ÝARAMAZ ŞAHYRLAR
Ýaramaz şahyrlar,
ýalan şahyrlar,
Goşgularňyz näme beýle ýaramaz?
Sizi beýle palak edip,
Pak edip,
Ýaradyp bildikä nädip Ýaradan?
Okap-da bolmaýan şygyrjyk ýazyp,
(Haýran men) siz onam ýatdan bilýäňiz.
Hudaý talant bermänmiş-dä, Jähennem,
Bolaýmaly dälmi näme kelläňiz?
Wyždanyňyz bolaýmaly dälmi nä,
Bolaýmaly dälmi haýadyr şerim.
Ýok, barybir şahyr bolup bilmersiz,
Gyrp-çyrp edip, çilip kişiň eserin.
Goşgy okaýaňyz çykyp münbere,
Zowladýaňyz, goly kelemenledip.
Akyllylar kesäňizden utanýar,
Ýere girsem diýýär akly kemlerem.
Goşgy çyrşap ýatyrsyňyz her ýanda,
Suwap ýatyrsyňyz gazet-žurnaly.
Gürleseňiz, temegiňiz asmanda,
Ýazýan ýaly „Injil“ bile „Gurhany“.
Gazetde çykdygy bir gowy şygyr,
On görnüşin ýazýarsyňyz gaýtadan.
Siz şygyr mülküne salyp talaňy,
Oljalap,
ýol urup ýören galtaman!
Hiç bolmanda Pyragydan utanyň,
Utanyň siz Gurbannazar, Halyldan.
Nije ýyllap goşgy çyrşap ýörsüňiz,
Ýöne aýdyň, şahyr çykdy haýsyňdan?
Dünýä sygman, şahyr adyn göterip,
Ogurlaň!
At üçin zatdan gaýtmaň siz!
Siz şahyrmy?
Şahyrsumak, musallat?
Il-gün ony bilmeýändir öýtmäň siz!
Nobatguly REJEBOW.
Goşgular