18:38 Täze harabalar / Kyýamat gopdy | |
23. Kyýamat gopdy
Romanlar
Garaşylmadyk ýerden akmaňlaýlara garamaňlaý diýmeli boldy. Bu duýdansyzlygy nämä deňäp bolar? Allaş kelle döwdi. Ýyldyrym uran ýaly diýmelimi? Diýse-de bolar, ýöne welin, Allaş ýyldyrym uranyny gözi bilen görmändi. Oglanka kolhozyň düýeleri üçin ýygnalan ýandagyň ägirt uly küdesi ot alanda ýyldyrym uranmyş diýipdiler. Küle gömülip ýatan meýdany görse-de, bulutly asmanda otly gamçysyny bulaýan ýyldyrymyň zoruny duýmandy. Akmaňlaýlaryň başyndan inen betbagtlygy ýandak küdesiniň ýitgisine deňär ýaly däl. Başga gudrat tap diýip, Allaş beýnisine zor saldy. "Kyýamat gopdy" diýse gelişäýjek ýaly. "Kyýamat" diýmek Allaşyň düşünişine görä "ahyrzaman" diýmek. Akmaňlaýlaryň başyndan ahyrzaman indi diýmeli-dä? Kyýamat adamlaryň başyndan aýry-aýrylykda inip bilmez-ä. ölümiň deň boluşy ýaly kyýamatam hemmä deň bolmaly dälmi? Allaşa galsa, kolhozyň dargamagam kyýamat gopan ýaly, ýöne onuň zyýany hemmä deň bolmady, Ataly başlyk gönendi... Allaşyň başy çaşyp barýar, ýöne höçjetlik ony erkine goýmady. Maňzyna batjak jogap tapmasa, bolmaz, arkaýyn oturyp bilmez. Ýeri, akmaňlaýlaryň derdi saňa galdymy diýibem gördi, bolanok, ünsüni başga ýana sowup bilenok, edil bara, tormozy sypan maşyn ýaly Ýoldan çykyp, gorpa tarap eňdirilip barýar diýäýmeli boldy. Şol barmana Abdy mugallym ýadyna düşdi. Ol hemişe kyýamaty Magtymgulynyň goşgusy bilen düşündirerdi. Magtymgula beýik şahyr diýerdi, öňdengörüji şahyr diýerdi. Magtymguly beýik oktýabr rewolýusiýasynyň boljagyny ýüz elli ýyl öňünden bilipdir, goşgusynda aýdypdyr diýerdi, soňam şol goşguny heçjikläp ýatdan aýdardy: Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda, Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda, Zalymlar har bolar, galar aýakda, Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen! Aýdandan soň göreçlerini birlaý okuwçylaryň ýüzünde gezdirerdi, aýdylanyň dogrulygyna şübhe edýäni gözleýän ýalydy. "Beýik oktýabr rewolýusiýasy ýigrenji baýlary Ýok etdi, garyp-gasary arslana, şire öwürdi" diýerdi. Ýylyň dowamynda Abdy mollumuň onlap, ýüzläp gaýtalan şu sözleri Allaşyň ýedinji klasda okandygyny ýatladýan ýeke-täk alamat bolupdy. Şol dört setir onuň ýadyndan çykanok. Allaşa abraý boldy, şol setirleri aýdyp, Magtymguly şahyry bilýändigini köplere ynandyrmagy başardy. Häzirem şol setirleri öz ýanyndan gaýtalady, Abdy mollumyň aýdyşy ýaly, hakykatdygyna ynanasy gelip gaýtalady. Pikirini has giňeltdi: oktýabr rewolýusiýasy bolmadyk bolsa-dy, SSSR bolmazdy, SSSR bolmasa-da kolhoz bolmazdy diýdi. Dogry pikir aýdýanyna gomalmanam durmady. Ataly başlyk ýaly soň dörän baýlara-da kolhozy Ýok etmek başartmaz! diýip, kimdir birine hemle atyp, gygyrasy geldi. Oraz baýy Ýok eden rewolýusiýa ýene gaýtalanýar diýesi geldi. Ataly başlygyň ýubileý dabarasy şu güne bellenipdi. Il arasyna ýaýran gep-gürrüňe görä, irki azandan soň Ýagmyr molla reproduktordan Ataly başlyga alkyş sözlerini aýdyp, Garadepe obasynyň halal adamlarynyň islegi birle, Biribardan oňa tut ýaly saglyk, rowaçlyk, il-gününe edýän aladasy, hormat-sylagy üçin Lukman hekime rowa görlen uzak ömür dilemeli ekeni. Allaş haýran galyp başyny ýaýkapdy: baý-bo-ow, Oraz baýyň agtygy bäri-bärde durmajaga meňzeýär-le! Ol depede oturan hormatly prezidente piçjiň atýan ýaly-la?! Allaş beýle töwekgellige başga bir emeldar het edipdir diýip eşitmändi. Azan aýdyldy. Ýagmyr mollanyň alkyşy eşidilmedi. Ýeri, indi bu ahwalata näme diýersiň? Agzyboş adamlar dowul ýaýradaýdymyka? Düşünere delil tapyldy. Irden Goçy burun Allaşyň motoryny getirdi. Ol Allaşa derek motora gyzyl baýdak berkidip dabara gatnaşmalydy. -- Daň atmanka Atalyň şopury geldi, kanturyň golaýynda görünmäň diýip gitdi--diýdi. -- Düne ýumruldymy diýip soramaly ekeniň-dä. -- Git-de özüň sora. Soňky delil şübhe edere ýer goýmady, Allaşyň oslamadyk zady boldy. Irden Ýagmyr molla Magtym ýalaňajyň üçüne geldi, yzyna metjide baranlary tirkäp geldi, Baba nasosçam, Muham balçam bar. Tebärek çykany bilen oňmady, uzaga tutdy. Diňe Allaş däl, ýas ýerinde oňa garaşýan Ýokdy. Ol häzir dabarada bolmaly adam, goňşy obadan getirlen alaşanyň üstünde oturmaly adam, Ataly başlyk bilen jylaw deňläp ýöremeli adam! Allaşyň bolşuny duýdansyz dulugyna şarpyk çalnan adama deňese bolar. Magtym mollumyň şäherde ýaşaýan ogly ýany bilen şäher mollasyny alyp gelipdi. Kakasy şäher gonamçylygynda jaýlansa-da belli günlerini obada geçirmeli edilipdi. Ýanan tamyň harabasyny aýyrmaga pursat bolmandy, şonuň sebäbine-de uly ogly Şajanyň tamynyň gapdalynda içi gaz peçli giň çadyr-palatka dikdiler, aýazly howada gelenleri daşarda oturdyp boljak däldi. Allaşyň içini it ýyrdýar, asyl rahatlanjaga meňzänok, sebäp yzyna sebäp tapýar. Bolmaz iş ýüze çykmadyk bolsa, Ýagmyr mollamy bu ýerde çüýlenen ýaly bolup oturjak! Ol hudaýsyzyň, onuň öz dili bilen aýtsaň, hudaýsyzlaryň arabasyndan gaçyp galan öňki diri maslygyň, indi bolsa, gömülen Magtym ýalaňajyň patasynda otyr, onuň tepbedini okap otyr diýdi. Garşydaşyndan dyndarany üçin hudaýa alkyş okamaga gelendir diýdi. Ol kanturyň gapdalynda bolmaly dabarany ýas ýeriniň dabarasy bilen çalşaýdymyka? Molla bärde otursa-da pikiri-zikri başga ýerdedir. Onuň göwnündäkini Allaşyň bilesi gelýär, düşünesi gelýär. Ýas ýerinde sorap oturmak gelşiki däl. Salamguly: -- Ýagmyr molla, senden anygyny eşidäýmesek, düşüner ýaly bolmady-la--diýdi.--Adamlaň eşitjek mahaly, sen aýt bize: ne ahwalat boldy, ne bela urdy? Mämmetgulyň atdan ýykylyşy ýaly bolduk-la! Ýagmyr molla: -- Salamguly, biz ýas ýerinde otyrys. -- Dogry diýýäň, mollam, Magtym agaň ýasynda otyrys, diri bolsady, meň soranymy şolam sorardy diýjek, imany hemra bolsun pakyryň. Ataly başlyk iki gün obany ýygnap, kanturyň gapdalynda oýun gurady. Maňa sygyr bakan mahalyň geýen eşigiňi geýip gel, taýagyňam alyp gel diýdiler. Taýagymy tapmadym, taýak ýasanyp bardym. Eýläk ýöre, beýläk ýöre, kino aljakmykalar diýýän, başymyzy-gözümizi aýladylar. Ýagmyr molla, senem-ä alaşadan düşürmediler, he-he-he. Gaýrat ediň diýdiler, dabara-şagalaňy abraý bilen geçireliň, toý saçagynyň hezilini görersiňiz diýdiler. Hezilligiň bolmaly güni-dä şu gün. Daňdan öe baryp, kanturyň golaýynda görünmäň diýdiler, aldap uran ýaly etdiler. Ne bela boldy? Ataly başlygyň özem-ä ýitirim bolupdyr diýýäler. Sen bi zatlardan habarlysyň, Ýagmyr jan, aýt, bizem bileli-dä. Allaş diňläp: "Wah, diliňden aýlanaýyn, Salamguly! --diýdi.--Ýagmyr mollaň ýakasyny goýberme, senden başga başarjagam Ýok. Meň gaýratymyň çatmadyk zadyny etdiň, Salamguly, ömrüň uzak bolsun, ýörite öe çagyryp, garnyňy gerk-gäbe doýurmasam, men it ogly!.." Ýagmyr molla: -- Salamguly, saňa ýeten habary bize-de ýetirdiler--diýdi. -- Saňa Ataly başlygyň özi aýdandyr-a, sebäbini soransyň-a? -- Salamguly, senem sabyr et-de oturyber, ýüregiňi eliňe alma. Herki zat Allanyň eradasy bilen bolýandyr. Ataly başlyga başsaglyk, rowaçlyk diläliň. -- Iki gün horladylar, şo iki günem adamlaň garnyny doýrup goýberende-de Ataly baýyň rysgaly kemeljek däl-ä. Indi Ýagmyr molla söz diýmände-de abyrsyz ýagdaýyň ýüz berendigine Allaş ynandy. Jikme-jigini Maksatdan eşiderin öýtdi. Bu gün ýas ýerine gelmese-de ony gözläp tapar. * * * Allaş Maksady "Toý mekanyndan" tapdy. öýleden soň bardy. Jaýyň töwereginde adam görnenok. Bu ýerde toý dabarasynyň uludan tutuljagyny iki gün ozal eşidipdi. Aýdylyşy ýaly bolan bolsady, häzir toýuň aladasy bilen hasyrdaşyp ýören adamlar görünmeli. Gapydan asylgy uly gulpy gördi, gulpuň Ýokary ýanynda keseligine ýelmenen kagyzyň ýüzüne urlan tegelek möhüri synlap, başyny atdy: düşnükli! Maksadyň kabinetine geçip bilmejegi belli. Ýasa baranlaryň myşmyşlaryna görä, akmaňlaýlaryn erkeklerinden degerli adam galmandyr, ýygnapdyrlar. Maksat amanmyka? Akmaňlaýlaryň tiresinde Allaşa şondan mähremi Ýok. Ýeke adamy alyp galmaga saňa ygtyýar berilýär diýseler, Maksadyň adyny tutjak-da. Maksat bir ýumuşoglan, "Toý mekany" onuň emlägi däl, buýrulan işi edýär, onuň ýaş ömrüni Ataly baýyň günäsine kül etmäň diýip ýalbarmaga taýyn. Allaş aýlandy. Aşhana, aşpezleriň oturýan ýeri möhürlenen. Garawulyň bolýan tamynyň gapysy ýapyk, gulpam, möhürli kagyzam Ýok. Gapyny açdy, agryljyk, çygly, sowuk howa ýüzüne urdy. Gije bu ýerde adam bolana meňzänok, peç ýakylmandyr, penjire tutuly. Allaş Magtym ýalaňajyň üçi geçýänçä Maksatdan rugsat alypdy. Içeri garaňky ýaly görünse-de kem-kem gözi öwrenişdi. Köne demir kerewatda bir adamyň ýüzüni diwara öwrüp ýatandygyny gördi. Gapy açylanda-da oýanmady. Siňe seretse, Maksat, egnindäki ak zolakly gök reňk sport formaly eşiginden tanady. Ol kabinetinde-de galapyn şu eşikde oturýardy. Maksady ýygnamandyrlar, meniň göwnümdäki bolupdyr diýdi. Oýanýança daşarda garaşaýmaly bolar-da, görüşmän gitmejegi belli. Gapyny usul bilen açyp, bosagadan daşary ätledi, ýeňseden Maksadyň sesi eşidildi. -- Allaş aga, salawmaleýkim. -- Weý, oýadaýdymmy,.. saglykmy, inim Maksat Allaşyň yzy bilen daş çykdy, pallady, sagadyna seretdi. -- Sagat ýarym-a uklapdyryn.--Aşpezleriň et dograýan galyň agaç stolunyň gapdalyndaky oturgyja çökdi, iki aýasy bilen ýüzüni sypady, uludan dem aldy.--Allaş aga, on-a görensiň. Möhürli uly gapa üm atdy. -- Gördüm. Birgiden gep-gürrüňem eşitdim. -- Ynandyňmy onsoň? -- Gözümiň görenine ynanýan, sebäbini welin, bilemok. -- Bilersiň. -- Sen aýtsaň biläýmesem... -- Anykdotyň gutaranyna aýdyp biljek, Allaş aga. -- Adam ogly ýaşasa, gülmäge zat tapylar, inim. -- Hawa-da... "kimsäge toý-baýram, kimsäge ölüm"... Maksat dymdy. -- Yzynam aýtsana, inim. Keminäň aýdany: "gelipdir, bir zaman öter garyplyk". -- Traktorçy bolman, mugallym bolmaly ekeniň, Allaş aga. -- Äý, mollum bolup, Magtym ýalaňajyňam gören güni Ýok-la. -- Ýatan ýeri ýagty bolsun, pakyryň ýedisine görnäýmesem...--Maksat iňkise gitdi.--Bela-beter her kimiň başyndan bir hili inýär. Biziňki meslikden boldy... Ataly kakama düýn gün ýaşanda häkimlige gel diýipdirler, şol ýerdenem ýygnapdyrlar. Kakalyny günortan ýygnan ekeniler. Aýazy şu ýerden äkitdiler. Şu günki tutulmaly toýuň planyny biçip otyrdyk. Üç adam geldi, maňa-da, Aýaza-da tanyş adamlar däl. Senlik iş bar, gideli diýdiler, Aýaz ýörüň diýdi. Maşynyň gidenini eşitdim, çykjagam bolmadym, ýaman zat göwnümize gelmese nä. Şo gidişi. Üç sagatdan soň ýene üç adam geldi, öňküler däl, dokumentlerini somlap, biz prokuraturadan, polisiýadan diýdiler. Seýfiň açaryny soradylar, berdim, agzyna möhürli kagyz ýelmediler, soň kabinetiň gapysyna ýelmediler, soň daşky gapa, ana, özüň görüp otyrsyň. Maňa-da göreniňi aýtma, obadan çykma, jaýyň golaýyna del adam gelmesin, özüňem şu ýerden aýrylman otyr diýdiler, otyryn. -- Äkitmänlerine şükür et. -- Şeý diýmeseň alajyň näme! -- Sebäbini aňaňokmy, güman edýän zadyň Ýokmy? Maksat janagyrly güldi, esli salym geplemän böwrüni diňläp otyrdy, soňam çürt-kesik: -- Bela Ataly başlygyň akmaklygynda--diýdi.--özüni oýnatdy, götüne güldüler. Gülşirin diýip bir owadan jelebi tapyp getirdi, möýüň kerebine düşdi. Aşgabatdan dabaraçy çagyryp ýörenem şo jelep, ähli oýny gurnan şol-a! Sen serdar diýip başyny aýlanam şol! -- Ýokardakylaň eli bar bolmasyn? -- Onçasyny bilemok. Pul üçin edilendir diýseňem boljak welin, çagyrlan adamyň bolşy geň. Pul üçin diýseň, ol üç müň dollardan ýüz öwürmeli däl-ä. Aljak däl diýipdir, alman gidipdir. Gülşiriniň özi maňa aýtdy, geň galýan diýdi, diýibersin, men o jelebiň aýdanyna ynanmadym, dabaraçy diýlen adamyň pul alman gitmegem ýöne ýere däldir, bu ýerde-de Gülşiriniň guran hilesi bolmaly, men şo pikirde. Gülşirin irden şu ýere geldi, meni gözläp geldi, näm üçin gelenini häzir aýdyp bererin. Belaň körügi Ataly kakamyň akmaklygynda-laý. Heý, bir jelebiň uçguryna daňylaýmak bormy! Häzir puluň bolsa, owadan heleý gyt däl-ä, weşeň-weşeň! Gülşirin ýaly akyllysy azdyr diýseň, ine, bi başga gep. Ýedi Amyň suwuny içen, Stambulda sapak alyp gelen jeleb-ä! -- Ine, bi diýeniň dogry. -- Ataly baýyň ýürek taryna kakyp, onuň islän heňini çaldy. Sen beýik diýip, sen serdar diýip ynandyranam şol, Atalyň akmaklygyny bildi. Kakalyň uniwersitetde okaýan guşkelle, kelpeň gyzy bar, men ýaş şahyr diýip, petekesini asmana tutup ýören biakyl. Telewizorda işleýänlere para berip, iki gezek goşgy okanmyş, özüm-ä diňlemedim, Mämmetguly syçagyň gyzy Selbi diňledim diýdi, para beripdir diýenem şol, nireden bildiň diýip soramadym. Prezidenti öwdi diýdi, "zeminde behişti gurduň" diýip öwüpdir, gör, tapýan gepini! Ataňy öw diýip, goşgy ýazdyran Gülşirin bolmaly, ataňy serdara deňe diýenem Gülşirin, men ynanyp aýdýan. Ýogsam bolmasa, prezidentden başga bir adama serdar diýmelidir diýen pikir häzirki talyplaň kellesine gelenog-a. Şeý diýip, hut, Gülşiriniň ýüzüne aýtdym. Irden meni gözläp geldi diýdim-ä, näm üçin gelenini häzir aýtjak. Goşgyny kompýuterden geçiripdir, köpeltdim diýdi, maňa-da berdi.--Maksat jinsi balagynyň syrt jübsünden kagyz çykardy.--Ine, şo goşgy, birje topbagyny okasaňam ýeterlik, düşünersiň. Neme diýip ýazýar: Oraz baýyň abraýyny galdyran, Ogullarna köşgi-eýwan saldyran, Akmaňlaýlaň adyn ile dolduran, Obamyň serdary bolduň, Atam jan!.. Neneň gördüň, Allaş aga? Bu sözleň bu ýurtda diňe bir adama aýdylýandygyny sen bilýäň-ä?! -- Näsini aýdýaň! -- Ataňa okap ber diýipdir, bat bilen dabaraly oka diýipdir, Gülşirin öwnüp aýtdy. Ataly başlyga şeýle bir ýarady, tolgunyp gözlerine ýaş aýlandy diýýä, şahyr agtygyny goltugyna gysyp, eline bäş ýüz dollar berdi diýdi. Men Kakalyň şo gyzyna bäş dollaram rowa görjek däl. Indi sen, Allaş aga, dabara geçirmeli adamyň,.. wah, şoň ady nämedi, ilde Ýok ady bar-la... äý, bolýa, şo-da... Ol razy bolmady diýdi: Ýok, bu goşguny köpüň öňünde okap bolmaz diýipdir. Dawa turýar, Gülşirin öjügdirýär: sen biziň başlygymyzy serdarlyga mynasyp göreňokmy diýýär. Gör, tapýan gepini! Dabaraçy,.. ady dilimiň ujunda welin,.. gönüsinden gelýär: bu ýurtda bir serdar bolmaly, her obadan serdar çyksa, ýurt dargar diýýä. Şundan soň Gülşirin ýan beräýjek ýaly, Ýo-Ýo-Ýok, tapýan gepini eşit indi. -- Ýer onsoň! -- Gaýta diýýä, baş serdar belende galmazmy diýýär, ol serdarlaň serdary bolýar-a diýýär. Ataly hä diýýär, Gülşiriniň gepini eşidip, bir gez beýgelýär, Gülşirin näme diýse hä diýýär. Goşguny nirede durup okamaly? Gülşirin öňünden bişirip goýupdyr, men şeý diýjek, dabaraça aýtman-diýmän taýýar edip goýupdyr diýjek. Ýaşyl mataň ýüzüne lozunga ýazdyryp goýupdyr, dabaraçyň habary Ýok. Ýazylan sözleri eşitseň haýran galarsyň, Allaş aga. "Allanyň beren rysgalyny bendesi alyp bilmez" diýip ýazdyrýar. Häzir ähli lozungalar prezidentiň ady bilen ýazylýar-a! -- Belet. -- Bu lozungaň aşagyna Oraz baý, Ataly baý diýip ýazylan. Kimiň kellesine geljek sözler?! -- Ýagmyr mollaň aýdaýjak sözi ekeni öz-ä. -- Bu pikire-de hä diýse bolar. Bolan wakany aýdaýyn. Lozungany asýalar, Gülşirin Kakalyň şahyr gyzyny lozungaň öňünde duruzýar, goşguňy oka, şu ýerde durup oka diýýär. Repetisiýasyny gözüm bilen gördüm, kelpeň gyz bolmajysyny boldy, aýnap okady, wideo-da aldylar. Bi düýnki bolan zatlar, düýn dabaraçy Ýokdy, hä-ä, ady ýadyma düşdi: Bally Barat, başly-barat diýen ýaly-laý. Men beýle lozunga-da garşy diýipdir, bi hili dabarany men geçirip biljek däl diýip, göni aýdypdyr. O-how, Aşgabatdan gelen adam şeý diýýä, gorkýan diýmese-de gorkýanyny duýdurypdyr-a! Ataly baý oýlanaýmal-a, edenok, gaýta, sen bize gerek däl, edenje işiňe düşýän haky al-da göteril diýýär. Bally Barat,.. ine, bu ýerde oňa başly-barat diýseň gelşenok, sag boluň diýýä, puly alanok, soňuna ýetirmedik işim üçin hak alamok diýýä. Men-ä oňa erkek ekeni diýdim, Gülşirin namart diýdi. Ataly baý Gülşirine dabarany sen geçir diýýär, paýtagt bolmanda-da iş başarýandygymyzy görkez diýýär, Bally Baratyň ýanynda diýýär, düşünýämiň, Allaş aga?! -- Bi ýerde gümürtik zat köp diýjek men-ä. Gülşiriniň gurnan oýny bolmasyn, ä-ä? -- Aňdyň, Allaş aga, şo pikir mende-de bar. Bally Baraty gyraklatsam, oňa berilmeli pul maňa galar diýen bolsa?.. Bolmaly zady Bally Barat jikme-jik etdi, taýýarlady, çeýnäp berdi, ýuwdaýmalysy galdy, Gülşirin geleli bäri onuň gapdalynda bol-da, belet. Ýöne soňky bolan şumluklar Gülşiriniň elinden gelermi, gep şunda. Bolmaly zat bolmanka, Ýokaryk habar ýetiren kim? Muňa näme diýjek? Gülşirin Bally Baratdan görýä, ol adam Ýokardan iberlen şpion ekeni diýdi. Ol şpion bolsa, senem Ataly başlygyň boýnuna oraşan owadan ýylan diýdim. -- Oňaraýypsyň! -- Irden şu ýerde bolan gürrüňi aýdýan. Bally Barata berilmeli dollary aljak ekeni, dollar bolmasa-da, iki-üç müň dollara durýan zada Ataly baýy boýun edipdir, şony aýtjak saňa, Allaş aga. öz aýagy bilen şu ýere geldi, öz dili bilen aýtdy. Edil şu pursat Maksadyň el telefonyna jaň geldi. -- Hä-ä... men... Nirde bolar öýdýäň, hazan ýeli öwüsýän ýerde otyryn... Kim bolmaly ýanymda? Allaş aga geldi, başga gelen Ýok.--Maksat telefony bir gapdala tutdy.--Çemen til edýä... Ä-ä,.. häzir baryp biljek däl... Ho-ow, saňa aýtdym-a: buýruk berdiler diýdim, butnaman oturmaly diýdiler... Haçan geljeklerini bilemok... Men Ýokkam geläýseler näme? öz pulumam seýfdedi, götüm gyzyp dur, üç göläň bahasy, h-o-ow,.. goýaýdym-da, gabahatlyk boljagyny kim bilýär-aý!.. Näm boldy? Saňa şumjarma diýdim, hudaýa şükür, entek ölen Ýok... Nä-äme?.. Haçan eşitdiň?.. Ýok-Ýok, ynha, senden eşidýän... dowul bolmasyn? Aýazyň gyzy til etdimi, ýa özi baryp aýtdymy?.. Bäh!.. Ýok-Ýok, kakaňa habar etme,.. duýdurma diýýän saňa, kakaňy ara goşmaly... Aglama, ho-ow, seňki näm-aý?! Jaň etmän otyr. Bizi olar bilen deň tutma diýdim saňa, ýene diýýän. Aýazy äkidenlerinde men ýanyndadym, meni äkitmediler-ä!.. Bolýa, how, bolýa, aýlanaryn... aglama diýýän saňa, piriňi uraýyn!.. Maksat el telefonyny kisesine salyp, dymyp oturdy. -- Eýgilikmi? -- Eýgilik bolar-maý, Allaş aga. Ataly kakamyň, Kakalyň, Aýazyň täze jaýlaryny möhürläpdirler, göterliň, öňki jaýyňyza baryň diýipdirler, goş çykarmaly däl, egin-eşikden başga zat almaly däl diýipdirler... Ýörite gurnalan, başga pikir kelläme gelenok. Gülşirin irden tasap şu ýere geldi, aýtjak diýýänim şol. Göni ýüzüne aýtdym: doganyňy neme edeýin, seň eliň bar şu ýerde diýdim, owadan syrtyňy oýnadyp, akyly giden başlygyň aňkasyny aşyrdyň diýdim. Şumjaran bolýa, başlygyň buýranyny etdim diýýä. Dabaraçyny öýüňde ýatyr diýenem Ataly başlykmy diýdim. Göwnüni tap diýdi, ýöne seň kelläňe gelen şumlugy et diýmedi diýýä. Näme et diýdi, aýt-da diýdim, diňe syrtyňy öwrüp, adamyň göwnüni tapmaga öwrenen, sen şondan başga emel bardygyny bilenog-a! diýdim. -- Diýmeli sözi tapypsyň, berekella! -- Nähili ýumuş bilen gelenini sorasana, Allaş aga, ha-ha... -- Sen ony soramamda-da aýdarsyň. -- Başlykdan elli goýun algym bar diýdi. Nähili işini bitirip, elli goýun aldyň diýdim. Men saňa hasabat bermeli däl diýdi. -- Ýer onsoň... -- Bar onda hasabat bermeli adamyňdan al diýdim. Sen bermeli diýdi, gulak as diýip, telefonyny somlady. Telefona Ataly başlygyň sesini ýazypdyr, nähili ýazypdyr, haçan ýazypdyr, soramadym. Ataly başlygyň sesidigini bildim. Keýpi göterlen adamyň sesine meňzeýär. Neme diýýä: "elli goýun seňki, oň gürrüňi bolmaz. Maksada aýdaryn, Gülşirin bilen bileje git-de, meň sürümden elli işegi sanap ber diýerin". Gep tamam. Akmak baý sesiniň ýazylýanyndan bihabar bolmaly, Ýogsa, diýmezdi. Jelebiň mermer ýaly ýylmanak butlaryny sypap, haram keýpiň humaryna maýyl mahaly ýazylan ses. -- Bilipsiň, erkegiň dilinden bal damýan mahaly-da! -- Isleseň diňledip biljek. -- Beh! -- Biraz howlukma. Oknodan seretsem, ho ýerde ýük maşyn dur, mal daşalýan ýük maşyn getiripdir, kabinkada äri otyr. Başlyk maňa beýle zat aýdanok diýdim. Ýetişen däldir, eşideniňi saňa-da aýdylan hasap edäý diýdi. Gaharyma: telefonyny elinden al-da maňlaýyna ur diýýän. Dözer ýaly däl, şelaýyn ýylgyryp dur, garaýyşy bilen meni ýalap, bal çalnan bilinçige dönderip barýar, häzir ýuwdar diýilse ynanaýmaly boldy, how, Allaş aga... Allaş keýp bilen güldi, dyzyna şapbat urdy: -- Sähel gowşasaň boýnuňa çolaşar. -- Çolaşar diýme, çolaşdy. öňem göwnüm gidip ýördi, dogrumy aýtjak, Ataly kakamyň sylagy üçin çydamaly bolýady-da... Indi, tüýs atuwa geldi diýdim. -- Ýer onsoň, doňuza bir ok diýlenini etjek-dä! -- Ýöne kösäýin, Ataly kakam ýaly arzan bolmaýyn diýdim. Almarsyň şol goýunlary, Ataly başlyk Ýok diýdim. Sen bar-a, Maksat jan diýdi. Hawa, men bar, ýöne meňem islegim bar diýdim. Islegiňi aýt diýdi. Ýalaňaçlanda geç kerewata diýdim. Gygyrar, galmagal turzan bolar öýtdüm, Ýok, ap-arkaýyn. Şelaýyn gülüp: şümi Ataly kakaňa etjek hormat-sylagyň diýdi. Ataly baýdan maňa ýeten paý diý-de düşünäý diýdim. Mensiz barsaň çopan seni sürä goýbermez diýdim. Güldi, alaçsyzlygyna gülýänine düşündim. Säginip durmady, çykaryndy. Bol çaltrak, wagt Ýok diýdi. Enaýy bolup dur. -- Bu diýeniň dogry. Allaş gobsunyp, hamala, hezilligi görmäge gyssanýan tomaşaça öwrüldi. -- Äý, gel, bi jelebi entegem kösäýin-le diýdim. -- Sabryňa berekella! -- Äriňi çagyrjak, Ýok, özüň çagyr diýdim. Sen-ä alasamsyk ekeniň diýdi. Bu oýnuň öz düzgüni bar diýdim. Deme gelýän eşegini tohum eşege aşdyrýan adamyň näme edýänini bilýäňmi diýdim, maçy eşeginiň başyny tutýandyr, äriň gelip, başyňy tutmasa, aşjak däl diýdim. Kakoý ty merzawes diýdi. Düşündiňmi, Allaş aga? -- Daş ýany bilen. -- Eşigini aljak boldy, beremok. Elli goýnuň onusy seňki diýdi. Men sutenÝor däl diýdim. -- Ine, bu sözüňe düşünmedim. -- Jelepleň arkasyndan gazanç edýän adama diýilýär. -- Beh! -- Äriňi çagyr, oknodan gygyr, gelsin diýdim. Masgara etme-dä, Maksat jan, adyňdan aýlanaýyn diýýä, seň çagyr diýýäniň meň ärim-ä, beýtme diýýä. Ataly başlyk aşanda kanturyň gapysyny goraglaýan kimdi? Äriň dälmi? -- Ine, bu diýeniňe menem gözlüje şaýat. -- Şo pursat ýene bir pikir kelläme geldi. -- Waý, hi o mahal kellä pikir gelermi, inim! -- Häý, Allaş aga, garramandygyň görnüp dur-da... Sotkasyny almaly, her ugur tapmaly, almaly diýdim. Şo telefon gözüme möýüň kerebi bolup göründi. Soňky bolan gep-gürrüňi oýna ýazdyrmaly diýdim. Gülen boldum, bäh, seňem gorkýan ýeriň bar eken-ow, Gülşirin jan, diýdim, obada seni ýeke-täk erkek diýip tanapdym. Erkek bolmasaň, Ataly başlygyň sözüni maňa eşitdirmeli däl-ä. Seň adyňy tutupdyr, özi bilen bir ýüpe daňypdyr, sen çekinäýjek ýaly welin, çekineňok, diňletdiň, indi gorkma-da, heleý bolma-da! Ataly kakamyň wadasyny ýerine salmak meň borjum-a! diýdim. Onda bi masgaralyk näme? diýdi. Biz erkek eşek-dä, özüň düşünýänsiň-ä, haýsy erkek seň görküňe garap, biperwaý durup biler, Gülşirin! Ýazgyny ýene bir öwre diňlet diýdim, ynanaýyn-da, göwnümde güman galmasyn. Elli goýun! Az-küç zat däl-ä! diýdim. Näm üçin saňa onça maly berdi diýip sorajak däl, emläk Ataly baýyňky, "baý aşyny bahyl gysganar" etjek bolamok diýdim. Ynandy. Diliňden aýlanaýyn, akylly sözüňden aýlanaýyn diýdi. Meni isleýäniňi her gezek gabatlaşamda duýýardym, ýalanmy eýse? diýdi, göwnüňde arman galmasyn, owadan guşy atuwa getirdiň, sypdyrma diýdi. Allaş aga, göz öňüne getir, tegelenip duran enaýy syrtyny oýnadyp dur!.. -- Weý-weý-e-eý... -- Men başga zadyň pikirini edip durun: şol telefondaky ýazgy senem Ataly başlyk bilen bir ýüpe baglaýar, senem Ataly baýyň malyna dahylly ekeniň diýerler, Ýok et şo ýazgyny diýýän. Gülşirin, näme üçin Ataly saňa elli goýun al diýipdir, altmyş al, ýetmiş al diýmändir? diýdim. Az gören bolsaň, özüň beräý, häzir şo sürüň ygtyýary seň eliňde, eýesiz, artyp galan süri. özüňem geregiňi edin, sähelçe wagtyň galdy, bärik gelenler çöle-de bararlar, barýandyrlaram, eýýäm baran bolmaklaram ähtimal, gideli, bol çaltrak, gyssanaly diýdi. Elli goýundan başga zat berjek diýmedimi? diýdim. Diýmedi, diýmedi! ýürege düşdüň-le diýip gygyrdy. Ýene bir öwre diňledäý diýdim, bileje diňläli, bir ten bir jan bolup diňläli, mundan soň Ataly başlygyň sesini eşitjekmi, Ýokmy, hudaý bilýär diýdim. Tasanjyrap, ýelinsesine gysdyran sotkasyny çykardy, bähbini bilmez samsyk ekeniň diýip käýindi, diňletjek boldy. Sotkany kakyp aldym, elime ýapyşdy, heý, berjek gümanym barmy! Häzir ol ýöne bir sotka däldi, polisiýa-da, purkuroram şoň içinde oturan ýalydy. Ber, Ýogsa-da häzir gygyrýan diýdi. Gygyr, eşitjegem äriň dälmi, gygyr diýdim. Köýnegini ýüzüne urdum, Ýok boluň şu taýdan diýdim. Ýalbardy, telefonymy ber, gideýin, adam oglunyň ýanynda adyňy tutmaýyn diýdi, gözüne ýaş aýlap ýalbardy. Şo mahal hasam owadan göründi. -- Söz diýer ýaly däl, seň kanagat edip, çydap durşuňa haýran galýan. -- Bermejegimi bildi, gargyndy: swoloç, merzawes diýdi, orusça sögse, hasam gelişýä. Penýaý sebýa, swoloç! diýip gitdi. Äri geler öýtdüm, gelmedi, wah, gelen bolsa, tumşugyna kakjakdym. Ýene Maksada til geldi, aýalydygyna Allaş düşündi, ýüregi ýarylyp barýanyň sesi oňa-da ýetdi. Maksat jaýa girdi, gapy oňly ýapylmady, onuň sözleri eşidilýärdi. Allaş öz ýanyndan, kyýamat gopdy diýenim çyn boldy diýdi. Kyýamat gopmasa, Maksat öňünde ýalaňaçlanyp duran owadan zenandan ýüz öwürmeli däl-ä! Maksat gygyrýar: "Goşuňy hiç ýere-de äkitmersiň, gozgamarsyň,.. kakaňlar-a asylam äkitmersiň! Gunça, akmaklyk etmäli, diňle sen meni... töwerekde seredip duran gyt däl, bildirme hiç kime. Kakaňy bu işe goşma, özi habar tutmasa, til etme, heý, habary bolmazmy!.. E-e-eý, diňle meni diýýän--Maksadyň sesi peseldi.--Häzir gepleşýänimizi diňläp oturan bolsalar nätjek?.. Nä-äme?.. Olar äkidýän bolsalar, ynamlary Ýokdur. Men ogurlyk zady öýümde saklamok, bilýäň-ä, düşün-ä! Süri-süri goýnumam Ýok, goşa-goşa jaýymam, maşynymam, mellegimem Ýok, bolan bolsady, Aýazy äkidenlerinde menem goýmazdylar... Bes et, şumjarma diýýän saňa!.. Jaň etme, özüm barjak häzir. Maksat çykdy, ýüz-gözünde ýakym Ýok. Böwrüni diňläp durdy. -- Maksat, inim, ýaňy sen anykdot gutardy diýdiň, o diýeniňem dogry, ýöne bir anykdot aýdylman galan ekeni, sen şony eşit. -- Eşit diýseň, eşideýin, Allaş aga, ýöne güler öýtme. -- Biri myhmançylyga barýa, tomus güni ekeni, aýagynyň derlänini bilse-de, töre geçip oturýa. Jorabyny çykaryp geçäýse-de boljak welin, onam etmeýä-de oturyberýä. Gapdalda oturanlaryň biri halys çydamadyk borly: myhman, aýagyňyz biraz porsaýan ýaly-la diýýä. Myhman jogabyny berýä: aýagam götden gaýdýan zat-da, porsamaly-da diýýä. -- Aýtmaly mahalyny bildiň, Allaş aga. Baýosuraklar porsamaly diýdigiň, düşündim... Sen otyr, öe ýetip gaýtjak, dolanýançam gitme. h-h-h h-h-h h-h-h Ataly başlygyň maşgalasynyň başyndan inen soňky zorluk diýer-aýdar ýaly bolmady, Allaş gözli şaýat. Tutuş oba urgudan gypynç edip, ýygyrlan, düýrülen bedene öwrüldi diýilse, dogry bolar. Töwerege bir göz bilen seretdiler, bir gulak bilen diň saldylar, myş-myş habarlary gorky bilen dile getirdiler. Hazan ýeli çaldy diýilýän düşünjäniň neneňsi bolýandygyny indi Allaş Ataly baýyň täze ýurdunyň mysalynda düşündirip biljek. Hatar oturan köşk ýaly üç jaýyň, giň mellekleriň, mal ýataklarynyň golaýyna baran bolmady. Tamlaryň gapysynadan göz edip, kelle ýaly gulp asdylar, ýataklary boşatdylar, gapydaky itlerem äkidipdirler, öe öwrenşen pişikler mawlap, gapylaryň açylaryna garaşýar diýdiler. Şäherden gowuşýan habarlardan çen tutup aýtsaň, Kakalynyň şäherdäki üç jaýynyň ikisi alnypdyr, on otagly tamynda eýýämhaçan çagalar bagy açylypdyr, içindäki ähli zady bakja galdyrypdyrlar, maşgalasy mikroraýondaky köne kwartira dolanypdyr. Aýdylýanlar, hakykatdanam gyssagara bolan zatlarmy ýa-da adamlaryň islegimi, entek ony anyklan Ýok. Alnan maşynlaryň sany ona ýetirildi, üç hojalykda welsepitden başga ulag galmandyr diýdiler. Atalynyň atlaryny äkidenler welaýatyň atýatagyna çenli öňbaýraga goýberilen ýaly çapyşyp gidipdirler. Täze ýurtdaky üç jaýam uzak durmaz diýýänler köpeldi. Köp çagaly garyp hojalyklara beriler diýene: jaý seňki diýilse, özüň göçüp barjakmy diýdiler. Hudaý saklasyn, artyp galan jaýda arkaýyn ýaşap bolmaza diýen jogap eşitdiler. Hökümet arzan bahadan satjak diýse-de, şu obadana hyrydar tapylmaz. Şäher ýerinde ne ýagşy, ýöne oba oba bolýar, her gün ýüzbe-ýüz bolşulyp ýör-ä, bolmaza. Saglyk öýi, hassahana ediler diýilse, bu başga gep. Garaz, jaýyň eýeleri türmeden boşadylar, ýene jaýlaryna ee bolar diýen pikir Ýokdy. Olardan gördüm-bildim Ýok, diňe myş-myş habar ýaýraýar: türmede sud edip, uzak möhlet bilen tussaglyga höküm edipdirler diýdiler. Diňe gep-gürrüň eşidip oňmaly, jemgyýete habar bermek bu ýurduň düzgünine girmeýärdi, onuň öz ýörelgesi bardy. Anyk sanlar aýdýanlaram bar, kimden eşidip aýdýarlar, hudaý bilýär. Ataly başlyga ýigrimi, Aýaza on bäş ýyl ýelmäpdiriler. Kakala berlen jeza has agyr, zabun saklanýan türmede ýigrimi bäş ýylyny geçirmelimiş diýdiler. Onuň neşe satdyrany çyn bolmaly, Begliňem emlänini alyp, ýigrimi ýyl doňdurypdyrlar. Neşäni satýan bilen satdyrýanyň arasynda biraz parh goýlandygyna ynandylar. Birden Mämmetguly diktumşugyň bardygy ýada düşdi. Ol obada görnenok, onam ýitirim edipdirler diýip, agyz dolduryp aýdanlar tapyldy. Sähel salymlan bu habar ýalana çykaryldy. Ol welaýat hassahanasynda ýatyr diýdiler. Ol adam ugur tapar. Munuň dogrulygyna Mämmetgulynyň jaýynyň, emläginiň alynmandygy, ogullarynyň ýerli-erinde işläp ýörendigi, has beteri-de, gyzy Selbiniň ýene mekdep direktorynyň orunbasarlygyna bellenendigi güwä geçdi. Kakalynyň şahyr gyzynyň uniwersitetden kowulandygyny adamlar Selbiniň dilinden eşitdi. Allaşyň gulagyna ýeten gepe görä, Mämmetguly: öň Oraz baý, indi Ataly baý akmaňlaýlara dert bolup döredi diýipdir. öz kakasy Tüýli syçagy mahabatlandyrmakdan saklanypdyr, munuň juda müşgül işdigine düşünýän bolmaly. Soňra Ataly başlygyň maşgalasy hiç kimiň kellesine gelmedik zarba duçar edildi. Köşge berimsiz üç tamy ýumurdylar. Başlanany gutarany bir gije-gündize-de ýetmedi. Ýyldyrym urandan has beter boldy. Hüjüm gyşyň aýazly güni irden başlandy. Allaş wakanyň başyny gözi bilen görmese-de gözli şaýatlardan eşitdi. Adamdan doly iki awtobus oba girende, olaryň tizliginiň haýaldygy ünsi çeken bolarly. Barylmaly ýeri anyk bilinmeýän halatda şeýle bolýar, ýöne Ýol soran bolmandyr. Has beteri-de, awtobuslaryň yzyndan hatar tutup gelýän boş ýük maşynlary görenlerinde munuň ýönelige däldigi adamlarda gyzyk döredýär. Hataryň nirä baryp saklanjagy welin, entek hiç kimiň hyýalyna gelmändir. Maşynlar haýal hereket bilen obanyň ünsüni çekip bilipdir, indi olary yzarlaýan köpeldi. Göni köçelerden gidip, Atalynyň gapysy möhürlenen tamlarynyň gapdalynda saklandylar. Şol pursat töwerek oňly zadyň bolmajakdygyny çaklady, dowul agyzdan-agza geçip, sähel salymda obanyň köp ýerine ýetdi. Allaş ertirlik naharyny iýip, gägirenden soň ýene bir çäýnek çaýy öňüne alanda ogly Batyryň howsala bilen ýetiren habaryny eşitdi. -- Kaka, Atalyň mülküne çozdular. Allaş haýdap gitse-de golaý barman togtady, golaýdaky öýlerden çykyp, üýşüp duran adam görmedi, görenleriň gorky bilen aýdan habaryny eşitdi. Awtobuslardan çykan adamlaryň bolşuny ekine çozan çekirtgä meňzedenler tapyldy, ýöne olar jaýlaryndan çykyp aýtmadylar, bosagadan aňyrda durup geplediler. Allaş uzakdan hem bolsa, tamlardaky goşy maşynlara daşaýan adamlary gördi. Olaryň hereketi saýhallydy, gep-söz eşidilenokdy, bu ýere gelinmezinden öň olar bilen mazaly düşündiriş geçirlendir diýäýmeli. Goňşy-golamdan, şol jaýlara dahylly adamdardan golaýa baran bolmady diýdiler, synlan adamlar diýdi. Olara öňünde sargalandyr diýseňem gelişmän duranok. Has dogrusy, şeýle bir gabahatlygyň bolaýmagyna gorky bilen garaşyp, indem onuň bolandygyny gözleri bilen görenlerinden soň biraz ynjalyp, jaýlaryna sümülendirler. Eger aşa gyzyklansalar: hä, siziňem Ataly başlyga dahylly ýeriňiz bardyr diýen şübhäniň döräýmek ähtimallygyndan halas däldiler, sygyryň şahyna ursaň süňňi syzlar diýlişi ýaly, tutuş oba ýapyk gapylaryň aňyrsyndan garady. Tamlar boşap galdy, içinde şar togalabermeli edildi diýen iki-eke adam töweregi çolaran tamlaryň golaýyna baryp, ýapylman gidilen penjirelerden, açyk gapylardan seretmäge batyrlyk edenlerdi. Allaşyň barmaga bogny ysmady, soralsa, gorkýan diýmez, çyna berimsiz bahana tapyp goýdy: kişiň betbagtlygyna tomaşa edýär diýilmesin-dä. Haraba öwrülen jaýlara uzakdan seredip, Allaş Magtym ýalaňajy ýatlady. Sen weli ekeniň, Ýoldaş mollum, bize harabadan sypmak Ýok diýdi. Ajalyň deň gelişi ýaly, ol hemmäniň başyndan inip biljek ekeni. Näme sebäbe penjireleri, gapylary ýapman gitdiler? Bu sowal Allaşa ynjalyk bermedi, bu ýerde ýakymsyz many bolmaly, şonuň çözgüdini tapan adama zor diýse bolar. Magtym ýalaňajy gerekledi, ölmedik bolsa, ol jogap tapardy diýdi. öýleden soň ýüz beren ahwalat sowala ýer goýmady. Gurluşykçylaryň hapa eşigini geýen adamlaryň uly topary gelip düşdi. Olaryň yzy bilen buldozerler, kranlar, samoswal maşynlar geldi. Olaryň köplügini görenler şäherde gurluşyk togtandyr diýdiler. Göz görkezmek üçin edilýän zabunlyk diýen pikir Allaşyň kellesine gelse-de aýtmakdan saklandy. Hiç kim söz diýmedi, dymyşlykdan bir many çykarsa bolar: bu bela çaltrak obanyň başyndan sowulsady!.. Tamlaryň üçegini, gapylaryny, penjirelerini, pol-potologyny gopardylar, zaýalaman maşynlara ýüklediler. Munuň bilen oňulmajagy prožektorly maşynyň, äpet şar berkidilen kranly maşynyň garaňky düşende gelmegi äşgär etdi. Zarba gaýtadan başlandy, diýer-aýdar ýaly bolmady. Uzak gije sarsgyndan ýatyp bilmedik adamlar irdenki ümsümlikden soň seretseler, adam gara, maşyn görmediler, üç tamyň kerpijinden üýşürlen depeleri gördüler. Indi akmaňlaýlaryň serdary Ataly baý hakynda aýdyljak islendik söz manysyny ýitiren gybat ýaly eşidiljek. Ine, Allaşyň kellesine gelen pikir. Bu pikiriň diňe özüne degişli däldigini Allaş bilýär. Ol birden Ýagmyr mollany ýatlady, ony ýatlamaga nämäniň sebäp bolandygy hakydasyna geldi. Ol düýn uzakly gün metjitden azan sesini eşitmän ekeni. Eger metjide gatnap ýören adam bolsady, muny bada-bat duýardy. Ýagmyr molla niredekä? Ýagmyr mollanam ýygnapdyrlar, metjidem ýapypdyrlar diýilse, obadaşlarynyň üýtgeşik bir alada düşmejeklerine ynanasy geldi. Ataly başlygyň ýurduny tekizlän häkimiň buýrugyndan döreýän zorlugyň Allanyň gudratyndan pesde durmaýandygyny ömürboýy obadaşlarynyň kalbyna çöken gorkudan biläýmeli. Obadaşlaryňdan mysal tutup, sen özüňi hasaba almajak bolýarmyň, Allaş, iki adam gorkak bolsa, senem şolaryň biri diýdi. Metjitden öýle namazyna çagyrýan azany eşidende, onuň Ýagmyr mollanyň sesidigini tanady, molla özüniň sag-salamat galandygyny oba buşlaýar diýäýmeli. Ýene uly köçäniň ugurynda jedirdäp geçmiş Aýjemal Allaşa gabat geldi. -- Allaş aga, eşidensiň-ä, akmaňlaýlaň talap alan melleklerini paýlajaklar, eglenme, ýet!--diýdi.--Atalyň başyny iýen akdabany görerin öýtmegin, künti ýitirim bolupdyr, ýene bir akmagyň gujagyna dolandyr ol, ha-ha-ha!... -- Diliň süýjemese, sen hemişe käýiner ýörersiň, Aýjemal. "Toý mekanynyň" gapysyndan möhürli kagyzy aýyrdylar, içiniň zatlaryny alyp gitdiler, hernä, ýykmadylar, ony çagalar bagy etjekmişler diýen gep galanok, şeýdilse, bolaýjak. Kolhozyň emlägi il-güne gaýtarylsa, garşy adam tapylmaz, Allaşyň pikiri şeýle. Ol göwün ýüwrütdi: Aýjemal müdir bellense, garawulçylyga özünden başga amatly adam tapylar öýdenok. Maksada degmediler, seýfdäki puluny welin, alyp bilmändir, agzamaga gorkdum diýdi. Dogry edipdir, subut et diýseler, görkezere ygtybarly dokumentiň bolmasa, agzamanyň gowy, sözüňe kim ynanjak! Maksat göwni açyk ýigit. Iki günlükde Ýolda maşynyny saklap, Allaş bilen gadyrly salamlaşdy. -- Allaş aga, GAI-ä işe aldylar, prawaňy ýitirseň ýaýdanma-da baryber--diýip güldi.--Gaýyşnikler hakda anekdot eşitjekmi? -- Eşitmeli zat bolsa, eşideli, aýt. -- Gaýyşnik ogluny öýermekçi bolýar, birgiden harjy gerek. Başlygynyň ýanyna barýa, maňa pul kömegini ediň diýýär. Başlyk buýruk berýär: muňa bir hepde radar bermeli!--Allaş düşündi, hahahaýlap güldi.--Allaş aga, radarlaň ygtyýary meň elimde. Dogrudyr, Maksadyň gaýny uly etrabyň polisiýasynyň hojaýyny bolup otyr, giýewsini düşewüntsiz goýmajagy belli ahyry. Wagtyň geçmegi bilen oba arasynda akmaňlaýlaryň gürrüňi azaldy, indi olara baýosuraklar diýýän köpeldi. Soňy. Oktýabr, 2012-nji - noýabr, 2015-nji ýyllar. | |
|
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -14: romanyň dowamy - 18.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |