09:27 Uzak-uzak ýyllar - 7/ romanyñ dowamy | |
8.
Romanlar
Ertir 1-nji sentýabr diýlen güni Sülgüniň başyna kyýamat gopupdy. Durdy ýasawul şol gün oňa Myratlynyň söweş meýdanynda mertlerçe gurban bolandygy baradaky ajy habary getiripdi. Ajy günleriň özüniň bir ýodasy bolýar ogşyýan-da. Ol ýöne bu biçäräniň üstüni depeledi durdu-la, jan allam. Bu ikimiziň gözümiziň ýaşyndan başga näme aýbymyz bar, jan alla. Arzy doktoryň eňremesi, Üzümgülüň agysy Sülgünin derdini ýeňletmeýärdi. Ol öňem bir «çöpe jan bitdi» diýenleri ýaly, zordan yrgyldap ýörensoň, bu gün ýerindenem galyp bilenokdy. Onuň üstesine Aýsoltanjygyn hem tisginmesi, wägirip-wägirip goýbermesi ýürekleri para-para edip, süňňüne bitmez ýaralar salýardy. – Wah, çagam, wah, balam, goý aglama. Hudaýyň özi gowusyny bilýändir. Belki hudaý, duşmanyň diýeni bolmasyn-da. Arzy doktor Aýsoltanjygy gujagyna alyp eňreýärdi. Gün öýläne aganda Meretgül gelip ýaňy kellesini galdyran Sülgüniň derdini gozgady. Sülgün ýene-de huşuny ýitirdi. – Wah, gara maňlaý, şor maňlaý. Maňlaýyň şor bolmasa balyk ýaly balaňy, çynar boýly hemraňy aldyrarmyň. Hudaý gargan diýerler saňa. – Bu kempiriň aglamjyrap aýdýan sözleri Arzynyň bagryndan hanjar bolup geçýärdi, – Dogup doga dakynmasaň, döräp çabyt ýapynmasaň, galyp öwliýä ýykylmasaň alla seni nätsin, hudaý senden nädip bizar bolmasyn. – Ol sesini peseldip samyrdap gürleýärdi. – Agla, agla, gözýaşyň deňizmidir, wah, wah. Aglap-aglap aňyrsyna çykmarsyň. Gara bagryňy ýakanyň galar, gül ömrüňi ýakanyň galar, wah, wah. – Goý, gyz, Meretgül, bu çaganyň ýüregini ýarýaň. Göwünlik bereniňmi, gaýta. Bu bendeleriň derdine dag goşma, goýaweri – Meretgül Arzy doktoryň özüne ýapyşdy. – Adyňa döneýin Arzy jan, gözüňe döneýin, gyzyýam. Seniň çynar boýly ogluň guma garylanda men aglaman kim aglasyn. Seniň gara gözli ogluň gözi gumdan dolanda men ölmesem kim ölsün, men ölmesem kim ölsün-eý... Arzy doktoryň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Häliden bäri özüni saklap otursa-da ýeke dikrarynyň dünýäde ýokdugy baradaky ajy duýgy onuň beýnisini, ýüregini deşim-deşim etdi. Ol Meretgülüň ýüzüne alarylyp bir seretdi, soň ýüregini tutup gyşardy. Arzy doktoryň ýykylan gününiň ertesi Sülgüniň uluja gyzy Aýsoltanjyk dünýesini täzeledi. Adamlar onuň keseli garahassaçylyk bolsa gerek diýýärdiler. Sebäbi «Sülgüniň özem ýanar oduň içinde ýatyr, nogta ýaly saçy tokga-tokga gopup, dökülip gutaryp barýar» diýýärdiler. Hakykatdanam Sülgüniň iýýän-içýän zady ýokdy. Üzümgül mugallym gün içinde barmak başy ýaly hamyrdan belkejik edip getirerdi. Emma syrkawyň bokurdagyndan zat geçenokdy. Ýöne samyrdap ýatyrdy. Raýon merkezine gidip dogtar çagyrmaga-da adam ýokdy. Sülgüniň derdine ýanmaga Üzümgülüň özüniňem haly ýokdy. Onuň hem işi, aladasy, gaýgysy özüne ýetikdi. Soňky günlerde onuň adamsyndan asyl habar-hatyr ýokdy. Häzirem ol özüniň Bezirgenini ýatlap Sülgüniň başujunda gözlerini sykyp otyrdy. Onuň başyndan müň bir dürli oýlaryň kerweni geçip durdy. Ol pikir kerweniniň aňyrsam-bärsem ýokdy. – Wah, eziz dogan Sülgün, seň deregiňe bu azaplary men çeksem ýagşy bolardy. Gül parasy Aýsoltan, saňa derek men solup gitsem gowy bolardy. – Üzümgülüň eňremesi bu öýe hazan ýeli bolup aýlanýardy. Üzümgül şol zalymyň penjelerine düşmäge taýyn terizde bir gysym bolup otyrdy. – Suw, suw, wah, Aýsoltanym, Nursoltanym, Myratly, suw, jan doganlar suw beriň – Sülgüniň iňňildisi Üzümgüli tisgindirdi. Ol köne suw kädiden käsä suw guýjak boldy. Suw gutarypdy. Ol kädiniň gyrasyndan tutup daşaryk ylgady. Guýy uzak däldi. Ilamanlaryň arka ýüzündedi. Bu guýy ol Bezirgen bilen durmuş guran ýyly gazylypdy. Kerwen aga «Toýa gabat geldi. Indi bu guýynyň suwuny içen Görogludan az ýaşamaz» diýip, olaryň toýunda gürrüň edipdir. «Kerweniň guýusynyň» çarham üýtgeşik ýeňildi, suwam gowudy. Şonuň üçin obada başga-da iki guýy barlygyna garaman, adamlar şu guýa suwa gelýärdiler. Üzümgül çarhy saklap, suw kädä suw guýýarka Meretgülüň özüne tarap gelýändigini gördi. Emma aýak çekmedi. Sülgüniň gözgyny haly, «suw» diýip delminip ýatyşy, onuň aýaklaryna ganat bitiripdi. Sülgün ýanar oduň içindedi. Ol samraýardy, aglaýardy, gülýärdi. Üzümgül beýle derdi, beýle belany hiç haçan görmändi. «Bu gelniň çeken dagy bir adamyň gerdenine agyr dälmidi?» Üzümgülüň gözünden süzülip gaýdýan monjuklar Sülgüniň assary solan ýorganyndan çykyp duran aýaklaryna damýardy. Sülgün erbet tisgindi. Üzümgül içine gaýta-gaýta tüýkürdi. – Näme etmeli? Ol häzir kelebiň ujuny ýitiripdi. Sürüsinden azaşan garlawaç ýaly, nätanyş üçekde busulyp otyrdy. Näme etsin ol. Kime dadyny aýtsyn. Ýa raýon merkezine gitsinmi? Şol wagt gapydan Meretgül girdi. Ol ýalum-ýulum gürledi. – Äý, gysyr gyrnag-a, şunça gygyrsam durmadyň. Ylgaý-ylgaý daljygagaýdym. Ol dyzyna çöküp büzmeksiz dodaklaryny suwkädä basdy, soň it ýaly şalp-şalp edip suw içdi. Üzümgülüň getiren suwunyň köpüsi onuň ýakasyndan dökülipdi. – A gyz, diýýän-ä, bu bagty ýatanyň şo bir bolşumy? – Üzümgül sesini çykarman Sülgüniň ýalaňaç aýaklaryny ýorgan bilen ýapyşdyrdy. – Wah, bu görgülem uzak gitmez, adamyň ýüregi üýtgemesin. Myňky birden bolaýdy-da, äri öldi, iki gyrnak öldi, onsoň ol neneň çydasyn beýle otlara. Ýürek üýtgäpdir, ýürek. Üýtgedigi gutardy, bary bir gutaraýmalydyr. Men bu belalary kän görüpdim, kän... Üzümgülüň ýüregi ýarylara geldi. Onuň aňyna raýon merkezine gidip, doktor çagyrmaly diýen pikir geldi. Ýöne hassany ýeke taşlap gidip boljak däldi. Eýsem, häzir kimden haraý gözlejek. Ol Meretgüle ýüzlendi. – Daýza, men raýona gidip tohtar çagyraýyn, sen şu gelne göz-gulak bolsana, suw diýip turuberýär. Meretgül janlandy. – Bolýa, sen git, ýöne men saňa bir zat aýdaýyn, a gyz. Diňle, ol gurbany gitdigim Oraz şyh bar-a, sen-ä öwýä gyz! Üzümgülüň ýadyna öwgi düşenok. Onuň ähli pikiri Sülgüni halas etmekdi. * * * Meretgülüň aýagy ýere degmeýärdi. «Kyrk ýyldan gyran geler, onda-da ajally öler» diýenleri boldy. Uruş diýdi, galmagal diýdi, il gedaý düşdi. Meretgül welin gönenip galdy. Gaýta, bu galagoply günler oňa düşdi. Adamsynyň aşyny berdi. Onda-da nähili berdi. Eýran tüwüsinden, Samarkant kişmişinden, kiştesinden garyp bişirdi. Onda-da nähili döwürde. Il göz monjugy etmäge ýeke däne tüwi tapmaýan döwründe, ol äriniň aşyny berdi. Äri beýle hezzeti diri wagtam gören däldir... Meretgül öz ykbalyndan ýüzde-müň razydy. Ýöne bir zada welin onuň içi tüteýärdi. Olam Enedi. Ene onuň diýeni bilen boluberenokdy. Ol Akgany ulanmagy başarmaýardy. Muňa bolsa kempiriň her gün jany ýanýardy. «Biziň bu gyrnagymyz mes bolýa. Bir başyny başlady. Indem şol ýerçekeni gysymyna gysyp bilenok. Tamdyra gyzanda ýapmaly. Şu wagt dagy özüm bolsam näderdim, oňa hajyk-hujuk eden bolup, urularymy çäçden doldurardym. Bu gyrnak bolsa guýrugyny bulaýa». Ertesi onuň süňňi has hem ýeňläpdi. Irden turup çaý demledi, işigi süpürip suwlaşdyrdy. Ýüzi suwlurak keçeleriň ikisini düşedi. Soň agşam işden giç gelen Enäni turuzdy. Ene soňky döwürlerde ukudan doýanokdy. Onuň dünýäde iň uly arzuwy ýatyp-ýatyp ukusyny almakdy. Häzir ejesi oýadanda-da onuň ýorgandan galasy gelmeýärdi. – Tur gyz, şeýtanyň diýenine gidip ýatma, tur, tur. Şeýtan: «Ýene-de azajyk ýataý, azajyk ýataý» diýermiş. Şeýtanyň azdyrany özüniňkimiş, tur. Ene ýerinden turup saçyny darady. Soň ýuwnup, keçäniň üstüne geçdi. Ýöne ol ukudan heniz doly açylmansoň ejesiniň süňňüniň ýeňländigini duýmandy. Gaýta, ejesine öz ýanyndan minnetdar bolýardy. Meretgül gyzynyň ýüzüne gülüm-ýalymjyrap seredýärdi. Onuň bolşy häzir uly söwdagärden bolmasyz zady dilejege meňzeýärdi. – Al, gyz, şujagaz gowurdagam käsäňe at, zat iýmäniňsoň ýüzüň-gözüňem solaýypdyr-la. Iý köpräk, ýa gaýgy-alada özüňi halys aldyraýypdyrmy? Ene gözlerini mölerdip ejesine seretdi. – Ýok, ýok, eje, men nämäni gaýgy edeýin. Hudaýa şükür, kem zadymyz ýog-a. Senem ýanymda. Meretgül muňa monça boldy. – Wah, şony bilseňem bolýa-la. Men-ä edenim gara derýa gark bolaýýar diýip ýörün. Dymyşlygy Meretgülüň özi bozdy. – Aý, gyzym, «gelen geçip baradyr» diýipdir öňde bir ýagşyzadalaryň biri. Ejeňem seniň alnyňy alyp durmaz. Onuňam çöpi sanaglydyr. Seniňem garyp ejeňi gury ynjydanyň galar. Biz-ä ölmänkäk ogluň-gyzyn ýagşysyny görüp, gabra giremizsoňam arkaýyn ýatarmykak diýýäs. Arman, bolmady... Ene ejesiniň ýüzüne kirpikmen, ullakan gözlerini balkyldadyp-balkyldadyp garady. – Eje jan, sen nämeler diýýäň. Heý men seniň diýeniňe däl, edeniňe telek diýdimmi ahyry? Meretgül gyzynyň uzyn kirpiklerine ýapyşýan kiçijik gözýaş monjuklaryny gülümsiräp, biperwaý synlady. – Eýse, men şol Äkge jany gysymyňa pugta gys diýip näçeler zarynladym, näçeler aýtdym. Sen welin... Enäniň ýüzi laplap gyzyp gitdi. Şol ýalyn süňňüne ornap, ýüregini pugta mynçgalan ýaly boldy. Ol ýüregini tutjak bolup elini göterdi. Emma ýetişmedi. Ýanyny ýere berdi. Meretgül gyzynyň perişan halyny görse-de görmezlige salýardy. «Goý, kösensin, gyrnak. Garry enesiniň tutanyny goparmasa aýrylmaýanlygyny bilsin, gyrnak». Ol aňyrsyna garap samyrdaýardy: – Atasyzka atasy bolup, enesizkä enesi bolup, ýenesizkä ýenesi bolup ekläp-saklap almytyňy aldyňmy diýsene. Gözüň aksyn, gyrnak. Ýetim guzy saklasaň agzyň-burnuň ýag eder, ýetim gyzy saklasaň agzyň-burnuň gan eder, gözüň aksyn, gyrnak... Ene ýüzüni tutup ýatyrdy. Ejesiniň iňleýän sesi, yzy üzülmeýän samramasy oňa ahy-nala bolup eşidil- ýärdi. Ol ysgynsyz gollaryny keçe düşelen ýere diräp, çommaldy. Soň ejesine bakan süýşdi. Baryp kempiriň gurap, gury süňk bolan eginlerinden ýapyşdy. – Eje jan, goýsana, men näme seniň diýeniňe heý ýok diýdimmi ahyry. Sen meniň ne güne düşüp ýörenimi bileňokmy? Meniň adamym bardy. Belki gaýdyp geler. Hem onuň öňünde, hem iliň öňünde masgara boldum-la men. Kempir ýumşamady. Gaýta, möwç aldy. – Wah-heý, sen şol ýetimçäň öňünde masgara bolarmyň? Ilem näme diýse şony diýsin. Dyrnagyň össe begenýän barmy näme? Seni aldajy gyşlarda, epgekli jöwzalarda Symrugyň öz çagasyny ganatynyň astynda penalaýşy ýaly penalan kim? Äkge dälmi seniň maňlaýyňdan hydyr ata bolup çykan, hä. «Poh, doýranyň sakgalyna» diýenlerini etjekmidiň? Wah, hudaýym, ertiriň säher çagynda, seniň şol ýer ýuwdanyň etini iýen gargalar şu etraplara tezegem taşlamasyn-da jan huda... Ene ejesiniň agyp barýan gamaşyk gözlerini, agzyndan akýan ak köpügi synlap sandyrady. Onuň ýüregine eýmenç gorky aralaşdy. Ejesini köşeşdiresi geldi. Ol ejesiniň gaty eginlerini giň gujagyna gysdy. – Aýryl, aýryl. Degme maňa. Meniň ýüregime ot salyp, indem jögüsirän bolma – kempir gowşak siltenjirän boldy. Enäniň ýüzi sallandy. Onuň ýüregini gam-gussa ersdirdi. Meretgül welin möwç aldy. – Gyzym, sen halamasaňam, ýigrenseňem sesiňi çykarma. «Günüm üçin günimiň çagasyny allalaryn» diýipdirler. Öz göwnüňe seretme. «Erkek göwni ýüpek, aýal göwni kepek» diýipdirler. Sen ur hoşamaýy, et diýenini. Iliň näme işi. Sen öz günüň geçenini bil. Bu dünýede ýetmiş gyşy, ýetmiş ýazy gördüm. Namysa, ara zat berlenini görmedim. Onsoňam hudaý seni bagyşlar, hudaýsyz çöp başy gymyldaýan däldir. Enäniň içinden tutan sanjy wagty bilen goýbermedi. Meretgül welin henizem samyrdap otyrdy. * * * Anna aga ertir daga, orakçylaryň üstüne gitmänkä etmeli işlerini ýekän-ýekän kellesinde aýlaýardy. Bary möhümdi, bary gaýragoýulmasyzdy. Iň esasysy hem Oraz şyhly meseledi. Anna aga başaryp bilse bu morsakal bilen ýüzbe-ýüz boljak däldi. Ýöne alaç ýokdy, isleseň-islemeseňem ýüzbe-ýüz bolmalydy. Onda-da haýyş etmelidi. Ol işiniň esasysy bolansoň, şondan başlamagy ýüregine düwdi. Oraz şyh başlyk üstüme geler, onda-da gijäniň bir wagty haýyş bilen geler diýip ýatsa-tursa oýuna getirmeýärdi. Häzir oňa hiç bir zat ýaranokdy. Ol gözlerini haýaljak ýanýan çyra dikip, hyýallaryň çuňňur girdabyna özüni taşlapdy. «At basman diýen ýerine müň basar» diýenleri bolupdy. Oraz şyh gaýdyp gelip bolmajak, şeýle uzak ýollary külterlemeli bolupdy. «Eý, pelek, pelek, gör seniň oýnuň nähili? Deprenmez döwlet, mal-mülk, barysy gitdi, indi bolsa ogry, kümsük it ýaly aç syryljyrap ýörmeli». Oraz şyhy mundan on bir ýyl öň sürgün edipdirler. Onuň bilen gidenler iberilen ýerde ornap galypdylar. Emma Oraz şyhyň ýüregi Çynarly diýdi durdy. Onuň: «Bu bolşewigiň düzgüni uzak gitmez» diýen bet tamasy başa barmandy. Şonda-da onuň Çynarlyny arzuwlamagy ata watany küýsemek diýip boljak däldi. Onuň ähli umydy köne mülkünde gömlen bir küýze gyzyl puldy. Bir arzuwy gidip şony alyp, soňam Eýrana geçmekdi. Ol özüniň bu niýetini ilden gizledi. Özüni hemişe «Watan!» diýip ölüp-öçüp barýan ýaly görkezdi. «Ölmänkäm ilime bir baraýyn. Ölsemem şol ýerde öleýin. Köpüm geçip, azym galdy» diýip, ol ýerdäkileriň gulak etini guradypdy. Uruş turansoňam ýarym duýduryp, ýarym duýdurman Çynarla gaýdypdy. Ol ilkinji maksadyna ýetipdi. Indem iň esasy zat gyzylly hum ele salynýança kän bir göze ilmezlikdi. Ýöne ol ony başarmandy. Öz ýüregindäkini dili gizläp bilmändi. Ol juma gijesi Meretgüllerde öteräk geçenini aňypdy. Şondan soň bolsa känbir daşda-içde hem görnenokdy. Göwnüne bolmasa, bu Durdy ýasawul dek ýatman, iki sany milisioneri yzyna salyp getiräýjek ýalydy. Ol şol adamdan az gorkanokdy. Şonuň üçin indi gaty seresaply gezýärdi. Ol ýerinden turmaga hyýallanyp otyrdy. Pagtasy çykyp duran çäkmenini agtaryp içerä göz aýlady. Çyranyň öçügsi yşygy ýalaňaç diýen ýaly içerini hasam içgysgynç görkezýärdi. Gapydaky güpürdi ony özüne getirdi. Ol aljyrady. Çäkmenini sermeläp tapdy. Daşardan ýene-de hümürdi, güpürdi, takyrdy eşidildi. Kimdir biri «Oraz, Oraz» diýýän ýaly boldy. Oraz şyh böküp ýerinden turdy. Gapynyň yşyndan daşary seredişdirdi. Soň ylgap gelip çäkmenini egnine ýasgynjak aldy. Gapyda duran atly atyndan düşjek bolup çemlenýärdi. Aty welin otsuz-çöpsüz, ýalaňaç ýerde durmak islemeýäne çalym edýärdi. Oraz şyh gapynyň içinden ildirilýän bagyny çözüp, özüne çekdi. Gapy beýle biwagt açylanyna gaharlanýan ýaly erbet jygyldady. – Essalowmaleýkim, Oraz! – Oraz şyh özüne berlen salamy aljyraňňy aldy. – Tanadyňmy, men Anna – Ara dymyşlyk düşdi, başlygyň ýabysynyň burnunyň pyrryldysy gijäniň rahatlygyny bozdy. Oraz şyhdan ses çykmady. – Aý, bir dänim, halyňdan habaram alyp bilemok, gel dänim, salamlaşaýyn diýdim. Oraz şyh «hüm» edip çalaja baş atdy: – Aý, ýatlanyňa taňry ýalkasyn, bizem bir mydar bardyrys – diýdi. – Bi, häzir döwürem gahatçylyga çykdy, purant diýdi, uruş diýdi, galmagal diýdi, aljyraňňyrak bolup ýörüs, sen dänim özüň baraýmal-a, galla, beýleki gerek-ýarak zat üçin. Şu bizi dänim, getirjek bolman. Oraz şyh başlygyň näme isleýändigini, näme diýdirjek bolýanyny, näme diýjek bolýanyny aňlap bilmedi. – Wah, oňuşyk-ha kyndyr, Anna. Gelenime puşmanlar edip, gijeleri çirim etmän geçirýän. Ne mülk bar, ne mal. Onuň üstesine-de açlygam heläklejek. Il-gün diýip gaýtdyk, iliň-günüňem gadyra-gymmata eli deger ýalymy? Döwürem kyn döwür boldy, kyn... Anna aganyň diýeni boldy. Öňem Oraz şyh ony görse halymsyrap, «açylaýjak» ýaly bolupdy. Soň oňa az-owlak ýumuş buýursa-da «Ä-ä» diýip durmaz diýip oýlanypdy. Onuň eden tamasy çykdy. Indi ýumşy göni aýtmalydy. Ýöne nähili aýtmaly? Sypaýyçylyk bilenmi ýa-da azym bilenmi? – Oraz diýýän-ä, men-ä dänim seniň ýanyňa ýumuşlyja geldim diýsemem boljak. Anna aga Oraz şyhyň ýüzüne seretdi. Emma ýarygijäniň galyň garaňky perdesi onuň ýüzündäki galagoplylygy, şyhyň çokga sakgalynyň ujunyň titreýşi başlygyň ýadawlykdan awuşap duran gözlerine ilmeýärdi. «Ogry syrty gowşak» diýleni ýaly, Oraz şyhyň gara gaýgysy özüdi. Başlygyň bimahal gelmesi, onuň sypaýysyran bolmagy şyhyň ýüregine symyljak galpyldy saldy. Şonuň üçinem Anna aganyň gürrüňini başly-baratlyrak eşitdi. – O nämäň ýumşumyş, aýdyber! Anna aga onsuzam irkilip duran ýabysynyň uýanyny silkip «dur-r» diýdi. Emma bu ýagdaýy Oraz şyh aňmady. – Diýmek dänim, näme ýumuş bolsun, kömegiň gerek. Biziň dänim, ähli güýjümiz puronda gitdi. Indem dänim aýal-ebtat, çaga-çuga bolup galdyk. Olaram dänim, hol dagda-darawada iş üstünde. Ine, senem edil tüýs wagtyny peýläp dänim, aljyran wagtymyz dänim, tüýs Hydyr ata ýaly bolup gelipsiň. Oraz şyhyň ýüregi birneme ynjaldy. Onuň özem by zatlary syzýardy. Ýöne başlygy içinden içikdirmelidi. Oraz şyhy görende ýaýaplap gezer ýaly etmelidi. Ol bu ýerde näçe bolsa-da, näme etse-de «towguna tok» diýilmez ýaly etmelidi. Ol şonuň üçin dyzmaç gepledi. – Ýok, Anna, sen kömek, beýleki diýip, meniň başymy-gözümi aýlama. Men bu ýere şura ýykylyp barýar-ow, şona goltgy bolaýyn diýip gelen däldirin. Bir gysym toprak diýip gelendirin. Adam, ahyr gününde göbek gany daman ýerinde aýagyny uzadyp, öleýin diýip gelendir. Seňem, şuraňam maňa azary ýetmese ýagşy bordy... Anna aga Oraz şyhy ýöne hoşamaý söz bilen, ugruna kowup, razy edip bolmajagyna düşündi. Ol «ölmäge geldim» diýen bolşuny «öldürmäge geldim» diýen ýaly kabul eşitdi. Oraz şyhyň gelmeginiň sebäbini bolsa ol çalarak güman edýärdi. Onuň Meretgül garrynyňkyda, juma agşamy eden gürrüňleri bolsa ýüreginiň henizem düzelmändigini görkezipdi. Şonuň üçin ol bu mysapyrsyraýan şyhy gowja dalamagy ýüregine düwdi. – Oraz, Oraz, sen dänim «ölmäge geldim» diýen bolup gep çagalatma. Geldiňmi, indem seniň ýadyňa häzir ölüm däl-de, duşmany dänim ýeňmek, ondan ar almak düşmeli. Sen dänim, oglan gürrüňini etme. Sen dänim, şura hökümeti ýykylyp barýar diýip küpür gepleme. Şurany ýykjak güýç dünýäde ýokdur. Seniňem dänim, şura daýanç bolmajagyňy bile-bile, göre-göre gelýäs. Indem dänim, gelipsiň, diýleni etmeli borsuň. Diýleni etmejek bolsaňam, goşuňy daňyp, nirede işletmeýän bolsalar, şonuň ýaly ýere gitmeli bolarsyň. Anna aga sözüniň yzyny ýabynyň üstünde aýtdy. Oraz şyh birden janlandy. Ol ylgaşlap atyň jylawyna ýapyşdy. – Dur, dur. Sen adamyň ýüregini tolkundyryp, beýdip gitmersiň. Adam ýaly edip gelmediň, adamkärçiligiňi ýitiribem gitjek bolýaň, hä... Anna aga öz çözgüdiniň nyşana degendigini aňdy. – Näme diýjek bolýaň? Ýogsa dänim, men seniň aýagyňa ýykylaýynmy? Gije gelmän, näme, men seniň üstüňe saçakly, serpaýly geleýinmi? Şu gelenme dänim şükür et. Indi dänim, çagalarymy görmänime on gün boldy, oba üstünde bolup... Oraz şyh başlygyň gazabynyň gowşanyna begenmän durmady. Şonda-da kirşiniň tiriňini peseltmän gürledi. – Sen öz öýüňe ýyllap barmadym diýip, iliň öýüni depelemeli dälsiň, il adamsy boljak bolsaň. Onsoňam gepi uzaltmaly, nirede, näme işlemeli bolsa aýdyp otur.... Anna aganyň ýadaw ýagyrnylary dikeldi. Ol gamçysynyň sapy bilen derläp maňlaýyna ýapyşan telpegini galdyryşdyrdy. Onuň maňlaýyny jana şypaly salkyn şemal sypap geçdi. Iş agyr däl, ine, şu mekebiň bir jaýyna dagdan arassa bugdaý getirjekler, şoňa dänim göz-gulak bolarsyň. Sen dänim, hälki bir açara-gulpa göz-gulak bolsaň dänim bolany. Ýanyňa-da dänim kömekçi birin oglanlaň birini, hol Kerweniň ogluny. Çaýyňa-suwuňa esewan bolar. Hem hümürdeş bolar. Elek getiriňe, soky getiriňe ýarar... Oraz şyhyň geçisi daga ýaýrap, derisi ýazylyp gitdi. Ol beýle şowlulygy hiç haçan arzuwam edip biljek däldi. Ýöne ol garry gurtlygyny edip, syr bildirmedi. – Aý, näme, sakalyňy sallap geleňsoň, sözüňi ýykmaýyn. Obanyň kähudasy bolanyň üçin ýumşuňy bir gezek bitireýin – diýdi. – Ýagşy, Oraz, sen dänim, gaýrat et, oglanlar ertirden gijä galman ýük daşap ugrarlar, menem seniň dänim, gadryňy bilerin, hak-heşdegiňi hor etmerin... Ýaby uýanynyň gowşandygyny bilip, çala mytdyldap ýola düşdi. Çynarlynyň horazlarynyň sesi asuda obanyň içinden syçrap çykýardy. Oraz şyhyň gözüne uky gelmedi. Ol bu işiň amatlylygyny doly göz öňüne getirjek bolup azara galýardy. Ýatan ýerinden içegeleriniň jugurdap durmasyny ýadyndan çykaryp, oýlanýardy. «Tamdyr çöreginiň doýa iýilmänine-de, gör, näçe wagt bolupdyr». Oraz şyh oýlanýardy, ölçerýärdi, dökýärdi, soňam aldygyna hudaýa şükür edýärdi. Indi onuň ýüregindäki etsem-goýsamyna çalaja yş açylypdy. * * * Başlyk «häli-häzir daga gitmän galaý» diýse-de, Ilaman taýýar bugdaýyň ilkinji tapgyryny çekişmek üçin daga gitmeli bolupdy. Ol iki-üç gün harmanda ol-bi işe kömek berip işledem. Ol bu günem ukudan üşäp oýandy. Bu ýylyň güýzi ygally gelipdi. Il-günüň bagtyna açyk günler şeýle azdy. Şonuň üçin bugdaýy ormagam, döwmegem, daşamagam hyllylla bolup durdy. Daňdanyň bu sowugam ýeňem içiniň gory, egniniň dolagy ýuka adamlary halys edip barýardy. Adamlaryň bir ýarym örüşeni bardy. Ilaman welin köneje ýorganyna hezil edip sümüldi. Ýorganyň içi ýyljakdy. Birneme ýylynansoň Ilamanyň süňňüne ýyly ýöredi. Şojagaz ýyly onuň süňňüne enaýyja umyt uçgunlaryny salan ýaly boldy. Gör, adam nähili täsin jandar? Ýogsa, düýn Ilamanyň umytlarynyň bary tükenen ýalydy. Ýadawlykdan, gurpsuzlykdan, açlykdan eňki gidip özüni zordan şu teläriň aşagyna atypdy. Hatda, Ogultäjiň degişmesem, Tagy gelniň hoşamaýam onuň syngyn göwnüni seýiklemändi. Ol gijäniň bir wagty Akga brigadiriň gelenini hem zordan ýadyna salýardy. Ol: «Häýt, ertir irräk turgun, oba bugdaý çekmeli sen» diýmeginiň manysyna-da indi akyl ýetirýärdi. «Oba gitmeli!» Oba Ilamanyň arzuwlarynyň başydy. Ýüreginiň uly yhlasydy. Onuň gizlin, mukaddes arzuwy obadady. Ol şol arzuwyň nämedigini aýdyp biljek däldi. Ýöne şu dagyň çür başynda-da karar tapanokdy. Iller her gün bir ýyla deň diýýärler. Ilaman üçin welin her sagat bir ýyla deňdi. Bir gije-gündizde ýigrimi dört ýyl bar ýalydy. «Oba gitmeli!» Ilaman tas bar sesi bilen gygyrypdy. Ýöne ol indi ýatyp bilenokdy. Şonuň üçinem turup ýorganyny düýrüp, paýanyň gapdalynda endiganlap goýdy. Soňam çarygyny aýagyna çala-çula sokup, çeşmä tarap ugrady. Ol çeşmäniň başynda oturanyň Ogultäçdiginem duýmady. Barşyna çeşmäniň sowuk suwuna şapyrdadyp ýüzüni ýuwdy. – Aý, oglan, suw syçratma diýýän, Ilaman. Ilaman gözlerini ýalpa açdy. Öz bolşundan uýaldy. Ogultäjiň öňünde özüni ýazykly ýaly duýdy. – Ogultäç, men oba gidýän, näme sargydyň bolsa aýt. Ogultäjiň ýüzüne mämişi reňk çaýylan ýaly boldy. Ol başyndaky ýaglygyny alyp, ýüzüni süpürip durşu. na, assaja dillendi. – Sag-aman baryp gel! – Ol başga zat diýmedi. Ilamanyň bolsa begenji öz ýanyndady. Ol goşa çenli bökjekläp gitdi... ...Ilamanyň diýeni bolmady. Oba dagdakydanam beter içgysgynç eken. Ol munuň şeýledigini haltalardaky bugdaýyň mekdebiň jaýyna döküp, ýoldaşlary ýene daga dolananyndan soň duýup galdy. Ol öýlerine gelende haýran galmakdan doňup galdy. Içeriniň düşekleri çala-çula düýrülipdir. Öýüň içi bolsa gazym-gazym, çukur-çukurdy. Çukurlardan çykarylan gumlar şol çukurlaryň gyrasynda diýen ýaly durdy. Onuň howsalasy artdy. Çukurlaryň her biri döwüň gözi ýaly hoňkaryp, ony ýuwdarly görünýärdi. Ol ylgap daş çykdy. Kime dadyňy aýtmaly, kimden pena gözlemeli. Ol «tyrs-tyrs» edýän gursagynyň sesini diňläp, ýola çykdy. Obada iňlär siňek ýok ýalydy. Patrak ýaly bolup lowurdap ýanýan ýyldyzlar, gögümtil äpet asman hemem bu uzyn boýluja, süňňi hasratdan doluja oglan ömürlik bile galaýjak ýaly bolup durdy. Ilamanyň göwnünde höwesem, arzuwam, şu gün ertirki keýik owlajygy ýaly bökjekledýän keýpiçaglygam ýokdy, barysy sönüpdi. Şol duýgular indi hiç haçan gaýdyp gelmejek ýalydy. Ol iki dyzyna başymy goýup irkilip oturdy. Ýöne ýerinden galyp öýe girmek, öňden arzuw edip gelişi ýaly, ýatyp-ýatyp ukudan doýmak asla ýadyna-da düşenokdy. Ol dagdan gaýdanyna puşman etdi. Jugurdaýan içegeleri onuň ýadyna çaý-çöregi saldy. Emma ol jübüsindäki ik-üç agyz çöregini agzyna salmaga-da äwmedi. Süňňünden geçip barýan sowuk ony oýarýardy. Emma heniz ýagşy bekemedik, ýadaw çaga göwre welin sowugy-beýlekini bilmän, tä guruşýança irkilýärdi. – Waý, Ilamanjan, sen geläýdiňmi? – Ilaman ýalpa gözüni açdy. Öz üstüne abanyp duran aýaly tanamajak boldy. Ol Sülgün gelnejesiniň keşbine giren eýe ýaly bolup durdy. Ilaman gorka-gorka oňa garady. Göwnüne bolmasa, onuň başy dik asmana ýetip duran ýalydy. Ol birden wägirip goýberdi. Soňam bat bilen ylgap öýe girip, işigi içinden gulplady. Gapydan kimdir biriniň jak-jaklap gülýän, adyny tutup gygyrýan sesi eşidilýärdi. Ol irkilmän daňyny atyrdy. Daňyň ümüş-tamşynda gapyny açdy. Düşekleri galdyryp, çukurlary gömüşdirdi. Içerini süpürip, düşekleri ýazyşdyrdy. Soň gapylary syryşdyrdy. Ýöne onuň agşamky gözüne görnen eýe ýadyndan çykmaýardy. Çalaja şygyrda ýüregi gürs edip gidýärdi. Ilaman ýekelik bilen öwrenişipdi. Şonuň üçin ol hemişe ýekeräk bolmagy, gören, eşiden zatlaryny ölçermegi, dökmegi gowy görýärdi. Oraz şyh bilen işläp başlandan soň onuň ýagdaýy has kynlaşdy. Oraz şyh ony gördügi nämedir bir ýumuş buýurýardy. Aýyn bolmasa ýarty halta bugdaýy arkasyna berip, «Me, şuny Akga birgadyň öýüne eltip gel», «Bar, dagdan indi haçan bugdaý geljek, kanturdan sorap gel» diýip iberýärdi. Hiç bolmanda, eline bir tabak bugdaý bernip, içiniň çöp-çalamyny arassaladýardy. Iş beýle kyn bolmasa-da bu ýumuşlar, ownuk iş oglany irizdi. Ilaman beýle ýalta adamyň näme üçin bu işe bellenenine düşünmeýärdi. Iň ýaman ýeri-de, ol Ilamana agzyndan gelenini diýýärdi. Bir gezek bolsa ony ýagşyja ýençdem. Şol gün süňňüne giren galpyldy oglanyň endamyndan henizem çykanokdy. * * * Ilaman Oraz şyh gapa çykdygy şol elhenç güni ýatlaýardy. Ol Akganyň Oraz şyhyň ýanyna gelşini, olaryň arasynda bolan gürrüňi indi ýatdan bilýärdi. ...Şol gün Ilamanyň ömründe hakykatdanam elhenç gün bolupdy. Ol işiň ahyrynda öýlerine gelip gyşarypdy. Şol wagtam bir ýerden Sülgün gelnejesi gelipdi. Onuň üsti-başy eleşandy. Ilaman gözlerine ynanmajak bolupdy. Ol aýal welin, şeýle şadyýandy, batly gürleýärdi, gülýärdi. Onuň saç galman düşen kellesindäki börügi hem sallam-sajakdy. Öňki owadan, mähriban göreçleri içine gidip, gözleriniň owasy hoňkaryp ýatyrdy. Ol Ilamany görüp şeýle bir begenýärdi. Içi-içine sygman gürleýärdi. – Waý, Illi jan, men saňa şatlygymy aýtmaga geldim. Men gitjek bolup şaýymy tutup ýörün. Hol, Myratly dädeň gelipdir. Wah, käbäm, ýanynda-da Aýsoltanjygam, Nursoltanjygam barmyş... Ilaman Sülgün gelnejesiniň zabyr-zabyr edip gepleýşini, içiňden geçip barýan gözlerini görüp düýrükdi. Ol Myratly dädesiniň gelenini-gelmänini bilmese-de, Nursoltan bilen Aýsoltanyň indi bu dünýäde ýokdugyny gowy bilýärdi. – Gelneje, kim aýtdy ony sana. Kim aýtsa-da ýalan sözläpdir. Seni aldapdyrlar, ynanma, gelneje jan, ynanma... Ilamanyň naýynjar garaýşy, onuň ýalbaryşy Sülgüne täsir eden ýaly boldy. Ol elini agzyna tutup oýa batan ýaly bolup oturdy, soňam ýuwaşja gürledi. – Ýa şeýlemikä, meni aldaýdymyka o ýer çeken. Ýa gelmedimikä, hä, Illi jan!.. – Ol birden ukudan açylan ýaly aýgytly gürledi: – Onda hany Nursoltan, hany Myratly, hany Aýsoltan, hä, hany olar?.. Ol ýene-de gaýgyly görnüşe girdi, Ilamanyň ýüzüne ýiti-ýiti garady. Soň ýene-de gürläp başlady. – Illi jan, men çelpek ýapaýynmy, pişme bişireýinmi? Hä, un kän, ýag kän. Özem şeýle bir gowy un, didäm, ýöne çelpek ýapyp oturmaly. Elim boş gitmäýin olaryň ýanyna. Dünýe malym şolaryňky ahyr. Ol gürrüňini gutarman çykyp gitdi. Ilamanyň ýüregi agzyna gelen ýaly bolupdy. Bu oňullygyň alamaty däldi. Sülgün gelnejesine bir zat bolýardy. Ol garahassaçylykdan soň köp adamyň was-was keseline duçar bolýandygyny eşidipdi. Ýöne ol uzaga çekmän aýrylyp gidýärmişin. Belki, şeýle bolsun. Ilaman hem howsaladan hem gorkudan içini çekdi. Oňa çenli aňyrdan tanyş düňküldi, Sülgüniň ýalaňaç aýaklarynyň sesi eşidildi. Onuň bir elinde tabak, bir elinde deriden edilen köne kendirik bardy. Ol kendirigi ojagyň başyna ýazyp, tabagy oňa düňderdi. Ilamanyň burnuna külüň ajymtyk ysy urdy. Onuň gara gözleri peträre geldi. Sülgün gelnejesiniň un diýip ýugrup oturany ýandagyň külüdi. Külüň üstüne her sapar suw guýanda, ol içeriniň ep-esli ýerine tozap gidýärdi. Asyl onuň öz ýüzi, saçy, kiripikleri kilwanyňky ýaly bolupdy. Ilamanyň jebegesi darygyp, dem almasy kyplaşýardy. Sülgüniň welin sesi hasam dabaralýnýardy. – Illijan, ine, häzir ýüpek ýaly hamyr bolar, görersiň. Onsoň pişmesinem bir iýip gör, didäm, gulagyny kesselerem bilmersiň – Ol birden ziňk edip dikeldi. – Waý, dur, bir ses bar ýaly-la. Ýa olaň özlerijik geläýdimikä? Hä, Illi jan, bar ýola seredip gel. Dur, dur, özüm çykaýýnla... Ol daş çykdy. Eliniň palçygyny gyňajyma, solgun alaça köýnegine çalýardy. Ol gidip ýene-de düňk-düňk edip geldi. Gelibem, Ilamanyň ýüzünden-gözünden ogşaşdyrdy. – Sen Myratly bolaýma, Illi jan, hä, sen Myratlym bolaýma. Sen gelip, indem meni aldajak bolýan bolaýma. Hany, Nursoltanjan, hany, Aýsoltanjan hä, olary nirede goýduň?.. Sülgüniň içine giden öçügsi gözleri Ilamanyň içinden geçdi. Ol ýerinden batly turup, wägirip aýagaldygyna gaçdy. Ilaman gagşaýardy. Sowuk galpyldy onuň bütin süňňüni lerzana getirýärdi. Emma häzir nirä barjak. Ol Üzümgül mugallymlara barmagy ýüregine düwdi. Şonuň üçin mekdebiň golaýyndan geçdi. Mekdebiň bugdaý salynýan klasynyň agzy açykdy. Ilamanyň kellesine bugdaýly jaýa girip ýatmak pikiri geldi. Eger ol bu jaýa barsa Sülgün gelnejesi gelip biljek däldi. Häzir onuň yzyndan kowalap gelýän bolmagam mümkindi. Onsoňam bugdaýly haltalaň üstüne çykyp, üstüňe halta ýapyp ýatsaň ýorgandan kem boljak däldi. Ilaman şeýle niýet bilen bugdaýly klasa girdi. Jaýyň içinde hiç kim ýokdy. Şonuň üçin ol haltalaryň depesine çykdy. Haltanyň üstünde Oraz şyhyň çäkmeni ýatyrdy. Onam ýanyna aldy. Häzir onuň hiç zadyň pikirini edesi gelmeýärdi. Iň esasy zat ýatmalydy. Ol haltalaryň depesine çykdy. Oraz şyhyň çäkmeninem üstüne çekdi. Şeýdibem, ýüreginiň tyrsyldysyny diňläp, meýmiräp başlady. Ol ymyzganan ýalam etdi. Birdenem, bu ýere näme üçin gelenini oýuna getirdi. Ine, onsoň ýatyp bilseň ýat-da. Sülgün gelnejesiniň naýynjar, hasratly keşbi, ýalaňaç aýaklary, sal-sal alaçasy, saçy düşüp, ak kel bolup duran kellesindäki bulaşyk börügi, içine giden howsaladan, gussadan doly gözleri onuň süňňüni yrap-yrap goýberdi. Göwnüne bolmasa, ol Ilamandan hasap soramaga ýetip gelýän ýaly bolup göründi. Ol haltalara ykjam gysyldy. Jaýyň gapysy jygyldap gitdi. Kimdir biriniň sesi, hyşşyldysy eşidildi. Bu Sülgün gelnejedir öýdüp, Ilaman tas wägiripdi. Onuň ýüregi tyrsyl-tyrsyl edip, ýene-de agzyndan çykara geldi. – Oraz däde, Oraz däde, barmyň, how! Ilaman az-kem köşeşdi. Bu erkek adamyň, kimdir bir tanyş adamyň sesidi. Ilaman bu tanyş sesiň kime degişlidigini derrew tapady. Ol Akgady. Ilaman onuň dagda orakçylaryň ýanyndadygyny bilýärdi. Häzir onuň bu ýerde näme işleýänine düşünip bilmedi. Şonuň üçin ýüzüni açdy. – Oraz däde. Oraz däde, be, bu nirä ýok bolýakan-aý, skladyň agzyny açyp? – Akga ýene-de hümürdedi. Ol doly haltalara depişdirip gördi. Aňyrdan kimiňdir «ähüm-ühümi» eşidildi. Bu megerem Oraz şyhdy. Ol çokaýyny şyrpyldadyp, howlukman ýöräp gelýärdi. – Ä, ähem, Äkge baý, amanmy, sagmy, çaga-çülpeler mesmi?! Akga onuň bilen elleşip, iň eziz hossary bilen ýyl aşanda zordan tapyşan ýaly edip görüşdi. – Agamjan, şükür, özleňiz nähili? Iş nädýä, iş. Başlyga diýip, diýip zordan yrandyryn. «Şony belle ysgylada» diýdim. «Etmez» diýdi. «Etmese-de belle» diýdim. «Ýalbar» – diýdim. Tüýs bolaýdy, indi. – Ä, Äkge baý, bizi sylasaň seni hudaý sylasyn. Äý, şuranyň golaýyna gelmejegim hakdy. Ýöne şu ýetim-esir, aýal-epdady, çaga-çugany ara salyp -otyr, onsoň gel, aýak depip durmaýyn diýdim. Aý, bolýa-da, bize... Kemi ýok. Ýöne, Oraz däde, men bir zat eşitdim. Şol çynmyka, ýa duşman gepimikä? Oraz şyh doly haltalaryň biriniň üstünde oturdy. – O nä gep? – Akga pyşyrdap diýen ýaly gürledi. – Garşyky Çeşmeliden Hojameňliniň ogly purontdan gelipmiş. Şol diýýämiş, nemisleň tumşugyna kakýas, Maskawanyň ýanynda biloňurgasyny owratdy. Indem kellesini çym-pytrak etmäge barýardyk welin... Oraz şyh haşlap dem aldy. Akganyň sesi ýatdy. – Hojameňliniň ogly poh iýipdir, onda-da ata-babasy bilen poh iýipdir. Haramzada. Türkmeni orsa dönderen şolar ýaly iblisler dämi. Indi ors şurasymy hudaýyň pata berip, kuwwat berip ýola salan güýjüni ýeňjek. Ors etdi türkmene etdi. Päle diýdi men diýen ýigitler gitdi. Döwletli, yrsgally adamlaryň nijesini sürgün etdi. Basmaçy diýip nebir adamlary gyrdy, otuz ýedide hordasyny çöpledi. Uruş diýip galan-gaçanyny ýygnady. Kim galdy indi, heleýlerden, heleýsypat nalajedeýinlerden başga kim galdy. Wah, Äkge, Äkge özüň ýaly pygammersypat türkmeni çyra alyp gözleseňem tapmarsyň. Ine ors bize näme etdi. Näme bu zatlary hudaýtagala görýän däldir diýýäňmi? Onuň gahary gelmeýändir diýýäňmi? Baý gelýändir-ä. Näme türkmende sen ýaly., men ýaly hudaý diýip oturan ýokdur diýýäňmi? Ine şu kowahat tuguny çalyp gelýänler ýöne ýere gelýändir öýtme. Olary hudaýtagalanyň özi ýola salandyr. Olar hudaý diýip, şehit ölenleň aryny almaga gelýändir bilseň. Seniň, meniň köýen arymy almaga gelýändir, bilseň... Akga özüni lampa aşak goýberdi. Ilamanyň burnuna harpygyň tozan-kokynyň ysy urup gitdi.– Äkge baý, meniň saňa göwnüm ýetýä. Arada sen «Kim güýçli bolsa men şonuň tarapynda» diýipdiň. Şol sözi aýtmak üçinem kelle ýaly ýürek gerek. Akga gaýtalap uludan demini aldy. – Men biriniň duran ýerinde duraryn, aga. Ýöne näme etmelidigini aýtmaly bolar ahyry. – Akga ýerinden turjak boldy. – Otur, otur, dur, häli – Oraz şyh jaýyň az-kem açylyp duran gapysyny emaýlyk bilen ýapdy. Soň ýerine geçip gürledi – Bilýäňmi häzir näme etmeli? Şu şura hökümetine eliňden gelen ýamanlygy ediber. Näme ýamanlyk gelse... Ilamanyň ukusy başyndan uçdy. Ol Oraz şyhyň gürrüňlerini diňläp, galpyldap başlady. Olaryň edýän gürrüňi adam ýüregine sygjak gürrüň däldi. – Ýak, düme bugdaýy otla. Sen obanyň kähudasy, adamlar seniň aýaňda, boşat olary, paýla gallany, birem işlemesin, ýeke-ekeden aýt, düşündir olara... Akga sesini çykarmady. Oraz şyh oňa gönüsini aýtdy. – Hudaý ýetirse, men-ä bu gün-erte dagdan aňry aşmakçy. Meýliň bolsa ýoldaşym borsuň. Harjyny gaýgy etme. Bir zady bor. Enşalla, yrsgalymyzdan çykarmadyk bolsa, birki adamyň ömrüne ýetjek harç tapylar... Akga ýerinden turdy. Gapynyň agzynda ýaýdanyp durdy. Soň gapa çykdy. Oraz şyham onuň yzy bilen çykdy. Olar gapyda hümürdeşip durdular. Soň Akga içeri girdi. Ol hyklady, megerem Oraz şyhyň oturan haltasyny galdyrýardy. Haltany arkasyna atyp gapa çykdy. Oraz şyh ýene-de içeri girdi. Ol töweregi sermeleşdirdi. – Äkge, Äkge – Ol ýene-de hümürdäp, sermeleşdirýärdi – Beh, nirä gitdikä, nirede goýdumka? Akga hem içeri girdi. – Äl, aýt, meniň çäkmenim bolmalydy. Tapamok. – Öýde bolaýmasyn. Ýok, ýaňy öýden şuny alyp geleýin diýip bäri gaýtdym ahyry. Akga jübülerini sermeleşdirdi. Birdenem bugdaýly jaýyň içi ýagtylyp gitdi. Oraz şyh onuň eline topuldy. – Edýäniň näme, öçür peltäňi, il näme diýer? Ilamanyň jany bokurdagyna geldi. Ol durşuna suw bolup ýatyşyna doňup galdy. Ol çäkmeni üstünden sypyrjak bolup dyzandy. – Hol, ýokarda gara zat ýatyr-la... Oraz şyh çäkmeniň aşagynda kimdir biriniň ýatanyny gördi. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup oňa topuldy. Ilaman erbet agyra gözüni açdy. Kimdir biri ony süýräp barýardy. Ol depesine gözüni aýlady. Hasylap, daljygyp, süýreýän Oraz şyhdy. Ilaman bükülip ýene-de özünden gitdi... * * * Ilaman şol elhenç güni ýatlasa, onuň zähresi ýarylan ýaly bolýardy. Ol bu waka, bolan gürrüňler barada Anna aga, Durdy ýasawula aýtmak üçin kontorada barypdy. Ýöne Anna aganyň dagda bolmagy, Durdy aganyň raýona gitmegi bilen niýeti başa barmandy. Ol häzirem çöpjagaz bilen ýeri çyzyp oturyşyna, ol elhenç günüň ýatlamasyndan daşlaşmakçy bolýardy. Ýatlamalar ony öz erkine goýmaýardy. Onuň gözüniň gyzyly, maňlaýynyň gögi, garnyndaky, arkasyndaky agyry henizem aýrylanokdy. Onun ýekeje arzuwy bardy, olam, daga orakçylaryň ýanyna gitmekdi. Basym orakçylar gelmelidi. Ýöne Ilaman misli şol güne garaşmaga takaty ýetmejek ýalydy. Ol boşap galan oba syganokdy. Ýalňyzlyk, açlyk ony halys edipdi. Ol «Front erikdäki», dagdaky iýen ýarmasyna, şol günlerdäki şatlygyna ýene-de dolanasy gelýärdi. Şonuň üçin-de daga gitmelidi. Ýöne nähili gitjek. Ol umytlaryň süýji kölüne batyp, adynyň tutulanynam eşitmedi. – Aý-u, Illi jan – Ol tisginip gitdi. Sülgün gelnejesi dik depesinden seredip durdy. – Illi jan, çagajyklam aç otyr diýip habar geld-ä, sen eşitmediňmi? – Ilaman ony gorka-gorka synlady. Bir wagtky baýdak ýaly gelniň guran ýaňaklary, kesewi ýaly elleri ony tisgindirdi. Onuň ýakasyndaky bagjygy açykdy. Şonuň üçin-de hor göwüsleri durşuna diýen ýaly görnüp durdy. – Nursoltanjanam, Aýsoltanjanam ejem kökejik bişirip gelewersin, biz aç diýip, sargyt edipdirler. Sen maňa azajyk bugdaý ber, aý birki çümmük beräý, olara kän zat gerek däl, hersine bir kökejik bolsa bolany – Ol Ilamana etegini tutdy. – Guý, guý, gorkma. Ilaman näme etjegini bilmedi. Ol häzir kolhozyň gallasyndan ýekeje däne-de alyp biljek däldi. Şonun üçin oýlandy. Birdenem öýe tarap ylgady. Az-kem säginip gygyrdy: – Gelneje, dur, men öýden getirip bereýin. Öýde azajyk un bar, gelneje, garaş. Ilaman hasylap öýe girende, gözlerine ynanmajak boldy. Oraz şyh öýüň düşeklerini bir gapdala düýrläp, jaýyň ortarasyny gazyp otyrdy. Onuň kellesine daňynan kirli ýaglygynyň aşagy damja-damja derdi. Ol Ilamany görüp aljyrajak ýaly etdi. Soňam gazap bilen azgyryldy: – Nirä geldiň, köpeý ogly. Ammary kime taşlap gaýtdyň, hä? Nämä çiňňerilýäň, ýok bol şu ýerden, haram güjük, ýok bol diýýän saňa. Ýogsa, şu kepje bilen kelläňi kerçärin. Itiň süýdüni emen. Ilaman aljyrady. Gorky, Oraz şyhyň hyrsyz gözleri ýokary galan ýalaw ýaly kepje onuň zähresini ýardy. Ol jaýdan dazlap çykyp, daga bakan tutdurdy... Emma gaçyp gitjek ýeriň nire? Ol agşamara ýene-de öwrülip mekdebiň jaýyna geldi. Oraz şyh ony birhili hoşamaý garşylady. – Sen han ogul, bal tutan barmagyny ýalar diýenlerini ediberme. Hana, seniň jaýyň ortasyna gömüp goýan haltalaň. Men indi saňa näme diýeýin. Açlyk uruş, kynçylyk, ýöne maňa aýdaýmaly ekeniň, beýdip menden ogurlap bugdaý gömüp ýöreniňden. Häýt, seniň.. Ol mylaýymsyrady. – Demiň içiňde bolsun, hemişe. Ýogsa, bu edip ýören oýunlaň bilen sen aman sypmarsyň. Ilamanyň ysgynsyz gursagyndan bir agyr agyry aşaklygyna süýnüp gitdi. * * * Kyrk ikinji ýylyň güýzi ortalaman gyşa sapypdy. Ilkinji gar oktýabryň ortalaryna ýagdy. Şondan birki günden soňam orakçylar oba indi. Oraga gidenleriň gelmegi bilen oba dolmady. Gaýta oba uly hasrat indi. Obanyň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýören Arzy doktor agyr ýatyrdy. Ilaman Arzy daýzany görmäge günde barýardy. Ol aýalyň bir gysym bolan göwresi, somalyşyp duran çekge süňkleri, hanasynyň içinde çala bildirýän gözleri oglanyň ýüreginiň çuňlugyna çenli agyrydan doldurýardy. Howa sowukdy. Ilaman ol aýalyň agajyny çapyp, oduna, çaýyna, suwuna seredişýärdi. Kä günler bolsa ol öýlerine-de baranokdy. Göwnüne bolmasa Oraz şyh jaýyň ortasyny henizem gazyp oturan ýalydy. Arzy daýza ikinji ýagan gar eräp, gün çykan güni ganymatlaşdy. Indi ol taýagyna söýenip iç-daş çykýardy. Şonuň üçin Ilaman indi köplenç agşamyna öýe gaýdýardy. Arzy daýza ondan diýseň minnetdardy. – Serdar janyň beýle bolanyna hapa bolup ýördüm, köşek. Ogluň ornuny tutduň. Ýaşyň uzak bolsun-da hernä, köşek. Ol bu sözi telim gezek aýtdy. Ol sözüň manysyny Ilaman çözüşdirjegem bolmaýardy. Ol bir artyk hyzmat bitirendirinem öýdüp baranokdy. Ýöne ol bu aýalyň sagalaryna çaga yhlasy bilen, heniz ýaňy hal atan ýigitlik yhlasy bilen garaşdy. Ýogsa, ol bu aýala beledem däldi. Ýöne ol kimiň ýanyna barsyn. Kime dadyny aýtsyn. Onuň kalby durmuşyň bu agyr gussalary, bu agyr kynçylyklary, horluklary sebäpli emele gelen sowallardan püre-pürdi. Ol ýüreginiň dykysyny açyp, biraz gowzadasy gelýärdi- Ony ýeriň ýüzünde diňe şu aýala aýdyp boljakdy. Arzy daýza oglanyň ýüregini duýdy. Oňa sowal berdi. – Näme köşegim, bir zat diýjekmi? – Oglanyň kalbyndaky harasat onsuzam, ýüzünden bildirip durdy. – Aýdyber, köşegim, çekinmegin, meniň senden başga söýenerim, daýanarym ýokdur. Senem menden hiç çekinme... Ilaman ýüregini dökdi: – Arzy daýza, uruş haçan gutararka, dädem haçan geler, meni Oraz şyh gaty horlaýa... Oglanyň gözünden paýrap giden monjuklar gumak ýola düşen doly damjalary ýaly bolup ýaryldy. Beýle sowala garaşmadyk aýalyň özem ejizlän ýaly boldy. – Goý, ogul, bu uruş hemmämiziň başymyza horluk boldy. Bu Oraz şyhyň soňy tursun, ol biziň ata-baba gören horlugymyzyň sebäpkäridi, oglum, ýene-de alnymyzdan çykdy. Bu zatlaryň barysy, oglum, dokçulyk, dynçlyk günleň gadyryny bilmedik – Ol ýassyga gyşardy – Gadyryny bilmedik köşek, indem bize allatagala göz görkezýändir. Haçan adamlar toba edende dünýe düzeler. Wah, boldy, boldy biz ýaly garry-gurta, çaga-çoluga boldy. Nirede neresse, päkize bolsa şoňa boldy, oglum. Muňa-da şükür et, beteri bardyr... * * * Arzy doktoryň haly agyrdy. Ilamanam onuň ýanyndan kän uzaga gidenokdy. Arzy daýza bu gün kellesini galdyrdy. Ol Ilamana «has golaýyma süýş» diýen yşarat etdi. Soň ýuwaşja gürledi. – Oglum, menem ölmänkäm, şu gowganyň ýatanyny bir görsedim, görümde aýagymy süýndürib-ä ýatardym. Wah, heý, bu belanyň ýatjak sesi ýokmy, oglum. Ilaman sesini çykarmady. Ýöne Üzümgül mugallym pejiň gapdalynda kiçijik çäýnegi arassalap oturyşyna gürrüňe goşuldy. – Daýza jan, sen bir çaltrak gutul. Urşam ýatar galmagalam – diýdi. Ilaman hem ýöne oturmady: – Hol, gaýraky obadan biriniň ogly gelipdir. Şol-a, uruş eýýämem ýatandyr diýýärmiş. Men gaýdanymda nemisleriň pirini kädä gabadyk diýýärmiş. Aý, kemendirlerim «Sen gaýdybersen-äý, galanyny özümiz bir zat ederis» diýdi diýýärmiş. Ýöne ol: «Biziň obalarymyz uruşdan daşda, habar gaty giç gelýär» diýenmiş. Arzy daýza gözlerini açdy. Bu gürrüň onuň gulagyna ýakýandygy bildirip durdy. Ilaman ýene-de bir zat aýtjakdy. Ýöne Durdy ýasawul ony gyssagly kontora çagyrýanlaryny atyň üstünden aýdyp gitdi. Ilaman tä kontora çenli Arzy daýzany aldanyna ökünip gitdi. Onuň jugurdap duran garnynyň aşagyndan bir ýiti agyry gelip bokurdagyna dykylýardy. Soňam iň soňky deminde ýatan adama hakykaty aýtmany üçin odukdyryp goýberýärdi. Ýöne Ilaman hem şol agyra özüçe jogap berýärdi. Sebäbi onuň özem frontdaky edil häzirki ýagdaýy bilenokdy. Uruş bir ýerde, Ilaman bir ýerdedi. «Belki uruş ýatandyr. Belki gidenler gaýdyp gelýändir, içinde dädejanymam bardyr!» Ilaman süýji hyýallaryň oýuna çümdi. Ol gidenleriň gaýdyp gelşini, olary garşy alşyny, kakasy bilen görşüp, gülşüp, gürleşişini, şonda boljak hemme şatlygy häzir başyndan geçirýärdi. Ol olary görýärdi. Ilaman içeri girende Anna aga Durdy ýasawul bilen garaşyp otyrdy. – Dogrusy, Ilaman bu güne kän garaşypdy. Ýöne häzir onuň hiç zat aýdasy gelmeýärdi. Ol özüne zor saldy. Ilki bilen öýlerinden tapan tegelek gyzyl puluny stoluň üstünde goýdy. Soň bolsa Oraz şyhyň öýleriniň içini ala dörjük edip ýörşünem, onuň Akga brigadire aýdan sözlerinem, kime näçe bugdaý bereninem aýtdy. Özüni ýenjeninem aýtdy. Özem gylyny gymyldatman aýtdy. Onuň çaga ýüregindäki berç dyrmalanan ýaly boldy. Ýöne agyry welin gowzady. Onuň özlerinden düwme-düwme akýan damjalar, onuň çorlap giden elini gijidýärdi. Şonda-da säginmedi. Baryny-baryny gürrüň berdi. Şol wagt içeri Üzümgül girdi. Ol Ilamanyň ýarym ýaş bolup oturyşyny görüp, yzyna gitjek boldy. Emma birden saklandy. – Anna aga, Arzy doktor gidip barýa, zol Ilamany soraýa. Ýetişeweriň. Ilaman ýerinden atylyp turdy. Ol gapydan çykanda Üzümgül mugallym ony saklady. – Dur, dur, Illi jan, bile gideli. Saňa bir aýtjak zadym bar – Ilaman oňa kän ünsem berenokdy. Onuň hyýaly häzir Arzy daýzanyň ýanyna uçup barmakdy. – Dur, köşek, maňa gulak as, bu oýun iş däl, diňle. Ol pahyr jan berip bilenok. Sen gaýdalyň bäri çabalanyp ýatyşy. Özem «Uruş ýatmadymy» diýip zol-zol sorap dur... Ilaman sowukdan ýaňa ýygrylyp az-kem sägindi-de ýene aýak aldygyna ylgap başlady. Üzümgül mugallymyň sesi ony ýene-de özüne getirdi. – Nirä barýaň, dur, diňle meni, Ilaman... Ilaman saklandy. Üzümgül mugallym «Ilamany indi sypdyrmaýyn» diýen niýet bilen, onuň elinden berk ýapyşdy. Soňam ony silkeläp-silkeläp goýberdi. Ol aglaýardy. Soňam birzatlar diýýärdi. Ilaman onuň sözlerine känbir düşünmedi. Ýöne özüniň etmeli işine welin düşündi. – Ylga, indi ylga, ýetiş, çalt ýetiş, görgüli horlanmasyn... Ilaman gapyny açanda öýüň içinde birki sany adamyň bardygyny gördi. Çarygyny zadyny çykarman töre topuldy. Garry oglany görüp, gözüni açdy. Ilaman oňa has golaý baryp demi-demine ýetmän gepledi. – Arzy daýza, gözüň aýdyň, uruş ýatypdyr. Serdaram gelýämiş. Arzy daýzanyň ýüzi nurlanan ýaly boldy. Ol yranyp, ysgynsyz eginlerini dikeltjek ýaly etdi-de özüni erksiz ýassyga goýberdi. | |
|
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy / roman - 23.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |