23:37 Ýalñyzlyk | |
ÝALÑYZLYK
Goşgular
![]() Sensiz bu baglara asla gelmerin, Serwi boýuñ ýada salýar boý derek. Gursagymy ýaryp, çykara gelýär, Urunýar, aglaýar söýülen ýürek. Sensiz bu baglara asla gelmerin, Bägül görküñ baky gözümde galdy. Özümden has artyk söýüpdim seni, Aýdylmadyk sözler dilimde galdy. Sensiz bu baglara asla gelmerin, Ýatlamada ýaşap ýörün umytly. Söýgi mätäç däl-ä kasama, anta, Kinäni unudyp, gel sen, ak atly. Sensiz bu baglaryñ mähri ýok maña, Güller gunçalapdyr, seni gözleýär. "Söýgi bilen güllesin ömür ýoluñyz!", Şeýda bilbil bagt diläp sözleýär. Sensiz bu baglara asla gelmerin, Besdir, bir-biregi söýüp gezeli. Baglaryñ gülünden bir galam ýasap, Söýgä dolan syrly dessan ýazaly. Oguljennet NAZAROWA. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |