20:44 Uzak-uzak ýyllar - 5/ romanyñ dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Romanlar
1. 1942-nji ýylyň ýazy paýawlap barýardy. Frontdan gelýän hatlarda, gazetlerde biziň goşunymyzyň uly-uly üstünlikler gazanyp, oba üstüne oba, şäher üstüne şäher azat edýändigi, nemes faşistlerini barha yzyna kowýandygy barada şatlykly habarlar bardy. Ilamany frontdaky ýeňişler ähli zatdan beter gyzyklandyrýardy. Ol günorta arakesmesi wagtyndaky gazet okalşygyndan ýekeje günem galanok diýen ýalydy. Onuň göwnüne uruş şu gün-erte gutaryp, kakasy ýylgyryp geläýjek ýalydy. Ol her gününi, ine şeýle duýgy bilen geçirýärdi. Emma, adamlar welin, «Uruş entek-entekler gutarmasa gerek» diýip aýdýardylar. Çynarly öňküden has beter çolarypdy. Bu günler obanyň çagalaryna çenli meýdan işine çykýardy. Her kim güýjüniň ýetdiginden işe kömek berýärdi. Onuň üstesine gurçuk tutmak möwsümem gelip ýetipdi. Enelerem şu ýyl bir gap gurçuk alypdy. Ilaman Akga brigadyň brigadasyna, meýdan işine gitse-de, oňa tabşyrylan esasy iş Eneleriň gurçugyna kömek bermekdi. Ol meýdan işinden galmajak bolup heniz il örmänkä, soňam günortanyň tüp yssysynda hem-de gün ýaşmanka ýapraga gidýärdi. Ol ilki- ilki ýapragy arkasy bilen daşaýardy. Indi bir arka ýapragyň bir gap gurçuga hiç zadam bolanokdy. Şonuň üçin-de, ýapragy Meretgülüň aýagy agsak eşegine ýükläp getirmeli bolýardy. Bu gün ol has ir turdy. Gapylaryndaky erigiň şahasynda bilbil saýraýardy. Ony ukudan oýaran şoldy, Ol beýle ahwalaty henize çenli görmändi. «Alahekge gapyňda jakyrdasa uzak ýerden myhmana garaş!», «Baýguş gygyrsa şumluga!» – diýip, ol kän eşidipdi. Emma gapyňda bilbil saýrasa näme bolýandygyny welin aňyna getirip bilmedi. «Ýa-da dädem geläýjekmikä?» Bu süýji duýgy oglanyň göwnüni ersdirdi. Ol süýji oýlara gark bolup, ýorganynyň içinde esli ýatdy. Bilbil bolsa ýüregiňi, göwnüňi ganatlandyryp barýan mahmal sesi, jadyly owazy bilen şol saýrap durdy, saýrap durdy. Daň atmagyna heniz wagt bardy. Ýöne ol indi ýatyp bilmedi. Onuň süňňüne ornan duýgular, bilbiliň beren şatlygy ony öz erkine goýmady. Ol ýerinden turdy. Daş çykdy. Bilbil henizem saýraýardy. Daşarynyň howasy dirilik dermany ýalydy. Howadan ýedi jennet ysy gelýärdi. Ol dulda düýrmegi bilen ýatan ýüpüni, oragyny eline alyp, gapynyň gulpuny ildirdi. Soň uly tutluga bakan ugrady. Şu günki ýaly yhlasy bilen, höwesi bilen işläni onuň ýadyna düşmeýärdi. Muňa onuň özem haýran galdy. Onuň şapyrdadyp tut kesýän oragynyň sesi, assaja hiňlenmesi uzaklardan eşidilýärdi. Ol tutdan ýagşy ýüklenip gelende oba henizem ýatyrdy. Onuň aýak sesine bir Meretgül turdy. Ol Ilamana näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi. Ilaman bolsa oňa ünsem bermedi. Ol tut ýapragyny tekizräk ýere düşürdi. – Wah, sen ony gara ýere gark etdiň-le. Telärçäniň üstüne goýaý diýdim-ä, saňa. Oglan ony eşitmedi. Onuň bar yhlasy, bar arzuwy uçup gitdi «Dädem düýnem gelmedi. Uruş henizem ýatmadymyka. Wah, ol haçan gutararka? Däde jan, sen haçan gelerkäň?» – Näme ker açdyňmy, lal açdyňmy? – Meretgülüň sesi ony atdan agdarylan ýaly tisgindirdi. Ol özüni dürsände Meretgülüň hyrsyz gözlerini gördi. Ilaman ýerinden turdy. – Daýza, näme diýdiň?! – Bela boldy, bela diýdim saňa. Sen adam äsgermejek bolýaňmy? – Men eşitmändirin. – Eşitmeseň eşit. Gurçugymyz ulusyna ýatdy. Äkge aýtdy. Gurçugyňyz ýatdygy, kömekçiňiz meýdan işine çyksyn diýdi. Ilaman näme diýjegini bilmedi. Bu bolsa garra meçew berdi. – Git, gidiber. Mugut Buharda ýok. Iş et, iýip-içip ýöne ýatandan. Ilaman öýlerine gitdi. Emma öýe girmedi. Gün dogup gelýärdi. Ol erigiň üstüne seretdi. Emma bilbile gözi düşmedi.«Eger menem bilbil bolan bolsam nähili oňat bolardy? Ýöne nädip bilbil boljak?!» Ilaman tüwesiniň bagyny çözdi. Ony idegine alyp, ýabyň boýuna getirip, otlurak ýerde onuň teblesini ýere kakdy. Soň oragyny eline alyp «işanlaň» ýerine garşy ugrady. Bu gün ol Akga brigadyň brigadasyna däl-de, başga bir aýalyň brigadasyna işlemäge gitdi. Çünki, bu brigada oba has golaý ýerde işleýärdi. Onsoňam, Akga brigadiriň hyrsyzlygy, Ene bilen gatnaşygy Ilamana düýbünden ýaranokdy. Bu bolsa onuň elini işden sowadýardy. «Işanlaň» ýeri tutlugyň aňyrsyndaky tekiz meýdandy. Onuň gaty mes ýeri bardyr. Hasyly oňat getir- ýärdi. ýöne indi onuň ady «front meýdandy». «Ynkylap» kolhozynyň adamlary uly ýygnak edip, şol meý- dandan önen ähli hasyly fronta ibermeli diýip karara gelipdiler. Ilamana «Front meýdanynda» ilkinji duşan Hudaýberdi diýen oglan boldy. Ol ony gören badyna ylgap geldi. – Eý, sen göreşip bilýäňmi? – Ilamana onuň sowaly geň bolup eşidildi. Ol näme diýjegini bilmedi. – Eý, sen züwwetdinmi?! Göreşip bilýänmi diýilýär saňa?! Ilaman onuň gapdalyndan geçiberjek boldy. Hudaýberdi gözüni mölerdip durşuna, ony ýiti nazar bilen synlady. Birdenem, awuna zyňjak gurt çagasy ýaly ykjamlandy. Bat bilen gelibem Ilamany gabur-gubur basyp, uly bajak kesekleriň üstüne batly ýykdy. Onuň bilenem kanagatlanman, balagynyň uçgur bagyňdan tutup, ýokary göterdi. Soň iki eli bilen depesine galdyrdy. Ilamanyň başy aýlanyp gitdi. Ol gaty erbet dyzady. Onuň aýagy ol oglanyň ýüzüne jalkyldap gitdi. Hudaýberdi diň arkan gaýtdy. Ilaman onuň garnyna pöküläp gaçdy. Hudaýberdi dyzap başlady. Ol Ilamany düýt-müýt ederli göründi. Ýöne aňyrdan gykylyklap gelýän aýaly görüp batly turdy-da gaçyp başlady. Ilaman ýerinden galyp bilmedi. Onuň bili, ýüzi erbet agyrypdy. Aňyrdan gelýän aýalyň elinde gamçy bardy. Ol gamçysyny ädiginiň gonjuna gysdyryp, Ilamany ýerden galdyrdy. – Haý, ýaşyň kesilsin. Bu çagany ýanlyga dönderäýipdir, ýaşy kesilen. Ol aýal Ilamanyň hor eginlerini kakyşdyrdy. Honda ýatan köneje gulakjyňyny kakyp-kakyp başyna geýdirdi. – Wah, görgüli çagajyk. Onuň ejesine bir aýdaýyn, hamyny sypyrar... Ilaman utandy. Ýöne aýal eliniň ýylysy, mähirli sözi onuň ýarasyna melhem boldy. Hudaýberdi uzak gitmedi. Ol ylgap aňyrrak gitdi-de, öwşerilip durdy. Soň bularyň yzyndan ýöräp başlady. Ol aýal aýak çekdi. Oňa haýbat atdy. – Sen ýene şu çaga degäýseň, gamçy iýersiň. Hudaýberdi gülümjiräp, eginlerini gaşalap durdy. Onuň bu bolşy Ilamana şeýle bir geň bolup göründi. Ol aýagynyň agyrysyny, öýke-kinesini unutdy. Hudaýberdi olaryň ýüzündäki mylaýymlyk alamatlaryny bada-bat okady. – Sapargül-eý, Sapargül gelneje, sen maňa sögüber, sögüber gowjany. Men urşa gitsem saňa ýekeje hatam ýazman. Baý göresiň geler-ä. Şonda, wah, sökmeli däl ekenim-ä diýersiň. Diýiber bakaly... Sapargül sakga durdy. Onuň keşbine mylaýymlyk alamaty indi. Ilamanyň göwnüne bolmasa, onuň gözlerine ýaşam gelen ýaly boldy. – Hudujan, boýuňa döneýin. Heý, men saňa zat diýjekmi. Sen bu çagany nätdiň. Ýaman algyly ýal-a sen. Hudaýberdi hem gowşady. Ol bulara has golaý geldi. – Men nemis bilen uruşmaga türgenleşýän, näme, güýjümi barlamaly dälmi? Urşa gitsem, agzymy açyp duraýynmy. Sapargül gamçy tutup duran eliniň barmaklaryny agzyna ýetirdi. Hudaýberdi duýdansyz towsup aňry düşdi. – Toba, sen özüňi görkezjek bolsaň işle. Hudaýberdi ýene-de olaryň ýanyna geldi. – Bolýa how, indi degmäýin şoňa, bäh. Hakykatdan hem ol Ilamana gaýdyp degmedi. Ýöne şondan soň Ilamanyň gapdalyndan aýrylmady. «Front meýdanynda» iş diýseň gyzyşypdy. Her kim garabaşyna gaýdy. Eli gamçyly aýal Ilamana işi düşündirdi. Oňa özbaşyna hatar berdi. Iki saply pil berdi. Ilaman pili hyklap göterdi. Onuň bolşy gamçyly aýala ýaramady. Ol gamçysyny oglana uzatdy. – Me, sakla – Ol piliň her sapyndan bir eli bilen tutup, ýere güpürdedip urdy. Soň pili çala gowşadyp iki gulajyk şitilden birini mäjum bolan topraga gysdyryp, pili ýokary çekdi. Soň ýene-de şeýtdi. Ol on-onki şitili setirläp ekip çykandan soň gamça elini uzatdy. – Ine, gördüňmi. Şeýtdejik işläber. Ilaman janyna dözüp pili ýere bat bilen urdy. Soň ony bar güýji bilen özüne çekip, ýene-de ýere urdy. Soň şitil alyp ýere sünçdi. – Eräp, akyp barma. Tetirräk bol. Gördüň-ä ýaňkyny. Özüň ýaly oglan, ýöne ot ýaly... Janlyrak bol. Ilamanyňky ýene-de bolmady. Ol hyklap işleýärdi. Gamçyly aýal dözmedi. – Huw, Hud-uw, gel, bäri. Hudaýberdi ylgaşlap geldi. – Hudujan, sen bujagaz oglan bilen bileje işle. Bu görgülijigiň pile güýji ýetenok. Sen gämik ýeri etseň, ol şitil sünjer. Gaýta, çalt bolarsyňyz. Boluň, naharam köp berdirerin size bu gün. Hudaýberdi sesini çykarman yzyna gidip, özüniň iki saply täsin pilini alyp geldi. – Eý, hol, gyrada oturan gyzy görýäňmi? Şony bek belle. Şol ölsem ýeriňki bolar, ölmesem meniňki bolar. Meniň söýgülim. Ady Ogultäçdir. Sen bek belle. Kim şoňa gaňrylyp seredäýse, öldürerin. Ilaman olaryň haýsy birniň Ogultäçdigini saýgaryp bilmedi. Hudaýberdi oturyp bilmän, oýkanjyrap Ilamana garady. – Ýör-eý, şolaň ýanyna baraly-la, ýörsen-eý. Ilaman Hudaýberdiniň ýüzünde ýalbaryş äheňini gördi. Ýöne aýallaryň ýanyna gitmedi. Tä günorta arakesmä çykylýança başyny galdyrman işledi. Düşelge tutlugyň içindäki goşa erigiň aşagynda ýerleşýärdi. Erigiň aşagy oňat edilip süpürilipdir, suwlanypdyr. Suwly salmajygyň boýunda bolsa ullakan gara gazan bugaryp durdy. Oglan tamşandy. Ol indi iki gün bäri dişiniň kirinem açmandy. Gazandan göterilýän bug onuň işdä damarlarynyň baryny açdy. Ol birhili yranyp gitdi. Baş aýlanma ol oturansoňam aýrylmady. Erikler onuň üstünde terslin-oňlyn pyrlanýardy. Ol ýerden pugta ýapyşdy. Gözüni açdy. Düne sap-sarydy. Onuň ýüregi erbet bulandy. Gara suw owurtlaryny doldurdy. Soňam pürkülip gitdi. – Saňa näm bolýar. Ýaraňokmy? – Aýal adamyň sesi Ilamana ýeriň teýinden eşidilýän ýaly boldy. Ol gözüni açmaga-da gorkdy. – Me, şu suwy iç, aýrylar – Ilaman bir elini öňe uzatdy. Käsäni başyna çekdi. Ýüregi az-kem düzelişdi. Gözüni açdy. Onuň öňünde bir gyz çommalyp otyrdy. Ol öz bolşundan utandy. Yra-dara bolup ýerinden galdy, ýöne näme etjegini, näme diýjegini bilmedi. Şol gyz ýene-de gürledi. – Hol, salmajykdan eliňi, ýüzüňi ýuw, soň ýarma paýyňy al. Ilaman elini ýuwup, bir gyra çökdi. Hälki eli gamçyly, aşpez aýala gygyrdy. – Haý-u-w, Toty! Şujagaz oglana-da bergin, ýarmadan. – Aşpez aýal sesini çykarmady. Ilaman nähilidir bir kyn ýagdaýa düşdi. Ol turup gitmäge häzirlendi. Sebäbi onuň işdäsi kesilipdi. Ýöne başga ýagdaý onuň ünsüni sowdy. Eli gamçyly aýal gaty-gaty gürläp, ýerinden turup, bir gyrada oturan ýaşulynyň ýanyna bardy. – Sabyr aga diýýän, sen beýtme-de öz paýyňdan çagalaňa-da ber ahyry. Gör, olar ejeleriniň agzyna ýetirenoklar. Ilamanyň gözi ýaşulynyň ýanyndaky topbaga düşdi. Şol ýerde oturan aýalyň ýanynda irili-ownukly bäş çaga bardy. Olar şol adamyň aýaly, çagalarydy. Şeýle-de bolsa ol çagalaryna goşulanokdy. Ýaşuly närazylyk bilen hüňürdedi. – Näme, birgat, hökümet maňa ýarmany çagaňa ber diýip berýämi ýa özüň iý diýip berýämi? Özüň iý diýip berýä. Hana, ejeleri näme etse etsin. Meniň onuň bilen işim ýok. Aýal has möwç aldy. – Olaram seniň çagaň ahyry, Sabyr aga, neneň bokurdagyňdan geçýär?! Sabyr diýilýän adam ýarmany lak-luk atyp, kirli barmaklarny jamyň içinde terslin-oňlyn ýöredip, agzyny şapbyldadyp ýalaşdyrdy. Soň jamy beýlä zyňyp goýberdi. Ýerinden turubam batly gygyrdy. – Sapar Durdy! Sen birgatmy ýa-da baýar. Sen meniň damagymy her gün burnumdan getirýäsiň. Ýarmaňy ber, galany bilen işiň bolmasyn. Çagalama göwni agyrsa, getir öz paýyňy beräý şolara. – Bererin, öz paýymy. Haý, naýynsap. Brigadir aýal öz tabagyny getirip çagalaryň öňüňde goýdy. Soň gygyrdy. – Ogultäç, şol, oturan ýerimdäki petirden bir döwüm alyp gel, gyz. Ilamana suw beren gyz, el ýaly çöregi, özüniň çemçesini Ilamana berdi. Ilaman ömründe beýle süýji nahary iýip görmändi. Bu ýarma onuň agzyna gitmän, damarlaryna dirilik dermany bolup ýaýraýardy. Ol elindäki çöreginiň, tabakdaky ýarmanyň şeýle çalt gutararyndan gorkup, usullyk bilen iýdi. Ol ýere gaçan ýarma dänesinem, çörek zerrejiklerinem çöpleşdirýärdi. Emma bu lezzetli pursat uzaga çekmedi. Ýarma-da, çöregem gutardy. Ýöne häzir tutuş gazany öňünde goýsalaram Ilamanyň garny, gözi doýjak däldi. Ol ýerinden galdy. Tabagy, çemçäni Ogultäje eltip berdi. Nahar iýişlik gutardy. Emma oturanlar turmadylar. – Wah, bu günem täze gazet gelmedimi, gyz – diýip, Sapar brigadir sorady. Oňa jogap beren bolmady. Çünki Durdy ýasawul bu günem görünmändi. – Gelneje, ýene düýnkini okaýaýyn, biziňkileriň ýeňşi baradaky habary... Ogultäç «Sowet Türkmenistany» gazetini alyp okap başlady. Biziň goşunlarymyzyň haýsydyr bir kyn atly şäheri nemeslerden gaňryp alyşlary, Ilamanyň ýüregine kuwwat berýärdi. Ertesi Ilaman işe has ir gaýtdy. Ol «front meýdanyndaky» işi ýatlanda oňat duýgulara gaplanýardy. Sapar brigadirem, Hudaýberdem, Ogultäjem oňa uzakdan seredip, ony çagyryp duran ýalydylar. Ol ýolda Hudaýberdä duşdy. Ol birhili gamgyndy. Düýnki dik eginleri birhili sallanan ýalydy. Ol Ilamany görüp saklandy. Ilaman sygryny idip gelşine, oňa gygyrdy. Hudaýberdi yzyna garaman ýabyň gyrasynda suwa seredip otyrdy. Ilaman sygyry düýnki ýerde örkledi. Son Hudaýberdiniň yzyndan ýetdi. Ilaman oňa näme diýjegini bilmedi. Hudaýberdi onuň ýüzüne-de seredenokdy. Birden ol gamgyn gürledi. – Basym seniň ýeke özüň işlemeli bolarsyň. Men puranta gitjek – Ol dymdy. Birdenem açylyp gürledi – Düýnki işleýşimi gördüňmi. Diňe uly adamlar şeýle işlemeli. Menem indi uly adam. Uruşmakda-da, ýer depmekde-de uly adamlardan kem galmaryn. Boýuma seredenem hökman army ýaşa ýetdi diýer. Uly adamlaryňky ýaly meniň öz söýgülimem bar. Indi meni puranta ibererler. Hemme kişi görüp dur-a meni. Ýaşymam eýýäm on alta ýetip barýar. Dogry dälmi?! Ilaman başyny atdy. Ol bu oglana diýseň guwandy. Hatda oňa gözem gitdi. «Haçan men şunuň ýaly bolarkam?» diýip oýlandy. Düşelgede başlygyň ýanynda birki sany nätanyş adam bardy. Nahardan soň Anna aga ýerinden turdy. Soň brigadiri çagyrdy, oňa gazetleriň täze nomeriňi berdi, ýygnagyň boljagyny aýtdy. Adamlar bir ýerräk toplanyp oturyşdylar. Anna aga gürledi. – Howwa, ýoldaş teýhanlar! – Ol gyrymsyja murtlaryny gaýta-gaýta elleşdirip, ýoldaşyna garanjaklady. – Ine, ýoldaş Duwsaýep hem raýkomdan geldi. Howwa, onsoň dänim, ýagdaý birneme kyn. Siz dänim, mundanam dänim gowy işlemeli. Duşmana dänim, göreşmek üçin has dänim, gowy işlemeli. Siz dänim oňat bilýänsiňiz, näme ekýäniňizi. Siz köwçük ekýäňiz. Dogrusy, köwçük ekini biziň teýhanlarymyzyň gören ekinem däl. Özi kyn ekin. Ýöne höküwmete gerek bolsa kyny-aňsady ýok. Biz ekerisem, soňunam dänim, göreris. Bir az wagtlyk ekin ekenow bi diýip dänim gowşak ýapyşmalyň. Gaýrat edeliň. Bu dänim, duşmany basmak üçin ilkinji ýarag. Köwçükden ýaragam edilýä, yrzynam edilýä. Ylaýta-da, biziň aýraplanlamyz üçin, maşynlarmyz üçin dänim uly şaý. Şonuň üçin dänim, köwçügi has köp ekmeli. Anna aganyň sözi köp adama täsir etdi. Olar özara pyşyrdaşyp başladylar. Başlyk olara ýuwaş boluň diýen manyda «ähümledi». – Size, dänim, ýene-de bir zat aýtjak. Ine, şu ýer däninim, «işanlaň» ýeri bolupdy. Menem şonuň teýhany bolup dänim, kän işledim. Indi bu ýer teýhanlaryň özüniňki boldy, golhozyňky boldy. Bu ýere puranta dänim gerek zat bolan dyrzyn ekýäs. Men ýoldaş Dusaýypy siziň dänim, adyňyzdan arkaýyn edeýin: «Bol hasyl alarys diýip». Soňra Dusaýew söz sözledi. Onuň aýdan sözleriňi Ilaman doly diňläp bilmedi. Onuň göz öňüne kakasy geldi. Raýkomyň wekili onuň kakasy bolup sözleýärdi. – Ýagdaý näçe agyr bolsa-da çydarys. Duşmany hökman ýeňeris. Ýeňiş indi daşda däl, ýoldaşlar! Siziň her gysym kauçugyňyz, her baş bugdaýyňyz, her bir zarpçy zähmetiňiz duşman üçin gülledir. Ilaman kakasynyň näme diýjek bolýanyna düşündi. Ol assaja pyşyrdady. – Sen arkaýyn söweş, däde jan! Biz gaýrat bilen işläris. Ýygnagyň soňundan ýene-de gazet okalşygy boldy. Sowet Goşunynyň täze ýeňişleri barada adamlar begenç gözýaşlaryny saklap bilmän diňleýärdiler. Bu habar olara tükeniksiz güýç-kuwwat berýärdi. «Front meýdanda» bolsa iş has gyzyşýardy. Adamlaryň bir topary indi kelem ekmäge girişipdi. Kelemem edil kauçuk ýaly iki gulajyk şitildi. Ýöne ony keşi suwaryp, soň ekýärdiler. Iş Ilamana örän agyr düşýärdi. Ýöne näme-de bolsa gowudy. Adamlaryň arasydy. Iň esasy zat günortanky ýarmady. Ol agşam ýatyrka-da şol ýarma onuň göz öňünden gitmeýärdi. Ýygnak bolandan soň üçünji gün Ilaman ir bilen tüwesini alyp işe ugrady. Onuň keýpi kökdi. Onuň ýekesirän göwni adamlary küýseýärdi. Çaltrak olara goşulasy gelýärdi. ýöne garaşylmadyk ýagdaý onuň keýpini duw-dagyn etdi. Meretgül kempir onuň öňünden hasanaklap çykdy. Soň Ilamana azymly gygyrdy. – Sen ýetimek, öz hetdiňi haçan biljek – Onuň eýmenç keşbi, tüýdülen saçlary, çözülen alyndaňysy Ilamanyň ýadyna al-arwahy saldy. Oglan tüwäniň bagyndan berk ýapyşyp durşuna, doňup galdy. Ol aýal bolsa Meretgüle meňzeýäninden arwaha köp meňzeýärdI. Ol ellerini hereketlendirip tans oýnaýan ýalydy. Ilamanyň gözleri petredi, Gulaklary welin şaňlap-şaňlap açyldy. – Saňa näme tabşyryldy? Ol günki süýt bilen beren çöregim gözüňi tutsun. Şony bermedik bolsam, sen nirede ýatmaly, buwat. Häý, edeniňi bilmez näletkerde. Indi saňa derek men ýapraga gitmeli, indi şu adym, abraýym bilen... Onuň diýýän zatlaryny eşider ýaly däldi. Ilaman mundan artyk çydamady. Ol tüwäniň yzyna eýerip gaty-gaty ýöräp gitdi. Kempir agyly uwlady. – Aý, gargyş gabu-uw, nirä barýaň, dur-r-uw! Ilaman durmady. Onuň keýpi bolmansoň Akga brigadiriň uzakdan ýetip gelýäninem görmedi. Akganyň keýpi kökdi. Emma Meretgülüň aglap duranyny görüp, gany depesine urdy. – Hä, ýeňňe, näm boldy. Aýt, how, aýt. Meretgül tatyr-tatyr edip gepledi. – Hana möjegiň, hana-da taýhanyň. Turanyna bir gün boldy, bir pudak tut ýok. Elimi bereýinmi, aýagymy bereýinmi oňa... Akganyň ham-hyýaldan doly başyny gahar-gazap elendi. Ol atyny yza dolady. Ep-esli meýdandan ýene-de yzyna dolandy. Gazaply sorady. – Ol... nirä güm boldy? Meretgül düňňür-düňňür etdi. – Hol, Sapar Durdynyň brigadynda işleýämiş. Akga atyny gorgunyna berdi. Bu gün Ilamanyň işläp keýpi bolmady. Onuň Hudaýberdä nämedir bir zat aýdasy gelýärdi. Ýöne aýdyp bilenokdy. Sebäbi bu gün irden bolan gykylygyň beýle ýatmajakdygyny bilýärdi. Agşam gykylygyň has ula gitmegi mümkindi. Şol wagt aýallaryň biri gygyrdy. – Hana, Akga brigadirem-ä gelýär. Ilamanyň ýüregi bir zat aňyp tyrsyldady. Ol Akganyň ýabysyny gorduryp gelýänini gördi. Akga özi üçin gelýändir öýtdi. Häzir ylgap onuň öňünden çykasy, «front meýdanda» işläsiniň gelýändigini aýdasy geldi. «Meretgül kempiriňkä iberme» diýip ýalbarasy geldi. Akga «front erigiň» ýanyna garşy aýlandy. Sapar brigadiriň ýanynda az-kem saklanyp, göni bärligine gaýtdy. Ilamanyň ýüregi has gaty tarsyldady. Onuň süňüni gorky gaplap aldy. Hudaýberdä gysmyljyrady. Soň onuň arkasyna geçdi. Akga atyny Hudaýberdiniň üstüne sürdi. Soň Ilamana gazaply gygyrdy. – Sen näme?.. Sen näme bu ýerde entäp ýörsüň? Seni nirä berkitdim? Hä?.. – Ilaman näme diýjegini bilmedi. Onuň brigadire diýip, düşündirjek bolup oturan sözleriniň bary başyndan uçdy. Ol ýene-de bir zatlar diýjek boldy. Akga azymly gürledi. – Düş öňe, itiň çagasy. Häzir baraly, seni paýa daňyp, edişime seret... Ilaman gorkdy. Ol Hudaýberdä tarap götinjekledi. Öňem gahar gazany lasyrdap duran Akganyň jallyk erinleri gulagyna ýetdi. Onuň ýüzi durşy bilen gyşyk gözüne tarap aýlandy. Ýalaňaç galan jylk sary dişleriniň jygyrdysy Hudaýberdä eşidilip gitdi. Ol üzeňňiniň üstüne galyp, ýabysyny batly debisgeledi. Hudaýberdi ekabyrrak bolansoň ýaby ony basyp geçmän, onuň gapdalyndan dolanyp, Ilamanyň üstüne aýlandy. Akga gazap bilen gamçyny saldy. Ilamanyň eli, kellesi, arkasy erbet daglanyp, daglanyp gitdi. Ol süňňünde ýyldyrym bolup çakan elhenç yza döz gelip bilmän jynssyz gygyryp bökdi. Emma gamçy goýar ýerde goýmady. – Düş diýýän öňe, it ogly. Düş diýýän saňa, öldirin... Ilaman atyň öňüne düşüp, uwlap ylgady. Gamçy ýene-de galgady. Birdenem ýaby ürküp beýlä zyňdy. Ilaman Akganyň gamçysydyr öýdüp yzyna gorkuly ýalt etdi. Işläp duran aýallar «waý-da, waý» bolşup, Akga tarap ylgaşdylar. Bu ýagdaýy görüp Hudaýberdi çydam edip durup bilmedi. Ol arslanyň çagasy ýaly bolup öňe topuldy. Akgany özüne çekip, ony atdan agdardy. Aljyran Akga garşylyk görkezjek boldy. Emma Hudaýberdi eýýäm ony gagyrdadyp aşagyna salypdy. Onuň azan terne ýaly kellesini gatan kesege batly urýardy. Akga güýçli dyzanyp turdy. Ol elindäki gamçysy bilen Hudaýberdini saýgylady. Hudaýberdi onuň gamçysyndan çekinip durmady, arlap ýene-de topuldy. Zarp bilen gamça ýapyşdy. Ýylgyn sapynyň ujy döwlen gamçyny gaňryp alyp, Akgany saýgylady. Akga düýrügip gapdala garşy gaçdy. Aňyrdan ylgaşlap gelýän aýallar Hudaýberdini tutdular. Akga daňa galan kirpi ýaly hasanaklap, ýorgalap barşyna haslap-haslap gargynýardy. Sögünýärdi. Hudaýberdi köşeşdi. Ol Akganyň gamçysyny gapdala zyňyp goýberdi. Beýle-beýle bolar diýip asla oýlanmadyk brigadir tutlugyň içine sümülip gitdi. Heniz köşeşmedik Ilaman ýerinden gozganyp bilenokdy. Onuň arkasy, boýny ot bolup ýanyp durdy. Sapar brigadir, Ogultäç onuň ýanyna ylgaşlap bardylar. Sapar onuň daraw-daraw bolup, ganjaryp duran köýnegini galdyrdy. Oglanyň arkasy tasma-tasma bolup, gyzyl ýara bolup durdy. Aýallaryň «wah-wahy», elhenç gorky, çydap çekerden agyr agyry, ýalňyzlygyň ýowuz horlugy Ilamanyň ýüregini ersdirdi. Onuň gözlerinden ýaş sil bolup akdy. Aýallar ony göter-göter edip düşelgä getirdiler. Bu ýagdaýdan soň hiç kim işläp bilmedi, adamlar arakesmä çykdylar. Günorta arakesmesinde gürrüň diňe Akganyň zalymlygy barada gitdi. Ilaman welin köşeşip bilenokdy. Akganyň muny beýle goýmajagy bellidi. Ilaman ondan gorkýardy. «Indi nädip öýe baryp bolar? Ýa-da Hudaýberdilere gidäýsemmikäm?» Hudaýberdi ýadyna düşende onuň dünýesi giňeýärdi. Şonuň ýaly batyr, edermen däldigine gynanýardy. «Eger-de Hudaýberdi ýaly bolsam, onda ol meni beýle horlamazdy». Sapar brigadir Ilamany sylady. Ona tutuş ýarty çörek bilen, bir tabak ýarma berdirdi. Emma oglanyň bokurdagyndan hiç zat geçmedi. Onuň ýarma baradaky, ondan doýup iýmek baradaky bar höwesi ýatypdy. Onuň damagy dolýardy. Ogultäç onuň ýanyna gelip oturdy. Olam aglaýardy. Gözleri gyp-gyzyl bolupdy. Ilamanyň arkasyna bägülüň guran ýapragyny sepdiler. Bu melhem ýarany has awuşadýardy. Ýöne aýal adamlaryň hoşamaýy ýarym göwün oglanjyga melhemdenem beter hoş ýakýardy. Sapar brigadir Ilamana ýarmany iýdirdi. Soň Hudaýberdini çagyrdy. Ol horja oglany öýlerine eltmegi tabşyrdy. Hudaýberdi bu ýumşy höwes bilen ýerine ýetirdi. 2. Bu gün Akga üçin aýratyn bir elhenç gün boldy. Edil düýşünde sygyr münen ýalydy. Edeni ugruna däldi. Ýogsa, ol öýünden juda keýpli çykypdy. Ol dorýabysyna münensoň dodaklaryny salpardyp, erinlerini gyşardyp özbaşyna ýylgyrýardy. Näme üçin ýylgyrmajak?! Ýeri, näme üçin ýylgyrmasyn!? Hudaý oňa serpaý don geýdiren ýaly ahyry. Hany, obany alyp gör. Heý, özüni oňarýan erkek göbekli barmy? Hany, birijigini tap. Tapmarsyň. Gözläbem oturma. «How, diňe Çynarlynyň özünden gör, näçe adam! Bä-h. A tutuş «Ynkylapdan»!? Akganyň düşünişiçe, «Bu uruş ahyrzamana golaý wagtdaky uruş bolmalydy». «Heý munça adamam urşa gidermi? Özlerem şol gidişleri. Bir ýyl boldy. Tutuş bir ýyl. Emma olaryň birindenem derek ýok! ...Bä, şu-how urşuň mädesi juda ir-ow. Şu Kerweni! alan bolsa, bä»... Akga howatyr aldy. Hopukdy. Ýabysy birden, birden büdreýän ýaly boldy. «Aý, ýok, ýok. Akganyňky gelendir. Döwlet gelse goç ýigide Üç-dört öýlener, öýlener, ah-ow Leýlim». «...Eger döwlet gelmedik bolsa Akga-da Sibirde gözüni açardy. Hany, onuň bitiniň burny ganaýamy?! Ýok. Ana, illeriň ýüzüňe äňet. Otuň-çöpüň gögi öwsüp durandyr. Akga welin Akgadyr. Çagalarynyň ýüzi edil almadyr, alma. «Aý, çörek nämaý? Çörek hiç-le. Wah, üç-dört öýlenmeli, üç-dört». Kerwen aga bolan ýigrenç Akganyň ýüreginden çykmaýardy. Ol Kerwen agany namart hasaplaýardy. Ol hemişe «Bolduň meň başyma hakykatçy!» diýerdi. Kerwen aganyň özüne juda ynamsyzlyk bilen garaýandygyny duýýardy. Şol duýgy bolsa ýigrenjiň aňrybaş görnüşine öwrülipdi. Ene meselesinde hem onuň «burnuny sokjamagy» Akganyň aňyrsyny bärsine getirýärdi. Ol häzir geçen ýylyň güýzünde Kerwen agany gamçy bilen çalanyna monça boldy, ýöne has berkiräk daramanyna gynandy. Kerwen aganyň fronta gitmegi weli Akga üçin toýdy. Ol muňa begenýänini birki ýerde agzyndanam sypdyrypdy. «Aý bolanda näme, ýagyň Kerwen bolsa, atyň öňüne gülli ýorunja dök». Akga şeýle sözlemiň kellesine gelenine begendi. Ol bu söz akyllylygyň aňrybaşydyr öýdýärdi. Ylaýta-da oturyşlyklarda, birki bulgur çakyşdyrylansoň iki sözüniň biri şu sözlemdi. «Aý, pylanyň pylan bolsa, aý, pylanyň pissigan bolsa... atyň öňüne gülli ýorunja dök!». «Dogrudaý walla. Adam adam bolmak üçin ilki bilen bagty gelmeli». Bu pikir Akganyň özüniňki däldi. Ol onuň ejesiniň oglunyň gulagyna çagalykdan guýan pikiridi. Akga Enäniň ejesini görende hemişe ejesi ýadyna düşerdi. Gyzsoňy totam. Akga ejesini uly buýsanç bilen göz öňüne getirdi. Obanyň aýallarynyň kethudasy! Etseler-etmeseler toýda-ýasda erkek kişiler bilenem salyşybererdi. Gör, Akga kimiň ogludy. Hawa, onuň ejesi pygamberdi-le. Ol hemme zady bilýädi... Ol ölmänkä «Ynkylabyň» gyzlarynyň balaman ýalysyny Akganyň ýorganyna saldy. Öý, mal, mülk baryny ogluna goýdy». Akga ejesiniň sözüni ýadyna saldy. «Sen oglum, marly elekde elenip, sary ýaga ýugrulansyň. Öwlüýälere älem dakyp, garynjalara iým döküp alnan ogulsyň. Seni düýşümde pygamberler omyn edip berendir. Edeniň ugruna bolar, işalla». Ine bagt diýip şuňa diýäýseň! Akga ýabysynyň badyny gowşatdy. Sebäbi Eneleriň öýüne has golaýlapdy. Onuň ýüzüp ýören pikir köli bolsa durşuna lezzetdi. Ol şeýle oýlardan ganyp bilmeýärdi. «Ýogsa näme, heý, ganar ýalymy? Ol bagtly. Edeni ugruna, birgat, harman elinde, sklad elinde, bugdaý... elinde. Ol Enäni ýatlady. Birdenem tisginip gitdi. Meretgülüň perişan haly onuň ganyny gaýnatdy. Ol nirä, näme üçin barýanyny ýadyndan çykardy, atyna gamçy çaldy. «Sen bir itiň çagasy, duruber bakaly!» Akganyň ýüregindäki gahar-gazap ýene-de myggyldaşyp başlady. «Ýok, ony beýle goýmaly däl. Iti güjükliginden dalamaly. Oňa şu gün kimdigiňi ýagşyja tanatmaly. It oglynyň ýanynda oturdy. Soň oňa lak atan bolupdy. Akganyň bolşy Hudaýberdä ýaramandy. Akga-da «aý bu-ha ýumruk ýaly oglan-la» diýip, ony äsgermändi. Ine, birden Akganyň depesinden çalgynyň agyr sapy inipdi. Görse, şol ýumruk ýaly oglan, Akga ünsem bermejek bolupdy, çalgy sapy birki gezek gomuna degensoň welin, ýapdan nähili böküp geçenini duýman galypdy. Oturanlar gyzyl-gyran bolup gülüşipdiler. Hudaýberdä «berekella» aýdypdylar. Akga şol wakany ýatlanda hasam utandy. Çünki, şol gürrüň iliň dilinden köp wagtlap düşmändi. Bir ujy bolsa aýalyna ýetipdi. Bu günki waka ony hasam eýmendirdi. Ýöne bir zat onuň göwnüni suwlandyrdy. Ol özüniň kimdigini görkezdi. «Hawa, ojagaş oglanyň eýini ýetirdi. Hudujygam bir gün elime düşer. Durubersin» Akga ýerinden hyk-çoklap galdy. Onuň aýagynyň çykan ýeri, otyr ýeriniň gapdaly bijaý agyrýardy. Arkasy syzlap durdy. Ol tutlukdan çykanda, ýabysynyň Eneleriň işiginde duranyny gördi. Akga öýe girmedi. Ol Enäniň «Hany öýe gir-dä» diýip, gözlerini güldürip eden mürähedini kabul etmedi. Hyklap ýabysyna mündi. Soň Enä eşitdirip, Meretgüle ýüzlendi. – Ýeňňe, sen bir zat et. Gurçukdan özüňe düşjek paýyňy al, galanyny, hol, it oglunyň öýüne taşlap gaýt. Ýagşylyga ýaraşmazyň biri diýsänim. Goý, özi seretsin. Görsün kimiň kimdigini. Seretmänem görsün, gözüni Sibirde açdyraýyn. Ol atnyň başyny ters ugra öwürdi. Kempir Akganyň sözüniň manysyna soň düşünip galdy. Ol tasanjyrap öýe girdi. Öýde düýnden bäri aç gurçuk şibirdäp ses edýärdi. Meretgüli howul aldy. Ol kän bir oýlanyp durmady. «Äkge diýdi gutardy. ýaryny diýse, baryny äkitmeli. Ýumruk ýaly garra gurçuk nämesine gerek. Men o dünýäm bilen ýaşap ýörmeli halyma, gör nämelere bulaşyp ýörün». Meretgül özüne käýindi. Niräniň ýok zadyny boýnuna alanyna ýanyp-bişdi. Ýöne pile saramaga az galan gurçugy äkitmäge dözmedi. 3. Nursoltanyň aýrylmagy Sülgüniň bilini üzüpdi. Ol indi başyny galdyryp bilenokdy. Ýerinden galsa ýüregi aýagynyň astyna patylap gaçaýjak ýalydy. Öýde iýmäge bir dişlem zat ýokdy. Bolanda-da bişirmäge adam ýokdy. Üzümgülüň bir döwüm tötegi, Arzy doktoryň beren sary uny bireýýäm gutarypdy. Oňa bolsa köpräk iýmek gerekdi. Ysgynyna gelmek gerekdi. Hany, näme iýmeli? Onuň özündenem beter gyzy Aýsoltanjyk hem gurap barýardy. Ol ysgynsyzja ellerini serip, «Eje, çörek» diýende Sülgüniň öňem deşim-deşim bagry, paralanyp gidýärdi. Ol öň bagrynyň bir taýyny aldyransoň, Aýsoltanynam elden gidererin öýdüp gorkýardy. Şonuň üçin eline ilen zady gyzynyň agzyna tutýardy. Aýsoltanjyk süýnüp ýatan ejesiniň ýanyna geldi. Ol horja eljagazlary bilen ejesiniň guran elinden tutdy. – Eje, iýjek. Eje iýjek. E-j-e-e! Sülgün ýüzüni çytyp dik oturdy. Soň gyňajy ysgynsyz çekdi. Onuň ujunda düwen düwünçegini uzak wagtlap gözledi. Soň ony howlukman açdy. Onuň düwünçeginde ýarty owuç gowurga bardy. Ol çala gowrulan gyzylymtyl bugdaý dänejiginiň birijigini emaý bilen alyp agzyna atdy. Soň ondan bir çümmüjek alyp, gapdala ýazylan ýama-ýama keçäniň üstüne sepeläp goýberdi. – Aýjan, Aýsoltanjan, al, al, gyzym. Aýsoltanjyk ejesine elini serdi. Sülgün düwünçeginden ýene-de bir çümmüjek alyp, gyzyna görkezip, keçäniň üstüne sepip goýberdi. Aýsoltanjyk tigirlenip gitdi. Sülgün agzyna salan dänesini uzak wagtlap çeýnedi, Onuň dili, dişi dänäniň tagamyny duýmaýardy. Ol agzyny dolduryp ýuwdundy. Onuň gözüniň öňüne possuk ýaly tegelenip duran mele myssyk nan geldi. ...Heý bu obada Sülgün ýaly çöregi gowy bişirýän aýal barmydy? Onuň bişiren çöregini bir dadanlar ömür ýadyndan çykararmydy? Toýda, ýasda-da onuň bişiren çöregi mesaňady. «A gyz, şol Sülgüniň çöreginden bir döwüm äber». «A gyz, pylan ýerden pylan aga gelipdir, Sülgüniň çöreginden äbereweriň». «Sülgüniň çöregini ýygnaň, ýadap gelnensoň çaý içenimizde gerek bolar» diýenlerinde Sülgün näme üçin begenmedikä? Näme üçin şol günleriň lezzetini duýmadyka? Indi şol çörekler çykan tamdyr ýumrulyp ýatyr. Sülgüniň elini hamyrly tabaga sokmanyna niçeme aýlar geçdi. – Wah, Myratly bolan bolsady... Sülgüniň bar arzuwy Myratlydy. Şol gelse düneýler düzeläýjek ýalydy. Heniz gelinlik menzilinem ýagşy ýöremedik gelniň gursagynda ullakan dert, wawa bardy. Ýigrimi ýaşamanka elden şuňkaryny aldyran gelniň bagryna köz bolup basylan şol dert ony ýerinden galdyrmaýardy. Eger häzir Myratly bir ýerlerden çykaýsa, onuň boýnuna böküp, ähli derdini aýtsa, ýüregi ýeňlejekdi. Onsoň Sülgün üçin beýle bir agyram bolup durmazdy. Sülgün iňledi. Ol beýdip ýatmadanam, zeňiň, çygyň gelip duran içeridenem, deriň dymyk, agyr koky kükäp duran ýorgan-düşekdenem iripdi. Onuň daşaryň howasyndan dem alasy gelýärdi. Ol meýdanyň gyrmyzy sary reňkini görüp ýatyrdy. Gyz wagty ertirden agşama çenli gelinler bilen gülşüp, degşip işlän ýerlerini göresi gelýärdi. Ol şeýle süýji arzuwlar bilen irkilenini duýman galýardy. Düýşünde bolsa dünesi düzüw. Ine, Myratly Nursoltanyny bökdürip, ala ýaz bolup otyr. Aýsoltanam olara goşulyp, jagul-jugul gepläp otyr. Özi bolsa hemişe tamdyryň başynda. Ol birden munuň düýşüdigini düýşünde duýýardy. Çöregim ýanaýmasyn diýibem tisginip oýanýardy. Oňa ýatuw ýokdy. Ukynam aryp işden gelip, dünýäni düzüwläp alsaň. Nursoltanjyk Sülgüniň derdiniň üstüne dert goýupdy. Ol gyzy barada däl-de, adamsy barada oýlanypdy. «Sülgünim, çagalary saňa tabşyrýan, olary hor etme, gelerin». Bu sözüň astynda uly ynam bardy. Ýöne adamsynyň ynamyny ödäp bilmändigi baradaky oý ýaş gelniň içini it bolup iýýärdi. Ol Myratlysyny getirýärdi. Oňa bu ajy habary telim dürli edip aýdýardy. Emma adamsyny ynandyrar ýaly, özüni aklar ýaly delil tapmaýardy. Myratly ýigidiň gülüdi ahyry. Sülgün onuň nähili mert ýigitdigini göre-duýa durmuş gurdy ahyry. Ol onuň ejesine hossar boldy. Ony eliniň aýasynda saklady. Jaýyna göçüp geldi. Ejesine ogul boldy. Ölen wagty nähilliler edip jaýlady. Ejesi pakyr gidende müňdebir razydygyny aýdyp, dünýeden ötdi. Aýsoltanjyk bolanda: «Ejemiň ady geldi» diýip, Sülgüniň ejesiniň adyny dakdy. Indem oglum bolsa «öz dädemiň adyny daksam» diýdi. Gyzy bolanda hasam begendi. «Ejemjanyň ady geldi diýdi». Ol ýene-de ogla garaşýardy. Uruş gelip ara gör, nähili sowuklyk saldy. Hany onuň Nursoltany... Ol zordan ejesine ýetipdi. «Ejem! Ejem!» diýip nähili görýärdi, gyzyny... Wah, bu belalar bolmadyk bolsa Sülgün ýylda birini dogrardy. Myratlynyň göwni bitse bolýardy... Ol şu oýlaryň aňyrsyna ýetip bilmeýärdi. Bu oýlaryň düýbi deşikdi, aňyrsy ýokdy. Şol gidip oturmalydy. Näçe aňry gitseň täze-täze garaňkylyklar başlanýardy. Sülgün bolsa şol gidip barýardy, gidip barýardy. Ony ukusy, ukusynda-da diňe iki zat biynjalyk edýärdi. Bir-ä, çöregi ýanyp barýardy, birem «Myratly eýýäm gelen bolaýmasyn, meni oýarmaga dözmän oturan bolaýmasyn» diýen pikir biynjalyk edýärdi. Ol ýene-de uka gitdi. Gapy jygyldap açyldy. Içerik çöregiň ysy ýalp edip, ýaýrap gitdi. Sülgün bir tamdyr çöregi saçagyň üstüne ýaýratdy, her haýsy günüň bir tegelegi ýaly ýalpyldap, gözüňi gamaşdyrýan çörek. «Gurbanyň bolaýyn çörek. Haýsyndan döwjek bulaň». Sülgün döwmäge dözmedi. «Goý, Myratly döwsün». Ol çöregiň ysyndan doýupdy. Birden onuň ýüregi akyp gitdi. Indi näçe gün bäri duz datmadyk, nem emmedik içegeleri jugurdaşdy Ol tutuş bir çöregi eline aldy. Ep-esli döwüp agzyna saldy, ýene-de döwüp aldy, ýene-de... Ol çöregiň azalýanyna gynanýardy. Emma saklanyp bilenokdy. Ýene-de birini eline aldy... – Gelneje, gelneje – Ol nätanyş sese oýandy. Alasarmyklykda Ilamany tanady. – Gelneje, ýatyrmyň? Ilaman ýylgyrýardy. Sülgün özüne geldi. Ol gözlerindäki çalymtyl gyzgylt perdäni gaýta-gaýta süpürdi. Ol gözlerine ynanmady. Birwagtky bägül ýaly näzik ýaňakly, läle gözli mährem oglanjyk däl-de, çekgelerinde etleri tokgalanan, ýaňagy ýanan, maňlaýyna agyr günleriň möhri düşen ýigitlige-de ýetmedik adam durdy. Gözleri welin şol çaga gözlerdi. Şol Ilamanyň gözleridi. Sülgün uýaldy. Ol ýorganyny çekişdirdi. – Gel, Illijan, geç – Ilaman çarygynyň bagyny çalt-çalt çözüşdirdi. Soň töre geçdi. – Gelneje, näme bolýar, saňa?! – Wah, gelnejeň gursun. Bir döw-ä çaldy. Ýerimden galyp bilemok, didäm... Nämediginem bilemok... Ilaman goltugyndan ýarty çörek çykardy. – Gelneje, çörek getirdim. Men brigadada işleýän. Çörek, ýarma berýäler. Bu gün has köp berdiler. Onsoň saňa alyp gaýtdym. Sülgüniň gözleri ýalpa açyldy. Onda nähilidir bir ägirt güýç emele geldi. Çöregi garbap alasy, ysgap-ysgap göresi geldi. Emma ejap üstün çykdy. Eli uzamady. – Men häzir saňa çaýam gaýnadyp bereýin – Ilaman böküp turdy. Bir goltuk odun getirip peji otlady. Öýlerindäki suwdan getirip, tüňçäni peje oturtdy. Öý ýyladady. Ys-kok, çygyň dymyljyk ysy ýom-ýok boldy. Ilaman jübüsinden düwünçek çykardy. Ondan böwürsleniň guradylyp, owradylan ýapragyny alyp lakyrdap gaýnaýan tüňçä birki çümmük atdy. – Ine, şunam saňa getirdim. Böwürsleniň ýapragy. Çaýy gowy bolýar. Sülgüniň gözüne ýaş aýlandy. – Arkadagym, Illijan, bu ýagşylyklaryňy nädip gaýtararyn, didäm... Ilaman çaý demledi. Sülgün çaýly käsä batyrýan çöregini çeýnemän ýuwudýardy. Gaýta-gaýta düwünýärdi. Ol döwüp alan çöregini iýip bilmedi. Gyzy Aýsoltan ejesiniň eline topuldy: – Mekki, mekki. Iýme – Sülgün ýene-de ýuwdundy Ilaman jübülerini sermeşdirdi. Ol keýik aşygy ýaljak çörek çykaryp, Aýsoltana uzatdy. Emma gyzjagazyň sesi ýatmady. Şol wagt öýe Meretgül, girdi. Ol öýdäkileriň howalasyny basdy. Sülgün ýaşmagyny agzyna çekdi-de ýygnanyp oturdy. Aýsoltanyň garaja gözlerindäki ýaş damjalary monjuk ýaly bolşup doňup galdy. Ilamanyň ýadyndan çykyşan ýaralary sorkuldap başlady. – Manmy, mansaglykmy, a gyz – Meretgül samyrdap iç işige çökdi. – Soň Ilamana garady: – Waý, toba, hudaýym, ölmedik adam her haýsyny görjek eken, gyz – Ol Sülgüni tutundy. – Gor, muny. etäňedi gör. Iki naçar bolup aglap-eňräp, görgimizi görüp ýörüs. Bu bolsa... – Meretgül ýaşmagyny ýalady. – Aý, musurman çagasy, sende bir rehim-şepagat bolmazmy? Sen bir erkek oglan ahyry, ýeňil aýak, kömek beräýmel-ä, geläýmel-ä... Ilaman näme diýjegini bilmedi. Ol Sülgün gelnejesiniň önünde goýan çaýly käsesine büdräp ýerinden turdy. Häzir onuň arkasynyň agyrysy bütin endamyna ýaýrap, ýüregi larsyldap urýardy. Ol öýlerine ugrady. Enäniň ejesiniň yzyndan gelýänini görüp, ýüki has hem agraldy. Arkasynyň ýaralary bolsa «men bar, men bar» diýip larsyldap durdular. Ilaman garaňky ýagşy düşýänçä ýaprak ýygdy. Soňra ýapragy bir topbak edip, ýüpe çykady. Onam arkasyna aldy. Emma bolmady. Ol gyzgynyna inçejik ýüpi egni bilen batly dartyp dyzasa-da, netije çykmady. Gaýta, elhenç agyry gözlerinden gözýaş paýratdy Ol ýene-de oturdy. Ilaman arkasynyň awusyna çydap, ýaprakly topbagy dyzanaklap, dyzanyp ýene-de arkasyna aldy. Yranyp, yranyp ýerinden galdy, soňra emaý bilen ýöräp ugrady. Ol ýöräp barşyna dişlerini berk gysýardy. Arkasynda larsyldaýan ýaralar gyzyp awuşaýardy. Gürsüldäp-gürsüldäp gidýän ýüregi «Otur, otur, otur!» diýip, onuň erkine badak atýardy. Ilaman dişini hasam batly gysdy. Dişiniň agyrysy näçe güýçli bolsa-da ýüreginiň gürsüldisinden üstün çykyp bilmeýärdi. Ol dodagyny dişledi. Dodagynyň awusy ýürege ornady. Şol arada ýüregine sowuk-yk salmak üçin pyşyrdap gürledi. «Häzir şo-ol salma çenli ýöräýin, soň oturaryn!» Salma ýetensoň aňyrky uly kesegi belledi. Kesege ýetensoň bellemäge pellehana gözläp töweregine gözledi. Ol uly ýola golaýlan wagtam gözleri ýalpyldap, tüwdürlip gitdi. Güpürdä ýoldan geçip barýan kimdir biri «Waý» diýip seslendi. Soň tuduň ýapragyny şagyrdadyp bäri gaýtdy. – Ilaman, Ilaman! – Ol ýapragy beýlä agdaryp, Ilamany ýerden göterdi. – Illi jan, näme boldy! – Ol Üzümgüldi. Ilaman hyklap urundy, dyzanaklap ýerinden galjak boldy. Üzümgül onuň köneje gulakjynyny kakyp başyna geýdirdi. Soňra arkasyndaky gumy kakjak boldy. Eli öle degip tisgindi. – Aý, oglan, arkaňa näme boldy – Ilaman awap Duran ýagyrnysyna el degensoň hasam buruldy. Waý, degme, degme, mugallym! – Üzümgül ýygrylyp gyra çekildi. Soň aýal dözümsizligi bilen oglana garady. – Arkaň öl suw-la, seniň. Ýa-da... Üzümgül Ilaman ýykylanda sypjyrlandyr öýtdi. Soň ol Ilamanyň alaja çit köýnegini dözümli galdyrdy. Ilaman ýene-de iňläp, buruldy. Oglanyň arkasy joýa-joýa ýara bolup durdy. Ýaranyň ýüzi sypjyrylyp, ganjarypdyr. Üzumgül ony görüp özüni aşak goýberdi. – Näm boldy muňa, aýt ahyry. Ilaman ony kösemek islemedi. – Aý, neme, Akga birgat arkama gamçy bilen urdy – diýende onuň damagy doldy. Üzümgülüň gözleri petredi: – Haçan urýa, ol eli ysmadyk? Üzümgül onuň jogabyny diňlemedem. Ol tekizräk ýerde oturyp, Ilamanyň kellesini dyzynyň üstünde goýup, onuň arkasyny emaý bilen sypalaşdyrdy. Ilaman gozganmady. Bu oňa şeýle hoş ýakýardy. Onuň ýüregindäki gam-gussa, agyry-ynjy gözlerinden damja bolup suwa mätäç bolup ýatan topraga damýardy. Şol wagtam nirelerden bir ýerden boýnuna, kellesine damýan hünjüleriň ýylysyny ýüregi bilen syzýardy. Üzümgül zol-zol: – Ejize ganym, näkes. Heý, beýtmek bormy? Ejize ganym, näkes! – diýýärdi. Ol Ilamanyň kellesini dyzynyň üstüne alyp, arkasyny sypalap oturyşyna, birden özüne gelen ýaly boldy. Kimdir biri adyny tutýan ýaly boldy. Üýşerildi. – Il-lu-u-uw, adyň ýitsin-u-u. – Bu gygyrýan Meretgüldi. Ilaman oýa çümüpdi. Ol mugallymynyň gozgalaňa düşenini duýup özüni tutdy. Az-kem dynç alany üçin onuň süňňi ýeňläpdi. Dyzlaryna gurbat gelen ýaly bolupdy. – U-u-uw – Meretgülüň gyryk sesi onuňam gulagyna ildi. Ol ýapragy säginmän arkasyna aldy. Ýük hälkiden ýeňläpdi. Tutlukdan çykan ýerlerinde Meretgül garaşyp durdy. Ol oglany görüp ýüregi ýarylan ýaly boldy, ýöne Üzümgüli görüp sesini çykarmady. Üzümgülem, Ilamanam olara golaý baranlarynda gapydaky ýabyny gördüler. Ol Akganyň ýabysydy. Ertesi günorta çaglary Ilaman işden gyssanyp gaýtdy. Onuň biline daňan ýüpi her sagat gurçuga ýaprak ýygmalydygyny duýduryp durdy. Ol tutlugyň bäri gyrasyndan bir arka ýaprak ýygyp, arkasyna alyp Enelere bakan ugrady. Howa diýseň gyzypdy. Tutlugyň içi bolsa hasam dymykdy. Şonuň üçin-de Ilamanyň tuduň kölgesine çökesi, az-kem irkilesi gelýärdi. Yssy howa, boýnuňy ýakyp barýaň der ýüregini darykdyryp, göwnüň diňe salkynlyk küýseýärdi. Ilaman ep-esli ýöräp, bir salymjyk dynç almak üçin uly tuduň kölegesine çökdi. Agyr ýükden boşanyp, salkyn saýa ýeten beden häzir aýdyp bolmajak lezzeti alýardy. Oglan özüni dürsedi. Ýene-de ýüpi boýnundan alyp çekdi. Şol wagt kimiňdir biriniň gülküsi ýakynjakdan eşidilen ýaly boldy. Ilaman gulagyna ynanmady. Indi gülki goşalanyp çykdy. Özem aýal adamyň, hemem erkek adamyň gülküsidi. Ol ýüpi gowşadyp ýerinden turdy. Soň ýapragy goýup, gülküniň çykýan tarapyna ýuwaşja ýöredi. Ilamanyň ýüregi gürsüldäp gitdi. Uly tuduň golaýjagyndaky üzüm çyrmaşan garry tuduň aşagynda otuň üstünde Ene bilen Akga brigadir otyrdy. Akga brigadir Enäni gujaklap, bir zatlar diýýärdi, Ene bolsa jak-jaklap gülýärdi. Ilaman edil ogurlykda tutulan ýaly boldy. Ol bulara seretmegem uslyp bilmedi. Ýöne onuň titräp duran aýaklary ädilmejek bolýardy. Şonda-da gaýrat edip, ýygan ýapragynyň ýanyna geldi. Emma arkasyna alyp bilmedi. Olar henizem gülşüp gürleşip otyrdylar. Ilaman olaryň deňinden geçmäge utanýardy. Şonuň üçin ýene-de ep-esli garaşdy. Emma işe-de ýetişmelidi. Gurçugyňam ýapragynyň gutaran bolmagy ahmaldy. Şonuň üçin-de, özüne zor salyp ýerinden turdy. Agyr-agyr ädimläp olaryň deňinden geçip gitdi, ýöne ýekeje gezegem şol tarapa garamady. Barybir, Akganyň Ene bilen gysmyljyraşyp, hahahaýlaşyp gülşüp oturanlary onuň gözünden gidenokdy. Ilamanyň ýüregi gussadan doldy. Ol ýaşly gözleri bilen Enäniň keşbini ýadyna saldy. Öňki Enä derek solak, bihaýa keşp onuň gözüniň öňünde dikeldi. Şol günden soň onuň Enä bolan hormaty öçdi. Onuň çaga ýüreginde ýene-de bir adamyň orny boş galdy. Kauçuk ýaşajyk ýowşan ýaly bolup, gün-günden boý alýardy. Şeýle möhüm ähmiýetli zat bolansoň, keleme, bugdaýa tutulmaly suwuňam ilki bilen şoňa tutulýan wagtlary az bolanokdy. Onuň otuny otamaga, düýbüni ýumşatmaga aýratyn üns berýärdiler. Aslynda bu ösümligiň şu töwereklere ilkinji gezek ekilişi bolansoň, baý «näzini» çekýärdiler. Raýondan yzygiderli gelýän wekiller ilki bilen şol plantasiýa aýlanyp görýärdiler. Anna aga günde bir, kä gün bolsa iki gezegem şu ýere aýlanýardy. Ol bu günem kauçuk plantasiýasynyň gyrasynda atdan düşdi. Soňam göni Ilamana bakan gaýtdy. Ilaman Anna aganyň Akga brigadirli meselede kakasyna azgyrylanyny undanokdy. Şonuň üçinem ondan daşrak bolanyny kem görmeýärdi. Ol kakasy fronta ugrajak bolanda başlygyň gelip gideninden habarsyzdy. Şonuň üçin, häzirem süňňündäki gorkynyň ygtyýaryna berlip gidere ugur gözledi. Başlyk bolsa ýetip gelipdi. Ol alaçsyz salam bermeli bolupdy. – Maleýkim, essalam, tüweleme, Ilamanjan, sen dänim ullakan ýigit bolup barýaň. Berekella köşegim, berekella – Başlyk kellesindäki tüýi gytygrak telpegini depesine süýşürip, derden ýaldyrap duran maňlaýyny gamçyly eliniň bir barmagy bilen syrdy. Ilaman barmaga ilen der damjalarynyň düşjek ugruna garşy seretdi. Ýöne damja syçramady. – Oglum, by, Üzümgül gelin bir zat diýdi. Akga brigadir dänim gamçy bilen seni saýgylapdyr – diýdi. Bu dogry gepmidir? Ilaman ynjyly gürledi. – Arkama urdy. Henizem yzy gidenok. Başlyk onuň köýnegini galdyryp arkasyna seretdi. Soňam hiç zat diýmän atyna bakan ugrady. Aňyrrak baryp ýene-de yzyna öwrüldi. – Sen arkaýyn işläber, elini dänim batyran bolmaz... Ilamanyň arkasyna gamçynyň salan tasmasy Anna aganyň ýüregini endiredipdi. «Heý, neresse çaganam beýdäýmek bormy? Bu adamyň ýüregi daşdanmyka? Özem-ä indi ep-esli ýaşan adam... Häk, Kerwen, Kerwen men seniň göwnüňe dänim, biderejik degdim-dä, gardaş. Seniň dänim, aýdan kepiň ýüregimden haçan çykar indi. Ýürege dänim, çykmajak dert-hä salansyň, gardaş...» Anna aga Akga brigadiri göz öňüne getirdi. «Işenir, agyzly – diýip dänim depämize çykaraýdykmy?» Ol atynyň başyny çekdi. Birki günlükdäki bolan wakany ýadyna saldy. ...Uruşdan ewakuirlenip, «Ynkylap» kolhozyna getirilen çagalara seretmäge birneme ýaşrak, mugallymçylykdan, rus dilinden başy çykýanrak zenan maşgala-da gerekdi. Şonuň üçin Anna aga raýona gidip magaryf bölümi bilen ýörite maslahatlaşyp, bu ugurda kömek bermeklerini sorapdy. Şonda oňa Üzümgül mugallymy salgy beripdiler. Başlyk Üzümgüli görmek niýeti bilen Çynarla barypdy. Habaryny aýdansoň, öňem uruş turaly bäri yzygiderli okuw geçirip bilmän ýören Üzümgül bu işe gitmäge göwünjeň razy bolupdy. Anna aga şonda bu gelniň dogumlylygyna haýran galdy. – Başlyk, öz aýagyňyz bilen geldiňiz. Meniňem size bir aýtmagy niýet edinip ýören zadym bardy. Ýörite ýanyňyza barjakdym özem. – Sen, dänim, çekinme, gelin... Üzümgül onsuzam çekinip duranokdy. Ol öňden bäri ýüreginde dykyn alyp duran gazabyny howlukman, sowuklyk bilen söze geçirdi. – Anna aga, il-bende gara günde. Özüni oňarýanymyz gan döküp ýör. Aýal-ebtat, garry-gurty, çaga-çugasyna çenli gara günde. Asyl azgynçylyk ýadyňa düşer ýaly däl... Başlyk howlukdy. – Sen dänim, gyzym, daşdan aýlama-da, diýiber... Üzümgül gazabyna näçe bäs gelip bilmese-de, göwnündäkini birbada aýdyp bilmedi. Olam gyssandy. – Diýip, diýmez ýaly zat ýok bu ýerde. Siziň Akga brigadiriň edip ýören azgynçylygyny görmän ýörşüňize biz-ä haýran. Başlygyň gabaklary sallandy. Ol öz adyna aýdylan tankytdan däl-de, brigadire ýöňkelýän myjabatdan gorkdy. Ýöne gürrüňiň arasyny bozmady. Üzümgül özüniň gepini subut edip bilmez öýtdi. – Indi näçe wagt bäri Goçaklynyň gelni bilen-ä masgara bolşup ýörenlerini uly il gürrüň edýä... – Sen, gelin, iliň gürrüňi bilen gürrüňli boljak bolma. Il agzyny... – Il gürrüňi däl, şonuň atynyň Eneleň işiginde duranyny özümem telim gördüm. Onsoňam iliň ýok gürrüňi tapyp, ony süýndürip, sarkdyryp ýörere şu wagt elem degenok. Düýbünde bir zat bolmasa gürrüň edilmez. Üzümgülüň gaşlary çytyldy. Onsoňam, Kerwen aganyň ogly bir neresse çaga. Golundan gelse, ýok, hökman kömek etmeli adamyň biri şol. Kömekden-ä geçen, ony ne günlere salypdyr. Başlyk parhsyzrak gürledi. – Ol oglan dänim, allanäme işläp ýör ahyrym. – Senem başlyk, ol oglan işläp ýörende-de, git-de arkasyny bir gör. Heý, ynsan balasyny beýtme bolarmy? Kerwen aga bolan bolsady, onuň dyrnagyny döwdürermidi. Üzumgül janykdy: – Atasy frontda, garawsyz galdy diýip etjegiňi ediberer ýaly, ýurdy alahekge soranok. Kolhoz çäre görmese, çäre görjek tapylar. Ýöne size dadymyzy aýtman, kime aýdaly. Anna aga Üzümgüli köşeşdirdi. – Sag bol, gyzym! Sen dänim, maňa gowy ýatlatdyň. Şu zatlary aýtdyrman özüm duýmaly, görmeli. Ýöne dänim, bolýamy. Sen, gaýrat et dänim, şol çagalara göz-gulak bol. Bu zatlaň ugruna, özüm dänim gowja çykaryn... Üzümgül mert maşgala diýip, Anna aga häzir şol gürrüňi ýatlap oturyşyna oýlandy. «Gaty hak aýdypdyr. Kerwen oglunyň beýle-beýle bolmagyna dözermidi. Heý, beýle-de bir dänim, naýynsaplyk bormy?» Ol özüne käýindi: «Birine ynananymda dänim dagyň sili ýaly yňdarylmalymy diýsene. Şonuň gepine gidip Kerweni ynjydanymam adamçylyga sygjak zat däl ahyryn. Indi bütin ömrüňe dert çekde ýör». Başlyk Ilamanyň ýanyndan gaýdansoň, göni Akganyň brigadasyna gitmegi ýüregine düwenem bolsa, häzir başga hyýala mündi. Ol atyny Çynarla sürdi. Enäniň öýdeligi başlygy geň galdyrdy. Ol ýaş gelniň lowurdap duran ýüzüne, bu günleriň ýagdaýynda has ýiti görünýän üst-başyna göz aýlady. Ýöne gürrüňi esasy meseleden başlabermedi. – Gelin, gurgunmy, saglygyň ýagşymy? Ene ýaşmagyň aşagyndan «ýagşy» diýse-de aljyrady. Ol başlyk üstüne geler diýip garaşmadyk borly. Özüni ýitirdi. Ýöne başlyk gepi kän daşdan aýlap durmady. – Işde, beýlekide dänim, görünmänsoň, jany beri sagmyka? – diýip, dänim gaýdyberdim. Sen-ä tüweleme, guraw ekeniň. Onsoň haçan işe çykjak? Ene ýaşmagynyň agzyndan gaçanynam duýmady. Ogurlykda tutulan ýaly bolup durşuna: – Haçan git diýseňiz gidäýerin – diýip erksiz pyşyrdady. Başlygam soňky sözüni aýtdy. – Häzir ugra işe. Sebäpsiz ýeke günem galma. Sen dänim, çaga däl ahyryn. Hemme zady diýip-aýdyp etdirer ýaly. Çagalar dänim, çyr-çytyr bolşup, meýdanda ýatyp, meýdanda turýar. Anna aga gazabyny ýabysyndan çykardy. Ol Akgaly gürrüňi soňa goýmakçydy. Şonuň üçinem atyny göni kontora garşy sürdi. Ýöne ýolda Çynarla bakan gelýän Akgany görenden soň welin gazabyna bäs gelip bilmedi. Ol hemişe kimdir biri gelýän bolsa atyny saklap, garaşardy. Saglyk-amanlyk soraşardy. Ýöne bu gün beýtmedi. Ýabysyny Akganyň göni üstüne sürdi. Bara-barmana-da sowala tutdy. – Birgat, ugur nirä? Akga başlygyň ruhunda nähilidir bir özgerişiň bardygyny aňdy. Şonuň üçin sypjyklyk edip jogap berdi. – Başlyk, seniň bilen iş barada maslahatlaşjak zadym bardy. Ýany «puront erige» barsam, sen Çynarla geçdi diýdiler. Onsoň yzyňdan baraýyn-la – diýip gelşim – Häzir Akga ýalan sözleýärdi. Ol Enelere barýardy. Onuň «front erige» baranam ýalandy. Ýöne başlyk onuň bu gepini alga alyp durmady. – Mesladyň bolsa, dänim, kantura bar. Ýöne häzir sen maňa jogap ber. Kerweniň ogluny näme diýip, dänim beýtdiň? Akga aljyrady. Ol başlyk bu zatlardan habarlydyr diýip, asla pikirem etmeýärdi. Bu gürrüňler başlygyň gulagyna ýeterem öýtmeýärdi. – Jogap ber! – başlygyň sesi zarply çykdy. – Ony eklediňmi, sakladyňmy? Sen dänim, semräp ýörsüňmi? Ýa edenim öz ýanymdan gider diýip dänim, oý etdiňmi, hä? Akga näme diýjegini bilmedi. Ol ýalbarmagy ýüregine düwdi. – Adyňa döneýin, başlyk. Öwliýä kessin. Heý, men oňa elimi degirjekmi? Men, ýok, ol gurçugy taşlap işanlaň ýerine işe gidipdir. Onsoň, hol Enäniň ejesi, hol Goçaklyň gaýyny-laý, aglap dur. Menem: «aý, inim, beýtme, işleseň iş tapylar, sen bir entek gurçugy sowuş diýsem, ýaňky, hol Akjagülüň ogly Hudaýberdi bilen topuldy üstüme. – Akga suwjuk ýylgyrdy. Soň kellesini silkeläp gürrüňini dowam etdi – Menem oýun edip gamçymy bulaýladym welin bijaýrak degäýipdir. Soň duýup, gynandym. Bu gürrüňler saňa ýeter diýip kelläme-de gelenok. Aý, bolan zat ýog-a diýip ýörün. Başlyk sesini çykarmady. Ol häzir Akganyň gepine ynananokdy. Asyl indi onuň garşysynda duran öňki Akga brigadir däl ýalydy. Şonuň üçinem ony burça gysdy. – Bi, Ene-de dänim, seniň üstüňe topulyp durmy? Akganyň çaşy gözi çerreldi. – Haýsy En-äý, ol – Anna aganyň ýadyna oýnuň düşmeýändigini görenden soň welin, ýeli çykan tulum ýaly myssardy. Ýöne ýene-de sypjyklyk etdi. – Öwlüýä kessin, Anna agajan, indi näçe wagt bäri şolara ysymam düşen däldir. Dogry, ýaza golaý birki sapar çaý içip gaýtdym. Soňam dogrusy, iliň dilinden gorkup barmamy düýpden kesdim. Aý, dogrusy gowam däl-däý. Äri ýok, aty ýok öýünde... Anna aga Akganyň gepine ýene-de ynanmady. Şeýle- de bolsa, onuň ýüzüne hiç zat diýmedi. Ýöne gürrüňi welin has gazaply jemledi. Sen gepiňi ýandaklyga urup dursaňam, bir zady bilip goý. Mundan beýläk dänim beýle zat eşidilse menden gaty görme. Onnaň dänim, gowy bolmajagyny özüň bilýänsiň. Şu obada garaň dänim, görünmesin. Işiň, aladaň ýokmy? Brigadyňy taşlap bu ýerde gezip ýörer ýaly. Galanynam soň göreris. Başlyk ýabysynyň böwrüne gamçy çaldy. | |
|
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! - 05.06.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |