08:15 Uzak-uzak ýyllar - 3/ romanyñ dowamy | |
7.
Romanlar
Günler geçip durdy. Ir gelen gyş, akmaýa ýaly bolup çöken gar, bol ygal bu ýazy ersdiripdi. Meýdanlar gül-pürçük bolup ýatyrdy. Ilaman işde halys sütüni süýnüp, agşam özüni düşege goýberýärdi. Şondan tä daňdana çenli niresine ýatanyny bilmeýärdi. Ol bu gün biraz giç turdy. Ýazyň ýakymyndanmy ýa-da şol gaýtalanyp duran durmuşdanmy, onuň hiç galasy gelmeýärdi. Ol iki göwünli bolup ep-esli ýatdy. Soňam irkilenini duýman galdy. Ol tisginip oýananda, günüň tylla tyglary ýere, asmana ýagşy sanjylyp başlapdy. Oglan nirede ýatanyny-da bilmeýän ýaly, düşekden galman oturdy. Gapyda bolsa kimdir biri garalyp durdy. Ilaman ylgap diýen ýaly daş çykdy. – Üzümgül mugallym! – Ol geň galyp ol aýala garap durşuna, aljyraňňy gürledi – Men ýatyp galaýypdyryn. Häzir men... Ol öýe girip soňam daş çykdy. Üzümgül onuň aljyraýanyny aňdy. – Duraweri. Howlukma, hany süýt kädiň, sygryňy bir sagaly, entäk... Ilaman sakga durdy. Megerem, şondan soň, haýsy işe başmalydygy baradaky pikir onuň kellesine gelen bora çemli. Ol süýtden dolabara gaby getirdi. Sygyry ilki Üzümgülüň özi sagmakçydy. Ýöne sarç tüwe ony bu gün aşagyna goýbermedi. Ýöne heniz süňki bekemedik oglanyň işine seredip oturmagam Üzümgüle hoş ýakmady. Ilamanyň çeýeje bedeni eliniň badyna yranyp-yranyp gidýärdi. Onuň hereketi, çemsiz oturyşy bu işleri nalaçlykdan edýändigini aýdyp durdy. Sebäbi emjekden gaba inýän süýdüň sesi bir akymda däl-de, bir aram, bir batly, birem haýal çykýardy. Üzümgül Ilamanlaryň öýüne girdi. Öýüň içiniň aýal eliniň yssysyny görmänligi bildirip durdy. Ýorgan-düşek galdyrylýan ýük tertipsizdi. Oglan howlugan bora çemli. Çäýnek, käse, içi ýarmaly okara, boş saçak ojagyň gapdalynda ýaýrap ýatyrdy. Ilaman içeri girende haýran galmakdan, utanmakdan ýylgyrdy. Içeri tämizdi. Ol öýüň içini tertipsiz saklanyna indi utandy. Ýöne begenji hem bardy. Onuň tüwäni sagyp bilýänini Üzümgül mugallymy hem görüpdi. Şol duýgy Ilamana kuwwat berýärdi. «Ynkylapdan» gaýdyp gelýärkäler Üzümgül Ilamanyň göwnüni galkyndyrmagy ýüregine düwdi. Ol Ilamana duýdansyz sowal berdi: – Ilaman, sen näçe ýaşadyň? – Ilaman beýle sowala garaşmany üçin ep-esli dymdy. Soňam: – On iki – diýip gysgajyk jogap berdi. Üzümgül oglanyň ýüzüne dikanlap seretdi, ýöne hiç zat diýmedi. Ol oglan on dört-on bäş ýaşandyr öýdýärdi. Şonuň üçin-de oňa ak gelin arzuw etjekdi. «Uruş gutaran badyna seni öýereris. Soň öýňüzem beýle bolup durmaz. Nesip bolsa, urşa gidenlerem aman gelerler. Şonda bu günlerem ýatlarys. Gaýta, şol oňat günleriň gadryny bilmäge gowy bolar» diýjekdi. Emma saklandy. Oglanyň nowça dünýäsini gozgalaňa salmaýyn diýdi. Şol wagt Ilaman oňa urşuň ýagdaýy, Serdaryň ölümi barada sowal berdi. Üzümgül bu urşuň elhençlikleri barada eşidipdi. Bezirgen oňa hatynda şol elhençlik barada jikme-jik ýazypdy. Ol gazetlerde ýazylýan zatlaram sypdyrman okaýardy. Ýöne şol gazaply ýagdaýy oglana aýtmalymy? Üzümgül «ýok» diýen karara geldi. Şonuň üçinem üzlem-saplam gürledi. – Aý, elbetde, boljagydyr-da. Nätjek, ölüme çäre barmy? Bezirgen mugallymyň-a her hatynda duşmany kül-peýekun ederis diýýä. Gazetde-de duşman kül-uşak edilýä diýip ýazýalar... Ilaman mugallymynyň gürrüňine ynandy. «Bu urşa hut şu obadanam uly-uly adamlar gitdiler ahyry. Dädemem şolaryň arasynda... Ine şunça adam gidensoň, faşistler eýýäm puşmana gelýändirler. Urşuň bireýýäm gutaran bolmagam ahmaldyr. Ýöne biz kolhoza süýt çekişip ýörşümize habarsyz galan bolmagymyzam mümkin». Ilaman bu süýji oýlardan ganyp bilmeýärdi. Ýöne Üzümgülüň oňa gysmyljyramasy, uzakdan gelýän at aýagynyň güpürdisi ony özüne getirdi. Ol gelýän Akga brigadirdi. Ol atyny öňürdigine berip, ýoldan sowlup bulara garşy gaýtdy. Ol taýak atym aňyrdan habar gatyp ugrady. – Gör, bulary, seýil edip ýörüşlerini. Näme gül ýygýaňyzmy? Munuň ýaly hezilligiňiz bolsa bize-de aýtmaly ekeniňiz-dä. Ilamanyň başyndan haýýaty uçdy. Ol bu adamyň gülüm-ýalymynyň yzynda bir çöpüň ýatandygyny bilýärdi. Şol wagt Enäniň ejizligi, kakasynyň depesin-de galgaýan gamçy onuň göz öňüne geldi. Birdenem äpet hyza depesinden inip gelýän ýaly, aşak egildi. Endamynda ýekeje mysgal ysgyn galman, göm-gök ot bolup ýatan ýere döküldi. Ol ýörejek boldy. Ýöne bolmady. Gulaklary şaňlap, gözi garaňkyrady. Akga bolsa atyny Üzümgüle has golaý getirip, bir zatlar diýýärdi. Üzümgülüň ýylgyryp durşuny, Akganyň atyň üstündäki oýkanjyrap oturyşyny Ilaman saýgardy. Az-kem özüni dürsedi. Üzümgülüň hoşamaý sesini eşitdi. – Aý, Akga, Akga, bu günlerem geçer. Uruş bir gutarsyn, onsoň görersiň Üzümgülüň bägül bolup açylyşyny. – Ýok, sen häzirem läläniň duranja özi. Ýöne ýüzüňe seredip oturmaly. Akganyň beter suwjarmasy gelne ýokuş degdimi ýa-da ýanyndaky oglandan uýaldymy, ol başyndaky owadanja ýaglygynyň ujuny çekişdirdi. – Akga, beý diýmäweri. Ýanymdaky ullakan adamy göreňokmy? Okuwçym iki sany epeý adamyň masgara bolup durşuny geň göräýmesin, birden. Akga has hem gylawlandy. – Kerweniň ogly dälmi, diýjek. Ol geň görmez, dilinem ýarmaz. Öz adamymyz ahyryn, ol. – Onyň-a şeýle. Ýöne men näme öz adamňyz dälmi? – Ýok, sen meni beýdip, örteme, Üzüm jan – Ol geliniň mylaýymlygny, onuň bakyşlaryndaky näzi görüp atdan düşdi. Soň Ilamana ýüzlendi – Illi-ow, sen şu atyň derini sowatsana, çapyp-çapyp, suwuny aldym. Aňyrraklardan iýdip gaýt. Ilaman gitmejek boldy. Ýöne Akga muňa garap durmady. Ol oglanyň eline uýany berip, atyň sagrysyna a gamçy çaldy. At bady bilen Ilamany ep-esli ýere äkitdi. Akga Üzümgüle gysmyljyrady. Emma gelin onuň hyrsyz ýüzünden, titiräp duran ellerinden çekinip durmady. – Waý, bu adamy, aýrylaweri. Akga aýrylarly däldi. Ol ýylan okan guş ýaly bolup elenip durşuna, has golaýlaşypdy. Üzümgül gaýra çekildi. Zarply gürledi. – Akga, adam bol diýilýä, saňa. Emma ol hiç zat eşitmeýärdi. Häzir bu ýaş gelni ýuwdarly görünýärdi. – Ýok, sen beý diýme, Üzüm jan, meni öldür. Men sensiz ýaşap bilemok. Ol ýene-de elini uzatdy. Ýene-de samyrdady. – Sen meniň diýenimi etseň, ýag iýip, ýüpek geýersiň. Dünýäde kemiňi goýman. Diýenimi etseň bolýa. Men sen diýip ölýän. Üzümgül elindäki bedresini aýlap goýberdi. Bedre Akganyň küpesine degip, şakyrdap honda zyňyldy. – Haý, ýer çeken. Öňem birki sanagyna ýag iýdirip, ýüpek geýdirýäň. Akga az-kem gowşak gürledi. – Eýse, ýalanmy? Hana Enäniň näme kemi bar. Gül ýaly ýaşaýar. Kim şu wagt bir diýşlem çörek tapýa. Enäniň durmuşyna seret, gül ýalydyr. Sen ondanam gowy... Üzümgül onuň soňky sözüni diýdirmedi. – Akga, sen diňle. – Emma ol diňlärli däldi. Ýöne Üzümgül has ekezlendi. – Dur, gürleme, diňle meni. Akga saklandy. Ol Üzümgülüň ýüzündäki hyrsyzlyga geň galdy. Gyýşyk gözlernni çerreldip seretdi. – Sen meni diňle! Akga agzyny açdy. Üzümgül gürläp başlady. – Sen nägehan uruşdan öň Bezirgenim bilen näçe tirkeşdiň. Öýe näçe gezek geldiň. Şonda oňa ýarym diýsem, seni doganym saýdym. Doganym bolmansoň dogan ýerini tutarsyň diýip Bezirgen ikiňiziň boýuňyza guwandym. Bezirgen urşa gidende Akga doganyň bardyr, seni hemişe goldar diýipdi. Seniň frontdan galanyňa iki bolup bilmändim. Şumy seniň doganlygyň, şumy Bezirgeniň sözüni tutuşyň... Akga sypjyklyk edip, ýene-de bir zatlar diýjek boldy. Emma Üzümgül ony gürletmedi. – Seniň Bezirgenden, Myratlydan nämäň kem. Olar gan döküp ýör. Seni kolhoz sylap birgat edip goýdy. Sen iliň-günüň arkasyny almaly, halyny soramaly halyňa «Meniň diýenimi et» diýýäň. Seniň ýagyň, ýüpegiň kän bolsa eltde neresse çagalylara ber. Akga müzzerildi. – Näme berýän-ä. Olaram hor edemizok how, biz. – Ýok, Akga. Bu zatlaryň hasaby soralmaz öýtmegin. Enäniň başyna ne günleri salanňy bilemok. Il-ä oňly gürrüň edenok. Ýöne Ene seniň zadyňa zar gelin-ä bolmaly däl. Eger ony köseseň, oňa-da jogap bermeli borsuň. Sen tetelliniň edeni öňünden gider öýtme... Akga Üzümgüle çiňňerildi. – Üzümgül, sen meni garalajak bolma, eger Enäniň özi razy bolmasa menden oňa zowal bolarmydy? Ine men saňa çala duýdurdym. «ýok» diýdiň bolany şol. Indi men seniň adyňy tutarynmy? Men Bezirgen bilen näçe çörek iýişdim. Heý, onuň naçaryna el gatarynmy? A onuň özi, ejesi bilen meni günüme goýanoklar. Üzümgül ony gabady. – Menem seni günüňe goýamokmy. Entek dur, Bezirgen bir gelsin. Sen şonda görersiň kimiň seni günüňe goýmaýanyny. Indem, ugra meniň ýanymdan... Akga bu sözden gorkdy. Ol hyrra yzyna dolanyp, Ilamanyň elinden uýany alyp, atyna münüp, oňa gamçy çaldy. Ilaman geň galdy. Misli ýabysyny çapdyryp barýan hälki haýbat bilen gelen Akga däl ýalydy. Üzümgül bedresini ýerden galdyrdy. Ilamanyň selme ýygyp, Sülgün gelnejesine eltip bermek umydy puja çykdy. Onuň süňňüne ýaýran galpyldy henizem köşeşerli däldi. Ol özüni ysgynsyz duýýardy. Ýöne ol bir zada haýran galdy. «Akga näme üçin beýle çalt gitdikä? Üzümgül mugallym oňa näme diýdikä?» Ilaman olaryň gazaply ýüzlerini, azymly sözlerini eşitmedi. «Üzümgül mugallym Akgany ýigrenenokmyka? Ýa-da Akgany diňe men ýigrenýändirin? Ýok, beýle bolsa, ol näme üçin Goçakly frontda gezip ýörkä, onuň aýalyna azar berýär? Ol näme üçin dädeme gamçy bulap, el gaýtardy? Näme üçin Eneleriň öýünden çykanok? Näme, onuň öz öýi ýokmy? Onda Üzümgül mugallym näme üçin onuň bilen mylaýym gürleşýärkä. Ýok, Üzümgül mugallym ony bedresi bilen oňatja sugşurdy ahyry. ýok, ol Akganyň diýjek adamsy däldir!..» – Illi jan, saňa näm boldy? – Üzümgülüň gussaly sesi Ilamany çuňňur oýlardan oýardy. Ol Üzümgülüň gözlerine garady. Onuň gözleri gözýaşdan dumanlap durdy. Ol gözýaşyny süpürjegem bolmady. – Sen, köşegim hiç zady gaýgy etme. Nesip bolsa Bezirgen mugallymyň, urşa giden ähli adam geler. Şonda Akga ýaly ar-namysyny ýuwdanlaram jogap bermeli bolar. Üzümgül dymdy. Soň ýuwaşja sözledi. – Ol menem Enedir öýdýär, haramzada. Diňe maňa-da däl, obanyň gyzyl gyňaçlysyna gyllygyny akdyryp ýör, ol läşi ýanan. Üzümgülüň gahary Ilamany köşeşdirýärdi. Çünki, ol Enäniň bolşuna asla meňzemeýärdi. – Üzümgül mugallym, sen brigadire näme diýdiň? Üzümgül ýylgyrdy. Onuň ýüzi bulutdan çykan aý ýaly ýene-de şöhle saçdy. Ilamanyň gözüne Üzümgül ähli gelinlerden owadan, akylly bolup göründi. «Meniň ejem şunuň ýaly owadan, mert bolandyr». Bu pikir bir ýerlerden oglanyň kellesine geldi. Oglan ony şunça ýadyndan çykarjak boldy. Emma muňa onuň özem pugta ynanyp barýardy. Olar oba golaýlaşdylar. Ilaman Üzümgüle garaşmadyk sowalyny berdi. – Mugallym, siziň obaňyz nirede? Üzümgülüň gözüne ýaş aýlandy. Gaýdyp gürläp bilmedi. Ol öýlerine gelýänçä gözüni süpürip geldi. Ilaman ondan aýrylanda, çaga ýüregi gyýym-gyýym boldy. Gapylarynda daňylgy duran eşegi görüp, Ilamanyň ähli aladasy ýadyndan çykdy. Eşek nätanyşdy. Asyl bu obanyň malyna meňzemeýärdi. Onuň kellesine her hili oýlar gelip geçdi. «Dädem gelen bolaýsa. ýok, myhman gelendir!» Ýekelikden iren oglanyň duýgulary,höwesi aýaklaryna geçdi. Ol uçup diýen ýaly öýleriňe geldi. Gapyda, ojagyň üstüne horjunyny goýup, onuň üstünde bir ýaşuly irkiljiräp otyrdy. Ilaman ony tanamady. – Salowmaleýkim, daýy! Ýaşuly tisginip gitdi. Soň ýalt edip ýüzüni öwürdi – Maleýkim, manlykmy, jigi! Ol Ilamana çiňňerilip-çiňňerilip seretdi. Soňam oglanyň garaşmaýan soragyny berdi. – Sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? – Bu biziň öýmüz-ä, daýy! – Ilamanyň jogaby ýaşulyny geň galdyrdy. – Sen kimiň çagasy bolmaly? – Kerwen aganyň ogly! – Ilaman oňa haýran galyp seretdi. – Ataň obadamy? – Ilaman oňa düşünmedi. Ýöne ony jogapsyz goýmady. – Dädemmi? Dädem purontda. Ýaşuly gözlerini mölerdip seredip durşuna samrady. – Meni ne hudaý tutdy. Edenim ugruna däl. Hany oba, hany il. Bary upbat bolupdyr. Ýaşuly hasanaklap galyp, eşeginiň ýüpüni çözüp, yzyna seretmän gitdi. Ol aljyraňňylykdan gazyga büdredi. Kellesindäki ýatyş telpek ep-esli ýere tigirlendi. Ilaman Enäniň ejesiniň bäri gelýänini gördi. Ol elini gözlerine kölegeledip, ýiti-ýiti seredýärdi. – Aý-u, kişi, dur-u-u! – Ýaşuly telpegini kakyp durşuna, ynjyly ýüzüni sypjyklatdy. Soň gidiberjek boldy. Meretgül oňa has golaý geldi. Agzyndaky ýaşmagyny hepbik dodaklary bilen çeýnäp gürledi. – Hiý-bu-u, gara bagty ýatan, men. Bi, gurbany boldugym Oraz aga ýaly-la?! – Ol iki elini oňa uzatdy. – Gurbanyň bolaýyn, şyh aga, geliň görüşäýeliň. Ataňa-babaňa döneýin, Oraz aga jan. Hi-bu-u. Ýaşuly sag elini sary giden çäkmeniniň holpuk ýeňiniň içinde gizläp, oňa uzatdy. Çep eli bilenem öz sag golundan tutdy. – Manlykmy, gelin? Man saglykmy? Bala-çaga, mal-baş, öý-il gurgunçylykmydyr?! Ol boşan elini geçiniňki ýaly çüri, mor sakgalyna ýetirdi. Soň töweregine garanjaklady. Soň Ilamanlaň öýüni görkezdi. – Ine, bu biziň öýümizdi. Öý, il galman oguşýan. Meretgülüň dili açyldy. Ol ýaşmagynyň öp-öl bolanyna garamazdan, ony çeýnäp-çeýnäp gepledi: – Wah, käbäm, obam, agam. Öý goýdularmy? Il goýdularmy? Baryny hazan urup, upbat boldy. Ylaýym, ýerler ýuwutsyn bulary. Hany ol döwürler, hany ol döwranlar. Baryny upbat aldy. Wah... Onuň sesini ýaşuly kesdi. – Men nirä gideýin indi. Kime baraýyn indi... Meretgül serhoş ýaly yrandy. – Ýöri, öýe baraly. Gurbanyň gideýin, ataňa-babaňa döneýin. Ýör öýe, ýöri. Ilaman bularyň bolup barşyny hezil edip synlady. Meretgül Göroglynyň atyny ogurlan kempir ýaly salpy gulak, hor eşegiň tanapyny dartyp barýardy. Ýaşuly bolsa Kemineden utulan Äraly pir ýaly leñk-leñk edip ýöreýärdi. | |
|
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |