17:24 Umydymyz - Kowid-19 | |
UMYDYMYZ - KOWID-19
Medisina
Gadymy bilgi - başlangyjy geçmişiñ çuñluklarynda galan, gözbaşy nämälim maglumatlardyr... Hurafa - akyl-paýhasa ters gelýän, boş-batyl ynanç diýmekligi añladýar... Gadymy bilgiler bilen hurafalar mydama biri-birine bulaşdyrylýar. Müñlerçe ýyldan bäri biziñ günlerimize çenli syzyp gelen gyzyldan gymmatly maglumatlara soñky wagtlarda gyýa göz bilen seredýänler köpeldi. Hurafaçy şarlatanlaryñ bu ýagdaýyñ döremegine uly goşant goşandyklary görnüp duran hakykat. Seretseñizläñ.. Karantin günlerinde kowid-19-y dep etmek üçin akla sygmajak işler edilýär. Mysal üçin... Nigdäniñ Ulygyşla häkimligi ladan tütedip goranjak bolýar. Muña meñzeş ýene onlarça mysal getirip biljek. "Metjitde oturana koronawirus ýolukmaz" diýip samrap ýörenleriñ sany barmak büküp sanardan känmikä diýýärin. Ýurdumyzda hurafalaryñ ynanja we dine esaslandyrylmagy ýörite üns berilmäge degişli meselä öwrüldi. Hezreti Omaryñ aýdan bir gowy sözi bar: "Ýa ynanşyñ ýaly ýaşarsyñ ýa-da ýaşaýşyñ ýaly ynanarsyñ". Hurafalar - ýaşaýşy ýaly ynanýanlaryñ ynanjy! Hezreti Muhammet (s.a.w) aýdypdyr: "Kim başy çykmaýandygyna garamazdan, hekimlik etmäge synanyşsa, ol sebäp bolan zyýanyny özi ödemeli bolar". Sahabalardan Sagdy Wakgas (r.a) nähoşlanda Hezreti Muhammet (s.a.w) ony soramaga gidipdir. "Haris ibn Keldäni çagyryñ, ol ökde hekimdir, goý, ol size em etsin" diýipdir. Bu söz 1400 ýyl mundan öñ aýdylan söz. Onuñ çuñ manysyna doly düşünjek bolsañ, ilki bilen şol döwri gowy bilmek gerek: ■ Hurafalardan mysallar Araplar yslamdan öñ halk tebipçiliginde birgiden hurafalara eýedi. Käbir mysallary bereýin: - Mama keselinden goranmak üçin düýe ýaly bögürerdiler... – Ýanlarynda göterýän towşanyñ süñk özlerinu dürli kesellerden goraýandyr öýderdiler... - Yylan çakan adamy "zäher endamyna ýaýramasyn" diýip uka gidirmändirler we üst-başyna jañ dakypdyrlar... - Nämedir bir zatdan gorkan aýala ýüregi sowasyn, ýerine gelsin diýip gaýnap duran gyzgyn suw içiripdirler… - Çagalaryñ gopan dişini Güne bakan zyñanlarynda, täze çykan dişiñ berk boljakdygyna ynanýardylar... – Çaşşy adamyñ gözüni degirmen daşyna seretsirip bejermäge çalşardylar... - Näsaglary jadygöý ruhanylaryñ ýanyna äkidip okadypdyrlar, ybadathanalarda gurbanlyk janly kesipdirler. Şeýtmek bilen olar näsagyñ içine giren şeýtanlaryñ çykjagyna ynanypdyrlar... Ynha, şeýle... Hezreti Muhammet (s.a.w) ýokardaky sözlerini şular ýaly hurafalaryñ giñden ýaýran arap jemgyýetinde aýdypdy. Ol beýik özgerişligi barça batyl ynançlara garşy göreş yglan edip amala aşyrdy. Hadys kitaplarynda medisina we derman-däri hususunda bölümleriñ bardygy tötänlik däl. Mysal üçin alty hadys kitabyndan “Kütüb-i Sitte” olaryñ diñe biri. Şol sanda... Ymam Buharynyñ "Sahyh Hadys" (“el-Jâmi'ü's-Sahîh”) kitabynyñ 76-njy bölümini medisina baradaky hadyslar düzýär: “Kitâbu't-tıbb.” Bu kitapda ýokanç keseller barada gyzykly maglumatlar bar... Bu kitapda karantin barada maglumatlar bar... Bu kitapda derman ösümlikler, iýmit we suwlar barada medisinanyñ düýp esaslary beýan edilen... Bu kitapda aýallara näsag erkekleri em etmek jaýyzdygy (rugsat berilýändigi) ýazylan... Hawa, hawa, biz 1400 ýyl mundan öñki döwrüñ gürrüñini edýäris. "Pygamber tebipçiligi" (“Tybb-y Nebewi”) ady bilen kitap ýazmak däbi şol esasda döredi... ■ Medisinanyñ Injili Hurafalar sagdyn din düşünjesini nädip bozdy? Çünki wagtyñ geçmegi bilen öwrülişikçi-intellektual yslamy ýoýujylar dini öz bähbitlerine görä düşündirdiler! Bu günki-gün... "Käbäniñ zyýarata açylmagy üçin Günbatardan geljek waksina garaşylýar" diýilmegi hakyky musulmanlaryñ ýüregini syzladanokmyka? Medisina ylmynda ylmy-barlag işlerini alyp barýan musulman alymlar bular ýaly samsyklaç şowakör düşünjäniñ öñünde nädip dyza çöküp bilýärkäler? Ynanar ýaly däl... Düýn... Modern himiýanyñ düýbüni tutujy Jabir ibn Haýýan (721-815) bardy. Düýn… Matematikada “nol” (0) belgisini ulanan, “algoritmi” oýlap tapyjy Al-Horezmi (780-850) bardy. Düýn… Ospa keseline ilkinji bolup kesgitleme beren El-Razy (854-925) bardy. Düýn… Ýewropaly alymlaryñ ussady hasaplanan Faraby (870-950) bardy. Düýn… “Tybbyñ Injili" diýip at berilen “El-Kanun fi't-Tyb” ("Tebipçilik ylmynyñ kanunlary") eseri XII asyrdan başlap Ýewropanyñ ýokary okuw jaýlarynda okuw kitaby hökmünde okadylan Ibn Sina (980-1037) bardy. Düýn… Ilkinji bolup rak keseliniñ operasiýasyny geçiren Aly ibn Apbas (932- 994) bardy. Düýn… Günbataryñ heniz XIX asyryñ başlarynda-da göz we diş agyrysy barada ýeke bilýän zady ýokka, bularyñ bejergisini eden El-Zehrawy (936-1013) bardy. Düýn… Modern optikanyñ atasy Ibni Heýsem (965-1040) bardy. Düýn… “Sezarýen” (кесарево сечение) adalgasyny medisina ylmyna peşgeş beren Biruny (973-1051) bardy. Sanap gutaryp bolanok... Günbatar alhimiýadan ylmy himiýa geçendigi üçin musulmanlara minnetdarlyk bildirmäge borçly. Käbir dermanlaryñ asyl ady "alkogol" sözi bilen bile Gündogardan Günbatar dillerine geçdi. Iñ bärkisi himiýa (kimýa) sözüni alyp göräýiñ!.. Kaliý, aminokislota, natriý, nitrat, simap önümçiligini ilkinji bolup kimler ýola goýdy, bilýäñizmi? Yslam medisinasynyñ taryhyny okap, şu günki-gün bilen deñeşdireniñizde, örtenersiñiz, janyñyz ýanar. Her düýpli öwrülişikde bolşy ýaly, yslam ynkylabynda-da görlen zat - yzygiderli ösüş bolmasa, yzyndan durgunlyk, onuñam yzyndan yza tesiş başlaýar! Hakykatlara gowuşmagyñ iñ uly päsgelçiligi bolan hurafalar şeýde-şeýde üstünlik gazanýar. Umyt edeliñ... “Kowid-19” - hemme ugurda fanatizme getiren hurafa problemasynyñ aradan aýrylmagyna peydaly bolsun-da hernä!.. Soner YALÇYN. 10.04.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||