09:00 Türkmen Şygryýeti ~ Türkmen Ruhy -5: Şygryýetde türkmen ruhunyñ kökleri -3 / dowamy | |
Şahyr üçin esasy zat – adamlaryň ömre joşgunly gatnaşygy, esasy zat adam durmuşa durky bilen berilse. Oňa gara, erbet, duşman diýen ýarlyk dakmak şahyryň ruhy dünýäsine mahsus zat däl. Gurbannazar Ezizowyň beýikligi, onuň ähli türkmen şahyrlaryndan tapawudy şundadyr. Ol çyny bilen ýaşaýan adamy hakyky adam hasaplaýar, onuň hereketleriniň ahlaky bahasyny bolsa şahyr boýnuna alanok. Şahyryň söýgi konsepsiýasynyň täsinligi-de şonuň bilen baglanyşyklydyr. Onuň ruhy gymmatlyklarynyň içinde söýgi – bu ýigrenjiň gapma-garşylygy däl! Ol ýigrençden ýokarda! Söýgi – umumy gymmatlyk, söýgi bilen şahyr dünýäni, ýaşaýşy açyp bilýär, ýigrenç bolsa hususy düşünje bolup aşakda, aýak astynda, bir ýerlerde galýar.
Edebiýaty öwreniş
Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary hakda döwründe ýazylan makalalaryň bir çümmejik pikirjikleri ýadyma düşýär. «Paraleller kesişmeýär hiç haçan» şygryny tankytlap, durmuş-parallellik däl, gapma-garşylyk diýip oňa akyl öwredipdiler. Munuň özi şahyryň ruhunyň hem filosofiýasynyň belentligine, söýgüsiniň manysyna düşünmezlikdi: Şahyry adaty adam, obywatelçilik ýigrenjiň derejesine çenli pese düşürjek, bu beýik şahsyýeti ownutjak bolýardylar, özlerem bilmän, elbetde! Şahyryň bolsa hatda ýasama, dirilikde öli adamlara-da ýigrenji däl-de, diňe ýürekden gynanjy, haýpy bardy. Gurbannazar Ezizow ýigrenmäge ukypsyz şahsyýet. Men bu pikiri şahyryň goşgularyna esaslanyp aýdýaryn. Men bu pikiri şahyry ýakyndan tanan dostlarynyň gürrüňlerine esaslanyp diýýärin. Men bu pikiri şahyryň hem özümiň ýegre dostum mugallym, şahyr ýürekli Derýa Baýramgulyýewiň şahyr hakdaky ýatlamalar kitabynyň golýazmasyny okap diýýärin. Biz saňa gynanýas, Haýpymyz gelýär. Gynanylýan adam – hakyky däldir! Hut şonuň üçinem ol öz inkär edýän häsiýetleri hakynda perpendikulýar däl-de, parallel diýen durmuş formulasyny ulanypdyr. Parallel – ugurdaş, emma utgaşmaýar, barlyşmaýar. Durmuş gapma-garşylygy babatda şeýle beýik gumanistik ruh Puşkin, Dostoýewskiý ýaly şahsyýetlerde bolupdyr. Adamlar ýaşaýar erkin, gurply, Oňatlykda, haýyr işde hyýaly, Seniň agzyň mydam mäkäm gulply Millionerleriň haznasy ýaly. Oňat üns berdiňizmi – bu adam durmuşyň jümmüşine berlip, onuň haýsydyr bir barrikadasynyň aňyrsynda ýa bärsinde duran adam däl, ol, asyl, durmuşyň içine girip gören adam däl, ol, asyl, adam däl! Ol adamyň däl, ol diriligiň, ýaşaýşyň özüniň gapma-garşylygy. Şonuň üçinem bu üýtgeşik keşp özüniň many çuňňurlygy we giňligi boýunça ýöne bir gahryman ýa-da ahlak ölçegi däl-de, eýsem durmuşyň estetiki-filosofiki formulasydyr. Sen beýikdiň beýik sütün dikeldip, Tikenek sim aýlap çykdyň daşyňa. Ine, onuň ömrüni geçiriş usuly. Ol diňe öz ömri üçin ýapyk däl, öz ömrüne kemally garanok (ýogsa onuň, iň bolmanda, duşmany bolardy), ol ýaşaýşa-da bimanylyk hökmünde garaýar. Ol – ýapyklyk, petiklik. Bu bolsa söýginiň tersidir, çünki hut söýgi açyklygy aňladýar, açyklyk dünýä, adamlara ýüregiňi bermek başarnygydyr. Diňe ýüregiňi berip, söýüp düşünip bolýar: Az ýol geç geçseň, oňa etmegin arman, Az ýoluňy söýüp geçgin ýürekden… Her daban topragy dünýä deý açsaň, Mähriň berseň bu ümmülmez düzüňe. Söýgi, mähir, ýürek, yşk – bular ömrüň hem ýaşaýşyň gymmatlyklary. Pikir hem köňül hereketsizligi, ruhy hereketsizlik ömrüň gymmatyna ýetmän, Merkezi ýolda gaýyplyga bulaşyp galsa, aşa çalt hereket ömrüň deňinden geçip gidýär. Ol biperwaýlygy döredýär. Şahyryň öz döwründe tankytlanan ýene bir goşgusy – «Ajap syýahatda boldum diýdi ol» goşgusy şol biperwaýlyk hem onuň netijesinden söz açýar. «Ol» – ajap syýahatda bolupdyr. Sen görmän geçýärsiň Sen üçin dörän Uçmaha ýat, Ereme ýat gülleri. Ýüzüňi sypasa, ýygyrdyň ýazjak Otdan hem toprakdan dörän ýelleri. Çaltlygyň gylygy: ýagyşlar ýagsyn, Adam hesret çeksin, ýagsyn akja gar, Parhy ýok ol juda zerur zatlaryň Deňinden, deňinden, deňinden geçýär. Söýgi – mähir, mähir – gyzgynlyk. Ýigrenç, biperwaýlyk – sowuklyk. Şeýlelikde, kämilligiň manysy – hereketlilikde, ömrüň manysy bolsa – söýmäni başarmakdadyr. Poeziýanyň beýikligi-de şu hakykaty aňlamakdan başlaýar. Ömür ýasamak däl, ýasamalyk-da däl. Ömür – döretmek hem ýaratmak. Bularyň arasynda nähili prinsipial tapawut bar? Döretmek – ýüregiňi berip, öz ontologik barlygyň bilen dünýäniň ontologik barlygyny utgaşdyrmak, oňa geçmek. Ýasamak – ýüregiňi bermän, öz-özlügiňde galmak. Şahyr kalby hakykatyň şu many belentligine ýetende, estetiki gymmatlyklar onuň ruhuna ýygnanyp, çeperçilik gözellikleri kalbyňa beýik güýç-kuwwat bolup inýär. Onsoň onuň şeýle jadyly, şeýle gözel şygyrlary döredip bilýänligi geň zadam däldir. Şeýlelikde, ýürek joşguny dünýä söýgüsine melul bolan kalby beýik şahyrlaryň zybanyna ajaýyp sözleriň «öz-özünden» gelip durmagyna sebäp bolýar. Poeziýanyň baş temasy söýgüdir. Gurbannazar Ezizowam dünýä gatnaşygyny hem dünýä garaýşyny bir söze öwrüp aýtmaly bolsa, ol söz – söýgüdir. Şahyr kalbynyň baş duýgusy – söýgüdir. Şahyryň poeziýasynyň baş pikiri durmuşy hem adamlary söýmek baradaky pikirdir. Bu onuň baş ynanjy, esasy pelsepesi, onuň dini-imany. Şahyryň döredijliginiň özi söýgi ruhunyň dünýä inmesi bolup durýar. Şahyryň eserlerindäki gussanyň ornuna hem düýp manysyna-da şu uly hakykatyň nukdaýnazaryndan bakyp baha bermeli bolsa gerek. Munda gussa adam ömrüniň kämilliginiň hem tebigylygynyň alamaty bolup görünýär. Gussa – kalbyň zerur ahwalaty hem ruhuň söýgüsiniň esasy serişdesidir. Gussa – refleksdir, daşky ýaşaýyş täsirlerine kalbyň berýän jogabydyr. Ol täsirlerde bolsa many hem owaz bar. Ol owazly many kalbyň durkuny çeşme suwy kimin durlaýar, ony asmanyň mawylygy kimin tämizleýär. Kalbyň ontologik tebigaty hakynda aýdaýyn – kalp dünýäniň içki, ruhy barlygyna geçelgedir, kalp – teniň ruhy keşbidir. Kalby kämillige ýeten ynsan şahsyýeti özüne owalbaşda berlen ten gözünden, ten gulagyndan hem ten zybanyndan başga jan gözüni, jan gulagyny hem jan dilini edinýär. Şeýdip, ol fiziki dünýäniň ýaşaýjysyndan onuň içki, çyn barlygy bolan ruhy dünýäniň ýaşaýjysyna öwrülýär. Tenimiz – tebigatdandyr. Kalbymyz – Alladandyr. Ýaşaýyş täsirleriniň kalba siňmesi bolan gussanyň iki hili manysy bar. Ol, bir tarapdan, gözelligi synlamagyň, beýleki tarapdan bolsa, many açmagyň serişdesi bolup durýar. Diýmek, gussa hem duýgy, hem pikir hadysasydyr. Pikir bile duýgy birleşibem bir ruhy bitewüligi – ahwaly kemala getirýärler. Gussanyň psihologik-ewristik (açyş edijilik) manysy şeýle: şahyr kalby ten gözüni ýumup, ten gulaklaryny baglap, ten zybanyny sem edip, şol gadymy derwüşler kimin, ruhuň çuňlugyna – öz-özüniň içine gidip, ýaşaýşyň içki manylaryny zikr edip ugraýar. Ol dünýä bilen bitewüligiň çäginde dünýäden üzňeleşýär, dünýäden üzňeligiň dialektiki çäginde dünýä bilen ruhy taýdan birleşýär. Onsoň ýuwaş-ýuwaşdan onuň jan gözleri açylyp, jan gulagy eşider bolup, jan diline ajaýyp sözler gelip ugraýar. Bu sözler ýaşaýşyň içki manysy hakyndaky sözlerdir. Bu sözler geçmişiň şatlygy, geljegiň gussasy, ýitginiň hem dert, hem dowadygy, wysalyň – bir salymlygy, aýralygyň bolsa absolýutlygy – heňňamlygy, ölümiň bolsa ömrüň çöwre ýüzüdigi, adamyň wagtyň içinde däl-de, wagtyň adamyň içinde ýaşaýandygy, ajal gelen pursady şol wagtyň bir dert kimin adamyň içinden dömüp çykýanlygy hem ony dogmadyga dönderýändigi hakyndaky sözlerdir. Munda hiç hili mistika ýok. Bu diňe içki manylary agtaryjy söwdaýy kalbyň ten dagyna çykyp, wagtyň şalygyna bir demlik nazar salmasydyr. Elbetde, Gurbannazar Ezizowda mistika ýok. Çünki näme diýseler-de, adam ruhy üçin mistikanyň möwriti geçendir. XX asyr geçen döwürleriň mistiki heserlenmeleriniň çäjini aldy-da, harpygyny ýele sowrup goýberdi. «Çäji» diýýänim adamyň ruhy çuňňurlygyna, ruhy inçeligine hem-de köpgatlaklylygyna şaýatlyk edýän – ruhy gymmatlyklar bolup galdy. Olar adam ruhy babatdaky edilen beýik açyşlardyr. Emma şol ruhy läheňligi bu dünýäde «gudrat» görkezmeklik bilen gutarmak – suwda ýöremek, howada uçmak ýaly her hili emeller etmek mistikanyň galdyran harpygydyr. Mistikanyň gymmaty onuň adam ruhy babatdaky gazanan zatlaryndadyr. Ýaňky ýaly emeller bolsa ruh üçin hiç zat bermeýär. Şeýdip, teni inkär etmekden başlanan mistika bolgusyzja ten «gudratlary» bilen tamamlanýar. Gözgyny ýagdaý! Gurbannazar Ezizow tebigat hadysalarynyň kalba edýän täsiri arkaly ýaşaýşyň gözelligini hem manysyny açdy. Şahyryň söýgüsi özüniň kosmiki manysy we çägi boýunça zeminiň söýgüsidir. Zeminiň ýaşaýşyny bolsa munda älemiň özge ýerlerindäkiden tapawutlanýan wagtyň şol tapawutly tebigaty kesgitleýär. Şol tapawut – Zemin perzentleri bolan biziň barlygymyzdyr. Zeminiň wagty – pasyllar, eýýamlar, olaryň goýnundaky durmuşymyz hem ömürlerimizdir. Hatda biziň «asman» diýýänimizem Zeminiň bir bölegi ahyryn. Diňe asmandan aňyrda sowuk, garaňky hem jansyz giňişlik – Älemiň serhetleri başlanýar. Biziň asmanymyza bolsa beýle şum sypatlar mahsus däldir. Gurbannazar Ezizowyň dünýäni duýşynda asman dünýäniň bir bölegi, ol Zeminiň dowamy, onuň ýüzüniň görünýän aýnasy, kalbynyň gözgüsi. Asman – Zemin çuňlugynyň aralykdan alnan suraty. Pasyllar Zemin bilen Asmanyň arasyndaky arabaglanyşygyň formasy. Zeminde başlanýan zatlar Asmanda dowam edýär. Asmanda bolup geçýän närselerem Zeminde öz tamamyny, wysalyny tapýar. Gülleriň ysyndan Serhoş bu asman. Ýene gaýdyp geldim dogduk Diýara, Ýyldyza baý asmanyma gowuşdym. Han-ha, ýyldyz süýndi, gitdi asmanda Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde. Seretseň asmana, görünýär ýüzüň, Mawy gözlem giň asmanyň aşygy, Şoň reňkinden akyl-huşum geçendir, Belki, martda sallançakda ýatyrkam, Gökden inen iki mawy damjajyk Gelip meniň gözlerime gaçandyr? Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn Durnalaryň setirinde okaýan. Asman adam kalbynda belentlik hem howalalyk duýgusyny döredýär. Gurbannazar Ezizow üçin asman geljegiň däl-de, şu günüň manysyny özünde saklaýar. Onuň poeziýasyndaky iň bir özboluşly hem esasy obrazlaryň biri – durna asmanyň ýaşaýjysy. Hut şu ýerdenem bu şahyryň döredijiliginde asmanyň nähili çeperçilik, filosofiki agramynyň bardygy görünýär. Şahyryň eserlerinde iki hili gussa bar – biri ölüm bilen ömrüň araçägindäki hakykata göz ýetirmekden döreýän gussa – hasrat, beýlekisi – ömrüň öz çägindäki gussa. Häzir gürrüň hut şu gussa barada. Beýle gussa bolsa esasan iki halatda – geçmişiň ýatlamalarynda hem-de şu günüň täsiri bilen döreýär. Adamyň ömrüniň iň anyk, iň hakyky, göz bile görüp, el bile tutup bolýan bölegi – şu günüdir. Emma şol bir wagtda-da kalbyň üçin iň gyzyksyz hem iň «bimany» wagt hem şu günüňdir. Diýmek, hut şu gün – şu pursat bilen ýaşaýan teniňden tapawutlylykda adam kalby ýa geçmişiň gussasyna maýyl bolýar ýa-da geljegine ymtylýar. Meniň geçmişim – meniň wagtyň elinden alan mülkümdir. Men ýyllara ömrümi berip, deregine süýji gussa alýaryn. Ol gussa meniň ruhumdyr, gorumdyr. Ol gussa maňa dünýäniň gözelligine we ömrüň manysyna düşünmäge kömek edýär. Bar zat boldy: söýgi, dostluk, ýalan söz. Büdremeler, ýasly gündür bagtly gün. Asuda düzleriň gussasy bilen Düşündik biz manysyna şatlygyň… Bu gussa durlaýar, saplaýar meni Ähli geçenime nazar aýlaýan. Seredip otursam, şeýle gussada Geçen ýoluň görner eken has aýan. Geçmişinden paýhas serişdesini edinen adam şu gününde hem söýgi pursatlaryny tapýar. Söýgi pursatlary – tebigatda ýaşaýyş manysynyň anyk hem aýdyň ýüze çykýan halatlarydyr. Gurbannazar şahyryň eserlerinde şeýle halatyň dürli tebigat hadysalaryndan – ýagyşdan, gardan, güýz paslyndaky her hili özgerişlerden emele gelýändigini görýäris. Ine, ol ýagyş hakynda şeýle şahyrana pikirlere çümýär: Nämüçindir özüm bilip bilemok, Sen gökden ineňde batýaryn gama. Bir dilegim – ýüregimde gat ýasan Geçen günleň ýatlamasyn gozgama. Näme üçin adam edil geçmişini ýatlandaky ýaly, ýagyş-gar ýaganda gama batýarka? Bularyň hemmesiniň aňyrsynda wagt duýgusy ýatýar. Geçmiş – ýiten wagtyň kalbyňda gaýtadan dikelmegi – ýatlama esasynda bolup geçýär. Asmandan nuruň ýagmagy-da dünýäniň täzelenmegidir, ýagny ýene wagt arkaly ýaşaýyş dowamatynyň üpjün edilmegidir, çünki nur – bu täze dörejek gülleriň, otlaryň gönezligidir. Şeýdip, ýaşaýşyň birligi, ýaşaýşyň hem ölümiň bitewüligi bolan wagt pany kalbyňy dörjeleýär. Şeýdip, gussadan nem alýan söýgi – bu beýik ahwal adama dünýäniň syryna göz ýetirmäge kömek edýär: Sag bol, güýzüm, näzik duýgulaň üçin Açdyň ýürekdäki syrlary bize. Dünýäniň wagt içinde gizlenip ýatan syryny açmak geçmişe aň etmekden başlanan söýginiň – bu ruhy miwäniň iki sany ontologik barlyga – ýaşaýşa we durmuşa siňdirilmegine getirýär. Çünki söýgi – munuň özi aýralyklardan ybarat serhetleriň synyp, «meniň» men däle, «özüň» «özgä» öwrülmegidir. Söýgi dürli aýralyklardan, ýitgilerden güýjäp, kemala gelip, iň soňunda aýralyklary syndyryp, özüňi ykrar edýär. Şeýdip, ÜÇ SANY BARLYK – ömür, ýaşaýyş hem durmuş tapyşýar. Ruh bitewülige öwrülýär. Adamyň şahsy barlygy – tebigata siňip, onuň bir bölegine öwrülýär: Bag astynda göge garap ýatyryn, Düşek edip ýaş maýsaly topragy Barmaga gök ýuwa sarap ýatyryn, Men – dünýäniň daragtynyň ýapragy. Unudýan ölümi, Unudýan bada. Ýaşyl tebigata siňýän-de gidýän, Baky tebigatda, Baky dünýäde Özümi gül, toprak, maýsadyr öýdýän. Ýa-da: Diýdim: «Men bir seniň bagyňda ýaprak, Aç, köpi görmedik batyl gözlerim. Öwret maňa öz diliňi, eý, toprak, Aç syryňy ol elýetmez sözleriň!» Adam indiwidi tebigatyň bölegine öwrüldi. Tebigat – Gurbannazar şahyr üçin, diýmek, XX asyr türkmen ruhy üçin kämilligiň özi. Tebigat – yşk meýdany. Tebigat – bakylyk. Adam şahsyýeti özüniň şol bakylygyň öňündäki bikemallygyny syzýar. Kämillik – tebigata öwrülip bilmek, çünki iň hakyky barlyk, iň uly kämillik tebigat hasap edilýär. Adam üçin kämilligiň manysy nämede? Filosofiki manyda aýdanyňda, kämillik – wagty ýeňip geçmekdir. Muňa nähili düşünmeli?! Muňa wagtyň ýok edip bilmejek zadyna hem hadysasyna öwrülmek diýip düşünmeli. Bakylygyň bir manysy wagt bile ýaryşyp, onuň üstünden ätläp geçmekdir. Munuň özi gül, ýaprak, daragt ýaly wagtyň öňli-soňly ýok edip bilmejek zatlaryny döretmäge ukyplylyk diýmekdir. Onsoň şahyryň ideýalar dünýäsinde ýaşaýyşda yz goýmak baradaky pelsepe, çeperçilik dünýäsinde topraga tohum taşlamak bilen baglanyşykly obrazlar kemala gelýär. Şeýdip dünýä gözelliginden başlanan söýgi döredijilikli paýhasa çenli ösüp ýetişýär. Şahyryň ruhy problema hökmünde goýýan meselesiniň çözgüdi, onuň ynsan kämilligi filosofiýasynyň logiki ösüşiniň düýp manysy umulaşdyrylanda, şundan ybaratdyr: Çaga dogran enä meňzeş bu toprak, Goýýar seň öňüňde baky sowaly «Meniňki bag döken tohumy tapmak, Aýt, oglum, seniň tohumyň bamy?» Sen onsoň pikire çümersiň çuňňur «Çagam barym» bilen bolmarsyň halas. «Tohum» diýen sözüň manysy çuňdur Hem belentdir pikir edişiňden has… Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse, Tohum sepip utulan ýok, utan bar. Bir dänejik okla ýeriň teýine Bir çynar dänesin okla ýere sen… Ýaşaýyş – hem dirilik, hem dirilik sapagy. Ýaşaýyşdan bu sapagy alan adam durmuşa dörediji bolup gaýdyp gelýär. Bakylyk diňe döretmäge ukyply – maddy ýa ruhy gymmatlyklary döretmäge ukyply adamlara berilýär. Ol ýokluk mekanyndan barlyk meýdanyna geçýär. Ýöne bakylyk – bu ýekelikdäki ýaşaýyş däl. Bu ýerde her bir ruhy indiwid bakylyk merduwanynyň basgançaklarydyr. Men, elbetde, bakylygyňam taryhy dowamatyny göz öňünde tutup aýdýaryn. Emma beý diýsem şahsyýet gymmatlygy meselesi panylyk mekanyndaky ýaly ýürekgysdyryjydyr diýip göz öňüne getirmek munuň ontologik barlygyna nädogry düşünmek bolardy. Bakylykda her kişiniň gymmaty hem azatlygynyň çägi bimöçberdir. Ýöne meniň bakylyk gürrüňini dowam etdiresim gelýär. Men bu ýerde üç sany meseläni görýärin. Birinjiden, bakylyga giren şahsyýetiň açyşynyň hakyky açyş bolmagy bu ýerde dowamatyň üpjün edilişine-de baglydyr. Ol açyşyň düşünilmegi, manysynyň ýaýylmagy hem-de degişlilikde başgalar tarapyndan dowamat hökmünde täze açyşlaryň edilmegi zerurdyr. Ýogsa dünýäniň çolalygynda beýik şahsyýetleriň çöl-beýewandaky gyrlaryň ýalňyzlygyny ýada salmagy ähtimaldyr. Bu meselede Ýewropa siwilizasiýasy öňdelik görkezdi. Olaryň güýji nämede? Megerem, wagtyň iň oňat suratda dykyzlaşmagynda hem aýan edilmeginde, many bilen doldurylmagyndadyr. Günodgarda wagtyň boş ýerleri, howa giren ýerleri kän, şonuň üçinem bu ýerde wagt haýal geçýär, suwuk halyndan saýlanyp, dykyzlaşyberenok. Sebäbi açyşlar basgançak görnüşinde gidenok. Ibn Sina ýa Omar Haýýam açyş edýärmi, ol ýüzlerçe ýyllap şol bir derejesinde dur – tas tä Günbatar alyp, onuň üstünde birgiden açyşlaryň binasyny gurýança. Emma Günbatarda, aýdaly, Galileý açyş etse, ol açyşyň yzy şeýlebir düzülip gidýär, tä Eýnşteýniň belentligine barýança yzy üzülenok. Indi bolsa ony hem başgalar dowam edýär. Şeýdip bakylygyň içki bitewüligi hem göze dolulygy üpjün edilýär. Ikinjiden, pany dünýä düşüp, daş-töwerege ser salalyň. Bakylyga ymtylýanlar azam däldir. Aslynda bakylyga ymtylyş her bir adamyň durkuna salnandyr. Meniňçe, ähli biologik jandarlara mahsus bolan öz-özüňi goramak ýaly biologik instinkt paýhasly jandar – adamda bakylyk ymtylyşyna ösüp geçýär. Emma, görüň, adamlaryň aglaba köpçüliginde, meselem, «döredijidirin» diýýän adamlaryňam esli böleginde bakylyk tohumynyň – dänäniň çüýrükligi göze ilýär. Dänäň janly, daragt çykarmaga ukyply bolmasa, höwesiň peýdasy ýok. Men, elbetde, Hudaý tarapyndan berilýän zehiniň gürrüňini edýärin. M.Gorkiniň bir ganatly sözüne sowet döwründe biçak köp salgylandylar: «Bir prosent zehin, togsan dokuz prosent zähmet bilen kämillige ýetip bolar!» Şeýlemikä berin?! Zehiniň, Hudaýyň eçilen zehini bary-ýogy bir prosent bolsa, togsan dokuz prosent yhlas, erjellik bilen hiç gala alyp bolmasa gerek. Gowusy, beýle betbagtçylykdan Serwerimiziň özi gorasyn! Bir beýik akyldar ýaşaýşy Allatagalanyň ussahanasyna meňzedipdir. Ussahana bolsa taýýar işler bilen birlikde, galyndylaryň ýeridir. Bir beýik genini döretmek üçin Allatagalanyň özem onlarça, ýüzlerçe gezek ýasap-döwmeli bolýan bolarly. Üçünjiden, bakylyga ymtylyş bilen ada, şöhrata kowalaşmagy biri-birinden tapawutlandyrmaly. Adam şu dünýäde ýaşaýarka, şöhraty oňat görşi ýaly, dünýäden ötensoňam adynyň şöhratly bolup galaryny isleýär. Şonuň üçinem ol elinden gelmese-de, her hili adalatsyzlyga, pyssy-pyjurlyga ýüz urup, şöhrat gazanmakçy bolýar. Bu meseläniň çuňňur ahlak manysy bar. Şöhratparazlar tokaý otlap, at gazanmakdanam gaýtmaýarlar. Olara göriplik, ejizlik hem ownukçyllyk mahsusdyr. Megerem, bulary Allatagala olara zehiniň ýerine berýändir? Garaz, her kime bir zatlar berilmelidir-dä. Şöhrata ymtylyş özüniň düýp manysy boýunça ruhy kämilligiň hadysasy däl-de, ten instinktiniň – nebsiň bir ýüze çykmasydyr diýip pikir edýärin. Şonuň üçinem ol tebigaty boýunça pes zatdyr. Hawa, Gurbannazar şahyryň döredijligi ruhy ähmiýetliligi babatda juda belent hadysa bolup, ol seni ýokardaky ýaly pelsepelere iterýär. Ol XX asyr türkmen ruhuna ýaşaýyş hem gözellik taglymatlaryny berdi. Ylaýta-da onuň güýz pelsepesi çuňňur ideologiki ýörelgedir. Güýzüň bu türkmen ruhy üçin çuňňur yşky manysy bar. Bu özboluşly ahlak-filosofiki sapaklardyr we ýörelgelerdir: Güýz – bu kämilligiň alamatydyr, Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz. Şahyr näme üçin yşgy ýazdan güýze geçirdikä? Näme üçin ol özgeler ýaly söýgüsini ýazda däl-de, güýzde tapdy? Sebäbi onuň yşgy sap ruhy, many hadysasydyr. Ýazda, elbetde, dünýä oýanýar, ýaz – söýgi möwsümi. Emma ýaz jynsy söýgiň, ynsan-u-haýwan üçin ten söýgüsiniň, fiziki köpelişiň pursadydyr. Girbannazar Ezizow bolsa ten hem jynsy gözellikleriň däl-de, ruhy kämilligiň manysyny açmaga ymtyldy. Megerem, ol ten söýgüsiniň bakylyk hem kämillik bile az baglanyşygynyň bardygyna göz ýetirendir? Onuň söýgüsi filosofiki-ruhy manysy boýunça başga söýgüdir. Biz muny onuň magşuga bagyşlan goşgularyndan görýäris. Zenana bolan söýgüde türkmen ruhunyň dünýäni duýuşyndaky özgerişi görüp bolýar. Ilki bilen söýginiň özüniň bütin durkunda, hilinde üýtgeşikligiň bolup geçendigini aýtmak gerek. Söýgi – umuman, dünýä gatnaşygyň prinsipi derejesine çykdy. Nusgawyy poeziýamyzy alyp göreliň. Biz bu ýerde söýginiň ýaşaýşyň özüne gatnaşygyň ählumumy prinsipligini görüp bilmeris. Söýgi diňe ylahy yşk manysynda Hudaýa gatnaşyk ýa-da ynsan yşgy manysynda magşugyň zenana gatnaşygy bolup biler. Emma dünýä bolan söýgi hakyndaky gürrüňe juda az delil tapylsa gerek. Diýmek, söýginiň filosofiki manysy biziň XX asyrdaky türkmen ruhumyzyňkydan düýpgöter tapawutlanýar. Nusgawyy ruhumyzda ynsan söýgüsi bilen ylahy söýgi öz ugry, ruhy manysy, maksatlary we netijeleri boýunça biri-birinden düýpli tapawutlanyp, olaryň arasynda ençeme menzil ýatyr. Olar adam ruhunyň içki özara baglanyşygy bolmadyk dürli taraplaryny aňladýarlar. XX asyrda adam yşgy bilen ylahy yşk bitewileşdi. Tebigatdan daşardaky Absolýuta bolan söýginiň obýekti ýitensoň, onuň ruhy mazmuny ynsan yşgyna hem ýaşaýyş yşgyna geçdi. Magşuga bolan söýgi görlüp-eşidilmedik derejede ruhylaşdy. Munuň özi zenana bolan gatnaşygyň ruhy manysynyň üýtgänliginiň alamatydyr. Şol özgerişler, Gurbannazar şahyryň döredijiliginden görnüşi ýaly, aşakdaky görnüşlerde bolup geçdi: ♣ 1. Magşuk öz manysynyň gymmaty babatda diňe obýekt bolmagyny bes edip, subýekte öwrüldi. Munuň özi söýgüde esasy zadyň zenanyň gözgamaşdyryjy ten gözelligi däl-de, onuň adamçylyk ruhy mertebesiniň, ruhy owadanlygynyň bolandygyny aňladýar. Aşygy magşugyň ruhy sypatlary – özerkliligi, özgymmatlygy gyzyklandyrýar. Ol söýgi meselesinde inçe duýgulary, akyl-paýhasly hem ruhy baý magşugy küýseýär. Ol magşuk köne dessanlardan çykyp gelen, el bile ýasalana meňzeýän galypy gözelligi bolan gyz däl. Ol adamçylyk mazmuny we mertebesi babatda aşygyň özi bilen bir derejede, belki, ondanam ýokarda duran zenan. Megerem, söýgi şygyrlaryndaky şu aýratynlygyň çuňňur estetiki manysyna oňat düşünendir, hut şonuň üçinem şahyr gyzyň şu sadalyk aýratynlygyny aýratyn nygtap gelýär: Kyn pursatym medet berdi kalbyma, Jadyly däl – seniň ynsan gözleriň. Sen gözel däl, sen köpleriň biri sen, Sen gözel däl, sen – ömrümiň ykbaly. Şahyryň «gözel» diýen sözi şu ýerde «perizat» manysynda getirýändigi öz-özünden düşnüklidir. Perizat, jadylylyk – bu aňlatmalar ata-babalarymyzyň söýgüsiniň olaryň ýaşan jemgyýetinde aýallaryň ornuna baglylykda manylaşandygyny görkezýän sözlerdir. Ol sözler hut beden gözelliginiň adamyň erotiki duýgularyna edýän täsirini görkezýärler. Onsoň aýalyň gymmaty-da şoňa baglylykda kesgitlenýär. Erotiki duýgy kanagatlandyrylansoň, ol duýgynyň nobatdaky obýektiniň aşyk üçin ähmiýetiniň ýitmek häsiýesi bar. Şonuň üçinem dürli nusgawyy şahyrlarymyzda ençeme aşyk bolnan gyzlaryň adyna duş gelersiňiz. Ol ýerde esasy söz – yşk sözüdir. Yşk – duýgy intersiwligini özünde saklaýan aňlatma. Gurbannazaryň söýgüsi – ruhy duýgulardan jem bolan söýgüdir. Ruhy söýginiň ten duýgusyndan näme tapawudy bar?! Ten duýgusy fiziki gözellik sebäpli dörän hem öz derejesi boýunça ýetginjegiň söýgüsi. Ten duýgusy berçikdirýär, ruh hiç haçan berçikdirmeýär. Zenany ruhy söýgi bilen söýmek onuň şahsyýetiniň gaýtalanmazlygyna, ýeke-täkligine durkuň bile göz ýetirmekdir. Şeýle söýgüde aşygyň magşuga gatnaşygy çuňňur ruhy tämizlige hem howalylyga ýugrulandyr. Söýgi duýgusy näçe pes, gödek bolsa, aşyk öz magşugynyň şahsyýetine şonça-da biparh bolýar. Ony magşugyň şahsyýet bitewüligi däl-de, onuň bedeni hem bedeniniň bölekleri gyzyklandyrýar. Elbetde, men beýle deňeşdirmäni erotiki söýginiň «pes» zatdygyny nygtamak üçin däl-de, tebigaty boýunça gözellik duýgusynyň başgaça ýüze çykmasydygyny aýtmak üçin getirýärin. Nämüçin tas ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda söýgi şygyrlarynda şol bir çeperçilik serişdeleri gaýtalanyp gelipdir? Munuň özi aşyk duýgusynda ruhy özboluşlylygyň, gaýtalanmazlygyň azlygyndan-a däldir?! Söýginiň ruhy gaýtalanmazlygynyň ýok ýerinde, duýgular hem onuň beýany galypa girmek bilen bolýarlar. ♣ 2. Nusgawyy söýgi bilen deňeşdirilende, biziň asyrymyzyň söýgüsinde magşuk bilen dünýäniň arasyndaky gymmatlyk gatnaşygy üýtgedi. Özbaşyna giden bir dünýä bolmak bilen magşuk aşyga dünýäniň gymmatyna düşünmäge ýardam edýär. Indi aşyk öz söýgülisi üçin dünýäni gurban etmek küýünde däl. Indi ol magşugyna «seniň üçin pylan-pylan zatdan geçerin» ýa-da «saňa pylan zatlary bagyş ederin» diýenok. Beýle sözler ýa işler öňki döwürde aşygyň söýgüsiniň hakyky subutnamasy bolup hyzmat edipdir. Indi söýginiň hakyky subutnamasy – aşygyň kalbynyň açylmagy, onuň magşugyň alnynda goýýan näzik hem manyly ruhy duýgulary. Söýginiň tutuş ýaşaýşa gatnaşygyň bitewi prinsipine öwrüleni üçin indi şol geçilmeli ýa bagyş edilmeli dünýäniň özi-de söýginiň bir bölegi, ol dünýä magşugyňam dünýäsi. Dünýä bolsa onuň üçin serişde däl, ýaşaýşyň, barlygyň özi. Bakylygam şol barlygyň içinde. Şonuň üçinem: Dünýäň her gülünde men seni görýän Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok. Şonuň üçinem: Seniň üçin hiç dünýeden geçmerin, Geçsem söýgimizden geçdigim bolar. Magşuk – gowusyny «şagal iýýän gawun» däl, «ykbally bendäniň paýy» däl, magşuk – «ömrümiň ykbaly». Tapawudyny aňlaýaňyzmy?! Paý – zat hökmündäki, zatlaýyn düşünje hem gymmatlyk, ykbal – düýp düşünje, janyň, ýaşaýşyň özi. Aşyk-magşuklyk diňe bir meňzeşlige, gabat gelmelere däl, şolbir wagtda-da tapawutlylyga, üýtgeşiklige esaslanýar. Sebäbi bu söýginiň ruhy gözelligi älemgoşara meňzeş, şol birmeňzeş iki reňkden bolsa älemgoşar emele gelmeýär. Umuman, biz zenana «magşuk» diýýäris weli, söýginiň many çäginde beýle söz hakykata gatybir gabadam gelip baranok. Hakykat ruhy biziň dilimiziň tälezenmegini talap edýär. Magşuk – söýülýän, aşyk – söýýän, söýgi bitaraplygy-da! ♣ 3. Ruhy söýginiň netijesi – ten keýpi däl-de, gülden näzik, ýelden mylaýym, seleňden ter duýgulardyr. Ol duýgular adam kalbyny gözelleşdirýär, inçeleşdirýär hem oňa dünýäniň manysyna düşünmäge ýol açýar: Söýginiň derdine hormat goýmaly, Şo dert bilen örňär tämiz duýgymyz. Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada: Kynçylyk ýok, Ejizlik bar dünýäde. Şeýle söýgi duýgy terligi hem her pursatlyk açyşdyr. Şeýle söýgi diňe bir bagtyň däl, eýsem ömrüň we dünýäniňem açylyşydyr. ♣ 4. Yşk ylahy bolmalydyr. Men Gurbannazar Ezizowy tankytlamak pikirinden daşda. Ýöne onuň söýgi meselesindäki käbir pikirlerini goldamaýandygymy açyk aýtmak isleýärin. Söýgi – gözellikdir, söýgi – joşgundyr. Gözel gyzy nusgawy şahyrlarymyz Hudaýlaşdyrypdyrlar. Şeýle bolanda gyz mukaddesligi has hem artypdyr. Ine, men aşyk ýigit. Söýýän gyzyma: Kyn pursatym medet berdi kalbyma, Jadyly däl, seniň ynsan gözleriň. Sen gözel däl(!), sen köpleriň biri sen, Sen gözel däl – sen ömrümiň ykbaly – diýip aýdyp bilerinmi? Söýýän bolsaň, ol gyz gözeldir. Heý, oňa-da: «Sen gözel däl» diýmek bolarmy?! Ýok, ýok! Gurbannazaryň özüniňem şu setirleri söýgülisine aýtmajakdygyny men anyk bilýärin. «Sen gözel däl» diýmek gyzy kemsitmekdir. «Sen gözel däl» diýmek gyzy masgaralamakdyr. Bu ýol dürs ýol däl! Gelin-gyzlary nusgawy şahyrlarymyz al-asmana göteripdirler. Gelin-gyzlaryň orny depämizdedir! Olaryň gözel dälinem «gözel» diýip taryp etmezlik şahyra örän aýypdyr. ♣ Sungatyň yşky manysy. Gurbannazar şahyryň döredijiliginde sungat, poeziýa, döredijilik baradaky oýlanmalar uly orun tutýar. Bu ýagdaý onuň öz şahsyýetini, döredijilik şahsyýetini aňlaýşynyň hadysasy bolup durýar. Döredijilik hem sungat baradaky oýlanmalarynyň içki bitewüligini şahyryň agraslyk, sadalyk hem kämillik ideýalary kemala getirýär. Şeýle seredeniňde, bu düşünjeler adam durmuşyna degişli ahlak ölçegleri ýaly bolubam görünýär. Ol şeýledirem. Emma düşünjeleriň şu manysy bilen olaryň ýaşaýyş örüsini çäklendirseň, şahyryň filosofiýasyny hem durmuşa estetiki gatnaşygyny juda ýöntemleşdirmek bolardy. Aýdaly, sadalyk hem agraslyk esasan durmuşyňam, sungatyňam estetiki kesgitlemesi, durmuşyň hem sungatyň gözellik ölçegi bolup durýarlar. Şeýle jähetden çemeleşeniňde, şahyryň uly köňül güzaplary arkaly kemala getiren, tapan bu ideýa-düşünjeleriniň çuňňur manysy açylýar. Gurbannazar Ezizow sungatyň düýp manysy, onuň durmuşa gatnaşygy barada ömürboýy oýlanyp gezipdir. Çünki bu meseleler onuň ömür ykbalynyň manysyna dahylly bolupdyr. Ol sungat üçin ýaşan, oňa ykbalyny bagyş eden şahsyýet. Onsoň sadalyk hem agraslyk, kämillik ýaly düşünjeler sungatyň aýratynlygyny hem tebigatyny kesgitleýän kategoriýalara öwrülýärler. Şahyryň bu garaýyşlaryny onuň döwri, döwrüň poeziýasynyň durmuşa gatnaşygy meseleleri bilen baglanyşdyrsaň, olaryň durmuşy manysy has aýan bolýar. Ine, onuň «Sungat» atly meşhur goşgusy. Bu uzyn bolmadyk goşguda sungatyň düýp manysyna hem kämillik ölçegine bolan gatnaşyk hem garaýyş saklanýar. Şahyr bu goşguda kämillik ölçegini berýär. Sungatyň duşmany, sungata mahsus däl zat – artykmaçlyk. Artykmaçlyk poeziýa eseri babatda nämäni aňladyp biler? Munuň özi boş sözlülik, ýuwan sözlülik bolup biler. Şeýle bikemallyk daşky hadysa bolup, onuň aňyrsynda duýgy hem pikir garyplygy, ýürek pöwheligi ýatýar. Aňyrsynda derekli zady bolmansoň, galyň şahyrlar lenç edilen hem galypa öwrülen sözlere we formalara ýüz urýarlar. Ol sözler artykmaç söz, boş söz bolup durýarlar. Many boşlugyndan ýüze çykýan söz artykmaçlygy sungat dälligiň, bikemallygyň esasy alamatlarynyň biridir. Şonda sözüň aşa köplük, artykmaçlyk täsiri döreýär. Öli duýgularyň, lenji çykan pikirleriň hem-de mädäňe degýän formalaryň hapa sil suwy kimin, gark edäýmegi-de ähtimal. Körzehin senediň esasy aýby – artykmaçlyk. Pikriň dury bolsun asman mysaly, Onuň artyk geýmin sypyryp taşla Güýz baglaň ýapragyn sypyrşy ýaly. Bu ýerde durmuşyň dialektiki ösüşi hem şol ösüşiň logikasynda şahsyýetiň roly aýdyň görünýär. Ösüş – zadyň bir haldan ikinji bir hala geçmegidir. Ikinji hala geçmek üçin birinji halda bolan käbir taraplary ret etmeli, inkär etmeli. Olar özüniň manysy boýunça ikinji ýagdaýa geçmäge päsgel berýän, ikinjide gerekmejek taraplardyr. Şahyryň dili bilen aýdanyňda, artykmaçlykdyr, gabykdyr, geýimdir. Olary aýyrmak, sypyrmak hem kämilleşmegiň özüdir. Şu ýerde-de körzehinlik bilen zehiniň arasyndaky iň uly tapawut özüni bildirýär. Körzehinlik – artykmaçlygy, gerekmejek, özünde janlylygy saklamaýan gabygy aýryp taşlamaga ukypsyzlykdyr. Zehinlilik bolsa kämillige ukyplylykdyr. Zehin – ýaşaýyş energiýasynyň urup çykmagydyr. Elbetde, körzehinlik ýokluk däl. Ýöne ol diňe forma fakty, gabyk, geýim hökmünde bar, edil manekenler ýaly. Emma bu barlyk ýaşaýşyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, ýoklukdyr. Onsoň olara şol ýoklugy ýapmak, üstüni örtmek üçin bogazyna, ýagny forma bat beräýmek galýar. Emma bu olaryň aýbyny öňküdenem beter açýar, olary peçan edýär. Zehin bilen zehinsyzlygyň durmuşy – ahlak jähetdäki aratapawudy olaryň sungatyň manysyna çemeleşişinde ýüze çykýar. Zehinsiz üçin goşgy – güýmenje, ol – senet. Senet bolsa eliňdäki zatdyr. Zehin üçin goşgy – sungat, ykbal. Ol senden aýrylan obýekt däl-de, seniň barlygyňy düzýän, seniň ykbalyňdaky bir zatdyr. Netijede, olaryň önüminiň durmuşa täsiri düýbünden başga-başga bolup çykýar: Şahyr bolmaz ulus-ili güýmänler, Adamlary özgerdýänler şahyrdyr. Güýmemek, güýmenjä meşgul bolmak dirilik manysyndaky hakyky ýaşaýşyň alamaty däl, ol ýaşaýşyň gabygy, kölegesi bilen gümra bolmakdyr, salgymdyr. Sebäbi onuň öz aslynda, gelip çykyşynda boşluk hem ruhy ölülik ýatýar. Bu ýaşaýşyň täze usullaryna hem formalaryna uç berýän hem öwrülişigi, kämillik basgançagy däl-de, inersiýa, boş hem bimany aýlawdyr. Artykmaçlygyň gapma-garşylygy sadalykdyr. Sadalyk ýöntemlik däl, eýsem hut artykmaçlyk ýöntemlikdir, çünki bu ikisi-de täzeliksizlikdir, täze sözi aýtmaga ejizlikden ýaňa döreýän emeli çylşyrymlylykdyr. Sadalyk – emeli goşundysy, şol öli «gabygy» bolmadyk diriligiň bir özüniň tebigylyk bilen ýüze çykmasydyr. Sözlermiz elmydam belent ekeni Olaryň ýönekeý döwürlerinde. Sadalyk – emeli dällik, ýasama dällik, öz-özüne laýyklykdyr, ýagny many agramynyň daşky forma laýyklygydyr. Şu manyda ýöntemligiň gapma-garşylygy bolan hil çylşyrymlylygy-da barypýatan sadalykdyr, ol mazmuny boşlugy bolan ýöntemlikden tapawutlylykda hut mazmun doklugydyr, doýgunlygydyr. Ol sadalygyň bir derejesi, täze basgançaga çykmagy, şonuň üçinem ol diňe taýýarlykly dällere hossa, artykmaç agram bolup görnüp biler. Gurbannazar Ezizowda agraslyk durmuşyň hem ruhuň kämilliginiň ölçegi bolup durýar. Agraslyk sadalygyň bir görnüşidir. Agraslyk we ýeňleslik antonim düşünjelerdir. Ýeňleslik – suwuň köp bolmagy, çiglik, gögelelik hem bikemallykdyr. Agraslyk – türkmen ruhunyň esasy sypatlarynyň biri. Ol many goýazylygy we ruhuň kämilligidir. Ol ýaşaýyş dokmädeligidir. Şeýlelikde, barlyga kämilleşmek mahsusdyr. Zehin – barlygyň şahsyýetidir. Zehin söýgüdendir, çünki söýginiň özi-de döredijilige ukyp we ymtylyş, diriligiň gyjynmasydyr. Sungat – döredijilikli söýgüdir. Gep süýji owazda, akymda-da däl, He kim dowam edýär saýlan ýoluny. Ýok, başga ulurak mesele bar, Söýýänmi Söýşüm dek türkmen ilini? Onuň ýaýlag bürän sähralaryny, Daglarynda jerenleriň balasyn? «Giýewçilemäge haçan ger?» diýip Çuwalgyzlaň kakýan süýji lälesin?.. Söýme Watanyňy gursagňa urup, Eneňi söýşüň dek söýüber onam. Söýgi – kalbyň refleksiýasy, sungat bolsa söýginiň refleksidir. Adama söýmäni öwredip bolmaýar, ol ýa-ha bar, ýa-da ýok. Edil şonuň ýaly zehin hem ýa berilýär, ýa berlenok. Ony adam özi döredip, kemala getirip bilmeýär. Ýöne zehin gunça görnüşinde berilýär. Onuň gül açmagy şahsyýetiň özüne, daş-töweregine we gaýry birnäçe zatlara baglydyr. Esasy zat bolsa onuň kämillige ymtylyşydyr. Gurbannazar şahyryň özüne kämilligiň aňsat düşmänligi, bu ýolda onuň öz-özüni näçe igeländigini köp şygyrlardan görse bolýar: Erbet şygyrlaram önýär ýürekden, Şonuň üçin mertler kimin boýun alýan, Ne-hä söýüp bilýän şygyrlarymy Ne-de bir olary ýigrenip bilýän. Yşga düşen adamyň ünjüsi, söwdaýylygy hem sähraýylygy şahyrlara mahsusdyr. Şahyr – ýaşaýşyň aşygy. Sungat bolsa yşgyň iň ruhy görnüşidir. Kalp – söýgi meýdany. Söýgi – gapma-garşylyklaryň gözlegi. Söýmek – gapma-garşylygyňy gözlemekdir. Söýginiň ylahy, ählumumy kosmiki manysy hut şundan ybaratdyr. Gapma-garşylyklaryň tapyşygy esasynda bolsa ýaşaýyş täze hile geçýär. Diýmek, söýgi ýaşaýşyň esasy kanunydyr. Dünýäniň ösüş nukdaýnazaryndan iki hili ýagdaýy hemişelikdir: böleklik hem bitewülik. Böleklik halatynda söýgi küýsegi döreýär. Söýgüde, wysalda biri-birine gapma-garşy bölekler bir-biri bilen tapyşýar hem netijede täze hilli bitewülik kemala gelýär. Diýmek, söýgi – bitewülige barýan ýoldur. Söýginiň bu ählumumy kosmiki kanuny Älem ýaşaýşynyň ähli derejelerinde hökmürowandyr. Biziň gözümize görünmeýän molekulýar bölejikler hem özüniň gapma-garşylygyna ymtylýar, biziň gözümize juda alysdan edil şol bölejikler ýaly bolup görünýän, aslynda bolsa ägirt uly planetalar, ýyldyzlar hem özüniň gapma-garşylygyna ymtylýarlar. «Ýaşaýyş» diýilýän beýik hadysa şol ymtylyş arkaly amal edilýär. Söýginiň ylahy görnüşi hem manysy diýip men şuňa düşünýärin. Çünki «ylahy» diýmek – beýiklik, tükeniksizlik we bakylyk diýmekdir. Beýik Magtymguly: Aý-Güni, Zemin-Asmany Söýen dek, söýmüşem seni – diýip ýazanynda hut söýginiň älemara, ýagny kosmiki kanunalyklykdygyny nygtapdyr. Erkegiň zenana ýa zenanyň erkege bolan söýgüsi-de şol ählumumylygyň adamzat derejesinde ýüze çykmagydyr. Erkek adam zenana öz gapma-garşylygy bolany üçin ymtylýar. Bu iki gapma-garşylygyň wysalyndan täze bir bitewülik kemala gelýär. Eger söýgi bolmadyk bolsa, onda Älem bölek-büçekliginde galardy. Onda kosmos bolmazdy-da, onuň deregine haos bolardy. Haos – dürüşdedir. Beýle ýagdaýda, has dogrusy, beýle ýagdaýsyzlykda hiç hili ugur, hiç hili orbita ýok. Zatlar bir-birinden üzňe, biri-birinden bihabar halda durlar, olar, hamana, birhili, ählumumy biri-birinden ýadyrgamak halynda saklanypdyrlar. Şeýle ýagdaý giňişligiň hem wagtyň ýüze çykmagyna päsgel berýär. Beýle diýmek bolsa ýaşaýşyň ýoklugyny aňladýar. Beýik Allatagala wagty hem giňişligi ýaradypdyr, ýagny entek ýok Älemiň böleklerini biri-birine çatypdyr. Olara biri-birini söýmegi öwredipdir, onsoň ýaşaýyş, kosmos döräpdir. Ana, şol ýaşaýyş türkmen şahyrlaryny asyrlarboýy oýlandyryp gelipdir. Türkmen poeziýasynyň döreýiş taryhynda, kämilleşmeginde esasy özen bolan pikirleri, dünýä, durmuş, bakylyk, dirilik, ömrüň many pelsepesi hakdaky pikirleri, ol pikirlere bolan dürlüçe garaýyşlary, olaryň şahyrlaryň döredijiliginde beýanyny tapyşyny öwreneniňde türkmen ruhyýetiniň tug göteriji şahyrlarynyň ruhy gerdenine düşen ýüküň ýeňil-ýelpaý bolmandygyna açyk göz ýetirýärsiň. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |