21:07 Taryhyñ gatyna göz aýlasañ... | |
TARYHYÑ GATYNA GÖZ AÝLASAÑ
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Hormatly Prezidentimiz «Asyrlarboýy ýaşaýşyň gözbaşy, bolçulygyň girewi hasaplanyp gelinýän keramatly suw ähli janly tebigata ömür berýär, ynsan durmuşyny gülledýär, özgerdýär, giň ýaýlalarymyzy, sähralarymyzy gülzarlyga, rysgal-döwletiň mekanyna öwürýär» diýip belleýär. Suw halkymyzyň ýaşamagynyň esasy serişdesi bolupdyr. Halkymyz suwy tygşytly we rejeli peýdalanmagyň usullaryny nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Türkmen halky suwy keramat derejesine ýetiripdirler. «Gorkut ata» şadessanynyň baş gahrymanlarynyň biri bolan Gazan han suwa ýüzlenip, şeýle diýýär: «Suw hakyň didaryny görendir, men suw bilen habarlaşaýyn» diýip, suw bilen habarlaşýar. Türkmenistanyň çäklerine gelen syýahatçylar, alymlar bu ýerlerde geçirilen suwaryş desgalaryny görüp haýran galypdyrlar we öz ýatlamalarynda ýazyp beýan edipdirler. Suwaryş desgalaryny arassalaýan, ony gurýan, gazýan adamlary halkymyz keramatly adamlar hasaplap, olardan özlerine haraý isläp, olardan ak pata alýan adamlar köp bolupdyr. Türkmen halky uzak ýyllaryň dowamynda dünýäniň uly çölleriniň biri bolan Garagum çölündäki ýerleri suwaryp, bol hasyl almak hakyndaky arzuwlaryny dessanlarda, goşgularda, aýdymlarda, rowaýatlarda, ertekilerde beýan edip gelipdirler. Amyderýanyň bir wagtlar Hazar deňzine guýandygy hakyndaky gürrüňler nesilden-nesle geçip gelipdir. Bu gürrüňleriň hakykatdygyny taryhçylar Hamadallah Mustaufi özüniň ýazan «Nizhat al-kulýub» kitabynda XIII asyra çenli Amyderýanyň bir golunyň Hazar deňzine guýandygy hakyndaky ylmy maglumatlary ýazyp galdyrypdyr. Bu kitap 1894-nji ýylda Bombeýde iňlis dilinde çap edilipdir. Amyderýa demirgazyk tarapa ugruny üýtgedensoň, ony ýene öňki akabasyndan akdyrmak üçin Müňgyşlak türkmenleriniň aksakgaly Hojanepes aga 1713-nji ýylda Astrahana baryp, Zamanow bilen duşuşyp, türkmen halkynyň arzuwyny amala aşyrmaga kömek bermegini haýyş edipdir. Zamanow oňa bu arzuwy amala aşyrmak üçin Russiýanyň imperatory Pýotr I ýüz tutmagy maslahat beripdir. Ol ony imperatoryň ýakyn adamlarynyň biri bolan A.Bekowiç Çerkaskiý bilen duşuşdyrypdyr. Gürrüňdeşlikden soň, ony A.Bekowiç Çerkaskiý imperator bilen duşuşdyrmaga razy bolupdyr. 1714-nji ýylda Hojanepes aga Peterburga baryp, Bekowiç Çerkaskiniň kömegi bilen Russiýanyň imperatory Pýotr I bilen duşuşyp, türkmen halky we olaryň ýaşaýşy hakynda gürrüň berip, eger-de Amyderýa öňki ýerinden aksa, ummasyz giň meýdanlary suwlandyryp boljakdygyny, Hindistana hem suwüsti bilen baryp boljakdygyny aýdypdyr. Taryhçy S.M.Solowýowyň sözlerine görä, şol wagtlar Ýewropa döwletleriniň köpüsi, şol sanda Russiýa döwleti-de «Baltika we Gara deňizde Ýewropa penjire açyp, gyrgyz we türkmen sähralarynyň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmesiniň derwezesini açar ýaly açar gözleýärdi», Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň tebigy baýlyklaryny basyp almaga ymtylypdyr. Hojanepes aganyň ähli türkmen halkynyň adyndan Amyderýany öňki hanasyndan akdyrmaga kömek sorap, ýüz tutmagy bolsa rus imperatory Pýotr I gökdäki dilegini ýerde duşurypdyr. Amyderýanyň kenarynda ýerleşen Ýaňykent şäheriniň golaýynda altyn alynýan ýeriň bardygy hakynda maglumat berlensoň, Pýotr I aýdylýan maglumatlary anyklamak üçin, Merkezi Aziýa ekspedisiýa ibermek üçin ýörite perman çykarypdyr. 1714-nji ýylyň 20-nji maýynda Hazar deňzini barlamak üçin ýörite ekspedisiýa iberipdir. Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy edilip Aleksandr Bekowiç Çerkaskiý bellenipdir. Onuň özüne bolsa Amyderýanyň öň Hazar deňzine akan gadymy akabany tapmak tabşyrylypdyr. Ekspedisiýa Hazar deňziniň boýlaryna gelip, Amyderýanyň Uzboýyň üsti bilen Hazar deňzine guýýan köne deltasyny tapýar. Bu barada ol 1714-nji ýylyň 4-nji awgustynda Pýotr I ýazan hatynda habar beripdir. Hojanepes / "Gizlin ilçi" kinofilminden 1725-nji ýylda Pýotr I aradan çykmagy bilen Hazar deňzini we Amyderýanyň köne hanasyny barlamak işi wagtlaýynça togtadylýar. Diňe 100 ýyldan soň bu iş bilen rus alymy A.I.Butakow tarapyndan täzeden öwrenilip başlanypdyr. Ol 1858-nji ýylda Amyderýanyň içi bilen Nukusa çenli gämide ýüzüp geçip, Amyderýanyň suwy, geografik ýerleşişi barada anyk maglumatlary görkezýän ylmy taslama işini ýazýar. Şol iş üçin 1867-nji ýylda Londonyň Geografiýa jemgyýetiniň altyn medaly bilen sylaglanýar. Amyderýanyň köne hanasyny öwrenmek işi 1873-nji ýylda harby inžener A.W.Kaulbars tarapyndan amala aşyrylyp başlanylýar. Ol Amyderýanyň Hazar deňzine guýan köne hanasy hakynda köp maglumatlar berýän ylmy işini ýazýar. Ilkinji gezek Amyderýanyň suwuny Hazar deňzine guýdurmak meselesi 1873-nji ýylda Russiýanyň aragatnaşyk ministriniň gatnaşmagynda bolup geçen maslahatda ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu mesele bilen baglanyşykly 1893-nji ýylda A.I.Gluhowskiniň ylmy işi çapdan çykýar we onda Amyderýadan Hazara tarap kanal çekmegiň taslamasy işlenip düzülýär. Bu taslama işi onuň abraýyny göterýär. 1893-nji ýylda Çikagoda bolan Halkara sergide serginiň altyn medalyna eýe bolýar. Bu iş sowet döwründe has hem işjeň işlenilip başlanýar. Ençeme suwaryş desgalary örän gysga wagtyň içinde gurlup ulanylmaga berildi. Suwaryş desgalarynyň şeýle çalt gurulmagy senagatyň esasy çig mallarynyň biri bolan pagtany ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşyklydy. 1930-njy ýylda Kelifden Uzboýa çenli kanal gurlup başlandy. 1932-nji ýylda Amyderýanyň suwy Garamätnyýaza geldi. Suwuň gelmegi bilen bu ýeriň howa şertleri çalt özgerdi. Derýanyň gyrasynda täze obalar döredi. Ekerançylyk üçin onlarça gektar ýerler açyldy. Ekologik şertler göz öňünde tutulyp, derýanyň gyrasyna tutlar we tal agaçlary oturdyldy. Şol wagtlar alymlaryň öňünde Amyderýanyň suwuny çalt ösýän senagat etraby, Günbatar etraplara alyp gitmek meselesi durýardy. Emma bu iş Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen azda-kände togtadyldy. Beýik Watançylyk urşy ýeňişli tamamlanandan soň, bu taslama baradaky işler has kämilleşdi. Şol meseläni çözmek üçin 1947-nji ýylda SSSR-iň Ministrler Soweti Garagum derýany gurmak meselesine seretdi. 1954-nji ýylda bolsa Garagum derýasynyň gurluşygy başlanyldy. 1962-nji ýylda Garagum derýasynyň suwy Aşgabada geldi. Häzirki wagtda türkmen topragyny bu emeli derýasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Garagum derýasynyň boýunda onlarça täze obalar emele geldi. Bol suw bilen üpjünçiligi bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň öndürilişini we ondan alynýan hasyly onlarça esse artdyrdy. Bu derýanyň ugrunda kuwwatly senagat kärhanalarynyň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Türkmenistan Aziýanyň ýüregi bolsa, Garagum derýasy onuň damarydyr. Açyldurdy TAGANOW, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň dünýä taryhy kafedrasynyň dosenti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |