16:03 Welosport (trek) | |
WELOSPORT (trek)
Sport we turizm
Welosportuň bütin dünýäde köp millionlyk muşdaklary bardyr, olaryň sany ýylsaýyn artýar. Çünki welosiped bilen meşgullanmak beden taýdan berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, jogapkärçiligi hem terbileýär, sebäbi iki tigirli «demir at» özüne hemişe üns berilmegini talap edýär. Welosipedler XIX asyrda oýlanylyp tapyldy. Ilkinji ýaryşlar 1868-nji ýylda guraldy: Parižiň seýilgähleriniň birinde 2000 metr aralyga welosiped ýaryşy geçirildi. Şondan soňky ýyl ýene-de Fransiýada has giň möçberli bäsleşik guraldy, aralyk 120 kilometre barabar boldy. Şonda ýaryşa gatnaşyjylaryň sport enjamlary agaçdandy, olaryň tizligi sagatda 11 kilomterden geçmeýärdi. 1893-nji ýylda Çikagoda (ABŞ) trek welosporty boýunça ilkinji dünýä çempionaty geçirildi, şondan üç ýyl geçenden soň bolsa welosport häzirki zamanyň ilkinji Olimpiadasynda wekilçilik etdi. Häzirki wagtda welosport ýaryşlary bäş görnüşe bölünýär – şosse we trek ýaryşlary, welokross, mauntin-baýk (dag welosipedi) hem-de BMX (welosiped motokrosy), olar özüne dürli ugurlaryň 35-sini birleşdirýär. Şeýle köpgörnüşlilik bütin dünýäde welosportuň meşhurlyga eýe bolmagynyň esasy sebäbi boldy. Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda üsti açyk welotregiň açylmagy bilen, milli welosport hereketiniň taryhynda täze tapgyr başlandy, çünki şeýle görnüşdäki desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleri eýýäm bu desganyň hiline ýokary baha berip, bu ýerde dünýä çempionatlaryny geçirmäge gyzyklanma bildirýärler. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |