-da, sowuk gyş howasy dek, Ýaşyl bahar bolup kalbyma girdiñ. * * * Sonky deme deñiç çyn dost garaşar, Sähra gurdy barça ite daryşar. Görüñ ahyr, ýüregiñi gozgalap, Kamar gyza, gyz kamara ýaraşar. * * * Iliñ bähbidinde bar bolsun paýyñ, Enäni ynjytma, jennetdir jaýyñ. Gaýmak lebleriñden şirin bal damsa, Ýüzüñ nury siñmiş husnuna Aýyñ. * * * Bir gez beýgelersiñ alkyş aldygyñ, Peselersiñ kinäñ ýada saldygyñ. Dañ säherde girip bilsem düýşüñe, Jahanda iñ bagtly adam boldugym. * * * Ýürege dert ýaman sözüñ azary, Allygy bilmez hiç dana nazary. Ak gara dönse-de gara saçlarym, Püre-pürdür şirin söýgiñ güzeri. * * * Zer ýylpyldap, garagyñy gapmasyn, Öý döwletdir, onda jenjel gopmasyn. Aýna kimin ýüz görünýän ýüzüñden, Serwi gyz, bir ýigit aldap öpmesin. * * * Adam ogly mydam dogry sözlesin, Elýaglygyn gözýaşlara ezmesin, Ýuka dodaklary aby-haýýatym, Sen bagtly däl, bagt seni gözlesin. * * * Aýyñ kamatyny ýüzüñde gördüm, Asal şirinligin sözünde gördüm, Magşaryñ ataşy näziñde perim, Yşk hözirin gujak-ýazyñda gördüm. Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |