23:15 Terkiwatan | |
TERKIWATAN
Goşgular
Däli göwnüm, ýör, gideli Watana! Onda bize gözi ýolda galan bar, Näzli ýaryň ülkesinde talaň bar. Ýola bakdym, ýolda dost-ýar görmedim, Ile bakdym, ilde hossar görmedim, Göge bakdym, gökden haraý görmedim, Ýere bakdym, rahat saraý görmedim, Gijeler möňňürip, säherler aglap, Elwent deý arkama dutary baglap, Pyragyň diwanyn gysyp goltugma, Zyňdym özüm mysapyrlyk holtumna. Betbagt kädini asyp bilimden, Başym alyp çykdym garyp ilimden, Ýat illeriň şemalyna döş gerip, Ajy ukularda süýji düýş görüp, Aýralyk käsesin dört ýyllap içdim, Bialaç, bialaç Watandan geçdim. Çünki diňe ady galdy Watanyň, “Türkmenistan” diýlen bagtyýatanyň. Ärleriň, şirleriň, pirleriň ýurdy Bu gün şagal, towşan, syçan dogurdy. Keseki kerweniň düşende ýoly Demin alman aşan depäni doly, Atyň kellesine torba atylan, Toýnagyna keçe daňlyp ötülen Ýurt nädip höjege çykaýdy birden, Nädip ýene doldy sütem-jebirden?! Otuz ýedinji ýyl başa düşdümi Ýa döwlet başyna jellat geçdimi?! Bu nä tutha-tutluk, nä basa-baslyk, Yz-yzyna atuw, ekranda maslyk?! Bu toprak üstünden kän duşman geçdi, Isgender, Timurlen, Çingiz han geçdi. Türkmen beýle güne düşmändi hernä, Ýurt bu gün öwrüldi ullakan türmä. Bu gün müňden geçdi dereksiz ýiten, Hine bakyp üýrer ajaly ýeten. Tilki – bütindünýä gülki, Adam bir oturyp oýlansa ilki, Beýle wejeralyk bolmazdy belki, Gel-gel, kim oýnap ýör bigünä halky! Magtymgulyň elni öpmedik türkmen, Görogla dyzyny epmedik türkmen, Mertebeden ýokmy galan-gaçany, Ýa tutuş il bolup ýurtdan göçeli, Ýa bile çekeli gamçyň awusyn Hem bile aglaly iliň agysyn, Gijeler möňňürip, säherler aglap, Elwent deý arkama dutary baglap, Pyragyň diwanyn gysyp goltugma, Zyňýan özüm näbelinlik holtumna. Betbagt kädimi bilimden çözüp, Ugraýan Watana kysmata dözüp, Gowusy, öz ilimde geda bolaýyn, Onam başarmasam, pida bolaýyn. Eziz obam, sataşmasam bagyşla, Hassa enem, ýetişmesem bagyşla! Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Ýer şar aýlanýar / Goşgular - 09.06.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |