16:18 Türkmen Şygryýeti ~ Türkmen Ruhy -4: Şygryýetde türkmen ruhunyñ kökleri -2 / dowamy | |
Beýik şahsyýetleriň öz ruhy döredijilik mümkinçiliklerini doly ýüze çykaransoň, saglyk ýagdaýynyň juda oňatlylygyna garamazdan, birden ýogalyp gidýändikleri hakynda ynanç gatyşykly pelsere bar. Meniňçe, bu täsinlik üns bereniňe degýär. Sebäbi bu howaýy ynanç ýa mistika däl. Bu ýerde ýaşaýyş kanunlarynyň hökmürowanlygy görünýär. Syryň açylansoň sen hiç kim! Çünki dünýä seniň syryňy aňlamak bilen seniň içki barlygyňy özüne geçirdi, seni «boşatdy», seni öz-özüňkilikden mahrum etdi. Ýaşaýşyň many barlygynyň içki gatlaklarynda tolkun atýan bu beýik filosofiki hakykat bir zady tassyklaýar: Magtymguly aýtmyşlaýyn, «Ýaranlar, ýetme ýok subhan syryna!» Eýsem-de bolsa, Allatagalanyň öz ýaradan adamlarynyň paýhasyndan hem elinden ölesi gelýän däldir-ä!
Edebiýaty öwreniş
Emma owadan hem kämil süňňi şeýle pelsepelere yş açýan «ite» gaýdyp geleliň. Men ýedi bentlik şygryň ýedinjisine ýetmän, onuň mazmunyny özümçe hem özüm üçin häzirki gyzyklanýan meselämiň çäklerinde açandyryn öýdemok. Çünki biz şol ýedinjä – eseriň many ýaşaýşynyň şahyrana syrlylygyň gaýyplyk serhedine geçýän ýerine entek ýetmändik. Ine, şol pursat: … Köçede keýp bilen it üýrse batly Onuň daş ýüregin oda daglardy. «Üýrüber, doganym, sen örän bagtly, Üýrüber, doganym!» diýip aglardy. O nähili?! Bizi şu wagta çenli «şu jansyz-da» diýip ynandyryp gelen şahyr indi ony agladyp otyr-la?! Jansyzlygy nygtalyp-nygtalyp, tekrarlap-tekrarlap gelnen, hut şol nygtalmanyň üstünde şygryň bar jadysy, şahyrana «içi-daşy» gurnalan it indi janlanaýdymy? Logiki gapma-garşylykmy? Barlyk, onuň zatlarydyr hadysalary formal logikanyň darlygyna sygmaýar. Şahyr itiň jansyzlygyny iň soňky gezek, iň güýçli suratda tassyklamak üçin ony janlandyrdy. Durmuşyň özünde gabat geläýjek ýasamalygyň janly-jansyzlygy indi şygyrda jansyz janlylyga öwrüldi. Ol hem jansyz, hem janly, jansyzlygy üçin janly! Muňa beýik sungatyň dialektikasy diýip bolar. Dialektika diýmek bolsa barlygyň ýaşaýyş dartgynlylygynyň bir pursatda bitewileşmegi diýmekdir. Men – göwre bilen ruhuň mehaniki, el bilen edilendäki sepleşigi däl, men – hem göwre, hem ruh. Dünýä şol bir wagtda ölüp, şol bir wagtda-da ýaşap dur. Elbetde, dünýäde ýöntem düşünýän adam, muny göz öňüne-de getirip bilmez. Aslynda bu düşünilýän däl-de, «tutulyp alynýan» hakykat. Gurbannazar Ezizowyň barlygy, şeýle dialektiki suratlandyrmak ussatlygy ruhumyzyň kämilligine, kämil çykanlygyna güwä geçýär. Aýdaly, türkmen ruhunyň hem sungatynyň G.Ezizowdan öňki derejesinde şu itli mesele nähili beýanyny tapyp bilerdi? Aňymyň hyýalat ukybyny işledip aýtsam, ol şahyr, megerem, şeýderdi: durmuşdaky şol ýasama itiň bolşuny, sypatyny ýarym guraksy, ýarym owadan jümleler bilen, adaty sözler bilen beýan ederdi, onuň ýaşamalygyny gönümel beýan ederdi. Iň soňunda beýle bolmaly däldigi hakynda iki setir ündewi ýelmäp goýbermegi-de ähtimal. Emma biziň şahyrymyz nädýär? Ol estetiki nukdaýnazardan bakyp aýdanyňda, obrazy täze dialektiki basgançaga çykarýar: ol allegoriýany simwola öwürýär. Bu ikisiniň tapawudy näme? Allegoriýa – jansyz surat, kopiýa, ol hakykaty birtaraplaýyn beýan edýär. Simwol bolsa hakykatyň mazmunyny emele getirýän iki tarapy hem janly utgaşykda alýar. Allegoriýada surat bilen pikir suwda eremedik ýag ýaly aýry-aýry boluşyp durlar. Simwol bolsa sungatdaky (diňe bir sungatdamyka?!) dialektikadyr. Simwol – bir elde iki garpyz, hatda ondanam köp garpyz tutmakdyr. Allegoriýa durmuş hadysasyny howaýy pikiriň galybyna öwürýär, ony «öldürýär». Simwol hem durmuş hadysasynyň ilkibaşky terligini, ýaşaýyş gülüniň ysyny saklaýar, hem ruhuň täze many gatlagyny döredýär. «Ýaşaýyş» diýilýän hadysanyň düýp manysyna hem pelsepesine düşünmek üçin bu örän möhümdir. Ruhuň diriligi näme? Ömür näme? Ýaşaýyş näme? Şeýle düýpli meselelere sungatyň ýa durmuşyň anyk hadysasy arkaly akyl ýetirmek zerurdyr. Biz öz milli ruhumyzyň şu meseledäki miwelerine edebiýatymyzyň üsti bilen ýetýäris. Gurbannazar, Nobatguly ýaly şahyrlarymyzyň pelsepeler dünýäsi ruhumyzyň çäçleridir. Meseläniň doly jemlemesine geçmezden owal, şahyryň itler baradaky ýene bir goşgusyna ser salyp göreli. Bu atsyz şygyrda nusgawyy türkmen mukamynyň melanholiýasy – kalbyň jümmüşinden gelýän filosofiki gussasy bar. Oňa gussaýy (ekzistensial) hasrat – ýaşaýşyň panylygyny syzmakdan döreýän hasrat diýip aýtmak bolar. Oba. Aşgam. Daş-töwerek garaňky hem asuda. Hatda baglaram ygşyldanok. Obanyň itleri bolsa uzyndan-uzyn üýrüşýärler. Şygryň şahyrana barlygy düşnüklidir. Çünki oňa düşünmeseň, kalbyňa täsir etmese, eseriň çeperçilik taýdan göwnejaý däldigi bolýar. Emma has içki barlyk-da – eseriň many barlygyna, kalba edýän täsirleriň sebäbini özünde saklaýan barlygyna aralaşmak üçin bu ýerde «üýrmegiň» hem, «gijeligiň» simwoliki manysyna hem, olaryň özara gatnaşygyna hem üns bermeli. Keýpiň äheňi ýok olaň sesinde, Duýlanok sesinde köňlüniň şady. Aýralykmy? Geçen günden ahmyrmy, Ýalňyzlykmy –– Ýekeligiň perýady? Için dökýän ýaly biri-birine Üýrüp-üýrüp öz möhleti ýetende, Obaň ol çetinde goýýar birisi, Beýleki başlaýar gaýra çetinde. Itleriň adamlaşdyrylýandygy görnüp duran zat. Şahyr tarapyndan inkär edilýän zatlar – garaňkylyk hem ümsümlik. Garaňkylyk dünýäniň jansyz göwresi bolup durýar. Ümsümlik hem şondan gelip çykýar we durmuşyň togtanlygyny, durgunlygyny aňladýar. Hatda itleriň üýrmesi – bu güýçli sesler hem garaňkylygyň hem ümsümligiň gapma-garşylygy däl-de, şolaryň dowamy bolup görünýär, olaryň döredeýän hasraty bolup dur. Meniňçe, bu ekzistensial ahwalatlaryň bary bir zatdan – eseriň many barlygynyň iň jümmüşinde, aňrybaş çuňlugynda ýatan bir zatdan – wagt duýgusyndan gelip çykýar, olar şygyrda hatda doly ýerleşdirilmedik, ýöne şahyryň kalbynda bolan wagt meselesinden gözbaş alyp gaýdýar. Gijelik – wagtyň duranlygynyň, togtanlygynyň, wagtsyzlygyň simwoliki aňladylmasydyr. Megerem, eseriň duýga üýtgeşik täsiri şondan gaýdýandyr? Wagt – ýaşaýyş hem ölüm. Filosofiki manyda bularyň ikisi-de bir zat ahyryn. Çünki ölümi-de adam aňynyň düşünjeleri bilen pikirlenip adamyň dilinde ýerleşdirip, aňladyp bolýar. Wagtsyzlygy bolsa göz öňüne getiribem, aňladybam bolanok. Diýmek, çyn ölüm, tükeniksiz ölüm hut şoldur. Dünýäniň özündäki ýaşaýşyň bir ýüze çykmasy bolan gijelik bolsa bu ýerde ýoklugyň, aýralygyň ekzistensial aňlatmasydyr. Daňyň agarmagy, durmuş şemaly – ine, onuň garşysyna goýulýan barlyk. Şahyryň «durmuş şemaly» özüniň many mümkinçiligi boýunça ýoklugyň, biwagtlygyň gapma-garşylygydyr. Çünki şemal bar ýerinde ümsümligiňem, hereketsizligiňem bolmagy mümkin däl. Şeýle şygryň döredýän ahwalatlary seni wagtyň ontologik tebigaty baradaky oýlanmalara iterýär. Ömür – wagtyň ynsançylyk mazmuny bilen dolmagydyr. Şu şygyrdaky wagtyň adam kalbyna şeýle ganym görünýänliginiň sebäbi – ol sap fiziki wagt, manysyz wagt. Çünki onuň esasy sypatlary – garaňkylyk hem ümsümlik, sessizlik, jansyzlyk. Diýmek, tersine pikir ýöredeniňde, ölümiň gapma-garşylygy bolan bakylyk – ruhuň dünýäsidir. Ruh bolsa fiziki wagtyň çäginiň aňyrsyndaky bir ýerdäki barlyk däl-de, (men asla wagtyň çägini göz öňüne getirip bilemok) wagtyň aňrybaş derejede intensiwleşmegi we mazmun konsentrasiýasydyr, şeýdibem, onuň täze bir hile geçmesidir. Şeýlelikde, bu goşgular Gurbannazaryň, onuň üsti bilen bolsa hemmämiziňem ömür hem durmuş fenomenine gatnaşygymyzy özünde jemleýär. Men käte ol filosofiki mazmuny şahyryň beýleki eserleri hem onuň ýaşan jemgyýetiniň manysy bilen baglanyşdyryp görýärin. Şahyryň ýokardaky goşgularynda dirilik hem onuň wagta gatnaşygynyň görnüşi berlipdir. Dirilik hem, ölüm hem wagtyň içinde ýaşaýar. Gürrüňi edilen şol ýasama it wagtyň içindäki dirilige, ýaşaýşa ukypsyzlygyň özboluşly hem täsin bir şekilidir. Ýaşaýyşdaky, wagtyň içindäki ölüm gaýyplygyň, ýoklugyň özi däl, emma ol ruhy manydaky dirilik hem däl, ol şahsyýet däl. Şol ýasama itiň ähli barlygy ýerbe-ýer, janly itiňki ýaly ähli daşky ýaşaýyş alamatlary bar, emma ol jansyz; ol bu dünýäniň bir bölegidigine garamazdan, janlylyk, ruhulyk, çyn dirilik dünýäsinde onuň orny ýok. Degişli döwrüň türkmen paýhasynyň iň kämil derejesi bolup duran bu filosofiki konsepsiýany iki ugur – durmuşyň özi babatda hem-de sungat babatda ulanmak mümkin. Ol ýasama it size durmuşda gury san bolan käbir adamlary ýatladýan-a däldir? Daşky görnüşi bar ýaly, bir görseň ýok ýaly. Daşky sudury bar-da, içki «meni» ýok, mazmuny ýok. Özleriniň duýgulary, pikirleri bilen many barlygynyň gapysyndan garap görmedik adamlar. Gaýyplyk bilen hakyky barlygyň araçäginde bir ýerde ýaşap däl, gün geçirip ýören adamlar. Wagty deňinden geçirýän, onuň öli boşlugyny many bilen dolduryp bilmeýän adamlar. Beýleki tarapdan, şu barlyk – gaýyplyk pelsepesini sungat babatda ulanyp görýärin. «Sungat» diýmek, elbetde, «döretmek» diýmek. Emma: «Men döredijidirin!» diýýänleriň ençemesiniň döreden zatlary şol ýasama iti ýada salýar. Olar öli çaga dogran enä meňzeýärler. Onsoň ýokardaky ýasamalyk-dirilik filosofiki görnüşi bu ýerde özboluşly mana eýe bolýar. Men käbir şahyrlarymyzy ýatlaýaryn. Şonda meniň «şahyr» diýen söze nebsim agyrýar. Bu ady körzehinem, ýarym zehinem göterip, zehinliň üstünden hemle atyp, hatda oňa badak salyp ýör. Itiň boýnundan göwher asan ýaly bir zat bu! «Şahyr» sözi öz kysmatyna aglaýan bolsun gerek! Men esasy gürrüňimden daşlaşmaýyn. Käbir şahyrlar ýazyp-ýazyp, diňe endikdir tejribä berilýän daşky kämillige – şygryň tehniki kämilligine – kapiýanyň, bentleriň, setirleriň, garaz, şowlulygyna ýeten kişileriň «men-menligini» nädip syndyrarsyň?! Sungat tejribedir endige berilýän zatmydyr? Sungatyň diriligini senetçiligiň ýasama gysyrlygyndan nädip tapawutlandyryp hem şol senetçileriň gözüne basyp bolar? Durmuşdaky dirilik bilen sungatdaky diriligiň, bulardaky ýasamalygyň – ölüligiň düýp filosofiki manysy bar ahyryn. Şonuň üçinem ýaşaýşyň düýp filosofiki manysy meselesindäki garaýyşlary ýüze çykarmakçy bolsaň, ömrüň hem sungatyň baş filosofiýasyny gözlemeli hem tapmaly. Ilki bilenem «ömür» diýen ýaşaýyş fenomenine ýasamalyk – dirilik pelsepesiniň üstaşyry göz aýlap görmeli. Gurbannazar Ezizowyň poeziýasy bize kämil şahsyýeti berdi. Ol şahsyýet adam ömrüniň manysyny gözleýär. Many gözlemek hem şol gözleglerden many ýasamak şahsyýetiň ruhy kämilliginiň görkezijisidir. Türkmen dilinde wagtyň mana gelmeginiň üç hili usulyny aňladýan üç sany söz bar. Şol üç usula wagtyň barlyk tebigatynyň kemala gelmesi diýip aýdyp bolar. Olar ýaşaýyş, durmuş hem-de ömürdir. Durmuş – munuň özi wagtyň sosiallaşmagydyr. Adamzat jemgyýeti, adam şahsyýetiniň şol jemgyýetçilik bilen baglanyşykly mazmuny durmuş barlygyndaky hadysalardyr. Jemgyýet – jemagat. Şonuň üçinem bu barlyga toplum, köpçülik bolup ýaşaýan haýwanlaryň hem ýaşaýşy degişlidir. Durmuş filosofiki mazmuny boýunça köptaraply däl, ýönekeý hem-de ählumumy wagt barlygyndan ep-esli üzňeleşen sferadyr. Durmuş şahsyýetiň özgeler bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan kemala gelýän jähetlerini amal edýär. Durmuş – obýektiwlikdir. Şonuň üçinem ol subýekt bolup duran şahsyýete ýowuz daraýar. Elbetde, ol şahsyýete köp zat berýär, emma ony öz hasabyna geçirmekden ötri berýär, durmuş almak üçin berýär, «özi» «özgä» öwürmek üçin işleýär. Ikinji wagt barlygy – ýaşaýyş. Ýaşaýyş sap ontologik barlykdyr. Munuň çäkleri örän giň, gözýetiminiň nirede tamamlanýany-da belli däl. Ýaşaýyş – älem. Ol ählumumy tebigatyň barlygydyr. Bu ýerde adam filosofiki heserlenmelere hem hyýallara ýolugýar. Ýaşaýyş – kosmos, heňňamdyr. Ömür bolsa üçünji barlykdyr. Bu adam ruhunyň, emma şahsyýet ruhunyň barlygydyr. Ömür wagt taýdan iň çäkli barlyk, ýöne mazmun taýdan iň dykyz barlykdyr. Çünki munda ruh, özem şahsyýet görnüşindäki ruh höküm sürýär. Ömür – iň manyly, gymmatly barlykdyr, sebäbi şahsyýet bolup kemala gelen ruh bütin barlyga gapdaldan seretmäge hem-de tutuş barlygyň manysyny kesgitlemäge ukyplydyr. Bu hakda adamzadyň pygamberleriniň biri Dawut barada hadysda şeýle aýdylypdyr: hezreti Dawut Allatagala ýüzlenip: «Eý, Biribar, Sen meni näme üçin ýaratdyň?» diýip sorapdyr. Şonda Allatagala: «Meniň öz-özümi keseden synlasym geldi» diýip, jogap beripdir. Çünki, diňe adam şahsyýetine akyl berlendir. Adamzatda akyl ýokdur, adamzat şahsyýetleriň hil jeminden kemala gelýän umumylyk, umumylykda akyl bolmaýar, onda ýörelgeler, däpler hem endikler bolýar. Emma bu üç barlygy bir-birinden aýry hem üzňe ýaşaýan zatlar hökmünde göz öňüne getirmegiň nädogrulygy öz-özünden görnüp dur. Ömür – adam şahsyýeti durmuşda hem ýaşaýyşda kemala gelýär. Biziň şahyrymyz Gurbannazaryň şygyrlarynda şol kemala geliş filosofiki maňyzlylyk hem-de ussatlyk bilen suratlandyrylypdyr: Men özümi aýamadym hiç ýerde – Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde. Aglamda geň galdy terkidünýäler, Bagtlylar geň galyp bakdy gülemde. Söýemde şeýle bir ýürekden söýdüm, Onuň bir öýjügnem boş goýmadym men. Adam söýsem, kimligine garaman Söýdüm üstünligin, ýetmezi bilen. Ýaşamak – özüňde bar bolan ähli energiýaňy, gujuryňy sarp etmek. Çünki adam şahsyýeti amal edilmeli birnäçe mümkinçilikleriň gorudyr, jemlenmesidir. Ömür haýsydyr bir wagt nokadyndan başlanýar, haýsydyr bir nokatda-da tamam bolýar. Şol iki aralygyň boş bolmagy ýa-da doly bolmagy adamyň özüne, onuň kämilligine baglydyr. Ömrüň mümkinçilikdigini aňladýandygy üçinem adam ähli durky-düýrmegi bilen, hyjuw bilen ýaşaýşa berilmelidir. Bir nokatda dursaň, wagt seniň garşyňa işleýär. Sen wagtyň daşyndan aýlanyp däl-de, içinden geçip gidip, öz hereketleriň bilen ony mana – barlyga öwürmeseň, wagt seniň üstüňden geçip gidýär hem seni ýokluga öwrüp taşlaýar. Şonuň üçinem adam ömrüniň manysy – hereketlilikdedir. Hereket – bir nokatdan ikinji bir nokada geçmek. Emma wagtyň hereketi bilen adam ömrüniň hereketiniň tebigaty düýpgöter tapawutlanýar. Wagtyň hereketi entek öz-özünden adam üçin manyly hem peýdaly bolup bilmez. Adam öz ruhy manyly hereketleri bilen wagty öz eline almaly hem ony öz gymmatyny tassyklamagyň, özüňi ykrar etmegiň serişdesine öwürmeli. Munuň üçin bolsa kämil şahsyýet bolmaly. Emma kämillik taýýar hem birbada berilýän zat däl. Ömrüň özi kämilligiň kem-kemden kemala gelmesidir. Kämillik ýoly – öz-özüň bilen göreşmek ýoludyr. Biz öz-özüň bilen göreş hakynda, onuň ahlak manysy hakynda köp gürrüň edýäris. Emma öz-özüň bilen göreş – munuň özi öz durkunda ömrüňi boş geçirmäge bolan meýilleriň, endikleriň hem höwesleriň garşysyna göreşdir. Käşgä adam özüniň iň ganym duşmanynyň öz içinde oturanyny bilsedi! Doly manyly adam ömri çiglikden kämillige tarap uzap gidýär. Çiglik – çyglyk bilen bir zat. Çig – bişmedik, entek doly gymmatyna gelmedik, şonuň üçinem ýaramsyz haldaky bir zatdyr. Çyglyk bolsa «entek çykarylmaly, sykylyp aýrylmaly» diýmekdir. Wagtyň beýleki janly-jemendä – ösümliklerdir haýwanlara garaýşy adama garaýşy bilen deň däl, eýsem, tersine, olary wagtyň özi kämillige ýetirip-bişirip berýär, çünki olar wagtyň özüniňkidir, onuň elindäki serişdelerdir. Adam ruhunyň bolsa özi bişmeli, öz kämilligini aňy hem ýürek güzaplary bilen gazanmaly. Şony gazanyp bilse, ol özakymlaýyn hem erksiz ýaşaýan fiziki barlygyň üstünde özüniň beýik ruhy barlygyny ykrar edip bilýär. Gurbannazarda ömrüniň kämilligi uly ahlak-filosofiki mesele hökmünde Merkezi çykýar, şol meseläniň şahyryň poeziýasynyň merjen dänelerini kemala getirýän dürli çeperçilik jähetleri bolup, ol meseläniň her bir beýik şahyr ýaly, hudožnik kimin çözgüdini tapýar. Şeýle çözgüdiň çeperçilik gymmatynyň iň umumy manysy şahyryň ömür hakda gürrüň bermän, eýsem çylşyrymly ahlak-psihologik proses hökmünde ömrüň özüni görkezip bilýänligindedir. Ine, men öz-özüm bile göreş, durmuş (ýaşaýyş däl!) gazanynda gaýnamak, şahsyýetiň ejirli kämillik ýollary hakynda aýdýaryn. Meniň howaýy pikirlenme arkaly pikir guraksylygyna eýleýän bu gürrüňimi şahyr «Ynam», «Ýaşlyk», «Erk hakynda goşgy» ýaly eserlerinde janly hakykat hökmünde açyp görkezýär. Biz bu ýerde ýaşlyk, ynam, erk ýaly howaýy düşünjeleriň içine jan girip, olara göwre bitip, ruhy ýaşaýşyň subýektlerine öwrülişini görýäris. Munuň özi şahyryň beýik zehininiň gudraty diýmek entek hiç zat aýtmazlykdyr, çünki bu ol jadyny, iň bolmanda, ylmy pikiriň jähetinde düşündirenok-da, bary-ýogy ol fakty pikire hem duýga garyp, sözler bilen gaýtalap goýberýär. Bu goşgularda degişli durmuş wakalary simwoliki obrazlylyga salnyp berilýär. Beýle diýmek olary janlylykdan mahrum etmän, çeperçilik taýdan umumylaşdyrmak diýmekdir. Durmuş janlylygy bu ýerde şahyryň döreden dürli çeperçilik tärleridir diýseň-ä bolanok (sebäbi häzir emel, tär ýaly serişdelik gürrüň gidenok-da, şahyryň öz eserindäki ýürek ýaşaýşynyň özi hakynda aýdylýar: eser – emel däl, eser – ykbal hem ömür, meniňçe, şahyryň durmuşdaky ömri bilen eserindäki ömri deň manyly hem deň gymmatly zatdyr), eýsem ol şahyryň janlylygy bolup gaýtadan dikelýär. Öwgülerden humar bolup gijeler «Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym. Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile. Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym. Men ony boş gijelere paýladym, Men ony Boş gürrüňlere paýladym. Ine, bu gün uly döwletden galan Köpüklermi ahmyr bile sanadym. Ýa-da: Bişişini synlap ullakan almaň, Şol uly alma-da gorkuly garap, Ony ähli zatdan goradym, arman, Özümi şol gyzdan bilmedim gorap. Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýar, Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy. Oň söýgüsi misli uly bir derýa Zyňylan daş bolup ýüregme ýetdi. «Çeperçilik tärleri, serişdeleri» diýen düşünjeler bar. Haýsy alym şol düşünjeleri oýlap tapdyka?! Şygyr sözüň doly hem hakyky manysynda şahyr ýüreginiň hem bagrynyň perzendi ahyryn. Bir bendäniň perzendine tärler, emeller, serişdeler hökmünde garap bormy?! Gürrüň janly zat hakynda barýar-a? Onda näme üçin ýüzlerçe ýyllar bäri şo hili «ylmy» gürrüňler dowam edip gelýärkä, olary beýle äsgermezlik dogry bolarmyka?! – diýip men oýlanýaryn, bu tärli gürrüňleriň durmuşa ukyplylygynyň iki sebäbiniň bolmagy mümkin. Birinjiden, olar beýik hem janly sungatyň güýjüni düşündirip bilerden ejiz gelneni sebäpli, öz ejizligini her hili sözler bilen ýaşyrmagam däl-de, çalşyryp görkezmek üçin dörändir. Ikinjiden bolsa, biziň «ylym» diýýänimiz şu wagta çenli özüniň sungatyň öňündäki baş borjuny ödemek – beýikleriň beýikligini aýratyn tapawutlandyryp görkezmek hakynda az pikirlenip gelipdi. Edebiýat taryhyna serediň, ol ýerde beýiklerem iň bir ähmiýetsiz şahyr-ýazyjylar bilen bir hatarda goýlup, «öwrenilýär». Onsoň ýaňky «tärler, serişdeler» olaryň hemmesini biraýakdan asmagyň alajy bolup durýar. Meniňçe, çyn sungat eseri adam ýaly janly şahsyýetdir. Oňa şu gymmatlyk nukdaýnazaryndanam garamak gerek. Beýle janly zada pikir usullary bilen çemeleşmeli däl. Eýsem-de bolsa, ömür janlylygyny dikeldip bilýän ýokarky estetiki hadysanyň – simwolyň nähili umumy filosofiki – ontologik-barlyk esaslary barka?! Men ýokarda «ömür – adam şahsyýeti görnüşinde barlyga gapdaldan seretmek üçin şol barlygyň özünden bölünip aýrylmasy» diýipdim. Barlyga tükeniksiz suratda bölünip gitmek ýaly ontologik ukyp mahsusdyr. Adama öz ömrüniň gapdalyndan seretmek ukyby-da berlipdir. Ine, simwol – adamyň ruhy barlygynyň haýsam bolsa bir tarapyny janlandyryp, jana salyp, oňa gapdaldan seretmek usulydyr. Biz Gurbannazar şahyrda erkiň simwoliki keşbini görýäris. … Men ahyr oturyp hyýala batdym: «Nätmeli? Bu lälik erki nätmeli?» Az ýöräp, köp ýöräp, bir pikre ýetdim: Ony it ýenjenden beter ýençmeli? Men ony tutdum-da, daňdym erige, Soň erikden çygly çybyk ýasandym. «Ilkinji urgyny haýsy ýerine, Eçilsemkäm?» diýip, esli kösendim… Ony tertip bilen alty gün saýdym, Wagt bolupdyr hezil edinerçe-de, Özünden gidenne düşünip aýdyň Boşatdym bagyndan ýedilenjide… Diýmek, simwol dünýäni açmagyň, edil şu ýerde öz dünýäňi açmagyň usuly bolup durýar. Özüni açmak bolsa, şahyryň ömür filosofiýasynyň görkezişi ýaly, ömür sürmegiň bir tarapydyr. Erkiňe erk etmek bolsa kämilligiň bir ädimi bolup durýar. Emma: «Kämillik öz-özüňe akyl ýetirmek ýa-da özüň bile göreşip, özüňe erk etmekdir» diýip jemläýsek, onda şahyryň pelsepesiniň çägini daraltdygymyz bolardy. Dogry, adam öz içine şugla salýan çyragdyr. Muny diýýänimiň sebäbi – gadymy akyldarlar adamyň ömrüni çyraga meňzedipdirler, adam bolsa durmuşdaky çyradan tapawutlylykda ilki bilen öz içine ýagty saçýar – özüne akyl ýetirýär. Ine, çagany alyp göreliň. Özüniň psihiki ösüşiniň başky etaplarynda çaga özüni özgelerden tapawutlandyranok. Şu manyda ol özüni tebigatdan aň taýdan saýlamadyk haýwanat bile deňdir. Türkmen çagalyk ýatlamalarynda «özümi bilelim bäri» diýen juda ylmy jaýdar gepi aýdýandyr. Özüňi özgelerden tapawutlandyrmaýany üçin ol jansyz zady – gurjaklary, oýnawaçlary şeýle gowy görýär-dä! Gurjaklar, oýnawaçlar oňa öz duýgularyny-dünýäsini geçirmäge serişde bolup durýarlar. Çaganyň şahsyýeti diňe özünden däl-de, oýnawaçlarydyr gurjaklaryndanam ybaratdyr. Çaga öýkünjeňliginiň psihologik manysy – kämilligiň basgançagydyr. Özüň bolmasaň, ile öýkünmeli-dä. Çaga öýkünip kämilleşýär. Soň öýkünjeňlik iň kämil şahsyýetlerde-de bardyr. Ýöne biz diňe özümize meňzeş zatlara, şol meňzeşligiň dialektiki çäginde-de özümize nätanyş zatlara öýkünýäris hem ymtylýarys. Näme üçin çaga ertekileri, haýwan-u-adamly multfilmleri gowy görýär? Sebäbi bularyň bary onuň gözüne özi ýaly çaga hem çagalyk bolup görünýär. Ol ululara hem ululyga öýkünýär, şol bir wagtda-da ulular dünýäsi onuň üçin agyr hem ýat. Ösüşiň dialektiki häsiýetiniň barlygy hiç kime gizlin hakykat däl. Çaga üçin oýun – iň hakyky çynlykdyr, manydyr, galan zatlar bolsa manysyzlykdyr. Multfilm oýnuň dowamy, çaga üçin oýun – hakyky durmuş, çünki hut şol ýerde ösüş prosesi bolup geçýär. Şeýlelikde, durmuş – munuň özi ösüşiň dowam edýän barlygydyr. Adam ömrüniň manysyna düşünmek prosesi onuň özünden daşarda-da dowam edýär. Adamyň öz şahsyýetine akyl ýetirmegi iň soňky kämillik däldir, ýok, bu bary-ýogy deslapky kämillikdir. Gutarnykly kämillige – men häzir kämilligiň haýsydyr bir çäginiň däl-de, kämillik serişdeleriniň gutarnyklylygynyň gürrüňini edýärin – diňe ýaşaýşa akyl ýetirmekde ýetilýär. Gurbannazaryň poeziýasynyň mysalynda gürrüň etsek, ol akyl ýetiriş dünýä, zemin, tebigat arkaly bolup geçýär. Gurbannazar şahyryň poeziýasynda adam bikemallygynyň, ömrüň manysyna düşünmezligiň, ruhy dirilige ýetmän, gaýyplygyň gurbany bolmagyň hossasyny özünde göterýän antigahrymanyň – ters gahrymanyň umumylaşdyrylan keşbi bar. Meniň pikirimçe, munuň şahyryň filosofiýasy üçinem, estetikasy üçinem uly ähmiýeti bar. Çünki her bir kişiniň garaýyşlaryny bilmekde diňe onuň tassyklamasy däl, eýsem inkär etmesiniňem uly manysy bardyr. Gurbannazar bolsa belli bir döwürde özünde tutuş türkmen ruhuny jemleýär. Ol antigahrymana hut şahyryň ömür hem söýgi pelsepesiniň nukdaýnazaryndan seretmek gerek. Şu tarapdan ol kim? Seniň ne dostuň bar, ne duşmanyň bar, Sen elmydam çetde, elmydam ümsüm. Sende ne gahar bar, ne-de mähir bar, Sen salgymmy? Sen kölgemi? Sen kimsiň? Seniň ne ajyň bar, ne-de süýjiň bar… Bu size hälki ýasama iti ýada salýan-a däldir?! Hut ýasamalyk. Iki jahan owarrasy. Ömre hem durmuşa pes hem betnyşan gatnaşyk. Hut durmuşyň jümmüşinde däldigi üçinem, onuň ne dosty, ne duşmany bar. (dowamy bar). O.Öde | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |