15:20 Tekge | |
TEKGE
Goşgular
Sen meniñ daýanjym, sarsmaz sütünim, Dünýäme senden ýeg tekge bolmasyn. Gum garbanda altyn diýip tutanym, Ýerde senden başga zikge bolmasyn. Bu ýollar myş-myşly, bu ýollar hatar, Kimler ýol üstünde bukular ýatar. Betpäller soñunda Tañrydan tapar, Ýöne bir dikdüşdi pekge bolmasyn. Haka tabşyr haksyzlygyñ jezasyn, Ýatdan çykar geçen günleñ yza:syn. Dolduraly süýji günleñ kazasyn, Arzuwlar çigişip tokga bolmasyn. Boşamasyn ýürek diýlen şol gutyñ, Saýasyndan saýa bormy gulatyñ?.. Serimiz sag bolsun, süññümiz bitin, Akyl-huşy pytran çekge bolmasyn. Gorap bilmesem-de özüm özümi, Goraryn, bukaryn seniñ uzyñy. Sen diñe söýseñ bor batyr ogzuñy, Sözleriñ öýkeli, lokga bolmasyn. Bakma käkilik deý gorkup, üýşenip, Ýanyma gel, zynjyrlañdan boşanyp. Sen diýip uçamda şuñkar guş bolup, Rakybymyz bir bihepbe bolmasyn. Has TÜRKMEN. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||