20:17 Türkmen soltany Ýakup üçin çekilen hasrat | |
TÜRKMEN SOLTANY ÝAKUP ÜÇIN ÇEKILEN HASRAT
Edebi makalalar
Soltan Ýakup türkmenleriň baýandyr taýpasyna degişli Uzyn Hasan begiň ogludyr. Uzyn Hasan begiň zamanynda akgoýunly türkmenleriň döwleti Günorta Azerbaýjany, Ermenistany, Yragy, Pars we Kirman weaýatlaryny öz içine alýar. Soltan Ýakubyň döwründe ýurduň paýtagty Töwriz edebiýatyň rowaç alýan merkezleriniň birine öwrülýär. Soltan Ýakup şahyrlar, alymlar bilen oňat gatnaşykda bolup, bu türkmen soltanynyň köşgünde ýüzden gowurak şahyr zähmet çekipdir. Soltan Ýakup Nowaýy, Abdyrahman Jamy ýaly söz ussatlary bilenem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Bir gezek Alyşir Nowaýy Abdyrahman Jamynyň “Külliýatyny“ (eserler toplumyny) Hüseýin Abiwerdi diýen şahyrdan Soltan Ýakuba ugratmak isläpdir. Emma kitaphanaçynyň ýalňyşy bilen Abdyrahman Jamynyň eserine derek, başga bir kitap Soltan Ýakuba ýollanypdyr. Mundan habarsyz Hüseýin Abiwerdi Soltan Ýakuba Alyşir Nowaýynyň salamyny ýollap, oňa Abdyrahman Jamynyň “Külliýatyny sowgat hökmünde iberendigini aýdýar. Soltan Ýakup minnetdarlyk bildirip, Hüseýin Abiwerdiden ýoly arman geçirdiňizmi?! diýip soranda ol: “Patyşam, men ussat halypamyz Abdyrahman Jamynyň “Külliýatyny” okap, uzak ýolyň nähili geçendigimi hem bilmedim“ diýipdir. Ýöne soňra Hüseýin Abiwerdi hem iberilen kitabyň Abdyrahman Jamynyňky däldigini bilipdir hem ýalan aýdanlaryna ýüzi gyzypdyr. Elbetde, kitaphanaçyň bu ýalňyşlygy soňra düzedilip, Soltan Ýakuba ussat Jamynyň “Külliýaty” gowşurylypdyr. Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy Soltan Ýakup bilen gaty gowy gatnaşykda bolandygy üçin Soltan Ýakup bu beýik ussatlaryny birnäçe gezek köşgünde myhman alypdyr. Abdyrahman Jamynyň, Nowaýynyň gatnaşmagynda Soltan Ýakup köşk şahyrlary bilen birnäçe sapar edebi çekişme gurnapdyr. Abdyrahman Jamy “Ýedi tagt“ atly eserler toplumynyň ikinji kitabyny, 1480-1481-nji ýylda ýazan “Salaman we Absal“ poemasynda Soltan Ýakuba bagyşlap, ýörite 41 setir kasydany düzüpdir. Soltan Ýakup on dört ýyl patyşalyk edip, 1491-nji ýylda 28 ýaşynda aradan çykypdyr. Soltan Ýakubyň biwagt ölümine döwürdeş şahyrlarynyň birnäçesiniň seslenip, elegiýa ýazandygyny aýtmak gerek. Halypa alym Gandym Gurbanow 1974-nji ýylda “Edebiýat we sungat” gazetinde “Soltan Ýakup“ diýen makla bilen çykyş edipdir. Bu halypa alym Soltan Ýakubyň ölümine bagyşlanan elegiýalaryň birnäçesini ýokarda agzalan makalasynda mysal getiripdir, ynha, olaryň käbiri. Möwlana Binaýynyň goşgusy: Ne Ýusupdan nyşan tapdym, ne-de Ýakupdan heser, Eý, ýaranlar, Ýusup ýitdi, galdy Ýakupdan heser. Gündogaryň beýik söz ussady Abdyrahman Jamy-da Soltan Ýakubyň ölümini agyr ýitgi hasaplap, şu elegiýany düzüpdir: Galmady ol är ýigit zalym hijran elinden, Ýok, indi bu älemde ýagşy iş geljek elinden, Şum ykbalyň möwjünden jöş uran pelek Nili Aldy Ýusup–Ýakuby ajal Müsür ilinden. Alyşir Nowaýy Soltan Ýakup aradan çykanda, onuň çeken hasaratynyň Ýakup pygamberiň Ýusup pygamber ýitende, çeken ahyndanam agyrdygyny beýan edip, şu gamgyn elegiýa rubagysyny ýazypdyr: Ýürek Ýakup sary urundy durman, Ýakup gitdi Ýusup ýüzüni görmän. “Ýakup“ diýip, meniň çeken azabym, Ýusup üçin Ýakup çekmedi arman. Görnüşi ýaly, Soltan Ýakubyň ölümi döwürdeş şahyrlary üçin agyr hasrat bolupdyr. Çünki Soltan Ýakubyň özem ýiti zehinli şahyr bolup, dörediji adamlaryň, türkmen şahyrlarynyň onlarçasyna howandarlyk edipdir. Soltan Ýakup ömrüniň gül wagtynda awy berlip öldürlipdir. Onuň ölümi häkimlik ugrundaky doganlyk basdaşlygyň netijesidir. Ony öldürmek üçin edilen dildüwşüge doganlarynyň, hatda ejesiniňem gatnaşandygy barada maglumat bar. Ýöne şu hakykat belli: Garagoýunly, Akgoýunly şalygy biri-biri bilen mydama urşup gezipdirler. Şonuň üçin häkimlik Garagoýunly hem Akgoýunly türkmenleriň arasynda elden-ele geçipdir, Soltan Ýakubyň pajygaly ölüminden soňra bolsa tizara bu şalyk ýykylypdyr. Emma Garagoýunly hem Akgoýunly türkmenleriň pars hem türkmen dilinde baý edebi mirasy biziň günlerimize gelip ýetdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |