06:36 Ýazgydyñmy? | |
ÝAZGYDYÑMY?
Goşgular
Agram berip dar gursaga, Gussalañ gaýnap dursa-da, Öz syryñy açmazlygyñ, Görip görseñ gaçmazlygyñ, Gün-günden çökse-de, gerden, Ajy sözleñ ejirinden, Öz-özüñe lukman bolup, Bejerdiñmi ähli derdiñ? Bejerip öz kalbyñ derdin, Döwük ganatyñ seýikläp, Sarç bedew deý, sarç erkiñi, Özge däl, özüñ seýisläp, Göýä, Symrug guşy ýaly, Gözläp mydam ýagşy päli, Nurana kalplara gonmak, Soñra ony gursagyñda, Ýygşyran gaharyñ bilen, Döreden mähiriñ bilen, Çoýmak üçin. Bu gün ýanyp, erte sönmek, Öñ ýazylan ýazgydyñmy? Ýa-da seniñ ömrüñ üçin, Ýaşap ýören döwrüñ üçin, Saýlap alan çözgüdiñmi? Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||