12:29 Türkmen medeniýeti | |
TÜRKMEN MEDENIÝETI
Edebi makalalar
Türkmenler dünýäde iň gadymy halklaryň biridir. Şu toprakda ýaşan iň gadymy sak-massagetleriň hem beýleki taýpalaryň süýrikelleli ýewropoýid jynsly bolmagy olaryň türkmenleriň ata-babalary bolandygyny şeksiz subut edýär. Şonuň üçin türkmenler Türkmenistanda owal-ahyr ýerli halkdyr. Türkmen topragynda emele gelen medeniýetiň–sungatyň, edebi mirasyň ýeke–täk eýesi hem şek–şübhesiz türkmenlerdir. Türkmeniň şöhratly geçmişi häzirki neslimize nusga alarlyk edep mekdebidir. Gadymy sak-masssaget ata-babalarymyzyň şasy bolan Tumar ogly duşman patyşasy Kire ýesir düşüp, olar Tumar patyşanyň oglyny sak–massagetlere ýesir düşen öz meşhur harby serkerdeleri bilen çalyşmak islänlerinde, Tumar patyşa olara "Ýönekeý esger harby serkerdä çalşylmaýar“ diýip jogap beripdir. Şu toprakda ýaşan gadymy sak–massaget ata–babalarymyzyň diňe bir daşky görnüşi häzirki türkmenlere çalymdaşlygyndan ötri, gadymy pederlerimiziň edim-gylymy hem şu günki türkmenleriňkä doly gabat gelýär. Tas iki müň bäş ýüz ýyl owal şu topraga syýahata gelen, taryhyň atasy hasaplanýan Gerodot „Sak-massagetler ol ýerde ýaşaýan beýleki taýpalardan tapawutlylykda olar ýaşulularyna aýratyn hormat goýýar ekenler, olar gelin–gyzlaryna hem aýratyn mähirli garaýarlar. Şonuň üçin olaryň arasynda köp aýallylyk hem häsiýetli däl.“ diýip ýazypdyr. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, şu toprakda Parfiýa şalygyny esaslandyran pederlerimiz her ýylda ýaşulular bilen geňeş edip, indiki etjek işleri üçin ýaşululardan ak pata alýar ekenler. Edil häzirem türkmeniň haýyrly işiň başyny tutjak bolsa, ýaşululardan ak pata alýandygyny hiç kim inkär edip bilmez. 1040-njy ýylda Togrul begdir, Çagry beg Seljuk şalygyny döredende, halk içinde Mäne baba ady bilen meşhur bolan Abu Sahyt Mähneden döwletiň rowaçlanmagy üçin aka pata alypdyr. Togrul begdir Çagry beg tagta çykandan soňam Mäne baba bilen hemişe geňeşip, ondan maslahat sorap, döwlet ähmiýetli işleri amal edýär ekenler, olar Mäne baba uly hormat edip, bu paýhasly piriň ýaşaýan Mähne şäherinde Mäne babanyň özüne degişli mülküniň içinde mawzoleý gurup beripdirler. Mäne baba Seljuk patyşalarynyň gurup beren mawzoleýinde ýedi ýyla golaý ýaşap, ol aradan çykanda hem, hormat bilen şol mawzoleýiň içinde jaýlanypdyr. Ynha şol döwürden häzirki günlerimize çenli Mäne babanyň mawzoleýi halkymyzyň, asla musulmanlaryň hormat bilen köp zyýarat edýän ýerine öwrüldi. Bu bolsa halkymyzyň öz gerçek ogullaryna hemişe çäksiz hormat bilen garaýandygynyň nyşanydyr. Türkmen şu toprakda döräp, halkymyzyň özen medenýeti-sungaty hem türkmen topragynda ýatyr. Ýöne pederlerimiziň bir bölegi kä wagt mežbury ýagdaýda ata watanlaryny dürli sebäpler bilen terk etmäge mežbur bolupdyrlar. Oguz ata–babalarymyz baryp bäş müň ýyl ozal Hindistan–Müsür aralygynda Oguz şalygyny esaslandyrypdyrlar, şol sebäpli türkmenler şol döwürde ady agzalan uly giňişlige ýaýrapdyrlar. Oguz şalygyna ýaýran gadymy pederlerimiz soňlugy bilen başga halklaryň kemala gelmegine hem oňaýly täsir edipdirler. Mysal üçin, türkmen topragyndan tas dört müň ýyl ozal göç eden sümerleriň (şumer hem diýilýär) Mesopomatiýa (häzirki Yrak töwrekleri) baryp, ol ýerde öz döwri üçin kämil medeniýeti kemala getirendigini olaryň taryhyny ilikdüwme öwrenen A.N.Kramer: "Taryh şumerlerden başlanýar“ diýen kitabynda jikme–jik beýan edipdir. A.N.Krameriň maglumat bermegine görä, şu toprakdan göçüp baran şumerler baryp 3-4 müň ýyl ozal öz döwri üçin kämil Gün kalendaryny düzüpdirler. Olar baran ýerlerine ekerançylygyň, maldarçylygyň täze ösen usullaryny eltipdirler. Baryp 3 müň ýyl ozal şumerler çagalaryny mugallyma okatdyrýan ekenler. Bu maglumatlat gadymy ata-babalarymyzyň dörediji halk bolandygyny subut edýär. Türkmeniň aýdym-saz sungaty hem gözbaşyny gadym döwürden alyp gaýdýar. Baryp şu toprakda ýaşan gadymy ata-babalarymyz häzirki küşt depdimize doly kybap gelýän sungaty ýerine ýetiripdirler. Mahmyt Gaznaly, Geljuklar şalygy döwründe köşkde sylanýan bagşy–sazandalaryň onlarçasy bolupdyr. Hatda şu toprakda ýaşan Parzua Sasanylar köşgünde ussat sazandadygy üçin uly sylag–hormata eýe bolupdyr. Parzua hakynda "Ol ussat günde bir saz döredip, bir ýylda 360 saz döredýär“ diýen jümle ýörgünli bolupdyr. Professor Nazar Gullaýew ýaly halypa alymlarymyz VI asyryň birinji ýarymynda özüniň sazandarlyk ussatlygy bilen Sasanylar köşgünde uly sylaga eýe bolan Parzuanyň halkymyzyň içinde dutaryň piri hasaplanýan Baba Gammar diýen tassyklamalary hakykatdan üzňe däl bolsa gerek. Asly oguzlardan bolan Muhammet Faraby özüniň çalýan gypjagy (dutara belli döwürde gypjak hem diýlipdir) bilen adamlary güldürip, agladyp, hatda ukladyp hem bilýär eken. Şonuň üçin türkmen aýdym–sazy gudrat hasaplaýar. Baba Gammar dutaryň piri hasaplansa, Aşyk Aýdyň pir hem aýdym-sazyň piri hasaplanýar. Şeýlelikde türkmen topragynda aýdym-saz bilen baglanyşykly iki sany uly piriň zyýarat edilýän ýeri bar. Baba Gammar Mary, Aşyk Aýdyň piriň aramgähi bolsa Daşoguz topragynda bagşy-sazandalaryň, galyberse hem tutuş halkymyzyň iň köp zyýarat edýän ýeridir. Aýdym–saz, esasanam saz halkymyzyň geçmişi bilenem gös-göni baglanyşyklydyr. Mysal üçin, türkmeniň Gökdepe söweşi bilen bagly 30 ýakyn saz, şonçarak hem aýdym döredilendigini aýtsak artykmaçlyk etmese gerek. Bu söweşe gatnaşan Mätäjiniň, Kätibiniň, Tilkiçi lakamly şahyrlarymyzyň Gökdepe söweşi hakynda ýazan elegiýa goşgulary halk içinde has hem meşhurdyr. Umuman türkmeniň aýdym –saz sungatynyň taryhy hem müňlerçe ýyla uzap gidýär. Taryhyň belli bir pursatlarynda kä bir din hadymlary aýdym-sazy näletlemäge hem synanyşypdyrlar. Emma bu zeýilli gürrüňlere Mahmyt Gaýyby: Saz bilen söhbete ýaman diýmäňler, Adam ata How dünýä gelende bardyr - diýen setirler bilen başlaýan „Gelende bardyr“ goşgusy mynasyp jogap bolupdyr. Şol sebäpli türkmen halky elmydam aýdym–sazy gowy görýän halk ekeni. Hatda nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň uly bölegi bagşylaryň üsti bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Taryhda dünýä ýaň salan medeniýetiň eýesi bolan türkmenler gadymdan dowam edip gelýän medeniýetimizi häzirkizaman medeniýetimiz bilen utgaşdyryp kämilleşdirýär. Indi iki ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen her ýylyň 23-29 iýun aralygynda Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Medeniýet hepdeligi geçen ýyl Awazada, bu ýyl bolsa Daşoguz topragynda geçirildi. Medenýet hepdeliginde bagşy–sazandalarymyza, azyjy–şahyrlarymyza, umuman medeniýet–sungat işgärlerimize biri–biri bilen şahsy, hatda giňişleýin döredijilik boýunça tanyşmaga şert döredýär. Şu ýyl Daşoguzda geçen Medenýet hepdeliginde ýurdumyzyň çar künjeginden gelen dürli ýaşdaky bagşy–sazandalarymyz özleriniň şirin owazy bilen çykyş etdiler. Bu ýerde medeniýet-sungatyň dürli ugry bilen meşgullanýan adamlarymyza hem öz hünär ussatlygyny görkezmäge giň mümkinçilik açyldy. Ussat zergärlerimiz, nakgaşlarymyz, suratçylarymyz, tikinçilerimiz özleriniň nepis hünär ussatlygyny görkezdilder. Daşoguz topragynda medeniýetiň dürli ugurlaryna degişli Halkara sergiler gurnaldy. Daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda medeniýete–sungata degişli ylmy amaly, nazary maslahatlar geçirildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Halkara sungat sergisi hem gurnaldy. Halkara sungat sergisinde türkmen medeniýet-sungat işgärleriniň iň kämil döreden sungat eserleri görkezildi. Ol Halkara sungat sergisini synlan raýatlarymyzam, daşary ýurt myhmanlaram halkymyzyň gadym döwürden şu gününe çenli medeniýet-sungat gözelliginiň şaýady boldular. Medeniýetiň-sungatyň dürli ugurlary boýunça çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda bäsleşikler geçirildi, bu bolsa kämillik ýaşyna ýetmedik nesillerimize öz zehinlerini görkezmäge uly ýardam etdi. Bu ýylky Medeniýet hepdeligi mazmuna örän baý boldy. Anyk düzülen meýilnama boýunça medeniýetiň–sungatyň dürli çäreleri geçirildi. Täze opera oýny, sungat ussatlarynyň görkezen gysgajyk sahnalary, estrada, halk saz gurallary boýunça bagşylarymyzyň, sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym –sazlary türkmeniň gadymy we şu günki medeniýetini sazlaşykly utgaşdyrdy. Dessançy bagşylarymyz halk eposlaryny, dessanlaryny, sözüň hakyky manysynda janlandyrdylar. Ýaş oglan–gyzlarymyzyň ýerine ýetiren tanslary öz köküni gadymdan alyp gaýdýan sungatdygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Ýerine ýetirilen küştdepdiler bolsa türkmeniň gadymýetiniň we şu gününiň şahyrana beýany boldy. Medeniýet hepdeligi bu ugra dahylly adamlaryň pikir alyşmagynyň, dostluk-doganlygy berkitmegiň, döredijiligi we ideýany kämilleşdirmegiň mekanyna öwrüldi. Dünýäniň 30 ýakyn döwletinden gelen medeniýet-sungat işgärleri, şol ugur boýunça alymlar türkmen medeniýetiniň-sungatynyň gadymyýetden şu güne çenli ýeten derejesini öz gözleri bilen gördüler. Medeniýet hepdeliginiň iň soňky gününde 28-nji iýunda jemleýji konserti has hem şüweleňli boldy. Bu konserte Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has hem artdyrdy. Bu jemleýji konsertde öz ýerli sungat ussatlarymyz bilen birlikde Hytaýdan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azebaýjandan, Ermenistandan, Täjigistandan gelen sungat ussatlarynyň, ýaş aýdymçylarynyň hem iň oňat aýdym-sazlary ýaňlandy. Medeniýet festiwalynyň jemleýji konsertinde Halkara sungat sergisine gatnaşyjylara diplomlary, çäreleri gurnamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan döredijilik toparlaryna minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak çäresi hem bolup geçdi. Medeniýet hepdeligine çagyrylan daşary ýurt myhmanlary türkmen medeniýetiniň-sungatynyň şu günki ýeten derejesini gözi bilen gördüler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda indiki ýyl Medeniýet hepdeligi Lebap welaýatynda geçer. Eýýam indiki ýyl Lebap topragynda geçjek Medeniýiet hepdeligi döwründe gurlup ulanylmaga beriljek döwlet ähmiýetli binalaryň meýilnamasy düzülipdir. Garaz, indiki ýyl geçjek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk işleri bolsa eýýäm şu günlerden güýçli depgin bilen başlanypdyr. Bu bolsa gadymy medeniýetiň-sungatyň eýesi bolan halkymyzyň öz asylly däbini gözüň göreji ýaly goraýanlygynyň anyk subutnamasydyr. 2014 ý. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |