00:15 Togrul beg Türkmen | |
TOGRUL BEG TÜRKMEN
Taryhy şahslar
Türkmeniň taryhynda beýik döwletiň düýbüni tutmakda Togrul beg türkmeniň aýratyn orny bardyr. Ol türkmen döwletini döredip, onuň serhetlerini giňeldip, at-abraýyny dünýä ýaýradypdyr. Gündogaryň köp ýerlerini öz ýurduna birikdirip, halkynyň parahat ýaşamagyny, zähmet çekmegini gazanypdyr, dürli halklar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýupdyr. Taryhy maglumatlara görä, Togrul beg 993-nji ýylda eneden dogulýar. Dogany Çagry beg bilen bilelikde öz ili bilen Mawerannahrdan gaýdyp, soltan Mahmyt Gaznalynyň rugsady bilen Horasanda Nusaýyň golaýlarynda ýerleşýärler. Birnäçe wagtdan soň gaznalylaryň seljuklar bilen gatnaşygy ýaramazlaşyp, 1035-nji ýylyň iýun aýynda olaryň arasynda söweşler başlanýar. Aldym-berdimli söweşler birnäçe ýyl dowam edýär. Orta asyr taryhçysy Abulfazl Baýhaky 1038-nji ýylda Togrul beg türkmen öz esgerleri bilen Nyşapura baranda, baý toparlar ony öňüne haly ýazyp garşy alandygyny ýazypdyr. Şol döwrüň alymy Yzzeddin ibn Esir özüniň «Kämil taryh» kitabynda 1038-nji ýylda Nişapurda Togrul begiň ady bilen pullar zikgelenipdir diýip ýazypdyr. Taryhçy S.G.Agajanowyň belleýşi ýaly, seljuk hökümdarlarynyň arasynda ilkinji soltan adyny alan Togrul beg türkmen bolupdyr. 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde seljuk-türkmenleri öz döwletini döredendigini dünýä aýan edipdirler. XV asyrda ýaşan türkmen taryhçysy Ýazyjy ogly Aly: «Abutalyp Muhammet ibn Mikaýyl Ibn Seljuk dört ýüz ýigrimi dördünji ýylda soltanlyk tagtyna geçip, patyşalygyň öwgüli dessuryny öňe tutup, jahandarlyk däbini we resimlerini ýerine ýetirip başlady» diýip ýazypdyr. Iki dogan — Togrul beg türkmen bilen Çagry beg ýurtda hökümdarlyk etmäge beýik pir Mäne babadan ak pata alypdyrlar. Gysga wagtyň içinde Togrul begiň ýolbaşçylygynda agzybir türkmen esgerleri köp ýerleri öz ýurduna birikdiripdirler. Türkmen alymy Ö.Gündogdyýewiň Togrul beg türkmeniň Bagdat halyfy al-Kaýyma ýörite hat iberendigini belleýär. Hatda türkmen soltany, patyşalaryň patyşasy Togrul beg türkmeniň Horasanyň we Horezmiň tagtyna geçendigi we Bagdada barýandygy aýdylypdyr. Hakykatdan hem 1055-nji ýylda seljuklar Bagdady eýeläpdirler. Birnäçe ýyldan soň soltan Togrul beg Bagdat halyfy bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny açýar. Bu bolan wakalar barada orta asyr ýazary Yzzeddin ibn Esir şeýle beýan edýär: «Bu ýyl soltan Togrul beg bilen halypa Kaýym Biemrilläniň gyzynyň nikasy gyýyldy. Öň 453-nji (1061-nji) ýylda Reýiň kazysy Abu Sagdyň araçyllygy bilen gudaçylyga gelnipdi»... Togrul beg türkmen öz imperiýasynda dürli halklaryň asuda we rahat ýaşamagy üçin köp işler edipdir. Olaryň arasynda Beýik Ýüpek ýolunda söwda gatnaşyklarynyň ýola düşmegini gazanyp bilipdir. Gadymyýetden «Beýik Ýüpek ýoly» ady bilen belli bolan kerwen ýollary Hytaýy Alynky Aziýa we Ýewropa bilen birleşdiripdir. Bu ýoluň üsti bilen täjirler müňlerçe kilometr aralygy geçip, halklaryň isleýän harytlaryny dünýäniň dürli ýerlerine ýetiripdirler. Bu kerwen söwda ýoly Beýik seljuklar döwründe täzeden janlanyp has hem tapawutlanýar. Togrul beg soltanyň gol astynda ägirt uly aralyk — Azerbaýjandan Balha we Horezmden Hindi ummanyna çenli ýerler degişli bolupdyr. Onuň kabul eden permanlary ilaty agyr salgytlardan boşadyp, hünärmentçiligi ösdürmäge, kerwen söwdasyny ýola goýmaga ýardam beripdir. Imperiýa girýän halklaryň dinlerine erkinlik berip, olaryň ybadathanalaryny we dini edaralaryny salgyt tölemekden azat edilipdir. Bu döwür Gündogaryň şäherleriniň ösmegi netijesinde, olaryň arasynda söwda gatnaşyklar ýaýbaňlanýar. Täze medreseler, metjitler, köşkler, bina-jaýlar, ussahanalar, edaralar gurulýar. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän şäherler: Mary, Amul, Sarahs, Abiwert, Nusaý, Şehryslam, Ahur, Dehistan, Zamahşar, Köneürgenç we başgalar öz ösüşinde has hem ýokary derejä ýetýär. Arheologiki gazuw-agtaryş işleriň netijesinde toplanan maglumatlara görä, orta asyrlarda Türkmenistanyň ýerlerindäki şäherler has hem XI-XII asyrlarda iň ýokary ösüşe eýe bolupdyr. Seljuklar eýýamynda Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa barýan kerwenler Türkmenistanyň şäherlerinden geçipdir. Gelýän kerwenler Amula baryp, ol şäherden Merwe, Sarahsa, Abiwerde, Nusaýa we imperiýanyň başga çetlerine gidipdir. XI-XII asyrlarda Türkmenistanda halkara kerwen söwdasynyň ösendigini bu ýoluň ugrunda täze kerwensaraýlaryň gurulmagy, köne duralgalaryň dikeldilmegi hem tassyklaýar. Amul bilen Merwiň arasynda Akjagala atly uly kerwensaraý, sardobalar, gözegçilik etmek üçin diňler gurlupdyr. Kerwenleriň geçen ýollarynda keramikanyň we aýnadan ýasalan gap-çanaklaryň bölekleri seçilipdir. Merw, Nusaý we Şehryslam şäherleriniň harabaçylyklarynda Hytaýdan getirilen ýokary hilli farfor, Eýrandan getirilen lýustra gap-çanaklaryň we başga-da köp zatlaryň galyndylaryna duş gelinýär. Türkmen söwdagärleri dürli ýurtlara gidipdiler we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwda merkezlerinde aýratyn ýerleri, hat-da etraplary eýeläpdirler. Bagdat şäheriniň bir çetinde merwlileriň özleriniň aýratyn jaý-binalar toplumy bolupdyr. Şeýlelikde, Togrul beg türkmen döwründe Beýik Ýüpek ýoly täzeden ýaýbaňlanyp, halkara söwda gatnaşyklary güýçli depginde ösüpdir. Söwda bilen birlikde medeni, ykdysady, syýasy gatnaşyklar hem ösdürilipdir. Adamlaryň aň-bilimi we ruhy-dünýäsi täze derejä ýetip, halklaryň birek-birekleri bilen ýakynlaşmagyna ýardam edipdir. Türkmeniň beýik serkerdesi we hökümdary Togrul beg türkmen öz döwletinde tertip-düzgüni saklap, halkynyň ýaşaýşyny has hem gowulandyrmak maksady bilen söwda-kerwen ýollaryň asuda saklanmagyny gazanypdyr. Onuň ýörite goşun toparlary bu ýollara gözegçilik edip, öz halkyna wepaly bolup, harby tilsimlerinde we ussatlyklarynda ýokary derejä ýetipdirler. Türkmen ýaşlary türkmeniň Togrul beg ýaly beýik şahsyýetlerinden görelde alyp, häzirki döwrüň bilimini we ylmyň täze gazananlaryny özleşdirip, Watanymyzyň şöhratyny artdyrmalydyrlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara: «Men siziň berkarar türkmen döwletiniň güýç-kuwwat ulgamynyň ynamdar we berdaşly binýady bolup durýandygyňyza, gijäňizi gündiz edip, il-günüňiziň asudalygyny gorajakdygyňyza guwanýaryn, şeýle belent we asylly maksatlar üçin gerek bolsa, gara başyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip, uly ynam bildirmegi biziň her birimiz üçin uly hormat-sarpadyr, tutan maksatlarymyza ýetmek üçin ýol-ýörelgedir. Ejegül HOJAMEDOWA, taryhçy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |