09:33 Türkiýe beýleki yslam ýurtlary üçin nämüçin özüneçekiji? | |
TÜRKIÝE BEÝLEKI YSLAM ÝURTLARY ÜCIN NÄMÜÇIN ÖZÜNEÇEKIJI?
Publisistika
Dogrusyny aýtmaly bolsa, demokratik hak-hukuklar, medeniýet we bilim ulgamynda göze ilip duran yza tesişlikler baram bolsa, Türkiýe 52 yslam ýurdunyñ içinde hemmetaraplaýyn iñ ösen ýurdy bolup durýar. Hem Türkiýäni yslam dünýäsiniñ gözünde özüneçekiji edýän zat - göräýmäge biri-birine ters ýaly bolup görünýän iki ýaşaýyş-durmuş şertini - günbatarly zamanabap ýaşaýyş-durmuş formasy bilen tradision we yslamy ýaşaýyş-durmuş formasyny utgaşdyrýan jemgyýetçilik ýaşaýyş-durmuş forma dünýägaraýşy, ýamaly demokratiýasy ee gitdigiçe ýaýrap barýan dünýewi gurluşydyr. Owganystan, Eýran, Yrak, Siriýa ýaly ýurtlaryñ gadagançylyklar bilen doly garañky, demikdirip barýan we howply şertlerinden gaçýan millionlarça adam Türkiýä gelenlerinde çölüñ ortasynda salgym gören ýaly rahat dem alýarlar. Despot Gündogardan gaçanlaryñ Türkiýede ilkinji duýýan zatlary, özleriniñ birnäçe hak-hukuga eýe şahslardygyny duýmakdygydyr. Bu adamlaryñ aglaba bölegi yzda galdyryp gaýdan ýurtlarynda ençeme ýyllap bir han-begiñ, taýpa kethudasynyñ ýa-da milisiýa otrýadynyñ serkerdesiniñ elinde ýarym gulçulykly durmuşda ýaşamagydyr. Türkiýede bosgunlardyr migrantlaryñ ogrynça begenip duýýan zatlary-da şu: Aga-kethuda, serkerde, başlyk, han-beg, hojaýyn ýaly zatlaryñ indi ýoklugy. Mundan beýläk hiç kimiñ öñünde egilip-bükülmegiñ geregi ýok. Sebäp bu ýurtda hemmeler kanunyñ öñünde deñ, hatda aýallardyr çagalaryñam hak-hukugy bar. Şonuñ üçin hiç bir owganystanlh ýa-da siriýaly Türkiýede aýalyny öldir ýaly ýençmeýär, öldürmeýär, zor bilen oglunyñ ýa-da gyzynyñ başyny çatyp bilmeýär. Beýden ýagdaýynda ep-esli ýylyny türmede geçirmeli boljakdygyny bilýär. Öz çagalygymdan mysal bereýin: Sowet okkupasiýasynyñ iñ agyr ýyllarynda - 1982-nji ýylyñ tomsunda birnäçe göçegçi bolup Owganystandan Türkiýä gelipdik, bizi Tokatda göçegçilere niýetlenen umumyýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdiripdiler, "Gyzyl ýarymaý" jemgyýeti günde üç wagtyna nahar berýärdi. Içimizde ýerli han-begler, ofiserler, hatda halk deputatlary ýaly sylanýan adamlar bardy. Smma "Gyzyl ýarymaý" hiç kimiñ sylagyna ýa eýeleýän wezipesine, derejesine seretmän, maşgalanyñ sanyna görä nahar berýärdi. Muny gören bosgunlar öz arasyndaky oglanjyklaryñ biri ownuk geñgalyjylyk we şatlyk bilen şeýle diýipdi: - Türkiýe hakykatdanam jenneti ýurt, türklerem jennetlik adamlar eken. Oglanjyga bu sözleri aýtdyranam ilkinji gezek özüniñ adam hasabynda görülmegi, adam ýaly we hemmeler bilen deñ çemeleşilmegidi. Muny ýola goýanam elbetde binýadyny Mustapa Kemal Atatürküñ tutan dünýewi respublikasydy. Häzir Pars aýlagynyñ arap ýurtlarynyñ gözüne Türkiýäni özüneçekiji edýän zat - türk teleseriallaryndan gören yslamy urp-adatlary bilen utgaşan zamanabap musulman ýaşaýyş-durmuş formasyny Stambul, Ankara, Izmir, Antalýa ýaly şäherlerden tapyp bilýändikleridir. Şonuñ üçin baý araplar hökman Türkiýeden jaý satyn alýarlar. Islendik barjamly arabyñ ýüreginde yslamy urp-adatlardan doly daşlaşmazdan Günbataryñ azatlyklarynyñ tagamyny almak bar. Edil şular ýagdaýy eýranly we owganystanly elitalar üçinem aýtmak mümkin. Ortagürp ýagdaýly müñlerçe eýranly her ýyl halaýan aýdymçylarynyñ konsertlerine tomaşa etmek üçin Antalýa we Stambul ýaly şäherlere gelýär. Kyrk bäş ýyl mundan öñ Homeýniniñ häkimiýey başyna gelmegi bilen ABŞ-na, Ýewropa gaçan Eýranyñ Emel Saýynlary, Ažda Pekkanlary, Erol Ewginleri garrandygyna garamazdan häzirem Antalýada, Stambulda konsert berýärler. Konsert zallary ölmänkä iñ soñky gezek ýaşlyk ýyllarynda diñlän söýgüli aýdymçylaryny diñlemek isläp gelen eýranly muşdaklardan dolup-daşýar. Owganystandan gaçan öñki režimiñ gurply ýolbaşçylary-da Türkiýedäki dünýewi sistemanyñ berýän mümkinçilikleriniñ we azatlyklarynyñ tagamyny alyp, agaýana ýaşamaga başladylar. Olaryñ birnäçesi edil häzir Stambulyñ iñ gowy raýonlatyjda Bosfora we Mermer deñzine bakyp duran willalarda bol-telki durmuşyñ hezilini görýär. Şeýle-de Türkiýede hiç kim bu adamlaryñ hasaplaryndaky million dollarlaryñ çeşmesini soramaýar. Türkiýe şol bir wagtyñ özünde ABŞ-da we Ýewropada ýaşaýan eýranly, owganystanly, siriýaly, yrakly maşgalalar üçinem pensiýa çykandan soñ ýaşamak üçin iñ ajaýyp ýerleriñ biri. Olar öz ýurtlarynda ýagdaýlaryñ gülala-güllük bolup gidendigini görmäge ömürleriniñ ýetmejegini bilýär. Şeýle hem olar soñky demlerini Günbatarda tabşyrmak islemeýär. Şonuñ üçinem olaryñ gözünde ömürleriniñ ahyrynda göwünleriniñ isleýän tradision we musulman ýaşaýyş-durmuş formasynda ýaşap boljak iñ ideal ýurt Türkiýe bolup galýar. Şol sanda Günbatara garanda durmuş bärde maddy taýdan gowy we sfera-da ideal. Demokratik hak-hukuklary gitdigiçe çäklendirilýän we eli-aýagy baglanýan, agyr ykdysady ýüküñ astynda uwlaýan ýerli türkler bolsa, bütin bu artykmaçlyklary duýmajak derejede agyr durmuş göreşini alyp barýarlar. Hiç kimse bu ýurtda ýaşaýşyñ gymmatlygy bilen gidişmekden ýana barha inçelip barýan we düýbi köwülýän, señseleýän demokratik azatlyklara, dünýewi ýaşaýyş-durmuş şertlerine, ýer bagyrtlaýan bilim sistemasynyñ hiline üns bermelidirem öýdenok. Türkiýäni edil häzir özüneçekiji we özboluşly edýän zat - onuñ yslamy geçmişi bilen günbatarly zamanabap gymmatlyklary utgaşdyrýan liberal ýaşaýyş-durmuş dünýägaraýşy we dünýewi dolandyryş sistemasydyr. Eger munam elden gideräýsek, onda ähli aýratynlyklarymyzy we özüneçekijiligimizi ýitireris. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Ýekşenbe, 14.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |