18:18 Ümür Esen bilen Altymyrat | |
ÜMÜR ESEN BILEN ALTYMYRAT
Ýatlamalar
Indi men size Ümür aga bilen Altymyradyň gürrüňini bereýin. Iş alada bilen gümra bolýan wagtyň günüň dogup, ýaşyşynam aňmaz ekeniň. Niçik bir ýeriň syzlaýsa şonda böwrüňe ünji aralaşyp, gözüňi tegeledýär. Adam ykbylynda käte bolaýan şeýle pursatlarda saňa duýgudaş-ýürekdeş, söhbetdeş hem goldaw gerekdi. Meniň üçin ol goldaw Ümür agadan gelýärdi. - Ümür aga, Altymyrat oba gelipdir, ony görmäge gitsek bolarmy? – diýip, men bir gün ol ýanyma gelende soradym. Ol höwes bilen gidermen boldy. - Şan-şöhraty dünýä dolaşan, türkmen topragyna at-abraý getiren Altymyrat janyň jany jenewüt ýaly gaýratly goýazylaryň biri. Eger il ogly Altymyrat ýaly gerçegiň, aýasy sürçegiň, deri burçak-burçagyň Watana dolan mähir-muhabbeti baş perdeden owazlanma, onda-da, zarňyldyly owazlanma berdimi? Onda ol baran işini bitirip, giden ýerinden getirip, eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik, merdi-merdana öwrülme bilendir. Köpden bäri onuň bilen ýüzbe-ýüz oturyp, söhbetdeş bolmaň arzuwynda gezip ýörsemem, herki zadyň wagty sagady bar diýleni. Onuň wagty gelendir. Meni onuň ýanyna alyp git! “Bolýar” diýip, men ony Altymyradyň ýanyna alyp bardym. Onuň atly türkmen pälwanlaryňky kysmy syrtlaşyp münäýmeli murtam, ýüzüňe garadygy howuňy basyp zamanaňy jünnek edýän hyrsyz sypatam, guşak ýetmez bilem, at maýrar agramam ýok, ýöne jigerli ýüzünde dogum ody oýnaklap duran orta boýly, çeňk ýaly, ýüzi nurana ýigit. Seredäýmäge müçesi çaklaňrak görünse-de, basan ýerinden ot çykarýan, gördügiň gözüňi dokundyrýan Altymaradyň elleriniň gataňsylygy aýalamma aňdyrmadygam bolsa, otlukly gözlerindäki güýç-gaýratdyr, gujury mese-mälim bildirýärdi. Aslyýetinde, şeýdip, dogumyň daşyp, hujuwyň joşup, imriner ilerlemelere ýetirmese, sen her näçe ýürek ursaňam, telwasly ýeňşe ýaran bolmajagyň bellidi. Türkmeniň baýdagyny daşary ýurtlarda parladyp, kebzäňi jümşüldeder göçgün bildiräýmek her ýeteniň işi däl. Ine-de, Altymyrat! Onuň şol öňki algyr gözleri, nurana ýüzi, ýöne aňyrda çuňňur hasrat görünýär. Ýarawsyzlygyna garamazdan ol edil ýitirip tapan ýaly biziň bilen gadyrly salamlaşdy, oturmaga ýer görkezdi hem-de: “Daýy, meniň adym bilen baglanşykly bir çaklaňja kitap çykarypsyň, onuň üçin taňryýalkasyn! Duşuşyp bilmän ýördüm, duşsam aýdaryn diýýärdim” diýip, guwançly ýylgyrdy. - Daýy, bagyşla, ýanyňa özüm barjakdym, emma ýarawsyzlyk ýol bermedi, bagyşla! - Altymyrat jan, biz seniň ýanyňa gelmelidik, biz – diýip, Ümür aga birhili hamsykdy. Wah, meň şu kem-köşeligim haçan galarka? Näme üçin men seni öň görmedimkäm? Henizem Amanmuhammet jan gideli diýäýdi, ýogsam-a... Sen öz derejäňi bileňok, inerim! Altymyradyň sadadan pespälligi nurana ýüzüne has hem görk berýärdi. Ol inisi Baýrama: “Myhmanlara hezzet-hormat et!” diýip, aljyradyp barýar, oňardygyndan göwnümizi awlajak, teselli berjek, iýdirjek-içirjek. - Gowy geläýdiňiz. Ýaňy çebiş soýupdyrlar, şondan börtme taýýarlarlar. Ýogsa-da ol “ýaramasa tokly soýaýyn?” – diýip, degişdi. - Ýegen, saglygyňy göreýin diýip geldim, onsaňam Mary welaýat kärhanalary, zawod-fabrikleriň işgärleri seniň bilen duşuşmak isleýärler. Muny Ümür aga-da aýdypdyrlar. Menem aňry ujy bir mümkinçilik dörese gurnaryn diýip söz berdim. Galanam näme, saňa bagly. - O diýýäniňiz bolarla welin... Men maşynam sürüp bilemok. Her iki sagatdan dermanlarymy, sanjymlarymy alyp durmaly, ýöne şonda-da wagt tapjak bolaýyn. Adamlaryň haýyşyny bitirmesek bolmaz. - Men seni öz maşynymda alyp giderin we yzyňa getirerin, ýanymyzda Ümür aga hem bolar. - Bolýar, men razy, gaýtam, köpçülige çyksam birneme göwnüm açylar. Moskwanyň keselhanasynda uzak wagtlap ýatyp halys köňül poslapdyr. - Şol günüň ertesi ir bilen men ony we Ümür agany alyp, Baýramalynyň pagta arassalaýan zawodyna alyp gitdim. - Meniň bir arzuwym bar – diýip, Altymyrat gidip barýarkak seslendi. - Sagalsam, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak. Iki gezek ondan galdym, üçünji gezek men hökman çykyş edäýmeli. - Ýegen, sen galdym diýme, seni galdyrdylar – diýip, men seslendim. - Türkmende “Üçden soň puç” diýen söz bar. - Sen oňa ynanma, Altymyrat jan! Men seniň ýolbarsa gaýra dur diýdirýän güýjüňe bil baglaýaryn! - Ümür aga, ol-a dogrula welin, eger üçünjide bagtym jüwmese türkmen oglanlaryny ýygnap topar döretjek, olardan dünýä çykaýjaklaryny ýetişdirip, döşlerini lowurdaýan altyn medally etjek! - “Arzuwçyl gul dura-bara şat bolar” diýleni, arzuw etseň arzuwyňa ýetersiň. - Ümür aga, ol dogry-la welin, oglanlary taýýarlamak üçin türgenleşik meýdany, enjamlar gerek. Altymyradyň özem şondan kösenip geldi. - Isleg bolsa çatmaň içinde-de türgenleşse bolar. Türkmen ýigitleri üçin şert hökman däl, onsoňam dahylly bolup etjek bolýan işiň ugruna bolmaz. Ähli zatda diňe özüňe bil baglamaly. - Dogry, sen ony iş ýüzünde subut etdiň, türkmeni ilkinji bolup dünýä tanatdyň, şonda-da oturtma böwrekli gezip ýörsüň. - Şoňa-da şükür edýän. Ors lukmanlary birki ýyl ýaşarsyň diýdiler, soňam näme Allanyň işidir-dä, görübereris. Iň bolmanda agam Tirkişiň ýaşan otuz ýaşyna ýetsem armanym ýok. - Sen entejik ýaşarsyň, ogul! – diýip, Ümür aga ony gujaklady we hamsykdy. Meniň hem bokurdagym dolup, geplemäge mejalym galmady, gözden syrygyp gaýdan ýaşy süpürip: “Howa gyzjag-ow!” diýen boldum, özüm bolsa Altymyradyň mertligine, sanlyja gün ömrüniň galanyny bilipde, özüni mertlerçe alyp barşyna haýran galdym. Agyr dert onuň ýanyny ýere ýaplajak bolup näçe jan etse-de, ol galkan dek durup, gaýta, ýaşlaryň, iliniň aladasyny edýärdi. Şeýle mert gerçege onsoň neneň guwanmajak! Ol dünýäde ýeke-täk, iň güýçli ýyldyz bolmagyndan başga-da, öz erk-islegine ygtyýar edip bilýän, edenli ýigitdi ahyryn. Daşary ýurtlaryň baýlary Altymyrady öz ýurtlaryna çagyranlarynda onuň beren jogaby häli-häzirem serimden gidenok: “Men diňe türkmeniň ýaşyl tugunyň astynda çykyş etmek isleýärin!”. Bu jümle onuň ömür beýany. Onda gerçegiň keşbi görünýär, şonuň bilen birlikde ol türkmeni dünýä tanatdy. Biz pagta zawodyna baranmyzda meýdanda ýygnanan märeke Altymyrady uly şowhun bilen garşylady. Ony ýüzüne sylýany, elinden ogşaýany haýsy. Näçe bagryna basjaklar welin, kesel oňa mümkinçilik bermeýär. Ümür aga, ussadyň gysgajyk terjimehalyny aýdyp berdi, adamlar bolsa: “Biz beýik ussadyň özüni diňläsimiz gelýär” diýişip gygyryşdylar. Beýle uly hormada has-da ýygrylan Altymyrat çalaja ýylgyryp, başyny sallap dur. Adamlaryň islegi bolsa onuň birje sesini eşitmek. - Adamlar, geplärligim ýokdur! Sorag berseňiz jogap bereýin. Meni sylaýan ekeniňiz, sag boluň! Men bu sylag-hormaty bütin türkmen halkyna etdigiňiz diýip düşünýän. - Bu hormaty biz saňa, ýanyňdaky Ümür aga edýäris! Biz size tagzym edýäris – diýip, kimdir biri seslendi. Adamlaryň oňa suwsan ýerinde özün edilýän hormata utanyp, has kiçelen ýaly gyzaryp durmasyna näme diýjek. Ümür aga, ony öňe çykaryp adamlar bilen has içgin tanyşdyrjak bolýar, emma ussadyň öňünde gorp bar ýaly, yza tesýär, gaýtam: “Men Köpetdagy goparyp gelmedim, her bir türkmeniň edip biljek işini etdim” diýýär. Ümür aga “Aýt, gerçek ogul, aýt!” diýip ony gyssaýar, ol bolsa näme diýjegini bilenok. Aý, garaz, göreniň Ümür aga-da, eýdip-beýdip gyjyklap goýanok, juda bolmasa özi sorag berýär. Altymyrat şeýdip, bir sagada golaý soraglara jogap berdi. Soň gaýtjak bolanymyzda adamlar biziň daşymyzy gallap göýbermek islemediler. Olaryň käbiriniň gözleriniň okarasy ýaşdan doldy, aýrylyşaslary gelenokdylar. Olaryň käbiri pul hödürleýärdi, käbiri ak kagyza gol çekdirýärdi, käbiri bolsa onuň öý salgysyny soraýardy. Altymyrat başardygyndan olaryň haýyşyny bitirjek bolýardy, ýöne ony ondan artyk saklamaga mümkinçilik bolmansoň biz adamlar bilen hoşlaşyp, aralaryndan zordan çykyp gaýtdyk. Şonda Ümür aga: “Sagja bol, inerim, sagja bol, gerçegim!” diýip, Altymyrady bagryna basyp hamsykdy. Altymyrat bolsa ýolda: “Adamlar bilen şeýle duşuşmak, pikir alyşmak diýseň lezzetli. Men munda ruhy galkynyşyň alamatlaryny duýýaryn. Bu meniň üçin altyn medala mynasyp bolandanam has ýokary!” diýip seslendi. Biz onuň bilen şeýle duşuşyklaryň ençemesini geçirdik. Amanmuhammet NEPES "Ümür Esen" kitabyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||