03:49 Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! | |
ŞU SÖZI HIÇWAGT ÝATDAN ÇYKARMAŇ!
Goşgular
Beýik däldir hiçkim,birek-birekden, Ýere gadam goýup ýörär her kişi, Ýöne köpler,özün beýik saýýarlar, Tapawutly bolup,bitäýse işi. Özgerýändir köpler beýikden seredip, Göýä hiçbir taýy ýok deý dünýäde, Emma unudýarlar,bu giň älemde, Herimiz synaga salynan bir bende. Bolýandyr her zadyň bir başlangyjy, Hem bolýandyr onuň hökman bir soňy, Ýetsek üstünlige,belent derej-ä, Allaň nesibi diýip,bilmelidiris ony. Altyn,zerden bezäp geýseň-de mata, Özüň "melek" bilip etmegin hat:a, Bu dünýäde toplanyň näm(e) bolsa hem, Äkitjegiň bolar bir akja mata. Äkitmek bolsa hem arzuw hyýalyň, Dünýäde galýandyr döwletiň-malyň, Amanadyň tabşyryp,çykanda janyň, Diňeje ýar bolar saňa imanyň. Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň, Degip biler bu söz,köplere agyr, "Asmanda uçsaň-da,ýerde bolsaň-da, Bir gün deň edýändir ýönekeý gabyr" Aýlara ATAJANOWA. | |
|
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Döwrebap goşgy / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||