22:30 Ýatlama | |
ÝATLAMA
Goşgular
![]() Güle dolap göwnümi, Ynjanymy bilen ýar, Käte ýoklasañ gelip, Armanlarym elenýär. Ýatlamalam ýanymda, Hyýallarym oraýar. Ýyllar ötüp gitse-de, Seni menden soraýar. Bägülleriñ bagryna, Başym goýup uklasam. Ap-ak nura beslenip, Düýşleriñde ýoklasam. Asman bolsam bagrymdan, Nurlar ýagsyn başyña. Ýyldyzlara atlanyp, Gelsem seniñ gaşyña. Göwnüm bir daş aýnadyr, Men bakýaryn begenip, Bagt ýokduryp kimlere, Ýaşap ýörüs guwanyp. Ter gülleriñ ysyna, Siñip gidesim gelýär. Söýginiñ özi bolup, Saña gaýdasym gelýär. Oguljennet NAZAROWA, Daşoguz welaýatynyñ Akdepe etrabynyñ 20-nji orta mekdebiniñ mugallymy. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |