08:49 Üçünji dünýä | |
ÜÇÜNJI DÜNÝÄ
Goşgular
Ir doguldym, Giç doglupsyñ. Aý garaz, Ýeriñ täleý üçeginiñ astynda Bir däl eken ýyldyzymyz owaldan. Ýogsa-da men oglanjykkam Nohuryñ Daglarynda çakgy bilen köwläp Arkama atynan torbajygyma Doldurýakam domalandyr çigildem, Sen ýañybir dünýä inen ekeniñ Dokuz aýlap göwresinde göteren Mährem ejeñ begenç gözýaşlaryna Misli senem goşýan ýaly gatanjyñ Birenaýy "Iññä, iññä" jägildäp... A soñ bolsa gulpajygñy tasadyp, Gyzjagazkañ gurjak oýnap ýörenje Men o wagtlar sesi ýognap Burnunyñ, aşagy garalyp ugran ýigitdim... Aý garaz, Gulluk, iş, okuw diýildi, Gezdim ýördüm hindi artistleriniñ Saçlaryna meñzäp duran şar gara Saçymyzy yza çişirip darap... Söýenden gaçyldy yza garaman Söýmäge mynasyp däller söýüldi. Bu gün derde goýduñ, Kyrkyñ onlugyn Goýmadyñ özbaşdak tegeletmäge... Göýä bir gyzykly kinoñ ortasyn, Gap bilinden kesen reklama ýaly Şowhun bilen girdiñ depesi ümre Basyrnan dag kimin ümsüm kalbyma... Bu niçiksi durmuş, Niçiksi ykbal? Bu neneñsi ahwal, Söýgümi bu päl? Bu düşnüksiz sowallaryñ üstünde Nirde bolduñ?! - diýen ýeke-täk sowal Labyr taşlanynda men ol pursatda Kirpikleñde wysal üste gurulan Gyldan inçe, tygdan ýiti Syratda, Geçip barýan ýaly duýdum özümi, Bilmen, bu dünýämi? Ýa o dünýämi? Jahan içre jahan, Älemde - älem! Deñäp bolmaz ol natuwan gözüñi Şükür, gördüm hemmä nesip etmejek Wysal atly şol üçünji dünýäni... (Ýazygymy geçeweri Ýaradan, Çünki, bu üçünji röwşen dünýäni, Sen ahyryn şeýle Gözel ýaradan...) Men-ä telpek goýdum, El-aman, aman! Barybir ikimiz sataşjak bolsak, Göýä ýelim çalnan ýaly sulhumyz Bir-birine galjak bolsa ýapyşyp... Aýtsana, Henize-bu güne çenli Üsti elmydama gelüw-gidüwli Ýumurtga çalymdaş togalak ýeriñ Eýlesi-beýlesi görünip duran Eliñ aýasy dek dagy-düzüniñ, Niresinde bolduñ, Nirde gizlendiñ? Owarram diýeli meñ ir doglanym, Aýby ýok señ doglanyñam gijiräk Bir saý-sebäp bilen ýolda, ulagda Ýeke gezek düşmese-de göz göze Bu gün gelip huzuryma ýüz ýüze Çözüp ap-ak topugyña saralan Messepsiz durmuşyñ duşan duşagyn Böwsüp kanunlaryñ petiklän bendin Sumbaryñ siliniñ baharda joşup Jülgäni goýnuna dolaýşy ýaly Hemdem edip aljak bolsañ dünýäñe Hem-de bu şygyry gijäñ ýarynda Bir mähirsiz ýaryñ goýnuna girmän Diwary dyrtmalap, Stol ýumruklap, Bir ondan, bir mundan ýarsy ýazylyp, Soñam gaharyma zibilli bedrä, Düýrlenip zyñylan bigünä kagza Çyrşatmakçy bolsañ, owal-aslynda Nirde bolduñ?!. Galdyr gabaklaryñy, Gözüme seret... © Has TÜRKMEN. | |
|
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||