01:18 Söýgüde serhet ýok -2/ romanyñ dowamy | |
2.
Romanlar
Erkin şondan soňam iki ýyla golaý öýlenmän gezdi. Ýygy-ýygydan Güljemaly ýatlady. Mazaryna gatnady. Gül goýdy. Zol-zolam galan ömrüni öýlenmän, Güljemalyň zaryny çekip geçirmek isleýändigini aýdyp, öz ýüreginem, meniň ýüregimem paralady ýördi. Ýöne, nätjek, durmuş bir möwç urup duran däli derýa. Ol seni bir ýerde goýanok. Birsyhly çaýkap dur. Kimi çaýkap-çaýkap kenara taşlasa kimsäni ömürboýy şo-ol çaýkap gidip otyr. Sen bir zady ýüregiňde besleýäň, durmuş bolsa ony saňa geňeşmezden, düýbünden başgaça çözýär. Ähli zady özüçe ölçäp-biçip, ýerli ýerinde goýýar, köne ýaralary bejerýär, pikiriňi üýtgedýär, täze-täze arzuwlar, umytlar, aladalar peýda bolýar. Dünýägaraýşyyňda köp-köp üýtgeşmeler emele gelýär, gözýetimiň giňeýär, öň inkär eden zatlaryň käbirleri bilen isleseň-islemeseň, ylalaşmaly bolýarsyň. Erkiniňkem şeýle boldy. Güljemaly bütinleý unudandyr diýib-ä biljek däl, ýöne maşgala bolmaklygyňam aýratyn bir mazasynyň bolýandygyny meniň mysalymdan duýdumy, nämemi, men iki çaganyň atasy bolanymdan soň o-da ata-enesiniň öňünde öýlenmäge razylyk berdi. Emin dädem ur-tut öz obamyzyň gyzy, mekdepdekäk bizden bäş synp dagy aşakda okan Aýlarhanlara gudaçylyga bardy. Ýöne, guda boluşlary ýaly, oba rakyplary tarapyndan: «Erkiniň Aşgabatda iki çagaly aýaly barmyşyn, basym oba-da getirjekmişin» diýen ýaly ýakymsyz habar ýaýradyldy-da, bar zat bulaşdy duruberdi. Üstesine Erkiniň bir şäher gyzy bilen duran suratynam gyz tarapyň gapylaryna taşladylar. Şeýdibem, köräp duran ody hasam tutuşdyrdylar. Gyzlaryna basalyk bolmakdan geçen, gaýtam Aýlarhanyň hossarlary «Barlajak-da, barlajak»bolşup, dünýede barlygy-ýoklugam belli bolmadyk iki çagaly howaýy gelniň gözlegine çykdylar. At tezegini guratman, Aşgabada gatnadylar, Erkiniň bile okan deň-duşlaryndan, işdeş ýoldaşlaryndan sorag-ideg etdiler. Menden welin hiç zat soramadylar. Aýdanlaryma bolsa, ynanmadylar. «Sen onuň iň ýakyn dosty, galyberse-de, garyndaşy, o hakda bize hakykaty aýtmarsyň» diýdiler. Halys ugur-utga tapmanlaryndan soňam gudaçylyklaryny bozjak bolup dyzadylar. Hernä ýönekeý daýhandygyna garamazdan, tutuş oba tarapyndan gepi diňlenýän, uruşda ýaralanyp gelendigi sebäpli bir aýagy täbigräk Emin dädemiň parasatly hereket etmegi hem-de oba kethudalarynyň tagallalary netijesinde gudaçylyk öz güýjünde galdy. Toý tutuldy. Ýöne, şol gürrüň welin barybir galmady. Erkine çagalykdan beletdigine garamazdan Aýlarhan ynanjaň, gaharjaň, oňşuksyz has ýamanam gabanjaň bolup çykdy. Indi oduň üstüne ýag guýýanam, ony birsyhly tutaşdyrýanam, öçeňkirläberse ýaňadandan gorjaýanam onuň özüdi. Beýnisine giren şol, iki çagaly gelniň keşbini ol göz öňünden aýryp bilmeýärdi. Gitdigiçe-de fantaziýasy güýçlenip, öz göz öňüne getirýän zatlaryna bolan ynanjy artýardy. Erkin welin eýýäm bir ýaryň yşgynda köýüp gören, bir taraplaýynam bolsa söýginiň nämedigini bilýän, iň eziz adamsyny ajala aldyran adamdy. Ol mähre mätäçdi. Onuň söýgüsini gazanmak üçin, Aýlarhanyň ony, Güljemaly ýadyndan çykararlyk derejede gyzgyn söýmekligi, onuň kalbyndaky boşlugy doldurmagy, has takygy şol boşlugy eýelemekligi gerekdi. Muny men köp gezekler Aýlarhanyň özüne-de aýdypdym. Emma bar zat terisne boldy, Aýlarhan özi mähir söýgi bermezden, ärinden mähir söýgi talap etdi, ojagyny ýylatmady, gaýtam tükeniksiz dawa-jenjeller bilen içerisini sowatdy. Iň ýamanam ärini özünden sowaşdyrdy. Şeýdibem bir öýüň içinde biri-birine düýbünden ýat adamlar bile ýaşaşyp başladylar. Öýlenenden soň, ýarym ýyl geçer-geçmez, Erkin maşgalasyny Aşgabada alyp gaýtdy we meniň ýaşaýan ýerime golaý ýerden, şäheriň gyrak-bujaklaryndaky köneje hütdüjeklerden kireýine jaý aldy. Ýöne aramyzyň şeýle golaýdygyna garamazdan, Erkini göresim gelip, içimi it ýyrtyp barýan hem bolsa, ýaňky sebäplere görä olara aýagym çekmeýärdi. Aýlarhanyň günde-günaşa gaýtalanyp duran teýeneli sözleri soňabaka şol öýüň içinde düzgüne öwrüldi. Günleri bir bolsa uruşlary iki boldy. Aýlarhan islendik meselede ärine gulak asmazlygy, onuň tersine gidip, kejikdirmekligi özüne kär edindi. Çagaly-çugaly bolanlaryndan soňam üýtgän zat bolmady. Bu zatlar olaryň ogul-gyzlaryna-da ýaramaz täsir edip başlady. Ol görgülijikler ata-eneleri dawa edip başlanlaryndan ör turýardylar-da, biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, dagdyraklaşyp başlaýardylar, gözlerine ýaş aýlaýardylar. Şolar ýalyda Erkin aýalyna: «Beýdip, gije-gündiz dawa edip ýörseň çaglaryň göwni çöker, sussypes öserler, gaýrat et, uruşma, goý, indi şol töhmetli gürrüňleriňi, Hudaýyň halamajak zadyny etme» diýýärdi. Gabadyna gelse men bu mesele boýunça-da Aýlarhana töwella edýärdim. «Ile gülki bolanymdan, äre tilki bolaýyn» diýipdirler, Aýlarhan, gaýrat et, oňuş, äriň göwnüni tapjak bol», diýýärdim. Ol bolsa ýüzüni aktam edip: «Men ýaranjaňlyk etmegi halamok» diýýärdi. Barha-da beterine tutýardy. Bu ahwalatlary ýatlap Erkiniň: «Ömrümi ýarak it bilen ýakalaşan ýaly bolup geçirdim», diýip, meniň ýanymda zeýrenen gezekleri köp bolupdy. Garaz, Erkin durmuş gurup, maşgala lezzetini bilmedi. Bu onuň döredijiligine-de erbet täsir etdi. Yşgam, zehinem gaýra tesip başlady. Bir günem ol: – Nepes, men öň-ä Güljemala ýekeje agyz söz aýdybilmän, söýgümi bildiribilmän jebir çekdim, ine, indem haýsydyr bir näbelli, gelin zerarly şunça ýyldyr öz ýan ýoldaşymdan ejir çekip ýörün. Bu nähili beýle bolýar? Näme üçin men hemişe ezýete sezewar bolýarkam? – diýdi. Şonda men oňa näme jogap berjegimi, nädip köşeşdirjegimi bilmedim. Oýlanyp tapylan şol iki çagaly gelniň kim bolup bilaýjekdigi barada käte Erkin ikimiz oturyp bilelikde-de pikir ýöredýärdik, köp zatlaryň başyny agyrdýardyk, ölçerýärdik, dökýärdik, belli bir netijä gelibilmänem dagaşýardyk. Güljemal biçäre bolsa hiç bir jähtdenem ol gürrüňe gabat gelmeýärdi. Erkin onuň bilen bary-ýogy ýekeje gezek onda-da onuň mazarynyň başujynda duşuşypdy. Üstesine Güljemalyň çagasam ýokdy, ýaşaýan ýerem salgy berilişi ýaly demir ýoluň gaýra ýüzünde däldi. Ýaman ýerem Aýlarhanyň keçjarlygy zerarly Erkin iki gezek dagy jaý edinmek mümkinçiliginden mahrum boldy. Nobatymyz-a entek-entek gelerli däldi. Zerurlyk bolsa ýetjek derejesine ýetipdi. Şonuň üçinem, käte Erkin ikimizem oturyp ýokary edaralara, hatda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygyna çenli hat yzyna hat ýazýardyk. Emma şolaryň baryndanam: «Ýerinde çözülmeli» diýen jogap gelýärdi. Ýerli komitetiň başlyklary bolsa: «Wah, jaýymyz bolsa size bermän kime bereli, jan jigiler» diýşip, ellerini serýärdiler. Garaz, hiç hili çykalga ýok diýen ýalydy. Ine, şol günleriň birinde Aýlarhanyň ir döwürden bäri Aşgabadyň etegindäki şäherçeleriň birinde işläp ýören, enebaşga agasyny uzakdaky etraplaryň birine işe geçirdiler-de, ol öz oturan jaýyny Erkine goýup gitmekçi boldy. Çünki ol gaýynlarynyň arasynda Erkin bilen adam şekilli gatnaşýan ýeketäk adamdy. Adam hökmünde-de, şahyr hökmünde-de ol Erkini gowy görýärdi. Düşünjeli, sowatly, esasanam adamkärçilikli ýigitdi. Şonuň üçinem, ol ony-muny görüp, jaýyň hat-peteginem düzedip ugrady. Emma muny eşidip bir gün Aýlarhan agasynyň ýanyna barypdyr-da, hamala ganym duşmanynyň gürrüňini edýän ýaly sowuklyk bilen: «Jaýyňy şoňa beräýme, men barybir oň bilen ýaşaşman» diýipdir. Muny men şol günüň ertesi Erkinden eşitdim we juda geň galdym. Erkiniň geň galyşy welin meniňkiniňem çaky bolmady. Ynanmazlyk bolsa mümkin däldi. Çünki, muny Erkine Aýlarhanyň agasynyň hut özi aýdypdyr. Ýene bir gezegem Erkiniň şähere golaý etraplaryň birinde işläp ýören dost-ýarlary kömek etmek üçin: «Maşgalaňy bir ýere jaý süpüriji edip işe sal, aňyrsy bir ýyldan jaý alar ýaly edeli» diýdiler. Şol üýşmeleňde menem bardym, Erkin ikimizem guş bolup uçup gaýtdyk. Gelip hoş habary biri-birimizden öň buşlamak üçin duşakly düýe ýaly Aýlarhanyň öňünde «paýtanaklaşyp» durşumyzam şu günki ýaly ýadymda. Ol welin begenmekden, geçen, gaýtam iki gözünem dym-ak edip Erkiniň çat maňlaýyna dikdi-de diýseň yzgytsyzlyk bilen: «Men iliň aýagynyň aşagyny süpürmen» diýdi. Erkin görgüli şonda ýüregini tutup: «Ahow, bu ýeke saňa ýa maňa gerek däl, çagalara gerek, onsoňam beýle mümkinçilik her wagt, her kime ýetdiribem duranok» diýdi. Aýlarhanyň welin ony diňläsem gelmedi, «hyňk» etdi-de, syrtyny öwürdi ötägitdi. Bu zatlaryň barysy Erkini öz maşgalasyndanam, öýündenem sowaşdyrýardy. Aýlarhan welin ony ýeke bir özünden ýa öýünden däl, hatda çagalaryndanam sowatdyrmaga olaryň öňünde özüni biçäre, ärini bolsa barypýatan sütemkär edip görkezmäge çalyşýardy. Şonuň üçinem ýok zat üçin bahana tapyp, gižželäp, äriniň gaharyny getirýärdi-de, şolaryň gözleriniň öňünde urduryp-sögdürmek üçin ur-tut çagalarynyň arasyna ylgaýardy. Mahlasy, Erkiniň adyna çirk ýetjegini bilse, özüni ikirjiňlenmän dördünji gatdan oklamaga-da taýýardy. Iň ýamany, soňabaka ärine basdaşlygam edip başlady. It ýandakdan böken ýaly edip iki sany kel goşgy goşan boldy-da, oturan-turan ýerinde: «Maňa bahylçylyk edýä, öz goşgularyny çykardýa, meňkileri çykardanok» diýip, äriniň gürrüňini etdi ýördi. Erkiniň bir goşgusy çyksa gynandy, kitaby çyksa, ýas tutdy. Hatda Erkiniň hakyky hossarçylykly hereketlerindenem nogsan gözledi. Betgümançylyk etdi. Äriniň özi üçin edýän islendik elmaýyşlyklaryny özüne ýamanlyk diýip düşündi. Ýekeje mysal. Bir gezek Aýlarhan syrkawlady. Tutgaý tapyndy. Erkin ikimiziň ony eltmedik syrkawhanamyz, görkezmedik hekimimiz galmady. Hiç ýerde-de kemçilik tapmadylar. Ýürek sag, damarlary gowy. Gan basyşy kadaly. Ahyram ulurak hekimleriň biri onuň keminiň beýnide bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy we ruhy keselleri bejerýän hassahana eltip barlatmaklygy maslahat berdi. Emma Erkin muňa göwnemedi. «Bir gün ýatyp çyksa-da, barlag üçin ýatyp çyksa-da, dälihana girip çykypdyr diýen ada galar, gelşiksiz bolar» diýdi. Aýlarhanyň özüne bolsa hiç zat aýtmady. Ýöne tutgaý wagty bilen galmansoň men Erkine her niçik hem bolsa, şol aýdylan ýere eltip görkez, soň sen özüň günäkär bolaýma diýdim. O-da ýaýdana-ýaýdana Aýlarhana ýagdaýy ýaňzytdy. Ol bolsa: «Dat, dostlarynyň üsti bilen dälihana dykyp aýalym däli diýip hat aljak bolýa, başga birine öýlenjek bolýa» diýip şeýle bir nadarlyk etdi welin, şondan soň men telim wagtlap şolaryňka salama-da baryp bilmedim. Ýene bir zady aýtman durup biljek däl. Ýagny, Erkiniň oguljygy on ýaşlaryndaka tüýnükden ýykylyp çep elini goşaryndan döwdürdi-de, ylaýyk kyrk günläp hassahanada ýatdy. Ýekeje gezegem öýüne goýbermediler. Ine, şol kyrk günüň içinde Aýlarhan ýekeje gezegem oglunyň yzyndan barmady. Asla ýagdaýy nähili diýip soramadam. Soňam bir gezek Erkin çagasynyň raýatlyk hukugyny goramak üçin etrapdan başlap tä Ministrliklere çenli gidişmeli boldy. Göreş üç ýarym ýyla çekdi. Ahyram Erkin arzyny bir ýol bilen Prezidentiň hut özüne ýetirip ýeňiji bolup çykdy. Ine, şu üç ýarym ýylyň içinde-de Aýlarhan ýekeje gezek hem ärinden: “Nähili, işler düzelişýämi, ugrukýamy, hiý, hakykata göz galdyrýan bamy” diýip soramady. Gaýtam şol göreşden Erkiniň ýeňiji bolup däl-de, ýeňlip çykmagyny isledi. Ýeňenini bilip gynandy. Işiň dowamynda-da hemişe Erkiniň däl-de onuň garşydaşlarynyň tarapynda durdy. “Aýaly gowy, gepe düşýä, äri ýaman” diýdirjek boldy. Ikisem öz ogluna degişli bolan şu wakalarda Aýlarhanyň özüni näme üçin şeýle alyp barandygyna Erkin ikimiz şol wagtlaram düşünmeýärdik, men-ä heniz-henizlerem düşünip bilemok. Özümiň “psihoanalitik” hünärmenlik tejribämde şeýle häsiýetli adama men henize çenli duş gelemok. Erkiniň öz maşgalasyndan ymykly sowaşmagy üçin şol zatlaram bir sepgit bolup hyzmat etdi. Göwün gutarnykly döwüldi. Arabanyň tigriniň sypmagyna az wagt galdy. Erkin indi ol öýde diňe çagalarynyň hatyrasyna ýaşaýardy. «Çagajyklarym ýetişse bolýa, şojagazlarym ýetim galmasa bolýa, şolary öý-işik eden günümem giderin, ýekeje ýylam bolsa, özüm üçin emin-erkin ýaşaryn» diýip ýygy-ýygydan zeýrenýärdi. Muny ol Aýlarhanyň özüne-de aýdýardy, düşündirjek bolup, düşünişjek bolup özelenipler çykýardy, bäş gün ýalançyny oňşukly ýaşamaklyga çagyrýardy. Mahlasy, onuň ýüregi henizem söýgi küýseýärdi. Ýaşlykda boş geçen söýginiň boş duran ornuny bir zat bilen doldurasy gelýärdi. Wagt bolsa geçip durdy. Ol haýallyk bilen gündogardan günbatara tarap akýardy. Erkin ikimiz onuň sesinem eşidýärdik, sudurynam görýärdik, hatda reňkinem saýgardyk. Kimdir birine garaşýan ýaly, oňa seredip, Erkini käte sagatlap oturan wagtlaram bolýardy. Şeýle ýagdaýda on iki ýyl geçdi. Köp garaşdyran jaý nobatymyz ahyry gelip ýetdi. Oňa çenli iş ýagdaýlarymyzam gowulaşyberipdi. Men nerwologiýa ugrundan kantidatlyk dissertasiýamy gorap, doktorantura girmäge taýýarlyk görüp ýördüm. Erkiniň çykaran kitaplarynyň sany bäşe golaýlapdy. Bu şol döwrüň ölçegi bilen alanyňda az däldi. Çünki, ol wagt golýazmalar kitap bolup çykýança neşirýata tabşyrylandan soňam telim ýyllap ýatýardy. Bu wagtky ýaly işjeňlik, elektron ýazgylar, çalt usullar ýokdy. Jaý alanymyzdan soň güzeranymyz hasam gowulaşdy. Giňden-giň howaly jaýlarda oturyp öndümli işlemekligimize mümkinçilik döredi. Erkiniň maşgala ýagdaýy welin üýtgemedi. Içeriniň dartgynlylygy gowşamady. Aradan ýyllar geçse-de, Aýlarhan ýadamady. Gylyjyny gynyna salmady. Iki çagaly gelinden elini üzmedi. Ozaldanam söýgüden kem paý galan ýarym göwün ýigidi bu ýagdaý halys egbarlatdy. Ýadatdy. Öýünden, işinden elini sowatdy. Aýrylyşyp dynmak hakynda çynlakaý pikir edip ugrady. Ýöne, çagajyklaryna bolan köne yhlasy her gezek ony bu pälinden el çekmäge mejbur etdi. Käte ol uludan demini alardy-da: «Iki-üç gezek aýrylyşyp, çagalaryny dyr-pytrak edişip ýören adamlaryň ýürekleri nahilikä? Biz-ä şonuň bir gezegine-de döz gelip bilmän, özümize zor salyp ýörüs» diýerdi. Şol zatlar bilen bagly bolsa gerek, Erkin ýene-de ýygy-ýygydan Güljemaly ýatlap başlady. Maşgalasyndan tapmadyk mährini bir ýerlerden tapasy geldi. Maksadyna ýetmedik, şowsuz hem lal söýgi barada täze-täze, goşgular ýazdy. Bu onuň döredijilik ýolunyň belli bir tapgyryny emele getirdi. Şeýdip barşymyza kyrka ser uranymyzam bilmän galdyk. Birdenem döwlet başyna SSSR-iň taryhynda ilkinji bolup demokratiýa ýol açan Mihail Sergeýewiç Gorbaçewiň geçmegi bilen ýurtda «üýtgedip gurmak» döwri başlandy. Aç-açanlyk, köp pikirlilik yglan edildi. Soýuzyň düzümine girýän respublikalaryň hersi öz agyrýan ýerini tutup, «aglap» başlady. Öňi bilenem özbaşdaklyk, dil, taryha dogruçyl garamak öz ýerüsti we ýerasty baýlyklaryňa eýe bolmak meselesi öňe çykdy. Gyzgalaňly göreş başlandy. Erkin hem şol göreşe goşulanlaryň biri boldy. Gazet-žurnallara döwrebap makalalar ýazdy. Telewizorda, radioda, käte bolsa halkyň öňünde edilýän çykyşlara gatnaşdy. Ol esasanam türkmen diline döwlet dili hukugynyň berilmegi üçin köp yhlas etdi. Ýöne, bu ýagdaý uzaga çekmedi. SSSR-iň ilkinji hem iň soňky Prezidenti Garbaçew öz beren demokratiýasynyň pidasy boldy. SSSR ilk-ä yraň atdy, soňam ýykyldy. Öz beren demokratiýasyny öz garşysyna ulanmak bilen Gorbaçewi işden aýyrdylar. Ýetmiş ýyllap SSSR-iň düzüminde duran döwletler özbaşdaklyklaryny yglan edip başladylar. Şol bagt Türkmenistana-da miýesser etdi. Özbaşdak boldy. Türkmen diline döwlet dili hukugy berildi. Göreş döwri Erkin ýaly öňe çykan ogullaryň aýdanlary boldy. Ýöne, garaşsyzlyk olaryň özlerine hiç zat bermedi. Gaýtam, öňküje ygtyýarlarynam elinden aldy. Öz wagtynda Türkmenistanyň özbaşdak bolmagyna-da türkmen diliniň döwlet dili bolmagyna-da, garşy çykan şol wagtky döwlet ýolbaşçysy şondan soň garaşsyzlygy özüniň alyp beren adam hökmünde mahabatlandyrylmagyny isledi. Şoňa goşulmadyklary özüne duşman saýdy. Ýalan öwgini gysganmaýanlary bagryna basdy, ýaňaklaryndan ogşady. Ordendir-medallar, sylaglar, atlar, baýraklar berdi. «Üýtgedip gurmak» döwri gara başyny orta goýup, il-günüň bähbidi üçin göreşenler bolsa gara sanawa düşdüler. Howply adam hökmünde metbugatdanam, neşirýatlardanam, radiodyr-telewideniýedenem gyrakladyldylar. Iň ýamany olara işem berilmedi. Öň işläp ýören bolsa-da, şol döwür ýoň bolan kesele görä: «Iş ýeriniň kemeldilýändigi» sebäpli diýen bahana bilen çykaryldylar. Erkinem şol güne düşdi. Bu ýagdaý olaryň lapyny keç etdi. Bütinleý ruhdan düşenlerem, ýürek agyrysyna, gan basma kesellerine ýolugyp ýurduny täzelänlerem boldy. Käbirleri özleriniň uzakdaky obalaryna, käbirleri bolsa ugruny tapyp daşary ýurtlara emigrasiýa gitdiler. Erkin ýaly hiç ýere gitmän, «ajap eýýamyň» gelerine garaşyp, döredijiliklerini öýlerinde dowam etdiriberenlerem az bolmady. Öýleneli bäri dowam edip gelýän maşgala külpetleriniň üstesine ol indi işsizlik, harjysyzlyk derdinem çekmeli boldy. Hut şol döwrem onuň ogluny öýermeli, gyzyny çykarmaly wagtyna gabat geldi. Bu bolsa onuň ömürboýy edip gelen arzuwydy. Öň ýüreginde besleýşi ýaly, şol aladalaryndan dynandan soň, özüni erkana durmuşyň gujagyna oklajakdy, asuda durmuşyň hözirini görjekdi. Bar ünsüni döredijiligine berjekdi. Göwrümli eserler ýazjakdy. Dawa-jenjeller zerarly boş geçen pursatlarynyň öwezini doljakdy. Her-hal ol bassyr bäş-üç ýylyň dowamynda öňden ýygnap goýanja harjysy bilen kän bir karz-kowalam alman ogluny öýerdi, gyzyny çykardy. Şondan soň Erkin daşary ýurtlaryň birine uzak möhlet bilen işe giden tanşynyň birinji gatda ýerleşýän, iki otagly jaýyny – suw, tok, telefon we öý töleglerini tölemek hem-de, içine-daşyna seretmek şerti bilen ýaşamaga aldy. Ýöne, bu onuň öýünden ymykly gitdigi däldi. Gündiz şol jaýda işlese-de, agşamlaryna köplenç öýüne gelip ýatýardy. Halys gelibilmese, jaň edýärdi. Pylany şu ýaşdan soň öýüne gelmän, ýazy ýatyp ýör diýen ada galmajak bolýardy. Işsiz kösenýärdi. Aýlab-a däl, hatda ýyllabam işsiz harjysyz oturýan wagtlary bolýardy. Hatda garawulçylyga girenini bilselerem, degişli edaralaryň adamlary onuň «aladasyny» edýärdiler we derrew işden çykardýardylar. Iki müňünji ýylyň aýaklary bolsa gerek, ahyrsoňy men ony tanyşlarymyň üsti bilen ulurak edaralaryň birine terjimeçilik wezipesine işe ýerleşdirdim. Aýyrýançalar bir işle, soňunam görübiris diýdim. Ol şol edaranyň hat-peteklerini rusçadan türkmençä terjime edip berýärdi. Çünki, türkmen diline döwlet dili hukugy berlenem bolsa, entek edaralardaky ähli hat-petekler, hatda buýruklara çenli orsça ýöredilýärdi we soňundan terjime edilip, bir bukja çatylyp goýulýardy. Wagtyny alýandygyna garamazdan, bu iş Erkiniň öz gününi özüniň dolamagy, iýip-içmegi, eşik edinmegi, ýazar ýaly kagyz-galam satyn almagy, ýazan zatlaryny kompýuterde çap etdirmegi üçin iňňän zerur we amatly bolup durýardy. Öý bolsa öz günamasyny özi aýlaýardy. Aýlarhan işleýärdi. Uluja ogly Derkar bolsa okaýardy hem-de stipendiýa alýardy. Şeýlelikde ol uly hyruç bilen işläp başlady. Biz edil öňkimiz ýaly ýygy-ýygydan duşuşýardyk. Kä ol meniňkä gelýärdi, kä men onuň ýanyna barýardym. Şonda biz onuň ýazan we indiki ýazjak zatlary barada maslahatlaşýardyk. Ol zatlaryň haçan kitap bolup çykjakdygy welin, hiç birimizem bilmeýärdik. Esasy zat pursady goldan bermän işlemek! Döretmek! Aňryňa bir zat taşlamak. Iru-giç çykjakdygyna bolsa söz ýok. Şeýle ýagdaý edebiýat taryhynda öňem az bolmandy. Ýekeje kitap hem halka gowuşman galmandy. Iň bärkisi sowet söwründe gadagançylyga düşen, hatda daşary ýurtlara emigrasiýa giden sowet ýazyjylarynyň kitaplaram «üýtgedip gurmak» döwründe çap edilipdi. Şeýle ýagdaýda wagt geçip durdy. Birdenem, ol ýanyma gelmesinem, çagyrmasynam seýrekledip başlady. Men munam gowulyga ýordum. Işe has gyzyşandyr, göwrümliräk bir işe başlandyr, öýtdüm. Şonuň üçinem, başardygymdan oňa päsgel bermezlige çalyşdym. Juda göresim ýa gepleşesim gelen wagtam jaň edip oňaýdym. Erkin ikimiziň oglanlykdan bäri gyşarnyksyz ýöredip gelýän bir edähetjagazymyz bardy. Şoňa görä, gaty bir uzakda bolmasak, iň bolmanda aýak üstünden biz hökman biri-birimiziň doglan günümize barýardyk. Gutlaýardyk. Şol günlerem men elli dört ýaşymyň dolaryna garaşýardym. Men iň bolmanda şoňa-ha geler-dä, näme üçin gelmesini seýrekledendiginiň sebäbinem şonda aýdar-da, diýip garaşdym. Çünki ikimiziň doglan ýylymyz bir bolsa-da, aý hasaby boýunça men ondan uly. Meniň doglan günüm onuňkydan öň gelýär. Ine, şol günem gelip ýetdi. Agşam sagat ýedi boldam welin, gapy kakyldy. Aýalym gapyny açdy. Onuň saglyk-amanlyk soraşyşyndan geleniň Erkindigini aňdym. Oňa çenlem eli kepgirli aýalym meniň oturan otagyma boýnuny uzatdy-da, oduň başynda köp durandygy zerarly çym gyzyl bolan ýüzündäki burçak-burçak derleri el süpürgiji bilen syryp durşuna «haş-haş» edip: – Erkin geldi... – diýdi. Ol çykdam welin gapyda Erkiniň ilki ýüzi , soňam tutuş göwresi göründi. Salam berdi. Ellerini owkalap durşuna doglan günüm bilen gutlady. Getiren sowgadyny elime tutdurdy. Men ony töre geçirdim. Ýagdaýlaryny soradym. Oňa çenlem çagalarym saçagyň üstüni dürli-dümen tagamlardan doldurdylar. Görünmediň welin, näme, köp işleýäňmi? Ýazýaňmy? – diýip, men iýip-içip başlanymyzdan soň oňa sorag berdim. Çemçesindäki çorbany «üfläp» oturşyna ol gyssanmaç jogap berdi. – Onsuz-a bolanok... Işleýän. Ýöne... – Hä, ýönäň näme? Ol uludan demini aldy. Çalarak ýylgyryp, aşak bakdy. – Bilýäňmi näme, Nepes... Men muny saňa öňräk aýtmakçydym, emma aýtmalymy ýa aýtmaly dälmi diýen meseläni wagtynda çözübilmedim. Sebäbi bu ynanar ýaly zat däl. Şeýle-de bolsa, aýtmaly diýen netijä geldim. Çünki şu çaka çenli senden gizlin syrym bolmandy, indem bolmaz. Ine, men häzir hut şonuň üçin seniň gaşyňda otyryn. – Näme hakda aýdasyň gelse, çekinme-de aýdyber, Erkin, men seni diňleýän. Ol gözlerini tegeläp, ýüzüme seretdi. – Men ýöne ýere garaşman ekenim. Ol ahyry geldi. – Kim geldi? – Güljemal. – Güljemal?.. – Howwa, Güljemal. – Haýsy Güljemal? – Meniň ömrümde näme, telim Güljemal bolupmydy? – Ýok, seniň ömrüňde bir Güljemal bolupdy... Ýöne... – Howwa, ol dünýede ýok, emma geň galsaňam men hut şol Güljemala sataşdym. Ynanar ýaly däl diýýänimem şoň üçin. Men dogrusy, ol birazajyk üýtgändir öýtdüm. Çaga wagtlary hiç kime goşulman, düňderilip ýörşem şu zatlaryň başy eken-ow diýip, içimi gepletdim. Ol meniň bu pikirimi ýüzümden okan ýaly ajymtyk ýylgyrdy. – Ýok, dost! Men aklymdan azaşamok. Huşumam ýitiremok. Şol gelni gözüň bilen görseň, özüňem şeý diýersiň. Ikisi edil bir almany iki bölen ýaly. Ne görkünde, ne durkunda, hüý-häsiýetinde hiç hili tapawut ýok. Bir üýtgeşik ýeri, munuň ady Güljemal däl-de, Jemal... Meniň agzyma gelenem şu boldy. – Diýmek, onda saňa onuň «düblikaty» düşüpdir-dä? Erkin göwünli-göwünsiz ýylgyranda edişi ýaly gaşlaryny gerip, aşaky ernini bir gyra çekdi. – Şeý diýseňem boljak. – Sen oňa nirede duşup ýörsüň? – Seniň işe ýerleşdiren edaraňda. – Haçanrak? – Baran badyma. Şol edaranyň içinde on dört sany dolandyryş bar. Her dolandyryşdanam biri maňa terjime edilmeli hat-petekleri getirip berýär, soňam alyp gidýär. Jemalam şolaryň biri. – Ýaşmy? Erkiniň ýüzi ýagtylyp gitdi. – Ýaş. Gaty ýaş. Menden ýigrimi dört ýaş kiçi. – Daş keşbi nähili? – Aýtdym-a ýaňy Güljemal bilen bir almany iki bölen ýaly, diýip. Bir gözüniň süzgekligem edil şoňky. Hatda ýokarky dodagynyň çep tarapyndaky haljagazam, saçlarynyň depesinde boglup, ujunyňam edil horazyň guýrugy ýaly ýaý berip, gerdenine dökülip durşam şoňky. Sözleri mylaýym. Ýüzi mähirli. Birinji gezek görenimden «zöwwe» ýerimden galanymam bilmän galdym. «Eý, Huda-aý! Beýle-de bir meňzeşlik bor ekeni-ow» diýip içimi gepletdim. Meniň bolup durşymy görüp o-da birhili boldy. Ýüzi gyzardy. Aljyrajak ýaly etdi. Terjime etdirmek üçin getiren kagyzlaryny berjek bolanda elinden gaçyrdy. Çöpläp durka ýygralyk bilen ýylgyryp ýüzüme bakdy welin tas özümden gidipdim. Men oňa kagyzlary ýygnamaga kömek etdim. Gapdalymdaky oturgyjy öňüne süýşürdim. Oturtdym. Çaý berdim. Assa-ýuwaş gürleşdik. Tanyşdyk. Adynyň Jemaldygyny aýdanda men tasdanam: «Näme üçin Jemal? Sen Güljemal ahyry» diýip gygyrypdym. Ol bolsa uzak wagtlap ýüzüme seredip oturdy-da: “Men sizi öňem bir ýerde gören ýaly, ýöne, hiç hakydama getirip bilemok-da”... diýdi. Şondan bäri ol her gezek terjime getirende beýlekiler ýaly aýak üstünden taşlap gidibermän, ýanymda oturýar, bileje çaý içýär, gürleşýär. Men kabinetde ýeke özüm bolamsoň bize gürleşmek amatly. Päsgel berýän ýok. Iki-ýeke gelýänlerem hat-peteklerini goýýarlar-da, uzak eglenmän, çykyp gidýärler. Her gezegem ol meni nirede görendigini ýadyna saljak bolup kösenýär, ýöne salybilenok. – Gürleşip bir bilýäňmi – diýip, men Erkiniň sözüni böldüm. – Sen gaty ýygradyň-la... – Dogry. Ýygradym. Ýöne, öň ýygradym. Indi beýle däl. Güljemal bilen mazar başynda sözleşenimden soň ýygralyk menden arany açdy. – Diýmek, onda sen ýene-de aşyk bolupsyň-da? – «Bolupsyňdaň» näme? «Ýenedäň» näme? Men oňa ozaldan aşyk ahyry. Sebäbi ol: «Men Jemal» diýse-de, meniň üçin Güljemal. – Özüne-de aýtdyňmy şeý diýip? – Näme diýip? – Sen Güljemala meňzeş diýip. – Ýok, aýdamok. Entek aýdara maýam bolanok. Onsoňam özünden-ä sorap göremok welin, daş gulakdan eşidişime görä, onuň äri barmyşyn. Meniň içki ynanjym boýunça bolsa ärli aýala gyýa göz bilen bakmak bolanok. Bu babatda men bilşiň ýaly Magtymgulynyň: «...Gel eliňi köze goý, eger döze bilseň kylgyl bu işi» diýen ýörelgesine eýerýän. – Erkin elini salgap goýberdi. – Ýöne, o zatlar hiç, maňa ony diňe daşyndan görüp, guwanyp ýörmekligiň özem ýeterlik. Şahyrdygymy bilib-ä ol hasam begendi. «Men goşgy okamany gowy görýärin», diýdi. Sorap alyp kitaplarymy okady. Şolaryň käbirlerini öň okandygyny, meniň bilen ýakyndan tanyşandygyna şatdygyny aýtdy. Bir günem günortanara çaý içişip otyrkak gözlerini tegeläp, ýüzüme seretdi-de: «Hä-ä, ýadyma düşdi, men sizi telewizorda gören ekenim...» diýip, şadyýan seslendi. Şol gezek men ondan maşgala durmuşy barada gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol hakykatdan-da äriniň bardygyny, ýöne erbet kesele uçrap, esli wagt bäri agyr ýatandygyny, şeýle hem basdaş çagasynyň bardygyny, ikisiniňem gyzjagazdygyny aýtdy. Men gepiň gerdişine diýen ýaly: «Iki çaga, bir hassa bilen ýeke özüňize kyn bolanokmy” diýip soradym. «Elbetde kyn bolýa. Aýlygym hasaply. Dermanlar gymmat. Çagalaram iýjek, geýjek. Özlerem tüweleme, gün-günden ösüp barýalar. Bu günki alan eşikleriň, köwüşleriň ertir ýa kelte, ýa dar bolýa. Ulyňkyn-a kiçä geýdirseň bolýa welin, kiçiniňkini nätjegiňi bilip bolanok. Dogan-garyndaşlaryňam hersiniň öz aladasy özüne ýetik. Adamymda-ha asylam ilen-çalan ýok. Bolaýanda-da haçana çenli olara bil baglap ýörjek» diýip, birhili zeýrenjek ýaly etdi. Şol wagt mende: “Şuňa maddy kömek gerek bolaýmasyn” diýen pikir döredi. Ýöne özüň bilýäň, mende-hä artyk-süýşük zat ýok, öz günümi özüm zordan aýlap ýörün, şeýle-de bolsa, o sözlerinden soň men oňa öz kömegimi hödürlemän durup bilmedim. Ýöne ol: «Ýok, ýok! Aýdýanyňyz näme, hiý, menem bir sizden pul alarynmy? Siziň öz öýüňiz, çagalaryňyz bar ahyry – diýip, agzymy açaryma mähetdel maňa tarap aýalaryny gerip, arkan gaýyşdy. – Asla men siziň ýanyňyzda o zatlar barada agzamalam däldim welin, halys öwrenişenimden soň özüme golaý saýyp aýdaýypdyryn-da... agzymdan sypdyraýypdyryn-da...» Ony oňaýsyz ýagdaýdan alyp çykmak üçin: «Men karz kömegi barada aýdýan, Jemal! Adamçylykdyr, birden zerurlyk ýüze çyksa maňa bil baglap bilersiň. Karz bermek, karz almak aýp däl...» diýdim. Ol uzak wagtlap uzyn hem inçe ökjeli, daşyndan seretseň ýaýbaň dabanly, injikleri dykyz, owadan aýagyna diýseň dar görünýän, ýalpyldawuk gara köwşüniň inçe burnuna seredip oturdy-da: «Eýle bolsa, bolýa, gerek wagty aýdaýaryn, karz soraýaryn. Basymjagam gaýtaryp bererin» diýdi. Elbetde, ol menden pul sorabam durmady, ýöne şondan soň biz hasam öwrenişdik. Işden bile çykyp, esli ýere çenli egin deňläp gidýän gezeklerimizem bolýar. Bir gezeg-ä awtobusa-da mündürip goýberdim. Soň bir gün awtobusly bile gidip, öýleriniň deňine çenli ugratdym. Ýöne ol muny kän halamady. «Goňşy-golamlar görseler gürrüň ederler» diýdi. – Erkin uludan demini aldy-da, “ýyrş” edip ýüzüme seretdi: – Ine dost, ýagdaýlar-a şeýle. Soňunyň nähili gutarjagyny bilemok, ýöne men özümi şu wagt edil ýaşlygyma dolanyp gelen ýaly, ýitiren bagtymy tapan ýaly özümi iňňän bagtyýar duýýan... Men şol gezek Erkine näme maslahat berjegimi bilmedim. Aslynda ol maslahat üçin gelipmi ýa Güljemala sataşandygyny buşlamak, begenjini paýlaşmak üçin gelipmi, onam bilip bilmedim. Biler ýalam bolmady. Güljemally gürrüň menem serpmeden gaýdan ýaly etdi. Beýle zadyň bolup biljekdigine, dogrusy, ynanyp bilmedim. Bu bir şahyr adamyň şahyrana ýüreginiň küýsegi bilen dörän ham hyýaldyr, megerem, gözüne şeýle bolup görünendir öýtdüm. Şonuň üçinem ertir bir bahana bilen Erkiniň iş ýerine baryp, daşyndanam bolsa Jemaly gözüm bilen görüp gaýtmaklygy ýüregime düwdim. Şeýle hem etdim. Ýöne ony görüp meniň haýran galyşym Erkiniň dagy çeni-çaky bolmady. Ol dogrudan-da Güljemala meňzeşdi. Hatda sesem, gepleýiş äheňem, ýöreýşem şonuňkydy. O zatlar hiç diýseň Erkiniň ýanjap-ýanjap aýdyşy ýaly, çep gözem edil Güljemalyňky ýaly süzülip dur. Ýokarky dodagynyň sag tarapyndaky meňjagaz-ha meni hasam haýran etdi. – Gördüň gerek? Meňzeş gerek?... – diýip, daş çykyp ýola düşenimizden soň ýegşerilip, egni bilen egnime kakyp gelşine Erkin howlukmaç seslendi. – Howwa. Meňzeş. Onda-da juda meňzeş. Dogrymy aýtsam, görýänçäm ynanmadym. Şondan soň biz esli ýer çenli ýuwaşja ýöräp gitdik. Hiç birimizden ses-üýn çykanok. Her kim öz pikirine gümra. «Wazyrdaşyp» geçýän ýeňil maşynlaryň, iňleşip barýan trolleýbuslaryň zenzelesinden ýaňa gep alşar ýalam däl. Kiçijik bir «welomotoryň» göwresine gelişmeýän «jyrlawuk» çirkin sesi bolsa durup elimiz bilen gulagymyzy tutmaga mejbur etdi. Şol zatlardan daşlaşmak üçin henizem egni bilen itip gelýän Erkin meni ýodadan çykardy. Çünki, ýoluň şol tarapynda täze açylan, giň meýdanly, daşy nagyşlanyp ekilen her dürli owadan güljagazlardan doly ullakan suw çüwdürimi bolup, onuň daş-töweregem haşamlanan, uzyn, tagta oturgyçlardan doly. Biz barşymyz ýaly şolaryň birine çökdük. Ýene-de Güljemal we Jemal barada gürrüň gozgaldy. Ikimizem haýran galdyran bu täsinlik barada dürli pikirler aýdyldy. Belli bir netijä gelibilmänem hoşlaşdyk. Öýe gelýärkäm men bu barada özbaşdagam pikir öwürdim. Daşyndan guwanyp ýörsem bolýa diýse-de, meniň pikirimçe, Erkin o diýenini edip bilmez. Jemalyň adamsy bolsa-da, edip bilmez, bolmasa-da, edip bilmez. Özi etjek bolsa-da, ýüregi etdirtmez. Ýöne, ýaşka-da ýeňil bolmadyk ol ýüküň indi bu ýaşdan soň oňa hasam agyr düşmegi mümkin. Şol pursat göz öňümde gaýmalap ýören Erkiniň çal başynyň üstünde goýazy, bozgunç, çal duman göründi. Göwnüme bolmasa, ol duman gitdigiçe goýalýardy, ulalýardy we äpet uly halka bolup başyna bürelýärdi, edil ýüpek pilesi ýaly daşyna çolanýardy. Erkiniň özi bolsa, kem-kemden şol dumana duwlanyp, ýitip barýandygyndan bütinleý bihabardy. Ol asla şol dumany görmeýärdi, duýmaýardy. Men ony şol agyr dumanyň içinden alyp çykmaklygyň, asla şoňa golaýlaşdyrmazlygyň alajyny agtaryp başladym. Şol güner täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanlarydy. Baýramçylyk geçdem welin, Erkin meniň ýanyma geldi. Öň biri-birimizi jaň üsti bilen gutlanam bolsak, täze ýylym bilen ýene bir gezek gutlady. Menem gutladym. Entek doly ýygnalybam ýetişmedik toý saçagynyň başyna geçirdim. Baýramçylygy nähili geçirendigini soradym. – Edarada geçirdik... – diýip, Erkin şähdaçyklyk bilen söze başlady. – Çaklaňrak ýygnak jaýynyň içini, jaýyň ortarasyndaky gök kürteli gelin ýaly sülmüräp oturan ýolkany, dürli reňkdäki çyrajyklar, şarjagazlar, garjagazlar bilen bezediler. Işden soň hemmämiz şol ýere üýşdük. Jemal gyzjagazlarynam alyp geldi. Olary meniň ilkinji gezek görşüm. Biri bäş, biri üç ýaşlary towar-towar, kiçisi bolsa saryýagyz, gözjagazlary gök, saçjagazlary mele. Ýüpek ýaly ýumşak. Edil zer suwy berlen ýaly tyllaýy öwsüp dur. Gulpajyklarynyň ujuna akja bantik dakylyp depesine berkidilen. Ýöne ikisiniňem ýüzjagazlary tegelek. Ikisem edeplije. Käbir çagalar ýaly süwümsiz jedirdeşip, göze-başa düşüp baranoklar. Özlerini edil uly adam ýaly alyp barýarlar. Beren zadyňy alanlaryndan soň minnetdarlyk bildirýärler-de, seniň bilen gürrüň gutardy, diýen manyda ýüzlerini bir gapdala sowup, töwerek-daşlaryna syn etmek bilen boluberýärler. Gaty bir üýtgeşik tomaşa görkezmeselem, agşam diýseň gyzykly geçdi. Onda menem bir goşgujyk okadym. Lotereýa oýnunda bolsa, edil öňünden hasaplanyp goýlan ýaly, iki gap gymmatbahaly şokolad utdum. Jemalyň çagalarynyň hersine biri «Hany meniň üçinem bir zatjagaz ut-da» diýip, Jemal şadyýan güldi. El çarpdy. Emma hernäçe jan çeksem-de, şondan soň utan zadym bolmady. Şonuň üçinem, çykyşymyz ýaly golaýdaky hususy dükanjyklaryň birine baryp, iň gowy «Şampan» çakyrlaryndan birini aldym. Ýüzüne owadan gyzyň suraty çekilen, ýalpyldawuk, gyzyl pakede saldym. Eltibem Jemalyň eline tutdurdym. – Ine, bu-da saňa!.. Hamala utdugym ekeni-dä... Şol meniň Jemala eden ilkinji sowgadym. Dogry, başda almaz öýdüp gorkdum. Ýöne almasyna-ha aldy welin, pakediň içine seredip bir enaýy ýylgyryp durşuna: «Weý, men şampan içemok ahyry...» – diýdi. «Onda näme içýäň?» diýdim. Ol çalarak ýylgyrdy-da: «Spraýt» diýdi. Men ylgap gitdim-de, bir «Spraýt», iki sanam «Koko-kola» alyp geldim. Olaram Jemalyň pakediniň içine saldym: «Şampany bolsa öýüňe myhman gelende öňüne goýarsyň» diýdim. Ol azajyk ykyrganyp durdy-da: «Ýeri, bolýa-da» diýdi. Hernäçe gaýra gaýyşsa-da, men ony bu gezgem öýüne çenli ugratjakdygymy aýtdym. Ol ýene-de kynlyk bilen razy boldy. Ep-esli ýere çenli ondan-mundan gürrüň edip pyýada gitdik. Men çepde, Jemal sagda. Çagalar ortada. Olar biri-biriniň eljagazlaryndan tutup gybyrdyklaşypjyk barýarlar. Jemal ikimizem herimiz olaryň biriniň elinden tutup iki gapdallaryndan barýas. Daşymyzdan seretseň bir maşgala ýaly. Meniň bilen beýdip, deň gadam basyp barşyna ejap edýän-ä däldir-dä diýip, gabak astyndan Jemala tarap göz aýlaýaryn. Emma onuň ýüzünde olar ýaly ynjalyksyzlyk alamatlary görnenok. Arkaýyn ýöräp barýar. Umuman, ol daşyndan seretseň arkaýyn, äwmezek, uly bir maşgalanyň agzyny birikdirip oturan giň göwrümli, parasatly, döwletli maşgala meňzeýär. Howwa, biz arkaýyn ýöräp barýarys. Howa sergin. Gyş gijesidigine garamazdan sowuk däl. Tutuş şäher baýramçylyk lybasynda. Köçelerdäki öçüp-ýanyp duran dürli öwüşgindäki yşykly reklamalar, täze ýyl gutlaglary ýazylan şygarlar, ösüp oturan ýerinde her hili oýnawaçjyklar, içege şekilli her dürli reňkdäki ýylan çyrajyklar bilen bezelen arça agaçlary, aýna gapylaryna we witrinalaryna ak guaş bilen Aýaz babanyň, Garpamygyň, dürli görnüşdäki gar tozgajyklarynyň şekilleri çekilen dükanlar, ähli diwarlary, çat maňlay hünji ýaly düzüm-düzüm, bolup duran her dürli reňkdäki ownuk çyrajyklar bilen bezelendigi sebäpli käbiri äpet uly göwher daşyna, käbiri zümerrete meňzäp duran edara binalary, döwlet jaýlary, çar tarapdan eşidilýän göçgünli sazlar, eýýämhaçan keýpini kökläp köçä sygman barýan käbir ötegçileriň kä üzlem-saplam hem kelte, kä zowwam hem uzyn çykýan çakyr sesleri şäheriň baýramçylyk dabarasyna hasam şowhun berýär. Hersi bir ýana howlugyşyp barýan adamlaryň ýüzleri açyk. Şadyýan. Kim gijiräk hem bolsa çagalaryny begendirmek üçin eli kiçiräjik ýolkaly ýegdekläp barýan bolsa, kimler ikibir-üçbir bolup, taksi tutmak üçin köçäniň gyrasynda gaýkyjaklaşyp durlar. Şolar ýalynyň biri, megerem ors adamsy bolsa gerek, duralganyň golaýynda hallan atyp durşuna tanasa-tanamasa, aýal-erkek diýmän, öteni-geçeni saklap täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýar, täze ýylda olara jan saglyk, bagt, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýär. Egerde gürrüňdeşi aýal adam bolmasa, boýnundan gujaklap ogşaýar, aglamjyrap durşuna gaýnynyň bardygyny ýa ýokdugyny soraýar. «Ýok» diýlen jogaby eşidendenem: «Gör, sen nähili bagtly adam, dogan jan» diýip, hamsygýar. «Bar» diýseler welin gaýra gaýşyp, gürrüňdeşiniň iki gözüniň içine çiňerilýär, ýüzünem erbet bir çytýar-da agzyndan ak köpük saçyp: «Hudaý jan seni täze ýylyň ilkinji günleriniň birinde şo beladan dyndarsyn-da, hernä» diýýär. Soň öz gaýynlarynyň üstünden düşýär. Sögünýär. Gargynýar. Birdenem, elindäki içi zatdan doly pakedini duralgadaky uzyn oturgyjyň boş duran çünkünde goýýar-da, ellerini hereketlerndirip tans etmäge, aýdym aýtmaga başlaýar. Şeýdip ýörşüne ol boýnundan syrygyp ýere gaçan gyzyl-ala şarfyna çolaşyp ýykyldy. Men oňa ýerinden galmaga kömek etdim. Oturgyçda oturtdym. Gaýnym barada sorag bermäne ýetişmänkä-de daşlaşmak bilen boldum. Onuň bolup ýörşüne seredip, Jemalyň çagalary «jykyr-jykyr» gülüşdiler. Bizem gülüşdik. Töwerek-daşdakylaram gülüşdiler. Umuman, hemmamiziň keýpimiz gowy. Hemmeleriňkem gowy. Şu gije dünýede keýpi çag däl adam ýok bolsa gerek diýen oý biygtyýar kelläňe gelýär. Ýürek joşýar. Ýaňky serhoş adamyňky ýaly öňüňden çykany bagryňa basaýasyň gelip dur. Öýlerine ýetmäge bir köçe galanda Jemal aýak çekdi. Aşak bakyp durşuna şol bir aýdýan sözüni gaýtalady: «Şu ýerde hoşlaşaýalyň. Goňşy-golam, tanyş-biliş görmese gowy. – Soň ol çagalaryna ýüzlendi. – Bizi bir daýy ugratdy diýip kakaňyzyň ýanynda gürläýmäň. Bomy?» Jemal ol sözi çagalaryna men yzyma dolananymdan soňam aýdyp bilerdi. Emma näme üçindir beýtmedi maňa eşitdirip aýtdy. Çagalar welin «boram» diýmediler, «ýogam» diýmediler-de, aşak bakyp ýygrylyşypjyk duruşlaryna ejeleriniň ýüzüne-de seretmän çalajadan başlaryny atdylar oňaýdylar. Men Jemaldan: – Aýdarlyrmyka – diýip, soradym. Ol aşak bakyp, köwşüniň burny bilen asfaltyň ýüzüni dyrmalap durşuna ýuwaş, emma ynamly gepledi: – Aýtmazlar. – Aýtmaň, diýmedik bolsaňyz aýdarlarmydy? – Aý, näme, çaga-da, dillerinden sypdyrmaklary ahmal-da. – Aýtsalar adamyňyz goh galdyrarmy? – Öňki-öňkülik bolsa galdyrardy. Bu wagt galdyrmaz. Sebäbi onda mejal ýok. Şonuň üçinem men onuň nähak ýere öz janyny gynamagyny islemeýärin. – Öňki-öňkülik bolsa diýdiňiz welin näme, öňem şular ýaly ýagdaý bolýamydy – diýip, men birhili ýerliksizräk sorag berdim. Jemal näme eýýäm gabanyp başladyňmy, diýen terzde ýüzüme birgeňsi seretdi-de, gaşlaryny gerip süýjümtik ýylgyrdy. – Gabanjaň adam üçin «ýagdaý» hökman däl. «Ýagdaýy» onuň özi oýlap tapýa. Ýöne, meniň adamym gabanjaň däl. Öz aýalyny kimdir birinden gabanmaklygy ol özüne kiçilik bilýä. Namys edýä. Şeýle-de bolsa gulagyna ýakmajak gürrüňi är aýalyndanam, çagalaryndanam eşitmese gowy. Indi bolsa baryň, gaýdyň, ugradanyňyz üçin taňryýalkasyn. Gaýtdym. Ýolboýam ol hakda pikir etdim. Oýlandygymsaýam özümi haýsydyr bir hyýaly dünýä tarap barýan ýaly duýdum. Ýöne nirä? Haýsy dünýä?.. Men Erkine köpden bäri beresimiň gelýän soragyny berdim. – Sen ol gelin bilen gatnaşygyň öte geçerinden gorkaňokmy? – Ýok, gorkamok. Sebäbi, birinjiden-ä men oňa seredip öňki Güljemaly görýän. Şony söýýän. Şonuň üçinem, ol ikimiziň aramyzdaky gatnaşygy hyýaly gatnaşyk hasap edýän. Ikinjidenem, arada aýdyşym ýaly, men özüme ýakmajak işi kesekä rowa görmen. Özüme ötjek ody kesekä basman... Ol günä iş. Şonuň üçinem şu wagt meniň Jemala hyrydar göz bilen garamaga, bir goç ýigidiň namysyna el uzatmaga, onuň il içinde ýüzüniň gyzarmagyna sebäp bolmaga hakym ýok. Jemalyň özüniňem şeýle pikirdedigine men ynanýan. Bagynyň bagbany bar gelin özge bagban istemez, bakjasyna bigänäni goýbermez, güllerinden ýoldurmaz. Her gezek öýüne bir çatryk galanda hoşlaşyp ýörşem şonuň üçin. Özüni gözden-dilden, gep-gürrüňden, adamsyny agyr apatdan goramak üçin. – Erkin birhili suslanan ýaly etdi-de, gurak-gurak ýuwdundy. Uludan dem aldy. – Jemalyň aýtmagyna görä, dogtorlar bäş-on günlükde: «Ol indi uzak ýaşamaz. Göwnüne degmäň, küýsän zadyny iýdiriň, içiriň» diýipdirler... Gijäniň ýary boluberende Erkin gürrüňini tamamlap ýerinden turdy. Menem onuň bilen bile turdum. Egnime ýyly eşik atyp daş çykdym. Duralga çenli ugratdym. Gelip durmagyny, jaň etmegini sorabam hoşlaşdym. Şondan soň dürli sebäplere görä, men üç aýlap Erkin bilen duşuşybam, habarlaşybam bilmedim. Ahyram Nowruz baýramçylygynda işden iki gün rugsat berildi-de, baýramçylygy bilen gutlamak üçin ýanyna bardym. Turuwbaşdanam işi, hususan-da döredijiligi bilen gyzyklandym. Soň Jemal barada soradym. – Seň bilen geçen gezekki gürrüňçiligimizden soň biz seýregrägem bolsa ýörite-de duşuşyp başladyk. Ýöne gep öňki. Hijimizde-de hiç hili üýtgeşik pikir, niýet ýok. Kän göze düşmeli däldigigimizem bilýäs. Şonuň üçinem duşuşyklarymyz şäheriň çeträk, çolarak ýerlerinde ýerleşýän kafelere baryp kofejik, çaýjagaz ýa şerbet içmekden, doňdurma ýa tortjagaz iýmekden, gürrüňçiligimiz bolsa gün-güzeran, durmuş baradaky mesaýy söhbetdeşlikden aňry geçenok. Onsoňam biz ol ýere ýeke gidemizok. Jemalyň gyzjagazlarynam alyp gidýäs. Ojagazlar o ýerlerde-de ony iýjek, muny içjek diýşip, göze-başa düşüp baranoklar. Aşak bakyşyp, äberenjäňe kaýyl bolşup, ýuwaşjadan kümşüldeşipjik otyrlar. Käte-de etmesiz bir iş edäýýän-ä däldiris-dä hernä, diýýän ýaly ejelerine tarap çekinjeňlik bilen seredişýärler. Üýşüp gurjak teatryna gidýän gezeklerimizem bolýar. Ine, şonda welin, çagajyklar «bag-bag» bolşup açylyşýarlar. Oýnuň gülküliräk ýerlerine gelende el çarpyşyp gülüşýärler. Teatrdan çykanymyzdan soňam ýolboýy, jedirdeşip, gören oýunlary barada biri-birlerine gezek bermän gürleýärler. Aýrylyşýan çatrygymyza golaýladygymyzsaýam sesleri kem-kemden, pesendeläp başlaýar. Bir gezek olar ejelerinden: «Näme üçin ol daýy hemişe biziň bilen tirkeşip ýör», diýip sorapdyrlar. Jemalam: «Ol bize kömek edýär, sizi gowy görýär», – diýipdir. – Sizem gowy görýäňizmi şo daýyny» diýende welin seslerini çykarmandyrlar-da, çalaja ýylgyrypdyrlar. Ýöne näme üçindir ikijiginiňem gözlerine çyg çaýylypdyr. Howwa, dost, biziň gatnaşygymyz şeýleräk. Ýöne öňki aýdyşym ýaly, maňa şu gatnaşygymyzyň özem ýeterlik. Onuň Güljemala meňzäp duran berdaşly göwresini, mähir dökülip duran ýüzüni görüp dursam, sesini eşitsem, käte oturyp iç döküşsem, gürleşsem şeýdip sähelçejik hem bolsa ýaşlykda gapyllyk bilen duşumdan geçiren söýgimiň öwezini dolsam başga hiç zat gerek däl. Galan zatlar bolsa bireýýäm meniň duşumdan geçip gitdi. Ýöne Jemal ikimiziňem biri-birimize golaýlaşmak üçin, hassa ýatan garyp ýigidiň ýekeje gezegem ölümini dilemändigimize, şol pikiriň hatda hyýalymyza-da gelmändigine Alla şaýatdyr. Biz ikimizem her sözümizde onuň sag-aman gutulyp gitmegini dileýärdik... Oňa gerek bolsa däri-dermanlary bileje gözleýärdik. Käte bilelikde pul gözleýän wagtlarymyzam bolýardy. – Syrkaw öýünde ýatyrmy ýa hassahanada – diýip, men sözüne dyngy bererine mähetdel Erkinden soradym. – Esasan öýünde. Ýöne has egbarlan wagty Jemal ony hassahana ýerleşdirýär. Ol şu wagtam şol ýerde. Men onuň yzyndan Jemal bilen deňine gatnaýan. Ýekeje gezegem ýeke goýberemok. Sebäbi ol adamsynyň yzyndan köplenç işden soň gitmeli bolýar. Şonuň üçinem, gaýdyşyn garaňka galýar. Hassahana bolsa şäheriň çetinde. Awtobusdan düşensoňam ep-esli aralygy çola, garaňky ýerlerden geçmeli. Köne haýatlaryň gyrasy bilen gitmeli, üstesine entäp ýören it-guşlaram duşman duranok. Umuman, gorkuly. Birbada ikirjiňlenen hem bolsa, Jemal indi meniň maddy kömeklerimdenem gaty bir ýüz öwrüp duranok. Sebäbi ol şu wagt şoňa mätäç. Däri-derman üçin edýän çykdajylary agyr. Ol şu wagt ruhy goldawa-da mätäç. Ony bolsa oňa diňe men berip biljek. Men oňa käte syrkawyň wraçlarynam görüp berýän. Gürleşýän. Has yhlasly seretmeklerini haýyş edýän. Ýöne şo zatlaryň barysyny ýaşyryn, syrkawyň nämesidigimi bildirmän etmeli bolýaryn. – Erkin şondan soň bir käse çaý içdi. Esli mahal gözlerini jaýyň petigine dikip oturdy. Soň ýene-de öňki gürrüňine dolanyp geldi. – Jemal ikimiziň hassahana günde iki gezek gidýän gezeklerimizem bolýar. Günortanyň öň ýany we agşam. Günortan köplenç dynç ýa baýramçylyk günleri ýa-da Jemalyň işden pugsat alan günleri gidýäs. Galan günleri diňe agşamlyk gidýäs. Men tä, ol adamsyny naharlap, gap-gaçlaryny ýuwuşdyryp çykýança daşarda garaşyp durýan. Bu wagt-a az-kem maýlady welin, gyş aýlary sowuk, ýer doň, Jemalam wagty bilen çykanok, çaltrak çykaweri diýibem aýdyp bolanok, günem ir ýaşýar, garaňky ir düşýär, erbet üşeýän, gyzyşmak üçin eýläk-beýläk gezmeleýän, ylgaşlaýan, duran ýerimde «diriň-diriň» bökjekleýän, emma bolanok. Peýdasy ýok. Köwşümiň aşagy ýuka bolansoň aýaz dabanymdan geçip depäme ornaýar. Üstesine hiç kime görünmezlik üçin bukydan-buky, garaňkydan – garaňky ýerlerde durmaly bolýan. Şol durşuma-da, Jemaly duşumdan geçiräýmezlik üçin gözlerimi hassahananyň gapysyndan aýramok. Garaňkyda tanamak kyn bolansoň, käte şol gapydan çykan, şoňa meňzeşräk, başga bir aýalyň yzyna düşüp ýan tazysy ýaly gapdaly bilen seňkildäp esli ýere çenli gidýän gezeklerimem bolýar. Sähelçe ýagtyrak ýere bardygymyzam Jemal däldigini bilip yzyma dönýän. Öňküje ýerime gelip ýene-de gapa gözümi dikip durýan. Oturma ýok. Sebäbi, oturara ýer ýok. Oturgyjyň bar ýerinde bolsa maňa oturmak bolanok. Hiç kimiň yzyndan gelmeýän adamyň günüň-gününe hassahananyň agzyndaky oturgyçlaryň üstünde, onda-da bimahal çagy oturşyny, bir gelin çykdygam «loňkuldap» yzyna düşüp gaýdyşyny gören adamlaryň näme diýjeklerini özüň pikir edip gör. Meniň Jemala juda kän garaşýan pursatlarymam bolýar. Şonda duşumdan geçip giden bolaýmasyn diýen ünji bilen alahasyrdy bolup şäher ýola tarap eňýärin, tä trolleýbusyň duralgasyna çenli ylgaşlap gidýärin, birdenem ol çykyp meni tapman duran bolaýmasyn diýip, yzyma tarap haýdap ugraýaryn. Barybam Jemalyň adamsynyň ýatýan korpusynyň daşyndan aýlanyp başlaýaryn. Palatasynyň deňine ýetiberenimden ädimimi haýýaladýaryn we usullyk bilen äpişgesinden jyklaýaryn. Şonda äpişgäniň tutusy ýapyk däl bolsa, meniň üçin gowy. Onda men Jemalyň şol ýerde bardygyny ýa ýokdugyny arkaýyn görüp bilýärin. Hatda näme iş edip oturandygynam, adamsy bilenmi ýa onuň ýoldaşlarynyň biri bilenmi, gürleşip oturanynam görýän. Şondan soň ynjalýaryn we ýene-de buky ýerime baryp garaşmagymy dowam etdirýärin. Tuty ýapyk bolsa welin, günüm kynlaşýar. Äpişgäniň bir golaýyna baryp, bir yzyma gaýdyp göz-görüm bolýan. Iki-ýeke girýänler, çykýanlar maňa tarap şübhe bilen garaýarlar. Men diňe Jemalyň sesi ýa gülküsi eşidilenden soň ynjalyp yzyma gaýdýaryn. Aý ýagty bolsa ýene ýagşy. Onda meniň ýagdaýym az-kem ýeňilleşýär. Hassahananyň howlusynda welin ýekeje çyra-da ýok. Bar, ýöne ýananok. Diňe palatalaryň äpişgelerinden düşýän ýagty bilen oňmaly. Bir ýana gyşarylyp ýatan, köne, düýbi mazaly köwlen palçyk haýat bilen ugurdaş gidýän çarkandakly ýoluň aýlanyp-öwrülip şäher ýoluna birigýän ýerinde bir söwda budkajygy bar. Men käte bir ýerde durup ýadan wagtym hassahana bilen şol budka aralygy eýläk-beýläk telim gezek dagy ädimme-ädim geçýän. Her gezek täzeden ugranymda-da şu gezek dolanyp gelýänçäm-ä Jemal çykaýsa gerek diýip, yrym edýän. Ýöne, şol yrymymy meniň bir gije-de tas, on gezek dagy gaýtalaýan wagtymam bolýa. Her gelenimde-de, budkaçy oglandan çilim alyp çekýän çekesim gelip çekemok-da, bu ýaşuly näme biderek iki ýana gatnap ýör diýdirmejek bolup çekýän. Satyjy ýigit bilen gürleşýän. Ýagdaýlaryny soraşýan. Göwnüne zat getirmezligi üçin, birine garaşýandygymy aýdybam gidýän. Soň ol oglan maňa öwrenişdi. Günde öňünden eýläk-beýläk geçip durandygymyz üçin kim bilen gelip gidýänimem, kime garaşyp iki ýana elewräp ýörenimem aňdy. Ýöne, hiç zat soramady. Ol indi şäherde gabat gelse-de, duşumdan salamsyz geçenok. Howwa, bu meniň Jemal entek hassahananyň içindekä, ondan çykýança görýänje külpetlerim. Ýöne onuň gelýänini görenimden soňam ýaňky aýdyşym ýaly maňa bukymdan zompa çykaga-da, alkymyna dykylybermek bolanok. Hassahanadan mazaly saýlanýançak, iň bolmanda şojagaz budka çenli garaba-gara yzyna düşüp gitmeli. Awtobusa bile münmek bolýar, hatda bir oturgyçda-da oturyp bolýar, düşende welin, edil pyýada ugradanymdaky ýaly Jemallardan bir duralga bärde düşmeli. Taksili gitsegem şeýle. Bazara ýa dükana gitsegem birimiz öňden, birimiz yzyrakdan ýöremeli. Bile ýöremek gadagan. Sebäbi onuň äri bar. Ejesi, kakasy, dogan-garyndaşlary, tanyş-bilişleri bar. Biri görmese, biriniň görmegi, her hili ýakymsyz gürrüňleriň ýaýramagy mümkin. Ýöne Jemal ikimiziň günüň-gününe, aýyň-aýyna şeýdip, kelte tirkelen ýaly bolup ýörşümiz barybir hassahanadakylaryňam, ol ýere gelip-gidýänleriňem, Jemalyň goňşy-golamlarynyňam meniň tanyş-bilişlerimiňem nazarlaryndan sypan däl bolsa gerek. Düýn men hassahananyň howlusyndaky bukymda hemişekilerimdenem has köp garaşmaly boldum. Budka bilen aralykda ýörelen ýoluň, çekilen çilimiň hasaby ýitdi. Howanyň nähili üýtgändigini bolsa özüň bilýäň. Ýazyň aýydygyna garamazdan, çapgyn şemal «şuwlap» damagyňy çalyp barýar. Aýagymda-da şol bir aşagy ýuka köwşüm. Jorabymam ýalaňgat bolansoň barmaklarymyň ujy syzlap alyp barýar. Şonuň üçin hatda bökjeklemäge-de ýagdaýym bolmady. Sähelçe seresapsyzlyk etdigim aýagym tyýpyp diň arkan gaýdaýjak ýaly bolup durun. Oturyp-turup maşk edeýin diýsem dyzlarymam epilenok. Başym ýalaňaç bolansoň maňlaýymam şatlap, kelleçanagymy ýaraýjak bolýar. Dogry, aslyýetinde mende galyň eşik ýa ýyly ädik, başgap ýok däl, bar, ony özüňem bilýäň, ýöne ir bilen howa maýyldy-da, agşamyň düşmegi bilen sowaýdy. Meniň digdenekläp duran wagtym bolsa gijäniň bir wagtlarydy. Ahyram Jemal çykdy. «Tyrk-tyrk» edip duşumdan geçip gitdi. Men bukuda duran ýerimden onuň aýak basyşynyň öňküliginiň ýokdugyny, ýüzüniň salykdygynam aňdym. Diýmek, syrkawyň ýagdaýy gowy däl. Sessiz-üýnsiz yzyna düşdüm. O-da on ädim öňümde başyny aşak salyp barýar. Birdenem hemişeki däbimizi bozdy-da, sakga saklandy. Bärsine öwrüldi. Deňine barýançam garaşdy. Ýöne, ýüzüme seredenok. «Ýagdaýy gowy däl – diýende, gözlerinden syzylyp çykýan ýaş kirpikleriniň ujundan syrygyp ýaňaklarynyň üstüne döküldi. – Çalt-çaltdan huşuny ýitirýär. Meni tanamajak bolýar. Samraýar. Birdenem özüne gelýär-de: «Garpyz iýesim gelýär, armyt iýesim gelýär» diýip, çaga ýaly aglamjyraýar. Bu gün-ä giç indi, eger-de bazarda bar bolsa...» «Bardyr-la hiý, bazarda-da bir zat bolmazmy, juda bolmasa men özüm bir ýerden tapyp beräýerin ertir, gaýgy etme – diýdim. Şondan soň biz öňki düzgünimizi indi bir sagadyň içinde ikinji gezek bozup esli ýere çenli egin deňläp gitdik. Ol ýolboýy aglady. Men oňa göwünlik berdim. «Çykmadyk janda umyt bar» diýipdirler, Jemal, aglama... Belki... «Ýok, ýok, Erkin, umyt ýok. Öň bardy, indi ýok. Gutardy. Ol eýýäm ýolda. Ýaňam üç gezek dagy gözlerini petredip ýüzüme seretdi-de: «Jemal, meniň daşym şeýtanlardan doly, sen olary kow, ýogsam, olar meni alyp giderler» diýdi...» – diýip, Jemal zaryn hem kesgin gürledi. Men näme jogap berjegimi bilmedim-de, ýuwdundym oňaýdym. Ýagdaý entegem üýtgänok. Bu gün agşam nähili boljak, ertir näme boljak waka näme bilen gutarjak, men ony bilemok... Soň maňa gürrüň bermegine görä, Erkin ertesi irden bazara barypdyr-da, bir garpyz bilen bir kilojyk armyt alypdyr. Eltip Jemala beripdir. Şol zatlary hassa iýdirmek üçin Jemal haýal etmän hassahana gidipdir. Erkin welin işine baransoňam biynjalyk bolup oňly işläp bilmändir. Sagat on bire on minut galanda-da jaň gelipdir. Aňyrdan Jemalyň: «Erkin, bu men... – diýen sesi zordan eşidilipdir. Soňam esli wagtlap hiç zat eşidilmändir. Erkin onuň aglaýandygyny aňypdyr. Birdenem Jemal: – Gutardy-y-y!.. Gutardy-y!.. Şu wagtjyk jan berdi-i!... Gujagymdajyk gitdi-i... Getiren garpyzymam, armydymam iýdirip ýetişmedim» – diýip, ulyili ilen gygyrypdyr. Erkiniň: «Garaş, häzir barýan» diýen sözlerine bolsa: «Ýok, ýok, gelme! Gelseň göze düşersiň. «Bu kimkä» diýdirersiň. Doganlaryma habar etdim, häzir gelerler... – diýip, howlukmaç jogap beripdir. Erkine ylalaşaýmakdan başga alaç galmandyr. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -10: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |