19:57 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Süküfe Nihal Başar | |
SÜKÜFE NIHAL BAŞAR
Şygryýet melekleri
Süküfe Nihal Başar, tanymal türk şahyry, pedagog. 1896-njy ýylda Stambulda eneden dogulýar. 1919-njy ýylda Stambul Darulfünunyñ Edebiýat fakultetiniñ geografiýa bölümini gutaryp Darulfünundan uçurym bolan ilkinji türk zenany bolmagy başarypdyr. Birnäçe zenanlar guramasynyñ işine aktiw gatnaşan şahyr Türkiýede aýal-gyzlaryñ deñhukuklygyny goramagyñ tarapdary bolup çykyş edýär. Ýaşlygyndan arap, pars, fransuz dillerini öwrenýär. Kakasynyñ öýüne ýygy-ýygydan gelýän tanymal döwlet işgärleriniñ, şahyrlaryñ, ýazyjylaryñ gürrüñlerinden täsirlenip, kiçijik ýaşlarynda goşgy ýazmaga başlaýar. Heniz 13 ýaşyndaka "Mehasin" gazetinde goşgusy çap edilýär. 1912-nji ýylda Mithat Sadulla Bege durmuşa çykýar. Darulfünunda okap ýörkä adamsy bilen bile "Mekteb-i Ümit" mekdebini gurýar. Bir ogly bolandan soñra adamsy bilen aýrylyşýar. "Ýyldyzlar we kölegeler" onuñ ilkinji neşir edilen goşgular kitabydyr. Kitapdaky goşgular "serweti fünun" akymynyñ täsirinde, aruz ölçeginde ýazylypdyr. Okuwynyñ soñky kursunda syýasatçy Ahmet Hamdi Beg (Başar) bilen nikalaşýar. Ondan hem bir gyzy bolýar. Azat edijilik urşy ýyllarynda adamsy bilen birlikde "Müdafaýy Hukuk jemgyýetiniñ" görnükli wekillerinden bolýar. Öýünde gurnaýan toplanşyklary bilen aýal-gyzlary milli azat edijilik hereketine aktiw gatnaşmaga çekýär. Respublikanyñ yglan edilmeginden soñra 1924-nji ýylda aýal-gyzlaryñ syýasy hukuklaryny üpjün etmeklik üçin döredilen Türkiýäniñ Zenanlar birleşiginiñ düýbüni tutujylaryñ arasynda ýer alýar. Süküfe Nihal Başar 1953-nji ýyla çenli Stambulyñ dürli okuw jaýlarynda işleýär. Döredijiligi hem bir gapdaldan goýmaýan şahyr "Hazan ýelleri" (1927 ý) goşgular kitabynda aruz ölçegini taşlap şygyryñ heje görnüşine geçýär. 1928-nji ýylda "Töwekgeliñ jezasy" atly hekaýalar kitabyny, "Reñksiz hasrat" romanyny, 1933-nji ýylda "Çöl Güneşi" romanyny, 1935-nji ýylda "Finlandiýa" ýol ýazgylaryny, 1938-nji ýylda şahyr Faruk Nafyz Çamlybel bilen söýgi gatnaşyklary baradadygy düşünilýän "Ýalñyz dolanýaryn" romanyny ýazýar. 1946-njy ýylda ýazan "Domaniç daglarynyñ ýolagçysy" ýol ýazgylary Şakir Syrmaly tarapyndan "Syr" ady bilen kinolaşdyrylýar. Soñky eseri "Çölde säher çagy bolýar" atly romandyr. Süküfe Nihalyñ ýedi sany goşgular kitaby bardyr. Goşgularynda esasan watansöýüjilik we söýgi temalary işlenýär. Süküfe Nihal öz öýünde şahyrlaryñ yzygiderli döredijilik agşamlaryny gurnamaklygy onuñ döredijiliginiñ hasam öndümli bolmagyna täsir edipdir. Şeýle hem oña aşyk bolanlaryñ arasynda Nazym Hikmet, Ahmet Kutsi Tejer, Faruk Nafyz Çamlybel ýaly adybelli şahyrlar bardyr. Şahyr Osman Fahry hem Süküfe Nihaly däli-mejnun bolup söýen şahyrlaryñ biridir. Söýgüsine oñyn jogap almadyk Osman Fahry bu barada şeýle setirleri ýazypdyr: Sen meniñ hemdemim, arzuw-hyýalym, Sen jana jan berjek ýar bolmalykañ; Ýöne neçüýn, Nihal Gözlerimden diñe elem gözlediñ... Döwrüniñ iñ öñdebaryjy gazet-žurnallarynyñ hemmesinde diýen ýaly makalalary we goşgulary neşir edilen Süküfe Nihal soñky ýyllarda esasan "Türk Kadını" ("Türk zenany") žurnalynda çykyş edipdir. 1950-nji ýylda adamsy bilen aýrylyşan şahyr 1962-nji ýylda ýol-ulag heläkçiligine uçrap çep aýagyna şikes alýar. 1965-nji ýylda garrylar öýüne ýerleşýär. Gyzynyñ biwagt ölümi hem-de ýakyn dostlarynyñ ondan uzaklaşmagy şahyra erbet täsir edýär. Şahyr hiç kim bilen gepleşmän başlaýar we ömrüniñ ahyryna çenli dymyp gezýär. 24 09.1973-nji ýylda Stambulda aradan çykýar. • Eserlerinden: 1. "Reñksiz hasrat" romany (1928 ý); 2. "Ýakut gaýalar" romany (1931 ý); 3. "Çöl Güneşi" romany (1933 ý); 4. "Ýalñyz dolanýaryn" romany (1938 ý); 5. "Çölde säher çagy bolýar" romany (1951 ý); 6. "Watanym üçin" romany; 7. "Töwekgeliñ jezasy" hekaýalar ýygyndysy (1928 ý); 8. "Finlandiýa" oçerkler toplumy (1935 ý); 9. "Domaniç daglarynyñ ýolagçysy" oçerkler toplumy (1946 ý); 10. "Hazan ýelleri" goşgular ýygyndysy (1927 ý); 11. "Gaýýa" * goşgular ýygyndysy (1930 ý); 12. "Ýakut gaýalar" goşgular ýygyndysy (1931 ý); 13. "Suw" goşgular ýygyndysy (1933 ý); 14. "Aýralyk ýollary" goşgular ýygyndysy (1935 ý); 15. "Säher guşlary" goşgular ýygyndysy (1943 ý); 16. "Ýerden Göge" goşgular ýygyndysy (1960 ý). Bellik: Gaýýa * - bu söz esasan osmanly türkçesinde ulanylyp, ýer-ýurt atlaryna degişlidir. Şonuñ üçin bu sözi türkmen diline terjime etmegi dogry hasaplamadyk. Gaýýa dowzahdaky bir otly çukuryñ adydyr. • YNANMA Gülsem ynanmagyn, Bilgin bu gülüş, Gülen säherimiñ düýşi ýalydyr. Leblerimde galan ajy tamşanyş, Hoşlaşyk agşamnyñ tutýan ýasydyr. Haýsy gudrat meniñ solan ruhuma Senden soñra täze ýagtylyk bersin?! Öçer wagty gelse, bu dönük hupbat Aglarmykam başga derde diýersiñ. Tutaşan alawsyñ içimde bu gün, Iñ ýanmajak ýerden ýakyp başladyñ. Eräp sönüp gitsem, ýöne büs-bütin, Söýüpdir diýersiñ, meni bu hatyn... Goşgyny terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |