11:51 Uzak-uzak ýyllar - 8/ romanyñ dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Romanlar
1. 1943-nji ýylyň bahary juda ir geldi. Fewral ýaňy ýüzüni görkezenden, meýdanlar gök parç bolup ýaýylyp ýatyrdy. Adamlaryň göwnüne bolmasa basym bir ýerlerden «uruş ýatdy» diýen habaram gelip ýetäýjek ýalydy. Giden adamlaram bir ýerlerden topar tutuşyp, ýylgyrjaklaşyp geläýjek ýalydy. Çünki, biziň goşunlarymyz ýeňiş üstüne ýeňiş gazanýardylar. Stalingrad ugrundaky göreş uly ýeňiş bilen tamamlanypdy. Indi biziňkiler hasam öňe barýardy. Tutuş sowet halky bu ýeňişler bilen galkynypdy. Hemme ýerde ýeňşe sabyrsyzlyk bileň garaşylýardy. Üýşülip gazet okalmaýan ýekeje günem ýokdy. Gazet okalşygyň yzynyň mitinge sapýan wagtlaram az bolmaýardy. Şeýle günlerde her kim daşyna çykarmasa-da, içinden dogan-garyndaşynyň gelerine uly tamakinçilik bilen garaşýardy. Çynarly obasy bahary has ir duýdy. Obanyň gaýrasynda bir wagtlar at çapylan meýdan gök otdan ýap-ýaşyl bolup ýatyrdy. Şol meýdana ysmanak ýygmaga kolhozyň beýleki uçastoklaryndan, hatda raýon merkezindenem adamlar gelýärdiler. Olar ertir bilen gelişlerine, giç agşam torbalaryny dolduryp, yzlaryna geçip gidýärdiler. Ysmanak welin heniz ýetmändi. Asyl, bu ýyl ot bol bolsa-da, ysmanak ýok diýen ýalydy. Meretgül kempiriň aýtmagyna görä «bu ýyl «goýun» ýylydy. Özem ýaz heniz çykmanka oty-çöpi ýaldyrak alyp, il-gün maňkasyny çekip, hor-homsy, ölmez-ödi güzeran görmelimiş». Bu aýdylan ugruna bolmasa-da, ýazyň mazasy birden gaçdy. Çabgaly ýagyşlar yzyny üzmän ýagýardy. Ot-çöp öserini alyp bilmänsoň, mal-garanyň-da doýup ugry ýokdy. Diňe maý aýynda ekişe girişmäge maý boldy. Howa birden açyldy. Ot-çöp gaýtadan güýç alyp parç bolup ösdi. Meýdanlar ömründe görmedigini gördi. Hat-da obanyň içinem, ol öýden, bu öýe barylýan takyrjak ýodalaram ot basdy. Obanyň ortasyndaky tamdyra öň niresinden barylandygyny hem biljek gümanyň ýokdy. Hatda tamdyryň özem ösgün gök otdan ýaňa ullakan ýaşyl tabagy ýadyňa salýardy. Bu ýaz iliň-günüň, malyň-başyň abat bolsa dokuzyň düzüw bolsa är ömründe ýatdan çykmajak bahar bolupdy. Meýdanlaryň beýle esränini, gülüň-gunçanyň beýle yhlasyny gören-bilen ýokdy. Bu ýöne ýere bolmaly däldi. Bu bir gaty uly şatlygyň alamaty bolmalydy. Adamlar daşyna çykarmasalaram içinden şeýle şatlyga uly tamakinçilik bilen garaşýardylar. Şeýle günleriň birinde oba bir hoş habar düşdi. «Çynarly obasyndan bir ýigit gaýdyp gelýärmiş!» Bu habar adamlaryň sönen umydyny alawlatdy. Misli Çynarlynyň indi näçe günläp, näçe aýlap, näçe ýyllap hesret içinde ýaşan adamlary däl, ýegşerilip oturan pagsa jaýlary hem bilini ýazan ýaly boldy. Her kim bu hoş habary özüne çekdi. Her kim şeýle tamakinçilik bilen ýola garady. Eger güýjüň ýetýän bolsa, her öýde çyra ýakyp, her öýde toýa taýýarlanybermelidi. Çynarlynyň on öýlüsiniň hemmesindenem giden bardy. Gelýän esger öýleriň haýsyna girende-de toý toýlugyna galmalydy. Bu bir gaýtalap, gaýtalap bolmajak uly wakady. Bu kiçijik obanyň adamlarynyň näçe ýyllap eden yhlasynyň jemidi. Üzümgül mugallymyň getiren bu habary bütin obany sarsdyrypdy. Adamlaryň gözi ýoldady. Üzümgül başyny ýuwup, saçyny darap, bir wagtky rabfakda höwes edip geýýän ýakasy çaňňaly ketenisini, çaluwy gyzyl ýüpekden kakylan çabydyny geýipdi. «Belki, Bezirgenim gelýändir?» Belki... Ol at gaýtarym töweregi syryp, süpürip, suwlap goýdy. Geçen ýazdan bäri, «Ynkylaba» uruşdan getirilen çagalara seretmäge işe gireli bäri sübse garasy degmedik gapysyny toý edibermeli etdi. «Gelýän hökman Bezirgenimdir. Meniň yhlasym alypjyk gelýändir!» Ol häzir guş bolup uçýardy. Ýalňyzlygyň derdinden öler ýaly ýadaw, dünýäde in eziz, iň mähriban, iň ýakyn adamynyň didaryna suwsan ýürek, tutuş beden başga pikir etmeýärdi. Gaýtam ganat baglap al-asmanda gaýyp ýördi. Ol demir ýol stansiýasyndan çaga alyp gelen arabakeşden gaýta-gaýta sorapdy. «Öz-ä, otuza ýetmedik ýigit. Salamlaşdyk. Tanamadym. Bir eli boýnundan asylgy. Bir gözem gara mata bilen daňylgy eken. Heýt, ogul, tanamadym, haýsy obadan bolarsyň diýsem «Agam, tanamarsyň, men Çynarla, hol «Ynkylap» kolhozynyň çetindäki Çynarla barjak diýdi. «Syrdam, berdaşly ýigit. Aý, soňam çintgäp durmadym, ondan...». «Edil Bezirgenim. Elem, gözem owarram. Gelse bolýa... dünýäm...» Üzümgül Bezirgen geläýen ýaly bolup begenýärdi. Öz ýanyndan gülýärdi, aglaýardy. Iň esasy zat, ol ýeňdi. Akga ýaly agzy suwlyny, şoňa meňzeş bigaýratlary ýeňdi. Ýagşy ada galdy, ýaman ada galmady. Açlyk boldy, horluk çekdi, emma duşmana duýdurmady. Indem, ine, söwer ýary gelýär... Bu habar Enäniň ýüreginiň başyna bir gysym gor guýlan ýaly etdi. Onuň bedeniniň ysgyny el bilen sogrulan ýaly boldy. Ol iki obanyň ortasyny kesip geçýän ene ýabyň gyrmançasyny, otuny gyrçap ýören adamlaryň ýanynda gaýtarmakdan zordan saklanyp, öýlerine ylgady. Aýallaryň hemmesi umydygär bolansoň Enäniň bolşy söwer ýara bolan telwasyň tolgunmasydyr diýip oý edýärdiler. Emma Enäniň kalbyndaky harasat telwasyň, tolgunmanyň işi däldi. Ol indi özüniň ýagdaýyny gowy bilýärdi. Ol özüniň gaýtaryp, garabaşyna gaý bolup ýörşüniň, «aý, hudaý bardyr» diýip, pitiwa etmän ýörşüniň, bu günem garnynyň çep gapdalynyň şarpyldap gitmesiniň derdi-dagyny bu gün çekmeli bolupdy. «Çynarla bir esger gaýdyp gelýärmiş!..» Bu habar onuň dünesini daraltdy. Ol özüni zordan pejiň gapdalyna atdy. Aýyň parasy ýaly ýüzüni, balkyldap duran köşek gözlerini sadapdan guýlan ýaly bilekleri bilen ýapyp titiräp, titiräp eňredi. Emma aglap bilmedi. Tolgunma, howsala, gorky onuň ýüregindäki hesreti çogup çykarmaga, aglap-aglap gözýaşyny egismäge päsgel berýärdi. Ol gözlerini ýumdy. Birdenem göz öňünde Goçaklynyň ýylgyryp duran keşbi göründi. Ol şu geçen iki ýylyň içinde Goçaklyny beýle aýan göz öňüne getirip bilmändi. Ol ýylgyryp durdy. Günäsiz, garawsyz gözlerini ýylgyrdyp durdy. Ene şol gözlere garap durup bilmedi. Utanjyň, haýanyň ajy duýgusy gursagyna urup, demligini daraltdy. Ol «wah» diýenini duýman galdy. «Waý, bagtym ýatdy. Şoldur, şoldur doganlar. Indi ne alaç ederin, indi näme diýerin...» Ol ýere süýndi. Ysgynsyz-mydarsyz göwresini tisgindirip, uly ili bilen aglady. Şol wagtam bir ýerlerden ejesi ylgaşlap geldi. Ol dady-perýadyna ünsem bermedi. Gaýta başga heň urdy. – A, gyz, gözüň aýdyň, Äkge jan başlyk boljakmyşyn. Ol Anna garantgyny puronda alanmyşlar. Indem, Äkgäni ýerine galmaly diýip yraýona çagyrypmyşlar... Ene ejesiniň sözlerine sesini kesdi. Ýöne çydap bilmedi. Şumjaryp gürledi. – Bir adamyň purantdan gelýänini görüpdirler. Men «Çynarlydandyryn» diýipdir. Salgyndan Goçakla meňzeýär. Şoldur, şol gelýändir. Eje jan, gara bagtym ýatdy-la, eje jan, indi men näme diýip, näme aýdaýyn... Meretgül gyzynyň bolşundan erbet eýmendi. Ýöne syr bildirmedi. – Kim diýse, goýup otursyn-a... Diliňde aňsatdyr, o zyndanlardan çykaýmak. O bir purant däl-de, zyndanmyşyn-a. Şo zyndanlardan çykmagyň aňsat bolaýşyny. Hol, Büjnürdiň zyndanyndan çykyp bilmän niçe pyýada upbat boldy. Nemis saňa Eýranyň hany däldir. Olaram özüni seniň kelpeze ýaly kerri garantgyňça görýändir... Ene ejesiniň delillerine söz tapmady. Ol eňegini dyzlaryna diräp perişan bolup oturyşyna parhsyz gürledi: – Salyg-a şol, näme diýseňem-ä. Kempir gaýtadan möwç aldy. – Sen näme, salygy şol diýip, özüňi Agaýunus peridirin öýütdiňmi? Dyrnagyňa seredeniňde salgyny görüp oturar ýaly... – Iller aýdýa... Ýüregim syzýar. Şoldur, şoldur. – Il gursun, iliň dälmi şu günlere salan bizi. Kişiniň dyrnagy össe gynanýan iliň gursun, ylahym. Ajap-da bir illi ekeniň, şerraý. Il agzyny ýygyp bormy? «Alan ogry – gören taňry» iliň bardyr-da... Meretgül möwjedi. Ol işden-güýçden bizar bolup, gurpdan gaçan alaşa ýaly, syrtyny işige berip şol takyrdap otyrdy. Enäniň welin içini it ýyrtýardy. Ol gelýäniň Goçaklydygyna bolan ynanjy ýüreginden syryp taşlap bilenokdy. Jadygöý ýaly bolup, gyzynyň içindäki gumalaklary sanap oturan Meretgül ýuwaşragadan, azymly gürledi. – Seniň iliň gepi bilen işiň bolmasyn. Bu dag eteginde Çynaram gyt däldir, «Çynarlam». Ady guran obalaryň hemmesiniň ady «Çynarly», «Söwürtli-dä» Haýsy birine meňki diýjek. – Salgy şo-ol-ow, eje! – Salgy şol! Sen nireden bilýäň? – Şoldur, obadan gidenlerden Myratly neressäň haty geldi, Kerwen aga ýaşuly, Hudaýberdi ýaş, başga kim bar... Kempir ýerinden galdy. Ölen kelguşyň ganatlary ýaly gatan goluny, leňňejiň aýagy ýaly barmagyny gyzyna uzatdy. – Hol, obanyň gaýrasyndaky mollasumak ganjygyňky bolsa näbildiň. – Kim ol? – Hol, mollasumak heleý, Arpagülmi, Dänegülmi?.. – Wiý, Üzümgülüň adamsy Bezirgenmi? Ene duýdansyz begendi. Üzümgülüň salykatlylygy, akyllylygy ony bendi edipdi. Üzümgülde onuň ömür boýy arzuw edeninde-de ýetip bilmejek mert, çydamly sypatyň baryny ol gowy bilýärdi. «Wah, Üzümgül ýaly bolsam, menmi häzir burlup, ojagyň başynda içimi hümledip oturjak. Uçuplar bireýýäm ene ýabyň köprüsine barmazmydym? Goçaklyny gözden uçuran ýerimde, onuň didaryny görmäge umydygär bolup oturmazmydym?..» Ene özüni diýseň alaçsyz saýdy. Häzir Goçaklynyň geleninden gelmänini ybaly gördi. «Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn» diýlen gürrüňi ýatlady. Ol Goçaklynyň gyzyl ýüzüni soldurdy. Onuň mertebesini saklap bilmedi. «Ýok, Üzümgül meniň ýaly bihar bolmady. Ol namysyny depeletmedi. Ol öz päkligini ölinçä-de saklar. Şonuň ýaly gelne gurban bolsaň». Ene gözlerini balkyldadyp, içini hümledip otyrdy. Birdenem onuň sag böwri ýuwaşja tyrsyldap gitdi. Ene erbet tisgindi... * * * «Çynarlynyň» gelinleriniň ýüregine ot salan esger geler ýerde gelmedi. Şondan iki gün geçenden soň bolsa başga bir gürrüň oba ýaýrady. Olam Akga brigadiriň Anna aganyň ýerine başlyk bolandygy baradaky habardy. Anna agany kolhozlardan sowgat-serpaý alyp frontçularyň arasyna gidýän ýörite brigada goşupdylar. «Dälä galdy bulamak» diýenleri boldy. Kolhozda Akganyň towguna tok diýen ýokdy. Oraz şyhyň diýeni gelipdi. Ol indi kän bir çekinmän il arasyna çykýardy. Ýüregindäki gara niýetini çekinmän samraýardy. Bu günem ol Çynarlynyň gapdalyndan geçýän uly ýabyň gyrmançasyny gyrçap ýören gelinleriň ýanyna geldi. Aýallar Oraz şyhy görüp ýaşmaklaryny agyzlaryna çekdiler. – Amanmy, gyzlar, aman sagmy? Oraz şyh mor sakgalyny gysymlap-gysymlap, maňlaýynyň güne ýygrylan gasynlaryny eli bilen darap, göwnüýetmezçilik bilen garanjaklady. Ep-esli oturybam brigadire söz gatdy. – Men saňa bir zat aýdaýyn, Sapargül gelin, hudaýtagala heleýleri erkek kişiniň gapyrgasyndan ýasapdyr. Howwa, şonuň üçinem heleý-gyzlar hor-homsy boluberse, erkek kişiniň gapyrgasy awaberermiş. Şu siziň gara günüňiz meniň gapyrgama degýä... Sapar brigadir öňem guşagyna gaýym gysdyrylan gyňajyny ýeňsesine atyp goýberdi. – Howwa-la, Oraz agajan, gapyrgaňa degensoň gelip, elimizden pilimizi alyp, agan ýükümizi galdyryp ýörsüň, taňryýalkasyn. Oraz şyh Sapar brigadiriň kinaýasyny eşitmediksirän boldy. Ýöne ol bu dillije heleýden gep alyp galmagy kemlik bildi, – Weý, weý, gara gelin, sen ony diýýäň, men haýsyňyzyň eliňizden alaýyn piliňizi. Ýöne hudaý eliňizden alsyn piliňizi diýäýmesem. Siziň şuraňyzdan allatagala ýakyndyr görseň. Allany, hudaýy unutdyňyz, çekiň-dä jezasynam... Sapar brigadir «bir ýaraly esger gelýärmiş» diýseler, özüniň Durdusydyr diýip gaty tama edipdi. Geçen iki gün bolsa onuň ersen höwesini çökeripdi. Şonuň üçinem ol häzir çagasyny elinden aldyran ene ýolbars ýalydy. Oraz şyhyň teýeneli sözleri onuň öňem dilim-dilim bolup duran ýaralaryna duz sepen ýaly boldy. Ol ajan gyýgyny dökmejek bolsa-da, saklanyp bilmedi. Agzynda çeýnelmeden gyrasy öljeren gyňajyny aşak sypyrdy. – Wiý – diýip, dikeljiräp gygyrdy. – Wiý, gurbanyň bolaýyn seniň. Sen «jezaňy çek» diýip gyjalat berjek bolýaňmy? Sen, mor sakgalyňy titredip, diýjek sözüňi bilip sözle, şyh. Gyjydy özüňe ber. Şura hökümetine dil ýetireniňden kümüs-kümüs edip, puranta gideniň aýalynyň haýsynyň uçgury gowşakka diýip, ak girse-de aň girmedik messepsizliginden utan... Oraz şyh näme diýjegini bilmedi. Ýöne onuň gany depesine urdy. Ol liňkildäp ýerinden galdy. – Häý, seniň diliň gursun... Diliňi ýyg, ýogsam ýelniňi keserin seniň, ganjyk... Sapar brigadiriň hem ýüreginde köpükläp duran gahar-gazap şindi egsilmändi. Şonuň üçin ol hem sesine bat berdi. – Ejeň ganjyk, bajylaň ganjyk. Naçar bilen deň bolup duran diliň ganjyk... Mor sakal ýer çeken... Hany bir barmajygyňy degir, sakgalyňda sallançak uçaýyn... Oraz şyhyň bolmajysy boldy. Ol çäkmeniniň agyr synlaryny silkip Sapar brigadiriň üstüne topuldy. Sapar brigadirem kem galjak däldi. Ol elindäki ýalaw ýaly pilini Oraz şyhyň depesinden inderdi. Şol wagtam gelinler gyr-da-gykylyk bolup, Oraz şyhyň üstüne topuldylar. Ýöne kimdir biriniň sesi has çasly çykdy. – Aý-u-uwlar, han-a biri purontdan gelýär-u... Oraz şyh gelinleriň ýadyndan çykdy. Olar garasar ýaly hürre örüşip, ýabyň raýşyna çykdylar. Soňra her kim sozan guýruk bolup araba ýola garşyn ylgady. Oraz şyh bolsa bu wagt «assa gaçan – namart» diýişleri ýaly, pil gyltyzrak degip, mazaly ganjaran kellesini tutup, aýak aşagyna düşüp tozana garylan telpeginiň çöpüni-çörüni hem kakman ýorgalap tutluga siňip barýardy. Emma oňa häzir üns berenem bolmady. Hakykatdan hem bir esger gelýärdi. Ýanynda-da Üzümgül bardy. Her kim ylgap barşyna «waý Bezirgen-dä, Bezirgen» boluşýardylar. Emma ol Bezirgen däli. Gelinler ony tanamadylar. Ýöne hiç kim badyny saklajagam bolmady. Her kim onuň bilen gujaklaşyp görüşdi. Iň utanjaň ýygra Ogultäjem ýaraly esgeriň boýnuna gol saldy. Her kimiň gözünde ýaşdy. Her kimiň dilinde doga Herkimiň ýüreginde umytdy. «Allajan, biziňkilerem öýe şeýdip gelsin-dä, jan allam!» Bu sözi gelinleriň bary gaýtalaýardy. Olar esgeriň gansyz ýüzüne hasa bilen saralgy goluna, insizje gara mata daňan gözüne uly höwes, ýiti ynjy, inçejik tama bilen garanjaklaşýardy. Her kim giden adamsynyň, agasynyň, doganynyň, ilen-çalanynyň bir alamatyny bu syrdam boýly, başy sargylt esger papakly, az-kem sary giden eşikli adamdan tapjak bolýardy. Adamlaryň ýüreginde ýanan umyt uçguny olaryň süňňüni ýylydýardy. Olar uly ýol bilen esgeriň yzyna düşüp, topar tutuşyp, Çynarla tarap barýardylar. Iş-güýç hiç kimiň ýadyna düşenokdy. Her kim bu pursatda ýüreginde hasyl bolan mukaddes duýgulary ürküzmejek bolýan ýaly, sesini çykarman, syrdam boýly esgeriň yzyna düşüp barýardy. Oba golaý baranda aýallar biri-birleriniň ýüzüne garanjaklaşmaga başladylar. Sapar brigadir Üzümgülüň elindäki ýeňiljek goşhaltany çekip aldy, soňam «hany, aýak çek!» diýen manyda ümledi. Olar «bu gelen kim-de, kim» bolşup, Üzümgülden soraýardylar. Üzümgül esgeri tanyşdyrdy. – Bu ýigit Arzy doktoryň ogly Serdar bilen frontda bile bolupdyr. Ol neresse ýogalanda ýanynda eken. Oňa «oba dolansam ejeň ýanyna bararyn» diýip söz edipdir. Ine-de obamyza gelşi... – A gyz, Arzy pahyryň beýle bolanyny bir aýtdyňyzmy, bu neressä? – Kanturda aýdypmykalar diýýän, menden-ä ýeke agzam soramady. – Esger ýigit çep eliniň ýeňi bilen gansyz ýüzüniň düwme-düwme bolup düzülip duran derini süpürdi. Soň bir zat diýjek ýaly etdi-de, sesini çykarmady. Arzy doktoryň öýi gulpludy. Aýallar gulpuň açaryny agtaryp başladylar. Häzir açaryň nirede goýlany hiç kimiň hakydasyna gelenokdy. Açar tapylmady. Aýallar topar tutuşyp durdular. Olar «gulpuň tagta kakylan zülpüni goparmaly» diýen karara geldiler. Oňa çenli Üzümgül gapdaldaky ýylmanajyk daşy görkezdi: – Şol daşy galdyryň. Ol pahyr açary hemişe şonda goýardy – diýdi. Aýallar daşa topuldylar. Hakykatdanam, daş aşagynda, takyrjak ýerde alaja bagly, ýarysy posly açar ýatyrdy. Arzy dogtaryň eli degen zatlary görüp aýallar bozuldylar. Ýöne bar zat çalt unduldy. Aýallaryň her haýsy bir işiň başyna geçdi. Kolhozçylaryň günortan iýmeli nahary agşam Arzy dogtaryň öýünde iýildi. Adam kändi. Adamlar sygmansoň öýüň ähli keçesi, soň bolsa goňşulardan getirilen keçeler-de daşary, otuň üstüne ýazyldy. Ortada bolsa uly ot ýakyldy. Bu ýigidiň adam Serdar eken. Ol gürrüň berýärdi. Adamlar demlerini alman diýen ýaly diňleýärdiler. Ortadaky ot sönüp gidipdi. Säheriň mylaýymja çigregi endamyňy jümşüldedýärdi. Emma adamlar şo-ol diňläp otyrdylar. Her kim gürrüň soňlanaryna, öz ýakynyny sorag-ideg etmäge garaşýardy. Gürrüň welin gutaranokdy. Her kim uruş, front diýip, näçe ýyllap arwahyň syry ýaly bolup duran ýagdaýlara göz ýetirjek bolýardy. Serdar ýerinden turdy. Ol çep eli bilen synlaryny kakyşdyrdy. – Ine, adamlar, haýyn güllesiniň yzlary, hut şinelimiň endam-janyny pers ala etdi. Şu iki sanjagy maňa degeni, beýlekilerem degen bolsa, onda men nire, beýdip oturma nire. Serdar gürrüňiniň arasyny kesende, Sapar brigadir bir gyrada çugutdyryp oturan Oraz şyha gözüniň gyýtygyny aýlap, sowal berdi. Serdar jan, «nemis diýen bela dünýäni gysymyna gysyp barýar. Diňe biz galdyk. Bizem basym holtumyna gysjak» diýen gürrüň bar-la, ýa o-da bir agzy boşun gürrüňimidir... Serdar öçen ojaga garady. Soň uludan demini aldy. – Aý, ýeňňe, nemes faşistlerinde etsem-petsem kändi. Biziň bir kamandirimiz bardy. Ol nemisleri dünýäni tutup süýrenip gelýän äpet aždarha meňzedýärdi. Ol diýýärdi: «Aždarha dünýäniň gaty köp ýurduny ýuwutdy. Onsoň süýrenip Sowet Soýuzyna geldi» – diýerdi. «Ol aždarha Moskwany ýuwutjak bolanda biziň sowet halkymyz onuň kellesini mynjyratdy» diýýärdi, onsoň men gospitaldan çykjak bolup ýörkäm ony agyr ýaraly halyna gospitala getirdiler. Bir gün ýanyna bardym. Ýoldaş kamandir, faşistik aždarha nädýär – diýdim. Ol bolsa – Heý, towariş, Işankulyýew, nemes faşistik aždarhasynyň biloňurgasyny Kursk dugasynda, Stalingradda kül-peýekun etdik. Indi bir guýrugy galdy. Olam Berline çenli uzalyp ýatyr – diýdi. Bu gürrüňiň Oraz şyha ýaramandygy ýüzünden mese-mälim bildirýärdi. Ýöne ol sesini çykaranokdy. Bu gürrüň tükenip-tükenmänkä bolsa ol garaňka siňip gitdi. Bu ýagdaýy synlap oturan Sapar gelin bolsa öz ýanyndan monça boldy. Serdar ertesi öz obasyna gaýtdy. 2. ...«Täze başlygyň» beýle arkaýynçylygy Durdy ýasawulyň içegelerine gor guýlan ýaly etdi. Ol «gözüň ak ýagyny alýar» diýen ýaly bolup oturan arpaly meýdanyň içinden her gün diýen ýaly geçýärdi. Arpa ýagşy ýetişipdi. Onuň göwnüne bolmasa torgaýlaram «Arpa ýetişdi, arpa ýetişdi» diýip jüýgüldeşýän ýalydy Öň açlygyň dagyny görensoň, bu ýyl geçen ýylky kauçugyň ýerine ekilen arpanyň ýygnalman ýatyşyna onuň gözleri patlajak bolýardy. Göwnüne bolmasa arpa ýetişip, indem guş-gumra şam bolup, ýere siňip barýan ýalydy. Ol bu arkaýynçylygyň aslyna ýetmese ynjaljak däldi. Şonuň üçinem ýabysyny loňkuldadyp, güni bilen diýen ýaly Akganyň gözleginde gezdi. Ahyram ony tapman, obanyň etegindäki tutluga gidýän ýaby gyrçap ýören gelin-gyzlaryň ýanyna geldi. Sapar brigadir ýasawulyň ýüzünden daş asylan ýalydygyny görüp erbet gorkdy. Onuň göwnüne ýene-de bir şum habar getirip, indem bir bendäniň bagtyny ýatyrmakdan çekinýän ýaly bolup göründi. Ýasawulyň «Sapar, munda gel!» diýmesini hem erbetlige ýordy. – Heý, waý, Durdy aga, bagtym ýatdymy meniň? Durdy ýasawul gözlerini gazaply ligirdedip azgyryldy: – Bagtyň ýatmasa, şeýder ýörermiň... – Men näme edipdirin, doga bagty garalykdan başga... Sapar brigadir özüni lampa aşak goýberdi. Sapar brigadiriň bolşy ýaşula jögülik edýän ýaly bolup göründi. – Goý, şerraýlygyňy. Garnym doýdy diýip supraňy püçege satan diýerler size. Bar çörek gara ýere gark boldy. Sen bolsa munda salmanyň otuny gyrçadýasyň. Ýaby başyňa ýapjakmy? Arpaň guma garylyp ýatyr, bugdaýyna serçe degipdir, siz bolsa ýap gyrçaýaňyz. Mundan beterem bagtyýatanlyk bolarmy? Sen bolsa şerraýlygyňa başlaýarsyň. Ýasawulyň sözi brigadiriň heniz erbet tolgunmadan köşeşmedik ýüregini gamçy ýaly awuly çawlady. Awy brigadir gelniň bütin süňňüni titretdi. Ol gyňajyna ýapyşan çöp-çalamy zarply kakyşdyrdy. – Wah, agajan, adyňa döneýin, men nä alaç edeýin. «Entek ir, entek ir» diýip, bizi atyzyň gyrasyndan eltenok, ol jallyk meýdi ýanan. Özem şo-ol Meretgülüň tulasynyň tüneginden çykanok, diýmäýin diýsem, ýaşy kesilen. Sapargül özüne öwşerilişip duran aýal-agyzlardan haraý isledi. – Eger ynanmasaň sora şu bendelerden. Tomsuň şu jokramasynda ýap gyrçadýar ýaşy ýanan. Ýap gyrçatjak bolsa suw tutmaga başlanjak wagty gyrçatmal-a. Indi gaýa ýok, gopuz ýok, gabryny suwartjakmyka bi ýapdan suw akdyryp, diýmäýin diýsem, gabry ýanan... Durdy ýasawul sesini çykarmady. Ol göýä bu gykylyklaşýan adamlary diňläp, öz-özünden uýalýan ýaly ýuwaşja sortduryp duran ýabysyna güýmendi. Köne palasdan tikilen horjunynyň gözleriniň ýüpüni çözüşdirdi. Ol horjuna elini sokanda, yzda turan gowura başyny galdyrdy. – Hana, ýer çekeniň özem gelýä... – Aýallar indi näme bolarka diýen terzde ýasawula garanjaklaşýardylar. Durdy ýasawul horjunyň bagyny gowşagrak büzüp ýene-de daňdy. Onsuzam onuň Akganyň bolşuna jany ýanyp ýördi. Öz ýanyndan ony itden beter ýigrenýärdi. Eneli gürrüňi bolsa ýüregine sygdyryp bilenokdy. Ilaman onuň «Oraz şyh bilen atyny goşandygy» barada aýdaly bäri bolsa, gözünde oky bolsa Akgany atjakdy. Onuň ýüregindäki ähli gazaby oýandy. Ol: «Gel, men şunuň bir otuz ikisini damagyna ýollaýyn-la» diýip gazap bilen ýaba atlandy. Akga welin ýabysyny «düldüliň ýorgasy» diýilýäne goýberip, eýere ýaplanyp hekgerip gelýärdi. Ol işläp duran adamlaryň ýanyna sowulman, tutlugyň gapdalyndan geçýän araba ýol bilen kolhozyň merkezi uçastogyna tarap tutduryp barýardy. Ýasawulyň diýeni bolmady. Emma ýasawul ony beýle goýberjek däldi. «Yssammyla gitseňem yzyňdan ýeterin, köpeý ogly». Ol «gel şunuň yzyndan depeýin-le» diýip, ýabynyň uýanyny batly dartanda, aýallar ýerli-ýerden gykuwlaşdylar. – Ak-gu-uw, aý, birga-at. Gelip, gidewer-u-u. Sapar brigadir sesini goýup, goýmanka Tagy gelindir beýleki aýallaram ýerli-ýerden gygyrdylar. Gelinleriň adyny tutup, ýerli-ýerden gygyryşmagy Akgany janlandyrdy. Ol ýabysyny saklady. Soň töweregine garanjaklan boldy-da, yzyna dolandy. Akganyň bolşy Durdy ýasawulyň keçje damaryny hasam gataldýardy. Onuň temegini ýellendirişi, hondan bärisiräp, dähedem-dessemläp gelşi ýasawulyň arwahyny atlandyrdy. Onuň gelerine takat edip bilmän, ep-esli aralykdan gygyrdy. – Haý-ow, seniň bolup ýörşüň näme, hä? Akga onuň diýenini eşitmedi. Sebäbi ol başga bir has wajyp habara garaşýardy. Anna agany apreliň öň ýanynda, frontdakylara 1-nji maý sowgadyny hem-de obadaşalarynyň salamyny äkitmeli diýip, iberişleridi. Onuň käbir adamdan eşitmegine görä, nemis ol ýere baranlaryň guş bolsa ganatyndan, gulan bolsa toýnugyndan dyndaryp, özünem jähenneme iberýärmiş. Onuň pikiriçe «Annajygam» şol neresse gulanjyklaryň gününe düşmelidi. Ol nokgy-nokgy edip, başlyksyrap, ahyram «bal gününe» bulaşmalydy. «Ýogsa näme, bir ýeňiýoluk ömürboýy başlyk bolmaly däl. Äýt, onuň başlyk boldugymy, beri? Başlyk bolsaň biziň ýaly bolmaly, bu dünýäniň gülüni çürtmeli. Gelinleň güli meniňki, iýsem öňümde, iýmesem ýeňsämde, diýenim bolup dur, başga näme gerek Akga han...» Akga häzir biziňkileriň nähili ýeňişleri gazanyp, nähili üstünlik bilen nemes basybalyjylarynyň söbügine münüp barýanyny eşitmän duranokdy. Häzir uludan-kiçä hemmäniň gürrüňi frontdaky şol ýenişler baradady. Ýöne Anna aganyň şeýle bolmagyny onuň göwni isleýärdi. Munuň hökman şeýle boljagyna çyny bilen garaşýardy. Durdy ýasawulyň bir zat, bir zat diýýänini eşitse-de, ol onuň näme diýýänini aňşyrmady. Ýöne onuň süňňi ýeňläp gitdi. Atynyň böwrüne kelte aýaklary bilen gaýta-gaýta depgiledi. – Salowmaleýkim, ýasawul – Ol «Durdy ýasawul häzir Anna aganyň bir bela ýoluganyny aýdar» diýen tama bilen, oňa has golaý geldi. Çalarak eşidýän gulagyny gamçynyň sapy bilen dözümli gorjalady. – Seniň bu bolup ýörşüň nähili diýýän, saňa?.. Akga gözlerini jüjertse-de, ýene-de ýasawulyň näme diýýänine düşünmedi. – Anna başlyk ölmändir – Durdy ýasawul has aňyrdan aýlap gep düşündirjek boldy. Emma Akganyň gulagyna bu söz «Anna başlyk öläýipdir, sen bu habary eşitmän nirede gezip ýörsüň» diýen ýaly bolup eşidildi. Ol içki begenjinden has hem gyşaran agzyny wagty bilen ýygnap bilmedi. Soňra birhili aljyrap gürledi. – Habarym ýok, jan agasy, hiç habarym ýok. Öýüne getirdilermi? Haçan ýogalypdyr ol neresse. Durdy ýasawulyň içi-bagry ot alan ýaly boldy. Ol ömründe, megerem, ilkinji gezek özüni unutdy: – Sen näme, it ogly, meniň üstümden güljek bolýasyňmy? Hä, başlyk ölmändir, sen hekemsiräp ýörer ýaly. Beýleki golhozlar arpany bireýýäm harmana daşap, bugdaý oragyna girişdiler. Sen bolsa ýap gyrçadyp ýörsüň, adamlara... Diýeni çykmansoň, Akganyň boýny eginleriniň içine giden ýaly boldy. Ol bu ýaşulynyň beýle gaharyny öň hiç haçan görmändi. Şonuň üçin ol birneme çekinmänem duranokdy. Ýöne töweregini alyp duran aýallar, az wagtam bolsa, özüniň kolhozyň «eýesidigi» baradaky duýgy ony götergiledi. Ol ýasawulyň ýanyna barmasa-da, şol duran ýerinden gygyrdy. – Näme-äýt, ýasawul, sen yraýkomdan gelen wekil-ä däldirsiň. Meniň üstüme baýarsyramaga. Ba-ar, öz işiň bilen bol. Men seniň ýasawullygyňa goşuldymmy. Senem goşulma. Durdy ýasawul atyny birgadiriň üstüne sürdi. Soň gazabyna bäs gelip bilmän gyryk sesi bilen gygyrdy. – Seniň ýaly gurrumsaga emel berene nälet bolsun, doňuz ogly – Ol birden özüne gelen ýaly boldy – Seniň bilen ýaňkalaşma hyýalym ýok. Ýöne sen maňa jogap ber, nämüçin oraga başladaňok. Şony aýt... Akga ýaşulynyň äheňiniň peselmegini onuň ýeňildigi hasap etdi. Şonuň üçinem sesini öňküdenem batlandyrdy. – Sen menden hasap sorajak bolýaňmy ýene, heý akly çaşan oraga girmek, orakdan çykmak meniň öz işim. Islän wagtym saljak oraga... Ýaşulynyň diýeni bolmady. Ol erbet gyjynyp sögündi. Atyny ýene-de Akganyň üstüne sürdi. Emma durup birneme sowaşan ýaby ýerinden gozganmady. Gaýta gapdala-gapdala buruldy. Ýasawulyň gamçy bilen garşydaşynyň «eýini bermek» niýeti bolmady. Ol gamçysyny howada galgatdy. Soňam, başyndaky agyr telpegini alyp, Akga bakan dazyrdadyp zyňdy. Telpek Akganyň ýüzüne degdi. Soňam gapdala atylyp gitdi. Akganyň ýabysy telpegiň ýelginine ýüregi ýarylan ýaly bolup çarpaýa galdy. Akga bolsa tüpeňlenen gulatynyň maslygy ýaly bolup patlap ýere gaçdy. Durdy ýasawul muňa ünsem bermedi. Ol gazaply gygyrdy. – Ýa arpa oragyna başlatman, ýa-da seň bilen bellisini etdirmän, şol telpegi başyma geýsem, it ogly boldugym bolsun – Soň bolsa ýabysyna gamçy çalyp, kolhozyň kontoryna tarap gitdi. Akga welin hiç kim «wah, sen barmysyň», «şeýle bolaýdyňmam» diýmedi. Ol ýabysyny münüp ters ugra bakan gitdi. * * * Akganyň atdan agan güni adamlaryň aňyndan köp wagtlap çykmady. Munuňam esasy sebäbi Durdy ýasawul boldy. Ol kolhozçylaryň ýanyndan göni raýkoma gyp basypdyr. Özem raýkomyň ketdesine şeýle diýipdir. «O ýerde il-bendäniň daban azaby gara ýere gark bolup ýatyrka, Akga ýaly agzy suwly haram siňirini elinde bulaýlap ýörkä, men başyma telpek geýip gezip biljek däl. Ine, heleýimiň gyňajyny başyma oradym, tä orak başlanýança, şol agzy suwly bilen bir ýaňalyk edilýänçä başyma telpek geýmerin. Indi baýlaryň Merkini berip, kolhoz gurup, purontyň jepasyny çekip, gel-gel ahyr netijede-de şol ernini oňarmadyk bize hekem boljak bolsa, ýaşabam ýörjek däl», diýipdir. Şol günüň ertesi raýondan wekil gelip, adamlar ir bilen oraga girişdiler. Soň görlüp oturylsa: Akga raýondan oragyň ýagdaýyny barlamaga gelen wekilem aldap: «Oraga bireýýäm başlanyldy» diýip, arkaýyn edip yzyna gaýtaran eken. Şol gün günorta arakesmesinde gysgajyk ýygnakda wekil Akganyň ýagşyja suwuna degipdi. Durdy ýasawulyň beýle batyrlygy Ilamany haýranlar galdyrdy. Ol hemişeler Akga brigadire hiç, kimiň dili, diýşi ötýän däldir, diýip oýlanýardy. Wekiliň aýtmagyna görä, ol häzir başlygam däl eken.. Ýöne Anna aga gelýänçä bäş-üç gün hojalyga göz-gulak bolmak tabşyrylan adam eken. Bu gün bolsa onuň ýerine Durdy ýasawulyň özüne başlyk gelýänçä kolhoza göz-gulak bolmagy tabşyrdylar. Ilamanyň göwni birden göterildi. Ol Akga raýkomyň ketdesiniň aýdanlaryny ýat belläp bilmedi. Ýöne «şol adam gaty pähimli adam eken» diýip gürrüň edýärdiler. Ýogsam, Akganyň iki aýagyny bir gonja sokup biljek barmy? Ilaman arpa oragynda arman-ýadaman işleýärdi. Bu gün ol täzeden dünýä inen ýaly boldy. Mähriban kakasyndan indi alty-ýedi aý bäri gözüni ýolda galdyran hat gelipdi. Onuň ýene-de bir begenji Hudaýberdiniň hatydy. Öz eli bilen gyşyk-çaýşygrak çeken harplarynyň arasyndan Hudaýberdiniň arslanyňky ýaly hyjuwly, batyr, owadan gözleri seredip duran ýalydy. «Eý, dostum, Ogultäje meniň aýt diýenimi aýtdynmy? Näme diýdi?» diýip sorap duran ýalydy. Iň erbet ýeri, Ilaman onuň haýyşyny bitirip bilmändi. Çünki, onuň özem indi Ogultäji görse, birhili aljyrap ýördi. Ol häzir hatlaryň ikisinem bagryna basyp, süýji-süýji oýlara gark bolup otyrdy. – Näme, özbaşyňa ýylgyryp otyrsyň, getir hatlary, hemmämiz eşideli näme ýazlanyny... – diýip. Sapar brigadir täze gazet okalşygy gutaransoň aýtdy. Ol Ilamanyň haýyna-waýyna bakman, gujagyndan hatlary sogrup aldy. – Waý, gyz, bu oglanyň bolşuny, bukjalary düýrüm-düýrüm edäýipdir. Ol adamlaryň has gürräk ýerinde ýazylan köneräk şaldan düşekçesiniň üstüne geçdi. Soňam jaýly oturyp, iki hatam maňlaýyna degirdi. – Adyňa döneýin, alla jan! Her bendäniňki aman gelsin, içinde biziňkem. Onuň gözlerine birden gubar aýlandy. Töwerekden her kim «Wah, şeý diý-de, wah şeý diýeweri!» diýen sesler onuň keşbine çaýylan gussanyň gatyny hasam galňatdy. Adamlaryň hemmesiniň gözi Sapar brigadiriň elindedi. Ol haty açman, şo-ol ýüzüne seredip otyrdy. – Hany, Sapargül gelin, okap yzyň gelmedi-de. Okasana – diýip, ýaşulylaryň biri dillendi. Sapar brigadir şondan soň özüne gelen ýaly boldy. Hasyr-husur bukjany açdy. – Aý-u-u, heleýler, haýsy birini okap bereýin... Aýallar onuň näme diýjek bolýanyna düşünmediler. «Okasana gyz, okasana, okajak bolsaň» diýişdiler. Sapar brigadir howlukmady. Ol bir gapdaly adres bolup duran içbe-iç, goşa kagyzy gözüne has ýakyn tutup yzarlady. Soň ýaşmagyny agzyna çekip, gazaply çeýnäp-çeýnäp goýberdi. Emma yzyna çenli yzarlamaga takaty ýetmedi. Hat onuň etegine gaçdy. – Bar, Ogultäç, şol haty oka-la – diýip, aýallaryň biri aýtdy. Ogultäç dört örüm ýogyn saçyny eli bilen tutup, egilibräk orta geçdi. Ol gazet okap bermäge ýagşy öwrenişipdi. Şonuň üçinem kän bir güýmenmedi. Haty eline alyp hiňlenibräk okap başlady. «Dugaýy salam! Kim men, budurki, öz dädeň Kerweniň tarapyndan onda bolan oglum Ilamana, onda bolan oba-goňşy, garyndaş-dogan, dost-ýar, tanyş-biliş hemmä köpden-köp dugaýy salam bolsun! Salamdan soň sözüm budurki, eý Ilamanjan, oglum, arma, alla kuwwat bersin, saňa. Neneň ýaşaýarsyň, oglum? Indi özüm barada gürrüň bersem. Kyrk ikiniň awgustynda tawar magunlaryna münüp, Meskwanyň golaýyna, Noginsk diýen ystansa gelip düşdük. Meskwanyň etegi giden tokaý, ot-çöp. Bu ýerde teýzeminde bolup, ýene-de türgenleşdik. Ondan soň Nowgorod oblastynyň Kreste ystansasyna gelip, mundanam Pola diýen Derýanyň gyrasynda, bir Pola diýen ystansa gelip, ondan däni ýene Yrkalowo oba geldik. Edil nemisiň ýany. Häzir bolsa abarunda durus. Töwereklerimizde nemisi kül-peýkun edýärler diýip aýdýarlar. Bizem indi basymdan-basym abarundan çykyp, öňe gitmeli, hüjüme geçmeli diýip, gürrüň bar. Nesip bolsa, bu günleriň hem soňy geler, köşek Sen oba-gara barada köpräk ýaz, gowja edip, howlukmaň ýaz, bolýarmy? Hoş sag bol, köşegim, soran-idäne köp dugaýy salam diý. Ýanymda maryly Gurban Çary diýen oglan bar. Ol saňa köp dugaýy salam iberýär. Ol gaty şahyr ýigit. Özem goşgy baryny goşup ýatyr. Ol Ilamanjana iki keleme goşgy iberýär. Müň dokuz ýüz kyrk birde düzülipdi Aşgabatda, Gyzyl goşun spisogna bezelipdi Aşgabatda, Segsen ýedi nomer bilen ýazylypdy Aşgabatda, Türgenleşip harby işe, göz olupdy Aşgabatda, Jeň meýdanda gar galada gyşlady türkmen polkum. Düzülende bäş müň golaý Garagumuň börüsi, Tälim okap, bişip, bekäp guýma gursak barysy. Gül watanmy faşistlerden azat etmek çäresi, Gürsüldetdi gursaklaryň ýanyp gahar därisi, Hut ajalyň ýakasyndan ulaşdy türkmen polkum. Moskwanyň maňlaýyndan urmak isläp goşuny Iýul aýy doňy çözlüp, galdyrdylar başyny, Gyzyl goşun bölümleri gerdi öňe döşüni, Garşylykly çozuşa geçdi, uşatdyrdy dişini, Meýdi-meýdan degişdirip taşlady türkmen polkum. Kerwen ogly Ilaman Goşgularmy halaman, Okaman, ýyrtaýsaň-da Ömür senden nalaman. Hoş sag bol, haty bolşy ýaly göçüren Gurban Çary. Adamlar agyzlaryny açyp, haýran galyp diňleýärdiler. Hatda erigiň bir ýerlerden tebil alyp çalaja şibirdeşýän ýapraklary hem sesini tapba kesipdiler. Her kim Ogultäjiň agzyna garap otyrdy. – Gutardyňmy, gyz – diýip, aýallaryň biri dillendi. Ýaşulularyň biri gyryk ses bilen gürledi. – Bä, Gurban Çary diýdimi, ol şahyr-aý, aý, tüweleme, düýne giň-ow. Türkmeniňem ganat açyp ugrany bar-ow, tüweleme. Tüýs hakdan içen eken. Ýöne baryny goşga salaýypdyr. – Aý, hakdan içeň eken öz-ä. Gör, Meskwa diýdi, nemis diýdi, asyl Ilamanyň öz adynam goşga salaýypdyr. Ýaşulular hatyň goşgy bölümini ýene-de okatdylar. Son her kim işli işine dargady. – A gyz, Hudaýberdiniň hatynam birje, okaýsa-na, eşideli-le, gyz diýip aýallaryň biri gygyrdy. Ilaman hatlary aljak bolup Ogultäjiň yzyndan okduryldy. Ogultäç eýýäm arpasy orulan uly atyzyň ortasyna ýetipdi. Ol assaja ýöräp barşyna, Ilamana gözleriniň gytygyny aýlady. Ilaman hasyrdap, onuň yzyndan ýetende, ol sesini çykarman, bukjasy açlan haty onuň eline berdi. Oglan beýleki haty almaga taýýarlanýardy, eger bu gyz garşylyk görkezäýse, onuň eline topulmaga häzirlenýäne çalym edýärdi. Ogultäç saçlarynyň ýogyn örümlerini gysymlap-gysymlap, zordan dillendi. – Bu haty, ilki men okaýaýyn, onsoň saňajyk bereýin, bormy? Ilaman bu gyzyň owadan gözlerindäki naýynjar garaýşy, juda uly haýşy howsalany duýdy. Ol «haty hökman maňa bergiň soňundan» diýjekdi. Emma diline söz gelmän yzna öwrüldi. Onuň begenjinemi, içki tolgunmasynamy, işläp kän bir höwesi bolmady. Ogultäjiň gözlerinde gören tolgunmasy, howsalasy onuň ähli pikirlerini diýen ýaly garjaşdyrýardy. «Ýa Ogudtäç Hudaýberdini gowy görýärmikä?» Ilaman özüne bu sowaly gaýta-gaýta berýärdi. Emma bu sowala dine Ogultäjiň özi jogap berip biljekdi ahyryn. Ol bilini ýazmak üçin her galanynda Ogultäç tarapa gözüni aýlap goýberýärdi. Ogultäç bolsa bajaklar düňderilip ýatan çiliň üstünde oturyp haty okaýardy Ilaman onuň soňam ep-esli oturanyny gördi. Ol häzir bu gyzyň hat okaman, Hudaýberdiniň bir bölek kagyzyň ýüzünde janlanan keşbini synlap, onuň bilen pyýhan-pynhan sözleşýändiginden, onuň sag-aman özem çaltrak gelmegini dileg edýäninden habarsyzdy. «Hudaýberdi näme ýazdyka? Meniň hatymyň içinde bu gyza-da bir zatlar ýazdymyka?» ol oýlanýardy. «Ýadyňa düşýärmi, Ilaman, sen meniň halaýandygymy Ogultäje aýtmaga söz beripdiň-ä. Ýa-da heleýläp ýörmüň?» Ilaman Hudaýberdiniň teýeneli garaýşyny gördi. Onuň sesini eşitdi. Şonuň üçin-de özüniň gaty uly, gaty kän zady boýun alandygyna indi düşünip galdy. Ýöne ol bir zady bilýärdi. Beýle sözleri Ogultäje aýdyp biljek däldi. Sebäbi onuň garaýşyça, şol sözi ol gyz diňe Hudaýberdiniň dilinden eşitmelidi. Gün batandan soň öýe ugran Ilamanyň keýpi ýok diýen ýalydy. Surnukdyryjy oý-pikirler, ganyňy gowrup barýan yssy, şatylap alyp barýan bilagyry, çarygyň içinde gyzyp, sanjaşyp duran barmaklar onuň süňňüni hasam agraldýardy. – Ilaman, Ilaman – bu ses ony tisgindirdi. Ogultäjiň ýadaw, emma mähriban garaýşy oňa diýip-aýdyp bolmajak täsir etdi. Ol Ogultäç deňine gelýänçä saklandy. – Me, taňry ýalkasyn. – Ilaman «bile ýalkasyn!» diýmelidi. Emma aljyraňňylyk bu sözi onuň dilinden uçuryp goýberdi. Ol haty elinde tutup durşuna, dünýäni unutdy. Ogultäjiň badam gabaklary, mähir çogup duran goýun gözleri onuň hälki duran ýerinde üzülip, asylyp duran ýalydy. Eger ýerinden gozgansa şarpyldap, ýere gaçaýjak ýalydy. Ol gözüni ýumup gördi. Ýöne şol gözler ýitmedi. Oglan ganatlanan ýaly boldy. Onuň süňňündäki ýadawlyk, agyry, agyrlyk zym uçan ýaly bolupdy. Onuň ganynda, süňňünde boş ýer ýokdy. Hemmesini balkyldap duran goşa göreç eýeläpdi. Ol Hudaýberdiniň hatyny okap bilmedi. Eýýäm garaňky düşüpdi. Galam bilen gyşyk-çaýşygrak ýazylan harplar topraga gaçan dary däneleri ýaly bolup ak kagyzyň ýüzünde ýazylyp ýatyrdy. Ýöne olary bir ýere jemlemek kyndy. Hudaýberdi tutuş gijeläp onuň düýşünden çykmady. Ol öňküdenem mylaýymdy, ýürekdeşdi. Özem fronta gitjek bolup duran görnüşindedi. Ilaman ertir ir turdy. Säher bilenem Hudaýberdiniň hatyny ele aldy. «Salam, dost! Men indi soldat. Özem hakyky soldat. Bize häzir okuw geçip ýörler. Indi gaty basym söweşe girmeli. Eý, dost, eger faşist bilen söweşe girsek, Ogultäje derek bir faşist, ejeme derek bir faşist, sana deregem bir faşist kaklaryn. Şondan soň meniň hatyma garaşyň. Ogultäje-de gahryman bolýançam hat ýazmaryn diýdi diýip aýt». Ilamanyň göwnüne Hudaýberdi eýýäm gahryman bolan ýaly boldy. Ol özüniň fronta gitmänine gaty kemsindi. 3. «Anna aga fronta gidip gelipdir! Obadaşlardanam göreni barmyş!» diýen habar tutuş «Ynkylaba» doldy. Oba arasyndaky arpa-bugdaýy orup tükedip barýan adamlar başlygyň aman-sag dolananyna begenseler, basym daga, düme ormaga gidiljegine gynanýardylar. Onuňam özboluşly sebäbi bardy. Adamlar indi urşuň uzak gitmejegine ynanýardylar. Her kim «basym bu gowgalar sabaşyp, gidenlerem, aman-sag dolanyp geler. Şondajyk öýde, öňlerinde bolunsa gowy boljak» diýip oýlanýardylar. Uruş bolsa şo-ol gidip otyrdy. Gidenlerden derek ýokdy. Günler aýa, aýlar bolsa ýyla deňdi. Anna aganyň gelenini eşiden aýallar «agşam onuň öýüne baralyň» diýişýärdiler. Emma Anna aga olary agşama çenli garaşdyrmady. Ol Durdy ýasawul bilen atyny ýanaşyk sürüp geldi. Gelibem «front erigiň» aşagynda ýabydan düşdi. Ýasawul bolsa ýabysyny gorduryp, kolhozçylaryň ýanyna bakan sürdi. – Hemmäň «poront erigiň» teýine gelmeli. Sabran boljak, ho-ow!.. Aýallar, çagalar, erkekler birki aýlap gözden uçan adam bilen gollaşyp salamlaşýardylar. Anna aga dik maňlaý papagynyň gaşyny gaýta-gaýta elleşdirip, her kim bilen mylaýym gürleşýärdi. «Amanmyň, gurgunmyň, saglykmy» – diýip, her kimiň özüne görä äheň, mylakatlylyk bilen, her kimiň özüne görä basym bilen gürleýärdi. Adamlar bir çugdam bolup oturdylar. Olar näme üçindir ala kölegeräk ýerde oturypdylar. Erigiň saýasynyň iň goýry ýeri boş durdy. – Geçiň, ho-ol kölegä, näme günde otyrsyňyz?! – Başlyk, ol ýeri saňa goýýalar gelinler – diýip, ýaşulularyň biri dillendi. – Ýok, men oturjak däl, siziň bilen saglyk-amanlyk soraşyp, yraýona gitmeli. Geçiň kölegä. Ilki ýaşulular, soňra aýal, oglan-uşak bary erigiň goýry kölgesine süýşdi. Anna aga papagynyň gaşyny az-kem ýokary süýşürip, dodaklarynyň üstünde çalarak bildirýän çap-çal, gytyk murtlaryny sypalaşdyryp söze başlady. Ol adamlaryň ýüzüne seretmäge çekinýän ýaly, nirädir bir ýerlere seredýärdi. – Onsoň dänim, aý näme, bir aýa golaý ýöräp dänim, Meskewäniň etegine bardyk. Ilki dänim wospitana (gospital bolsa gerek) baryp eli-aýagy döwülen, ýaraty bolan sellat oglanlara ser-sowgat berişdirdik. Uly sobran boldy. Onsoň biz kepledik, sallatlar kepledi. Aý, kepiň keltesi bir gün porondyň iň öňdäki uçaskasyna gitmeli diýdiler. Aý, janym, size ýalan, maňa çyn, ýöne obalar doňuz dören gawun joýasyndan enaýy däl-ow. Taňk ýatyr pozulyp, pozulyp, maşyn ýatyr kül bolup, araba ýatyr mynjyrap, oba ýatyr gara ýanyk bolup, ýollar ýatyr gorp, gorp bolup, bizem dänim, şol gidip otyrys, gidip otyrys. Onsoň däninim, biziň ulymyz görüp, gözünden ýaş döküp, başyny ýaýkap barýa, pahyr. Aý, çydar ýaly däl-ow, görüp. Onsoň dänim, ýoldaşlar, sowet salladynyň nähili güýjüniň bardygyny şonda biliberiň. Nemis paşistler dişine çenli ýaragly, taňkam olarda, topam olarda, atdamadam olarda, pilimýodam olarda, bomba-da olarda, somba-da olarda, aý dänim, adyny tutan ýaragyň şolarda bar. Çozupdyrlar. Çozan ýerlerinde dänim, edenlerini edipdirler. Anna aga gidişlerini, soldatlaryň arasyna baryşlaryny, front meýdanyny öz sözi, öz garaýşy bilen sadaja, düşnüklije suratlandyrýardy. Nemes basybalyjylarynyň haýynlygyny, Sowet Goşunynyň beýik edermenligini mysallar bilen düşündirýärdi. – Aý, ýoldaş golhozçylar, size ýalan, maňa çyn, biziň sowet sallatlarymyzyň şeýle bir güýji bar, şeýle bir güýji bar. Men dänim, kepi köpeldip, sizin wagtyňyzy alyp oturmaýyn. Ýöne, ýeňiş indi uzakda däl. Ýöne dänim başda, ýere gurt düşen ýaly bolup çozupdyr nemis. Indi hiç gyryp tükedip bolanok diýýäler. Sowet goşuny janyny aýaman söweşýä... Şol är kimin söweşip ýören ärlerimize, ogullarymyza, atalarymyza, dänim, ýoldaşlar elde baryny edip dänim, kömek bermeli. Biz köp-köp sallatlara ser-sogat paýladyk. Aý, maýybam bar, ýaralam bar, sagam köp. Hemmesi size köp dugaýy salam iberdi. «Köpräk, dänim, işläp, bizi hor etmesinler, enşalla nemis paşistlerini gabra dykyp, ýeniş bilen bararys. Onsoň gelinleri depämize täç ederis» diýdiler, ýoldaşlar... Menem «oňat işläris» diýip siziň adyňyzdan dänim söz berdim. Bolupmy? – Anna aga sözüni gutardy. – Ýoldaş, golhozçylar, şu sabrannyda her kim bäş-üç agyz keplesin. Nähili işlejek, sowet goşunyna kim näme aýtjak. Sapar brigadir ýerinden turdy. – Uruş ýatyp, gidenlerimiz aman gelse bolýa. Biz şolar üçin depämiz bilen daş çekmeli bolsa taýyn – Sapar brigadirden soň gürlemäge döwtalap tapylmady. Ýygnanşyk gutardy. Adamlar bu resmilikden çaltrak dynanlaryny kem görenokdylar. Her kim uruş barada, öz urşa gideni barada, sorag, ideg etjek bolýardy. Durdy ýasawul ýygnanyşygyň gutararyna mähetdel, hemmäniň diliniň ujundaky sowaly berdi. – Anna, diýýän-ä, bi, nemis, nemis diýip, biz adammyka, diýsek, biý diýýän-ä, otuz üçüň çekirtgesi ýaly ýere-göge sygman, gelen ýerini takradyp barýan möjek oguşýan? Anna aga sadaja ýylgyrdy. Ol häzir ýasawulyň sowalyna däl-de, öz meňzetmesiniň ýerine düşendigine göwnühoş bolýardy. Oturan kolhozçylar hem başlygyň ýylgyranyny görüp ýylgyryşdylar. – Aý, Durdym, men-ä dänim, şolara heýran galandyryn. Otuz üçünji ýylyň çekirtgesinem toýlabermeli muny görende... Çekirtge ot çeýnese, nemis agzynda ot çeýneýär. – Aý, biz oglanlara ser-sogat berdik, onsoň däninim, kemendir diýdi, gelipsiňiz, peredowoý liniýä hem baryp görüň, häzir nemisiň sesi çykanok – diýdi. Bizem, şundan ugradyk. Onsoň şol peredowoý liniýäniň golaýyna geldig-ow. Ine, bir başlady apy-tupan. Asmanam gümmürdi, zeminem gümmürdi, öňüňem gümmürdi, yzyňam gümmürdi. Ýer-gök lerzan, lerzan, lerzan. Aý, biz-ä, ýöne hudaýy çagyryp dänim, akobyň içinde oturandyrys, aý berekella janyna, sallatlaryň... Aýallaryň biri çekine-çekine başlygyň sözüni böldi. – Gidenlerimizden göreniň bolmadymy, Anna däde. – Başlyk bu sowala öňünden taýýarlanyp ýören ýaly gürledi. – Ýoldaş gelinler, puront giň, siz dänim, ine gije asmana serediň, şonda dänim näçe ýyldyz bar. Sowet ýurdunyň obasy şonuň ýaly. Biz dänim, şol ýyldyzlaryň birki sanysyna bardyk. Onsoň dänim, gaty görşüp durmalyň barmandyr, görmändir diýip. Anna aga gürrüňi gutardym edip ýabysyna bakan ýöneldi. * * * Kakasyndan hat gelen gününiň ertesi Ilaman ata sargydyny ýerine salmak üçin Enelere barypdy. Çünki, kakasy hatynda goňşulara baryp durmagy aýratyn sargapdy. Meýdanyň oragy azalypdy. Indi desseleri harmana çekip, döwegi güýçlendiribermek galypdy. Orak birneme giç başlananam bolsa, adamlar gije diýmän, gündiz diýmän işläp, wagtyň yzyndan ýeteňkirläpdiler. Basym daga düme oragyna çykmalydy. Kakasynyň salamyny gowşuraýyn diýmese, Ilamanyň Enäniň ýüzüni göresi gelmeýärdi. Öňki hormat, sylag, söýgi indi ýiti ýýgrenje öwrülipdi. «Dädem, näme üçin zol-zol, «Ene gelnejeň sagmy, näme onuň adyny hata salaňok?» diýýärkä?» Ilaman Enäniň keşbini göz öňüne getirjek boldy. Emma bolmady. Onuň göz öňüne Enäniň Akga bilen tutlukda gysmyljyraşyp oturyşy geldi. Ene barada kolhozçylaryň arasynda her hili gürrüň bardy. Ýöne Ilaman üçin olaryň bary gyzyksyzdy. Çünki, şol gürrüňleri onuň özi gözi bilen görüpdi. Onuň oglan ýüregindäki ýigrenjiň ýanynda bu gürrüňler juda ejizdi. Ilaman özüne döz geldi. Ata salamyny gowşurmagy ýüregine pugta düwdi. Eneleriň suwagyny ýel-ýagmyr iýen pagsa tamy bilen boýdaş bolup duran teläriň teýinde hiç kim ýokdy. Teläre garşy açylýan köne dagdan gapy ýarym açyk durdy. Töwerekde iňlär siňek görünmeýärdi. Ilaman birbada iliň işigine barybermäni birhiliräk gördi. Şonuň üçin öýlerine tarap nazarlady. Ýöne häzir öý diýip, öwzar diýip güýmeň-saman edip ýörmäge wagtam ýokdy. Ýene-de yzyza, oraga dolanmalydy. Şeýle oýlar gyssansoň, Ilaman ýoluny üýtgetdi. Häzir utanyp, çekinip oturmaga wagt ýokdy ahyryn. Ol gapyny çekinjeňlik bilen açdy. Içerde adam bara menzemeýärdi. – Salow-ma-leý-k-i-m! – Ol bilgeşleýin sesini sokduryp gürledi. Emma içerden ses çykmady. Oglan içeri boýnuny uzatdy. – Geliber, kimem bolsaň! – Bu nätanyş, ysgynsyz ses zordan eşidildi. Ilaman çarygyny çykarman, belent işikden içeri ätledi. Ol gözlerine ynanmajak boldy. Öňünde bir wagtky mähriban aýala derek, başga bir jadygöý sypatly biri oturan ýalydy. Ýöne gözler Enäniňkidi. – Waý, Ilaman, bagtym garaldy, meni hudaý tutdy. – Onuň kemşerilýän dodaklarynyň aňyrsynda gädik-gädik dişleri gyzyl ýara bolan dilini gizläp bilenokdy. Ilamanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ol bu aýalyň bir wagtky ýüreklere surat bolan mähriban keşbini agtardy. Onuň garahassa degeniňki ýaly keljerip, tozgalap duran saçy, ýakal-ýakal bolup, tutuş kesmeklän çüri ýüzi, gädilen, gemmik-gemmik dişleri nätanyş kempire çalym edýärdi. Onuň gözünde çeşme bar ýaly, şänik ýaly damjalar şabyrdap dökülip durdy. Ilaman dözümsizlik bilen gürledi. – Ene gelneje, dädem saňa köp dugaýy salam iberip, hat ýazypdyr. «Köpsalamymy hökman ýetir» diýipdir. Şony aýdaýyn diýip geldim. Ene özüni takyr ýere goýberdi. Möňňürip, silkinip-silkinip aglaýardy. Ilaman näme etjegini, näme diýjegini bilmedi. Ol çykyp gitmäniň ugruny tapmady. Birden gapy açylyp, içeri Meretgül girdi. Ol gelin ýaly geýnipdi. Egnindäki keteniniň reňki solmandy. Başynda owadan gyňaç bardy. Ol öýde bolup geçýän hekaýaty özi guran ýaly arkaýyndy. Birden Ilamany boýdan-başa synlady-da, azymly gürledi. – Waý-eý, waý-eý, bu gykylyk näm-eý. Ýa pisiňi aşyryp, bu gyza bir zat aýdaýdyňmy, hä, ýok bol, şu içerden, deýýus diýsäni... Ilamanyň öňem petiş alyp duran howada derden şypbyldap duran endamyna şagga der indi. Ol tasanjyrap daşary çykdy. Şondan aýak aldygyna ylgap, «front erige» bakan tutdurmakçy boldy. Emma ene mährine zar göwün aýal maşgalanyň agyr halyny görüp, ony beýle taşlap gitmäge dözmedi. Onuň aýagy ýekeje ädimem öňe ädilmedi. Ol kempiriň şerraýlyk bilen Enäniň üstüne eňterýän sözlerini eşidip, süňňüni saklap bilmän gagşady. – Haramy diýsänim, iki barmak teniňi saklap bilmän meni ile metgi etjek bolýaňmy, ile yryswa etjek bolýaňmy, haram tula. «Ýetim guzy saklasaň agzyň-burnuň ýag eder, ýetim gyzy saklasaň agzyň-burnuň gan eder», künti... Ilaman çydamady. Onuň gany depesine urdy. Ol bürgüt ýaly atylyp öýe girdi. Çatydan asylan boş ýanlyk ýaly yranjyrap duran kempiriň gulagynyň düýbüňe bady bilen bereninem duýman galdy. Kempir beýle-beýle urga garaşmansoň, burçdaky bugdaýly çuwallaryň düýbüne süsdürildi. Bir salymdan soň gözüni elek-çelek edip, haýran-birýan bolup dyzyna galdy. Ilamandan başga hiç kimiň ýokdugyny bilip, şeýle bir gykylyk turzup başlady. Ilaman ömründe beýle agyly, şerraý sesi eşitmändi. – Wah, ýaşyň gyrkylsyn, salajaň sallanyp, meýdiň ýansyn, ylahym... Ilaman ýumrugyny düwüp, dyzanaklap gelýän kempiriň üstüne süründi. – Bes et, bes etmeseň, öldürerin... Sen şerraýlyk eden bolma, Enä indi azar berseň, göni başlyga aýdaryn. Kempir agzyny açyp galdy. – Hawa, bilmeýändir öýtme, Akga ikiňiz Enäni şu güne saldyňyz. Näme bilmeýändir öýdýäňizmi? Hemmesini bilýän. Hol çuwaldaky bugdaýlaram, şu köýnegem Akga berdi saňa. Özem hemmesi kolhozyň zady. Hemmesine sen günäkär. Hemmesine Akga ikiňiz günäkär... Kempir ýere ýazyldy. Biline urlan ýylan ýaly towlanjyrady. Ene welin ojagyň ýanynda, takyr ýerde bulaşyp ýatyrdy. Oglan gözüniň ýaşdan dolanyny indi duýdy. Kempir Ilamanyň yzyndan «walalaýlaýardy». Ilaman yzyna gaňrylanda, kempir garry geçiniň bulaşan sakaly ýaly hüžžük saçyny penjeläp-penjeläp goparýardy. Keteni köýneginiň keşdeli ýakasyny ýumruklaýardy. Onuň gykylygy bütin oba doldy. Ýöne oba adamlarynyň hemmesi işde bolany üçin, onuň şerraý sesini eşidýän ýokdy. «Hemmesine sen günäkär, hemem Akga ikiňiz günäkär...» Dogry aýtdym. Oňardym». Ilamanyň kemzorynyň jübüsindäki bukjalar galkynan ýaly bolýardy. Diýmek, hatlaram oňa «berekella» aýdýarlar. «Oňardyň Ilaman, oňardyň ogul!» * * * Şol günüň agşamsy Ilaman öýde ýeke ýatmaga çekindi. Şonuň üçin Üzümgül mugallymlara bakan ugrady. Olaryň gapysy ýapykdy. Ilaman lapykeç halda, nirä gitjegini bilmän durdy. Birden, Üzümgül mugallymyň işleýän ýeri ýadyna düşdi. Ol ýeňillik bilen şol ýere bakan ugrady. Ilaman Üzümgül mugallym hakynda oýlananda şo-ol kyrk ikinji ýylyň ýazy ýadyna düşýärdi. Ondan bäri bir adam ömri geçen ýalydy. Ol günler uzak-uzak ýyllarda galan ýalydy. Emma bary-ýogy birje ýyl geçipdi ahyryn. Üzümgül mugallymyň şonda aýdan lälesi Ilamanyň gulagynda henizem ýaňlanyp durdy. Ondan bäri tutuş bir ýyl geçipdir. Üzümgül mugallym bolsa gör, näçe läleler düzüp, gör, näçe gazallar aýdandyr. Ilaman agşamyň salkynlygynda gumak ýol bilen barşyna töweregini synlady. Töwerek hem agşam salkynlygynyň hözirini görýän ýalydy. Hiç ýerde hereket ýokdy. Ilaman kolhozyň merkezi uçastogyndaky mekdebiň girelge gapysyny çekdi. Bu mekdepde adam ýok ýalydy. Gapy içinden berk ýapylandy. Ilaman gapyny birki gezek tarkyldatdy. Soň yza çekildi. Içerden «kimsiň?» diýip çalaja ses eşidildi. Ilaman näme diýjegini bilmedi. Birden özüne gelen ýaly bolup, ysgynsyz dillendi: – Men, Ilaman!.. Gapy jygyldap açyldy. – Gel, gel, Illijan, geleweri – Üzümgül mugallymyň mylaýym sesi Ilamanyň süňňündäki aljyraňňylygy gowşatdy. – Wah, Illi jan, ýat bolup gitdiň-le. Nädip geldiň bu ýerlere. Gel, men saňa gowja-gowja çagalary görkezeýin. Mekdebiň jaýlarynyň ikisi boşadylyp, içine ullakan palaslar, köneräk halylar ýazylypdyr. Jaýlaryň ikisinde-de onluk çyra ýalpyldap ýanyp durdy. Ilamanyň göwnüne içeri gündizlik ýalydy. Jaýlardan tagamly naharyň ysy gelýärdi. Oňa has ýaran zat çagalar boldy. Olar nätanyş dilde jagul-da-jugul bolşup gürleşýärdiler. Ilaman palasyň gyrajygynda oturdy. Ona çenli meleje saçly gyzjagaz onuň ýanyna ylgap geldi. Ol çagajyk şeýle owadanjady, näzijekdi. Edil gurjak ýaly, eliňe alyp oýnaberesiň gelýärdi. Ilaman olaryň tämizje üst-başyny görüp özüniň egin-eşiginden utandy. Çagajyk welin muňa ünsem berenokdy. Ol gelip Ilamanyň dyzynyň üstünde oturdy. Oňa çenli ýene bir oglanjyk gelip, Ilamanyň başyndaky gulakjynyny aldy-da kellesine geýdi. Ilamanyň dyzynyň üstünde oturan gyzjagaz bolsa aglamjyrap eli telpekli oglanjyga topuldy. – Daý, daý, moýa şapka – Oglanjygam bererli däldi. – Net, moý! – Net, moýa! – Ilaman aljyrady. Ol ýöne ýylgyryp durdy. Bagtyna Üzümgül mugallym eli tabakly geläýdi. Ol tämiz palasyň üstüne uzyn saçak ýazdy. Soňam gelip bu çagajyklary köşeşdirdi. – Lenajan, Saşajan, nahar iýmeli. Goýuň dawaňyzy. Geçiň saçagyň başyna – Üzümgül mugallymyn arassa türkmen dilinde gürleýşine çagalaryn düşünip durşuna Ilaman haýran galdy. Çagalar tamdyrdan täzeje çykarylan çörek bilen çorba iýýärdiler. Olaryň gürrüňleri tudanaly tuda gonan garasar sürüsiniň sesine çalym edýärdi. Bu ýerdäki tämizlik, süýji nahar bolsa bu çagalar üçin kolhozyň serişde gaýgyrmaýanyny aňladýardy. Üzümgül mugallym olary naharlap bolup barýarka, başga bir aýal bilen, uly gyz geldi. Onsoň Üzümgül mugallymam egnindäki ak haladyny çykardy. – Illi jan, çagalary haladyňmy? Görseň gül ýadjakdyr. Kyrk sany neresse çaga. Wah, uruş gursun-da Hersi biriniň dünesidir bu neresseleň... Ilaman Üzümgül mugallymy öýlerine çenli ugratdy. Üzümgül mugallym özüniň minnetdarlygyny nähili beýan etjegini bilmedi. Ol bu mähriban oglany öýüne goýberesi gelmedi. – Illi jan, köşek, senem şujagaz ýerdejik ýatyber bolmasa... Ilaman özi barada beýle alada edilmegine utanyp gürledi: – Men öýe gideýin, ertir gaty ir işe gitmeli... Ilaman gündizki ýadawlygy duýanokdy. Onuň süňňi birhili ýeňläpdi. Ol ýeňil ýöräp öýe gaýtdy. Birdenem, onuň göwnüne gögüň garaňky böwri ýalpyldap giden ýaly boldy. Şo-ol tanyş göreçler. Olar Ogultäjiň balkyldap duran goşa didesidi. Olar ertekilerdäki şamçyraglar ýaly bolup, ýigdekçäniň bütin dünesini ýagtylandyrdy. Ilaman öýe gelip, gapyny açdy. Emma ukusy gelmedi. Ol daş çykyp ojagyň tekizje sekisiniň üstünde ykjam oturdy. Ullakan erigiň ýapraklary, deregiň şelpeleri ýaly şybyrdaşýardy. «Diýmek, erigiň ýapragam gatapdyr, basym güýzem gelibermeli!» Ilaman kakasynyň birwagtlar köp gaýtalan sözlerini ýatlady... Birdenem onuň gulagyna inçejik agy sesi gelip başlady. Günbatardan öwüsýän salkynjak şemal bu sesi garym-gatym edýärdi. Ilaman howlynyň insizje agaçdan edilen pessejik derwezesini açyp, köçe tarapa çykdy. Ses ýatdy. Ol ýene-de diňşirgendi. Bu ses bir görseň aga, bir görseň hüwdä, bir görseňem ulugyzlaryň lälesine meňzeş bir owazdy. Özem Sülgün gelnejeleriň tamyndan gelýärdi. Ilaman garaňky jaýa has golaý bardy. Uzak-uzak ýyllarda Taýyň galdy Nursoltan Uzak-uzak illerde Daýyň galdy Aýsoltan Uza-ga-uzag-a iller-de-eý Ýarym galdy, alla jan Uza-ga-uzag-a ýyllar-da, waý Arym galdy, jan hudaý... Ilamanyň bedeninde bir gysym garynja ýörän ýaly boldy. Ol iki gulagyny elleri bilen ýapyp öýlerine garşy ylgady. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |