22:33 Ýazylmadyk goşgularym | |
ÝAZYLMADYK GOŞGULARYM
Goşgular
...Ýazylmadyk goşgularmyň ençesin, Göterip gezdim men ejiz gursakda. Olar bolsa öz ahmyrly penjesin, Ýüregime urup dyrnagyn sokdy. Diýýän deýin goýber bizi erkine, Boşat gursagyňy giç dälkä şindi. Kemçilikler hakda ýazmak her kime, Başardyp duranok, kyn boldy ýazmak, Ýöne ýazman gezmek, ondanam kyndy. * * * Bu neneňsi durmuş, bu niçik ahwal, Ömür maňa berlen, ýöne meňki däl. Özge birniň ýazan kada-kanunna, Uýup ýaşamaklyk adatmy munda? Eginlerňi gysyp, başyňy egip, Gezmeli darajyk çarçuwa sygyp. Özgäň göwni diýip, öz göwnüň döwüp, Wysalňy çözülmez bir bukja düwüp, Kalbyň aram tapman çekýärkä jebir. Ýaşamagam agyr, ölmegem agyr. * * * Belki-de bu zatlar meň göwnümedir. Bulutlaram ýagyp bilmän heläkdir. Ýöne meň kalbymyň gussasy nedir? Belki gamlanmaga sebäp hem ýokdur?- - Diýsem-de, ynam ýok, pany pelekdir. Onda näme üçin meniň kalbym hem, Aglap bilmän dymýar bulutlar ýaly. Nämüçin gussaly geldikä ylham? Entek bir goşgy hem ýazmadym doly. Wagt ber bir şygyr döreder ýaly... Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||
| |||||