13:33 "Süýjem bolmasyn, şoram, aralygy gerek" | |
G.HYDYROW: “SÜÝJEM BOLMASYN, ŞORAM, ARALYGY GEREK”
Söhbetdeşlik
Gurbangylyç Hydyr diýlende, megerem, ýurdumyzda tanamaýan az-azdyr. Ol Türkmenistanyň azy ýaran satiraçylarynyň biri. Žanr dannawy ýok. Felýetonam ýazaýýar, satiriki hekaýalardyr ýumoreskalaram ýazaýýar, şerebeli, teýeneli, kinaýaly rubagydyr goşgujyklaram goşaýýar. Onuň telewideniýäniň ekranlarynda giden satiriki sahnajyklaryna biziň köpimiz hezil edip gülendiris. “Şadyýan şenbäniň” nobatdaky myhmany Gurbangylyç Hydyr. Geliň, onuň habarçymyzyň sowallaryna beren jogaplaryna gulak goýalyň. - Gurbangylyç aga, siz ömrüňizi “Tokmakda” geçirdiňiz. “Tokmagyň” şahadatnamasyny jübiňize salyp, ýurdumyzyň çar ýanyna aýlandyňyz. Şol githä-gitlikde kän-kän gülküli, täsin wakalara gabat gelensiňiz. Agam, şolaryň iň gyzyklysyny hem iň gysgasyny aýdyp beräýseňiz? - 1967-nji ýylda “Tokmaga” işe gelemde bu ýer gülkiň merkezi ştaby eken. Çary Aşyr, Pomma Nurberdi, Allaberdi Annaberdiýew, Işanguly Guljaýew dagynyň ýanynda erinleriň gulagyňdan ýeňsä geçip, arkaňda tapyşýar. Meň özümem “Ýartygulak” satiriki teležurnaldan gelipdim. Ol ýerde-de gazanyny gülka ataranlardan: Juma Ýazmyradow, Gurbannazar Atakgaýew, Myrat Nyýazow, Akmyrat Bäşim, Tagan – Annam birgat hiç kimden peslär ýaly däldi. Gülküde işleseň, näme, iş aňsad-a däl. Guşgudaky ýylan tutýan Orlow ýaly juda ägä bolmaly. “Külli türkmen” diýseň: “Ýok, türkmen tebigy gaz ýakýa” diýip, ýeser adamlardan golboýy arza gelýä. Ata Hydyr ikimiz bir kolhoza baryp, dokument görkezip, “Biz “Tokmakdan” diýdik. Baş buhgalter üstüne abanyp duran Italiýadaky Pizan minarasy ýaly iki sany goçak pyýadany görüp: “Tokmakdan” diýmeseňizem gorkjak-la!” diýdi. Başga bir ýerde “Tokmakdan” diýsek ýeser arzaçyň biri: “Hä-ä, “Tokmakdan” däl-de, töhmetden geldik diýsene!” diýdi. Ýöne ruhdan düşmedik. Ilçilik-dä, kebzäňi ýere çüýläp bilýänler köp. Utulanyňa namys etseň başyňy büräp ýatybermeli. Daşhowuzly habarçymyz Baba Şyhyýewlere bardyk. Ýanymda-da Işanguly Guljaýew bardy. Babanyň ýaňy dil biten gyzjagazy Jahan Işangulynyň ýeňsesindäki iki barmak inlikdäki barça saçyny görüp: - Daýy-y-y! Puluň ýokmy? – diýdi. “Bar” diýip Işanguly ýanyndaky on ýedi manadyny görkezdi. - Onda näme saçyň hemmesini syrdyrmansyňyz? – diýdi. Mary welaýatynda buluçlaryň bir kolhozynyň meýdan düşelgesine çaýa bardyk. Gyzyl baýdak güne ýanyp, çalşyrylman ap-ak esgi bolupdyr. “Bu nä, ak patyşanyň baýdagymy?” diýdik. Partorg ýerine gyzyl baýdak oturtdy. Bir garry buluç ýaşuly gelip, gyzyl baýdaga seretdi-seretdi-de: “Nama, hokumet çalyşdymy?” diýdi. Ine, saňa gerek bolsa gülki! - Siz Pomma Nurberdi, Çary Aşyr, Allaberdi Annaberdi, Durdy Agamämmet, Çary Täşli, Nurmuhammet Berdi, Ata Hydyr, Işanguly Gulja, Nurmyrat Esenmyrat, Kerim Gurbannepes... ýaly meşhur adamlar bilen bile işlediňiz, duz-emek boluşdyňyz. Şu adamlaryň durmuşy bilen baglanyşykly ýörite degişmeleri “Şadyýan şenbä” getirjegiňize ynanýarys. “Taýak gelýänçä - ýumruk” diýlişi ýaly, häzirlikçe täze dünýä injek şol ýomaklaryňyzdan birini ýatlap geçäýiň... - Bir gezek Çary Aşyryň garažyndan maşynynyň tekeri ogurlandy. “Kimden güman edýäňiz?” diýip, Žitnikow köçesindäki milisiýa edarasyndakylar soranlarynda Çary aga oýun edip: “Goňşymdan” diýdi. “Goňşyň kim?” “Derýaýew diýýärler”, “Ady?” “Ady Hydyr öýdýän”. “Nähili tipdäki adam?” “Aý, bilemok, öz-ä ýigrimi ýyl dagy türmäň çöregini iýen türemşik. Ýöne men aýtdy diýmän gyssaberiň”. “Ýaşuly, arkaýyn bolaý, tekeriňi oňa tapdyrdarys” diýip, milisiýa işgäri Çary aga çest berdi. Indi Hydyr Derýaýew goňşulardan ogrynça milisiýa gatnap başlady. Käte Çary aga ondan soraýaram: “Molla Hydyr, soňky günlerde bir hezil ýer-ä düşünişdiň?” diýip, Hydyr aga-da aýdanok. Milisiýa işgärleriniň kitap okamaýany, Hydyr agany bilmeýäni az däl. Ahyry naçalnik ýazyjyny tanapdyr. - Gurbangylyç aga, siz köpi gören adam. Durmuşda, heý, çolaşyp gördüňizmi? Öz-özüňe gülmegem uly senet. Siz şuny başaryp biljekmi? - Öňde biri: “Ömrümde ýekeje gezegem ýalňyşmandym weli, olam ýalňyşandyryn öýdüp ýalňyşdym, hakykatda bolsa ýalňyşman ekenim” diýipdir. emma beýle adam az-azdyr. Ýöne meni felýeton zerarly hiç kim suda bermedi. “Ýartygulakda”, “Tokmakda” işlän döwrümde “eldegirilmesiz” adamlaryň garyndaşlaryny bilmän tankytlanym üçin işden kowlup, partiýa kaýinjini alan ýagdaýlarym az bolmady. Ol ýagdaýlary ýürek derman içmän, gülki bilen geçirip goýberdim. - Döredijiligiň aňry çägi ýok. Ýöne satiraçyňam “özüne goýany” bolaýmaly. Özüňiziň iň eý görýan rubagyňyzy aýdyp beräýseňiz... - Birçak ýazan goşgymdan birnäçwe setir, Paýtagtda görýärin, men bir şahyrsumagy, Pikirleri ýatladýar pişik oýaý ýumagy. Harsal goşgular ýazýa “Mähriban eneme” diýip, Emma bir manat bermez: “Sowaý ene, me” diýip. “Käbäm eneme” diýip, poema-da döredýä , Enesine obada timurçylar seredýä. - Size şahandaz, degişgen kişi diýýärler. Eger şo çyn bolsa, “Şadyýan şenbäniň” okyjylaryny-da gülüşdiräýseňiz? - Bir gün agtyjagym: - Ata, ýeriň aşagynda adam ýaşaýamy? - diýdi. Menem: - Elbetde, ýaşaýa. Ýaşamaýan bolsa rediskany kim reňkleýä – diýdim. - Ata Köpekmergen bilen bagly ýomaklary jemläp, olary il ýüzüne ýaýýan adamlaryň biri-de siziň dostuňyz, sada hem kiçigöwünli adamlardan diýilýän ýazyjy Çary Gurbangylyç. Ikiňiz kän saçakly gatnaşdyňyz. Degişmän-gülüşmän oňan dälsiňiz-ä? - Çary halypamyz hiç zat ýok ýerinden gülki döredip bilýärdi. Bir gezek öýüne bardym. Derrewem çakylyga gitmeli bolduk. Ol ýüz görülýän aýnaň öňünde geýnip dur. Ýüzüniň gasynlaryny ýazyşdyran boldy-da, “Geýinýänem weli, ynsan geýmini, aýna baksam görýän garry maýmyny” diýdi. - Gurbangylyç aga, gülkä aýakbagy bolýan barmy? - Her bir gowy zada päsgel berýän tapylyberýär. Mekdebe barýan, aýnalary döwük, poly hapa, partalar ikinji jahan urşuna gatnaşan ýaly “şramly”. “Ýoldaş direktor, bu nä beýle? Işi düzedip bolanokmy?” “Wah, düzetjek-le, päsgel berýärler”. “Kim olar?” “Okuwçylar. Eger şolar bolmadyk bolsa mekdebi gül pürkülen ýaly etjek-le”. Keselhana barýaň, kelle sokar ýaly dal. “Ýoldaş, baş wraç bu nä beýle?” “Wah, şu syrkawlar bolmadyk bolsa bu ýerini jennete öwürjek-le”. Gülküde-de şeýle, biziň döredýän obrazlarymyzyň janly prototipleri beýan edýän häsiýetlerimizi özlerinde görýärler-de, ot-elek bolşup diwaryň ýüzünde hozanak bolşup ýörler. - Gurbangylyç aga, siziň ugruňyzdan başga-da ussatlar bolmaly, olar bilen araňyz nähili? - Bu ugurda biziň aksakalymyz Pyhy däde bolmaly. Bildir oň bilen daşhowuzly garyndaşlary gyzyl-gyran güldürip gaýtdyk. Ýanymyzda şo ýerli ýomakçy, Çary Afzalyň nesli Allanazar Begnazarow hem bardy. Pyhy dädäni aýaly Owadan daýzanyň geçen tomus sesi gyryldy. Derläp gelip, ýashdandan suw içipdir. Tapbat bolaýdy. Muňa-da Pyhy däde içinden begenip hezil edindi. Owadan daýza sesim açylsyn diýip Hudaýyň ýoluna çörek paýlap başlady. Pyhy däde bolsa “Alla jan, sesini açma” diýip metjide gidip pul paýlap ugrady. Bu özboluşly “ýaryş” gaty uzaga çekdi, tas iki tarapam tozupdy. Allatagala iki tarapa-da deňlik etdi. Owadan daýzaň sesi çala, eşidiler-eşidilmez boldy. - “Şadyýan şenbä” nähili arzuwyňyz, teklibiňiz bar? - “Şadyýan şenbe” okamda ýadaýan şonda” diýlen sahypa bolmaly däl. Adyna eýe bolmaly. Il içinde “Agzyna şeýtan tüýküren” diýlen ýaly ýomaga ökdeler köp. Peýdalanmaly. Ýomaklar duzluja bolsa gowy. Gaty süýji bolsa-da, gant diabetini, ýagny süýji keselini döreder. Öte şor bolsa-da, içde daş emele getirer. Aralygy tapmaly. “Watan” gazetiniň “Şadyýan şenbe” sahypasy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||