14:52 Täze harabalar / Namys näme? | |
13. Namys näme?
Romanlar
Hommat Sapby çopana çoluk bolaly bäri, iki gezek owlak-guzy alyndy, hä diýmän üçünji gyrkymy geçirmeli. Sapby ökde çopan, ondan öwrenen zady az däl. Süri guýynyň töweregindäki örüde bakylýar. Guýynyň çuňlugy otuz bäş gulaç, suwy şor. Şor suw goýunlarda bagyrgurt diýen belany döredýär. Halas bolmagyň usulyny Sapby çopan bilýär. Ilkagşam howdany dolduryp goýmaly, suw uzak gije aýazlap durýar, biraz süýjeýär. Daňdan sürini ýakmaly. Suw içip agralan goýunlary Sapby çopan ýatyranok, örä kowýar, goýnuň iýen oty içen suwy bilen garyşýar, biraz süýjeýär, duz ýene-de azalýar. Eger sürüni örä kowman, guýyň başynda ýatyrsaň goýunlar gaýta-gaýta suw içýär, ajy suwdan julk bolýar. örä kowsaň, hem-ä süri otdan doýýar, hemem hereketi galanok. Ajy suwuňam bir amaty bar, goýunlaryň endamyna düşen gurdy azaldýar. Garaz, herki zadyň aralygyny tapmaly, Sapby çopan şony başarýar. Sapby çopan nebisjeň, gara nebsine haý diýip bilenok. Juda eserden seredäýmeseň käbir emelini saýgarmak başartmaz. Hommat kem-kemden göz ýetirdi. Sapby çopan sürüdäki goýunlaryň hersine belet, häsiýetine belet, haýsy goýnuň haçan kemislänine çenli aýdyp bilýär. Kimiň goýnudygyny gulaga basylan tagma seretmän bilýär. Hommadyň bilmegini welin, isläp baranok. Ýagdaýyny tapsa, ony sürüniň yzyna düşürmejek bolýar. Nädende-de etmişini bir-de gizlese, birde gizlemek başardanok. Guzular gerşi açylan tokly bolanda gulaklaryna tagma basylýar. Kämahal ekiz toklulara dürli tagmanyň basylanyny Hommat gördi. Birine hak eýesiniň tagmasy basylsa, beýlekisine basylýan tagma ýa-ha Sapby çopanyňky, ýa-da Setdaryň tagmasy. Bir goýun sugry guzy dogurdy. Sapby goraglap, Hommady onuň golaýyna eltmedi. Hommadyň ýaňy çoluk bolup gelen mahalydy. Kimiň goýnunda nähili tagmanyň bardygyndan entek bütinleý bihabar. Sugry baganaly guzy welin, bada-bat gözüne ildi, guzlan goýny-da tanady. Soňra guzusyndan jyda düşürlen goýnuň nalyşly sesi gulagynda galdy. Sapby çopan sugry baganany bejerdi: duzlady, gatyk çalyp serdi, guratdy, eýledi, bagana ýüpek kimin eliňe ýakym berdi. Ýüzüne şöhle tutulýan ýaly lowurdap dur, ot ýanýar diýäýmeli. -- Bi gudrat-laý!--diýip, Sapby çopan baganany sypaýar.--Göwnümden çykardym, Gylyç ahuna nesip etsin, ahun agaňky bolsun. Alladan razy men, goýnum sugry guzlady, halys ýüregimden Gylyç ahuna niýetledim, enşalla, ahun aga nesip eder, halal zat nesip etmeli-dä! Hakykatda, sugry guzlan Sapby çopanyň goýny däldi, guzusy soýlan janawar uzyn-uzyn mäläp, Hommadyň gözünden gider ýaly bolmandy. Gulagyndaky tagmany-da ýadynda saklady, anyklap otursa, ol tagma Gylyç ahunyň ýegeniniň tagmasy ekeni. Aýdyşy ýaly, Sapby çopan sugry baganany Gylyç ahuna beripdir. Ahun aga maňa guzuly goýun peşgeş etdi diýip, gelene aýtdy. Goýny sugry guzlan ýegenini-de boş goýmady, ekiz toklularyň birine onuň tagmasyny basdy. Sapby çopanyň bu etmişine ogurlyk diýäýmeseň, başga näme diýjek?! Hommat onuň bet işini ýüzüne aýdaýanda-da, ol gara nebsine haý diýjek adam däl. Ol tetelli adama taňrysyndan tapsyn diýilýär. Hommat ony-da diýip biljek däl. Neneňsi bolanda-da, Sapby Mamanyň kakasy, Sapby çopan bela uçurasa, Maman gynanjak. Mamanyň gynanýanyny görse, çydap oturyp bilmez, Hommadam gynanmaly bolar. Goşda damak edinip otyrkalar Sapby çopan: -- Senlik bir ýumuş bar--diýdi.--Häzir aýt diýme, bitirmeli wagty gelende aýdaryn. Sylag-serpaýyňy ýetirjegimi welin, bilip goý. Iki tokly diýmäýin, bir tokly berjegim jedelsiz. Göwnümden tursaň, iki tokly alaýmagyň-da ähtimal. Saparmyrat çopanyň eliniň giňdigine özüň şaýat. Husyt adama Gylyç ahun alkyşyny rowa görmezdi. Ol batnyksyz gülmedi, äheňiniň agraslygy ýumşunyň çynlakaýdygyny aňladyp biljek alamat. Hommat agyr iňkise gitdi: onuň nähili ýumşy bolup biler? Mamandan tamaňy üz diýjekmikä? Edil häzir diýmeýändiginde-de many bardyr, has anygyna ýetmän aýtmakdan saklanýandyr? Gyzyndan Hommatyň tamakyndygyna şübhesiz göz ýetiren güni aýtjakdyr?.. Oba gelende Aýna doganynyň aladasyny gözüne sereden dessine duýdy. -- Aýtdym--diýdi.--Aýtmaz öýtdüňmi? Düýşüňde Mamany göreniňi aýtdym,.. Mamana aýtdym diýýän saňa, oglan... Mamanam ejesine aýdypdyr, utanmandyr, utansa aýtmazdy. -- Nämäni aýdypdyr? -- Bilmediksirän bolşuna sered-ä bi oglanyň. Hommat meni düýşünde görüpdir diýendir-dä, başga näme diýsin. Aýtdym diýdi, aýtmasa, aýtdym diýmez-ä, nähili aýtdyň diýip, sorap oturaýynmy?! -- Näme diýipdir ejesi? Bir zat diýendir-ä. -- Ejem käýed-ä diýmedi. Gyzynyň aýdany Tuwaga ýaramadyk bolsa, lal bol! diýerdi. Ejem pylan zat diýd-ä diýmedi, ejesi erbet söz diýen bolsa, aýdardy, gizläp nätsin. -- Gyzynyň aýdanyny Tuwak ärine aýdar öýdýäňmi? -- Waý, men näbileýin, oglan!.. Aýdaýanda-da Sapby çopan heleýine gulak asar öýdemok. -- Sen nireden bilýäň ony? -- Bilýän-dä. öňki iki gyzynam öz unan ýerine beripdir, Tuwak nadyl diýdiler. Mamany Setdarlara bermegi niýet edinen bolsa, heleýine gulak asmaz. Tuwagam äriniň gaňryşyna gaýtmaz, gorkar. Ejesiniň saňa unaýandygyny ýürejigim duýup dur... Hommat iňkise gitdi. -- Setdar bilen bagry badaşan ýaly... Mamany özüm göräýsem,.. -- Iberjek zatlaryny almaga bararsyň-a, şonda göräý. Ýörite barma, Maman utanar. Ejesem saňa arkaýyn sereder öýdemok. Her gije gyzyny düýşünde görýän oglana nähili arkaýyn seretsin? -- Her gije düýşüme girenok, how. -- Gynanýan diýsene... --Aýna gürrüňe gyzyk berip güldi. -- Baramda Maman öýde bolmasa nädeýin? -- Güýmen, çaý-paý içen bol. -- Görmän gitsem Maman öýkelärmi? -- Waý, men näbileýin, oglan. Aşyk bolan-a sen, derde galýanam men boldum... Hommat baranda Maman öýde ekeni, ejesiniň gapdalynda ýüzüni biraz kese sowup otyr. Iberiljek zady alyp, eglenmän gidibermelimi, Mamanyň göwnüne ýaman pikir gelmezmi? Nädende gowy boljagyny bilmän dur. Bir zat soraýsadylar, höwes bilen jogap berjek. Soranoklar. Edil şol pursat garaguşyň guzyny alyp gidişi hakydasyna geldi. Aýdyp berdi, aýdyp otyrka-da düýşünde görenini aýtmaýanyna gynandy, düýşde göreni huşundakydan has täsirli, tolgundyryp biljek. Tuwak wah-wah-eý diýip, gynanjyny duýdurýar, Maman çalarak ýylgyrýar. Adatça, aýdylýana ynanmaýan adamyň ýüzünde şuňa meňzeş ýylgyrmany görse bolýar. Maman Hommadyň düýşüni Aýnadan eşidäýdimikä? Düýşüni Aýna jikme-jik aýdyp bereni ýadyna düşenok. Her näme-de bolsa, Maman ýylgyrýar, Hommada onuň ýylgyrany gerek. Guzusyny garaguşa aldyran ene goýna derek, Maman, düýşümde seni gördüm diýäýse dagy, Maman näderkä? Arman, ony diýmäge pursat Ýok. Mamanyň täk özi oturan bolsa-da ony diýip biljegine ynamy Ýok. Hyýalyna getirende utanýar, aýtma nire?! Aýdyp bilmänem çöle gitdi. Sapby çopanyň bolşunda-da göze ilip duran üýtgeşiklik Ýok ýaly, ýöne Göroglynyň ady bilen aýdýan batnyksyz sözlere häli-şindi hiňlenýärdi. -- Görogly beg galasynda oglan saklamandyr--diýdi.--Gyzylbaşyň begleri saklar ekeni. özüň ýaly tutuşja, he-he, syrtlary toklyň syrty ýalyja, he-he, ýetginjekler bilen her tüýslüje oýundan gaçmandyrlar. Sen, Hommat jan, pynhan keýpiň hezilini entek bileňok, bileňde hä diýersiň. Görogly beg bilipdir. Ýene batnyksyz sözleri aýdyp hiňlendi. Onuň bolşuna düşünmek Hommada barha kyn düşdi, neşäniň humaryndan saplanyp bilmän ýören bolmasyn? Sapby çopan gyrkylan toklyny çalmaryň öňünde baglady. öz toklym, tagmasyna seret--diýdi.--Arada saňa ýumşum bar diýipdim. Ýumuşy bitirseň, şo tokly seňiňki. -- Menden bitmeli ýumuş bolsa, elimden gelenini gaýgyrman, çopan aga. -- Senden bitmeli, Hommat jan, başga bitirjek Ýok--Ýöwsel güldi.--Güýç bilen almaly zat Ýok, bähbidini bilýän adam Ýok diýmez, bitirer. Bu gezegem ýumşuny aýtmakdan saklandy. Ertesi namysdan gep gozgady: -- Bir aýdymda: "namys-ar elden gider" diýilýär. Namys-ar, ar-namys,.. parhlandyrybam durlanok. Men öz düşünişimi aýtsam, namys bilen aryň parhy bar, parhy ullakan. "Arym köýenden imanym köýsün" diýýändirler, eşidensiň. -- Eşitdim. -- Gör, "arym köýenden" diýipdirler, namysym köýenden diýmändirler. Ar diýlen zat nymysdan Ýokary tutulýar diýip düşünmeli. Senem düşünersiň, meniň sözüme gulak goý. Ynha, aýdaly, nähak ýerden doganymyň ganyny döküp gitseler, men onuň aryny almaly. Namysyňa degilse-de, ar almaly diýýändirler, ilçilikde muňa her kim her hili düşünýär. Meniň kalbymda bir sowal döreýär: seniň namys diýýäniň ar alyp ýörmäge degýärmi? diýjek. Gep şu ýerde! Saňa belet ahwalatdan mysal tutaýyn: garyplyk diýen bela-beter bar. Garyplygyna namys edip ýörenem az däl, ýöne men garyplygym üçin hudaýyň bendesinden ar alyp bilmen-ä! Düşündiňmi? -- Düşünmedim, Sapby aga. -- Sapby diýme, Saparmyrat diý, çopan aga diý. Ejeň akylly heleý, hemişe Saparmyrat diýýändir.--Hommat ýalňyşyny düzetmedi, dymdy.-- Düşünmedim diýýäň, düşünmez ýaly, men kesekiň dilinde gürlämog-a, kelle diýip göterip ýöreniň suwkädi bolmasyn?! -- Göwnüme degýäň, Sapby aga. -- Ýeri, bolýa-la, Hommat jan.--Çolugynyň egnine kakdy, keýpsiz güldi.--Başlan gürrüňime dolansam, garyplyk bir derdeser diýjek. Garyplyk zerarly adam pakyryň namysyna degilýän mahaly az bolanok, görüp-bilip ýörsüň. Aýdaly, garyp bendäniň dulunda gyzy, ýa-da bolmasa, uýasy otyr. Akyl-huşy, görk-görmegi iliňkiden artyk bolmasa, pes däl. Abraýly ýere berjek, bagtly etjek. Bir kemi, ýer urup-erde galan garyp, öýünde öýlänlik Ýok. Sähelçe zadam oňa uly baýlyk. Gyzyna galyň diýip, bäş sany kel tokly geçirilse-de Ýok diýjek däl. Barly adamyň dulundaky kemakyl, kel gyza on esse artyk berýärler, bu görgülä-de bäş tokly. Namys edýär, edende näme! "Göze görnen gyzy bolsa, hantamadyr her ýeten" diýipdir-ä şahyr Kemine. Garyba degişli şol söz. Garyp ogul öýerjek, gudaçylyga çykýar. Pylança mal getir diýerler, onça maly Ýok, başga birinde bar, oňa berilmedik gyzy alasamsyk ogluna alýar oturyberýär. Namysyna deglen ýaly görýär. Dogan-garyndaşdan, il-günden karz-kowal sorap, el serip barýar, karza geçenok, bu-da oňa namys. Namysdan bir jinnek peýda Ýok, zyýan. Her edip, hesip edip gazanç etmeli. Sen maňa mölerlip seretme, aýdylana düşünjek bol!.. Hommat iki gün böwrüni diňläp gezdi, Sapby çopanyň aýdanlaryna düşünjek bolýar, şonça-da başy çaşýar. Gönümel, sen pylan zat et diýende bolmaýarmyka? Ýa-da, Hommadyň akyl-paýhasyny barlap görýärmikä?.. Ahyry gorkuly pikiriň üstünden bardy: Mamanyň galyňy üçin Setdarlaryň geçirjek maly siziňkiden has köp, sen garyplygyňy boýun al, namys etme, kaýyl bol-da geziber... Eger Sapby çopanyň niýeti şu bolsa, ol Hommadyň Mamany küýseýändigini bilýän bolmaly. Onda ýumuş diýýäni nämekä? Hommadyň barha başy çaşýar. Ýene iki gün geçdi. Sapby çopan: -- Iki tokly berjek--diýdi. Ýene näme üçindigini aýtmady.--Gorkup ýörme, Hommat jan, ýumuş diýsem bir bendäň kellesini alyp gel diýer öýtme, gidip Ýol tala diýjek däl. Gazanç et, azabyňa düşjek iki tokluny al diýjek. Bi ýalançyda gazananyňy bilginiň. -- Näme etmeli, aýdaý-da, halys walla, çaşyň gözüne sereden ýaly boldum-la. -- Sen öňürti iki tokly aljagyňa düşün. Bir tokly üçin sen bir aý azap çekýäň, indi birden iki tokly almaly! -- Maldan ýüz öwürjek bardyr öýdemok. -- Berekella! -- Iki toklyň näme üçin beriljegini bilmeli-dä men. -- Bilersiň. Biläýen pursatyňda agzyňa ajy atylan ýaly bolar, andyzam ajy zat, ajy bolsa-da içilýär, peýdasy bolany üçin içilýär. Dogrusy, matala öwrülen ýumşy bilmäge Hommatda höwes artdy. Ýene iki gün geçdi. Bu gün Sapby çopan gorsawa etli nan gömmegi buýurdy. Daň atanda sürini suwa goýberdi, örä kowdy. Hommat öz ýanyndan Setdar geljekdir diýdi, howp duýdy. Ol adam her gelende Mamany daşlaşdyryp barýan ýalydy. Gün öýleden aganda Sapby çopan sürini dolady, ýatyrdy. Çalmarda işlekli taýyn, taňka gaýnap dur. Ýazyň iki aýy ahyrlan-da bolsa, howa salkyn, gije asmany bürän bulut syrylmady. Setdar gelmedi, Sapby çopan Serdara garaşýana meňzänok, öz aladasyna gümra. Iki toklyny çalmardan bäş ädim gapdalda baglap goýdy, baglap durka-da: -- Saňa niýetledim--diýip, gygyrdy. Ol adatdaky Sapby çopana meňzemeýär. Suwly nowanyň başyna baryp ýuwundy, balagyny, köýnegini çalyşdy. Toýa-tomga gitjege, ýa-da bolmasa, belent mertebeli myhman garşylajaga meňzeýär. Bu ýere Setdardan başga geljek barmy diý. Ýa-da, Gylyç ahuny çagyraýdymyka? Gylyç ahun geljek bolsa, telim öwre aýdardy, magtanardy. Gylyç ahun ýeke gelmez, ýany adamly geler. Telim adamlyk nahar bişir diýerdi. Bişirlen işlekli iki adama hörek. -- Ýumşajyk düşek ýaz. Hommadyň ünsünden sypmadyk zat bar, Sapby çopan ýeke gezegem onuň ýüzüne garamady, görejini gizledi. Gizlese-de bu gezek ýumşuny aýtjagyna ynandy, ony kökerlen iki tokludan aňsa bolýar. Aýdanyny eşidäýmeli bolar. Hommat biparh boljak bolýar, başardarmyka? Iki tokluny al, geregiňe ýarat, ýöne bize sawçy Ýoldajak bolma diýse nätjek?.. Hommat zowzullap başlanyny duýdy. Sapby çopan düşegiň üstünde kese ýatdy. -- Hommat jan, çaý guý, içeli--Soňky sözleri hiňlenip aýtdy, batnyksyz güldi.--"Çopana meýlis haram" diýilýändir, ynanmagyn beýle söze. Çopanlaryň öz meýlisi bar. Çopan-çoluk ikimiz, arkamyzda ýükümiz, he-he-he... göçenlerini ýel, gonanlaryny gol biler. Ýüküňi ýazdyr, meý-mes bolup oturaly, bäş günlük pany nätseňem geçer. Taňka degme, çaýy özüm guýjak, menem saňa hyzmat edeýin-ä. Sen nät diýsene, itleri süriň yk tarapynda ýatyryp gaýt. Hommat dolanyp gelende, Sapby çopan çaýly käsesini goýup, beýleki doly käsäni oňa uzatdy. -- Ajy çaýda keýp baro-o-ww!..--Ene Hommadyň ýüzüne garamady, bigam görünjek boldy, başarmaýanyny sesiniň sandyraýanyndan aňsa bolýar. Hommat ajy çaýyň tagamynyň üýtgeşikligine şübhe etdi, tirek atylan bolmagy-da ähtimal, onda-da içdi, tolgunmadan dyndarsa, häzir oňa geregi şol, Ýogsa, rahatlygy saklamak oňa-da başartjak däl.--Çarygyňy çykar, Hommat jan, zyň, aýajygyňa dynç ber.-- Sapby çopanyň göreçleri ýiteldi, süýri eňegi saňňyldady.-- Ýumuşym bar diýdim, nämedir öýdýäň? -- Aýdaňda bilerin-dä. -- Düşbüjedir, aýtmaňkam aňar diýip otyryn men, ä-ä... Gümanam edeňokmy? -- Ýok. -- Käkeläp-käkeläp aýdan sözlerimden many almadyňmy? -- Ýok. -- Päheý-de weli!..--Sapby çopan buduna şapbat urdy.-- Iki tokluny görýäňmi? -- Görýän. -- Ikisem seňki, şu gün seň tagmaňy basjak. -- Ýumuşyňy aýtman, baha kesme-dä. -- Aýdamda Ýok diýjekmi? -- Bilemok, haw, çopan aga! -- Bilersiň diýip, näçe gün garaşyp gezmeli men, garaşara takat galmady... Sapby çopan dikelip, Hommada gysmyljyrady, bolşy gözilginç: süňňi galpyldaýar, elleri titireýär, eňegi saňňyldaýar, agzyndan howur çykýar. -- Çopan aga, ýaraňokmy? -- Wah, sen ýarasaň, çopan agaň ýarajak-la, Hommat jan.--Titreýän sesine erk etmese-de hiňlenjek boldy.--Ermegiňe ermegiňe,.. waý-waý, elim degdi çermegiňe-leý... çekilme, çekilme, Hommat jan. -- Akylyň çaşdymy, dälirediňmi, how, sen! Sapby çopan Hommadyň sag goşaryndan şapba tutdy, özüne dartdy, güýç bilen onuň aýasyny satanynyň arasyna basdy, erninden gyllygyny sarkdyryp gygyrdy: -- Tut!,. tut!.. Hommadyň eli taýak ýaly galan ujyda degdi, gyzgynyny, lorsullysyny duýmaga ýetişdi. -- Ýok diýme, gorkma, Hommat jan, ýarym ýylyň azabyndan dynýaň,.. üç tokly,.. bäş tokly... Sojap, omzap gaýtadan Hommada ýapyşdy. Hommadyň zorluga duçar bolan bedeni bir bada ysgyndan düşse-de, kemsitmäniň agyr urgusyna gaýtawul bermäge güýç tapdy. Sapbyny bir ýana agdardy, towsup aýak üstüne galdy, kellesine, ýüzüne depdi, ýene depdi. Sapby urgyny duýanok, ýarmaşyp gelýär. Hommadyň aýagy eline ildi, çekdi, goýberenok. -- Gorkma!.. bir gezek, birje gezek,.. bir gezege çyda,.. üç goýun, bäş goýun!.. Hommadyň eline ojar kesindi ildi, Sapbynyň goşaryndan inderdi. -- Eý-waý, eý-waý,.. döwdüň, tohumyňa s...--Hommadyň soňky göreni goşaryny tutup çabalanýan Sapby çopan. Soňra onuň sözleri gulagyna degdi.--Saňa gyz gerekmi?! Maman gerekmi? Gyza derek näme aljagyňy gördüňmi, ýeňiÝoluk, ýetim haramzada!.. Ýagşylygy bilmediň sen, eş-şek sen! Mundan bu ýana düýşüňde meň munymy görersiň, ha-ha! Ha-ha-ha-a!.. Çalmardan ara açyp barýan Hommat alaňyň aňyrsynda otlap ýören düýä ýetmäge howlugdy... | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |