09:40 Ýazylmazak hekaýa / hekaýa | |
ÝAZYLMAZAK HEKAÝA
Hekaýalar
Ýazylanok. Ot... ...hut öz teniňe basylsa, dolam duýulýa, dogram... ...Muňam şumat şeýlebir ýiti ýadyna düşýä. Şu günki ýalam hakydasynda... ...Nowbaharyna hamyla gelniniň aýy-güni dolup, bäbekhanada külpet külterleýän güni... Burgusy daňa ýakyn tutupdy. Ejesinem alyp, agasynyň köneje altynjysynda äkitdiler. Ikisem beýnisi bekemedik, agzysary – o-da, bu-da, heniz ýigrimkisem dolmadyk. Ejesi ulagyň öň ornunda. Ikisi yzda. Dyz degşirip, ezilen musyjalar kibi busurylypjyk oturyşlaryna, arasynda birek-birege aljyraňňy nazar oklaşýalar. Şonda-da gözleri elden-aýakdan çykaryp barýan, howsalaly wehimden püre-pür dolýar. Hamana, içlerinden: “Oh blä-ä! Nämetdig-aý?!” diýşip, öz gaýran hokgalaryna haýranlary hüwwet edip, saçlaryny penjeleşýän ýaly... Agasam, beýlebir “ullakan” adam dä. Bu ikisinden bäş-alty ýaş ketde. Tizräk eltmeli ýerlerine ýetirse, dünýä gelmäge gyssanýan etene, hemmeje zady ap-aňsatja edip goýberäýjek ýaly. Kä ýeri poslan, maýryk arabasyny “hüňledip”, oňa zor salyp, ulagyň janyny alyp gelýär. Bir, öňem munça-munça zatlaň nijemesin-ä öz başyndan geçiren, olara görä iki essesine-de gözli şaýat bolan ejeleri, parahatlygyny saklamaga çalyşýar. Emma, baranlary bilenem nowbahar aňsatjak dogulaýmak islemedi. Azap baryny ýuwutdyrdy. Ilkibada dogurdýan sanjymy eden bolup: “häli dograr, şindi dograr-la” diýen dodak çöwrüşdi bilen arkaýynsyrap ýören lukmanlaram, gün öýleden agyberensoň aljyramaga küýlendiler. Içerd-ä-hä o görgüli, gabarasy bäş kileligräk çaklanan, döwüň çagasy ýaly düwünçegi goýnundan Ýalança inderip bilmän, çekip-çydardan çökder güzabyň düýpsüz girdabynda gark bolup bilmän ýör. Daşarda-da şo güzabyň sebäpkärleriniň beýlekisi, aýagy bişen towuk ýaly o pahyryň ezýet çekýän otagynyň penjiresiniň töwereginde zowzuldaýar. Ikisiniň daşynda-da ejeleri bende janserek. Hemmesiniň dilinde-de, beýnisinde-de, ýüreginde-de ýeke pikir, tenha duýgy: “Sag-amanwyr, Allajan, sag-amanwyr...”... *** ...Ine şonda ol, gadymdan gelýän: “dogmaz oglan” diýen sözüň nämäni, nähili aňladýandygyna gaty belet bolupdy. Şu wagtam oň, birde daş çykyp, birde iç girip, kä kompuň başyna çöküp, kä oturmaga karary ýetmän, içerde eýläk-beýläk selpäp ýörüşi, öz içine şo “dogmaz oglan” salnanyny ýatladýardy. Elbetde, oň nowjuwanlygynda gelniniň nowbaharyny dogurjak bolup hunaba ýuwduşy bilen häzirki bolşuny deňär ýal-a däldir. Çünki şo müddetdäki gelniniň jepasynyň mukdaryny, gipotetiki abstrakt milýardda kesgitleseň, oň bu mahalky byzbydyklan bolup, bikarar ýörüşi, belki on müňem, hatda bäş-üç müňem dälse däldir. Emma, şonda-da öz bolşy, oň hyýalynda gelniniň oglanjygy dünýä inderip bilmän, şo jebir çekişini janlandyrýar... Ikisiniň arasyndaky esasy meňzeşlik: şo pille olam dogrup bilenokdy, bü-de şumat dogrup bilmeýär... ...Ýazjak bolýar. Ýazylanok. Ýazasy gelibem ölüp barýar. Ýogsa, özüniň jylawyndanam dartjak bolup, şunça dyrjaşýar... “Näme, hökman şuwun ýazmalymy?! Ýazylasy gelmeýän bolsa, goý oglan, ertire! Nä, ala-böle şo ýazasyň gelýän zady, hökman şu gün, şu pursat ýazyp, kimdir biriniň öňünde bergiň-borjuň barmy?...”. Ýöne, barybir bolanok. Ýazasy gelip, ýüregi şo atygsap dur, atygsap dur. “Kitaba-kino, inete-gybata ünsümi sowaýyn” diýse-de, gursagyny mesgen edinen takatsyzlyk, düýbünden maý-maýjyk bermeýär. Kararam ýok, duraram. Iň nejis ýerem, näme hakda, nädip ýazjagynam bilenok. Boljak, şo-o-l, söz söze sepleşe, setir setire daklyşa, kursoryň sahypadan sahypa tyrpyp geçýän, şüweleňli “orak orum – ýazuw” pursatlaryndaky ýaly bolsa! Şoň ýaly pilleler, megerem şo: “ylham joşdy” diýilýän sellemi bolsa gerek. Sebäbi, şeýle wagtda ýazýan zadyň başdan ahyryna çenli her bir sözem, jümlesem, sözlemem, wakaň tutuş ýordumam...edil kompuň ekranyndaky deý, aňyňda lowurdap durýar. Onsoň saňa diňe, klawişa pahyryň depesinden inýän barmaklaň ýetişdiginden, şol sözlemleri faýlyň teninde göçürip alyp galaýmak galýar... ...Bumat bolsa... Aý-ý-ý!... *** Hiç zat çykanok. Ýa-da çykanja zadam, göwni suw içmän, gaharyna garaldýar-da, baryny bir basanda deleýtläp goýberýär... “Arassa howada serim durlansa, kelle köşeşip, ýazjak zadym tertiplije nyzama düzülmezmikä?” diýen kör umyt bilen daşarda birsellem gezmeläp gelen ol, ş içgepletmelerini başynda köwsarladyp gelşine, ýene-de açylgy duran kompunyň öňüne geçdi. Klawa ýeňňäni çalaja özüne dartdy-da, gaty oturgyçda oýkanjyrap, az-kem ornaşykly oturdy. Juw-ak ekrana tiňkesini dikdi. Oýurgandy. Ýene-de ýaňky haly. Ýazlanok. Ýaňy daşarda edil tomsuň yssy gijesinde, ýalazy meýdanda çybyn hümeriniň depäňde “hüňňüldeýşi” ýaly, beýnisinde “hyň” berýän sözleň birem ýok. Ýa-ha kompuň ýalpyldawuk ekranyndan gorkusyna hemmejesi ürken serçe sürüsi deýin nirädir bir ýere gürüm-jürüm bolupdyr. Ýa-da olar gyrgy gören jüýje kibi, ýazylaslary gelmeýändikleri zerarly muň gözüne çöp atmakdan ötri, gymyldy-hereketsiz, doňňara-daş bolup otyrlar. Hamana: “Biz gökdaş! Diýmek biz ýok, biz öli!” diýip, özlerini ýazasy gelip, elkyssa ýapyşyp duran bu hötjeti eýdip-beýdibem bolsa, başlaryndan sowmak isleýän ýaly... ...Birsalym ekrana görmeýän gözleri bilen jiňkerip oturandan soň, ol ahyry: “Äý, tort dä-de serkerde Napolýoň aýtmyş: “Esasy zat wurşa girmek! Galanynam görüberýässä!”. Her niçigem bolsa başlaýyn, bissimylla bilen...yzam näme, geler barar-da...” diýip pikir öwürdi. Soňam, düwmeleri haýdaşlap dürtüşdirip, kellesine gelen ilkinji jümleleri, ýygmaga başlady... *** “Kebelek / hekaýa …Ilki bilen Söz geldi… Sözüňem ady “kebelek” boldy… Üç-dört günläp “kebelek” kellesinde kebelek bolup pel-pelländen soňam, onuň eddiljek endamynyň daşky hamyna galtaşyp diýen ýaly duran, daşarky dünýäň nämedir bir zadyna ilteşdi-de, ýelmeşdi-de “kebeleklemek” diýen görnüşe geçdi… Şondan soňam başlady… Irden oýananda-da kellesinde “kebeleklemek”. Gündiz işläp ýörkä-de kellesinde “kebeleklemek”. Agşam ýatanda-da, tükeniksiz “kebeleklemek”-lerden ýaňa sämäp duran serinde, ýene-de şol… Ýöne, Hudaý diýen ýeri bar ekeni. Sözüň gelenine onunjy gün diýlende, özem, gün mazaly peýşine girende, ýaňky sözüň galagoplugy ahbetin gursagyna aralaşdy. Şol pille-de, müddetiň ýetendigini duýup, ol galam-depderini alaga-da, güdri-güpjege kükregini berdi. Ýüzin ýatyp ýazyp ugrady...”. *** Tfu! Durdy. Ýene-de ýazlanok... Häk, seňem wäheriňi... Ol nägileligini düwmelerden çykardy. Ony gahar bilen monitora garşy itdi-de, dikeldi. Ilk-ä otagyň içini eýläk-beýläk torç etdi. Soň kükregindäki gyzgyn sabyrsyzlyk halys igledip, daşaryk ýüzlendi. Mellek. Derwezeden aýaguja çenli altmyşwir mitr. Endigan ädilýän ýetmiş santylyk ädimden segsen ýedi gowrak bolýa... Şu ýöntemje hasaplamany kellede aýlady-da, äwmän-alňasaman iki-baka dähedem-dessemläp ugrady. “Bäh! “Kebeleg-ä” ýöremedi. Onda näme diýip ýazsamkam?” diýip içini gepledip barşyna, ýene aňynda öz-özünden täze parça emele geldi: *** “ …Çagakam… …Hemme şemallar şäher tarapdan ösýändir öýderdim. Hemişe: “Şemalsyz şäherler barmyka?” diýip oýlanardym… Soň akyl ýetirdim… Şemalsyz şäherler-ä bar eken. Hemme şäherlerem şemally däl eken…”. *** ...Emma... Ýene-de durdy. Hyýalyna, duýgy-pikirine näçe sütem etse-de “çagalykdyr şemal” hakdaky sözlemlerem biri-birine itinişip, şondan aňyrlygyna taýyp gidibermedi. Kürtdürdi durdylar. “Bäh! Bu näili bold-aý?!”. Uludan dem alyp, içerik girdi. Ýene-de kompuň başy. Ak ekran. Klawa ýeňňe. Olam, kä ýerinde çaňdyr-kir gatap galan, könesöw, çalymtyk reňki bilen oň bihuda ýerden öz-özüni bipaýan kösäp ýörşüne dözmezçilik bildirýäne meňzeýä... “Ýa, şü ýazjak bolup ýazyp bilmän ejir çekýän birine öz kompudyr klawişasynyň nebsiniň agyryşy hakynda hekaýa ýazaýsamyka? Sýužet biçem-ä dä ýaly, özi! Ynha, mysal üçin, biriniň-ä ýazasy gelip ölüp barýa. Näçe çygynsa-da, ýazybam bilenok. Hatda näme hakda ýazjagynam bilip bilmän, arrygyny gynaýa. Onsoň oň bolup ýörşüne haýpy gelen kompdur-klawişa-da, özaralarynda oňa bildirmän dil birikdirýäler-de, derrew bir hekaýany ýazmaga girişýäler. Soňam şo hekaýa ekranda öz-özünden ýazylyp bolýaram welin, ýaňky ýazyp bilmän kösenýan kelesaň, ony okap görýär-de, özüniň ähli ýazan zatlaryndan öler ýaly göwni geçýär. Çünki kompdur-klawişaň ýazan hekaýasy şeýlebir üýtgeşikmiş welin, hamana oň ýaly hekaýa adam döräp, henize bu güne çenli ýazylmanmyşam...Äý-ý, waý-eý! Biderek-laý! Ölseňem ynanmyýalar...”. Ol lapykeçlik bilen elini salgady. *** Kompuň wintinde (winçester, elektron hakydasy) bir faýly bar. Şoňa-da ýyllarboýy ýazmak bilen bagly nähili sýužet, ideýa gelse, gysgaça bellik edip ýör. Sebäbi ýazmagyň bolan boluşjygy şeýle. Haýsydyr bir waka ýa-da nämedir bir zady çyrşamak hakynda pikir kelläňe gelen badyna oňa höwesiň gaçýa. Emma, ýyllar geçer-de, belki ýene bäş ýyldan, belki onusyndan, şo birmahalky ýazasyň gelen zady hakykatdanam ýazyp başlabermegiň ahmal. Şoň üçinem undulmaz ýaly ony belläp galmaga mejbur bolýaň. Bu-da: “Belki, şonda bellik edilen sýužetleň birine ýüregi gozganyp, ýazmaga başlaryn” diýen ysgynsyz hantamaçylyk bilen, faýly açdy. “Syçanjygy” gymyldadyp, faýly aşak çetine geçirdi. 161 sany ýazgy. Ýokary çetinde galapa hekaýalyk wakajyklar, pikirler, şowly hem ýiti hasaplanan jümleler, açar-sözlemler, hadysany gyzykly edýän matally bulam-bujarlyklaň mazmuny hem ýorgudy, wakalaň jygba-jyg pursatlarynyň duýguçyl suratlandyrmalary... Ondan aşakda powestler hakda bellikler. Soň romanlar... Onuň nazary bir ýüz elli ýedinji belgidäki ýazgyda büdredi. Onda näme ýazylandygyny eýýäm otuz ýyl bäri sözme-söz ýadynda saklap, kalbynda apalap gelýänem bolsa, dykgatly okady: ““Mizan” – epopeýa (Ynsanlaryň ykballary). Üç romandan ybarat bolmaly. Dünýe her bir adamyň gowusyny-erbedini takyk ölçäp berýän mizan terezisi. Adamyň kalby onuň gowy-erbet etmişiniň mizany (Her kesiň mizany onuň öz içinde). Adamyň çagalary onuň gowy-erbet durmuşynyň mizany. Adamyň durmuşynyň gowy ýa-da erbet netijeleri onuň eden gowy-erbet işleriniň netijeleri – adamyň durmuşy onuň durmuşynyň mizany we ş.m.”... Ol ýüzüni kürşerdip, ajymtyk ýylgyrdy. “Heh! ÖWPOPBAPEÝÝA!” etdi-de, içinden kinaýaly hetjikledi: “Birje kel hekaýany ýazmaga syrtyň çatmanam, temegine gurt düşen tokly ýaly, howludyr öýüň içre kakynjyrap ýörsüň! Şo bolşuňa ýene-de “epopeýa” diýip agzyňam dolduran bolýaň...”. Ol öz-özünden ägirt uly göwnügeçme bilen myşlady. Soňam haýsydyr bir düşnüksiz zada ahmyr edýän dek uludan dem aldy-da, faýly öňe sürdi. Romanlaňam, powestleňem sýužetleri ýazylan ýerlerine düýbünden seredesi gelmedi... Bularam oň köňlüniň goýnundaky dogmaz oglanlar... Ýalňyşmasa, bir internet saýtynda okapdy. Hamana, bir ýurtda-ha, bir aýalyň ýatgysynda, düwünçegi doly ulalmanka gatap, daşpisint ingä öwrülipmiş. Şolam şony dogrup bilmän, 54 ýyllap göterip gezipmiş... Şeýle-e-e... O görgüliň goýnunda dogmaz “oglanyň” ýekejesi, ýarym asyrlap ýatypdyr. Muň kalbynda bolsa, gör näçesi eýýäm onlarça ýyllar bäri, “dünýä inip” bilmän, gökdaşa dönüp, gaflatda... *** Ol, faýlyň hekaýalyk bellikli ýerine geçdi. Ünsüni çeken sanda-da sägindi: “136.“Gurnak” ýa-da “Erkin sapak” – Edebiýat boýunça erkin sapak ýa-da edebiýat gurnagy, 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda, türkmen edebiýatynyň eserleri barada edebiýat mugallymasy “ýüz görüp gapyrga syrmazdan” pikir alyşýar. Döwletmämmet Azady, Magtymguly, Andalyp, Kemine, Zelili, Garajoglan, Şeýdaýy, Şabende, Seýdi, Mollanepes, Zynhary, Talyby…Soň Berdi Kerbabaýew, Ahundow-Gürgenli, Nurmyrat Saryhanow, Hajy Ysmaýylow, Ata Gowşudow, Pomma Nurberdi, Anna Paýtyk, Naryman Jumaýew, Nargylyç Hojageldiýew, Beki Seýtäkow, Tirkiş Jumageldiýew…Soň 80-90-njy ýyllarda Agageldi Allanazarow, Atageldi Garaýew, Kömek Kulyýew, Hemra Şirow, Ahmet Meläýew, Şöhrat Mülkiýew, Juma Hudaýgulyýew, Kakamyrat Ataýew, Orazguly Annaýew, Hemra Hudaýgulyýew, Maksat Hudaýgulyýew, Nobatguly Rejepow, Oraz Ýagmyr, Berdinazar Hudaýnazarow, Nazar Gullaýew, Sapargeldi Annasähet Iner ogly, Hydyr we Ylýas Amangeldi, Nowruz Gurbanmyradow, Gurbannazar Orazgulyýew we ş.m.…Soň häzirki zaman edebiýatynyň kyssa žanry: Merdan Baýadow, Nejep Baýat, Has Türkmen, Sylapberdi Muhamow, Enwer Nyzamow, Maksat Bäşimow, Umyt Küläýew, Seýran Otuzow, Begli Gowşakow we ş.m...”. Äý-ý-ý! Düýbünden gyzykdyrmaýar. Anyk bilýä – ýazylmaz. Iň bolmanda, şumad-a şeýle. *** Ol ýene-de uludan demini aldy. Haýsam bolsa bir zady çynyň bilen ýazmak, şeýle aňsat bolaýsa. Kelläňe täze pikir geldi. Faýla bellik etdiň. Soňam birnäçe wagt geçirip, ony okadyň-da, ýüzüň ugruna-da ýazmaga girişdiň. Gidibem Nobel baýragyny alyp gaýtdyň. Hezillik. Hymh... Ol özüniň ýaňsyly oýlaryna göwnüýetmezçilik bilen dodagyny gyşartdy. ...Hakykat-da welin, nämedir bir zady çynyň bilen ýazjak bolsaň, wakaň tutuş keşbini emele getirýän her bir iň owunjak jikme-jikligiňem “hamyna girmeli” bolýaň. Ýogsa-da ýazanyň öli. Wakaňda çeper gahrymanyň külembikesi dilindimi – senem hut külembikäň dilnende nähili bolýandygyny tutuş durky-düýrmegiň bilen başyňdan geçirmeli. Sen edil öz işine jany-teni bilen berlen sanha ussady ýaly, her keşbi on iki süňňüň bilen janlandyrmaly. Ýok, ýok, hatda “janlandyrmalam” däl-de, şol şekillendirýän gahrymanlaň her birine öwrülmeli. Edil gadymy oguz ertekilerindäki, Garry Aý güni (Dolan Aý, Mahy-Taban) bozgurda öwrülýän Ebirun-ynsan ýaly... Diýmek, hakyky ýazmak üçin sen ýazýançy däl – Ikiýüzli Ýanusyň hut özi bolmaly! Keşbiň bir-ä hemişe perýatda. Beýlekisem müdimilik horram! Bäh!... *** Şu pikiri kellesinde aýlanda, deňdeş ülpedi ýadyna düşdi. Gorkajyk bolany üçin özlerini bileli bäri lakamy “Zaýyrdawuk” bolan ol, hut masgarabazlyk laýyndan eýlenen ýalydy. Kolhozyň ekin meýdanynda eline tirsekboýy badamjany alyp, ony mikrofon edinip, “toý gurnap” berende dagy, hemmeler daşyna egele bolşup, gyzyl-gyran güle-güle, kese ýykylardylar. Ýeke özi tutuş toýdy. Ilki bilen toý başlamasdan burun “tamada” mikrofony barlap ugrar: -Bir-bir-bir...iki-iki-iki... “Pyş-pyş-ş-şyg-ş-şyg” edip, oň agzy bilen “tamadaň” ses barlagyna hol beýlede durmaýan, ýok-kolonka seslener. -Dötdi:m, braşyşka, biraççyk kalywrowka edip göwer, ýohha fonit etjek bo:p ýattyr ýalak!-diýip “tamada”, ýok-enjamlaň ýok-operatoryna haýyş eder. -Hä:ziň, awam-wrat-ok...hiýk! Bud-spok wrat, hiýk...-edişdirip, eýýäm gele-gelmäşe, “bagşynaharyň” başynda “gowja” bolmaga ýetişen “Dötdi” atly ýok-operator, göwresine gelişmeýän inçejik ses bilen “tamadany” arkaýyn eder. “Tamada” ýene-de birki öwran “bir-ikisini” gaýtalar, ýok-kolonkada “şyg-pyşyny” alyp göterer. Oňa çenlem “Dötdi”, arasynda bazzyk-buzzuklap, enjamlaryny öňküsindenem beter “sazlar-da”, toý başlanar. -Ňadyrly toýa gelen, meýmanla:! Akdaşaýak obamyzza, kän hormatly gennejemiz Düýtdüýtjahan daýzam janyň, otuzmäş ýyl mundan owal, Ahal-Mary-Daşoguz-Balkan-Lebap hem-de aýratynam Hatapgala illerinde, bir ýerde gonamçylyk tapsa sypdyrman, ýykylyplar, togalanyplar, ölüpler ýeten, jan ýalyjak, ýüzelli kilelik inimiz Öwetdi janyň, gelin toýunda, bagt toýunda, birje zatjygam nesýe dä-de nagt toýunda, siziň hemmäňizi hoş gördük, sapa gördük!!! Şo pille-de ýok-tirkegiň öňünde, aýak üstünde durup bilmän iki ýana yranýan serhoşlaň biri, sabyrsyzlyk bilen zorruk sesini hasam herreldip, “tamadaň” al-petinden alar: -E-w! Jotga-a-a! Başl-öw...Ba:mrak! Ýohha-da häziň, teležgaňyzyň tekgerine buşugýan...hiýk! Pul tölennä-ou, size...hiýk...Sizem märde...waýdyma waňňyrmaň deregine, hällen wäri, nokgy-nokgy edip otyňňyz...hiýk! Ödäň-ä-hou...werlen buly...huly...hiýk... -Häzir, häzir, awam! Hiç darykmagyň! Hemme zady şekelad edýäs!-diýip “tamada”, “gaharjaň serhoşy” ýüzüniň ugruna köşeşdirer-de, dowam eder:-Inni bolsa, toýa gelen ara-wasýoklaň hemmesini atduşi hem tüýs ýürekden, ýaman zakonnyý edip gutlamak üçin, Düdüýtjahan jan daýzamyza mikrofony gowşurýas! “Tamada” ýok-toýbikesine badamjan-mikrofony uzadar. -Daýzam jan, şuny gaty aggyňa golaý tutmagyň! Ýohha tüwkülik syçraýa-da sennen soň oňa nemetjeklere ýamanammyr nepryýatny bolýa! Muňa gepläňde, ony: “neme” diýip göz öňüňe getirme-de, “neme” diýip göz öňüňe getir! Şonna hemme zat şekelad bolar, daýza! Onnoňam daýzam jan, gaýrat et, oňa şü gapdal goňşyň bilen keýp edip sögüşeňdäki ýaly uliliň bilen gygyrma! Ol çala gürleseňem alýannyr, daýza! Şoň üçinem oňa “neme” diýilýä...-diýip “tamada”, çar-töwerekde ýaňlanýan güňleç pyşyrdy bilen “toýbikesine” öwüdem beren bolar. -Wa-eý,-diýip, selkiräge-de ses bilen gepe başlan “toýbikesi”, “tamadany” itiberip goýberer:-daýzaňa münüş öwretjek bommasana gy:! Halysam ýöne daýzaňy mikrofon görmedige dönderdiň! Daýzaň büçe-büçe zatlaň her hilisini sen dogulmankaň görendir! Ondan soň “toýbikesi” mikrofony agzyna dykaýjak bolup, myhmanlara mürehet etmäge girişer: -Eziz myhmanlar! Ine şu gün özüňiz görüp ýatyňňyz, men Ýeriň ýüzünne ýeke dikrarymy, şunça ýyla çeken gelingözleg sergezzanlygyndan soň öýerip ýatyryn! Inni size aýtjak sözüm: ine öten agşam oglumyň eýýäm çagalary öýlenjek bolup başlan deň-duşlary toý öňündäki deňňeneçilik diýip, meň öýüme mugt iýmäge üýşdüler. Şonda-da gapdal otagdan uzakly gije olaň ýöne “hüwet edýäs-de, hüwet edýäs” diýen gepi ýaňlandy durdy. Halys ýatyrmadylar meni, o öýi-öwzary bizar ömri uzak bolmuşlar! Onnoň irden olaň biri burnuny piserdip daş çykdam welin, men ondan soradym: “Pelany jan, owlum, bü uzak gije ýöne: “hüwet edýäs-de, hüwet edýäs” diýşip, käkeläp geçdiňiz welin, o diýdigiňiz ne diýdigiňiz-ä?”. Onna olam aýtdy: “Düýtdüýtjahan genneje, şo diýildigi täze gep! Özem ýaman modnyý söz! “Biçak, aňrybaşy, barypýatan, gutaran, tükenen, ymgyr begenýän, şatlanýan” diýmegi aňladýa” diýdi. Innem, mähriban toýa gelen myhmanlar! Menem size ýeke balamyň şu günki bagt toýunda ýamanmyr modnyý edip ýüzlenesim gelip, ýüregim atygsap ölüp barýan-da! Şoň üçinem, gadyrly myhmanlar, ine şu gün toýumyzy sylap gelipsiňiz! Indem gaýrat ediň-de hüwet edip, iýiň-içiň, tans ediň, çagamyň bagtyna hüwet ediň, şatlanyň! Sizem bagşy balalam hüwet edipwir saz çalyp, aýdym aýdyň! Goý eşidenleň hemmesi hüwet etsin... “Toýbikesi” gutlag-mürehedini tamamlap-tamamlamanka-da, aňyrdan bir ýerden ýok-bagşy aýdyma başlar: -Gelin geldi, gelin geldi, Bilbil ýaly ganat kaky-y-p, Seniň söýen gülüň geldi-i-i... Şat bol oglan, şat bol oglan... Seniň söýen gülüň geldi-i-i... Sazandalaram aýdymyň mukam-şowhunyny ýetirerler... ...Garaz, Zaýyrdawugyň ýekeje özi, tamada-da, bagşam, sazanda-da, toýa gelen myhmanlaram, urşup, toý bulaýan serhoşlaram, bagşy urmaga höwes edýän saňsarlaram, öýlenýänem, gelnem, gyz tarapdan gelenleň gutlaýançysam, hatda, tansçylaň aýagyna çolaşýan çagalary kowýan bekewülem, şol çagalaram, hemmeden dilegçilik edip ýören sähne gedaýam... ...Hezil bererdi. Ine, janyň-teniň bilen ýazjak bolsaňam, edil şo Zaýyrdawugyň bolşy ýaly, ýekeje özüň “tutuş toý” bolmaly bolaýmasaň... Oňa-da hut şo pille ýüregiň galksa... *** ...Ol elini eňeginden aýyrdy. Hyýalynda hyň berýän bolar-bolgusyz pikirleri aňyndan gaçyrjak bolýan dek, başyny çalaja silkdi. Şu wagt oň beýnisem beýni däl-de, çopantelpek. Ylhamsyz takatsyzlygynyň demi, şemal bolup, şo çopantelpegiň tozgajyklary – pikirlere garşy ýuwaşja üfleýär. Üf-f-f... Çopantelpek-beýniň tozgajyk-oýlary, bikararlyk ýeliniň demine düşüp, çar ýana gaýyşyp gidýä... *** ...Ol uludan demini aldy-da, örboýuna galdy... Şol pursadam, gözüniň öňünde duýdansyz sahna, şeýlebir ýitilik bilen ýalpyldap gitdi. ...Tüm-garaňky dünýä. Gün ýok... Özem bu sahnany nirede gördi, haçan gördi – belli däl. Ýöne o çirksiz, gümansyz hakyky. Diri. Eliňi uzatsaň elläbem boljak... ...Bada-badam şekil bilen bilelikde, aňynda bir jümle döredi: “Günüň dogmaýan dünýäsi”. Ol nädip yzyna oturyp, haýdap, ýazyp başlanynam duýmady... *** “Günüň dogmaýan dünýäsi / hekaýa Günleriň bir güni, dünýäde Gün dogmady... Batareýasy çökdümi? Lampasy köýdümi? Ýagşyzadalar yryp bilmedimi? Ýa, ony her gije ýuwudýan alawan sypatly Sebek-Ra, oň ýakyp-ýandyryp barýan howruna çydaman, doýmaz-dolmaz holtumyndan ony gusmadymy? Ýa-da özüniň ýyladyp-ýagtyldýan saýýaralarynyň hemmesinden göwni geçdimi?... Anygyny, owal-a Alla, galyberse-de Günüň özi bilýär. Oňam ikinjisi gümana...”... *** Başyny galdyrman, klawiaturany şakyrdadyp, şo ýazdy oturdy. Soňuna çenli alyp çykarmy? Ýa-da, ýene oň özi aýtmyşlaýyn: “ýazuw oragy” gap bilinden jomrulyp, “söz ekini”, “hekaýa mellegi” “orulman”, taşlanyp galarmy? ... | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||