09:58 Ýat ýurtda ýükçi bolan türkmen şahyry | |
ÝAT ÝURTDA ÝÜKÇI BOLAN TÜRKMEN ŞAHYRY
Ýatlamalar
Men bu ýatlama ýazgylary ýazmasamam bolardy welin, ýönekeý özüm Ors ülkesinde mysapyrlykda ýöremsoñ, hem şahyryñ ykbaly maña golaý duýuldy durdy. Ol biziñ öz towereklerimizde doglansoñ, bize has ýakyndy, çünki ýazýan zatlarynda biziñ tebigatymyza golaýlyk bardy. Özem ýazan eserini mylaýym heñ edip akýan çeşme ýaly mährem tebigy sazlaşyk bilen ýazýardy. Hemem ony ýurduñ hemme ýerlerinde tanaýardylar, hormat goýýardylar. Şahyr öz ýurdunda işlap ýörkä birden ýat ýurda gidip galdy. Soñ bildik, çagalaryna daşary ýurtda döwrebap bilim bermek üçin giden ekeni. Öñler radioda mylaýymlyga ýugrulan goşgularyny öz okamagynda yzygider eşidip durýardyk. Onuñ ýürekdeş sesine öwrenişip giden ekenik. Birnäçe ýyl geçenden soñ şahyr ýurduna dolandy. Horlanypdyr biraz. Önki ýylgyryp duran ýuz-keşbinde kinaýa gatyşykly gam bardy. Ýöne şol önki hoşgylawlygy. Acylyp-açylyp gürleşdik. Durmuş öwrümleri hakda gürrüñ açanymda: - He-eý, Sylapberdi, ýaş ýigit wagtym student bolan şaherimde ýükçi bolmalam boldy - diýip ajy ýylgyrdy. Gürrüñimiziñ arasynda özüniñ Leningradda (Sankt-Peterburgda) okandygyny, şol wagt ýazan goşgularyny Newaýy diýip tahallus bilen ýazandygyny aýdypdy. Aradan wagt geçmän Şahyr dünýesini täzeledi. Ýat ýurtda agyr zähmet saglygyna zarba beren eken. * * * «Şahyrlar ir gidýär gadym dünýäden» diýen ýaly bir setir kellämde aýlanýar. Şeýdip, birden aramyzdan giden şahyrdan göwnümize teselli bir topbak goşgy galdy. Bolany. Meñ özüm üçin bolsa, onuñ bilen iñ soñky eden söhbetim bir mukaddes ýatlama bolup galypdy. Şonda ol maña Sankt-Peterburg hakynda, müň bir hanaly Newa derýasynyñ açylýan köprüleri, owadan şäher yşyklary, iň esasy hem ol ülkäniñ ak gijeleri barada gürrüñ beripdi. O gürrüñler şol wagt maña gyzykly bolandyr, belki hem däl. Ýöne ykbal özümi hem Sankt-Peterburgdan çykaranda ýene şahyr ýadyma düşdi. Sylapberdi MUHAMOW. 4 sentýabr, 2023 ýyl. Moskwa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |