07:33 Söýýän | |
SÖÝÝÄN
Goşgular
Söýgi—girişmi sen jelepçilige Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?.. Ne söýýän bar, dag basylyp diline, Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana. Söýýän—diýmek, salam diýmekden rowaç, Söýýän—parol haram işe meýillä. Söýýän—owadan gyz desse saçlaryn Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar. Söýýän! —adamsyndan alýar-da jogap, Çykarynmak üçin gelin geýinýä. (Söýýän! Duşaly öýlän! söýýän, köýýän dilberim, Bäş gezeg-ä söýerin men azyndan! Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan) —Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem, Hiç bolmanda, sora onuň adyny, ýaşyny, milletin. —Ýaş bolýarsyň päheý sen, Söýgiň ady, söýgiň aňy, söýgiň ýaşy bolmaýar hem bolmaýar milleti. ...Söýýän diýýär gaýtarma, söýýän diýýär nowjuwan, Söýýän diýýär supergyz, söýýän diýýär intergyz, Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden minneti. —Gel, ýaýdanma, ýaýdanma, Haýaýapragy ýüzlük, gel, tändir sen, Don-Žuan. Söýýän! Çatyp ýetişmeýär ZAGSlar, Soň ýollar uzaýar ýurduň süýdüne. Söýýän—aýan igrekler, iksler, Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne. Söýýän— ynha ant içýän sakgalymyň agyndan. Söýýän— ojak ýumrulýar beýik söýgiň adyndan. Söýýän— gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşmagyn. Söýýän— ýigit gülleýär: —Şudur dünýäň manysy. Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp, Aşagynda penjegiň ölýär türkmen namysy. Aýal çepe gatnaýar, Är ýüregi çatlaýar! Hezil edýär azgynlar, Hut söýginiň adyndan. Söýýän—hyryn-dykyn çagalar öýi, Söýýän—ýetişmeýär lukmanlar aýryp. Söýýän—çöpdüýbüler, köldüýbüler, bagdüýbüler, dagdüýbüler Örňäp gelýärler, Ösňäp gelýärler. Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň ýaşyndan, Jenaýatyň gylla ýary diňe söýgiň adyndan! Söýýän—ýürek ýarylýar! Söýýän—namysa garşy Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar. Söýýän dünýä çat açýar! Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine. Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy Syndy namysy ary, Syndy gadymy ýoly. SÖÝÝÄN— ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly! Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||