20:32 Uzak-uzak ýyllar - 4/ romanyñ dowamy | |
8.
Romanlar
Howa gyzyp başlapdy. Apreliň başydygyna garamazdan meýdanlar gül-gülälekdi. Çynarlynyň ýaýlasy ýaz aýlary aýratyn owadan bolýardy. Güllerden ýaňa her baýyr bir dürli öwüsýärdi. Ýöne ýazyň beýle jomartlygy adamlary beýle bir begendiribem baranokdy. Her kim eli ýetdigi selme, ysmanak ýygmaga gidýärdi. Ilaman çaý gaýnadyp, gaty-guty çörek bilen garbanjak bolup durka, Sülgün geldi: – Illijan, jigileňem alyp ysmanak ýygmaga gideli-le? – Ol dula seretdi. ýöne Ilamana hiç zat diýmedi. Ilamanyň dulundaky unly çuwalam kän gowzapdy. Heniz oraga çenli ençeme aý bardy. Sülgün agyr oýdan aýňalyp gürledi. – Biz-ä şu iki çaga bilen iki diwaryň arasyna çüýlendik. Şu gün-ä howa-da gowy ýaly, bile gidäýseň oňat bordy. Illi jan. Ilaman gaýnan tüňçesine böwürslen ýapragyny atyp durşuna ysgynsyz gürledi: – Sen öýde bolsaň, men getirip beräýerdim-dä gelneje. – Ýok, köşegim, kömek edip bilýäň. Men saňa ýük bolmaýyn, özüň neresse çaga. Biz bir sana geçen bolsak seniň özüňe kömek etmeli. Nädeýin. Jigileňe kömek berseň, menem beýdip oturman daş-iç çykyp göreýin. Olar öýlän obanyň gaýrasyndaky tekizlige çykdylar. Ysmanak azdy. Megerem, bu ýerlere öň adamlar gelip, ýetişen ysmanagy çöplän borly. Ilaman çagajyklaryň töwereginde aýlanyp ýörşüne ep-esli ysmanak ýygdy. Ýöne Sülgüniň kiçi gyzy Nursoltanjyk ony ysmanak ýygmaga goýmady. Ol inçejik ellerini ejesine garşy uzadyp aglaýardy. Ilaman ony gujagyna aldy. Gyzjagaz has gaty aglap başlady. Gyzynyň sesini eşiden Sülgün ep-esli ýerden ylgaşlap gaýtdy. Ol gelip ýakasyndan bir taý göwsüni çykaryp gyzynyň agzyna tutdy. Soňam ony gyňajynyň seçekleri bilen ýapdy. Ol ýaşyl parç bolup ýazylyp ýatan otuň üstünde oturyşyna oba tarap seredip oýa batypdy. Ilaman onuň getiren ysmanaklarynyň üstüne özüniň ýyganlaryny-da goşdy. Soň dyz epdi. Bu ýerden obanyň aýtymy eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Palçyk tamlar egnini gysyp otyrdy. Häzir oba has, içgysgynç görünýärdi. Diňe bir göwün göteräýjek zat, ol hem çeşme suwy akýan salmajygyň gapdalyndaky uly tutlukdy. Diňe şol häzir ýaşylymtyl öwsüp, bir hili ýakymly duýgy döredýärdi. Sebäbi basym gurçuk tutulmaly. Onda beýle içgysgynçlygam bolmazdy. Ilaman oýlanyp oturyşyna Eneleriň tamyna seretdi. Gapdalyna küde basylan jaý onda üýtgeşik duýgy döretmedi. ýöne ol Enäni ýatlady. Enäniň keşbi, tanyş, mylaýym sesi onuň üçin ýat bolup gidipdi. Ol indi näçe gün bäri Enäni görmändi. – Illi jan, şol gelýän Enemi? – Sülgüniň sesine ol ýalt edip seretdi. Hakykatdan hem Ene olara bakan gelýärdi. Ene golaý gelende Ilaman ýerinden galdy. Ene öňküdenem owadanlaşypdy. Ýanaklarynyň aly goýalypdy. Ol kirpikmen ullakan gara gözlerini balkyldadyp gürledi. – Naýynsaplar, maňa-da aýdaýmal-a, ysmanaga gitjek diýip, menem siziň bilen bileje giderdim-dä. Sülgün Enäniň sowalyna jogap bermedi. – Ene, gurgunmyň gyz, gözden ýitdin-le. Dünýäniň ýüzünde barlygyň bir çynmy seniň. Ene ynjyly ýylgyrdy. – Wah, bardyryn-la. ýöne iş-güýç bilen öýdenem çykyp bolanok. Garrymyzam öýde. Olam gepi köpräk aýal, sypdyranok-da meni. Ene aşak oturdy. Ol Ilamana habar gatdy. – Ilaman, senem barmy? – Soň ol Sülgüne ýüzlendi – Goňşam bolsak hi biri-birimizi göremzok-da. Ilaman sesini çykarmady. Sülgün ýuwaşja gürledi. – A gyz, hiý, Goçaklydan hat-habar gelýämi? Enäniň ýüzi birhili gamaşdy. Ilamanyň göwnüne bolmasa, owadan aýly gijäniň ýüzüni bulut örten ýaly boldy. Ol ep-esli dymdy. Soň aşak oturdy. – Şol gidişi-gidişi. Hatam ýok, habaram. – Enäniň sesi ýeriň aşagyndan çykan ýalydy. – Çynmy, ýalanmy bilemok. Oba Oraz şyh diýen biri göçüp geldi. Şol-a dünýäden habarly. Şonuň aýtmagyna görä, Goçakly pilin düşüp nemislere geçenmişin. Näbileýin-dä, dogan. Men-ä näme diýip-aýtjagymy bilemok. Wah, bagty gara ekenim. Bagtym gara bolmasa bu belalar başyma düşermidi? Onuň uzyn kirpiklerine hünji bary düzüldi. Göwher monjuk ýaly iki sany düwme onuň etegine patlap gaçyp, pytrap gitdi. Sülgün ýumşak äheň bilen gürledi. – Goý, gyz, sen näme? Bu belalar ýeke seniň başyňa düşüpmi? Il bilen gelipdir. Biziň Myratlymyzdan-a hatmyş, habaram ýok. Enäniň dykyn alan böwedi böwsülen ýaly boldy. Ol başyndaky ýaglygynyň ujuny gözüne ýetirdi. Soň eli bilen ýüzüni tutdy. Ol ähli derdini-aladasyny häzir gözlerinden akdyryp boşadaýjak ýalydy. Eginleri silkinip, silkinip aglaýardy. Ilaman beýle agyny hiç haçan görmändi, eşitmändi. Bu agy däldi-de, dilin bilen aýdyp bolmajak bir iň agyr, iň gizlin syry iň ýakyn hossaryň ýanynda açmakdy. Ýöne Sülgünem, Ilamanam şol syryň nämedigine nähilidigine düşnerden ejizdiler. Ene elenip oturyşyna samraýardy. – Men bagty gara ekenim, bagtygara. Maňa iňdi bu belalardan aman sypma ýokdur. Sülgün ony ýene-de köşeşdirmek isledi. Ýöne Nursoltanjyk çirkin-çirkin aglady. Günbatardan sowuk ýel öwsüp başlapdy. Lemmer-lemmer bulutlar obanyň üstünden kerwen bolup geçip barýardy. 10. Ilamanyň her güni bir ýyla dönýärdi. Onuň urbalyk uny-da birki tendirlik ýa bardy, ýa-da ýokdy. Ony gaýga batyrýan zat başgady. Sülgüniň hiç zady ýokdy. Onuň gyzjagazlarynyň ýüzüne gök ýöräp başlapdy. Indi ysmanak hurmalap, selmä-de gurt düşüpdi. Iýmäge hiç zat ýokdy. Ala tüwäniň süýdi sogulýardy. Okuw başlany üçin Ilamanyň bir özi «Ynkylaba» süýt alyp gidýärdi. Üzümgül mugallym hem ýaranokdy. Şol günleriň birinde Ilaman üçin garaşylmadyk wakalar ýüze çykdy. Durdy ýasawul oňa edil pişme ýaly edilip eplenen kagyz bukja getirip berdi. Oglan haty alyp öýe ylgady. Gapyny açdy. Keçäniň üstünde süýnüp okady. «Ynkylap» kolhozy, uçastok Çynarly, Ilaman Kerwen». Ol gyşyk-çaýşygrak ýazylan latynça haty okdy. Soň bukjany açdy. «Salam haty. Köpden-köp dogaýy salam bolsun, kim, öz dädeň Kerwenden oglum Ilaman jana köp salam bolsun. Salamdan soňky sözüm budir ki, eý, oglum Ilaman jan. Biz munda sag-gurgun. Biz şu mahal Aşgabadyň golaýynda ýatyrys. 87-nji türkmen diwizýä. Özümiz bolsa weýenniý okuw geçýäris. Eger puronta alyp gitmeseler, saňa hat ýazarys. Özümiz bolsa «mawy» eşikli gezip ýörüs. Şonun üçin bize «mawy diwizýä» diýip aýdýalar. Eý, oglum, Ilaman jan! Seniň saglygyň neneň? Oba, il, goňşy-golam amanlykmy? Üzümgül mollumyňa, Ene gelnejeňe, Sülgün gelnejeňe köp dogaýy salam bolsun. Başga soran-idäne köp dogaýy salam bolsun! Men seni şolara tabşyrýan. Olary hudaýa tabşyrýan. Dädeň. Kerwen Ilaman. Haty ýazan Gurban Çary. 11/IV – 42ý. Ilaman haty gaýtalap-gaýtalap okady. Soň Sülgünlere ylgady. Sülgünin kiçijik gyzjagazynyň haly harapdy. Ol gyzdyrýardy. Onuň bokurdagynda çiş emele gelipdi. Şonuň üçin Sülgün daş çykyp bilenokdy. A Ilaman baranda ol işigiň ýanyndaky takyr ýere ýüň serip otyrdy. Ol Ilamany görüp begendi. – Gelneje, dädemden hat geldi. Sülgün silkinip ýerinden turdy. – Kimden diýdiň, köşek? – Ilaman öňküdenem beter begençli gygyrdy. – Dädemden, däde janymdan geldi. Sülgüniň keşbine tukatlyk ýaýyldy. Ol hata elini uzatdy. Ýöne haty eline almady. Gykylyga Nursoltanjyk oýandy. Ol ilki aglady, soň iňläp hyklap başlady. Sülgün gyzynyň agzyna emme tutdurdy, soň göwsüni gyňajynyň ujy bilen ýapdy. Nursoltanjygyň kellesini gyňajyň ujy basansoň, ol ýene-de aglap başlady. Ol horja elleri bilen gyňajy beýlä süýşürdi. Emma ähli ünsi hata beren gelin, ap-ak göwüsleriniň açyk duranyna ünsem bermedi. Ilaman ýuwdundy. Haty okajak boldy. Emma içeriniň dymyljyk howasy, gelniň ýüzündäki gussa, gyzjagazyň iňňildisi onuň ysgynyny aldy. Haty Sülgüniň özi aldy. Ol haty haýal okaýardy. Haty ortalaberende onuň gözünden gaýdan goşa monjuk, galam bilen ýazylan ak kagyzyň ortasyna düşüp, pytrap gitdi. Ýaşyň düşen ýeri mawy reňke boýaldy. Gelin kagyzyň ölüni barmaklary bilen süpürdi. Soň gözlerini süpürdi. Ol haty emaý bilen epledi. – Illi jan, gözüň aýdyň köşegim. Hemme bendäniň başy aman bolsun. Içinde biziňkinem aman sakla, hudaýym. Ilaman indi nätjegini bilmedi. Ol hiç zat diýmän daş çykyp barýarka Sülgüne garady. Sülgün ýere garap oturyşyna çuňňur oýa batypdy. Uka giden gyzjagazyň damagynyň hyrryldysy, Sülgüniň açyk göwüsleri indi oňa täsir etmedi. Sebäbi Myratlydan ýekeje hatam gelenokdy. Oglan Sülgüniň ýüzündäki gögi gördi. Ol hatyň reňkimi ýa-da kyrk ikinji ýylyň selmesiniň reňkimi, ony bilip bilmedi. Ilamanyň hyýaly haty gapyma-gapy aýlanyp, tutuş oba buşlap, okap bermekdi, ýöne Sülgüniň haly ony öňki hyýalyndan dänderdi. Onuň oglan göwni ýene-de syndy. Ol öýe girip, haty täzeje ýorganlarynyň gatynda gizledi. Soň oýa batdy, Näme etmeli? Häzir onuň ýekeje arzuwy Sülgüniň göwnüni awlamakdy. Oňa teselli bermekdi. Häzir Nursoltanjygyň horja elleri, Sülgüniň solgun ýüzi Aýsoltanjygyň naýynjar garaýşy onuň gözüniň öňünden gidenokdy. Olaryň öýüniň dymyljyk, zeň ysy henizem burnuna gelip durdy. Ilaman gapböwürden ulurak tal tabagy aldy. Ony eline alyp çuwally böwre bardy. Şol duran ýerinde-de doňup galdy. Pessejik sekiniň üstünde unly çuwalyň ady-sory ýokdy. Oglanyň ýüregi howsala bilen dykyldy. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup, ylgap daş çykdy. Tamyň arkasyna aýlandy. Ýene-de iç girip, daş çykdy. Emma «alan ogry, gören taňry» diýenleridi. Ol tabagyny goýmagy-da undup töre geçdi. Onuň gözlerine däli siller inipdi. Ol özüni bilip beýle aglamandy. Häzir onuň kellesine her hili oýlar gelip geçýärdi. Emma olaryň başyny jemlemek oglanjyga başartmady. Ol ertirki günüň, güzeranyň pikirini etjek boldy. Emma bolmady. Ol şeýdip ala tüwe örüden gelýänçä ýatdy. Irden sagylmaga endik eden tüwe daşarda güpürdi berýärdi. Enesini gören gölejigem uzyn-uzyn molaýardy. Ilaman näçe turjak boldy. Emma eginlerinden daş asylan ýalydy. Hiç galasy gelenokdy. Ala tüwe molady. Eýesini azym bilen çagyrdy. Ilaman henizem turarly däldi. Ýöne başga bir ýagdaý ony turmaga mejbur etdi. Olam uny tapmak umydydy. Ol obanyň adamlarynyň ählisini göz öňünden geçirdi. Emma birine-de ogurlyk ýapyp bilmedi. Ýöne araky eşekli ýaşula welin çyny bilen münkürlik etdi. Häzirem şonuň ýanyna göni barmagy ýüregine düwdi. Ilaman obanyň çetine çykdy. Soň Oraz şyhyň bolýan öýüne bakan batly ugrady. Ol «jynly» jaýdy. «Jynly» jaý obanyň iň çetinde, baýryň düýbünde gugaryp otyrdy. Bu eýýamlarda onuň golaýyna baran adam ýokdy. Bu jaýyň kimiňkidigini, nädip onuň jynyň jaýy bolandygyny oglanjyk dädesinden sorapdy. «Bir wagt bu jaýda bir uly baý ýaşapdyr. Onuň mal dünýäsi bu oba sygmandyr. Obada iň döwletli adam hasaplanypdyr. Kim bir işiň başyny tutjak bolsa şonuň bilen maslahatlaşypdyr. Sebäbi adamlaryň ýeke-täk ekleýjisi şol baý bolupdyr. Kim onun sygryny bakyp, kim goýnuny bakyp, kim öýdeniçersi bolup, kim odunyny, suwuny getirip, kim kerwenini gatnadyp gün görüpdir. Ýyllaryň birinde dünýeler üýtgäpdir. Ak patyşa agdarylypdyr. Düne garamaýaklaryň eline geçipdir. Emma bu baýyň bitiniň burny ganamandyr. Ine şol günleriň birinde oba bir mugallym gelipdir. Özem ýaşajyk gyz eken. Ol «obada mekdep açjak, çagalara sowat öwretjek» diýip oturanmyş. Asyl bir ýarym oglan ýygnap, okadybam başlapdyr. Baý ilki «aý bir ýumruk ýaly heleý bilen deň bolmaýyn» diýenmiş. Emma soň bolmandyr. Onuň ýekeje ogly bar eken. Olam şol gyza hak aşyk bolupdyr. Şol gyz diýip ölüp ýatanmyş. Gyzam bu oglany erbet görmänmiş. Bu boluş baýyň sabyr käsesini pürepürläpdir. Ol bir gije gyzyň bolýan gara öýüne jöwher pyçagyny syryp gelipdir. Öýe kürsäp girip ilkinji gabat geleni syhlapdyr. Olam baýyň ýekeje ogly eken. Baý muňa bolmajysy bolup gyzy-da dograpdyr. Özem maly-mülki bilen ol gije göterilip gidipdir. Şondan soň bu jaýda ot lowurdap görnüp başlapdyr. Kä gijeler bolsa oglan bilen gyzyň ýuwaşja gürleşip oturan sesem eşidilýärmiş. Asyl oglan bilen gyzyň şol jaýa girip barýanyny görenlerem bolanmyş. Şondan soň bu jaýyň golaýyna baran bolmandyr. Onuň ady «jynly» jaý bolup, adamlar ondan daşrakda jaý guranlaryny kem görmändirler». Oraz şyh ine, şu jaýda ýaşaýarmyş diýip, Ilaman eşidýärdi. Ýöne ol bu jaýyň töweregine gelip göreni ýadyna düşmedi. Jaýa has golaý baranynda bolsa, oglan ýüregi bu jaýa girmäge batyrlyk edip bilmedi. Ilaman esli durdy. Soň bolsa alaçsyz yzyna gaýtdy. Ol ylgap öýe gelende ala tüwe gölesini emdirip, durdy. Ol göläni tutmaga ylgajagynam bilmedi, süýtkädä ylgajagynam... Näme-de bolsa tüwäniň emjeklerini çekeleşdirdi. Ýöne süýtkädä beýle bir düşen zat bolmady. Göle sygryň ýelnini ýagşy gowşadan eken. Ilaman töre keseligine süýnende, ýadanyny, ajyganyny, suwsanyny duýup galdy. Onuň içi uzyn-uzyn jugurdady. Öýde bolsa iýmäge dişlem zat ýokdy. Ýene-de ýeri garaldylan unly çuwal onuň ýadyna düşdi. Ýüregi dilim-dilim bolup, zöwwe ýerinden galanyny bilmedi. Emedekläp baryp, pessejik sekiniň üstüni, aşagyny, ýüküň teýini ýagşy barlaşdyrdy. Onuň göwnüne bolmasa özi ýa-da kimdir biri ony öýüň içinde ýygşyraýan ýaly bolup durdy. Ol ýene-de sermendi. Eline ilen zat bolmady. Nalaç bolup, ýene-de dula süýndi. Ol Sülgünlere girende Oraz şyhyň öýe kürsäp girenini, duldaky uny çuwaly bilen donunyň synyna dolap alyp gidenini indi hiç haçan subut edibem biljek däldi. Seniň çaga ýüregiň syzýandygyny bolsa kime düşündirjek. Näme etmeli? Oglanyň garny açlykdan ýaňa sork-sork edýärdi. Onuň içini bir zatlar dözümli dyrmalaşdyrýan ýalydy. Agzyndan gara suw gelýärdi. Näme etmeli? Ol Eneleri göz öňüne getirdi. Olaryň öýüni ýadyna salanda burnuna gaýnatmanyň ysy haplap urdy. Ýerinden laňňa galanyny duýman galdy. Onuň garnyndaky jugurdy, erbet agyry ony başagaýladyp, pikrini bulam-bujar edýärdi. Aýagy bolsa gaty-gaty ädildi. Gapy açyldy. Ilamanyň ýüzüne salkynjak şemal çaldy. Ol özüne geldi. Işigiň söýe agajyndan pugta tutup aşak oturdy. Häzir onuň üçin iň esasy zat ýöremezlikdi. Sebäbi açlyk onuň aňyny alyp, gözüni garaňkyradyp, öz girdabyna düýrüp barýardy. Ilaman süýrenip ýerine geçdi. Ol çörek iýen wagtyny ýadyna saldy. Ondan bäri eýýäm iki gün geçipdir. Oglanjygyň gözüne şagga ýaş indi. Şu pursat onuň garaňky oýlarynyň içinden bir ýylpyldy görnüp gitdi. Ol yranyp turdy-da ýüke golaý bardy. Ýorganyň gatyny sermeläp, kakasynyň hatyny tapdy. Soň ýatdan okady. «Ynkylap» kolhozy, uçastok Çynarly, Ilaman Kerwene». Ol hatyň yzyny ýatlajak boldy. Emma bolmady, gözýaş ony bogdy. Indi öýüň içi garaňky bolman, çap-çal bolupdurdy. Ol gyryk ses bilen pyşyrdady. – Dädejan, arkadagym, gelsene. Meni hem öz ýanyňa alsana, däde jan! – Ol ýene-de kän samrady. Dädesiniň keşbi, ýürekden gaýnap çykan zaryn-zaryn ýalbarmalar onuň öňki güýjünem aldy. Ol hesretli ukynyň gujagyna düşeninem duýman galdy. Ukynyň arasynda kimiňder sesi onuň gulagyna ildi. Ol düýşüň, argynlygyň, hesretiň aralygyndan dargan anyny jemläp bilmeýärdi. Bu sesiň düýşündedigini, huşundadygyny aňyp bilmedi. Ony gataňsy eller awuly silterledi. – Illi, Illi, tursana, tur diýýän saňa, tur. Ynjyly tanyş aýal sesi ahyr soňunda ony alasarmyklykdan halas etdi. Ol hasanaklap ýerinden galdy. Dik duran ýerinden töweregine gorkuly garanjaklady. Onuň eýmenç gözleri bimany lowurdady. Gözleri açygam bolsa zat görmedi. – Illi jan, bagtym ýatdy. Tursana, öýüm ýykyldy. Nursoltana bir zat boldy. Bu Sülgüniň sesidi. Ilaman ukudan açyldy. Öý garaňkydy. Ýöne ol Sülgüniň yzylap durşuny, ýüzündäki hesretini, ejiz keşbini gördi. – Waý, alla jan, waý, balajygym, waý... Sülgün gagşaýardy. Onuň endirewik sesi Ilamanyň süňňüni titretdi. Ol birden gorkuly dillendi. – Hä, gelneje, hä, näme? Näme diýdiň? – Basymrak bol, öýüm ýykyldy. Nursoltana bir zat bolýa. Ilaman Sülgüniň yzyndan daş çykdy. Sülgün aýak ýalaň, başy açyk öýüne ylgady. Ilaman ondan galmady. Ol Sülgünleriň içerisine girende ýakylan esgi ysyny aldy. Öý tütün ysyndan petişip durdy. Sülgün ýene-de köne esgi ýakyp, gyzynyň ýüzüne tutdy. Nursoltanjygyň göm-gök bolan meňzi ýalynyň ýagtysyna has gözgyny görünýärdi. Ol süýnüp ýatyrdy. Pökgerip duran garynjygy her wagt bir tirpildäp gidýärdi. Sülgün ony bagryna basdy. – Balajygym, guzujygym, bagyr bagym, ýürek dagym, bagtymy ýatyrmawer, günümi ýaşyrmawer-eý-eý – Onuň eňremesi oglanyň bagryny paralady. Sülgün birden dikeldi. Çalt-çalt gürledi. – Arza ýet, Illi jan, Arzy tuhtara ýet. Ilaman gapa atylyp çykdy. Sülgüniň eňreýän sesi Arzy doktorlara barýança onuň gulagynda ýaňlandy durdy. Arzy doktorlaryň öýi Üzümgül mugallymlaryň aňyrsyndady. Obanyň içi çolalykdy, garaňkylykdy Ilamany eýmendiren zat, olaryň öýi «jynly» jaýa golaýdy. Ilaman ylgaşlap barşyna daljykýardy, haslaýardy. Ýöne iki gözi welin «jynly» jaýdady. Ilaman «Arzy doktor ýatandyr, ony oýarmaly bolaryn» diýip oýlanypdy. Emma beýle bolmady Onuň aýagynyň sesini bu aýal diňläp ýatan bolmaga |emeli. Ol jaýa golaý baryp, gapyny açmaga ýaýdanyp saklananda öýden ýogyn, gyryk ses çykdy. – Kim bi gelen. Aý-u, giriber. Ilaman aljyrady. Ol aňyrdan jemläp gelýän sözlerini, bogdaklan pikirini dargatdy. – Arza daýza... Sülgün gelnejem diýdi. Neme. – Näm boldy, beýle? Sülgüne ne döw çaldy seni gijäň içinde süssenekledip ýörer ýaly... Bu aýalyň sowal bilen aljyratmasy oglanyň, elini baglan ýaly boldy. – Sülgün gelnejem... Nursoltan... neme... Ýene-de bolmady. Oňa hakykata meňzeş bir zady aýtmalydy. Ol bolsa juda-juda agyr eken. Ilaman dymdy. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Ol beýle-beýle zady aýtmaly däldi. Onuň şeýle boljagyna ynanasam gelenokdy. Ol hyrra yzyna öwrüldi. Oglanyň aljyraňňylygy köpi gören aýala-da geçdi. Ol bir girdi, bir çykdy. Ahyram ol oglanyň yzdan gygyrdy. – Dur-u-uw, köşek. Dur, nirä barýaň. Men häzir. Ol öýden däri-dermanly torbajygyny alyp, Ilamanyň yzyndan ýetdi. Olar Sülgünlere barýançalar dymyşyp gitdiler. Garaňky öýden Sülgüniň eňreýän sesi eşidilýärdi Arzy doktor öýe girip otluçöp ýakdy. Ilaman öýe girmäge ýürek etmedi. Ol işigiň daş ýüzünde oturdy Az salymdan ol hasanaklap çykdy. Soň garalyp turan oglana gözi düşenden buýruk äheňli gürledi. – Bar, Üzümgüle aýt, gelsin! Ilamanyň aýagy ädilmedi. Ol sömelip ep-esli durdy oýlandy, ölçerdi. Gitmelidi, aýtmalydy. Başga alaç ýokdy. Öýden bolsa depäňi düýrükdiriji zaryn agy çykýardy. Üzümgül mugallym Ilamany köp eglemedi. Ýolda ol ysgynsyzlyk bilen sorady. – Köşek, aýallaryň sesi bar, näme Myratla daga bir zat boldumyka? Ilaman sojap gürledi. – Sülgün gelnejemiň gyzy Nursoltana... Olaryň ikisindenem ses çykmady. Sülgüniň sesi uzaklardan eşidilýärdi. – Arkadagym, Myratly, körpe balaňy aldyrdym. – Adyň ýitsin uruş-eý, adyň ýitsin, meň balamy awlanyň azmydy, bu neresse çagany, Nursoltany aldyň-la, gül balamy aldyň-la, gyzyl güli soldurdyň, adyň ýitsin – Bu Arzy dogtaryň sesidi. Bu zaryn sesler beýle-beýle zatlara kän öwrenişmedik Çynarly obasynyň ýüregini lerzana getirdi. Ine şol günden soň toplaryň, tüpeňleriň gümmürdisinden müňlerçe menzil uzakdaky Çynarly obasynda-da hakyky uruş başlanypdy. Ilamanyň göwnüne bolmasa howadan ýanan däriniň ysy gelip duran ýalydy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |