12:11 Üçünji gapy / powest | |
ÜÇÜNJI GAPY
Powestler
Uzyn däliz. Ýylpyldawuk alagaraňkylyk uzaboýuna ýaýran. Ahyrky petiginde – penjire barmy ýa-da aýna gapy – ýagtylyk görünýär. Hemme ýeri ýylmanak. Aňry çetindäki köýjek bolup gyrpyldaýan üç-dört sany çyraň ölügsi-aksowult, süýtreňk ýagtysyna, däliz, bildirer-bildirmez lowurdaýar. Asty haýsy, üsti haýsy – aňşyrmak çetin. “Ast” diýjegiň üstmi ýa-da “böwür” diýýäniň astmy – bellisi ýok. Çep bolmagy mümkin sagda-da, ýedi sany eneden dogma meňzeş gapy. Ählisem ak. Dikligine zolak-zolak plastikden. Çalymtyk, port demirden tutawaçly. Ýüzünde ýazgam ýok, bezegem. Ortagürpe ýeter-ýetmezräk hojalykda, hammama goýulýana kybapdaş. Geň ýerem, bu gapylar, ilki seredeňde, depseň döwüljek, çalamydar ýaly bolup görünse-de, olaryň öz aňyrsynda aklyňa sygdyryp bolmajak mähnet gahar-gazap bilen dyňzap, müňzäp duran, nähilidir birhili aýylganç elhençligi hiç ýaňa butnatman, böwetläp saklaýandygy äşgär syzylýar. Şu syzmakdan ýaňa-da, iniň-ä – mürçe mesgeni. Depe saçyň – kirpi tiken. Endamyňam – towugyň hamy... Bu gapylaň ýene bir düşnüksiz zadam, olardan birnäçe ädim daşda durkaňam, şol birwagtyň özünde hem-ä gaşyňy çowlap, kirpigiňi çirkizip barýan howur hapylaýar, hemem bäbenegiň perdesini doňduryp gelýän aňzak ýüzüňe urýar. Hamana, olaň aňyrsynda, birwagtda tomusky Sahara bilen gyşky Arktika ýerleşýän ýaly. Ýa-da olaň ikisindenem has myrtarrak bir ýer... ...Gapylary biri-birinden ýeke-täk tapawutlandyrýan alamatam, olaň her haýsynyň ýokarysynda, goýy gyzyl reňk bilen birje söz ýazylan aýna kesindisi gysgyja iltelip, sallanyp dur. Sözüň gapdalynda-da, şoň bilen reňkdeş, maşakşekilli görkezgiç, aşak bakdyrylyp, ýapyk işige ümleýär. Hamana: “Ýalňyşyp başgasyna giriji bolaýma! Şu ýarlyga laýyk bolsaň, diňe şuňa girersiň!” diýip, talapkär hemle bilen, çürt-kesik görkezme berýän ýaly. Aňyrdan birinji gapy. Ýokarysynda: “Agsak” diýen ýazgy bar. Nämäni aňladýar, bu söz?! Alla bilýä. Ikinji gapy. “Heýwere”. Üçünjisi – “Bihuda”. Dördünjisi – “Batyl”. Bäşinjisi – “Ga:pyl”. Altynjysy – “Müňkür”. Ýedinjisi – “Çakmak”... ...Öňi-ardy, sagy-soly, aşagy-ýokarysy bilinmez dälizde, gidere ugruny seçip bilmeýen awara deý söm-saýak bolup duran onuň alnynda, ýediň altysy pugta ýapylgy. Näme üçindir goňşularyndan tapawutlykda, çala yşyraýan üçünji gapyň yşyndan bolsa, oňa tarap nämedir bir zat yşyklaýana çalym edýär. Özem ýürekbulanjy işdämenlik bilen ýalmanýan ýaly. Edil, porsy, şepbeşik gurbagaň maslygyny ýuwutmaga çemelenýän aç alahöwren deý. Şojagaz yşgalaňdanam, gözüne bildirmese-de jöwzaly hazan sörtügi, ýüzüni çawlap, dalap, oňa garşy zowwam öwüsýär. Dälizde hökmürowan dym-dyrslygyň zorundan ýaňa iňlär siňek ses eşidilmeýär. Emma, üçünji gapyň aňyrsyndan itilip-itilip çykýan duwara sörtügiň gyldan inçe akymynyň iňňildisi – diňe onuň gulagyna eşidilýärmi ýa-da göwnüne bolmasa, hut kalbynyň göbeginde ýaňlanýarmy – süňňüni lerzana getirýär. Durkuny-düýrmegini dünýäsygmaz allajy wehimden dolduryp, tutuş bedenini gamyş kibi galdyrap, simap kibi sandyramaga mejbur edýär. Onuň bu üçünji gapyň öňünde ýeke pursatlygam säginmän, ümdüzine tutduryp, ýer gutarýança gaçasy gelýär. Emma, aýaklaryna çüý kakylan ýaly. Ädilmeýär. Elheder almakdan ýaňa peträp hanasyndan çykaýjak bolýan gözlerini tegeläp, doňňara-daşa öwrülip durmakdan özge, hiç zada erkem ýok, deramatam, gaýratam... Diňe, köňlüniň iň alys künjegindäki, mundan öň bardyram öýdülmedik näbelli buljumynda, ölügsije umyt, soňky demde-de ölmezlik üçin terpenýän, jansöýer ynsan ýüregi kimin, assaja tirsildeýär... Hernä, Hudaýym! Üçünji gapy mundan artyk bir açylmawersin! Onuň aňyrsynda, bäriligine çykyp bilmän, eýmenç ümsümlige ýugrulan, gum-guk arryldy bilen nagra dartyp dyzaýan nämälim nägehanam, şol duran ýerinde galawersin! Hernä, Hudaýym, hernä... ***** ...Düýşmi, huşmy?! Düşer ýaly däl... ...Köne kürsüsini jygyldadyp, gerşini göneltdi-de, gerindi. Iş otagyň gapysynyň ýokarysyndaky elektron sagadyň ýaşyl sanlaryna göz aýlady. Nol dokuz, otuz iki. Bäh! Şu ikarada uklap ýetişäýdimikä?! Ýaňyja, işgäriniň içerki ulgamdan oklan resminamasyny açyp, okap otyrka, kompuň sagatsetirine göz aýlanda-ha dokuza iki mint bardy. Bumadam eýýäm ýarym sagat gowrak geçipdir. Ýa, ýene-de adatdakysy ýaly, ýarymoýa bimarlyga düşäýdimikä?! Ol pallap, ýerinden turdy. Endam-a gurşupdyr welin, megerem ymyzganmaga ýetişen bolaýmasa... Begendi. Göwnüne nähilidir birhili düşnüksiz kanagatlanma çaýyldy. Agzynyň içinde, adatça, ýagşyja irkilip-turlandan soň emele gelýän şepbeşik-süýjümtik tagamy duýanda bolsa, kalby hasam aram tapdy. Çünki, şuň ýaly, birdenkä guýa gaçana çalymdaş, öz-özünden, duýdansyz, gysgajyk, ýöne berk uka gitmegini, ol öz ýanyndan hemişe ýagşylyga ýorýardy. Beýnisiniň öňki, sagdyn kaddyna dolanýanlygynyň alamaty hasaplaýardy. Emma, onuň süňňüne aralaşan lezzetli rahatlyk uzak dowam etmedi. Ýaňky ýedi gapyly düýşümi, hyýalymy ýadyna düşende, ýüzi boz-ýaz boldy. Dogrudanam, nämekä, bi?! Düýş diýseň-ä, ýalpyldap dur. Mundan öň görülýän, edepli-terbiýeli düýşler, adatça bulam-bujarrak, olarda görülýän her bir zatjagazyny gaty aýyl-saýyl edip bolmaýanrak bolýardy. Bü ýaňky bolsa, öňküler bilen deňäňde, edil “eýçdi” formatly kino bilen “çarlyn-çaplyn” kinoň arginaly ýaly. Onda nä, düýş bolmasa, oýalykda gözüne görnen ham-hyýal bolýamy, o?! Näme, inni, oýaka-da gözüne şuň ýaly depme-dürs şekiller görnüp, ol, kellesi birdenkä, sende ýok mende, öz-özünden Hytaýa tarap alyp gaçyberýän, dubanutymy?!... ...Ol uludan dem aldy-da, hiç zat görmeýän gözlerini owasynda doňduryp, iki ýana gezmelemäge başlady. Bosaga garşy bäş ädim. Günorta tarap üçüsi. Soň, tersine düňderilip, ýanyn ýatyrylan “г” görnüşli goşastoluň gapdalyndan gyýalap, ýene-de yzyna... ...Şol ýoluny üç-dört öwran gaýtalandan soň, beýnisi ýaňky bimar oýalygyňmy ýa-da alasarmyk ukyňmy täsirinden az-kem saplandy. Birisi çala yşyraýan, altysy mäkäm bentlengi, ak gapyly däliziň sudurynyň hyýalynda hellewlemesem galyşdy. Ýerine geçdi. Halys süňňüne ornan endikli hereket bilen, kürsüni jygyldadyp, eýläk-beýläk oýkanjyrady. Ynjalykly ornaşdy. ...Garaňky ekranda ýyldyzly älem giňişliginiň öýkünmesi. Tiňkäňi dikip, gözüňi gyrpman otursaň, göwnüňe bolmasa, oturan kürsüň-ä kosmos gämisiniň kapitanynyň orny ýaly bolup görünýär. Ýalňyz özüňem, çar-töweregiň mährewsiz sowuk tümlüge beslenen tükeniksiz boşlukda, Akmaýaň ýoluna garşy ýol ýasap, ýagtylygyň tizligindenem müň esse çaltlykda öňe okdurylyp barýan ýaly. Ýakynlaň, adamzat, dogduk saýýaraň...hemme zadam ýüzlerçe ýagtylyk ýyllyk menziller alys yzyňda galan... ...Öz-özünden oslagsyz aňyna gelen bu deňeşdirmä ol, näme üçindir göwnüýetmezçilik bilen ernini gyşartdy. Klawişaň düwmesine basyp, monitordan “Windowsyň” ýörgünli imitasiýasyny aýyrdy. “Kosmos-posmos...Kassiopeýa, Alfa Sentawra...Hymh! Bolduň meň başyma, Obiwan Kenobi...Çagalykda wuruşly kinony azrak görüp, kosmosly kitabam seýregräk okamaly ekeni! Hemme kişi jedaý ýa-da sith bolsa, işi kim etsin, aýlygy kim alsyn?!”... Öz-özi hakda kinaýaly oýlanan ol, hatda ekranyň teýine-de ýygrylman, açyklygyna duran faýlda ünsüni jemlemäge synanyşdy. ***** Bolmady. Sähel salym geçmänkä, pikirleri ýene-de endiganlyk bilen, ýaňky gapyly-dälizli sermisallyga, kakabaş beýnisiniň öz erkine garaşsyzlykda turuzýan düşnüksiz “oýunlaryna” syrykdy. ...Geçen ýylky öte agyr geçirilen keselden ýa-da şoň hasam çökder bejergisinden soň, kellesi – tentek. Oýaka-ha ýatan ýaly. Dünýe – alasarmyk. Ukudaka-da, ýatany-ýatmany gümana. Hemmeje zat üç-dört ýaşly çagaň gündizi ýaly – dup-dury. Onsoň, belki şondandyr. Göwnüne bolmasa, özi hiç haçan ymykly uklamaýanam ýaly. Mydama oýa ýaly bolup dur. Ýa-da hemişe güm-samp, bulaşyk. Dynçlyk bilen galagoplugyň arasynda üznüksiz leňňer atyp duran bimar... Şoň üçinem, haçan görseň, ine ýaňka kybapdaş sahnalaň düýşümi ýa hyýalydygyna aň ýetirip bilmän gara köseň. “Täterimiň teýine gitsin-le! Nämmolsa şo bolsun! Düşünmän geçeýin!” diýip, jähennem edeýin diýse-de, kalby doly iňkis. Ünsüni sowjak bolup, nijeme çytraşsa-da, hiç aňyndan çykaryp taşlap bilmeýär. Şo-o-l beýnisinde aýlap ýör, aýlap ýör... Çynmyka? Ýalanmyka? Aýanmyka?! Ýa güman?! Ýa-da aklyndan azaşdyrjak bolup, şeýtan oýnaýarmyka?! Nä, gel-gel inni, bar wäjibini kör edip, hut şahsy şuňa meşgul bolmanna, o işigaýdan bedibagtyň özge işi häpbi endmi?! Nä, muny mežnun edip nemedeni üçin, oň döşüne ortasy leýlinkelleli ýyzzyl dakyljakmy?! Egremçesine-de: “Şü bennäň lawriýat leýninski kamsamollygy çypbakaý-çyndyr!” diýen ýazgyly... Ýa, hemmesi hakykatdanam düýşmükä? Ýa huşmuka? Eger düýş bolsa, oraşanmyka?! Oraşan bolsa, nämäni aňladýarka? Öz aňastaňymy ýa-da şonuň interaktiw režimde, göni aragatnaşykda duran saýýaraň Maglumat meýdany, şo huşa çalymdaş düýşleň üsti bilen oňa näme diýjek bolýarka? Haýsy öň görlüp-eşidilmedik pynhan syry, bü tüntawa düşündirjek bolýarka?! O, howandar Maglumat meýdany, aladaçyl ene deý, oňa üstüne abanyp gelýän haýsy nämälim-nägehan howp-hatar hakda duýduryş ýollaýarka?! Äý-ý-ý... Ýak, senem-ä! Kawyçgadaky köpbilmiş-läý, sen wara! Tapan-tupanyňy okaý-okaý, synlaý-synlaý, diňleý-diňleý, bolanja neýromazgi zynjyrlaňňam, hakyda baýtlaňňam ugur-utgasyz psewdo bilimlerden hyryn-dykyn dolup gidipdir öýdýän! Maglumat meýdany, nä, saňa günde-günaşa duýduryş ýa-da habar iberip ýatary ýaly, imeýliňe gerek-gerekmejek spam-mahabatdyr, bildiriş messežläp oturan, elektron beýnili serwermi diýsene?! Kim seni başyna ýapsyn?! Şunça iş edinip, saňa nämedir bir zat barada duýdurmaga ýa-da haýsydyr bir tutuş adamzady kaýfa uçratjak ýaşyryn açyşy saňa mälim etmäge, wagt, güýç, serişde we ýenewör-lähet sarp eder ýaly, nä, sen, arşyň-kürsüň göbegimi? Ýa, ýumurtgaň dört-de, her haýsam düýeguşuňkymy?! Ýa-da, sen, çörekden-suwdan ellibizar bolup, öz açyşynyň üstünde milýon ýyllap kelle döwensoň, düýşünde elementler tablisasyny görmegi başaran Mendeleýewmi?! Hiçisem dä... Sen-ä bir, adaty edarada hat-pete gümrä bolup ýören, bary-ýogy iküç sany özi ýala başlyksyraýan mürzäň biri... Onsoň seň düýşüň-huşuň, açyşyň-ýapyşyň, saglygyň-derdiň...tutuş saýýaraň daşyny dolap alýanmyşdyk mähnet Maglumat meýdanyndan başlap, tä şo saýýaraň iň täterimindäki litosferada ýaşaýan, iň müjülje bakteriýasyna çenli, aýalyň-çagalaňdan özge, kimiň nä derdine?!... ***** ...Ol kürsüň tigirçegini tagyrdadyp, yza tesdi-de, arkan ýaplandy. Ellerini ýeňsesinde çilşirip, gözüni ýumdy. Uludan dem aldy. “Seňkem dogry, keýwany...” diýip, öz-özi bilen ylalaşdy. Birsellem şeýdip, gymyldaman oturandan soňam, ýene-de ümzügini öňe atyp, ekrandaky resminamanyň setirlerinde ünsüni jemlemäge synanyşdy. Okasy gelmese-de, özüne zor salyp, göz aýtymynda hatara duran harplara aň ýetirmekçi boldy. Hatda, öň ençeme gezek ünsüni çugdamlamak üçin synagdan geçiren usulyny ulanyp, resminamadaky sözlemleri içinden gaýtalamaga-da başlady: -...Şunuň bilen baglylykda, siziň dykgatyňyza ýetirýäris: Geçen aýyň görkezijilerini şu aýyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde... Ýöne, megerem, gapylar hakdaky pikirlerem kümsükligiň, müsmünsokar aýýarlygyň, saman astyndan suw goýberip, pesden işlemek sungatynyň düýbüni deşen bolara çemeli. Beýdeni bilen aňyndan sypba-sypyrylyp gidibermediler. Gaýta, ol-a beýnisiniň bir künji bilen guraksy, kätibi sözlemleri hetjikleýär. Aňynyň beýleki bir ülüşi bolsa, gapylaňdyr, tekiz ýylmanaklygy bilen gözüňi agyrdýan däliziň şekilini hyýalynda dikeldip, hötjetlik bilen şolaň daşynda perwaz urýar. ...Nämüçin, olaň hemmesi ak reňkdekä?! Özlerem, daş sypat-a el-hal welin, aňyrsyndan müňzäp çykmaga dyzaýandygy äşgär duýulýan haýsydyr bir zadyň bolsa, tükeniksiz güýç-kuwwata eýedigi aňdyrýar. Geň zat. Şojagaz gowşak işigem, şo aýylgançlygy mizemän saklamagyň hötdesinden gelýär... Onnoňam, nämüçin, olaň hemmes-ä temmelengi, ala-böle diňe ýekejesem çala açyk?! Ýa-da, olaň depesinden asyl-asyl edilen aýna tagtaçalardaky ýazgylar... Şolar nämäni aňladýarka?! ...Agsak, Heýwere, Bihuda, Batyl, Ga:pyl, Müňkür, Çakmak... Düşnüksiz. Gümürtik... Düşünýändirin öýdýän çaklamasyny bolsa, özi boýun alasy gelmeýär. “Biderek zat-la” diýip, aňyndan kowýar. Ýa-da, has dogrusy, ol kellesine gelen dessine, ony beýni ammarynyň barylmaýan burçunda üstüne pikir zibilini münderläp, çaltrak gömmäge howlugýar... ...Umuman, kelle soragdan “hyň” berýär. Maslyga üýşen gögeýin ordasy deý. Düýşem bolsa, huşam bolsa, şo sowallara, hem-ä öz göwnünden turýan, hemem beýlebir oýlanan badyňa beýniňem, ýüregiňem alasladyp başlabermeýän, ýympyjak jogaplary tapmagam, özüniň gören ýa-da görendirin öýdýän zadyna akyl ýetirmegem, näme üçindir, hut şu mahal-a onuň üçin juda möhüm... Ýa, şo gapyly sahnaň haçandan bäri gaýtalanyp, ony soňky üç-dört ýylyň dowamynda yzygiderli-birsyhly azara goýýandygy üçinmikä?! “Haçandan bäri”?! “Soňky üç-dört ýyl”?! “Yzygiderli-birsyhly”?!... ...Tüm-garaňky aň otagynda abažursyz çyra ýakylana döndi. Hälden bäri, beýnisiniň bir çetjagazyny gorjalap duran gümürtik pikir, pişik gören güjük deý, kelleçanagynyň merkezinde kellesini keýertdi. Bäh! Dogrudanam-aý! Hälden, şu gapylardyr-däliz bilen bagly nähilidir birhili düşnüksiz iňkisjik duýulýardy welin, “nämekä” diýse, asyl bu huşdugy-düýşdügi näbelli närse, öňem ençeme gezek görlüpdi ahyry! Bada-bat üns bermeýşini diýsene. Äý hawa-da! Şo öten ýylky eňňerelikden soň huşam kütelen ýaly welin, wagtal-wagtal kelle-de tutuşlygyna alyp gaçýana meňzeýä. Şapadaňlap eňip barýan ugrunyň hanjakdygam belli däl... ***** Ýene-de kükregini dolduryp dem aldy. Oturyşyny üýtgetmän, gözüni owkalady. Dyň-ň, dyň-ň... Sessizde goýlan elýeterindäki telefona jan girdi. Gözüni gyşardyp ekrana äňetdi. Ýegen. “Näme üçin jaň edýärkär-aý?” diýip, böwrüne ünji aralaşdy. Bada-badam öz soragyna özi jogap berdi: “Ýene-de pul sorajakdyr ýa-da bir zat haýyş etjekdir-dä. Halyňdan habar almak üçin ýa-da: “Daýymbratok! Näme gerek-ýaragyň ba bolsa, aýt şüpille! Gaty bahym süňk edip taşlap gaýdaýyn!” diýip, til kakmajag-a belli-le”. Ol, zanny “suw görmän tamman çykarýanlaň” hilinden bolansoň, öňünden gatyrganyp başlamaga howlukdy. Jaňy aldy. -Alýo?! -Alýo, daýy, salawmaleýkim! Islemese-de, özüne zor salyp, gadyrlysyrady: -Hä, waleýkim, ýegen! Öý-içeri sag-gurgunmydyr? Ejeň taby gowumy?! -Şükür, daýy! Özüňkiler neneň?! Kän wagtyňy almaýyn. Men neme-laý... Ýegeniň sakynmasy, onuň gursagynda yňranjyraýan gyjyr-gyjyr içiýangynlygyň üstüne ýag sepdi. Özüne hernäçe erk edip saklanjak bolsa-da, gatyrganmasyny daşyna çykarman bilmedi: -Bolýa-laý, ýegen! Birinji garnynda guzlap bilmeýän tüwe ýaly, molamaga mejalsyz, çygynyp durma! Näme aýtjak bolsaň, derrew-derrewden aýdyşdyraýsana! Bilýäň-ä, men işde. Itenek-de-çomanak, moh-moh juk-juklaşyp oturmaga, çar-töweregimde puryjam çaşyp ýatanog-a-how!... -Onna, neme-le, daýy...-diýip, aňyrkam, sende ýok, mende, sebäpsiz ýerden özüne gaty-gaýrymrak daralybermegini ýokuş görendigini duýdurmakdan ötri, äheňine birneme öýke çaýdy:-şuwunlar işimiz ugruna bolup, jigilem bilen birnemejik pul süýşürdik-de, ejemden soraşdyk. Ol oňlandan soňam, saňa bergimizi gaýtaraýaly diýişdik welin, daýy, öýe – daýzama eltsem dogry bolarmy ýa-da şumat yzyňdan işiňe baraýynmy?! Bu sözlerde hiç hili erbet many bolmasa-da, näme üçindir onuň ýüregi jigläp gitdi. Özem şol bir wagtyň özünde hem-ä gahary gelip, gulagynyň ýeňsesi gyzdy. Hemem ýegenine haýsydyr bir içi güjükli gep atyp, oň içini ýakasy geldi. Kellesinde-de müň pikir, müň sowal, müň igenç tüweleý turuzýar... Haýsy bergiňizi?! Seň pahyr bolan kakaň jaý salanda berleninimi? Ýa-da soň ulag edineňizde berlenini? Ýa-da belki, sen öýleneňde berleninidir?! Ýo, ýo, ýogsa-da, dur hany! Belki, aşak ýanyňdaky jigiň toýuny başbitin sowmaga ýeterlik uzadylanyny gaýtarjak bolýansyňyz, şeýlemi?! Ýadyňyza düşäýdimi?! Aperin-how, size, ýegenjikler, her niçigem bolsa, aperin! Ahyry, ese-boýa galanyňyzdan soňam bolsa, maýryk ýükçi eşege dönen daýyň-a howlusynda hudaýýoluna aýdylan, mugt zikgehanasynyň ýokdugyna, oň duluna bikelik eýleýän daýzaňam Karunyň öwlüýälere ýykylyp alan ýalňyz dikrary däldigine, aklyňyz çatyp başlanyna şükür! Özem-how, jan ýalyjak ýegenjigim! O, ýyllarboýy hökmany bergi-borç hasaplanyp, has takygam paç-hyraja dönderilip, berlip gelnen uşak-düşekler-ä hasaba-da almaweriň! Birdenkä size bijaý ýaman egbar düşäýmesin! Onnoňam, bar, özi mätäçkä ile çyrşaýan köwek jomartlyk bizden galsyn! Maýda-çüýdäň, “geçdim” diýeýin, barysyny! Inni, agzyňyz aşa ýetip, eliňiz giňeşensoň: “Beh, şü “daýy” diýilýän janaweriňem, inni çagalar-a mazaly ýetişip barýannyr-ow, öz-ä! Özem günsaýyn garrap, öňküsi deý bäş köpük gazanmaň ugrunda şapadaňlap ýömäge, beýlebir ýarabam barýan dä bolaýmasyn-haw! Şoň üçrib, heniz-hälem bolsa, rehim edeýliň-de, beräliň, şo öňküleň ujunnan näçe-de bolsa, özümizzen artan-süýşen bir zatjyklary!” diýäge-de, ýaňky agzalan lomaýraklaryny gaýtarsaňyzam, eýsem-de bolsa, janymyza noş bolmanam durmasa gerekdi... Emma... Diliniň ujuna münen bu şerebeli jümleleň hiç birinem jebis gysylan dişinden bärik ötürmedi. Diňe: -Haýsy bergiňi, ýegen?-diýip, gyryljak seslendi. -Ýadyňa düşýän bolsa, daýy, kakam pahyr sennen ýigrimi ýyla golaý owal, körpe inisini öýerjek bolanda karz pul alan ekeni...-diýip, telefonyň bäri ýüzünde gopýan içki harasatdan bihabar ýegen, şol öňki azak-tenek kine ýokundyly, ýöne parahat äheňinde dowam etdi:-Şony-laý, daýy. Ol telefony agzyndan daşlaşdyrdy-da, misli kekirdegine tegek bolan ajy jümleleri aşgazanyna gaçyrýan dek, kynlyk bilen ýuwdundy. Birki ýola uludan dem aldy. Köşeşdi. -Ýo, ýegen, azar edinmäň! Artyk-süýşügiň bolsa, ejeňe, jigileňňe çyrşa! Şolary hor-har etmeseň, men sendenem, Hudaýdanam yrza! Edenine şükür, etjegine-de! Meňem öz günüm özümden aýlanyp dur. Mätäçlik ýok... -Ýo-laý, daýy, beý diýmesen-aý,-diýende, aňyrdakyň tolgunyp başlandygy sesinden bildirdi:-Owaly bilen-ä niýet etdik. Inni dänsek, o saňa bermedigimiz nesip edermi-etmezmi, şo iňkis bolar. Ejeme-de, maňa-da. Onnoňam-how, daýy, ömrüň uzak bolsun. Owal-a kakam pahyr barka goldawyň ýeter durardy. Soňam, ol dünýeden gaýdaly bäri eden haýryň sany-sajagy ýok. Nijeme ýyl gözden salman gelliň. Inni, gazanjymyz gowlanyp, bereketimiz artandan soň, bizem il deňinde durup, edeniňi azda-kände gaýtarmaly bolarys-a-how! Ýa, nä, meň aýdýanym telekmi, daýy?! Bizemmir özüň ýaly adamdyrys-da-how, daýy... Sesini çykarman telefonda janygýan ýegenini diňläp durşuna ol, bir tarapdan-a müýnürgedi. Uýaldy. Ýaňky pikirlerine, gatyrganmasyna, içi güjükli jümleleň dilini eýerlänine. Ikinji tarapdanam, çyny bilen buýsanýandygyny duýdy. Özüne-de. Sabyr edip, şunça ýyllap edip gelen kömegine-de. Gowy adam bolup ýetişen ýegenlerine-de... Ol “ähem-ühüm” edip, bogazyny arçady. Soňam dillendi: -Bolýa, ýegen! Seň aýdýanyňam jany ýok däl. Menem Ýer ýüzüniň ähli sogabyny ýeke özüm gazanyp, täk özüm tohumlyk gowy adam boljak bolup ýörmäýin. Haýryňa ýaran bolsa, ejeňem şony unan bolsa, onna özüň sazla-da, näme etseň şeýt. Isläniňi daýzaňa goýdajyk gaýdyber... -Onna, daýy, şu taýda ýene-de bir neme ba,-diýip ýegeni, “bor” diýip telefony goýaýman, çekinjeňlik bilen täze gep tapdy:-Ejem aýtdy, kakam pahyr, şo puly sennen alanna, oňa üç-dört sany altyn şaý-sep düşýän ekeni. Häzir bolsa iki müň dokuzda pul çalşyp, ol wiçjik bolup galdy. Şoň üçin bar-a, daýy, biz-ä ejem bilen şomatky düşýän gyzyl saý-sepleň häzirki bahasyny gaýtarmagy göwnümize jaý hasaplaýdyk welin... Onuň göwnüniň iň garaňky burçunda kimdir birem däl-de, nämedir bir zat: “Dogry şo! Rast şo! “Bor” diý! “Bor” diý, bejit!” diýip, joşgun bilen heşelle kakmaga başlady: “Bilseň, kimem bolsa birine hakyňy köýdürmek isripdir! Bular bolsa halal hereket edýäler”. Kim bilýär, belki ýüze çykmagyna sebäp bolan däldir, ýöne, mundan öň özünde beýle nebisjeňligiň bardygyny duýup görmändigi zerarly, ol birhili, sähel salymlyk aljyrap, sermisal ýagdaýa düşdi. Birdenem, näme üçindir gözüniň öňünde ýylmanak dälizdir, ýedi gapy peýda boldy. “Şyrk” edibem, olaň haýsam bolsa biriniň tutawajynyň içinden aşak gaňrylýandygyna çalymdaş ses eşidildi. Oslagsyzlykdan ýaňa ol tisginip gitdi. Telefony gulagyna tutup oturyşyna gözüni tiz-tizden ýumjukladyp, nazarynyň iç ýüzünde gaýmalaklaýan şekili ýom-ýok etdi. Ýüzi gatady. -Ýegen,-diýip, entegem gepini düşündirmäge howlugyp, gürlemegini bes etmeýän ýegeniniň sözüni bölende, onuň sesi sowuklaç çykdy:-Men war-a, köşek, owaly bilen-ä kesekidenem göterim gazanyp, süýthorçylyk edemmok! Etmerinem, nesip etse! Galywerse-de, garynnaşlammyň üssünden gönenip, iki dünýämem oda berjek bolup ýatammok! Ýatmarynam nesip etse! Düşýäňmi, şuňa?! Düşýän bolsaň, gaýdyp, dagy-duwara şuň ýaly bir zady maňa teklip edeniň iň soňky sapam bolsun, bolýamy?! O diýýän karz-kowalyňam üzjek bolsaňyz-a, şo öňküsinnen häzirkä hasaplaňda, şonam nemediň! Ýok, ony beýtjäkgäden bolýan bolsaňyzam, onna, olam gerekgä maňa! Başymyzyň abatlygynyň sadakasy bolsun! Düşdüňmi, ýegen?! Daýysynyň gaty gaharyny getirendigini äheňinden aňan ýegeni, ylalaşmaga gyssandy: -Düşdüm, daýy! Aýyplaşmaweri, daýy...-diýip, nämedir bir zatlary düşündirmäge başlajak boldam welin, bu oňa gep çagalatmaga maý bermedi: -Bar aýtjagyň şü bolsa, bor onna, ýegen! Sen sazla-da, nemediber. Meň bolsa işim kän şumat,-diýişdirip, çalt-çalt suňşurdy-da, şarpa kesdi, aragatnaşygy. Şol pille-de, “şyrk” edip, gapynyň içinden gulplanyşyna meňzeş ses, haýsydyr bir ho-o-l uzakdaky, sesýetmez alyslykdan gulagyna gelen ýaly boldy... Näme üçindir, kalby kanagatly asudalykdan doldy... ***** Agzy bekli bolandygy sebäpli, günorta naharyna gitmedi. Bu wagt Remezan bolmasa-da, kazasyny alýar. Eýýäm üç ýyl bäri. Kyrk ýedisi doldy. On iki ýaşdan parz başlanýar. Kyrk dörde çenli bergisi. Otuz iki ýyl bolýar. Birbada şeýtanyň alyna gitdi. Çakdan aşa tekepbirlik bilen ýylboýy agyz bekläp, bary-ýogy üç ýyla ýetirmän oraza borjuny üzmäň kül-külüne düşdi. Emma eýgermedi. Tenine öte agram salyp, birküç aýdan soň haly teňleşip ugranda, derrew aklyna aýlandy. Pälini-niýetini, ragbatyna-deramatyna görä düzedip, il arasynda: “üçürdikleme” diýilýänine eýermäge başlady. Bir aý bekleýär. Indiki aý açyk. Soňky aý ýene-de bekli. Şeýdibem, geçen üç ýylda parz bergisiniň ýarysyndan gowragynyň kazasyny aldy. Şoňa-da öz ýanyndan monça bolup ýör. Gowy häsieýetem, käbirleriniňki ýaly: “eýdýän-beýdýän” diýip, edýän işini sereşläp, güjeňlejegem bolup ýörmeýär. Düşünýär. “Özbek özüne bek”. Her kes aňyrda-da, bärde-de – ýagşy bolsun, ýaman bolsun – diňe öz gaýryp-goparan hokgasyna jogap berýär. Özgäň ýüküne-de, serpaýyna-da eýe çykjak gümanyň ýok. Aldaw bilenem, zar bilenem, zor bilenem, zer bilenem, jaň bilenem... Onsoň, seň bärde “edeniň-etmäniň”, o taýda özüň ýaly jogap soralmak üçin üýşürilenleň, özüňden özge haýsynyň nä derdine?!... “Hudaýa şükür! Ynamym-a maýyp-müjrip, ýarpy-ýalta-ha däl! Rebbimize tutuş durkum-düýrmegim bilen uýýan! Seždämem, niýetimem, ynanjymam, etmişlem-de golak-çonak ýa-da ýekegöz, ker-kör-lal däl-de, sagdyn! Bölek-büçek däl-de, bütewi! Estagpurulla! Uly söze toba welin, özüm göre-bile akyl ýetirib-ä, iman ýolunda gadam urmakda geldi-geçerlige, “menden saňa barýança” diýilýän sowuk-salalyga ýol bermejek bolýan!” diýip, ol ynam-iman hakda pikirini jemledi. Soňra, ýegeni bilen gürrüňden soň biraz nepesi durlandymy nämemi, ol iş wagty gutarýança, başga zada ünsüni sowman resminamalaryna gümra boldy. Işden gaýdyşyn, irden öýünden: “sadaka” diýip alyp gaýdanja puluny, hojam aga goýup geçmek üçin, ýolugra sowuldy. -Ataýsana, şo öňküje oklaýan karobgaňa! Üýtgewsiz durannyr, şo ýatan ýerinne. Men-ä şony heran-haçan ýygnap-ýygşyrjagam bolammok. Çagalaram düşüş bo:pdyr. Toba, estagpurulla! “Ýer ala ýurt ala” diýleni. Birdenkä päli azyp, oňa el urmaga milt edäýjek saýak-sandyrak tapylaýsa-da, nä, özünnen görsün-nä! Men-ä şonnan soň, şo işigaýdany külpet çarhynyň holtumyndan haýsy doga-dilegiň halas edip biljegini göz öňüne-de getirip bilmiýän...-diýip, ony hemişeki göwnaçyklygy bilen garşy alan hojam aga, öýüň burçundaky köne tekjäň üstünde duran ep-eslije gabaraly, agzy açyk karton guta ümledi:-Il-günüň aýdan-diýeni birnemejik üýşüpdi. Erte-birigün, o nemäň çagalary hor-homsyrak, şolara un-pun bilen goýun-poýun alar çenräk goýup gaýdaryn-na... Ol hojam aga bilen herniçe jyny jyňkyryşýanam bolsa, bu gün onuň ýanynda kän eglenmedi. Bir käse çaý içer salym, ol-bi barada gep-gürrüň alyşdy-da, gidermen boldy. Hojam agaň derwezesinden çykanda-da, ýüzi pis açan, saňsarrak obadaşyna pete-pet sataşdy. Kowum-pyşdy şu obada dogup-dörän bi işigaýdanyň keşbine birmahal öwrenişerçe bolanam bolsa, her gezek görende şeýle bolýar. Ini tikenekledi. Dessine-de, onuň ýaşlykda ençeme ýyllap it uruşdyryp, mazaly gurplanandygy ýadyna düşdi. Aňsyz janawerleri biri-birine küşgürip, gazanylan emlägiň güzabymyka, bü pislik?! Ýa-da taýak astyna alnyp, ynsandan elgarama, günäsiz, erksiz janawerlere zulum edilip, olaň birek-birege agyz urşuna, çapak çarpyp heşelle kakylandygynyň azabymy?! Ol öz-özüne beren soraglaryny jogapsyz goýdy. Deňesinden geçip barýana syr bildirmän, baş atyşyp salamlaşdy. Onuň bedroý keşbini gabak astyndan synlap durşuna-da, öz takdyryna şunuň ýaly melamaty ýazmandygyna Hudaýa ýüz-de-müň şükür etdi. Şol pille-de, bäş-alty ýyllykda, internetde görende juda haýygandygy zerarly hakydasyna ýelmeşip galan, heýwere kesellileň ýapyk hassahanasy – leprezoriý hakdaky rolik gözüniň öňünde ýalpyldap gitdi. Ol şormaňlaýlaň gorkunç betnyşan, ýürekbulanjy keşpleri... Olara şonda bijaý haýpy gelipdi. Birdenkä, ol, nireden beýle meňzetme aňynda döredi, özem düşünmedi. Ynsan nebsini heýwere keseline meňzedenini duýman galdy. Nebisdir, oň sulbasyndan syzylyp gaýdyp, “açgözlük” atly lolyň ýatgysyna düşensoň, şol ýerde-de inini-boýuny alan mugthorlyk, azap çekmän eýlekilerden ýeňilräk, agdygrak ýaşamaga ymtylmak hyjuwam, edil şol heýwere keseli ýaly dermansyz dert bolara çemeli. Adamyň kalbyna ýokaşdygy, ony diriligine çüýredip, betnyşan, eýmenç, ýürekbulanjy bir zada öwrüp taşlaýan bolsa gerek. Soňam özüniň çüýreden pidasyndan oň töweregindäki erki ýabygorlyrak, “suw meýilli gurbagalara” ýokaşyp, olaram şo perişan hala salýan bolmaly. Şeýdibem, şypasyz heýwere çar ýana ýaýrap, örüsini giňeldip gidip barýan bolsa gerek... ***** Şu pikirleri kellesinde aýlap, öýüne garşy äwmän-alňasaman dähedem-dessemläp barşyna, ol çatrykdan geçdi. Geçen ýerindäki howlyň giňden açylgy derwezesiniň gabadyna ýetende, gädikde duran akja, täzeje ulaga münjek bolup duran deň-duşy ünsüni çekdi. Öňem haýal gadamyny hasam gowşatdy. -O-how, kelledeş! Bamyň-haw?! -O nähili “kelledeş” bolýas-aý?! Seň depäňdä-hä tüý galman tekizlenen. Mesge ýa saryýag eredip, heýgenek bişiribermeli. Meňki bolsa, heniz-häli buýnuzakdaky bäşdir-üçdür gyl, ýalňyşlyk bilen, atdanlykda düşüp galan bolaýmasa, sur bagana bilen ýaryşdyrmaga-da ýarajak-la!-diýip ol, ýaşytdaşy bilen içgin “çarşaklaşyp” durşuna, henegi alyp göterdi. -Öýdäki şeý diýýämi? Ynanmagyň. Meňkem şony aýdýa. “Çykmadyk janda umyt ba” diýlenine eýerip, bular bar-a, biziň goltugymyzzan gop berip, heniz-henizlerem haýsam bolsa bir dertlerine ýaratjak bolýannyrlar, dos! He-he-he... -Şony aýtsana, klassaş! He-he-he...-diýip, olam deňdeşiniň gülküsine goşuldy-da, keserdilip goýlan ulagyň depesine emaý bilen kakdy:-Tüweleme, at toýnagy batly bolsun! Ulag gutly bol-a, dos! Gülümjiräp duran ýaşytdaşynyň ýüzüne kölege indi. Ol keýpsizlik bilen, ýüzüni sapajak-supajak edip, hüňürdedi: -Äý howwa! Sag bol, dos! Aýdanyň gelsin. Ine, oglum alyndy. “Intäk, öňküňe-de kän wagt bolmandy. Howlugma-da. Biraz sür. Onnoň täzeläýsene!” diýseňem, nä, bü zamanyň çagalaryny özüň bilýäň! Hemmesi enesiniň içinnekä-de sennen milýon gadar pähimli, milýar gadar köpbilmiş... Ol çagalygyny bile geçiren deňdeşiniň ýagdaýyna belet bolansoň, oňa gyýyldy. Ýöne, sesini çykarman, uludan demini almak bilen çäklendi. Ýeri dagy, oňa şumat näme diýjek? “Öňkülerem: “Ýetim owlak sakladym, agzym-burnum ýag boldy. Ýetim oglan sakladym, agzym-burnum gan boldy” diýipdirler” diýip, lenji çykan nakyla duwlanyp, akyl satan boljakmy?! Ýa-da ondanam beter lenji çykan, kiçi dilden bärdäki: “Gynanma dos! Özüňiz dogurman, ýetimler öýünden alyp gaýdanam bolsaň, ony: “ýüzüň üstünde burnuň bar” diýmän, üstünden guş uçurman, hatda, ýalňyz perzentlileň özüniňkini ezizleýşindenem müň esse beter apalap ulaltdyňyz! Ine, görersiň, şo siňdiren ummasyz yhlasyňyz üçin, Hudaý ýalkap, bir gün olam aklyna aýlanar. Beýdip, bigünä ýeriňizden size yrsarap, üstüňize dişini gyjap ýörmez...” diýen aňyrsy boş gepjagazlary agzyňda çeýnän bolup, göwünlik berensirejekmi?! Ýa-da näme, tokly osuran ýaly edip: “Äý dos, özüňizzenem bar-la! Allaň bermedigini eliňiz bilen düzedäýjek bolluňyzz-a! Önelgesizligiň öwezini dolmaga beýhuda dyrjaşdyňyz-da-how! Şony şeýtmedik bolaňyzda, bumat ýaman laýyk bolardy. Ikijigiňiz, hiç hili dertsiz, gohsuz, sodaja ýaşaşar ýörerdiňiz!” diýip, onuň öňem ganjaryp, şiberläp duran ýarasynyň üstüne duz sepjekmi?!... Heý-ý! Eziz Rebbim! Özüň medet berewer, bi bendeleňňe-de!... Ol, ýanynda ýüzüni boz-ýaz edip duran deňdeşi bilen arasyna düşen oňaýsyz dymyşlygy bozmak üçin, gürrüňi başga tarapa sowmaga çalyşdy: -Dos, nä, bir ýere ugrajak bolýaňmy?! Ýoluňdan dagy saklaýýan däldirin-le?! -Äý ýo-la,-diýip ýaşytdaşy, şol bir suslugy bilen jogap berdi:-Saklama näme işlesin. Öýdäki bilen goňşy oba, toýa görünmäge gidip geljek-le... Ýaşytdaşy bilen salamlaşyp geçibermän, onuň ýanynda aýak çekenine puşman eden ol, üzül-kesil hoşlaşybermäň ebeteýini agtaryp ugrady. Şol wagtam, deňdeşiniň tapdygyndan bezenen aýaly, eli saçakly howludan çykdy. Ol olaryň ýakynyna gelip-gelmänkä-de, onuň yzyndan takmynan otuz ýaşyndaky ogullary, aldyrany bar ýaly hasanaklap aňyrdan geldi-de: -Hany, açary ber bärik!-diýip, dynnym ýalyjagam sypaýyçylyksyz hüňürdedi. Ýüzüniň ugruna-da kakasynyň elinden ulagyň açaryny gaňryp diýen ýaly aldy. Soňam gapdallarynda keseki biriniň durandygyna düýbünden ähmiýet bermän, peltekläp, olaryň üstüne heňkirmäge başlady: -Men-how, bi maşşyny nä günlük bilen gažanyp, alyndym-a! Iliň çagaşy ýaly öžüňiž köşemänjik a:pbermeden-ä geçen, gaýta alnan žadyňam öžüňe neşip etdirmän, külüni göge şowurjak bo:p ýatyrşyňyž-a-how! Utanaňžogam-aý! Äý hawa-da, öžüňižžen önen dä-dä! Öžüňiž dogran bolaňyžda, birmahal maşşynam a:pbererdiňiž, näçe şowşam pulam ta:pbererdiňiž. A men pahyr bolşa, ömürboýy ýetim gužy şaklanan ýaly edip, öž göbegimi öžüm keşip ýömeli bo:p geçdim-dä! Indem ýaňy agžym çörek dişläp ugranna, iňbolmanna il ýüžüne bolşa-da gollaw bermekden geçen, gaýta aýagymdan aşlyşýaňyz! Gö:pbileňžok ikiňem. Öžüňižşiž edermen bolmagy başarýanyma-da içiňiž tütäp ö:pbarýaňyž! Şeýle dämi, agam?! Meň aýtýanym, dogry geräm, hä?!... Ol utandy. Özüniň bialaç eşidýän gürrüňinden, bir sykym bolup ýygrylýan kakasydyr-ejesiniň depesinden dişlejek deý, olaň üstüne abanyp duran göhert ýaly daýaw närsäniň bolşundan... Hamana, bu närsäň nemedip durşuna özi günäkär deýin: “Bolýa, dos, soň arkaýynçylykda gümür-ýamyry nemedäýeris-laý!” diýip, hymy-symy edişdirdi. Soňam, şo duran ýerinden dikligine bökäge-de, özüni ýetimek hasaplaýan, sypaty adamyňky bolsa-da, hakykatda ynsan düşnügi ýok närsäniň tumşugyny pytratmaga het etmeýänine, özündenem, şu iki mysapyr görgülidenem, dünýädenem ejap edýän dek, ýüzüni sallap, şo taýdan bahymrak gitmäge haýdady. Gidip barşyna-da, birdenkä, hyýalynda ýedi gapyly däliz peýda boldy. Özem yzyna gaňrylyp görmese-de, däliziňem, oň gapylarynyňam arkasyndaky, kakasydyr-ejesiniň al-petinden almagyny dowam edýän göhertsypat kişiniň eddiljek çat maňlaýynda emele gelendigini ýeňsesi bilenem däl-de, jigeri bilen, kalby bilen syzdy. O nekgende bolsa, ýüregem, kalbam kör açanmy nämemi ýa-da dogabitdi aňsyz-duýgusyz bir tokga et bolup doglanmy, alnynda dörän görnüşi görmeýärem, duýmaýaram. Öňünde boýnuny içine gidiräýjek bolup duran är-aýalyň üstüne, laga-laga edip, döwjemegini dowam edýär: -...Ýüžüňižem ýaman bek-aý! Öžüm münmäge döžmän, aýap ýören enaýyjamy, mennen dagy şoraman, žat etmän a:pgidibermäni hiş žatça-da gö:ňžog-aý, hämi?! Şumat tüwletde otyrkam, yžymdan öýdäki ba:p: “Honha, o Akguşyň-a o ikişi şoraman a:pbarýannyrla:!” diýmedik dagy bolşady, a:pgidiberjegem ekeniňiž-aý, hämi?!... Ol nädip beýle bolýandygyna özem düşünmedi. Ýöne, yzyna bakmasa-da, ýediň bäşisiniň öz-özünden serpilip açylandygyny bildi. Duýdansyzlykdan ýaňa, büdräp, süssenekläp gitdi. Tas ýykylýardy. Elini kelemenledip, zordan saklandy. Dessine-de, ýediň haýsy bäşisiniň açylandygy hakyndaky aý-aýdyň, dup-dury maglumat aňyny ýagtyltdy. “Bihuda! Batyl! Ga:pyl! Müňkür! Çakmak!” diýip, şol bäş gapyň depesindäki asyl-asyl ýazgylary içinden howpurgamaly pyşyrdady. Şol pursadam, Jähennemi owurdynda saklaýan Kabusyň agzy kimin, hatap deý haňlap açylan gapylardan, nähilidir birhili, hatda göz öňüne-de getirip bolmaýan aýylganç nägehanlar, bäriligine müňzäp, göze görünmeýän tumşuklaryny, henizem ata-enesine lagyrdamagyny dowam edýän adamkamat närsä garşy uzatdylar... Bada-badam gapylar tarapdan, hatda ynsan gulagynyň saýgarmagy-da başarmajak infrasesine çalymdaş, iniňi düýrükdiriji iňňildi eşidildi. Bu gum-guk iňňildem şeýlebir nejis. Diňe bir gulagyňdan däl-de, gözüňden, agzyňdan, hatda ham bilen örtülen tutuş bedeniň islendik nokadyndan parran geçip, iç-goşuňa aralaşyp, hemme içki agzalaryňy endiredip, bulap-bujap, helemege öwrüp barýar. Has dogrusy, bu eşidilmeýän dym-dyrs iňňildi, diňe teniňi däl, köňlüňem it alan sanaja dönderip, bir demde tary-mar edip taşlamaga çalyşýan ýaly... ...Ol özüniň bir wagtyň özünde hem-ä görýän, hem-de görmeýän hyýalymy ýa hakykymy hadysasyndan elheder almakdan ýaňa doňňara-daşa öwrüldi. Heýýaty göçüp, indiki boljak elhençlikleri görmezlik üçin gabaklaryny jebis ýumdy. Şagga der basdy. Aýagynyň ysgyny gitdi. Megerem, şo duran ýerinde lagşap, çaşmagam ahmaldy. Ýöne, şol müddet, belki Keremli Hakyň garaşygy bilendir, ol nireden, nädip güýç-gaýrat tapandygyny aňşyrmaga-da ýetişmän, soňky ýyllardaky endigi, hemişe gorkup-tisginende edişi dek, gursagynda dörän halasgär pyşyrdyny, kynlyk bilen bogazyndan bärik ötürmäň hötdesinden geldi. -Lä höwlä we lä kuwwätä illä billähil alyýýyl Azim... Onuň pessaý pyşyrdysynyň tamamlanaryna mähetdelem, ilk-ä göwnüni-göwresini mäjum edip barýan iňňildi tepbet sem boldy. Soňam ol, ýene-de görmese-de, çalajan gapylaň-a açylyşy deýin, göz açyp-ýumasy salymda öz-özünden mäkäm ýapylandygyny, ýylmanak däliziňem peýda bolşy ýaly, ýeke demde aýatdan gaýyp bolandygyny duýdy... Imi-salalyk. Ol sähel salymda özi bilen bolup geçenmi ýa-da argyn, keselbent beýnisinde emele gelenmi, ýagdaýa haýrany-serasyma hala düşdi. Nepesini dürsemek üçin az-kem gymyldaman durdy. Soňra ýene-de ýaňky haňlap açylan gapylary görmekden wehim edýän dek, assyrynlyk bilen gözüni açdy. Garanjaklady. Öňki-öňkülik. Göhert deý pyýada henizem är-aýalyň üstüne abşarylyp, nämedir bir zatlary hetjiklemegini dowam edýär. -...Aýdýan-a-how, men! Şiže di:pdun-a şumat! Ýa, nä, men goňşulara di:pdunmy, şu žatlary, hä?! Näme şeşiňižem çykaraňžog-aý? Ýa nä, diýdim-diýmedim, şiž üçin eşegiň türreşimi, hä?!... ...Olam olardan gaty daşlaşmandyr. “Görýän welin, kelläni dugtora görkezäýmesek, innä halys hezil berjekgä öýdýän?!” diýip ol, aladaly oýlandy-da, temegine siňek giren öküzçä çalym edip, başyny silkdi. Önelgesizlik ýazgydynyň maňlaýlaryna ýazylanyna kanagat etmän, öz täleýi-takdyrlaryny elleri bilen düzedäýjek bolup, ykbaldan utulan iki görgülädir, olaň öňündäki kaddy ynsana meňzeş närsä tarap, ýene-de bir ýola gynançdan doly, ogryn-gyssanmaç nazar oklady. Ýeri, bu dünýäň haýsy bir zadyna ýanjak?! Onnoňam bir özüň, Günüň gerdenine ýapylan şepagat dony bolaýmasaň, şo giden, derdine ýanasyň gelýänleň ymgyr mähellesiniň haýsy biriniň göwnüne-de, ömrüne-de teselli bolmaň hötdesinden geljek?!... ...Ol gaýgyly myşlady-da, öz ýoly bilen boldy. Asfalt köçäni ädimleri bilen haýaljakdan külterläp barşyna-da, pikir etdi. “Adam emläkden, puldan ýa-da başga bir zatdan özüne wasan ýasanyp, Haky unutsa, wagşyýana heýjanelek şady-horramlyk bilen kapyr batyllygyň gujagyna özüni zyňyp, özem duýman, gaty bahym ynsan bolmagynam bes edäge-de, kaddy adama meňzeş mahluga öwrüläýýän eken-ow!”. Bäh! Ol öz pikirine haýran galdy. Gör-ä, muny! Diňe bir daşdyr-agaçdan adama meňzeş heýkel çapyp ýa-da bürünçdir, altyn-kümüş eredip, öküziň şekilini guýup, but ýasanmaňda-da, öz gara nebsiň, kalbykörlügiň gyzyl-çyzyl, şirin-şeker alyna höweslenibem, imanyňdan mahrum bolmak juda aňsat ekeni! Onnoňam bü Hakyň Biribarlygyna-da şek ýetirip, müşrik bolmak dälmi eýsem?! Şol! Dagy nämbolsun?! Eýsem, her günüňde, her demiňde Hakyň täk-tenha özüne sygynmagy ret edip, öz ýanyňdan özüňe: “hemaýatkär” diýip ýasanan puluňy, emlägiňi, wezipäňi ýa-da başga bir gör-lähediňi, ONDAN serpaý alan kalbyňda ŞOŇ derejesine çykaryp, ONDAN däl-de, “ojagaz wiçjikleňden” medet hantama bolsaň, bi çyn Gudratdan batyllykda, ga:pyllykda meýmiräp, barypýatan müşriklige gol ýapmak däl-de, näme dagy?! Uludan dem aldy. Pikiri ýene-de ýaňky biygtyýar tomaşaçy bolan wakasyna syrykdy... ...Ýaratmak diňe Allaň sypaty. Ýöne, Kadyr Rahman özüniň döretmek keramatyndan dynnymdanam uşajyk bir ülüşini ata-enä bagyş eýlän bolsa gerek. Çünki ynsanyň bu dünýäde döremeginiň derwezesi – diňe oň atasy bilen enesi. Onsoň şolara sütem edip, şolara pitjiň atmagam edil, Perwerdigäriň özüne şek ýetirmek bilen des-deň günä hasaplanýan bolmaly. “Dowzah ot” diýilýär. “Her kesem şotak özüniň ýanjak odunyny ýany bilen eltýär” diýlip ýanjalýar. Diýmek, ejesini-kakasyny har edenem, şotaýda özüniň kakmaç ediljek ataşy üçin odunam özi, çakmagam... ***** Şu pikir kellesine gelende-de, birdenkä öz kakasy ýadyna düşdi... Neşekeş... Ejesine gün bermän, o görgüliň halys çydam käsesini soňkuja damjasyna çenli sarkyryp, soňam ony oň depesinde pytradansoň, mamasy bilen uly daýysy gelip, ony kakasy bilen aýrylyşdyrmaň ugruna çykypdy... Özi, bir oglan, iki sanam gyz jigisi, ejesi... Ilki-ilkiler itiň gününi gördüler. Emma soňra, ulaldyklarysaýy, hemme zat öz-özünden ugrukdy bardy... Hernä, Hudaý diýen ýerleri, üçekleri üstünde galypdy. Agzyny haram neşä urmanka döwletli-talaply ýigit bolan kakasy, melleginde jaý gurup, howlusyny doly bolmasa-da, dola-bararak gurnamaga ýetişipdi... Ejesi bilen nikasy ýatyrylandan soň, kakasynyň doganlary bilen daýylary dil birikdirip, ony käýýäp-kowup, gorkuzyp-ürküzip, garaz, olaň töweregine golaýlamaz ýaly edipdiler. Şeýtmeseler ýogsa, o, bir çekerlik zährimaryndan özge hiç zada pitiwa etmeýän süpük: “Şü-ýä garagözje çagalaň ryzkydyr-ow! Iň bolmanna şuňa bir degmäýin-ow!” diýip, zady gaýgyrjak däldi. Ýanaşan ýerini towsa göterip barýardy... Ol ejesidir-jigileriniň kakasyny ýigrenmäge ýakyn, gaty erbet halamaýandygyny bilýärdi. Ençeme gezek olaň tötänden gabatlaşanda, salama ýaramag-a gaýra dursun, hatda oň özlerine dahyllydygyna-da utanypmy ýa gazaplanypmy, ýüzlerini terse sowup geçişiniň tomaşaçysam bolupdy. Ýumşagrakdan käýýäbräk ýa-da gaty-gaýrymrakdan düşündiribräk, olary höre-köşelemäge-de synanypdy. Emma, özi welin, ol işigaýdan görgülini hiç haçanam ýigrenip bilmändi. Ýigrenibem bilmändi, “nämbolsaň şo bolup geçsene” diýilýän, sowuk-sala biperwaýam... Nijeme ýyllap gaharlanyp görüpdi. Öýkeläp görüpdi. Gynanyp görüpdi. Soňky ýyllar, atasy bilen enesi ýogalansoň, körpä galan garry öýüň howlusynyň çetindäki, aýratynja darajyk hütdükde ýeke özi ýaşaýan o işigaýdanyň, neşesini nalaç goýup, arak-çakyra elgarama bolandan soň, obaň köçelerinde süpüljäp, ýarymserhoş bulam-delem halda entäp ýörşüne, kädaýym tötänden sataşanda, hemmelerden gözüni gizläp, gözýaşsyz, sedasyz hamsygybam görüpdi... Sebäbem, ony her gezek görende, beýnisi öz-özünden darka ikä bölünýärdi. Bir bölegindä-hä, şol pursat öňünde duran ýa-da hol garagörnümden ýegdekläp barýan adamsypat üflis. Beýleki böleginde bolsa... Özi üç ýaşynda. Kakasam keýpikök, daýaw. Ony boýnuna mündürip, howlularynda pyrlanýar. Kakasy buýralanyp duran, şar-gara saçly. Saçyndanam benziniňmi, ulag ýagynyňmy, günüňmi ysy gelýär. Özem bu ys şeýlebir hoşboý, şeýlebir rahatlyk berýär. Ondan ysgap-ysgap doýup bolmaýar. Ysgadyňça ysgasyňy getirýär. Ol jykyr-jykyr gülýär. Sebäbi pyrlampaç-kakasynyň badyna onuň kiçijek gursagynda gyjyklanýana çalymdaş nähilidir birhili süýjümtik sorulma emele gelýär. Ejesem, ýaş, owadan. Oň aşak ýanyndaky jigisiniň gundagyny bagryna basyp, daş işikde olary guwançly synlap durşuna, birenaýy ýylgyrýar-da: -Aý oglan, gaçyraýmasana!-diýip, howatyrlanýar... Onsoň beýnisi bölek-büçek bolup durşuna ol, her gezek: “Jähenneme! Inni beýtmäýin!” diýip, özüne näçe wada berse-de, ýene-de içinden gözýaşsyz, sedasyz hamsygyp goýberenini duýman galýar. On ýaşda-da şeýle. On bäş ýaşda-da şeýle. Ýigrimi ýaşda-da. Otuz ýaşda-da. Otuz bäş ýaşda-da... Indi, hanha, o işigaýdan görgüliň, bir gysym gum bolup ýatanyna, eýýäm on bäş ýyla golaý wagt geçenem bolsa, şumadam şol bir öňki boluş... Beýnis-ä para-para. Gursagynda-da ine-gana ganylmadyk mähriň ahmyrly, sedasyz, gözýaşsyz hamsygmasy... ***** ...Ol gussaly dem aldy-da, özüniň biygtyýar bozulanyny ötegçi biriniň saýgarmagyndan çekinýän dek, gabak astyndan töweregine göz aýlady. Golaý-goltumy adam-garasyz. Köçede gabat gelişýänleňem oň bilen işi ýok. Her kim baş atyşyp salamlaşýar-da, geçip gidýär. Misli özüni gam laýyna gark eden ýatlamalardan bahymrak arany açjak bolýan ýaly, ol biraz ädimi gataltdy. Emma, ýatlamalar yzyndan galmady... On bäş ýyl mundan ozal. O bendäň pahyr bolmazyndan bir-iki ýyl öň ýany. Mazaly garaňky gatlyşandan soň işden gelýärdi. Ýadawdy. Üstesine, ulagyny bejertmäge goýan ussasynyň üç-dört gün bäri sözünde durman, ony diýen wagtynda bejermäň deregine müň bahana tapyp, özüni “ertirlik” bilen doýrup ýörmesine-de içi tütäp durdy. Öz çatryklaryna ýetiberende, tutluk ýabyň gyrasynda, kümä zyňlan köne keçe deý eplik-ýaplyk bolup oturan ebla sudurda şo işigaýdan görgülini tanady. Bada-badam düşündi. Megerem, ýoluny garawullaýandyr. Azarlandyr. Zährimaryna pul tapmanam, emenjekdir. Namysy-mertebäni gyra zyňyp, eklemedik, ulaltmadyk çagasyndan, utanman-uýalman dilenjekdir. Girre gahary geldi. Öňem-ä gabatlaşan ýerinde, birde ibaly salamlaşsa, on gezekde kelam agyz dillenmän, zoraýakdan baş atyp geçýän bolsa, bu mahal-a hasam ýeňsedamary gatap, oňa garşy gözüniň gyýtagynam aýlaman, deňesinden ötüberjek boldy. -Oglum... Endiräp duran ysgynsyz ses bilen diýlen bu söz, ot bolup endamyna ýapyşdy. Gany depesine urdy. Bir demde hiç zat saýgarmaz derejä baran nazarynyň öňünde gyzgylt perde emele geldi. -Eşidýäň-ň-mi?!-diýip ol, kürtdürip durdy-da, bogazyna tegek bolan gahar-gazabyna bäs gelip bilmän, ýylan kibi haşşyldady. Oturan ýerinden gowuşgynsyz gobsunjyraýan oň üstüne abandy: -Dagy-duwara ýeke gezegem maňa şeý diýäýmegin! Düşdüňmi?!... -Düşdüm, ogl...Wiý, bagyşla, neme jan!-diýip, aňkasy aşan süpük görgüli, ylalaşmaga gyssandy. -Näme gerek?!-diýip, eýýäm sähelçe köşeşmäge ýetişenem bolsa, ol dişinden syzdyryp sorady. -Ogl...Wiý, bagyşla, neme jan! Günde gury-gurak bilen oňňut edip, içler hepbige dönüp gitdi. Öýe barsaň, ejeň suwuk-surlaň çorba-sorba nemeden bolsa, birje tabaga az-owlajyk nemedip bolmazmyka diýjek boldum-la...hi-hi-hi...-diýişdirip, öňünde oturan, onuň öz üstüne abşarylyp durandygy zerarly, dikeljeginem, oturjagynam bilmän, aljyraýany sebäpli el-aýagyny owkalaşdyryp, ýerliksiz, çylkasyz hikirdäp, bolşundan bäşbeter ýaýaplady. “Öýe baryp şeý diýäýsem, ejem iňirdäp gulak etimi guradar. “Belany iýsin!” diýip, bermezem asyl. Oňa bildirmänem nädip guýup uzatjak?!...” diýen pikir onuň kellesinden zymdyrylyp geçdi. Ol bu pikiri oýlanyp tamamlamanka-da, näme edýändigine özem düşünmän, kisesine elini sokdy-da, bolanja puluny çykardy. Ujundan ertir işe gidende ýol kireýine ýeter ýaly birje kagyzy sogurdy. Galanyny sanaman, gözüniň içine tamakinlik bilen tiňkesini dikip, alnynda byzbydyklaýanyň eline tutdurdy. -Me, şuny al! Häzir, dossuma jaň edip, şu çatrykda garaşjagyňy aýdaryn. Ol, ho ilerki ýoluň ugrundaky kafede nahar bişirdip satýar. Dastawka-da edýäler. Näme iýjek?! Towukly unaş bilen birem kartoşga püreli katlet diýsem bolýamy?! Özüniň duýdansyz hem düşnüksiz sahylygyna, özi idili geň galybam ýetişmän durşuna, ol geplände dişinden syzdyrmagyny bes etmedi. -Bolýa-la şonyň neme jan...Ýöne mümkin bolsa, kyn görmeseň, birje ýarymlitr düpbejik aýranam diýäýsene...Aňrym ýanyp barýa...Şumat turşurak bir zat bolsa, kem dä ýaly...-diýip jogap berende, birdenkä näme üçindir ýere siňäýjek bolup müzzerilip başlanyň sesi hasam beter sandyrawuk çykdy. Ol bolsa, bir tarapdan-a: “Bäh! Muny-aý! Ýene-de: “ony-muny” diýen bolup, zakazam eden bolýar-aý! Ýüz berseň ýüzin düşýänlerden-ow, şüýem!” diýip, içinden gyňraryljak boldy. Beýleki tarapdanam: “aglaýamy, nämemi...” diýip, içinden hümürdäp, öňünde ýegşerilip oturana haýpygelmekden ýaňa owasy ýaşdan püre-pür... Onsoň bu iki jahan owarrasy halyndan nädip baş çykarjagyny bilmänem ol: -Bolýa! Onna, häzir getirseler öňünden çykyp al-da, özüň hasaplaşaýgyň, bolýamy?! Ýöne, seret, yşnaps alnaýmagyň! Şony şeýtdigiň, soň näçe ýalbarsaňam pul bermen...-diýip boguk hüňürdedi-de, onuň ýanyndan tizräk garasyny saýlamak bilen boldy. Sebäbi eglense masgara boljak. Şol birmahalky iküç ýaşlyja gögelejikkä, nämedir bir zatdan gorkanda edişi ýaly, öňünde iki bükülip, başyny ýerden galdyrmaga mejalsyz oturan bu üflisi, ýarym-ýaş aglamjyrap, gujaklabermegem daşda däl... “ŞYRK!”... Birdenkä aňynda ýaňlanyp giden bu ýakymsyz “şyrkyldy”, öz ýatlamasyna boýyn çümüp, öz ugruna mytdyldap barýan onuň zähresini ýardy. Şo pille-de bu “şyrkyldy” bilen bir pursatdanam çalt, oň gözüniň öňünde ýedi gapyly däliz peýda boldy. Üçünji gapyň yşam öňküsinden giňelen ýaly. Ol sähel-mähel giňelen yşdan yşyklaýanyňam öň hiç zady saýgartmaýan bolsa, indi mährewsiz birehimlik bilen ýyldyraýn äpet gözüniň bir çetjagazy çala görünýäne meňzeýär... Ony sowuk der basdy. Öz-ä, birsydyrgyn hereketiň akymyna giren bedenine hiç hili erk etmän, şol bir badyna, şol bir bolşy bilen ýöräp barýar. Elheder almakdan ýaňa janam kekirdeginde... Megerem, ýaňky “şyrkyldy” biraz, sähelçejik giňräk açylan üçünji gapyň sesidir... Ol aljyrady. Çat maňlaýynda gaýmalaklaýan üçünji gapyň eýmenç yşyndan gözüni aýryp bilmän ýöräp barşyna, nädip ýetişibildiginden mynajat edip başlanynam duýmady: “Eý-a Allam, rehim et! Mundan aňryk bir açylmawersin, Eziz Rebbim, açylmawersin! Hernä, Hudaýym hernä!”... ***** Belki, şo wagt onuň öňem agyr hassalykdan doly saplanmadyk egbar bedeni süňňüni dolduran wehime tap getirip bilmän, ol huşundan gitmegem ahmaldy. Ýöne, Hudaý diýen ýeri, deňesinde jüýgürip saklanan ulag, onuň dadyna ýetdi. Alnyna hellewleýän üçünji gapy, göýä şol “jüýgüldiden” tebil tapan dek, zym-zyýat boldy. -Goňşy, nä buwun ulagsyz? Mün äkideýin! Ol dem salymda özi bilen bolup geçen hadysa aňk-taňk ýagdaýda, aýak çekdi-de, hiç zada düşünmän, ýanynda togtan ulagyň açyk aýnasyndan özüne ýylgyryp seredýän sürüjä äňetdi. Bulam-bujar beýnisi onuň kimdiginem dessine aňşyryp ýetişmedi. Ol özüniň näme diýýändigine-de doly akyl ýetirmän: -Ýo, ýo, sen goňşy alada galma. Men birneme aýagymy ýazaýyn diýdim. Inni hanha, öýe-de az galdy-la...-diýip hymy-symy edişdirdi. -Gözel göwnüň, agam! Biziňkä teklip etmek. Hiç hili kynçylygy ýokdy!-diýip öňküsindenem göwnühoş ýylgyran sürüji, emaý bilen ugrady. Oň yzyndan garap, üç-dört sekunt duransoň, olam ýoluny dowam etdi. “Bäh! Bu gün maňa nämbolýar-aý?!” diýip, ol endigan gadam urup barşyna, ýene-de öz göwnüni gaplan galagopluga ejap edýän dek, töweregine ogrynça garanjaklady. Ýene-de ýaňkysy ýaly, özüne üns berýäniň ýokdugyna göz ýetirip, ynjaldy. Emma, iküç ädim ädip-ätmänkä, kakasy bilen bagly ýene-de bir ýatlama hakydasynda öz-özünden döredi... ...“Geläýiň. Yrzalaşyp bir gidiň. Üzülip bilmänem kösenýä” diýen habar gelen güni, ýadyna düşdi. Horaşaja, darajyk otag. Üýtgeşik goş-golamam ýok. Diwara gysmyljyradylyp ýazylan, köne düşekde-de, ol işigaýdan ýatyr... Demini hyýgyldadyp zordan bogazyndan ötürýär. Gözüni hanasyndan çykaraýjak bolup petredibem, nämedir bir zatlar diýmek üçin çygylýar. Diýip bilenok. Onlarça ýyllap nirede, nädip ýasalandygam näbelli zährimarlaň islendik görnüşini takdyryna kaýyllyk bilen özünden aňryk ötüren bokurdak, indi şol kösençleriniň ahmyryndan çykjak bolýan deý, özünden bäriligine ýekeje sözem, hatda söze çalymdaş owazyň birje dynnymjygynam geçirmekden boýun towlaýar. Sogrulyp bilmän ýatan görgüli, töweregindäkileri tanaýarmy-tanamaýarmy, belli däl. Gözlerini çar ýana elek-çelek edip, bigäneleň içinde mähribanyny agtarýan çaga ýaly delminip, başujundakylaň arasyndan kimdir birini gözleýär. Oň bu dünýädenem, oň ähli algy-bergisindenem hemişelik örküni üzüp barýandygyna düşünse-de, agasynyň arkasyna duwlanyp, özünimi ýa-da kinedir, gahar-gazabynymy ýeňip bilmän, ýüzüni ýerden galdyrman, sortduryp oturan inisind-ä ýatan görgüliň gözem äginmän, tyrpyp geçip gidýär. Iň bolmanda, ömründe iň soňky gezegem bolsa, ýatanyň nazaryny nazary bilen tutmaga çytraşyp, onuň “öliň reňki” diýilýän aksowult-çalymtyk reňňe giren keşbine siňe-siňe seredýän munuň bolsa, ýene-de beýnisi bölek-büçek... Birdenem göz göze sataşýar. Dünýäň hemme zynjyryndan berk, ähli tanapyndan mäkäm göze görünmeýän rişdeler bilen biri-birine baglanan iki göwräň ikisem birden tisginýär. Ýatan-a birgeňsi rahatlyk bilen ýylgyrýar-da, maksadyna ýeten bendäň razylygy bilen, alňasaman gözlerini ýumýar. Soňam: “ah-h” edip sodaja dem alýar. Şoň bilenem sogrulýar. Oturan bolsa, şol doňňara-daşlygyna doňup otyr. Hiç zady duýmaýaram, eşitmeýärem. Gözi ýatanyň ýüzüne örklengi. Hyýalynda kakasynyň şatlykdan doly kellesinden pugta ýapyşyp, pyrlampaç edilýänine jykyrdaýan oglanjyk. Burnunda-da şo-o-l şar-gara, buýra saçlardan kükeýän benzindir, garaýagyň ysy... Dulugyndanam nähilidir birhili düşnüksiz gyzgyn damjalar, aşaklygyna joýa-joýa syrygýar... ...Şu ýatlamasy bilen birlikde-de, oň hyýalyndamy ýa-da başga bir ýerdemi, “şyk” edýär-de, sessize ýakyn “şykgyldy” bilen, üçünji gapyň yşy kiçelip, öňki kaddyna gelýär... ...“Hawa-da” diýip ol gadam urşuny bozman barşyna, pikir öwürdi: “Ýetmiş ýedi müň Älemleň hemmejesi diňe Hakyň rehim-şepagatynyň hasabyna dowam edip dur. Olaň ählisini “Kün!” diýende döredişi deýin, sanlyja günde ýer bilen ýegsan etmegiňem Onuň ýanynda jinnekçede müşgili ýok. Şoň üçinem diňe Oň rehimi saklaýar, bü tükeniksizlikden gyrma-gyr Tükeniksizligi! Diýmek bu dünýäň, Älemiň ýa-da Älemleň däl, eýsem tutuş Ümmülmezligiň ýekeje manysy – Rehim bolýar! Şoň hasabyna Ony Ol ýaratdy! Şoň hasabyna-da Şoň dowam etmegine Ol ýol berýär! Diýmek, şo giden, ymgyr Çäksizlik bilen deňäňde çäge dänesiçe-de ýok bir bölejik bolan ynsanyňam ömrüniň manysy – rehim bolýa. Şoň ýok ýerinde-de adamyň ömrem, gaýran işlerem bimany bihudalyga öwrülýär duruberýär”. -Allam, owalybeletde biz kämil däl bendeleň özümiz bilip-bilmän eden günälemmizi geçireweri!-diýip, ol nädip içindäki pikirini pyşyrdap daşyna çykaranynam duýmady. Öýüniň gädiginden girip barýarka-da, az-kem sägindi. Derwezäň öňünde oýurganyp durşuna ol birdenkä, näme üçin beýdýändigine özem düşünmän, şu günki wakalary, kellesinde öwrüp-çöwren pikirleridir-duýgularyny birme-bir paýhas eleginden geçirişdirdi. Geňirgendi. Bäh! Hemmämiz çigbeýniligilimize çakdan aşa berlipmi ýa-da gözli körlügimize halys eýigipmi, haýsydyr bir ýok ýerlerden görlüp-eşidilmedik gudraty gözleýäs. Hakykat-da welin, köňül gözgüňe seretmäni, alnyňdakyny aňşyrmany, göreniňe-de akyl ýetirmäni başarsaň, daş-töweregiňem, her günki adatylygam keramatdan dos-doly. Adaty durmuşyň her bir hadysasy – bendesine sapak berýän mugjyza. Her bir, hatda iň kindiwanja wakajygam biziň şu dünýäň özümize beren sapagyny özleşdirişimizi barlap, bizden synag alynýan synag petegi! Ýöne, biziň özümiz, batylbeýnilige başbitin endik edipdirismi nämemi, burnumyzyň ujundaky many-mazmundan depme-dykyn agzy gözelen geň-enaýylygy saýgaramzok. Özümize ömrümiziň her deminde, her pursatynda berilýän dersden misil tutmaň deregine, ýok ülkeleň howaýy jadylaryny agtaryp tapmaň ugrunda ser-sepil bolup ýörüs. Sapagyňy düzüwli okamasaň näme bolýanyna bolsa hemmämiz belet! Synagdan geçmäň deregine belaň sapy bahaň bolar! Onda, şol dälizdäki gapylaň açyklygy-ýapyklygam synagyň netijesi bolmaly! Eý-ho! Gör-ä muny, neneň-niçik ekeni! Tutuş ömür – dershana! Tutuş ömür – synaghana! Diňe ýeke-täk bir maksat üçin – ynsany terbiýelemäge hem-de synagdan geçirmäge niýetlenip ýaradylan mekdep bu dirilik!... | |
|
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 11 | ||||||
| ||||||