17:28 Söýgi we göz | |
SÖÝGI WE GÖZ
Edebi makalalar
Biz öz gözlerimiz arkaly görüp, daştöweregimizde bolup geçýän zatlary kabul edýäris, soňra paýhas elegimizden geçirip, her bir zada bolan gatnaşygymyzy kesgitleýäris. Ynsanyň iň pynhan duýgusy bolan söýgi meselesindede gözlerimiz biziň ilkinji ýol görkezijimizdir. Şonuň üçinde, adamyň kähalatlarda bir bakyşdan aşyk bolmagy geň galarlyk zat dälde, eýsem, bu tebigy ýagdaýdyr. Şol sebäplide, halk arasynda: «Göz göze düşende mähir oýanar», «Gözden daş düşen göwünden hem daş düşer», «Göz eýeli, işik söýeli», «Göz gördi, köňül söýdi» diýen ýaly nakyllar, atalar sözleri döräpdir. Adamyň gözleri inçejik damarlar arkaly beýni we ýürek bilen baglanyşýar hemde bir gezek görüp söýeniň keşbiniň aňyňda mydamalyk surat bolup galmagy ýada ýüregiňde hemişelik ýa şamagy tötänlik däldir. Bu ýerde halk tebipçiliginde, şeýle hem lukmançylykda gözde adam agzalarynyň her biriniň degişli nokatjyklarynyň, bölejikleriniň bardygynyň göz öňünde tutulýandygy bellärliklidir. Göz arkaly adamyň beden agzalarynyň kesellerini anyklamak saglyk ulgamynda iri dodiagnostika, gözlere dürli uzynlykdaky şöhleleri bermek arkaly beden agzalaryny bejermek bolsa, iridoterapiýa düşünjesi bilen mälimdir. Adamyň gözleri, göreji göýä açylyp duran, owadan ter güli ýatladýar. Ýaşlaryň gözleriniň garagy örän ter, reňki goýy, ýüzi tämiz, suratlary mesemälim bolýar. Ýaşy durugşan adamlaryň gözleri, garaklary birneme solan güli ýatladýar, inçelýär, reňki öçügsilenýär, ýüzünde mesemälim tegmiller, çöküntgiler, çukurjyklar emele gelýär. Garakda döre ýän şu we beýleki alamatlara salgylanyp, adamyň dürli beden agzalarynyň näsazlygyny ýüze çykarmak we olara bejergi bermek mümkindir. Kimdir biriniň ýiti synlamagy sebäpli göz degmek ýagdaýy hem ýüze çykyp bilýär. Göz degme ýagdaýyna duçar bolan pursadynda adamyň büdremegem, ýykylmagam, syrkawlamagam mümkin. Durmuşda göz degirmäge ukyply adamlar seýrek däldir. Şeýle ýiti nazarlardan goranmagy üçin halk arasynda alaja, gözmonjuk dakynmak ýaly yrymlar bar. Gözüň reňkli bardasy we garagy özünde dürli gizlin syrlary saklaýar. Egerde biz çynlakaý üns bersek hemde özleşdirmegi başarsak, gözler arkaly öz saýlan hemramyzyň neneňsi adamlardygyny aňlap bilerdik. Meşhur türkmen serkerdesi Keýmir beg özüne nöker bolmaga gelenleri saýlanda, ilkinji nobatda, olaryň ýaňaklaryna şarpyk çalýan eken. Şeýle halatda beg özüne gorky ýada hilegärlik bilen bakýanlary alman, şol pursatda gözleri gazaply uçganaklaýanlary özüne nöker edip alypdyr. Adamyň gözleri öz reňkine görä dürli görnüşli bol ýar. Olaryň hatarynda gara, goňur, gök, mawy göz leri agzamak bolar. Gözler hem ynsana mahsus häsiýetleri belli bir derejede ýüze çykaryp bilýärler. Mysal üçin, gara gözler güýçlüligi, duýgurlygy, talapkärligi, goňur gözler eserdeňligi, bilesigelijiligi, gök gözler sahylygy, hoşamaýlygy, mawy gözler dözümsizligi, geçirimliligi, päli pesligi alamatlandyrýarlar. Bu häsi ýetleriň aglabasy gara gözlülerdede, goňur gözlüler dede jemlenip biler. Ýöne Asman jisimleriniň onuň häsiýetlerine täsir edişi ýaly, adam doglan wagty gözleriň daşky keşbi hem ynsan häsiýetleriniň neneň sidigini alamatlandyryp bilýär. Dile çeper adamlar, ýazyjyşahyrlar adam göreçlerini «goýungözli», «ahu jerengözli», «humaýgözli», «bürgütgözli» ýaly meňzetmeler arkaly teswirläpdirler hemde wasp edipdirler. Bu meňzetmeler hem, esasan, adam häsiýetlerini ýüze çykarmaga ýardam edýär. Mysal üçin, humaý mistiki guşdur. Taryhçy alym Öwez Gündogdyýew özüniň «Türkmen zenanlarynyň taryhy keşbi» atly kitabynda: «Zoroastrizmde Humaýyň keşbi, eýýäm täzelenen görnüşinde orta çykýar, bu ýerde hudaý adama öz saýasyny berip, bagtly edýän bir Humaý guşunyň keşbini şöhlelendirýär. Orta Aziýa zenan hudaýlarynyň göwreli aýal keşpli atsyz terrakot heýkeljiklerinde hem Humaýy görýäris, çünki Humaý oguz türkmenlerinde enäniň göwresindäki çaganyň howandary hökmünde çykyş edýär» diýip, belläp geçýär. Diýmek, «humaýgözli» meňzetmesi adamyň gözleriniň keşbiniň aýratynlygyny suratlandyrmak bilen bir wagtda, ynsanyň içki dünýäsiniň syrlylygyny hem alamatlandyrýar. Şeýle bir dideler bolýar, gözel zada melul bolup seretmekden ganmaýarlar, beýleki bir dideler gözellige öwrülip, her göreni özlerine maýyl edip, seretdirýärler. Gözler gözlere kaklyşanda, nazarlar nazarlara sataşanda köňüller näzik duýgulara gaplanýar, ýürekler heýjana gelip, gürsüldeýär. Bilmedim men, doňdummy ýa eredim, Ne ajaýyp içgin synlan nazaryň. Meň intizar göreçlemde eglediň, Daň nury deý, bize ýollan nazaryň. Gudrat nagşy gözleň agygarasy, Humaýydyr gözelligiň seresi, Owalaryň misli goşa terezi, Elendirer bizi synlan nazaryň. Oda salyp göreçleriň alawy, Islese ters aýlar çarhypelegi, Duýgulam at, goýberlendir jylawy, Niçeleri urdyr jöwlan nazaryň. Roýuň Gündür, ýakymlydyr çoýýarka, Gyz içgin bakýandyr gadyr goýýarka, Şol ahu gözleriň näme diýýärkä? Syrly hazynadyr, pynhan nazaryň. Bu ýüregmiň rahatdygy gümanda, «Gün» gizlendi seni goýup «dumanda», Göz öňüňden gitmez, galdyň armanda, Çoh gaýtalap: «Ammanamman nazaryň». Aşyk-magşuklaryň durmuşynda çylşyrymly pursatlar hem seýrek bolmaýar. Şeýle ýag daýlarda olaryň gatnaşyklarynda göz däl-de, paýhas esasy orna geçýär. Çünki wepalylyga ýada wepasyzlyga aşykmagşuklar öz paýhaslary bilen baha berýärler hemde netije çykarýarlar. Şonuň üçinde, her näçe owadanlygyň, görkgörmegiň, owadan daş keşbiň, boý-syratyň bolsa'da, maşgala durmuşyny berkidýän zat, birekbirege bolan wepalylykdyr, hormatsylagdyr. Söýgi bilen uçganaklaýan gözler öz ýarynyň, hemrasynyň didaryny synlamakdan ganmaýar. Şol bir wagtyň özünde akyldar şahyr Magtymgulynyň magşar gününde gözlerimiziň sogaply hem günäli işlerimize, gowy hem ýaramaz zatlary görendigimize şaýat boljakdygyny nygtaýşy ýaly, biz öz didelerimizi ýagşy zatlara gönükdirip, ýaman zatlara seretmekden aýamalydyrys. Kalby, ýüregi päk ynsanyň gözleri hem ýagşy zatlara gönügýändir. Biz älemjahanyň, dünýäniň gözelliklerine mähir, söýgi bilen seretmegi başarmalydyrys. Çünki: «Söýgi bilen synlamagy başarsaň, gülde tiken däl-de, tikende gül bar». Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |