19:45 Taryhdan almaly iñ uly sapak! | |
TARYHDAN ALMALY IÑ ULY SAPAK!
Publisistika
Häzirki Beşiktaşyñ "Çyragan" köşgüniñ öñünde Mimar Sinanyñ guran külliýesinde ady belli kümmetleriñ biri bar. Ol ýerde "Ajaýyp asyr" döwrüniñ belli akyldarlaryndan Ýahýa ependi ýatyr. 1495-1571-nji ýyllarda ýaşap geçen Ýahýa ependi yslam ylymlary, medisina, geometriýa ýaly ugurlarda tanalypdyr. Ýahýa ependiniñ şol döwrüñ güýçli patyşasy Kanuny Soltan Süleýmana ýazan haty ýüzlerçe ýyllap iñ gowy pent hasaplanypdyr we şu günlere çenli gymmatyny ýitirmän gelipdir. Dogry ýoldan birjigem gyşarmaýan we dogry sözüni çekinmän-etmän göni aýdyp bilýän Ýahýa ependiniñ patyşa Kanunynyñ bir sowalyna ýazan jogap hatynda şeýle setirler bar: "Bir döwletde zulum ýaýylsa... Adalatsyzlyk adaty ýagdaýa öwrülse... Muny görüp-eşidip ýörenlerem "maña näme" diýip, görmezlige-bilmezlige salsa... Soñra goýunlary möjekler däl-de, çopanlaryñ özi iýse... Bilýänlerem muny aýtman dymsa we gizlese... Garyp-gasarlaryñ, mätäçleriñ, ýetim-ýesirleriñ, hossarsyzlaryñ dady-perýady asmana çykar, muny-da daglardan-daşlardan başga duýan bolmasa... Ine, şol wagt döwletiñ soñy görüner! Ilki döwletiñ gaznasy boşap galar. Halkyñ ynamy we sylag-hormaty ýer bilen ýegsan bolar. Düzgün-nyzama ytagat ýok bolar. Şeýdibem ahyrky gutulgysyz pellä geliner!" Trabzonda doglan Ýahýa ependi özi ýaly Trabzonda doglan Kanuny Soltan Süleýmanyñ süýtdeş doganydy. Kanunynyñ ejesiniñ süýdi az bolansoñ, Ýahýa ependiniñ ejesi hem ogluny, hem Kanunyny emdiripdir. Taryhda bolup geçen wakalar meşhur dana Ýahýa ependiniñ Kanuna beren jogap hatynda ýazanlarynyñ neneñsi dogrudygyny görkezdi. "Dogry sözleýäni dokuz obadan kowarlar..." diýen söz bardyr... Ýahýa ependiniñ gönümelligi we açyk sözlüligi Kanuny Soltan Süleýmanyñ göwnüne ýaramandyr. Ol süýtdeş doganydygyna garamazdan belli bir wagtdan soñ ony eýeleýän wezipesinden boşadyp, nepaga goýberipdir. Tasawwuf temasynda-da goşgulary ýazan Ýahýa ependi şol wagta çenli köşgüñ medreseleriniñ birinde müderris bolup işläpdir. Müderrisiñ häzirki manysy professor bolýar. Ýahýa ependiniñ kümmeti häzirki Stambulyñ Kümmetlere esewan edýän müdirliginiñ gözegçiligi astyndadyr we halk köpçüligine zyýarata açyk ýagdaýda. • HENEK Trabzonlylar bu henegi merhum professor, medisina ylymlarynyñ doktory Kaýa Çylyngyroglynyñ adyndan aýdýarlar! Ol bütin garadeñizlileriñ buýsanýan, gowy görýän sylag-serpaýly lukmanydy. Ol bagyr çalşygyny ilkinji bolup amala aşyran lukmanlardan biri bolubam meşhurlyk gazandy. Kaýa mugallymyñ Çapa medisina fakultetiniñ hassahanasyndaky iş otagynyñ adamsyz wagty bolmazdy... Emma... Ol diline gelen sözi aýtman durup bilýän adam däldi, aýtjak zadyny göni ýüzüñe aýdyp goýbererdi. Ýüreginiñ akdygyny bilýänler ondan hiç zady gaty görmezdi. Ol başagaý bolup işläp durka bir tanşynyñ ugradan garry adamyna seretmeli bolupdyr. Gelen adam sorapdyr: - Inim, ýene ýigrimi ýyl ýaşarmykam? Kaýa mugallymam ondan sorapdyr: - Arakdan, çilimden habaryñ barmy? Dost-ýarlaryñ bilen oturyşýarmyñ? Aýal-gyzlar bilen arañ nähili? Eýläk-beýläk gezelenje-dynç almaga gidýäñmi? Ýaşuly döşüni gaýşardyp gürläpdir: - Arak-şerap, çilim-nas dadan adam däl... Oturşyga gitmegi-de ýigrenýärin! Hiç jalataýlyk eden ýerim ýokdur! Dynç almaga-da gidemok! Ömrüm hars urup, pul gazanmak bilen geçdi. Öýden işe, işden öýe... Kaýa mugallymyñ jyny atlanypdyr: - Beýle bolýan bolsa nä körüñe ýene ýigrimi ýyl ýaşajak bolýarsyñ, ýaşuly? Señ munyñ öñem-a ýaşaýyş däl eken! • GÜNÜÑ SÖZI Durmuş taksi ýaly. Säginseñem, ýöreseñem taksometri işläp durandyr! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |