22:39 Türkiýedäki kowumdaşlarymyzy öz tarapymyza çekmeli | |
TÜRKIÝEDÄKI KOWUMDAŞLARYMYZY ÖZ TARAPYMYZA ÇEKMELI
Publisistika
Migrantlar we bosgunlar Türkiýäniñ iñ agyryly esasy problemalarynyñ biri bolup durýar. Bularyñ arasynda türki respublikalardan we Owganystandan gelen köp sanly kowumdaşlarymyzam bar. Kowumdaş bolan migrantlaryñ sanynyñ bir milliona ýetendigi çak edilýär. Ýagny bikanun ýa-da resmi ýahdaýda Türkiýedäki ähli migrantlaryñ sanyny on milliondan agandygy çak etsek, onda kowumdaşlar bularyñ her onusyndan birini düzýär. Kowumdaş migrantlary iki topara - talyplara we işçilere bölmek mümkin. Işçiler toparyny Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan ýaly türki respublikalardan gelen we umuman alanda eneke, öý hyzmatkäri ýaly işlerde işleýänler bilen Owganystanda respublikan režimiñ çökmeginden soñ işsiz galyp Türkiýä gelen ýaş türkmenlerdir özbeklerden ybarat kowumdaşlar emele getirýär. Umuman alanda dil we düşünişmek problemasy bolmandygy üçin, daşgyn ýa-da ýakyn dogan-garyndaşynyñ we tanyş-bilşiniñem Türkiýede bolanlygyndan bularyñ köpüsiniñ Günbatara gitmek ýaly pikiri ýok. Türkiýedäki ýaşaýşa añsat öwrenişýän bu kowumdaşlar Türkiýäniñ problemalaryny, gaýgy-gussasyny, şatlygynyñ biziñ bilen deñ başdan geçirýär, paýlaşýar, duýýar. Bularyñ islendigi iñ agyr işlerde iñ pes aýlyga işläp, yzynda galdyryp gelen 8-10 adamlyk maşgalalaryny ekleýär. Ikinji topary-da ýene şol ýurtlardan gelen türki gelip çykyşly talyplar düzýärm Orta Aziýaly talyplar öz ýurtlarynda ykdysady problemalar çuñlaşýandyyy üçin yza gaýtman Türkiýede galmagyny dowam etdirýän bolsa, owganystanly özbek we türkmen talyplary Taliban häkimiýeti sebäpleri ýurtlaryna gaýdyp bilenok. Talibanyñ iñ halamaýan we potensial howp hasaplaýan gatlagy okuwly-bilimli adamlar. Olaryñ özüniñem Taliban häkimiýetiniñ golastynda ýaşasy gelenok. Taliban ganojaklarynyñ golastynda ýaşamak okuwly-bilimli adamlar üçin sözüñ doly manysynda zyndan! Zyrrajym jahyl (barypýatan nadan) emirden (başlykdan) görkezme alyşyñyzy we her ömrüñe, akul-huşuña zyýan işleri etmäge mejbur boluşyñyzy göz öñüne getirip görüñ. Gyz talyplar üçin-ä ýagdaý hasam erbet. Türkiýede ýokary bilim alan ýüzlerçe türkmen we özbek gyzlary Owganystana gaýdyp barsa, başlaryna näme geljegini bilýär: jemgyýetçilik işinde işleme däl, öýden çykman oturmaly we uly ähtimallyk bilenem halamaýan adamyna durmuşa çykmaly. Ýogsam bolmasa, olar öñki respublikan režime çyny bilen ynanan lukman, inžener, mugallym, şepagat uýasy ýaly hünärler bilen ýurtlaryna dolanyp, halkyna hyzmat etmek isläpdiler. Talibanyñ gara bulut ýaly ikilenç gaýdyp gelmegi bilen hemme umyt-arzuwlar puja çykdy. Elbetde Türkiýe bir alajyny tapyp bosgun meselesini çözmeli bolar. Edil häzirki ykdysady şertlerde Türkiýäniñ bosgun ýüküni mundan artyk arkasynda götermesi kyn. Emma hiç kimsäniñ aýratynam biziñ bilen köñül we gan ýakynlygy bolan adamlaryñ göwnrne degmezlige üns bermeli. Meniñ pikirimçe-hä, kowumdaşlar boýunça etmeli iş şu: ilkinji nobatda Türkiýede ýokary bilim alan we häzirem aramyzda ýaşap ýören ähli kowumdaşlara gepsiz-gürrüñsiz dessine Türkiýe respublikasynyñ raýatlygyny bermeli. Azap çekip okadan bolsak, diýmek, olary ýurduñ ykdysadyýetiniñ galkynmagy üçin gerekli ýerlerinde ulanmak akylly-başly çemeleşme bolar. Owganystandan gelip, Türkiýäniñ oba ýerlerinde çopançylyk edýän, ekin meýdanlarynda işleýän türkmendir özbek kowumdaşlary maşgalalary bilen birlikse Siriýa, Yrak, Eýran araçäklerinde gurjak obalarymyza ýerleşdirmeli. Daýhançylykdanam, maldarçylykdanam gowy baş çykaryşlary ýaly, gerilla urşunda tejribeli bolandyklary üçin olaryñ goragyndan peýdalanyp bileris. Kyrk ýyllyk graždanlyk urşunda ýanyp-gowrulan bu adamlaryñ çagalygynda birinji tanşan zady oýunjagyñ ýerine hakyly sapançalardyr tüpeñlersi. Şeýdenimizde araçäkde 200 müñ esgerlik goşun bilen etjek işimizi birnäçe müñ adamdan ybarat 50-60 oba bilen edip, hem-ä Türk Ýaragly Güýçleriniñ işini ýeñlederis, hemem ýurduñ demografiki gurluşyny öz peýdamyza üýtgederis. Munuñ iñ gowy mysaly-da 1982-nji ýylda Wanyñ Erjiş etrabyna ýerleşen günlerinden bäri PKK-niñ gözünde ot ýakyp gelen owganystanly gyrgyz kowumdaşlarymyz. Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan ýaly türki döwletlerden gelen kowumdaşlaryñ maksady bolsa düýbünden başga, has dogrusy olaryñ maksady Ýewropa giden türk migrantlaryñky ýaly: öý, awtoulag, ýer almaga ýeter ýaly pul ýygnandan soñ ýurtlaryna gaýdyp barmak. Ýöne olaryñ gaýtma müddetleri uzadygysaýy ýurtlaryna gaýdyp barma planlary-da uzaýar. Ençeme ýyl bäri aramyzda ýaşap ýören we biziñ bilen köñül ýakynlygyny tapan bir milliona golaý kowumdaşymyzy Türkiýä gazandyryp biljek, munuñ peýdasyny diñe ýurt görer. Siziñ bilen köñüldeş, siziñ bilen meñzeş arzuwlary edip, meñzeş zatlary küýseýän, üstesine siziñ bilen birmeñzeş dilde gürleýän we birmeñzeş medeniýetde ýaşaýan adamlary añsat-añsat tapyp bilmersiñiz. Munuñ özi maşgala guranyñda özüñe rugy taýdan gabat gelýän adamy tapmak ýaly bir zat. Maşgala guranda dogry adamy tapyp bilseñiz, samanhana seýran bolar, durmuşyñyz jennete döner. Ýurt bolubam siziñ bilen birmeñzeş ideallary paýlaşýan, birmeñzeş arzuw-isleglerde gezýän adamlar bilen ýola çyksañyz, hiç bir böwet siziñ ýoluñyzy baglap bilmez. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Çarşenbe, 03.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |