13:15 Toý tutuldy, aýdym-sazam diňlendi | |
TOÝ TUTULDY AÝDYM-SAZAM DIÑLENDI...
Goşgular
Toý tutuldy aýdym-sazam diňlendi, Oglum seniň aýagyňam deňlendi, Gelin alyjy gelende, çagajyklaryň Gelin gelýär diýen sesi ýaňlandy. Şu gündäki ýaly ýylgyrsyn ýüziň, Ajy agyr derdi, görmesin gözüň, Öýümizde ýaňlansyn çagalaň sesi, Nesihat alsaň şu meniň sözüm. Köküňiz çeşmä ýetsin, ýaýrasyn, Başyňyz dik bolsun, tug dek parlasyn, Agzybir boluň, bolmaň bigadyr, Bagtyňyz joşup oba ýarasyn, Säher irden tur han ogul bolmasyn, Içjek çaýyňyda, gelin demlesin, Gelnim diýip, ata eneňi unutma, Ata-ene diýip, gelniň ýüzi solmasyn. Indi durmuş gurduň, ýaňy ýörjensiň, Oglum sen gyzylsyň, gelin merjendir, Şudyr nesihatym, öwüt-ündewim, Ädim ätme basjak ýeriň seljermän. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |