10:44 Türki kowumlaryñ asly kosmoslymy? | |
TÜRKI KOWUMLARYÑ ASLY KOSMOSLYMY?
Geň-taňsy wakalar
Makalanyñ ady köpüñize geñ-tañsy, köpüñize gülkünç eşdilmegi mümkin. Bu geñsi çaklamalary türkmen dilinde size ýetirmegimiz biziñ bulara ynanýandygymyzy ýa-da asla ynanmaýandymyzy añlatmaýar. Biz diñe ylym dünýäsinde şeýle-şeýle çaklamalaryñ bardygyny we taryhçylaryñ arasynda şular ýaly jedelleriñ barha möwjeýändigini siziñ dykgatyñyza ýetirmek isledik... Gadymy rowaýatlarda, dessanlarymyzda adam jynsyndan däl hüýr-perileriñ adamzat bilen ýakynlyk edendigi kän gabat gelýär. Ählimize tanyş Görogly we Agaýunus periniñ nikasy munuñ iñ ilkinji mysalydyr. Jahanda nämeler bolup geçmedi?... Eýsem bolmasa adamzadyñ atasy Hezreti Adam ata öz ýanhemrasy How ene bilen birlikde jennetden çykarylyp, häzirki ýaşap ýören dünýämize getirilmedilermi näme? Hemmämiz bu ýalançy panyda birsellem ýaşansoñ? nirädir bir ýerlere bar paty-putymyzy yzymyzda goýup gidibermeýäsmi näme? Diýmek biziñ ählimiziñ durmuşy, özem gündelik durmuşymyz kosmiki güýçler bilen gönüden-göni baglanyşykly... Gaty bir pelsepewi pikirlere berilmezden, orta atjak bolýan gyzykly maglumatymyza geçeliñ. Ynha, ýakynda kosmoslylar boýunça ýörite hünärmen türkiýeli Farah Ýurdözü bugünki türki halklaryñ düýbi bir gadymy medeniýetiniñ kosmoslylar tarapyndan gurlandygyny, hatda göktürkmenleriñ aslynyñ kosmoslydygyny orta atdy. Ýurdözüniñ aýtmagyna görä kosmoslylaryñ türkler bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy netijesinde garyşyk nesil emele gelenmiş. Ýurdözüniñ çaklamalary munuñ bilenem çäklenmedi. Häzirki Türkiýäniñ çäginde galan gadymy medeniýetiñ galyndylary mundan bäş müñ ýyl öñ dünýäniñ daşyndan gelen barlyklar tarapyndan gurulanmyş. Alym öz pikirlerini "Türk ufologyñ pikirleri" (“Bir Türk Ufoloğun İtirafları”) atly kitapda beýan etdi. Ady geçen kitapda siziñ ünsüñizi çekjek şeýle gyzykly maglumatlar bar: "Başga saýýaralardan gelen syýahatçylar Türkiýäniñ syrly ýerlerine inip soñky nesillere miras galjak eserleri bina etdiler. Olardan biri-de Nemrut dagyndaky heýkellerdir. Türki medeniýetinde kosmoslylaryñ taryhy bäş müñ ýyldan öñ başlapdy. Atlaryndanam belli bolşy ýaly göktürk(men)ler [kök-gök-asman türkleri] kosmosdan gelipdi. Olar gökden inen adamlar hökmünde tanalýardy. Kosmoslylar Anadolynyñ birnäçe ýerinde alty sany ýerasty şäher gurdular. Şäherleriñ biri häzir Kapadokiýada. Olaryñ guran şäheri jemi ýigrimiden geçýär". Şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçmek gerek. Türkmenleriñ asly nurdan dörän milletdigi, ýagny adatdan daşary kowumdygy barada Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasynda ünsüñizi çekjek gyzykly maglumatlar bardy. Görşüñiz ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy hem bu teoriýany ýönelige orta atmandy. Türki kowumlaryñ köküniñ rowaýaty Mu siwilizasiýasyna uzaýandygyny öñe süren ýene bir ýazyjy bolsa Aly Bektandyr. Aly Bektan özüniñ "Türkler we olaryñ kosmosly ata-babalary" (“Türkler ve Uzaylı Ataları”) atly kitabynda şeýle diýýär: "Türkleriñ bäş müñ ýyllyk taýpa durmuşyndan gelmändigini, gaýtam tersine has ösen medeniýetden, Mu siwilizasiýasyndan gelendigini subut etmäge çalyşdym. Bu siwilizasiýanyñ b.e.öñ 70 müñ ýyl bilen 200 müñ ýyl öñki döwre uzaýandygyny we häzirki döwrümiziñ iñ ösen tehnologiýaly medeniýetindenem ösen siwilizasiýa gurandyklaryny görkezdim. Mundanam beteri men bu gün başga saýýaralarda ganybir garyndaşlar kowumlarymyzyñ bardygyny orta atýaryn. Orta Aziýadaky türki halklaryñ (türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, uýgur) rowaýatlarynda gürrüñ berilýän wakalary içgin öwrenip, soñra bulary XXI asyryñ ösen tehnologiýasy bilen deñeşdirip görýäs welin, ata-babalarymyzyñ daşardan tehnologiki ýardam alandygyna göz ýetirmek bolýar. Bu ýardamyñ gelýän ýeri rowaýatlarda gök ýüzi, ýagny biziñ sözümizde "kosmos". Kimdir birileri hemişe türkilere hemaýat edip duran we olary goldan misilli ýagdaý orta çykýar". Başga bir türk alymy Ergun Jandan "Türkleriñ medeni kökleri" (“Türkler’in Kültür Kökenleri”) atly kitabynda Sirius ýyldyzlaryndan gelenleriñ türki taýpalar bilen birlikde dünýäniñ başga siwilizasiýalaryny-da kemala getirendigini öñe sürýär. Alym olaryñ Mu yklymynda uly medeniýet gurandygyny nygtamak bilen, türkleriñ gelip çykyşy öwrenilende bu hususlary hem göz öñüne tutmalydygyny aýdýar. Kitapda şeýle jümleler bar: "Gadymy türkleriñ şamanizmden öñki dini ynanjy "Gök-Tañry dinidi". Bu ýerde gögüñ özi däl-de, gögüñ alamatlandyrýan mukaddesligi öñde tutulýardy. Gadymy türk mifologiýasyny emele getiren dürli konsepsiýalardan hem görnüşi ýaly türk kaganlarynyñ asman (güýçleri) bilen gatnaşygy bolupdyr. Gadymy türkleriñ medeni taryhynda iki esasy prinsip bar: Olaryñ biri Sirius bilen gatnaşyk, beýlekisi Mu siwilizasiýasy. Bu iki esasy tradision ýörelge esasynda medeni taryhynyz öwrenilmese ähli taryhy barlaglar kemçilikli we gowşak bolmagynda galar. Gadymy türkler birwagtlar Sirius medeniýetiniñ wekilleri bilen gatnaşyk açypdyrlar. Bu gatnaşyk netijesinde bolsa türkleriñ "Gök-Tañry" dini döräpdir". Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |