17:21 Türkmen gahrymanlary: Ahmet Allaberdiýew | |
TÜRKMEN GAHRYMANLARY OLAR UNUDULMALY DÄLDIR
Taryhy şahslar
■ AHMET ALLABERDIÝEW Otuzynjy ýyllarda Ahmetleriň Allaberdiýewleriň maşgalasy kulakçylyga çekilip, Tagtabazaryň Erden obasyndan Özbegistana sürgün edilýär. 1942-nji ýylda urşa Ahmet arza berip gidýär. Ol 48-nji Merkezi armiýada, 1-nji we 2-nji Belorus frontlarynda söweşýär. 1943-nji ýylyň 21-nji fewralynda Polesskoý oblastynyň Periçeskiý raýonynyň Pagonina obasynyň ýanynda bolan söweşde Ahmet öz edermenligi bilen tanalan esgerleriň biri bolýar. Ol bu ýerde görkezen edermenligi üçin, «Şöhrat» ordeniniň 3-nji derejesi bilen sylaglanýar. Benlostokiskiý oblastynyň Belskoý raýonynyň Lýahi obasynyň golaýynda bolan söweşde Ahmet «Şöhrat» ordeniniň 2-nji derejesine mynasyp bolýar. Bu ordeni Ahmede söweş meýdanynda 48-nji armiýanyň komanduýuşşisi, Ýokary harby geňeşiň agzasy, general Istominiň hut özi gowşurýar. 1944-nji ýylyň 15-22-nji oktýabry aralygynda Warşawa woýowodalygynyň Butno Roslan Sowetiniň Napýurki obasynyň üstünde juda gazaply söweş bolýar. Sowet goşunlary 8 gezek yza çekilip, 8 gezegem ýene hüjüme geçibem, duşmanyň elinden ony gaňryp almaly bolýar. Şol söweşde duşmanyň otuz esger-ofiserini we bäş snaýper-kukuşka nokatlaryny ýok edenligi üçin, pulemýotçy Ahmet Sowet Soýuzynyň Gahrymanlygyna ýazylyp berilýär. Şol günleriň birinde Ahmediň gulluk edýän bölümine ady rowaýata öwrülen Sowet Soýuzynyň marşaly K.Rokossowskiý gelýär. Ol bölümden bu beýik ordene hödürlenenleri öz ýanyna çagyrdýar. Tanyşmak gezegi üçünji bolup duran Ahmede ýetende ol: – Sen nireden, ogul – diýip, ondan soraýar. – Men türkmenistanly, ýoldaş marşal... – Türkmen diýsene – diýip, nämüçindir ol bir pursatlyk bir zady ýatlap oýlanýar. Soňundanam ýene sorag berip, gürrüňini dowam etdirýär:– Sen komsomolmy, gwardiýaçy? – Ýok – diýip, Ahmet özüniň kulak çagasy hökmünde komsomola alynmandygyny ýatlap, ýere bakyp suslanýar. Köpi gören marşal edermen esgere dessine düşünýär we oňa: – Komsomol seniň ýaly edermen ogly öz hataryna kabul etse, elbetde, mynasybetlik gazanar... Ol soňra Ahmediň arkasyna kakyp, oňa atalarça sabyrly bolmagy maslahat berýär. – Zeleli ýok, oglum. Entek başyň ýaş. Sen duşmany gyryber, şeýt-de gyryber. Hany ilki ony ýeňeliň, onsoň ýeňiş ähli zady öz ýerli-ýerine goýar... – diýýär. Komandirleri Ahmedi Sowet Soýuzynyň Gahrymanlygyna mynasyp hasap etseler-de, oňa ýene-de kulak tagmasynyň päsgelçilik döredenligi belli bolýar. Oňa gahryman ýyldyzynyň ýerine «Şöhrat» ordeniniň 1-nji derejesi berilýär. Üç derejeli «Şöhrat» ordenini Ahmede bu belentlige söweş meýdanynda gaýduwsyz yzygider gahrymançylyklar görkezip ýetmeli bolýar. Polkdur diwiziýa komandirleriniň edermen pulemýotçyny ýene bir gezek Sowet Soýuzynyň Gahrymançylygyna hödürlemek islän gezegi 1945-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Alleşteýni azat etmek bilen bagly bolupdy. ...Bu ýerde nemes Ahmet dagynyň ýatan ýerine goýun sürüsini sürüp, olary al salyp almakçy bolýar. Pulemýot okuna gerňelen duşman pyýadalary yza çekilensoň, Sowetleriň garşysyna 9 tank hüjüme geçýär. Ahmet şonda öz üstüne bir «Ferdinandyň» eňterilip gelýänini görüp, haýdan-haý golaýda nemeslerden galan ot beriji fugas oklaryny görenini ýatlap, dessine olaryň birnäçesini öz ýanyna getirýär. Bagtyna Ahmediň birinji atan oky «Ferdinandyň» merkini berýär. Emma Ahmediň tank bilen çaknyşygy bu ýerde munuň bilen gutarmaýar. Ahmediň nireden ok atanyny gören, ýene bir tank öwrülip, onuň kastyna çykýar. Ony pulemýoty zady bilen gabşyryşdyryp, mynjyradyp öterli görünýär. Ahmet tizlik bilen ýatan ýerini üýtgedip, alkymlap gelen ikinji «Ferdinandyň» gapdalyndan ok ýagdyryp, ahyr ony hem otlaýar. Öz bölüminiň esgerleriniň hüjümine ýol açýar. Şol döwürlerde bir bada iki tanky urana gahrymançylyk berilýän eken. Ýöne gahrymançylyga hödürlensede, kulak çagasyna Gahryman adyny dakmagy ýene-de köp görüp, oňa bir söweşde iki sany 219960, 219962 belgili «Gyzyl Baýdak» ordenleri berilýär. Ol şeýdibem Watany «kulak oglunyňam» hiç kimden kem söýmeýänligini, onuň mertebe-mynasybete muwapyk oguldygyny subut edýär. Şol döwür Ahmet Allaberdiýewiň bu görkezen edermenligi hakda harby gazetler munuň ýaly bir söweşde iki «Gyzyl Baýdak» ordeniniň alynmagynyň gaty seýrekdigini haýran galma bilen ýazýarlar. Ahmet şondan soň Baltika kenaryndaky Pilau diýen ýerde ýaralanýar. Ol 1945-nji ýylyň 24-nji iýunynda Moskwada 2-nji Belarus frontunyň sapynda Ýeňiş paradyna gatnaşýar. Ahmet uruşdan gahryman bolup dolanyp gelenden soň, Akgorganda dürli wezipelerde işleýär. Ol oglanlyk döwri ýagşylyk eden Tursunbaý ekäni hem ýatdan çykarmaýar. Ol bahym Tursunbaý ekäniň maşgalasyny gözläp tapýar. Ýöne oňa Tursunbaý ekäniň özi bilen duşmak miýesser etmeýär. Tursunbaý eke 1944 nji ýylda batalonda gidip, şol ýerde hem ýogalan eken. Onup aýaly tanyşlyk berensoň: «Türkmen oglum gelipdir» diýip, ony gujaklap aglapdyr. Ahmede şol kömürli wakadan bir ýyl geçensoň, Tursunbaý ekäniň oglunyň bolanlygy eşitmek has hem ýakymly bolupdyr. #"Ojak" romanynyň üçünji kitabynyň 234-235-236-nji sahypalarynyň aşagyna ýazylan belliklerinden alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||