18:07 Stereometrik toplumy taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary | |
STEREOMETRIK TOPLUMY TAVVARLAMAGYŇ we ULANMAGYŇ USULLARY
Ylym we tehnologiýa
Geometriýanyň "stereometriýa” bölümi "planimetriýa” bölüminiň dowamy bolup, onda giňişlik figuralarynyň häsiýetleri öwrenilýär. Onuň düşünjelerini göz öňüne getirmekde agzalýan stereometrik toplumy taýýarlamagyň we ulanmagyň ähmiýeti uludyr. Stereometrik toplumy taýýarlamak üçin dürli uzynlykly demir taýajyklary, emeli hamyr-plastilinden şarjagazlary, halkalary, ýüzüne latyn harplary ýazylan ýiti bäşburçluklary taýýarlamaly. Şekil gurnalandan soň sökülende demir taýajyklary arassalar ýaly mata-hasa almaly. Diametri 3 sm we 4 sm deň bolan halkalary tapmaly. Galyň bolmadyk kagyzdan bir ujy ýiti bäşburçluk görnüşli bölekleri almaly we şolaryň ýüzüne latyn elipbiýiniň baş we setir harplaryny ýazmaly. Umuman, stereometriýa toplumyny aşakdaky ölçegde we möçberde taýýarlamak bolýar. 1. Demir taýajyk 15 sm 6 sany. 2. Demir taýajyk 10 sm 20 san. 3. Demir taýajyk 8 sm 8 sany. 4. Demir taýajyk 6 sm 8 sany. 5. Emeli hamyrdan-plastilinden taýýarlanan şarjagazlar 24 sany. 6. Halkalar d=4 sm 5 sany. 7. Halkalar d=3 sm 4 sany. 8. Uly latyn harplar ABСEFPQSA_1 B_1 C_1 D_1 E_1 E_1 P_1 Q_1 9. Kiçi latyn harplar a, b, с, d, e, m, n. Taýýarlanan stereometriýa toplumy ýerleşdirmek üçin gantdan boşan kagyz gutulary ýa-da başga amatly gutulary peýdalanmak bolar. Demir taýajyklaryň, halkalaryň, şarjagazlaryň galyň kagyzdan kesilen harplaryň bir-biri bilen garyşmazlygy üçin kagyz gutyny böleklere bölmeli. Taýýarlanan toplumy ýörite gutujyga ýerbe-ýer ýerleşdirmek bilen, "Stereometrik toplum” alynýar. Stereometriýa toplumyň kömegi bilen dürli stereometriýa şekillerini gurnamak bolar. Onuň üçin berlen jedweliň esasynda taýajyklary, şarjagazlary, halkalary we harp ýazylan galyň kagyz bölejiklerini saýlap almaly. Demir taýajyklary emeli hamyrdan edilen şarjagazlaryň kömegi bilen biri-birine berkitmeli. Zerur bolsa, demir taýajyklaryň we şarjagazlaryň kömegi bilen piramidanyň beýikligini geçirmek bolýar. Mesele çözülýän halatynda bolsa depelerindäki ,,şarjagazlara” harply kagyz bölejigini çümdürip goýmak amatlydyr. Gurnalan şekiller ulanylanyndan soň, olary söküp taýajyklary mata bilen süpürip şarjagazlary öňki ýaly togalap goýmak maslahat berilýär. Stereometriýa toplumyň kömegi bilen gurnalýan şekiller Topluma girýän demir taýajyklaryň uzynlygyny we sanyny guta ýerleşer ýaly, ony özüňçe saýlap bolýar. Şeýle stereometriýa toplumyny gurnak agzalarynyň gatnaşmagynda hem taýýarlamak bolar. Stereometriýa toplumy sapakda ulanmak wagty tygşytlaýar. • Stereometrik toplumy taýýarlamagyň uly ähmiýeti bar: 1. Stereometrik toplum az ýer tutýar. Ol adaty gutulara ýerleşýär. 2. Bu toplumdan peýdalanyp giňişlik figuralarynyň köpüsini gurnamak bolýar. Zerur bolsa bu figuralary söküp gutuda ýygnap bolýar. 3. Stereometrik toplumy isleg bildirýän we höwes edýän her bir okuwçy taýýarlap bilýär. 4. Stereometrik toplum giňişlik figuralaryň häsýetlerini öwrenmegi ýeňillaşdirýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |