17:19 Tañry öldi | |
TAÑRY ÖLDI
Publisistika
Kylyçdaroglynyñ "halallaşma" ("yrzalaşma") sözi näme maksat bilen aýdandygy çekişme döretdi. Üstünde durmak isleýänim bu çekişme däl. Soragym bar: Kylyçdarogly haýsy maksat bilen aýdanam bolsa, şuny gyzyklanýaryn: halallaşmagyñ jemgyýetde garşylygy barmy? “Halallaşma” ýaly jemgyýetçilik agzybirligine yşarat edýän şuña meñzeş talaplardyr meýiller halkyñ piñinemi? Hiç kim aýyplaşmasyn, biraz gödegräk ýazjakdyryn: Garşymyzda nähili jemgyýet bar? Halk bu hala nähili geldi ýa-da getirildi? Adamlaryñ düýn eýe bolan medeni, syýasy, ykdysady gymmatlyklarynyñ şu günki günde güýji barmy? Ýogsa-da bu belent many-mazmunlar indi öwezini dolup bolmajak, gymmatlyklaryñ gymmatyny peseldýän ähmiýetsiz, ýöntem "moda gymmatlyklaryna" öwrüldimi? Populistlik etjek bolamok, ýa bolmasa ýerliksiz götergilemeleri etmek niýetimem ýok, aýna tutmaga mejbur bolýaryn: Gynansak-da, şuny görýärin: Gymmatlyk düşünjesinde ullakan eroziýa bar. Pula öwrüp bolmaýan, puluñ boýy ýetmeýän, puluñ satyn alyp bilmeýän gymmatlygy galdymy? Gynansak-da... Hemmeleriñ jylawsyz güýjüñ ugrunda bolmagy ahlak gymmatlyklaryny şeýle bir ähmiýetsizleşdirdi welin, "ryswa bolmak" düşünjesi-de ýatdan çykdy. “Halallaşmak” islenen jemgyýetiñ ilki ne hala gelendiginiñ-getirilendiginiñ "diagnozyny" goýalyñ. Soñra "bejergisini" salgy bermäge synanşarys: • HALKYÑ ÇÖZÜLÜŞI Jemgyýetiñ umuman alanda ýaşaýyş kartinasy şeýleräk: Taslanan "ýasama zerurlyklar" derejesinde hemme zadyñ ölçegini marka öwürdiler. Meta medeniýetiniñ erkinleşme talaby diñe keýpine islendi. "Jüýjäni güýz sanaşmak" - eden işiñ üçin hasap bermek köpçüligiñ piñine bolman başlady, adalat talaby "güýç güýç ýeteniñki" boldy. Epeý wagtlap zynjyra baglanyp goýlan wyždanlar çüýredi. Hiç kim özüni günäli-hataly görenok, günäkäri mydama daşdan gözleýär, özi hemişe "gowy"... Dogry bilen ýalñyşy seljerer ýaly bolmady. Kärimden mysal bereýin: hakyky habar bilen ýalan habaryñ tapawudy ýitdi, diñe näçe köp seslenme döredip bilýändigi "gymmatly" boldy! Mediýa diñe manipulirlemegiñ serişdesine öwrüldi. Intellektual maglumata, sowala duşmançylyk edildi, ýat tutmak üçin zor bilen elimize berlen zatlar "bilim" diýip götergilendi. Status-kwo boýun egildi. Sosial mediýada köp duş gelýänsiñiz: gynançly wakalar, özgäniñ derdi ýañsylamagyñ obýekti boldy. Trollyk we sosial linç halanýan pişä öwrüldi. Islänini alyp bilmezligiñ-beýgelip bilmezligiñ hylty gahar-gazaba, öýke-kinä ýol açdy. Garşy çykýanlara-oppozisionerlere duşmançylyk etmek agitirlendi. “Kişi hakyny iýmek” ýaly düşünjeleriñ möwriti geçdi, düzgüne-režime garşy gitmek dinozawrlyk hasaplandy, kapitala doly boýun sunmak bazaryñ mukaddesligine öwrüldi. Janypkeşlik ýaly gymmatlyklar peseldildi. Adam peseldildi, ony mahluga öwrüp, her bir gymmatly mukaddeslikden daşlaşdyrdylar. Jemläp aýdar bolsam: Jemgyýetiñ ideallaşdyrylmagyna garşy çykan we neoliberalizmiñ atasy F.Haýek üstün çykdy. Filosof Nişsäniñ kesgitlemesi bilen aýdanda neoliberalizm şeýle diýdi: “Tanry öldi!” Hawa. Özümizi aldamalyñ, populizme ýeñilmäliñ. Garşymyzda şular ýaly jemgyýetiñ bardygy hak. Ýagdaý şeýle bolsa bu "kesele" getiren "wirusyñ" gözbaşy nämede? “Halallaşmazdan” owal muny ýeñmek gerek… • ÇEPÇILERIÑ IŞI PYRRYK JHP nämüçin 20% bandyna gysylyp galdy? Meñ pikirimçe "halallaşma" ýaly ahlak-etiki sözleriñ çygryndan çykyp bilmedi. Çykybam bilenok. Çünki: Keseliñ düýp sebäbi bolan we dünýäni gurşap alan "wirusa" - neoliberalizme garşy düýpli garşy çykyp bilenok? Ugurdaş oppozisiýa ýöredip halky öz tarapyna çekerin öýdýär! Bu "wirusyñ" garyplyk-deñsizlik ýaly sap ykdysady netijeleri ýok, ýokarda bellenip geçilen syýasy-medeni meseleleri-de bar. Syýasatşynas professor Wendi Brown “Neoliberalizmiñ harabalarynda” kitabynda amerikan mysalynyñ üstünde durup geçse-de, JHP-ni hem gyzyklandyrýan şu soraga jogap gözleýär: “Neoliberalizmiñ ykdysady sargynlarynyñ netijesinde nämüçin we nädip çepçiler däl-de sagçylar güýçlendi?” Sosialist ýurtlary ýykgynçylyga uçradan neoliberalizme garşy aýgytly göreşe girmegiñ ýerine konserwatiw syýasatyñ manipulýasiýaçy-populist syýasatlaryndan haraý isleýär! Hakykat bilen ýüzleşip bilenok, gaça göreşýär. Mysal üçin: Liboş çepçi topbagyñ neoliberalizmiñ iñ täsirli ýaragy bolan etnos syýasatyna garşy aýgytly göreşip bilenok. Utanç. Köpöwüşginli medeniýet ýurtlaryñ baýlygy, muña söz bolyp bilmez, emma bu ideologiýanyñ temasy bolmaly däl! Dünýäde ezýän bilen ezilýäniñ arasynda synly göreşiñ bardygy hakykatynyñ üstüni örtmekde ulanýarlar etno syýasaty... “Halallaşma” çekişmesiniñ görnetin şu tarapa çekilmegi neoliberal-"wirus" ýokanjynyñ añlarda döreden ýykan-ýumranlygyny görkezýär! JHP añ bulaşyklygyndan çykyp bilenok. Ýogsam bolmasa muny bejermek añsat: Jemgyýetçilik hyzmatlaryny hususylaşdyran, sosial döwleti ýykan, kişi zähmetini iýýän, oppozisiýany jylawlaýan, global kapitala edenini etdirýän, hemme zadyñ bazar üçin bolan ykdysady we syýasy heläkçileriñ sebäpkäri neoliberalizmiñ ideologiýasyny - syýasy medeniýetini tagtdan indirmekdir. “Halallaşma” diñe şeýdende mümkin bolar, uçurumyñ ujundaky ýurdy we jemgyýeti yzyna dolamaga mejburdyrys. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |