08:12 Ýaşlary galar | |
ÝAŞLARY GALAR...
Goşgular
Ýagyş ýagjak bolýar. Howa bulaşyk. Asmanyñ ýüzüni kerepläp tutan Ikiýan urunýan gara bulutlar Sümükden doluşan çagañ burny deý Suwly tumşugyny göterip bilmän Daglañ arkasyna syñkyryp, çyrşap Gaçyp gitmäñ emelini gözleýär... Terk edilen şäher ýaly içgysgynç Neneñsi biderek, bimany dünýä Dolap almak üçin hapa gujagna Gözýetimde tüweleýler pyrlanýa... Daglar bolsa äwmän bimanylygy Gyzykly kinonyñ arasyn bölüp Çilim çekjek bolup daşaryk çykan Gojalañ burnundan tüsse çykaryp Keýpine humarlap duruşy ýaly Serindäki dumanyna gark bolup Ymyzganyp ýatyr ýolbars mysaly... Urnup-urnup geçer gider bulutlar Daglar öñküsi deý uklar... oýanar Duýmazam dek ýañy jülgeleriniñ Hanasyny hapa silden dolduryp Sümügini döküp giden bulutlañ Garaşjagam bolman ýene gelerne Kerkawlaram ygşyldaşar, daranar... Siller akar gider, daşlary galar Dereleri böwsüp binowa halda Käkilikleñ güzerine öwrülip Çeşme bolup akjak ýaşlary galar... ◆ ◆ ◆ Ne men oglum barka, ogra gülmerin Ne men gyzym barka, küntä gülmerin. Ýöne; ogra ogry, küntä-de künti Diýmeklikde hiç bir gypynç görmerin. Magat göz ýetirip duranam bolsam Birmahal ýüzüniñ suwy sypyrlyp Her geçeniñ elniñ kiri süpürlip Gatap giden köne esgi mysaly Şalhasy sallanan loly dünýäniñ Müñ ýerinden ýel şuwlaýan deşigniñ Ýamap bilmejegmi birje ýyrtygyn Dogjak çagy bütin älem synlaýan Aýa meñzeş hakykatyñ bardygny Aýdaryn! Goý, onsoñ ogrular, küntüler üýşüp Meni özlerine duşman saýsynlar Ýüwürsinler, Pişigiñ bar çaltlygy Samanhana çenli diýipdirler-ä, Arabaly towşan tutuljak güne deñeç ýalan-ýaşryk gybat ýaýsynlar... Daglaryñ bagrynda doglan bürgüdiñ Ak şäheriñ asmanynda pel-pelläp Gulatynyñ ganatyny saýalan Gözli kör akmaklañ dik depesinden Şaglap injegimi bilip durlar-a... Aý aýlanar. Ýyl dolanar. Wagt geçer... Kimiñ ogrulygny paş eden bolsam Kimiñ küntüligni paş eden bolsam Ýalançyny hasabyna ýaşadýan Zanny päk adamlar toýda-baýramda Kimden näme bukjagyny bilerler Haýsy haýýar künti bilen ýalñyşyp Bir saçakda duz iýmeli däldigne Birmahallar dilime tüý çykaryp Aýdan sözlerimi ýatlarna salyp Göz ýetirerler ... Has Türkmen | |
|
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Döwrebap goşgy / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Bir millet / Goşgular - 20.05.2024 |