07:04 Uzak-uzak ýyllar -2 / romanyñ dowamy | |
4.
Romanlar
Arabanyň bady ýuwaşjady. Kerwen aga howluganokdy. Ilaman göge garap ýatyrdy. Günbatardan salkyn şemal öwüsýärdi. Oglan asmanda gündogar tarapa toýnak gurap geçip barýan guşlary gördi. – Däde, şol guşlar näme? Kerwen aga asmana garady. – Olar durnadyr, oglum. – Durnalar nirä uçýarlar? – Olar erkin gezýär, oglum, Ýaz çyksa geler, gyş düşse gider. Nire yssy bolsa durna şoňa gider. Nire dynçlyk bolsa durna şoňa barar. – Däde, han-a bir durna barýar. Ol öň geçenleriň yzyndan ýetermi? – Bilmedim oglum. – Däde, şol durna men bolsadym!!! Kerwen aga yzyna garady. Emma oglunyň gara çynydy. – Ýok, oglum, sen bir ýalňyz galma. Azaşarsyň durnajygym, azaşarsyň. Oglanam, kakasy-da oýa gitdi. Ýaşuly öz içinden oglunyň sözlerini saldarlaýardy. Onuň sözlerini çaga sözleri hasaplaýardy. Ogly bolsa hyýalynda durnalara goşulyp, uzak-uzak ýerlere uçup gidýärdi. Ýaz çykanda ýene-de kakasynyň ýanyna gelýärdi. «Dädejan, men-ä ýene geldim!», «Weý, durnajygym azaşmadyň gerek? Indi bir gitme, azaşarsyň, durnajygym». Oglanyň süýji arzuwlaryny ne kakasy, ne şemal bozýardy. Ol asmana garap ýatyrdy. Gökde ýene-de hälki durna göründi Ol öz sürüsini gözleýärdi. Onuň ganatlary örän haýal galgaýardy. Ol halys ýadan bolmaga çemli. Hawa ol azaşypdy. Emma ol öz azaşandygyny boýun alman borly. Ol dereleri, jülgeleri agtarýardy. Sürüsi bolsa ýokdy. Ol arabanyň depesinden ýene-de bir gezek aýlaw etdi. Soň gözden ýitip gitdi. Azaşan durnajyk, ýok, ýalňyz durnajyk Ilamanyň ýadyna Enäni saldy. «Ene gelneje!..» Ilaman içini çekdi. Häzir ol Enäni juda göresiniň gelýändigini duýdy. Sebäbi ol Enäni düýnden bäri görmändi. Ene nämüçindir agşamam onuň ýanyna gelmändi. Halyndan habaram almandy. Ilamanyň gussasyz göwnüni howsala gaplady. – Däde, Ene gelnejem hany? – Kerwen aga kalbyny gaplan oýlardan oýanan ýaly boldy. – Näme diýýäň, köşek? – Ene gelnejem galdymy diýýän. – Galdy. Ene-de geler, beýlekilerem. Sen bir aýak üstüne gal. – Däde, Ene gelnejem gowy gerek? – Gowy oglum, gowy. – Däde, nämüçin onuň ýanyna Akga brigadir gelýär-ä? Kerwen aga gulaklaryna ynanmady. – Akga gelýär?! Nirä?! – Ol günde-günde Ene gelnejemiň ýanyna gelýär. Ene gelnejemi hiç işledenok. Şo-ol gürläp dur. – Ene näme diýýä? – Sesinem çykaranok. Gaýta gülýär. – Gülýä?! Häk... Kerwen aga oýa batdy. Soň oba çenli sesini çykarman geldi. Oba Ilamany tukat garşylady. Arzy doktor oňa derman berdi. – Heý, Ilaman jan, Sona boýdaşymyň balasy, akja çagam, Ilaman. Ine gutularsyň – diýip göwünlik berdi. Düşekde turman ýatmagy sargady. Onsuzam Ilaman kellesini kän galdyryp bilmeýärdi. Kerwen aga ogly sebäpli daga gitmän, skladda işläp başlady. Ol günorta gelip ogluna göz-gulak bolup gidýärdi. Ilamanyň ýanyna Arzy doktor, Üzümgül has köp gelip gidýärdi. Üzümgül oňa gatyklyja unaş, süýt, gatyk, ýyljak çörek getirip naharlaýardy. Bu gün bolsa Kerwen aga işe giden badyna Sülgün geldi. – Köşejigim, kelläň nähili? Gutul janym, gutul – Ol gyňajyna dolan ýyljak çöregini saçaga dolady. Soň saçagy Ilamanyň ýanyna süýşürdi. Süýtli okarany düşege golaýda goýdy. – Al, janym, süýt sowamanka iý. Gutul. Alla garaşyk etsin-dä, neressäm. Ilamanyň näzijek göwni ersdi. Ol ýürejiginde beslän sözlerini aýtdy. – Gelneje, taňyr ýalkasyn! Myratly dädem sag-aman gelsin. Sülgün gapynyň agzyndan çykyp barýardy. Ol Ilamanyň sözüni eşitdi. Soň aýagy ädilmedi. Yzyna gaýtdy. Gelip düşekde ýatan oglanjygyň ap-ak bolan manlaýjygyndan ogşady: – Wah, wah, diliňden aýlanaýyn, didäm. Diliň-dişiň bitindir. Şeý diý. Arkadagym. Onuň gözlerine ýaş aýlandy. Ýaşyny gyňajynyň çowy bilen süpürdi-de çykyp gitdi. Sülgüniň süýji sözi oglanyň ýüregini ezdi. Ýyljak çörek bilen gyzgynjak süýt iýýärkä-de onuň gözlerinden ýaş akýardy. Üzümgülüň, Sülgüňiň goldawy, Kerwen aganyň hoşamaýy, Arzy doktoryň däri-dermany Ilamany gün-günden gurplandyrýardy. Ol indi iç-daş girip çykýardy. Sülgüniň gyzjagazy Aýsoltan bilen oýnaýardy. Orakçylar ýagşy güýz düşensoň oba eňdiler. Ilaman orakçylary aýak üstünde garşy aldy. Kellesindäki agyry indi kän duýudmaýardy. Ene iň soňky tapgyr bilen oba geldi. Ilki arabalylar, soň eşekliler, iň soňky tapgyrda-da pyýadalar geldiler. Arabalylaryň öňüni Akga birgat çekip gelýärdi. Ol Ilamany görmediksiredi. Arabalylar oňa habar gatýardylar. Emma arabanyň şakyrdysy bilen kän bir eşidilmeýärdi. Ilaman pyýada gelýänler bilen görüşüp çykdy. Ol Enäniň ýanyna uýala-uýala bardy. Ene-de ony görüp begendi. Ýöne sesini çykarmady. Enäniň ýüzi az-kem garalypdy. Kellesindäki börüginiň daňysy agarypdy. Ýöne bu görnüş ona juda gelişýärdi. Onuň gözleri ýylgyranda oglanyň dünýäsi giňäp gitdi. Ilamanyň oňa bir gowy habar aýdasy geldi. Ýöne näme aýtjak, bir zat onuň ýadyna düşdi. Ol ýere garap dillendi. – Ene gelneje, ejeň size göçüp geldi. Ene begendi. – Şeýlemi? Biziň öýmüzde bolýamy? – Hawa, çopandan sygryňyzy aldy. Onam sagýar. – Aý bolaýypdyr. Obada galanlar orakçylary şowhunly garşyladylar. Agşam öýlerde çyra ýandy. Oba azajyk şagalaňlandy. Ilaman agşam Enelere geldi. Penjiräniň öňünde çüýşesiz çyra ýanýardy. Ene gyşaryp ýatyrdy. Onuň ejesi gapyda gydyrdanýardy. Ilaman işigiň ýanynda saklandy. – Gelneje, menem gutuldym – Ene ýatan ýerinden gürledi. – Şeýlemi, bolaýypdyr. Dädeň nirede işleýär? – Dädem, skladda bugdaý eleýär. Indi bizem okap başlarys, hawwamy? Şol wagt Enäniň ejesi öýe girdi. Ol Ilamana garaman töre geçdi. Soň Ilamana habar gatdy. – Haý, çaga. Işikde durmazlar. Aýyp bor. Bajyň ýadap gelipdir. Ona azar bermezler. Bar, ejeň seni gözläp ýör. – Daýza, meniň ejem ýog-a. – Ejeň bolmasa dädeň gözleýä. Nahar-şam wagty öýüňde bolarlar. Ene sesini çykarmady. Ilaman öýe gaýtdy. Onuň ýürejigi agyryp gitdi. Sebäbi öýlerinde adam ýokdy. Kakasy işden gelmändi. Ol keýpsiz öýe girdi. Çyra-da ýakman gyşardy. Şol wagt gapyda çybşyldy eşidildi. Onuň aýal adamdygyny Ilaman saýgardy. Enedir öýtdi. – Illijan, barmyň, ýör jigileň ýanyna bar. Garban köşegim. Süýjüje nahar bişirdim. Bu gelen Sülgündi. Ol Ilamanyň «gitjek däline» bakman, alyp gitdi. Süýjüje nahar, Aýsoltanjygyň täsinje gürrüňleri Ilamanyň göwnüni açdy. Ol Enäniň ejesiniň sözünem unutdy. * * * Günler yzly-yzyna geçýärdi. Uruşdan gelýänem-gidýänem ýokdy. Gidenlerden hat-habar gelmeýärdi. Şeýle seredeniňde Çynarly obasy bilen urşuň arasynda hiç hili baglanyşyk ýok ýalydy. Emma fronta giden adamlaryň ýokdugy her haçan bildirip durdy. Öýleriň teri boşdy. Her kimiň gulagy uruş taýdady. Gazetlere ýazylan habarlarda bolsa begener ýaly zat aýdylma- ýardy. Güýzüň soňy gyşa ýazdy. Adamlar gyşyň beýle ir düşerine garaşmandylar. Öýlerde peçler ir oturdyldy. Ilaman ol gün ýene giç geldi. Ol Igdeliden tüwesini getirmäge gidipdi. Ýelnini ýetiren tüwe şahyna ýüp ilen badyna ýuwaşady. Ol Ilamana kän azap bermedi. Uzak ýol oglany halys etdi. Ol tüwesini howluda daňyp, öňüne ot dökdi. Soň işigi açdy, çyrany ýakdy. Peje ot salyp, çaý goýdy. Günbatardan öwüsýän sowuk ýel pejiň turbasyny şakyrdadýardy. Penjiräniň yşyndan sowuk ýel kürsäp öýe girýärdi. Ilaman kakasyna garaşdy, emma ol geler ýerde gelmedi. Kakasyny güni bilen görmänsoň, oglany howsala basýardy. Kakasy indi gaýdyp hiç haçan gelmejek ýaly bolup durdy. Ol kakasyny soramagy-idemegi ýüregine düwüp, ençeme gezek daş çykdy. Ýöne meýdandan sowuk ýelden heder etdi. Ol ýele pitiwa etmese-de etmezdi. Ýöne kakaňy nireden gözlejek. Kimden sorajak. Emma ünji ony öz erkine goýmady. Ahyry ýene-de meýdana çykdy. Meýdan sowukdy. Çapgyn ýel ýyly ýerden çykan oglanyň gulaklaryny, ýüzüni keýp edip çawlaýardy. Onuň ýaňaklaryny ýalap, ýarym açyk ýakasyndan içine girýärdi. Ilaman sowuga gurşan barmaklaryny owkalap, öýe girmäge hyýallandy. Şol wagt ýoldan gelýän garany görüp saklandy. Garaňkynyň içinde biri gaty-gaty ýöräp gelýärdi. Ol garaşdy. Ýakyna gelende şadyýan seslendi: – Däde! – Ol gara tisginip gitdi. – Gijäniň içinde näme, ýoly saklap dursuň, ýa-da ýola garawul goýuldyňmy?! Akga brigadiriň sesini eşidip Ilamanyň ini dyglap gitdi. Soň doňup duran ýerinden ony synlady. Ol Eneleriň işigine baryp, arkasyndaky haltany düşürdi. Soň töweregine garanjaklap, olara girdi. Ilamanyň ýüregi agyryp gitdi. Akganam, Enänem neletledi. Häzir Enäniň ejesi Meretgülüň ony kemsideni ýadyna düşdi. Ol duýdansyz Goçaklyny ýatlady: «Häzir ol bolan bolsa, gör nähili oňat bolardy». Şol wagt: – Oglum, tüweleme, tüwäňi getiräýdiňmi? – diýip, kakasy habar gatdy. Ilaman tisginip gitdi: – Hawa – diýip, ol ysgynsyz gürledi. Ol diňe şondan soň kakasyny, howludaky düýäni görüp galdy. Kakasy öýe girende oglunyň gök dalak bolan elini, ýüzüni görüp käýinjiredi. – Sen näme, indi çaga däl ahyry. Öýde oturmaly ekeniň. Kerwen aga şondan soň ogluna käýemesini goýup, çaý demledi. Saçak ýazdy. Ilamanyň hiç zat bilen seri ýokdy. Ol ýer salynmanka uka gitdi. Goňşularyň horazy ikinji gygyranda Kerwen aga oýandy. Ol çyrany ýakdy. Çaý goýdy. Düýeleriň öňüne petde atdy, tüwä ot berdi. Çaýyny demläp, ogluny turuzdy. – Oglum, men oduna gitjek. Üç düýe ýüki alyp gaýtjak. Ýene-de birnemäni şol ýerde taýýarlajak. Senem ýanyma alaýmaly welin, indi gyş düşdi, horlanarsyň. Onsoňam tüwäňem horlanar. Sen gowusy obada bol. Bormy? Ilaman kakasyndan galmagy kyn gördi. Bolsa-da galmasa boljak däldi. Sebäbi kakasynyň aýdany onuň üçin kanundy. Ol ertir turup tüwesine ot berdi. Soňra ýakmak üçin kerkaw çapdy. Ilaman odun çapyp durka onuň ýanyna Enäniň ejesi Meretgül geldi. Ol uzyn, hor ýüzüni mürşerdip, agzyny pakgyldadyp gepledi. – Heýt, berekella. Akylly oglan ir turup iş eder. Senem, akyllyja çaga, irdenjik odun çapyp, oňarawoýýaň. Ilaman garry ýanyna gelensoň odun çapmasyny goýdy. Ol Ilamana sorag baryny ýagdyrýardy. – Çaga, ataň öýdemi seniň? – Ýok, ol-a daga gitdi. Kempir gynançly gürledi. – Wah, wah, habarym bolman galypdyryn. Seniň gowy ataň bar. Rehimli ataň bar. Ine, biz iki ýetim naçara rehim et diýjekdim. O gyzyň ýerçeken ýetimegi, uruş diýip, dawa diýip gitdi. Bizem bärde ölümiň öýünde ýüz-ýüze bakyp oturmaly. Ne bugdaý bar, ne un ne odun bar, ne ot. Bu bir öý däl-de, sowuk gabyr-leý. Ýog-eý, gabyram gowudyr mundan. Ilaman ýaşuly adamyň zeýrenennni ilkinji gezek görýärdi. Onuň bu kempire rehimi indi. – Daýza, dädemden näme kömek gerekdi? Kempiriň guşy uçdy. Ol şol bada gözüne ýaş aýlady: – Wah, çaga jan. Biz naçara kömek gerek. Aýdýan-a ol-a peçde ýakmaga eken, diş synçgamaga zat ýok gapyda, zadymyz ýok. Ilaman suwuny çeken kerkawdan ep-eslini Eneleriň işigine daşady. Ony çapyp berdi. Şondan soň tä kakasy gelýänçä kempir olardan kerkaw odunyny çekinmän äkidýärdi. Kerwen aga üç günden soň oba dolanyp geldi. Ilaman kakasyny garsa gujaklady. Olar düýeleri howla getirdiler. Düýeler kerkaw odunyndan ýagşy ýüklenendi. Olar ýadawdy. Kerwen aga göherdiň owsaryny ogluna berdi: – Me, oglum, şu düýäniň ýüküni Sülgün gelnejeňlere düşür. Ilaman guş bolup uçdy. Ol kakasynyň jomartlygyna uçaýjak bolýardy. – Dädejan, ýaşa, ýaşa. Häzir Sülgün gelnejem baý begener-ä. Ol birden sakga durdy. Kakasynyň ýüzüne ýalbaryp garady. – Däde! Kerwen aga oglunyň bolşuny geňläp, onuň ýüzüne dikanlap garady. – Näme boldy? – Bir düýäniň odunynam Ene gelnejemlere beräýeli-le. Hä, bolýamy? Kerwen aga kän ikirjiňlenmedi. – Häýt, oglum. Bolýa-da. Sen şony isleýän bolsaň, äkit, şolara. Ýöne niýetim-ä Üzümgüledi. Zeleli ýok, özümiziňkiniň ýaryny bererin, oňa. Ilaman ganatsyz uçýardy. Onuň ýüregi indi ençeme aý bäri ilkinji gezek şeýle ersdi. Onuň kakasyna bolan minnetdarlygynyň möçberini ölçäp boljak däldi. Ýok beýle bagt ynsanda az-az bolýardy. Sebäbi uruş ýakymsyz düýş ýaly bolup hemmeleriň böwrüni müňküldedýärdi. Agşam Kerwen aga ogly bilen Enelere bardy. Enäniň ejesi olary çaýa çagyrypdy. Ilaman Enäniň bu aýalyň gyzydygyna ynanasy gelmeýärdi. Ol aýal bükrelibräk ýöräp, öz mürşük ýüzündäki çym-gyzyl gözlerini içiňden geçirip barýardy. – Adyňa döneýin, bu gyz bir dowhaza düşdi. Ýetim-çä sataşdy. Ine, bu ketekde hiç zat ýok. Ömrüňiz uzak bolsun, ýene hudaý seni iberipdir. Men gelmedik bolsam bu çaga ne günlere sataşardy. Bu ýagy ýaly gyşda. Wah... Şol wagt gapy şakyrdap açyldy-da ýapyldy. Kerwen aga muňa kän bir üns bermedi. Kempir gözýaşyny süpürip gapa çykdy. Soň Enäni çagyrdy. Ene işige çykyp, girer ýerde girmedi. Ol bir erkek adam bilen hümürdeşýärdi. Kempiriň keýpi kökelipdi. Ol gülüp gürrüň berýärdi. – «Kyrk ýyldan gyran geler, onda-da ajallyny alar» diýipdirler. Hudaýa müňde bir şükür. «Allam diýene garaşyk ederin» diýipdir. Ine geldim, barysy düzeldi. Odunam geldi, däne-de geldi. Allajana döneýin, allajana... Kempir ýene-de şumjardy: – Wah, çagamyň bagtyny ýatyran ekenim. Ol ýerçeken gözümiň garasyny ne güne salan eken. Wah, oňa Akga jan ýaly hudaýyň emel beren, hoşroýy duşsa bolmadymy? Henizem şol neresse kyn günde goldan. Iki ýetim naçar derdimizi, dadymyzy kime ýetireli. Enäniň öýe girmegi bilen kempiriň sözüniň arasy kesildi. Gelniň sowuk çawlan ýaňaklary çyranyň yşygyna gülgün öwüsýärdi. Kempir gyzynyň gözündäki begenji derrew okady. Ertesi meýdany ýukajyk gar örtdi. Kerwen aga düýeleri äkitmäge taýýarlanyp otyrdy. Ilaman tüwesini çeşmeden suwa ýakyp getirdi. Şol wagt ýoldan Akga birgat geçip barýardy. Kerwen aga oňa habar gatdy: – Birgat, dur-la. Akga ýüz-gözüni çytyp ýabysynyň uýanyny çekdi. Ýabynyň aýagynyň astynda it gary jygyrdaýardy. Kerwen aga howludan ýola çykdy. – Gurgunmyň Akga – Kerwen aga saglyk-amanlyk soraşdy. Akga haýbatly gürledi: – Iş kän, iş. Näme habaryň bolsa aýt. Eşdeli. Kerwen aga kynlyk bilen gürledi: – Habar-a inim, saňa bir zat aýtjakdym. – Aýt-da, näme diliňden çekip almalymy. – Ýok-la, neme-le inim, Sen... neme. Akganyň bolmajysy boldy. – Näme, neme, neme. Aýt-da, how, gutaran adam. – Neme, inim. Sen indi gaýdyp Goçaklynyň gapysynda görünmeseň gowy bordy. – Näme, näme?! Kerwen aganyň gany depesine urdy. – Seni Goçaklynyň gapysynda gaýdyp göräýsem, eýgilik isleme... Akga atyny Kerwen aga has ýakyn sürdi. Ol gamçysyny silkip ujuny eline aljak boldy. Emma bolmady. Gamçy Kerwen aganyň gözüniň öňünden şuwlap geçdi. Kerwen aga azym bilen: – Gamçyňy çek diýýän – diýip gygyrdy. Ýaby Kerwen aganyň aýylganç sesine tisginip yza çekildi. Akga bir gapdala agan telpegini bir eli bilen tutmaga zordan ýetişdi. Ol Kerwen aga ýene-de ajysyny pürkdi. – Kerwen, sen bir zady ýatdan çykarma. Goçakly ýetimçe seniň iki dogup bir galanyň däl. Ene-de ýerden ýeke çykan uýaň däl. Sen öz günüňe gez... Kerwen aganyň zarply sesi onuň azymyny basdy: – Sen han, gowja bol. Gowja bol diýän saňa. Goçakly ýetimem bolsa seniň ýalylaň müňüsine gaýra dur diýýändir. Sen namart ekeniň. Sende erkeklik tüýi ýok eken, düşünýäňmi, sen heleýe meňzeýäň, han. Goçakly seniň ýeriňe galan bolsady, seniň törde oturaňyňa göz gyzdyrmazdy. Sen ol gelni ýoldan çykarýaň. Munyň bolmyýa... Akganyň aňyrsy bärik gelýärdi. Ýöne Kerwen aganyň gamçy ýaly şarpyldap degýän sözlerini basaýjak awuly gep tapyp bilmese-de, ol hem içindäki ýygnanan berçini daşyna çykardy. – Sen Kerwen, maňa gowja bol diýen bolma. Meniň bagtym getirdi. Meniň küşdüm ýöreýä. Hemme zat gyssam gysymymda açsam aýamda. Gelen wagty sürjek. Goçakly ýetimçe kim, Ene kim. Enäni heleýimiň üstüne heleý edip aljak. Onsoňam bir zady bil. Ganjyk guýruk bulamasa köpek sürünmez. Saňa men ara düşen Garaçomak diýerin. Sen onsoňam ýene bir zady bil, Goçakly ýaly dönük bolanyň aýalyna el urma däl, öýüni talasaňam azdyr... Kerwen aga tisginip gitdi. Ol depesinden inen agyr daşy sowýan ýaly yza çekildi. – Haý, gurrumsak diýsäni. Binamys, seni kemala getiren atany görüp, ýüzüne tüýkürsemdim, şonda inim sowardy. Wah... – Senjagaz, bilip goý, eger garaçomaklygyňy goýmasaň senem pronta ugrarsyň. Onsoň nemisiň azysyna bir düşersiň, maslygyň ite-guşa şam etdirerin, onsoň seniň hol duran enesiz toklyň ömür boýy yzylar yzyňda. Haýwan... Kerwen aga bu agyr urga çydap bilmedi. Ol aşak oturdy. Akga brigadir bolsa bu göreşde ýeňenine diýseň guwanýan görnüşde, it ýylgyryşyny edip, atyny dabaraly sürüp gitdi. 5. Dekabr düşdi. Günbatardan öwüsýän ýel içiňden, bagryňdan geçip barýardy. Kerwen aganyň getiren oduny azalypdy. Mellekden ýygnalan bugdaý gün-günden kemelýärdi. Urşa gidenlerden hat-habar ýokdy. Moskwanyň eteginde aldym-berdimli söweş barýar diýip, gazetlerde ýazylýardy. Ilaman sowuk ýele gagşap howla çykdy. Tüwesine ot berdi. Ol tüwäniň myşşyldysynyň öňküsi däldigini aňdy. Tüwe urunýardy. Onuň kellesine goňşularyny çagyrmak pikiri geldi. Onsoň howanyň sowugyny undup, çyplaňlygyna Enelere ylgady. Bu ýagdaýy Enäniň ejesi Meretgüle habar bermek isledi. Ýöne öýde diňe Ene bardy. – Gelneje, tüwämize bir zad-a bolýar. Ýöne myşylap dur. Ene gözlerini güldürdi. – Näme bolýar, ýüwürjijigim?! Ilaman onuň sözleriniň äheňine ünsem bermedi. – Öz-ä, ýaman horlanýar. Meretgül daýzama aýdaýalyla. Göräýsin-dä. Ýa dädemi çagyraýsammyka? – Häzir göreýin – Ene başyna köneräk çabydyny atyndy. Ilaman eýýäm tüwäniň ýatagyna barypdy. Tüwe myslap urunýardy. Ol Ilamandan haraý isleýän ýaly, oňa yňranýardy. Ene gelip tüwäniň halyny aňdy. Ol gelşiksiz kikirdedi: – Waý, Illi, ol-a guzlajak bolýar. Oňa azar bermesene. Aýrylsana. Ilaman gyssandy. – Ol ölüp barýar ahyry. – Ýok, ölmez. Birinji garnyna kynrak bolýandyr. Adam görse gysylar, golaýyna gelme, bar-bar, gir öýüňe. Öýüň içi ýylydy. Ene işigiň golaýynda odunyň üstünde dyz epdi. Ol bir hyýala gark bolupdy. Ilaman oňa habar gatjak boldy, ýöne çekindi. Sebäbi Ene gözlerini süzüp, agyr oýa batyp otyrdy. Ene bir zatlar aýtjak boldy, ýöne saklandy. Bir söz onuň bokurdagyna ýapyşýan ýalydy. Ol ardynjyrady, ýöne bogazyny arçap bilmedi. Ilaman ol bu aýraçylyga, ýeter-ýetmezlige gynanýandyr öýtdi. Ol Enäniň ýüzüne ynjyly garady. Häzir onuň Enäni köşeşdiresi, oňa göwünlik beresi geldi, Birdenem, Akga bilen kakasynyň arasynda bolan gürrüňi Enä aýdasy geldi. Ýöne ýetişmedi. Gapyda at aýagynyň sesi eşidildi. Ilaman ylgap gapa çykdy. Gapyda kolhozyň başlygy Anna aga atly durdy. Ol Ilamana baş atdy. – Ogul, gurgunmyň? Hany Kerwen? – Dädem hyşa çapmaga ertirki gidişi. – Sen, köşek, dädeňe aýt, meni şu gün dänim, görsün, kanturda boljak, bomy? Ol atynyň uýanyny silkdi. At derwezä dyzady. Anna aga derwezäniň deňine ýetende bir zatlar diýdi. Emma Ilaman eşitmän oňa garşy ylgady. – Näme diýýäň, Anna däde? Anna aga atynyň başyny çekdi. – Tüwäň guzlapdyr diýýän, gölesini dänim, sowuga beräýme diýýän. Dädeň gelýänçä dänim, göz-gulak bol diýýän. Tüwe şondan soň Ilamanyň ýadyna düşdi. – Gelneje, tüwämiz guzlady – diýip, howlyny ýaňlandyryp begençli gygyrdy. Emma Ene ýokdy. Erkek gölejik atan-satan bolup enesini gözleýärdi. Ýykylanda çöp-çör ýapyşan şire-şepbeşikli tumşujygyny enesiniň garnyna, aýaklaryna süýkeşdirýärdi. Sarç tüwe gölesini kellesi bilen itip, yza-yza süýşýärdi, ýykylyp-süýşüp ýören bu jandardan ürkýän ýaly hyňranyp, gazygynyň daşyndan aýlanýardy. Ilaman bu ýagdaýy synlap, çydam edip bilenokdy. Ol bir gölejige, bir tüwä seredýärdi. Ol tüwäniň ýüpünden tutup, ony bir ýerde saklap, göläni emdirmegi ýüregine düwdi. Emma tüwe baş bermedi. – Degme, oglum. Azar berme, tüwäňe... Ilaman kakasynyň boýnuna bökdi: – Däde, gölejik, özem erkek. Kerwen aga mylakatly gürledi. – Bolaýypdyr oglum. Saňa hurşlujak bolar. Kerwen aga tüweni kynlyk bilen sagdy, soň owuz süýdüni asdy. Olar öýe ýaňy girenlernnde Anna aga ýene-de geldi. Ol atdan düşdi. Atynyň uýanyny teläriň paýasynyň kelteräk hapbasyna ötürdi. Kerwen aga bilen iki elläp görüşdi. – Kerwen, amanlykmy? Saglykmy? Höwrem köp bolsun, akly bolupsyň. Kerwen aga minnetdarlyk bildirip, ony öýe çagyrdy. Owuz süýtli gazana gözi düşende başlygyňam keýpi göterilen ýaly boldy. Ilaman saçak ýazyp, tabaga goýltmak guýup, ortada goýdy. Ýyljak goýltmak, ýer ojakda bişen çörek üşäp gelenleriň agzyna bal bolup degýärdi. Dymyşlygy Anna aga böldi. – Kerwen diýýän-ä, ýagy ýaly gyşam-a dänim geldi. Uruşam-a gutararly däl. Mallaryň ot-çöp ýagdaýam-a dänim, öwerli däl. Ot-çöp gamyny iýjeklerem puronda gitdi. Şeýdibem, üstümizi basdyrdyk. Kerwen aga agyr oýdan soň başyny galdyrdy. – Gyşam-a geldi, bizem bar dänämizi soňlap barýas. Däne-de gerek, odunam gerek, biz-ä kolhoza arkaýynlanýadyk. Olam şeýle bolsa, öz-ä kyn boljak. – Wah, sen bir özüň dänim, hä diýmän ýaza çykarsyň-la. Puronda gidenleň maşgalasyny diý, şolara dänim gerek, gallaňam, odunyňam, goldawyňam. Iň esasy dagdaky dowarlaryň ýagdaýy kyn. Gyş ir düşdi. Kerwen aga başlygyň näme diýmek isleýänine düşünmedi. – Dowarlara dagda kyn bolsa, jülgä eňtermek gerek. Bärde her zadam, bir alajy tapylardy. – Wah, bu aldajy aýazda olary dänim, sürüp getirmede bar ahyry. Şonuň üçinem däninim seniň ýanyňa maslahata geldim. Sen bir ýaz çykýança dowar üstünde bol. Ýaz çyksa, onsoň dänim, uruş gutarsa, puronda gidenler gelse, seni jülgä eňtereris. Kerwen aga ýere garady. Ol tutuk halda dillendi: – Annam, bi, Illijanam-a ýeke bor weli... Anna aga öz delilleriniň baryny orta dökdi. – Wah, Kerwen, şu purant bolmadyk bolsa, seniň däninim, ýyly ýeriňi sowatmaga dözjekmi men? Dag näme, häli-şindi gelip görnüp durmaly, iller dulundaky gelnini taşlap däninim, bir süri çagasyny taşlap gitdi oduň içine. Seniň-ä ogluň ýigit ýetipdir, tüweleme. Anna aga sözüni has berkitmek isledi. – Akga birgadam dänim, şol işi sen gowy oňararsyň diýýär maslahat salsam. Ondanam dänim adam aljak bolsaň müň gürrüňiň başyny agyrdýar. Sen däninim, gardaş, iliň oňlanyna hawwa diý. «Il oňlasa – atyňy soý» – diýýärler. Kerwen aga oýa batdy. Ol Akganyň edip ýören işidir diýip düşündi. Soň gynançly gürledi. – Annam, sen, gelip aýtdyň, bes. Akgany ara sokma. Akgaň öwenem, syndyranam maňa bir köpük ? – O nämüçin? – Aý onuň nämüçini ýok. Şol bar ýerinde men ýok. Şony bilip goý. – Kerwen, sen dänim beý diýme Ol han ogludyr. Onuň däninim, adama ýamanlyg-a ýokdur. Sen ýalňyşýan bolaýma?! Kerwen aganyň gahary geldi. – Hawa-la men ýalňyşýandyryn. Ol-a etjegini edip ili-güni aýagyna ýapyşan palçykça görmeli däl. Ýalňyşýanam men bolmaly. – Sen dänim, Kerwen, Akga ýalňyş düşünme. Häzir dänim ile-güne buýurmaga şonuň ýaly agyzly adam gerek. Uruş gidip dur. Hiç kimiň işläsi gelenok. Sen bolsa däninim... – Akga ýaly ýarak itler däl-de, ynsaply adam gerek, urşuň gidip duranyny sen aýtmanyňda-da bilýän. Işleýän kileň göwni ýarym aýallar, garry-gurty. Olaň ýarym göwnüni depelemeli däl-de, seýiklemeli, başlyk. – Sen Kerwen gyzma, maňa seniň gyzanyňam däninim gerek däl. Hä, onsoňam Akga ýaly işgär tapsam dänim, edil gözüme sürme etjek, sürme. Onuň dänim, prawlinýe çlenidiginem unutma. Seniň ýalynyň dänim müňüniň gepinden onuň ýekeje ähemi rüstem çykýandyr. Kerwen aga-da gyzdy. – Hawa, prawleniýe çleni fronta gidýäniň namysyny basgylamaly!? Şolaryň yzynda galan naçarynyň ýeter-ýetmezinden, eli kelteliginden peýdalanyp, aýak assyna salmaly? Seniňçe şeýle?! – Kimmiş ol dänim, aýak astyna salynýan, biderek dänim, gürrüň etme, Kerwen. – Sen başlyk, sen iliň öňbaşçysy, sen ilden öň bilmeli bu zatlary. Bilýäňem, bilip aňyrsyna-da geçýäň. Ýöne senem dyzyňy çümmüklärsiň welin, giç bolar. – Kerwen, men seni dänim beýledir öýtmeýärdim. Arada Akga seniň bu häsiýetiňi dänim, ýanyp-ýanyp gürrüň berse-de ynanmandym. Akga dänim, hak diýen eken. – Saňa hakykaty aýtsaň ýakanok. Gör, sen nähili bolupsyň. Gör, sen kime ýapjalyk edýäň, Anna. Senem özüňi tanatdyň. Ýöne hemmesi üçinem hasap soralar. – Bes et. Bes et, sen däninim gep çagaladyp oturmaňy. Buýtar-suýtaryňy goý-da, ertir goýna ugra, gürrüň dänim, gutardy. Başlyk gapyny gazap bilen açyp çykyp gitdi. Kerwen aga atyşgir bilen ody dörjeleşdirýärdi. Oduň gyzgylt ýagtysyna onuň göreçleri lowurdap gidýärdi. Başlyk bilen kakasynyň arasynda bolan gürrüň Ilamana uly urgy boldy. Ol kolhozyň başlygyny beýle adamdyr öýtmeýärdi. Ol diýseň mylakatly, mähriban adama meňzeýärdi. Ilamanyň göwnüne bolmasa, indi ol Akgadanam beter hyrsyz, dik-düşdi adamdy. Ol bu gün uruş başlanaly bäri bu öýde birinji gezek bolmaly şatlygyň mazasyny alypdy. Ilaman gazandaky sowap giden goýltmaga parhsyz garaýardy. Ilkinji garnyna guzlan tüwe-de, ýaňja ýöremäni öwrenen gölejigem onuň üçin gyzyksyz, adaty zada öwrülipdi. Ol okara-okara goýltmagy goňşulara, öýbe-öý paýlajakdy. Goňşylaryň alkyşlaryny alyp, olary öz begenjine şärik etjekdi. Emma arzuwyna ýetip bilmedi. Ertesi Kerwen aga daga gitmedi. Sebäbi başlyk gidenden soň, Kerwen aga oýa batyp köp oturdy. Soňra has ir turup raýona gitdi. Ol ýerden gaty giçlik dolanyp geldi. Agşam ol daga niýetläp bişiren çöreginiň iki sanysyny saçaga saldy. Tüňçe-käsäni çykardy. Soň az-kem gowzan çal horjuny dula süýşürdi. Kakasynyň bolşy Ilamany hem gozgalaňa saldy. – Köşek, sen ullakan adam çykdyň. Mert bol-da maňa gulak as. Ýaşuly ýere garady. Oýlandy. Ol bu güne öňdenem garaşýan ýaly, şonuň üçin niýetläp goýan sözlerini bu gün aýtmaga çemlenip, indem ýumagyň ujuny tapmaýan ýaly bolup otyrdy. – Oglum! Türkmen halkynyň duşmandan üýşenip ýagydan basylanny gören, bilen ýokdur. Görogly babamyz Hüňkaryň goşunyny çym-pytrak edip gelipdir. Keýimir kör babamyz gyzylbaşlary gan eňredipdir. Hawa... Kerwen aga yzyny tapmady. Ýöne ol aýlawyny kiçeltmek hem islemedi. Magtymguly babaň bolsa şeýle diýipdir: Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup, Kylsa bir jaýga ýörişi, açylar gül lälesi. Külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyna. Gije saba ýatyrmaýyr, geler olaryň nalasy. – Menem, obada bulaşyp ýörmäýin. Oglanlar-a ol ýerde gan döküp ýör. Menem, oýlanyp, ölçerip gördüm bärde ynjalyp gezip biljek däl. Ahyr, çydaman weýenikemada bardym. Mazaly, yrazy boldular. Indem ine gitmeli bolup otyryn, puranda... Ilamanyň gözleriniň öňüne çal perde indi. Ol dumanyň çuňlugyna çümdi. Gulaklary gapyldy. Onuň ýüregini birhili duýgular gaplap aldy. Ol kakasy bilen ikiçäk galdy. Onuň kakasy agras, emma mylaýym gürläp durdy Ol şol süýjülükden özge hiç zady duýanokdy Dine süýji duýgulardy... Kerwen aga ogluny köşeşdirip bilmejegine düşündi. Ol daş çykyp, iç girdi. Howlynyň odur-budur ýerlerine el degren bolup, düzeden bolup ýördi. Onuň eginleri sallanan ýalydy. Ýüzi agralypdy. Ol frontdanam, gitmedenem çekinýän adam däldi. Ony häzir horlaýan zat Ilamandy. Ýalňyz oguldy. Mähriban aýalyna beren sözüdi. «Ilaman jany hor-homsy etmegin». Aýalynyň oňa goýup giden iň soňky sargydy şoldy. Ýogsa, ol görgülide bu sözleri aýdara mejalam ýokdy. Kerwen aganyň aňyşyna görä, aýalyny alan şu sözdi. «Ol şol sözlemi aýtjak bolup, ähli güýjüni jemläpdi. Şondan soň gan gitmesi hasam güýjäpdi görgüliniň». Aýalynyň naýynjar keşbi, owadan, gamgyn gezleri Kerwen aga has aýdyň görnüp başlady. Ýaşuly onuň ruhuny bimaza edenine gaty gynandy. Ýöne onuň etjek alajy ýokdy. Gitmelidi, «il bilen gelende ajalam bolsa dolanmasy bolmaz». Ol hyýalynda ogluny goňşularynyň hemmesinde goýup çykdy. Emma ol boljak zat däldi. Ilaman näme, ile ynanar ýaly ogulmy. Ilaman ýerine geçdi. Kerwen aga daş çykdy. Soňam obanyň ilerligine garşy ugrady. Gije aý aýdyňdy. Edil gündizlik ýalydy. Kerwen aga ýapyk gapyny çekip, içeri girdi. Içerde Üzümgül mugallym kitaba güýmenip otyrdy. – Gyzym, bimaza etdi diýme. Men puronta barýan. Ertir ugramaly. Illi jany tabşyraýyn diýdim. Gaýrat et, göz-gulak bol, bala. Üzümgül mugallym işikde duran adamyň agzyndan çykan sözleri aňynda aýlap ýetişmese-de, ýöne «bor, bor» diýip durdy. Diňe ýaşuly hoşlaşyp gidenden soň «Wah, otur, çaý iç diýmegem undupdyryn!» diýip gaty gynandy. Kerwen aga bolsa häzir oturarlam däldi. Kerwen aga öýüne gelende howlynyň daşynda başlygyň atyny gördi. Ol gijäniň bu çagy başlygyň bu ýere düşüp ýörşüne haýran galdy. «Ýa-da, çopan gerek, beýleki gerek» diýip tükezzibana tutup, goýbolsun etdirip ýörmükä, gitmämi? Aý, ýok, men indi galyb-a bilmen...» Ol şu pikirler bilen işikde bükülip duran başlygyň salamyny göwünsiz aldy. Ýöne soň özüni tutdy, – Anna, içden oturaly... Başlyk birhili sesini sandyradyp gürledi. – Häk, Kerwen, sen dänim, giç gelmesi nämekän-hä diýersiň welin, aý bähbit bolsun, Ýaňy yraýondan gelişim. Weýennikemat şeýle-şeýle diýensoň «Häk, bir gör- şüp galaýyn» diýip dänim gaýdyberdim. Kerwen aga çakynyň çykmanyna öz ýanyndan razy boldy. Ol başlygy öýe çagyrdy. Anna aga dulda çökdi. Öňüne atylan saçakdan barmagyň başy ýaly çörek döwüp agzyna saldy. Megerem, çöregi çeýnemän ýuwdan borly. Gäwüşemän gürledi. – Kerwen, men düýn saňa göwne geler ýaly sözler diýdim welin, indem, şondan bärem dänim, ýüregimden heýç çykaryp bilemok. Sen men doňuzdan kine etme. Käwagt gözüm-başym dänim, aýlanyp gidýä. Sen dänim, uzak ýola ugrasaň göwnüň arassa bolup git – diýip gelşim. «Göni gelen keýgiň dänim, iki gözünden başga aýby ýok» diýipdirler... Kerwen aga agyr oýa batdy. – Aý, Annam, men saňa bir zat aýdaýyn, nemis meniň watanyma göz dikse, şol seniň penalaýanyň meniň namysyma göz dikýä. Şol nemis bilen Akganyň arasynda tapawut barmy, ýok. Sen şony seljermediň. Biz ikimiz bu döwleti näme üçin gurduk. Iner-iner oglanlar näme üçin ölüme gidip durlar. Namysy depeletmezlik üçin iliň-günüň, watanyň namysy diýip gidenleriň naçarynyň namysyny gorap bilmedige men näme diýeýin. Sen gowusy gelmeli däl ekeniň. Anna aga burulyp ýerinden turdy. Ol ýene-de bir zatlar diýjek boldy. Emma diýip bilmedi. kellejigini sypalady. Assaja pyşyrdady. – Jan oglum, guzujygym, näme?! Ilaman aýtmaga söz tapmady. Ol ullakan gözlerin süzüp uly lezzete gark bolup ýatyşyna, ýene-de pyşyrdady. – Eje jan, eje! Dädem fronta gidýär, eje jan! Aýyň owadan keşbi gussalandy. Ol gamly gözlerini oglana dikip, pyşyrdady. – Köşejigim, gamlanma, il bilen gelen toýdur. Gama batma oglum. Sen indi ullakan adam ahyry. Ol öz mylaýym gözleri, hüwdi ýaly mähriban sözleri bilen oglany hüwdüledi. Ony näzik ellerine alyp, şeýle bir zaryn hüwdüledi. Ilaman ukynyň arasynda öz mähriban ejesiniň owadan, sary zülplerine çolaşyp ýatanyny çalaja duýup galdy. * * * Ol ertesi kakasyny ine şeýle duýgular bilen ugratdy. Kerwen aga uly ýabyň köprüsiniň ýanynda saklandy. Ol oba ýene-de bir gezek seretdi. Soň ogluna müýünli garady. Ol häzir bir agyr habary aýtjak ýalydy. – Oglum sen düşün. Men toýa gidemok. Mert bol. Alamçylykdyr. Her hili ýagdaýyň bolmagy mümkindir. Atam meni taşlap gidendir, ýeke goýup gidendir diýip oýlanson men senden razy bolmaryn. Obadaşlar bilen bol. Gerek ýerinde olar meniň ornumy tutarlar. Ile-güne daýangyn... Üzümgül mugallymyň bilen arkalaş. Ol aýalam bolsa, mert aýaldyr. Kerwen aga oglunyň ýüzüne teşnelik bilengarady. Soň çäkmeniniň goltuk jübüsine gataňsy ellerini sokup, döşüni sermeleşdirdi. Ondan köneräk düwünçejik çykardy. – Ine, şu ejeňden galan şaý. O pahyr «oglum öýlense, gelnime dakaryn. Halal zadym» diýip köp aýdardy. Emma näme, boldumy? Adamçylykdyr, sen şuny al. Eger-de... Kerwen aga özüni saklap bilmedi. Ol Ilamany bagryna basdy. Soň onuň ýaňaklaryndan taýly gözek öpdi-de, yzyna garaman gitdi. Ol gidip barýardy, gidip barýardy. Hemişelerem giderdi, gelerdi. Ýene-de gelmelidi. Çünki, adamlar gelmek üçin gidýärdiler. Hawa, olar ahyr soňunda obalaryna, öýlerine gelýärler. Hökman gelýärler... Ilaman muňa berk ynanýardy. Heý, kakasyzam oňup bormy? Heý, kakasy ogluny ýalňyz goýup, gelmän bilermi? Ilaman düwünçegi emaý bilen açdy. Onuň içindäki sarymtyl gülýaka oglanyň dumanlap duran gözlerini hasam gamaşdyrdy. Ol assaja pyşyrdady. – Eje jan, seniň gülýakaň?! – Ol gülýakany eline aldy. Gülýaka gürläp duran ýalydy. «Oglum öýlense, gelnime dakaryn. Halal zadym...». Oglanyň ýüregini mylaýym, ýumşak duýgular gaplap aldy... Onuň kakasy bolsa alyslara uçup barýan durna ýaly gözden gaýyp bolup barýardy. Ilaman welin iki sany eziz adamyň aralygynda süýji duýgulara gark bolup durdy. Olaryň ikisi-de ezizdi, mähribandy. Olaryn ikisinden hem doýma ýokdy. Olaryň ikisem häzir onuň ýanynda ýalydy. Ol häzir süýjülnkden özge hiç zady duýanokdy... 6. 1942-nji ýyl hem şo-ol öňki durmuşy üýtgedip bilmedi. Durmuş gün-günden kynlaşmasa ýeňlemeýärdi. Kerwen aganyň gidenine ep-esli wagt bolupdy. Ilaman üçin bolsa täze kynçylyklar başlanýardy. Olaryň tüwesini ilki-ilkiler Ene sagýardy. Ýöne soňabaka ol hem sagmasyny goýdy. Sebäbi Meretgül: – Haý, bidöwlediň çagasy, sen agşamyň biçaky, ertiriň biçaky külüň-kümrüň üstüni depeläp, sygyr sagýan. Sygyr sagman galan – diýip, Ene sygyr sagmaga gaýtdygy, gygyryp başlaýardy. Ene onda-da gelerdi. Tüwe-de oňa ýagşy imrindi. Ýöne başga bir ýagdaý ýüze çykdy. Bir gün Ene sygyr sagmaga has ir geldi. Howa sowukdy. Ol süýt kädini çaýkap göläni gazykdan boşatdy. Göle birazajyk emensoň bagyny tüwäniň artky aýagyna ýagşy baglady. Emma sagmaga ýetişmedi. Şol wagt onuň ejesi hasanaklap geldi. – Tur, tula, ýör öýe. Ene gitmejek boldy. – Ýör diýdim, ýör. Gijeler gygyryp ýataňok, ýene-de başarmajak işiňi edýäň. Eger gitmeseň, ýelniňi keserin. Taşla kädiňi, çyk sygryň aşagyndan. Ol Enäniň elinden gazap bilen çekdi. Süýt kädi gapdala tigirlenip gitdi. Meretgül sesiniň ýetdiginden gargynýardy, käýinýärdi. Ene ejesine bir zatlar diýýärdi. Ejesi bolsa has öjügýärdi: – Bolup geçsin. Ýetimligine sen günäkär däl. Hudaýyndan görsün. Enesi ýok diýip ene boljakmy?.. Meretgülüň şerraý sesi gyş gününiň säherinde has daşa gidýärdi. Ony bütin oba eşitdi. Ilaman näme iş etjegini bilmedi. Tüwe iki ýana gaçgaklaýardy. Onun aýagyna daňylan gölesi kä ýykylyp, kä turup süýrenip barýardy. Tüwe bu ýagdaýa has hem ürkýärdi. Ilaman göläni tüwäniň aýagyndan boşatjak boldy. Emma başarmady. Tüwe ony golaýyna goýbermedi. Ol öýden orak getirip, göläniň ýüpüni kesmegi ýüregine düwdi. Ol öwrülip gelende tüwäni bir aýal sagyp otyrdy. Ol Ene ýene-de öwrülip gelendir öýtdi. Ýöne onuň ejesiniň gykylygy indi eşidilmeýärdi. Ol Üzümgüldi. Ilaman gözüne duýdansyz inen gözýaşyny süpürmäge ýetişmedi. Ilaman ertesi has ir turdy. Has dogrusy, ol bu gije ýatmandy. «Tüwäni nätmeli? Gölesini emdiriberseňem boljakdy. Ýöne bu günler süýt juda gerekdi. Sülgün gelnejemleriň çagajyklarynyň ýalňyz hurşy şol. Onsoňam dädem gelse näme diýer». Ilaman köp oýlandy. Soň belli karara geldi. Ol süýt kädini çaýkady. Gyrasy galaýy bilen çeňklenen kädi kän agyr däldi. Ony goltugyna alyp ýataga bardy. Göläni goýberip, soň ony tüwäniň aýagyna daňdy. Kädini ýerde goýup, tüwäniň doly emjeklerini elledi. Tüwe durşy bilen tisgindi. Oglan gorka-gorka ýene-de emjekleri elledi. Tüwe şahlak kellesini gapdallaýyn bulap goýberdi. Häzir onuň aýlanyp ýa-da oglany depeläp gitmegi-de mümkindi. Ilaman sygryň iki emjegini ýokarragyndan tutuň, sagyp goýberdi. Iki sany inçejik suwuk ýol jyzlap akdy-da gumak ýeri tozadyp gitdi. Oglan süýt kädini: öňräk süýşürdi. Ýene sagdy. «Dast» edip kädä bir damja süýt akdy. Ýene bir damja. Ýene, ýene... Oglanyň eljagazlary ýadaýardy. Ol şonda-da goýmady. Ol boldum edende gün dogar-dogardady. Oglan ýaryma golaýlan kädini gapdalda goýup, göläni goýberdi. Ol şol başagaýlap oturyşyna, Üzümgül mugallymyň gelip, synlap, synlap gideninem aňmandy. Ol diýseň begenýärdi. Özüniň tutan ýoluny, pikir eden zadyny ýerine ýetirenine begenýärdi. Onuň aýagy ýeňläpdi. Üstüniň-başynyň durşuna süýt bolanyny-da diňe ot ýakyp, süýt ataranyndan soň bilip galdy. Ol köýnegini oda tutup geýdi. Oňa çenli süýt bişdi. Ol okarany ýagşy çaýkap, ony süýtden dolduryp gapa çykdy. Ilaman baranda Sülgüniň gyzjagazy ynjyly aglaýardy. Şonuň üçin Sülgün gyzyny aýagynda ýatyryp, üwreýärdi. Ol Ilamanyň gelenini görüp begendi. Gyzyny gapdalda goýup, ýerinden turdy. Kiçijik gyzjagazyň alkymynyň aşagy çişipdi. Ol ysgynsyz hykylaýardam. Çygly, sowuk içerä ýyljak süýdüň ýakymly ysynyň kükäp gideninden oglan habarsyzdy. Aglaýan gyzjagaz sesini goýdy. Sülgün süýde diýseň begendi. – Wah, Ilaman jan, boýuňa döneýin, nämä gerekdi. Azara galyp. Ilamanyň göwni bitdi. Oňa şu sözler besdi. Çünki, oglan indi gör, näçe wagt bäri ýyly söze zardy. Bu sözler onuň öňki şatlygyny has göterdi. Ýekesirän göwnüne aram berdi. Sülgün şol arada bir zat gözleýärdi. Ol ýorganlaryň arasyna çenli agtaryp çykdy. Soňam utançly ýylgyrdy. Wah körpäm bermäge zadymam ýok. Bir düwür nabatjagaz bardy. Huşum gursun, çagalardan ýygşyrypdym, nirede goýanymy bilemok-da. Tapamda eltipjik beräýerin. «Ýok gelneje gerek däl. Men nabat iýemog-a, men indi çaga däl-ä» – diýjek boldy. Emma diýmedi. Ilaman Sülgünlerden çykanda gün ep-esli galypdy. Gyraw düşen toprakdan goýy duman göterilýärdi. Howadan birhili hoştap ys gelýärdi. Ilaman öz şatlygyny göterip bilmeýäne döndi. Ol bökjekläp öýe geldi. Onuň şatlygy sakarja gölä-de geçen ýalydy. Ol iki baka çapan bolýardy, ürken bolýardy. Ilamana sürtenen bolýardy. Ilaman ýene öýe girdi. Häzir onuň ýüregine bir hyýal guýuldy Ol okarany süýtden doldurdy. Süýt syçyrap, gurandan soň epin-epin bolan köýneginiň etegini çekişdirdi. Soň süýtli okarany göterip Enelere bakan ugrady. Ilaman süýtli okarany işikde goýup, gapyny açdy. Soň ýene okarany göterip öýe girdi. Meretgül dula bakyp hamyr ýugurýardy. Peç gübürdäp ýanýardy. Peçde atarylan gazan lasyrdap gainaýardy. Ap-ak köpügiň arasyndan uly-uly omaçalar çümüp-çykyp durdy. Ilaman öýden gaýnatmanyň ýakymly ysyny aldy. Meretgül bärsine öwrülmän gürledi. – Kim gyz, bi, gelen? Oglan tisginip gitdi. Ol sakynyp gürledi. – Daýza, neme, bu men. Men size süýt getirdim. Meretgül azymly gürledi. – Sen bolsaň gapyny açyp, ýapyp durmalymy? Duruber şo ýerde, palçykly aýagyň bilen ýokary geçmede. Süýt getirseň, şojagaz ýerde goýdajyk gidiber. Ilaman gitmedi. Ol okarany boşadyp berilmegini sorady. Meretgül gykylyklamaga başlady. – A gyz sen bir turaýsana. Näme äriň ölen ýaly, ýatmadan doýmadyň-la. Boşat şonun okarasyny. Gün asmana galdy. Seniň azaryňamy bir? Häzir ol oglan geler. Ene turdy. Ol çişen gabaklaryny owkalap Ilamana garady. Ulurak okara alyp, ony ýuwman-etmän süýdi şoňa guýdy. Ilamanyň okarasynam eline berdi. Ol: «Ene gelnejem sygry özümiň saganymy bilse begener» diýipdi. Emma Ilamanyň garaşany çykmady, Ol baharyň ilkinji gününiň agyr dumanyna duwlanyp öýlerine gaýtdy. Öýde oňa örän uly şatlyk garaşýardy. Kerwen agadan hat gelipdi. * * * Şol günüň ertesi irden Akga geldi. Ol azymly gygyrdy. – Heý, Gara Çomagyň ogly, çyk çaltrak öýüňden. Ilaman ylgap daş çykdy. Akga ony äsgermän gürledi. – Ertirden başlap, hol Üzümgül mollum bilen sagan süýdüňi «Ynkylap» kolhozyna, mekdebiň jaýyna äkitmeli. Ýöne ýadyňdan çykarma, gijä galsaň almytyňy alarsyň... Akga gitdi. Ilaman onuň «Gara Çomagyň ogly» diýmesine öz ýanyndan ot aldy. Akga onuň kakasyny Gara Çomaga, ýagny Ene bilen arasyna düşýän adama meňzedipdi. Ertesi Ilaman has ir turdy. Tüwesini sagdy. Gölesini gazyga baglady. Süýt kädiniň bagyny gysgaltdy. Soň öýüň işigini berkläp Üzümgül mugallymlara garşy ugrady. Üzümgülleriň öýi obanyň çeträginde bolansoň, Ilaman olara barýança ýadady. Süýt kädi götermäge diýseň çemesizdi. Diňe gerdeniňde götermelidi. Aýagyňy sähel gyşygrak bassaň, süýt jülpüldäp, çaýkanjyrap, soňam syçrap başlaýardy. Gara der bolup, egni kädili baran oglany Üzümgül tanamady. Ol diýseň geň galyp, gorka garaýardy. Onuň çiňňerilip garaýanyny görüp, Ilaman hem aýak çekdi. – Salam, mugallym! Üzümgül gorkuly gürledi. – Waý, kimsiň. Daňyň alagaraňkysynda adamyň ýüregni ýarýarsyň-la! Ilaman Üzümgülüň howsalaly sözlerine ýygrykdy. Kädisini egninden düşürdi. Soňra çekine-çekine gürledi. – Mugallym, men Kerwenow, gorkma. Maňa seniň bilen «Ynkylap» kolhozyna süýt äkitmeli diýdiler. – Wah, Kerwenow jan, seniň egniňdäki kädiň näme? Ilaman açyldy. – Bu kädi däl, süýt kädi. Içinde süýt bar. – Waý, heý kädi bilen munça ýola süýt äkidip bormy? Bedre ýokmudy? – Bizde bedre ýok-da. Üzümgül öz bedresindäki süýdi süzüp durşuna dillendi. – Ýok, bedresiz-ä kyn bolar saňa. Bolmasa menin bedrämi alaý. Üzümgül öz bedresini Ilamana berdi, kädini egnine aldy. Ýaz gününiň säheri diýseň lezzetlidi. Ýüzüne daňyň çygy çaýylan gökje maýsalar Ilamanyň aýagyna pamyk ýaly ýumşajyk degýärdi. Çüýşe ýaly dury asman depäňe degäýjek bolýardy. Dünýäde uruş bolmaýan ýaly, obadan hiç kim front diýip gitmedik ýaly duýulýardy. Oglan oýa batdy. «Belki uruş turanam däldir. Meger men düýş görendirin. Düýşüme aýylganç zatlar girendir. Dädem janam, Goçaklam, Myratlam uruş diýip giden däldir. Ene gelnejem-de şol mähribanlygyna gezip ýörendir... Belki.» Säheriň şypasy oglanyň göwnüne ýene-de täze oýlary getirýärdi. Ýöne şol oýlar bu geçen günleriň düýş däldigini oňa düşündirýärdi. Üzümgülem çuňňur oýa batyp barýardy. Onuň häzir näme hakynda pikir edýänini kim bilsin. Üzümgül obadaky dört ýyllyk mekdebiň mugallymy. Onuň adamsy Bezirgende şol mekdepde mugallymdy. Üzümgül ikinji, dördünji klasy goşup okadýardy. Birinji, üçünji klasy bolsa Bezirgen mugallym okadýardy. Geçen ýaz Bezirgen mugallymy goşunçylyga alypdylar, ol ondanam fronta gidipdir. Üzümgül obada ýalňyz ýaşaýardy. Bezirgen ikisi durmuş gurup şu oba gelipdiler. Heniz olaryň çagasy-da ýokdy. Bezirgen mugallym bolmany üçin, häzir birinji, üçünji klasy okatmaga adamam ýokdy. Ilaman öz mugallymyny ýatlady. Bezirgen inçeden uzyn, görmegeý ýigitdi. Ol okuwçylara käýemeýärdi. Gatyrganmaýardy. Aýdym sapagynda onuň aýdýan aýdymlary diýseň şirindi. Ilaman ony ýatlanda ýüregi ýylap, göwni ýagtylyp gitdi. Ol şeýle höwesiň badyna Üzümgüle sorag berdi. – Üzümgül mugallym, Bezirgen mugallym haçan geler-ä? Üzümgül esli wagtlap soraga jogap bermedi. Onuň owadan meňzine al reňk çaýyldy. Ullakan köşek gözlerinden gussa ýitip, onda mylaýym ýylgyrma peýda boldy. – Mugallymyňy göresiň gelýämi? – Soňam – Geler köşek. Nesip bolsa, basym uruş gutarar. Hemmeler geler. Nesip bolsa, seniň mugallymyň hem geler – diýdi. «Ynkylap» kolhozynyň merkezi uçastogy dagyň içinde ýerleşýärdi. Kolhozyň kontory, mekdep şol ýerde bolany üçin oňa kolhoz diýýärdiler. Üzümgül bilen Ilaman çaýyrly ýodajyga düşdüler. Indi öňde uly öleň bardy. Öleňiň gutaran ýerinden oba başlanýardy. Olar kolhoza gelenlerinde gün ep-esli galypdy. Mekdebiň jaýy obanyň bäri başynda bolany üçin, onuň töweregi gum-guklukdy. Üzümgül süýt kädisini mekdebiň agzynda goýup, içeri girdi. Häzir bu mekdepde-de okuw gitmeýän ýalydy. Adam-gara ýokdy. Üzümgül mekdebiň içinde kän eglenmedi. Ol gartaňrak aýal bilen geldi. Ilamanam olaryň yzyna düşüp klaslaryň birine girdi. Ilaman uruşdan getirilen çagalary görmek isläp, töweregine ýaltaklaýardy. Ýöne çaga görnenokdy. Gartaň aýal olaryň süýdüni gazanlara guýýarka, Üzümgül ol daýzadan çagalary sorady. – Wah, o neresseleri gije getirdiler. Bir topar çyr-çülpe çaga. Hudaýym uruş takrasyn. Neresseler göz monjugy ýaljak. Enesinden aýrylan guzy ýaly mäleşip ýörler-dä. Üzümgül bilen Ilaman yzlaryna gaýtdylar. ...Urşa gidenlerden hat-habar ýokdy. Kim bilýär uruş eýýäm gutarsa-da gutaryp ýörendir. Ýöne Myratlydan habar ýoklugy welin Ilamanyň keýpini bozýardy. Sebäbi Sülgüniň güni obada hemmeleriňkiden kyndy. Onuň bir gyzy sagalsa, beýlekisi keselleýärdi. Şonuň üçin ol işe-de çykyp bilenokdy. Çagalar ýarawsyz bolany üçin ol hemişe öýde ot ýakýardy. Ýarawsyz çagalara hurşam gerekdi. Sülgün kyn günde galýardy. Bu urşuň dagyny obada diňe şol çekýän ýalydy. Ýöne ol kän bir zeýrenmeýärdi. «Çagalaryň atasy gelse bolýar, galanynyň bir alajy bolar» diýýärdi. Ol Myratlynyň geljegine ynanýardy. Şol ynam hem oňa güýç kuwwat berýärdi. Ilamanyň ýüregi öýde takat tapmady. Ol edip oturan pikirinden aýňalyp bilmän Sülgünlere bardy. Sülgün kiçijik gyzyny aýagynda ýatyryp, uluja gyzjagazynyň köýnejigini ýamap otyrdy. Ol Ilamany görüp ýylgyrdy-da ýygnanyp oturdy: – Gel, köşejik, geç ýokary. Senem ýat bolup gitdiň bu günler. Ilaman aýagujrakda oturdy. Öýde çyg ysy bardy. Sülgüniň gözleriniň aşagy çişipdir. Ýüzi ap-ak bolup, duluklary çöküşipdir. Ol hop-horja elleri bilen gyzyny tapbatlaýardy. Ýöne del adamyň sesini eşiden gyzjagaz ýene-de aglap başlapdy. Sülgün gyzyny gujagyna alyp duldaky ýandak petdesinden peje saldy. Pejiň aşagynda duran käsäni pejiň üstünde goýdy. – Düýn bir çemçe bulamak bişirdim. Şu çagalar halys etiňi iýip barýar. Iýjek, içjek wagtlary. Öýde-de zat ýok. Nädeýin, düýnküje bulamakdan başga zadym ýok. O-da bir ýürekde durarly zat däl, bulara ýokam bolanok. Onsoň ýöne aglaşyp durlar. Howa azajyk maýlasa, selmeden getirip, bulary hor etmerin-le. Ýöne häzir kyn-da. Ilaman Sülgüniň ýagdaýyna ol aýtmanynda-da düşünýärdi. Ýöne onuň elinden geljek peýda ýok ahyry. Nätsin? O ýene-de tüwesiniň ýanyna bardy. Tüwe Ilamany görüp ýeriňden turdy. Pyşgyryp, kellesini bulaýlap goýberdi. Ilaman onuň bagyny çözdi-de örä kowmaga ugrady. Ol Eneleriň öýüniň ýanyndan geçip barýarka, Meretgül: – Aýu oglan, saňa gel diýýäler – diýip azmly gygyrdy. Ilaman ony kän garaşdyrmaýyn diýen pikir bilen, sygryny aňyrrak kowdy-da, olara tarap ugrady. Ilaman ýaýdana-ýaýdana işigi açdy. Onuň burnuna gaýnatmanyň süýjümtik ysy haplap urdy. Öýde Akga bilen Ene bardy. Akga törde ýazylan täzeje keçäniň üstünde çäşerilip ýatyrdy. Ene bolsa pejiň gapdalynda tikin tikip otyrdy. Akga gopbamsylyk bilen Ilamana habar gatdy: – Süýt eltdiňizmi, ýokary? Ilaman başyny atdy. – Ol ýetimçeleri getiripdirlermi? Ilaman düşünse-de, «düşünemok aýdanyňa» diýen yşarat etdi. Akga ýene-de wagyrdap gürledi. Şol wagtam Meretgül içeri girdi. Ol gargynjyrap Ilamana herreldi. – Ol ölüm almyşyň oty zat goýmady. Näme ony getirip, gapa goýberýäň, ýok et, onyňy bar-da – Oglan Akganyň soňky sözüni eşitmedi. Gün öýläne sapypdy. Ilaman öýden kakasynyň ýan torbasyny alyp, ýabyň boýunda örklenen tüwesiniň yzyndan gitdi. Ol agşam garaňky garyşansoň öýe geldi. Onuň ýan torbasy terje selmeden doludy. Ol tüwesini sagyp, süýdüň ep-eslisini okara guýdy-da, torbasynam egnine atyp Sülgünlere ugrady. Ertesi ol has ir turdy. Tüwesini sagdy. Okara ýene-de süýt guýup, galanyny egnine alyp Üzümgül mugallymlara baka gitdi. Arzy doktoryň öýünden eşidilýän sese onuň ini tikenekledi. Arzy daýzalarda aýallar uly ili bilen aglaşýardylar. Goňşy-golamlaryň hemmesi olaryň jaýynyň öňüne üýşüp durdy. Arzy daýzanyň zarlap eňreýän sesi ähli agy seslerinden saýlanýardy. Ol goşgy ýaly birzatlar aýdýardy. Ýöne Ilamanyň endiräp duran ýüregi ol sözleriň manysyny aňardan ejizdi. Şeýle aýylganç sesi ilkinji gezek eşidipdi. Bu ses onuň süňňüni sarsdyrypdy. Şonuň üçinem ol özüni tutup bilmän Üzümgüllere geldi. Üzümgül kellesine gara çargat daňynypdy. Onuň gözleri gyzaryp durdy. Ol Ilamany görüp bozuldy: – Görgüli, Arzy daýzanyň ýekeje ogly Serdar uruşda ýogalypdyr. Wah, görgüli indi neneň ýaşar? Bar guwanjy, begenji şol ogludy. Ähli obanyň derdine derman ederdi, pahyr, öz ogluna bolsa alaç edip bilmedi. Ilamanyň hem gözüne ýaş aýlandy. Bu urşuň ilkinji alamaty. Urşuň salan ilkinji ýarasydy. Ol ýara bir adamy alýar, emma gör näçe adamyň ýüregini sanjylaýardy. Uzümgül tä «Ynkylaba» barýança sesini çykarmady. Mekdepdäki çagalar eýýäm örüpdi. Gökje gözleri balkyldap duran çagajyklar Ilaman bilen Üzümgülüň daşyna üýşdüler. Olar üýtgeşik dilde enaýyja gürleşýärdiler. Ilamana ellerini uzadyşyp birzatlar diýýärdiler, ýylgyryşýardylar. Ak saçlyja eýjejik gyzjagaz bolsa eýýäm Üzümgülüň gujagynda otyrdy. Olardan aýrylyşmak kyndy. Ýöne olaryň ýanyny alyp, oturybam boljak däldi. Ilaman bilen Üzümgül çagalary galdyryp, oba gaýtdylar. Üzümgül öleňiň gyrasyna gelende gamgyn dillendi: – Wah, uruş, adyň ýitsin-dä, ylaýym! Ol çargadynyň çowy bilen gaýta-gaýta ýaňagyny süpürýärdi. Çalaja horkuldaýardy, Ilaman ep-esli yza galypdy. Sebäbi bu gelniň bolşuna, häzir arkaýyn seredip durmak mümkin däldi. Şol wagt ilerki gaýa tarapdan bir süri guw olaryň depesinden ganatlaryny şapyrdadyşyp, pessejik uçup öleňlige tarap geçip gitdi. Üzümgül şolaryň yzyndan durup-durup garady. Ahyry ol yzyna seretdi, Ilamanyň ep-esli yzdadygyny görüp hiňlendi. Ilaman doňup galdy. Bu çaýyrly ýodalar Öleňden çeşmä bar-ýa Uçup barýan ak guwlar-a Göwnüm size ýalbar-ýa. Leningrad iline Elin baryp gaýdyň siz Çynar boýly ýarym-a-la Salamymy aýdyň siz. Gara dagym Bezirgen Göwnüm seni-ýä küýseýä. Ýalňyz galan naçaryň-a Didaryňa-ýa suwsa-ýa. Bu zaryn owaz oglanyň endamynda garynja ýöreýäne dönderdi. Ol howul alyp töweregine garanjaklady. Alysdaky baglar, depeler gözüne inen perdäniň derdinden zordan saýgarylýardy. Onuň gulaklaryna şol zaryn, mähriban owaz ýaňlandy durdy. Onuň göz öňüne kakasy geldi. Oglan gözlerini balkyldadyp, oňa sowal berdi. «Kaka jan, ejem hakykatdanam, Üzümgül mugallyma meňzeşmidikä?» Ilamanyň hüňürdisine Üzümgül sakga durdy. Ol ýaşly gözlerini ýaglygynyň çowy bilen süpürip durşuna, Ilamana sowal berdi: – Näme diýdiň, Illi jan?! Ilaman uýaljaň, aljyraňňy ýylgyryp ýere bakdy. | |
|
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -3: romanyň dowamy - 06.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -14: romanyň dowamy - 18.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |