18:13 Täze ýyl heseri / nowella | |
TÄZE ÝYL HESERI
Hekaýalar
Täze ýylyñ öñüsyrasynda Garagumuñ çola gollarynyñ birinde gözleg-barlag işlerini geçirip ýören geologlar toparynyñ ussasy Öwez Aşgabatdaky aýal doganyndan garaşylmadyk ýagdaýda gyssagly habar aldy. Onda aýal dogany Öweze: "Jigim jan, ahyr azabymyz ýerine düşdi, saña mynasyp gelinlik tapdyk. Täze ýyl agşamyna ýetişip geljek bol. Siziñ Täze ýyly bir ojakda goşa bolup garşylamagyñyzy isleýäris. Bir ortamyýana, salyhatly, görmegeý maşgala, "ýalp" berip otyr..." diýip ýazýardy. Öwezi şondan soñ, Täze ýyl heseriniñ galtanlygy belli boldy. Ýogsam ýas-ýañyja-da onuñ kellesinde ne bir ýere gitmek pikiri bardy, ne-de höwesi. Täze ýyly hem ol şu ýerde, işdeş ýoldaşlarynyñ arasynda geçirmekçidi. Ol, galyberse-de, bu günler uzyndan-uzyn turbalary bir-birine kebşirläp, onuñ depesine özüniñ galaýydan ýasan okarasyny oturdyp, Täze ýyly şol öz höwes edip gurnaýan telewizorynyñ öñünde garşylamakçydy. Düýn bolsa oña ahyrsoñy howadaky teletolkunlar bilen arany sazlamak hem başardypdy. Geologlar agşam naharyny mawy ekranyñ öñünde oturyp edinipdiler. Habar düşmezinden bir sagada golaý öñ geologlaryñ maşyny baýramçylyga gerek zatlary getirmek üçin golaýdaky şäherçä ýörite gidipdi. Eger habar biraz öñräl gelen bolsa, belki, Öwez hem şol maşyna ýetişse-de ýetişerdi? Indi bolsa giç, ony on-on bäş kilometrlikdäki demirýol menziline taşlap geläýer ýaly häzir başga bir ulagam ýok. "Gideniñ habary özi bilen" diýleni. Giden maşyn bolsa yzyna dolanyp, kim bilýär, indi haçan geljek? Bu ýerde geologlar on-on bäş günden iki tapgyrda işleýärdiler. Her onbäş günden bir topar gidip, onuñ ýerine beýlekisi gelýärdi. Öweziñ ýoldaşlary mundan on gün ozal iş nobatlaryny tabşyryp, dynç alşa gidipdiler. Indi olar Täze ýyl baýramçylygyny öýde - maşgalalarynyñ arasynda geçirip gaýdyp gelmelidiler. Öwez sallah bolup, ol öýünde-de bir ýoluna göz dikip, garap oturanyñ bolmanlygy üçin, giden bilen gidip, gelen bilen geljek hem bolup ýörmezdi. Dynç günlerinde, islese, çöle aýlanardy, maşyn gitse gidip, şäherçä baryp gaýdýardy. Gerek bolsa, işleýänlere kömek ederdi. Şeýdibem, ol onbäş günüñ nähili geçenliginem duýman galardy. Has dogrusy, aýaly bilen aýrylyşany bäri indi iki ýylyñ içidir, Aşgabada onuñ aýagy sekmeýärdi. Hamala, barsa, şol agzala durmuş täzeden ýene-de gaýtalanaýjak ýaly ýakymsyz duýgulary başdan geçirerdi. Ol ymgyr çölüñ içi bilen gönüläp, demirýol badalgasyny nazarlap, töweregine üns bermän, gyssanybrak, derçigip ýöräp gelýärdi. Onuñ häzir ähli küý-köçesi Aşgabat otlusyna ýetişip, oña münmekdi. Ol otlynyñ näwagtda badalga alyp gelýänini anyk bilmese-de, çen bilen bilýärdi we badymy gowşatman ýöresem, oña ýetişerin diýip tama edýärdi. Ol ortadan uzynrak boýly, daýanykly ýigitdi. Durmuş tolkunlary özüni kebara atyp uran hasap edýän-de bolsa, ol heniz otuzam ýaşamandy. Ýigit goşlaryny goşhalta salyşdyryp, olary müñder edip, arkasyna alyp, özüne hallan atybrak duran örküç hem edinipdi. Onuñ aýagynda işleýän wagty geýýän, özüne biraz ulurak bolup, gorsuldap duran ädigi bardy. Dynç alyşda geýýän ajarly köwşüni ol otla münensoñ geýmek üçin dolap, goşhaltasyna salypdy. Töweregi gyş aýlarynyñ birisiniñ eýemsirenip oturanlygyna seretmezden, howa sowuk däldi. Umumanam, indi birki ýyldan bäri gyşyñ Täze ýylda juda garaşylýan gary wagtynda ýagman, ile: "Tebigat-a üýtgäp ýör-ow, Täze ýylda dagy ýagmaly dälmi, gurbany gitdigim, ýer gar bolup ýatsa bolmaýarmy?" diýdirip, arzuw edilýänine seretmezden, gaýmazak tebigat añsat gaýmaýardy. Bu ýylam gyşe geçip, howa sowap, ýere birnäçe ýagyn düşen hem bolsa, heniz gar ýagmandy. Ýöne ýigidiñ göwnüne bu gezek Täze ýyl akja gara çolanyp, akja bäbek bolup geläýerli görünýärdi. Düýnki gün bulut gelip, asmany gara keçe lagambir ýapaly bäri tebigatyñ bir hyýala münüp, diş gysyp, çyglyp-çytylyp ugrany hem anyk duýulýardy. Ýigit ýola şaýlanyp durka howanyñ öwzaýyny synlap: "Täze ýyla bir ýagaýady, asman-zemin agaryp, bar zat täzelener ýaly, ýöne ýagsa-da, men demirýola ýetip, otla münenimden soñ başlasyn, şonda Aşgabada gary yzyma düşürip, özüm alyp baranym ýaly bolar" diýip höwes edipdi. Ol töweregiñ depelerine, olary aralabrak dörän, häzir ümsümlige öwrülip, garalybrak oturan jülge-saýlara, onda-munda okaralaryny sereşleşip, asmanyñ nemine göwün ýüwürdişip oturan gelinbaldyr keýigokaralara-da üns bermän, özüniñ yzynda küregenledip gar ýagdyryp Aşgabada barşy hakda, ak gary basgylap, täze tapylan gelin bilen ýöräp barşyny pikir edip, töweregine üns bermän, gümralyga berilýärdi. Howanyñ ýyly däldigine seretmezden, ýigit biraz ýöränsoñ derçigip, onuñ egnine geýen köýneginiñ öñünde-arkasynda bölek-bölek ýerleri tenune ýelmeşip ugrady. Süññünden ýeñiljek bug göterildi. Ýigit ädimini haýallatmady. Birsalymdan çölüñ arkasyny sypalaýana meñzäp ösýän aram şemal birýerlerden goýun ýüñüniñ ysyna gatylan ýiti çör ysyny getirdi. Tizdenem golaýdaky göbek bolup oturan depäniñ üstünde añyrdan otlap, depäniñ güneý tarapyna agyl berip agyp gelýän goýun sürüsi göründi. Öwez, belki, onuñ çopan-çolugyny tanasa-da tanaýandyr. Sebäbi geologlar bu öwräniñ çopanlarynyñ köpüsi bilen tanyşdylar, gatnaşykdadylar. Ol sesýetimde süriniñ töwereginden oýtarlap, çopan taýagyny biline kese basyp, onuñ her ujundan bir goluny geçirip, uçmaga ganat ýasanan ýaly bolup ýören çopany görse-de, häzir oña üns bermedi, ýogsam çölde gowy görülýän zat dünýäde ýeke galan ýaly bolup ýörkäñ, kimdir biri bilen duşuşyp, gümür-ýamyr etmekdi, şeýle pursatda adam hamala ýene-de köpe goşulan ýaly gönençli - özi üçin ýakymly bir duýgyny başdan geçirýärdi. Häzir onuñ hatda bi gowulyga saklanmaga-da wagty ýokdy. Indi birmahaldan bäri ýetişip münmeli otlusy onuñ pikirinde, her menzili bir basyp, Kösäniñ Bozdumany ýaly güpürdäp, howlugyp badalga ýetip gelýärdi. Häli-şindi ol özüni gözli-başly etmek üçin alada galyp ýören aýaldoganydyr giýewsini, janköýerlik edýändikleri üçin, täze tapylan gelinligiñ pikiriniñ ýany bilen minmetdarlyk bilen ýatlaýardy. Ol gelinligini heniz görmedik-de bolsa, ony öz höwes edişi ýaly eti-gany ýerinde, ortadan ýokarrak boýly, ýüzi hoşroý, gözastyndan özüne hyrydar seredýän maşgala hökmünde göz öñüne getirýärdi. Täze ýyly mele gelnuñ huzyrynda garşylaýşyny özüçe süýjülik bilen ýatlaýardy. Öwez indi bireýýämden bäri beýle ýakymly duýgyny başdan geçirmändi. Onsoñam, Täze ýyl her gezek şeýdip golaýlap gelende ýürekleri ersdirip, adamlary depesi şemallh arzuw-höwes atlaryna ataryp, ýeldirgedip alaýmasy bardy. Täze ýylyñ öñüsyrasynda ýene bir has ýiti duýulýan zat - o-da ýalñyzlykdy. Adam şeýle pursatda dünýäde özüne ýer tapanok. Öwez ýoldaşlary dynç alşa gidende hem öýünde özüne garaşýan şu ýekelikden elheder alyp, Aşgabada gitmän, çölde galypdy. Gör, bu durmuşyñ oýunlaryny! Täze ýylyñ heseri galtan ýigit heniz özüne taý boljak gelni görmedigem bolsa, onuñ yşgyna berlip, aýagy ýere degmän, ýeñil gopup, çöl söküp barýar. Ýigit ýöne näçe arzuw-islege berlip, özüni ganatlandyryp ýörän-de bolsa, barybir, otla ýetişip bilmedi. Onuñ badalganyñ sesýetimligindäki bir depäniñ üstüne çykanam şoldy welin, ol hatar gurup ugrap barýan otly kerweniniñ soñky wagonlaryny görüp galdy. Indi bolsa ol hol, barýar temegine ýel alan taýçanak ýaly taýzaryp. Eden azabynyñ ýerine düşmänligine Öwez diýseñ lapykeç boldy. Ol şol duran ýerinde kejigip, goşhaltasyny gapdalyna atyp, derini sylyp, özünden güýçli ýaga duşan it ýaly, lapykeç lampa oturdy. Otlynyñ bu ýerden juda seýrek geçýänligini ýatlan wagty bolsa, ol hasam kejikdi. Derini sylyp, hyrçyny dişläp oturyşyna, bolmanda, on bäş minut, ýarym sagat öñräk deprenmänligine diýseñ ökündi. Ýigidi ät goýan otly tizden gözdenem sumat boldy. Bu ýerde demirýol badalgasyna eýeçilik edip ýören bir gazak maşgalasynyñ barlygyna ol ozaldanam beletdi. Ötende-geçende otlulara degişli baýdajykdyr çyrajyk görkezip, olary ugradyp-garşylap duran gojany hem ol telim gezek görüpdi. "Belki, gitmäniñ ýene-de bir mümkinçiligi tapylar" diýen inçejik tama Öwezi ruhlandyrdy. Ol badalga jaýyna golaý gelen wagty, onuñ alnynda bilet satýan jaýyndan çykyp gelýän bir demirýolçy lybasyndaky gelin maşgala peýda boldy. Ol gijä galyp gelen ýigidi görüp, kürtdürip durdy-da, biraz geñirgenmek bilen: - Otla geldiñmi? - diýip sorady. - Hawa. - Ol ýap-ýañyja gitdi-dä! - diýip, gelin başyndaky papagyny çykaryp geýip, alada galanyny mälim edip, otlynyñ giden tarapyna öwrülip seretdi. Onuñ halyna göwündeş gopmaga çalyşdy. Ýigit keseribräk durşuna o gelni gözastyndan siññin synlady. Gelin orta boýly, boldumly maşgalady. Onuñ biraz göwresine darrak bolýan penjegi gelni has sarç, täsirli görkezýärdi. Töwereginiñ giñligini alan şemal çöl ösümlikleriniñ, ýag siñen demirýol şalmanlarynyñ ýanyksy ysyny getirýärdi, onda gar ysam bardy. Duluñ gözüne zenan bolup ilerligi barmy? Öweziñ öñünde duran gelne syny oturdy. "Hä, sagrysyny sypaýmaly gelin ekeni..." diýip, höwese beslenip oýlanybam goýberdi. Pikirinde Aşgabatda özüne garaşýan gelniñem şeýle hoşroý bolmagyny arzuw etdi. - Sen geolog bolsañ gerek? - diýip, ýene-de gelniñ özi hamala, otludan galanyny başga birinden görýän ýaly nägile bolup duran ýigide ýüzlendi. - Hawa, şolardan. Guşluk töweregi Aşgabatdan habar aldym. "Gel" diýipdirler... - Sen geolog bolsañ, bilmel-ä haçan bu ýere otlynyñ gelýänini? Siziñkiler onuñ wagtyny mendenem sorap, alyp gitdiler-ä. - Ýigidiñ düşen ýagdaýyna berlip, gelin birden janygyp ugranynh hem duýman galdy. - Indiki otly haçan gelerkän? - Giç, ertir dañdandan bäri indi ýolagçy otlusyny görmersiñ. Ýük otlulary bar, olaryñam diñe birisinden başgasy bu ýerde durman, okkessirim geçýär. Ol birem sagat on bire geler. Şonuñ maşinistleri bilen dagy gepleşip, bir adam, ýarym adam aldyrmak mümkin. Onda-da maşinisti bir gowy adam bolsa. Ýogsam: "Kada görä gadagan" diýer-de, ýüzüni kese sowup bidir gider. Ýigit soñraky hereketiniñ nähili bolup biljegi barada aýgyt edip bilmän biraz üýşendi. Eñegini sag eliniñ syñragy bilen gapjap, gözlerini süzüp, birhowa oýlandy. Golaý-goltumda gatnawly garaýoluñ hem ýoklugyny lapykeçlik bilen ýatlady. Bu ýerse kiçijik wokzal jaýyndsn başga bir baraýara, garaşyp wagt geçiräýere oñaýly ýeriñ hem ýoklugyny ýatlap, hasam lapykeç boldy. Onam, ine, gazak gelin gulplap, ýygnanyp, öýüne gaýdyp barýar. Nä, indi şundan dolanyp, yzyña gitjekmi? Eýsem-de bolsa, bäri-bärde geologlar düşelgesi barmy saña?! Şol barmana-da ol nähili ýagdaý bolsa-da, özüniñ yzyna gaýtmak islemeýändigine tiz düşündi. Soñra ol ýene-de bir zat sorasy gelenini bildirip, gelniñ ýüzüne seretdi. Başardygyndan başga perdeden gopmaga çalyşdy. Özüniñ zenan durkuna erkek kişiniñ hyrydar synynyñ düşenini duýan gelniñ hem şundan soñ nazaryny gizläp, uýalyp biraz gozgalaña düşenligi belli boldy. Onsoñam nirede gören zady gelniñ munuñ ýaly hyrydar seredip, gurt deý ýalmanyp duran ýigit? - Kelinşek! - diýip, ýigit bildiginden gelne has düşnükli bolar ýaly, öz sözüne bilýän gazak sözlerini hem garyp geplemäge çalyşdy - Men ol otla şu ýerde wokzal jaýynda garaşsam näderkän? Gelin garaşmadyk soragyna birbada näme jogap berjegini bilmedi. Bir wokzal jaýyna, birem ýigidiñ ýüzüne seretdi. Ol pikirini jemläp ýetişip-ýetişmänkä, Öwez ýene-de sözüni şol öñki hörpünde oýun hasap edilse oýun, çyn saýylsa çynyñam hilesiniñ ýok däldigini mälim edip gepledi: - Eger öýüñize çagyryp, ýyly ýerde myhman alsañyzam, men garşy däl. Ýogsam men bu ýerde nirä baraýyn? Eýýäm gar hem uçganaklap ugrady - diýip, töweregine garandy. Bu badalganyñ töwereginde demirýol ugrunda işläp, mal bähbidini arap, töweregiñ giñişligini alyp ýaşaýan iki-üç sany gazak maşgalasy bardy. Gelnem şol maşgalalaryñ birinden bolup, ýañrakdan bäri hem ol öz goja kakasynyñ ýerine badalga işgäri bolup işläp başlapdy. Gelin zordanrak ýesersiremäge çalyşýan ýigide gözastyndan nazaryny aýlap goýberse-de, ýöne oña bada-bat jogap bermäge howlukmady. Öweziñ göwnüne bolsa ol yzyna erkek adam düşürip barmagyń zenan maşgala gelşiksizligi barada, adamsynyñ özünden: "Munyń nämaý?" diýip, nägile boljagy hakda oýlanana meñzedi. Gelin soñra zenanlarça sypaýyçylykly gülümsiräp, ýigidiñ pikir edişinden has merdemsi hereket etdi: - Ýörüñ onda, bizde garaşaýarsyñyz! Beýle nagt jogaba garaşmadyk Öwez gelin şeý diýen mahaly onuñ ýañagynyñ al öwsüp gidendigini hem gördi we oñ gelin durdugyça tapmaça öwrülip barýan ýaly bolup duýuldy. Garalyp-bürelip duran töwerek bu wagta çenli hyrsyzlanyp, hyrra yzyna öwrülerli, kellesi bulutlaryñ añyrsynda bir ýerlerde barlygy duýulýan, görülmedik bir äpet jandaryñ göwresine meñzäpdi. Garañky düşüp gelýän ýaly, töwerek kem-kemden garalýardy. Özüniñ oýunlyga salup aýdan gepiniñ çyna bitenini gören Öwez hem şundan soñ, ýat öýe judabir barasy gelmeýänem bolsa, gelniñ yzyna düşübermekden başga alaç galmady. Gyzy añyrdan bir nätanyş bilen tirkeşip gelende, öýüñ enesi - aksaç aýal Täze ýyl agşamyna niýetlenip bişiriljek bäşbarmagyñ ugruna çykyp, onuñ etini bir gazanda ataryp, indem oña soñra atarjak hamyryñ ýugrumyny ýetirip otyrdy. Gyzynyñ geler wagtynyñ bolanyny ýatlap, ene oña özüne kömek berdirmek üçin garaşybam otyrdy. Ýöne ol soñky döwürlerde, göýä öýe aýagy çekmeýän ýaly, işde köp eglenerdi. Ejesi: "Eglendiñ-le, guzym?" diýse-de, oña: "Iş köp boldy" diýip, göwünsiz, gysgaça jogap bererdi. Işe gidende-de irräk çykaýanyny kem görmezdi. Gelin demirýolçy bolup, ýañyrak işläp başlapdy. Goja öz ýerine bu işlere belet, çagalykdan bäri işlerine kömek edip ýören gyzyny geçirip, arkaýynlaşypdy. Gelin iki-üç ýyllykda ejesidir kakasynyñ soñra giç giýew edinäýme niýeti bilen peýlän ýigidine durmuşa çyksa-da, olar öñ bir-birleri bilen halaşmasalar-da, bir düşekden örüp ugransoñlar, ysnyşyp giderler öýdülse-de, soñra ol tama-da çykmandy. Almata okuwa giden ýigit soñ dolanyp, şol giden ýylam, ondan soñky ýylam gelmändi. Bir ýyla golaý mundan ozal, Kenjekeý ondan iñ soñky haty alyp, admsyndan tamasyny doly üzüpdi. Ýigit oña: "Kenjeke, sen gowy maşgala, sen tüýs demirýol ýassanyp ýaşajak gazagyñ aýaly. Meniñ bolsa ol durmuşsa seniñ ýanyña-da aýagym çekenok, bilemok näme üçindigini. Maña garaşma, Kenjeke! Bagtly bol!" diýip, bellisini edipdi. Şondan bärem ol durmuşda höwessiz, keýpsiz ýaşaýardy. Garrylar hem öz ýeke çagalarynyñ düşen halyna gyýlyp-gynanyp ýaşaýardylar. "Senem, gyzym, şähere okuwa git" diýip, onuñ şol ýerde öz hyrydaryny tapyp, bagtly boljagyna göwün ýüwürdip, oña maslahat hem berýärdiler. Kenjekeýiñ düşen gününe ejesi has-da ýanyp-bişýärdi, gyzynyñ ýalñyzlygyny ýatlap, mahal-mahal ol öýde ýeke galanda hiç kime görünmän, Hudaýa ýalbaryp aglaýardy. Häzir ol Täze ýyla hemişeki endigine görä taýynlanyp oturan hem bolsa, öýde baýramçylyga mahsus şagalañyñ bolmajagyny, iýlip-içilensoñ, gyzynyñ otagyna gidip, özüniñem irgözinden ýatyp galjagyny pikir edibem kemsinýärdi. Gyzy ýaş wagty Täze ýyllaryñ soñky ýyllaryñkydan has höwesli, has şatlyklh bolanlygyny gowulyk hökmünde kalbyna ýylylyk çaýyp ýatlaýardy. Daşky gapy açylyp, bir hümürdi gulagyna ilende, ene işinden başyny göterip, gapa tarap seretdi, şonda ol gyzynyñ bir adam bilen añyrdan tirkeşip gelenligini gördi. Şol pursatda ene geleniñ kimligini oñly görmäge ýetişmedigem bolsa, onda hamala gyzy öz taýyny tapyp, şonuñ bilen gelip giräýen ýaly duýgy döredi. Ol: "Ahyrsoñy!" diýip, uludan bir demini alyp, mañlaý derini eliniñ tersi bilen sylup goýberenini hem duýman galdy. Onýança-da ýigit aýak çekip, başy ak başatarly zenana biraz uýalybrak salam berdi. Ene ýigidi aýnada görlen ýaly tanamak isläp, salam alyp, ony aýratyn bir yhlas bilen siññin synlady. Onýança-da habaryny berip, Kenjekeýiñ özi dillendi: - Şeşe, men myhman getirdim! - Gelen - rysgal, geçiberiñ! - Ol şu töweregiñ gözlegçi-geologlarynyñ biri. Ýañy otludan gijä galdy. - Haý, bolmandyr. - Garry ene birbada ýigidiñ düşen haly barada oýlanyp, oña nebsi agyrdy. - "Otla çenli bizde oturyber" diýdim. - Gowy edipsiñ. Geçiber töre. Kakañam maña geçini soýup berensoñ: "Mallara aýlanyp geleýin" diýip gidipdi. Indi o-da uzak eglenmez, geler. - Garam ýagyp ugrady. - Onda indi meýdanda uzak eglenmez, malyny ýataga gabar. Sen myhmany öz otagyña geçirip, bir käse çaý ber... Men Täze ýyl saçagynam, giñräk görüp, seniñ jaýyñda ýazandyryn. Bu sözi ol myhmsn geljeginem añypdyryn diýen äheñde aýtdy. Kenjekeýe "Bolupdyr" diýip, myhman bilen öz otagyna geçdi. Soñra ähli zat myhmanly öýüñ adatyna görä boldy. Törüne myhman gonansoñ, gelniñen ýüzi açylyp, diliniñ süýjäp ugrany belli boldy. Ol myhmanyna oturmaga ýer görkezip, çykyp gidensoñ iş geýimini çalşyrynyp, özüne gelişýän uzyn etekli köýnegini geýip, başyna owadan ýaglyk baglap, gözleri balkyldap duran görmegeý gelin bolup geldi. Soñundanam Öweze süýtli çaý hödür etdi. Onsoñam gazak gelinleri ol çaýam öz elleri bilen özleri guýup bermeseler, göwünlerine jaý etmeýärler. Şol barmana-da gelin myhmanyna heniz oñly tanyşlyk bermänini ýatlap, sähelçe aşak bakyp uýatly ýylgyrdy: - Meniñ adym-a Kenjekeý, seniñ adyñ näme? Öwez içinden: "Kenjekeý, Kenjekeý. Türkmeniñ "Kemjekerdem däl" diýen gepi bilen utgaşyk eken-ow" diýip, garagol pikir bilen oýlanansoñ: "Menem - Öwez" diýip, gelne olam öz adyny aýtdy. - Öwez, bu gazakda-da ýörgünli atlaryñ biri. Şol barmana-da gelniñ bu adyñ manysy barada oý ýöredenligi belli boldy. Ol: - Bizd-ä Öwez at, köplenç, ýitgisi ýatlanylyp, şonuñ deregine gelen çaga dakylýar. - Bizde hem şeýleräk öýdýän - diýip, çaý içip derçogip oturan Öwez oña öz adynyñ manysy hakda henize çenli oýlanybam görmänligini duýdurmazlyga çalyşdy. Kenjekeý pikire berlip: - Men bolsa seniñ adyñ Garlymyka öýtdüm. Sen gar ýagdyryp geldiñ! - diýdi. Öwez şol barmana gelniñ gep saluwynda duýlar-duýulnaz henek gatanjynyñ barlygyny duýdy. Çaý başynda Öwez dymyp oturmazlyk üçin on-ýigrini kilometrlikdäki özleriniñ geçirýän gözleg-barlag işlerini ýatlady. Indi iki ýyldan bäri şol ýerde gözleg geçirýändiklerini gürrüñ berdi. Kenjekeý ony diñläp: - Siz gözleýän zadyñyzy henizem tapañzokmy? - diýip, soñundan köpmanyly, ýeser ýylgyryp goýberdi. - Siz, näme, gözleýän zadyñy tapmak şeýle añsatdyr öýdýärmisiñiz, eýse? - diýip, gelniñ söz öwrümine düşünen Öwez hem dessine ýylgyryp, oña öz hörpünde jogap berdi we garşydaşynyñ muña özüçe düşünip, gyzaryp-bozaryp gidenini gördi. Kenjekeý biraz oturyp, birki oýnam gep alşyp, myhmany bilen saldarlaşyp görensoñ, Öweziñ ýanynda özüniñ ärini gören heleý ýaly, birhili, düşnüksiz halda höwese berlip, süññüniñem goram-gowşak bolup barýanyny duýansoñ, syr bildirmezlik üçin, bahana tapyp turmak bilen boldy. - Men eneme-de biraz kömek edeýin - diýip, ejesiniñ taýynlyk işlerine kömekleşmek üçin beýleki otaga geçdi. Telewizoryñ öñünde Öweziñ birsalym bir özi galdy. Öwez içinden: "Gazak gelinleri degişgen bolýar" diýip, eşiden gürrüñini ýatlap: "Bu gelinde-de görýän weli, "Oýun kän-ow!" diýip küýlendi. Her ýylyñ ynsany ýakymly hyýala düşürýän Täze ýyl şemaly onuñ gelmezinden iki aýa golaý dagy öñünden öwsüp ugrardy. Bulut gelip, dereleri duman alyp, meýdanlary gyraw örtüp, dünýä höwesli güýzärdi. Şol bir wagtda hem bu adamlaryñ Täze ýyl bilen bagly pikirileriniñ döräp, isleg-arzuwa öwrülip, ýaýrap ugran pursady bolardy. Ine, şondanan onuñ Täze ýylda ýazasy gelýän toý saçagynyñ başynda özüniñ görmek isleýän adamlaryny mahal-mahal pikirinde üýşürip-çaşyrmak möwriti başlanýardy. Birsalymdan eginlerine, depesine gar alyp, garaşylýan goja hem samyrdap, aýaklarynu bosagada, tarp-tarp kakyp, gapydan girdi: - Haý, bu gurbany gitdigimiñ ýagaýşyny? - diýip, gapynyñ öñünde duran ýerinde ýapbaş telpegini başyndan çykardy. Soñ öwrülip, egnine geýen güpbisiniñ eginlerindäki garynu kakyşdyrup durdy. - Görýän welin, birki ýyllap dagy Täze ýylda ýagmansoñ, ýagasy gelip giden ekeni munuñ! Penje-penje torgaýlap küregenleýär... Şol barmana-da onuñ nazary gapynyñ beýleräginde jüplenip goýlan del ädige düşdi. Begendi. - Tümen-ä gelen däldir-dä? - diýip, geläýmegi ahmal garyndaşlarynyñ biriniñ adyny tutdy. Kenjekeý añyrdan gelip, kakasynyñ çykaram güpbüsini asaçdan asmaga kömek edip durşuna: - Ata, bizde myhman bar! - diýip, ony ýagdaý bilen tanyşdyrdy. - Myhman bolsa, ol Hudañ halanydyr. Otludan dagy galan bolsa gerek? - Hawa, otludan galan. Bu sözi aýdan mahaly gojanyñ gyzynyñ biraz gyzaryp-bozaranyna ünsi düşmedi. Ol garyñ ýagmagyndan yrym tutup, şeýle günde myhmanyñ gelmegine ýetip gelýän bir gowulyhyñ alamaty hökmünde öz ýanyndan begendi. Añyrdan gelşine-de öz öýüniñ töründe oturan myhman bilen şol bir wagtda onuñ nähili adamdygyna çen urma bilen iki elini uzadyp, mylakatly salamlaşdy. Aýal maşgalanyñ yzyna düşüp geleni üçin biraz öýde müýnlüräk oturan Öweze gojanyñ açykýüzliligi ýarady. Gojanyñ parahat ýüzi, şöhlesi gaýdyşyp ugran ýakymly, boldumly ýüzüne mahsus nazary bardy. Öýüñ içi ýylydy, ýakymlydy. Myhmanyñ gapdalynda oturyp, goja ýañybir onuñ bilen soraşyp-ideşip ugran mahaly, edil ýeñse ýanynda damja şytdyldysyny eşitdi. Ol şol ýana öwrülende jaýyñ üçeginiñ iç ýüzünde çyg düwmeleriniñ örüp, indem ownujak damjalara öwrülip, iki-ýekeden damyp duranlygyny gördi. Bu gojanyñ gurbaga kölüne kesek oklap, keýpini aldy. Onuñ geçen ýyl şol ýerden çyg geçende, bir ussany tapyp, şol ýeriñ döwük şiferini täzeledeýin diýip pikir edeni diñe häzir ýadyna düşdi. Unudyp, onuñ wagtynda aladasyny etmänligine ökündi. Garyñ diñe bir ýagman, mundan soñ onuñ assa-ýuwaşdan ýeriñ pesi bilen eräp ugranlygy hem belli boldy. Üçekden iki-ýekeden damýan damjalar eýýäm poluñ ýüzüni ýalpyldadyp, oña düşegiñem bir bölegini ezmäge ýetişipdi. Goja ony görüp, adyny tutup, dessine gyzyny ýanyna çagyrdy. - Kenjekeý, munda gel balam! Taz bilen esgi-de alyp gel. Gar eräp, damyp ugrady. Kenjekeý atasynyñ sesini eşidip, oña goñşy otagdan "hä" berensoñ, eline taz bilen bir bölek mata alyp içerik girdi. Soñra ol orta ýazylan toý saçagyny biraz ýeñseräk çekmeklerini erkeklerden sorap, özi dessine, poly ezen ýagyş damjalarynu esgi siñdirip ýygnamagyñ ugruna çykdy. Poly mazaly süpürensoñ, her daman damja şyt-şytlap, ýürege düşüp durmaz ýaly, legeni ol ýere goýup, onuñam içine daşary äkidip sykyp gelen esgisini ýerleşdirip, ýaýraw alyp barýan çygyñ öñüni aldy. Öwez seretmäýin diýse-de, iş edip oturan gelniñ ak bileklerinden, ygtyýarly hereketlerinden nazaryny sowup bilmeýärdi. Ol ýagdaýy görüp oturyşyna öz ýanyndan howanyñ maýyl günleriniñ birinde ýoldaşlarynyñ biri bilen gelip, gojanyñ öýüniñ üçegini bejerip bermegiñ pikirini etdi. Kenjekeý myhmanyñ ýüzüne uýalybrak seredip: "Şeýleräk ýagdaýymyz bardyr" diýensoñ, ýene-de içerini tertibe salyp, ýeñil gopup, ýylgyryp çykyp gitdi. Daşarda bolsa ak bilen gara garylyp dünýä barha goýalmak bilendi. Goñşy jaýda mylgyryp bişip duran etiñ tamşandyryjy, ýakymly ysy otaga dolupdy. Nahar taýyn bolansoñ, maşgala hiç neneñsi bolmadyk köne ýyly ugratmak niýeti bilen, pikirimde alysda mongalap gelýän mähirli çaga şekilli Täze ýyly garşylamak üçin myhman otagyndaky giñden ýazylan saçak başyna-da jemlendi. Bu wagta çenli içler syrylyp, ýagşy ajygylypdam. Hoş bolup, bir zat ýadyna düşürip, turup giden goja ol ýerden bir eli dombraly, beýleki eli bir çüýşe arakly gaýdyp geldi. Ol dombrany öz oturjak ýeriniñ gapdalynda goýansoñ, getiren çüýşesiniñ boýnundan tutup, gökden düşen ýaly edip, mazamlap, saçak üstünde goýdy. - Mimanga aýap ýörgen şölmegim* Kenjekeý kakasynyñ bolşunt myhman birhiliräk görer öýtdümi-nämemi, gözastyndan ony synlap uýaldy. Ilki olar bu ýylyñam özleri üçin hiç neneñsi bolmandygyny, adaty guragrakdan gelen parahat ýyl bolanlygyny ýatlap, köne ýyl bilen hoşlaşyk hökmünde ilkinji badany göterdiler. Öwez munuñ özüni ýat ýerde oñaýly duýmak üçin hiç neneñsi bolmanlygyny gönençlik bilen oýlady. Içginiñ goja hem kemje-kerdem bolmanlygy belli boldy. Ol şundan soñ geçi sakgalyny selkildedip, nahara has işdämen ýapyşdy. Kenjekeý ak bilegini eýläk-beýläk uzadyp, myhmana, özüniñkilere nahar-şordan mürähet edip, saçaga beýemçilik edip otyr. Öweziñ şol barmana gelniñ şar-gara saçlaryny gerişläp, gelşikli edip ýeñsesine düýrleýşine ünsi düşdi. Ýakasy giñ, uzyn köýnegem oña gelşip galypdyr. Gelniñ gözleriniñ otlukly köräp, höwesli bulduraýanlygy hem onuñ ünsünden sypmady. Kenjekeý ilki myhman ýigidiñ indi maý tapsa, özüne içgin seredesi gelip durmagynyñ sebäbini onuñ kakasy bilen çakyşdyryp içýän içgileriniñ täsiridir öýtdi: ol kakasynyñ özi barada bir gadyrbilmeze duşup, gadyrdan gaçyp galanyny oña gürrüñ bereninden habarsyzdy. Goja muny ýañy gep arasynda ýüregine sygdyryp bilmeýän derdi hökmünde, gyzy içerde ýok wagty, ondan gizlin, gyzynyñ şeýdip hyrydarsyz oturanyna ata hökmünde özüniñ biraz kemsinýänligini mälim edip, ýañy ýigit bilen soraşyp-ideşip tanşyp otyrka, köräp gürrüñ beripdi. Gelin ýigit nazarynyñ özüni atymyna getirmek üçin kem-kemden golaýyna çekip barýanyny syzsa-da, birbada onuñ hyrydarlykdygyna-da, oýundygyna-da düşünip bilmedi. Dogrusy, gelniñ öz ýagdaýam häzir Öweziñkiden öwerlik däldi. Ol ýüzlenip, hödür edip, ol-bi zat barada gerek bolanda gysgaça dillenip oturşyna syny oturan myhman ýigidiñ ýolagçydygyny, onuñ tizden ugrap gitjekdigi barada biraz alada bilen ynjalykdan gaçýardy. Täze ýyl gijesinde dagy ýekeligi Hudaý görkezmesin! Hezil edip iýip-içip, baýramçylyk keýpine berlip oturan goja birsalymdan derini gapdalyndsky süpürgijine süpürensoñ, höwes bilen dombrasyny eline aldy. Içerden oýmur-oýmur bulutlar göterilip ugran ýaly duýgular döräp ugrady. Uç-gyraksyz gazak sährasy bilen at ýorgaladyp barýanlar oturanlaryñ göz öñüne geldi. Bu saz Kenjekeýiñ göwnüni göterip, gazaklaryñ "Ýetip bilseñ, posa al!" atly ýigitdir ýar höwesli gyzyñ at üstünde gaçyşyp-kowşup, heziller edip oýnaýan söýgi oýunlaryny göz öñüne getirdi. Ol birazdan özüni näz bilen posa bermejekden bolan bolup gaçyp barýan gyzyñ keşbinde, Öwezi bolsa yzyndan kowup gelýän ýigidiñ ýerinde göz öñüne getiren wagty, hamala, höwesinden dörän bu gizlin pikir töweregine-de äşgär bolan ýaly, zenanlarça uýalyp, sülmüräp aşak seretdi. Adamlaryñ şeýdibem ýakymly sazyñ jadysyna berlip ugranlygy belli boldy. Goja soñra özüniñ gyryljyk sesi bilen ýokarsyna gözläp, hamala dodagy bilen ol ýerden bir zat gözleýäne meñzäp, çygjaryp, aýdym aýtdy. Öwez saçak başyndan biraz çekilip, aýdym diñläp, gussaly oýlanyp oturdy. Içeriniñ gyzgyny göterilýän hem bolsa, daşarynyñ howasynyñ tenini gataldyp, sowaýanlygy belli boldy. Indi ýañky üçekden damýan damjalaryñ dammasy barha seýrekläpdi, soñra ol dammasyny düýbündenem goýdy. Üçege düşen gar eremez ýaly doñan bolmaly. Onsuzam ol "şyt-pyt" bir gapdalrakda bolansoñ, indi oña üns berýänem ýokdy. Otly ýaly süýnüp geçip barýanlygy göz öñüne getirilen, gezegini geçirip, älemden hoşlaşyp gidip barýan köne ýyly saçak başynda oturanlar aýdym-saz, hoş sözler bilen gapdalyndan çykyp ugradansoñlar, onuñam Öweziñ ýañly münüp bilmedik otlusy ýaly, gapdaldan geçip barýanlygy bello boldy. Ýa-da onuñ geçip barýanlygy ýatlananda ol şuñs meñzeş bir duýgy döretdi. Bireýýämden bäri gözleri bürlüp, ukusy tutup oturan garrylar telewizoryñ şowhunyna goşulyp, Täze ýyly öz ýagşy niýetleri bilen Aşgabada goşulyp garşylansoñlar: - Siz indi Moskwanyñ Täze ýylyny garşylaman ýatmarsyñyz. Biz-ä halys uky bürdi, indi gidip ýataýmasak, halys bolar ýaly däl - diýşip, ýerli-ýerden gozganjyraşyp turşup, öz otaglaryna gitmek bilen boldular. Goja donuny gysymlap turan wagty myhman ýigidiñ dañdanky otly bilen gitmelidigini ýadyna saldy, soñam ör galyp, özüni ugradyp duran Öweze ýüzlendi: - Ana, onsoñ gitseñ, senem sag bol! - Pikirinde bolsa: "Biziñ öýe bir sen ýetmeýän ekeniñ, oglum!" diýip oýlandy. Köpden bäri Täze ýyly şeýle göwnejaý garşylanym ýadyma düşenok? - diýdi. - Menem şeýle! - diýip, özüniñ bu öýde ak ýürekden myhman alynmagyndan göwni biten Öwez hem goja bilen hoşlaşyp durşuna mähirli ýylgyryp, onuñ bilen bir perdeden gopdy. - Geolog bolsañ, golaýda hem ekeniñ, ýoluñ düşse, bir gazak atam bardyr diýip ýatlap gelip dur. Özüñ-de seniñ şyragym bolýan ýigit-de ekeniñ. Ejesini otagyna ugradyp, añyrdan gelen Kenjekeý kakasydyr Öweziñ iki çüýşedeş bolup, bir-birlerinden aýrylyşaslary gelmän, henizem hoşlaşyp duranlaryny görüp, başyndaky ýaglygyny düzedip, olara düşünmek bilen göwnühoş ýylgyrdy. Şol gelşine-de baýramçylyk, şatlyk-şagalañdan ýaña ýarylaýyn diýip, uly şowhun bolup duran telewizoryñ burmasyny burup, onuñ şowhunyny biraz peseltdi. Soñam gapdaly bilen ýöräp, kakasynyñ dombrasyny göterişip, ony öz otagyna uzadyp geldi. Ol yzyna dolanyp gelen wagty Öweziñ öñki oturan ýerinde oýurganyp, pikire berlip, sus oturanyny gördi. Kenjekeý gelip, saçak başyna täzeden geçensoñ, Öwez: "Eneñ-atañ bolsa, gör, nähili gowy!" diýip, uludan demini aldy. Onuñ özüniñ dünýeden ir giden ene-atasy barada oýlanandygy belli boldy. Kenjekeý gelip, Öweziñ golaýynda atasy üçin atylan ýumşak düşekçäniñ üstünde oturansoñ, mylaýym ýylgyryp, ýene-de myhmanyna saçagyñ üstündäki nazy-nygmatlardan hödür etdi: - Nämedir bir zat iýip otursana, myhman! - Beýle-de bir iýmek bolarmy?! Köp iýdik, süýjem bolupdyr. Gelin saçak üstündäki boşan arak çüýşesine göz aýlap goýberensoñ, myhmana bir käse çaý guýup uzatdy: - Onda bir käse çaý içäý! - Çaý - başga gürrüñ? - diýip, Öwez gelniñ uzadan çaýyny göwünjeñ aldy. Käsäni uzadyp süýnen wagty ýigidiñ demi haplap gelniñ ýüzüne urdy. Soñra gelni erkek adamyñ howurly deminiñ öz halyna goýmanlygy belli boldy. Kenjekeý ýüreginiñ urgusynyñ güýçlenip, agzynyñ balyk iýeniñ agzy ýaly taplap, kepip ugranlygyny syzdy. Şeýle-de bolsa, ol syr bermezlige çalyşdy. Öwez käsäni boşadansoñ, gelne hyrydar gözläp, ony gaýtadan uzatdy: - Gowy çaý bolupdyr. Ýene bir käse guýup goýber! - Soñra-da ol gelne seredip, taryna kakyp görmek üçin henek atandan bolup gürledi. - Munuñ ýaly gowy toý saçagyny taýynlap, demini berip, şunuñ ýaly türkmeniñ halaýan çaýynam demläp bilýän bolsañ, men-ä gitmenem sizden! - diýdi. Ýylgyryp söz diñläp, käsä çaý guýup oturan gelniñ jogaby şundan soñ duýdansyzdan nagt boldy: - Seni gidirjek bolýan barmy?! Bu gep Öweze dilden aýdylan däl-de, ýürekden çykan seda bolup eşidildi. Kenjekeýiñem häzir hut öz höwesinde, öz pikirinde oturanlygyny syzdy. Şundan soñ, ol öz haly bilen bolmady-da, höwese berlip dünýäni unudyp, gelniñ goşaryndan harsa tutdy-da, ony özüne çekdi... Gelin birhaýukdan bir zat ýadyna düşüp: "Men häzir" diýdi-de, onuñ golundan zordanrak sypyp, diwardaky her gözi düşende ýigidiñ gitmelidigini ýatladyp duran sagady ornundan göterip aldy-da, gidip ony goñşy jaýa eltip geldi. Bu wagt eýýäm moskwalylar telewizoryñ sahnasyny toýhana öwrüşip, bir-birlerini Täze ýyl bilen gutlaşyp, uly şowhun, uly päl bolşup, hezil tapyşyp otyrdylar. * * * Täze ýyl gijesi ýagan gar birki gün ýatansoñ eräp, zemin ýene öñki kaddyna gelip ugrady. Şol günleriñ birinde geologlaryñ maşyny iş saparyndan boşanlary otly badalgasyna alyp gelende Täze ýyly Aşgabatda garşylamaga giden öz kärdeşleriniñ biri Öweziñ golaýdaky demirýolçy gazagyñ jaýynyñ üstüne çykyp, ol ýerde üçek düzedip oturandygyny, bir nurana gelniñ aşakdan gerek-ýarak zatlary alyp berip, oña kömek berip duranlygyny gördüler. ____________________________ Şölmek* - (gazakça) - çüýşe Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |