10:17 "Tiz kömek" uçary! | |
"TIZ KÖMEK" UÇARY!
Publisistika
Häkimiýet "AKP-den öñ "Tiz kömek" ýokdy!" diýýär... Bu meselede Bodrumda ýaşaýan irki okyjylarymdan Ataman Özbaýdan elektron-poçta arkaly hat aldym. Köp ýerleri gezen-gören, ýokary okuw jaýlarynda leksiýalar beren tejribeli Ataman Özbaý hatynda şeýle ýazýar: "Daniýanyñ paýtagty Kopengagene ýoluñyz düşse, hökman şäheriñ "Saglyk muzeýine" gidip görmegiñizi haýyş edýärin. Ol ýerde kyrk ýyl ulanylyp, ulanyşdan galan "Tiz kömek" uçaryny görersiñiz. Ol uçaryñ aşagynda kiçijik bir ýarlyk bar we ol ýarlygyñ ýüzünde şeýle ýazylan: "Bu "Tiz kömek" uçary kyrk ýyllap deñiz añyrsyndaky ýerlerimiziñ (Grenlandiýa we Faroe adalary) ilatynyñ saglygy üçin hyzmat etdi. Hem oña, hem bu uçary öndüren "Kaýseri uçar zawodynyñ" işgärlerine minnetdarlygymyzy bildirýäris." * * * Bu ýazgy meni çuñ oýa batyrdy... Hany, AKP-den öñ "Tiz kömegimiz" ýokd-a?!.. Hany, AKP saýasynda "Tiz kömekli" bolan ekenig-ä? "Tiz kömegimiz" bar eken! Özem "Tiz kömegiñ" uçar görnüşini (baryp 30-njy ýyllarda) öndürip daşary ýurda eksport edipdiris! Nireden nirä? Günümizde dogry sözi aýdan başyna bela satyn alýar! Ata-babalarymyz "Dogry sözleýäni dokuz obadan kowarlar" sözüni ýöne ýere aýtmandyr. Adamlar indi dogry zady gürleşmekden gorkup, biri-birinden gaçar ýaly ýagdaýa geldi... Egilmän-bükülmän hakykatlary aýdýan adamlaryñ (hususanam žurnalistleriñ) başyna gelýänleri hemmeler bilýär. * * * Kyrk dokuz ýyl bäri Germaniýanyñ Mýunhen şäherinde ýaşaýan Baýram Genjer atly bir okyjym bar... Türkiýeden alysda ýaşaýandygyna garamazdan, gijesi-gündizi ýurdy hakda pikir edip, ýüregi watan söýgüsinden doly bu okyjymyzyñ başy dertde... Näme sebäplimi? Döwlet ýolbaşçylaryna at-familiýasyny, anyk salgysyny ýaşyrman-bukman, yzygiderli hatlar ýazýandygy üçin birahat bolupdyrlar! Dogry sözleýäni döwletiñ özem halap baranok! * * * "Men syýasatyñ fanatigi" diýýän Baýram Genjer ýagdaýyny şeýle düşündirýär: "Ýazan hatlarym (hemmesi-de delilli, subutnamaly) ynjalyksyzlyk döredipdir. Şonuñ üçinem men barada konsullyklara duýdurylyp goýlupdyr. Pasportymyñ möhleti dolandygy üçin täze pasport almak üçin Mýunhendäki türk konsullygyna ýüz tutdym. Kanuny taýdan almaga hukukly pasportymy bermediler. Bermeli däl edilenmiş! Aklawjym bu gadaganlygy aşybilse, täze pasport almakçy... Diýmek, köne pasportymyñ möhleti dolmanka Türkiýä gelen bolsam, Stambul howa menzilinde pasport gözegçiliginden geçip bilmän, "Hoş geldiñ" edägetdin gözenegiñ añyrsyna ataýjak ekenler! Işläp ýörkäm, nepaga çykamsoñ Türkiýede Edremite, Aýwalyga, Akçaýa ýa-da Didime ýerleşip, şol ýerleriñ birinde ýaşamakçydym, ýöne hernä bärden gozganmanym gowy bolupdyr… Käşgä, şeýle jogapkärli, namysly, watansöýüji syýasat fanatigi bolanymdan, futbolyñ fanatigi bolsam bolmaýarmy, Rahmi abi... Bular öküziñ taşşagyny sagyp, süýt çykarjak bolýarlar! Tutuş ýurduma, ildeşlerimiñ ählisine tüýs ýüregimden çykan söýgülerimi, salamlarymy gönderýärin!.. Baýram Genjer, Mýunhen." • HENEK: Nirsini ýapmaly? Temel Trabzondaky öýünde suwuny tygşytlajak bolup, golaýdaky dereleriñ birine ýuwunmaga gidipdir. Ol suwa düşüp durka, bezzat çagalar onuñ egin-eşiklerini alyp gaçypdyr. Suwdan çykan Temel eşiklerini tapman näme etjegini bilmeýär. Ahyr başga alaç galmansoñ, elleri bilen uýat ýerini ýapyp, öýüne tarap ylgamaga başlapdyr. Öýüne golaýlanda penjireden Temeli gören aýaly Fadime gygyrypdyr: - Aý Temeljan!.. Tentekmi näme sen? Ýüzüñi ýaparlar-da, o taýyñy kim tanaýar señ! • GÜNÜÑ SÖZI Esasy zat - biziñ kimdigimiz däl, kim boljakdygymyz! Rahmi TURAN. rturan@sozcu.com.tr "SÖZCÜ" gazeti, 03.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |