09:39 "Tokmak" kömek etdi | |
"TOKMAK" KÖMEK ETDI
Satiriki hekaýalar
Gezelenje barýarkam, ýolda oba dükanlarynyñ açykdygyny gördüm-de, "Gel, girip göräýeýin-le" diýip oña sowuldym. Satyjy öñki duran müşderileri ugratdy-da: - Aýdyberiñ, agam, näme hyzmat? - diýip maña ýüzlendi. "Be, gör, nähili medeniýetli oglan eken. Umuman, söwda işgärleriniñ dili süýji bolýar öýdýän" diýip içimi gepletdim. - Aý, hyzmat bolup ullakan bir hyzmatam ýok. Ilerik daga tarap dynç almaga barýardym-da, dükanyñyz açyk eken, sowlup göräýeýin diýdim. Ýogsa-da sizde türkmen konýagy ýokdur, inim?! Onsoñam mümkin bolsa bir gapjagaz ýüzi samolýotly çilim gerekdi. Bar bolsa hersinden birini kagyza dolaýyñ - diýip, men elimdäki "Tokmak" žurnalyna güýmenen boldum. Onuñ sahypalaryny agdaryşdyrdym. Satyjy sesini çykarman, ýüzüme seretdi. Meniñ bolup durşumy synlady. Men bilmediksiräb bolup, jübimdäki ruçkany çykardym. Žurnalda çap edilen öz hekaýamyñ käbir ýerlerini bellik edişdiren boldum. - Bagyşlañ, ýaşuly, siz "Tokmagyñ" iñ ulusymy, oña düzediş girizýäñiz welin? - diýip, satyjy ara düşen ümsümligi bozdy. Men neden gülüpdim. Ýene-de saklandym. Degşen bolup, jogap berdim. - Iñ ulusy bolmasagam, aşak ýanyragy bar, näme? Satyjynyñ ýüzi ýagtylyp giden ýaly boldy. Ol gülesi gelmese-de, elini owkalaşdyryp ýylgyrdy. - Siz üçin gerek bolsa guşuñ süýdünem taparys, agam. Arkaýyn boluñ. Onsoñam käwagt şeýdip gelip durmaly ahyry - diýip, ol dükanyñ içki otagyna girdi. Dogrusy, syrymyñ üsti açylaýmasyn diýip çekinmänem durmadym. Hernä satyjy uzak garaşdyrman derrewjik geldi. Sargydymy aldym-da, hasaplaşyp çykyp gitdim. - Adamçylykdyr how, näme gerek-ýaragyñ bolsa çekinmän gelibergin, size gerek bolsa taparys - diýip, ol yzymdan gygyrdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |