ÝAHÝA KEMAL BEÝATLY
Ýahýa Kemal, meşhur türk şahyry, syýasatçy, diplomat.
Hakyky ady Ahmet Agah. 02.12.1884-nji ýylda Makedoniýanyñ Skopýe şäherinde dogulýar. Ejesi tanymal diwan şahyry Leskofjaly Galybyñ ýegeni Nakiýe Hanym, kakasy bolsa şol wagtyñ Skopýe munisipialetiniñ başlygy Ybraýym Najy Beg bolupdyr. Türkiýäniñ Respublika döwrüniñ türk poeziýasymyñ iñ görnükli wekilleriniñ biridir. Goşgulary diwan edebiýaty bilen modernistik poetikanyñ utgaşmagy netijesinde döredilipdir. Türk edebiýatynyñ taryhynda "Dört aruzçylar" diýilip tanalýan şahyrlaryñ biridir. (Beýlekiler: Tefwik Fikret, Mehmet Akif Ersoý, Ahmet Haşym). Diri wagtynda türk edebiýatynyñ esasy wekilleriniñ biri hasaplananam bolsa, hiç hili kitaby neşir edilmändir. Osmanly imperiýasyndan soñra gurulan täze Türkiýe respublikasynda halk deputatlygyna saýlanýar, başga-da döwlet we syýasy wezipelerde işleýär. Başlangyç bilimi Skopýede alýar. 1897-nji ýylda Selanige göçýärler. Ol ýerde ejesi ýogalandan soñra kakasy ikinji gezek öýlenýär we muny agyr gören şahyr Skopýä dolanýar. Emma ýene-de Selanige kakasynyñ ýanyna gaýdyp barýar. "Esrar" tahallusy bilen goşgular ýazyp başlaýar. Orta bilim almak üçin 1902-nji ýylda Stambula gelýär. "Serweti-Fünun" akymyna degişli "Irtika" we "Malumat" gazetlerinde "Agah Kemal" tahallusy bilen goşgular ýazyp başlaýar. Okan fransuz romanlarynyñ we "Jon Türkleriñ" täsiri bilen 1903-nji ýylda Soltan II Abdylhamydyñ berk häkimiýeti astyndaky Stambuly terk edip, Parije gidýär. Parijde Ahmet Ryza, Samy Paşazada Sezaýy, Mustapa Fazyl Paşa, Jenap Şahabeddin, Abdylla Jewdet, Abdylhak Şinasy Hisar ýaly görnükli "Jon Türkler" bilen tanyşýar. Hiç hili bilmeýändigine seretmezden derrew fransuzçany öwrenýär. Okuwynyñ gapdalyndan teatr bilen gyzyklanýar, kitapganalarda taryhy we fransuz şahyrlarynyñ kitaplaryny çuññur öwrenýär.
Taryh babatynda geçiren derñewleri netijesinde 1071-nji ýylda bolup geçen Malazgirt söweşini türk taryhynyñ başlangyjy hökmünde görmelidigi barada pikire gelýär. Parijde bolan dokuz ýylynda taryha bolan dünýägaraýyşy, şahyrlygy, şahsyýeti düýpli özgerýär. 1913-nji ýylda Stambula dolanýar. "Daruşşafaka Idadyda" taryhdan we edebiýatdan okadýar, birsalym "Medreset-ül Waizinde" siwilizasiýalaryñ taryhy dersinden okadýar. Şol ýyllarda Skopýeniñ we Rumeliniñ Osmanly häkimiýetiniñ elinden alynmagy ony diýseñ gynandyrýar. Zyýa Gökalp, Tewfik Fikret, Ýakup Kadry ýaly şahsyýetler bilen tanyşýar. 1916-njy ýylda Zyýa Gökalpyñ maslahaty bilen "Darül Fünunda" Medeniýet taryhy dersini okatmaga başlaýar. Ömrüniñ soñuna çenli iñ ýakyn dosty bolup galan Ahmet Hamdy Tanpynar onuñ "Darül Fünunda" talybydy. Ýahýa Kemal şol ýyllarda mugallymlygynyñ gapdaly bilen dil we edebiýat barada makalalar ýazýar. "Peýam" gazetinde Süleýman Nady tahallusy bilen ýazýar. 1910-njy ýyldan bäri ýazyp gelen goşgularyny ilkinji gezek 1918-nji ýylda "Yeni Mejmua" jurnalynda çykardýar. Ol Mondros ylalaşygynyñ yzysüre ýaşlary toplap, "Dergäh" atly žurnal çykaryp başlaýar. Žurnalyñ redaksion kollegiýasynda Ahmet Hamdy Tanpynar, Nurulla Aýtäç, Ahmet Kutsy Tejer, Abdulhak Şinasy Hisar ýaly şahsyýeter toplanýar. Bu jurnalda onuñ ýekeje goşgusy çykýar. Emma žurnal üçin birnäçe makalalary ýazan şahyr Anadolyda dowam eden Milli Azat edijilik hereketine elinden gelen goşandyny goşupdyr we Stambulda goranyş hereketi bolan "Kuwaý-i Milliýe" hereketini aktiw tutmaga çalyşypdyr. Onuñ makalalary "Ileri" we "Tewhid-i Efkar" gazetlerinde-de yzly-yzyna çap edilýär. Ýahýa Kemal Azat edijilik hereketiniñ ýeńiş bilen tamamlanmagyndan soñra Izmirden Bursa gelen Mustapa Kemal Atatürki gutlamak üçin "Darül Fünun" tarapyndan ugradylan delegasiýada ýer alýar we Atatürke Bursadan Ankara çenli ýoldaşlyk edýär. Atatürkden Ankara gelmeklik barada çakylyk alýar. 19.09.1922-nji ýylda "Darül Fünun" Edebiýat medresesiniñ müderrisler mejlisinde Atatürke doktorlyk derejesiniñ berilmegini teklip eden Ýahýa Kemalyñ bu teklibi biragyzdan kabul edilýär.
1922-nji ýylda Ankara giden Ýahýa Kemal "Häkimiýet-i Milliýe" gazetiniñ baş redaktory bolýar. Şol ýyl Lozandaky geçiriljek duşuşyga gatnaşjak türk delegasiýasyna geñeşçi edilip bellenýär. 1923-nji ýylda Lozandan dolanandan soñra Türkiýaniñ Ýokary Halk Mejlisiniñ Urfa şäheri boýunça halk deputatlygyna saýlanýar. 1926-njy ýylda Warşawa baş ilçi edilip ugradylýar.
1930-njy ýylda Lissabona baş ilçi edilip bellenýär we Portugaliýa gidýär. Ispaniýanyb ilçiligi wezipesini ýerine ýetirmek hem oña ynanylýar. Ol Madridde Samypaşazada Sezaýydan soñra diplomatlyk eden ikinji edebiýatçydy. Ispaniýanyñ koroly Alfonso XIII bilen ýakyn dostlugy bardy. 1932-nji ýylda Madriddäki wezipesinden boşadylýar.
Ýurda dolanan şahyr 1933-nji ýyldaky halk deputaty saýlawlaryna dalaşgär bolýar. Şol ýyl "Familiýalar hakyndaky" kanunyñ çykmagy bilen Beýatly familiýasyny alýar. Gelejekki ýylda Tekirdagyñ halk deputatlygyna saýlanýar. 1943-nji ýylda Stambdan halk deputatlygyna saýlanýar Halk deputaty bolan döwründe Stambulyn "Ankara Palas" otelinde ýaşaýar. 1946-njy ýyldaky saýlawlarda halk deputatlygyna ses sany ýetmäm mejlise girip bilmedik şahyr 1947-nji ýylda täze garaşsyzlygyny gazanan Päkistana baş ilçi edilip ugradylýar. 1949-njy ýyla çenli bu wezipede işlän Ýahýa Kemal pensiýa çykyp Karaçiden ýurduna dolanýar. Pensiýa çykandan soñra Izmir, Bursa, Kaýseri, Malatýa, Adana, Mersin, Afiny, Kair, Beýrut şäherlerine syýahat edýär. Stambulda "Park Otele" ýerleşýär we ömrünin ahyryna çenli bu ýerde ýaşaýar. Oña 1949-njy ýylda "Inönü Armağanı" baýragy berilýär.
1956-njy ýylda "Hürriýet" gazeti her hepde bir goşgysyna ýer berip, onuñ hemme goşgularyny çap etmäge başlady. Bagyr keselinden ejir çekýändigi üçin 1957-nji ýylda bejergi almak üçin Parije gidýär.
01.11.1958-nji ýylda Jerrahpaşa hassahanasynda aradan çykýar. Şahyr Aşyýan gonamçylygyna jaýlanýar.
Ýahýa Kemalyñ diri wagtynda bir kitaby hem çykmandyr. Ol ýogalandan son açylan "Ýahýa Kemaly öwreniş" institutynyñ goldamagy bilen şahyryñ eserlerini edebiýat taryhçysy Nihad Samy Banarly tarapyndan taýýarlanylýar we neşir edilýar. 1961-nji ýylda Stambulyñ Diwanýoly diýen ýerinde Çarşygapyda ýerleşen Merzifonly Gara Mustapa Paşa medresesinde Ýahýa Kemal muzeýi açylýar. 1968-nji ýylda heýkeltaraş Hüseýin Gezer tarapyndan edilen heýkeli Stambulyñ Maçka seýilgähine oturdylýar. Ýahýa Kemal diwan şygry bilen ýewropa şygryny utgaşdyran şahyrdyr. Aruz ölçegini türk diline ussatlyk bilen ýerleşdiripdir. Heje formasy bilen "Ok" atly ýekeje goşgy ýazypdyr. Ol parnasizmiñ türk edebiýatyndaky wekilidir. Diri wagtynda kitap çykartmandygy üçin "esersiz şahyr" diýilip tanalypdyr.
■ Kitaplary:
1). "Öz gök asmanymyz";
2). "Köne şygyryñ şemaly bilen";
3). "Rubagylar we Haýýamyñ rubagylaryny türkçe sözleýiş";
4). "Edebiýat barada";
5). "Eziz Stambul";
6). "Egil daglar" we ş.m..
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly