13:00 Ýekelik | |
Ata ATAJANOW
Goşgular
▶ ÝEKELIK "Diňe Taňra ýaraşýamyş ýekelik, “Ýekäň çaňy çykmaz” diýipdir dana”. – Diýen deliliňe garşy däl menem, Menem – ýeke ýaşa – diýmen ynsana. Emma öz-özüme buýrup bilmeýän, Men ýeke bolmagy halaýan bijaý. Men ýeke bolamda, Ýanyma gelýä, Asmanyň aýnasy – o nurana Aý, Men ýeke bolamda, Maryda mälän Goýunlaryň seslerini eşidýän, Mene ýeke bolamda, Hanoýda nalan, Ejiz ene bilen bile üşüdýän. Men ýeke bolamda, Magtymgulynyň Meňli hana goşgy okaşyn görýän, Elbrus dagyna dyrmaşyp barýan Alpinist inime golumy berýän. Biwepa ýaryndan ýanan ýaş gözel, Men ýeke bolamda, Syryn ynanýa, Gumly geologyň çyrasy gelip, Garaňky gijede öýümde ýanýa. Men ýeke bolamda, Derekler bilen, Altyn şapak bilen açyk gürleşýän. Men ýeke bolamda, Bägüller bilen... Bütin barlyk bilen baky birleşýän. Men ýeke bolamda, Aýdym çagyrýar, Aýdym akyp barýar örän mylaýym, Aýyrmawersin meni, Aýyrmawersin Şeýle ýekelikden ömür Hudaýym! | |
|
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||