08:06 Ýelsiniñ ötünji | |
ÝELSINIÑ ÖTÜNJI
Goşgular
On sekiz ýyl owal... 2000-nji ýyl. 26-njy mart. Gyzyl ploşad. Prezident saýlawnyñ öñüsyrasy... Ýüzünden ýagdyryp gaýgy-görgüsin Pensiýa gitmezden öñ iñ soñky gezek Gahryman halkynyñ öñüne çykyp Ýelsin çykyş edýär, Halka ýüzlenip, Tüýs ýüregi bilen ötünç soraýar Elini gursagna mertlerçe goýup. Diýseler-de oña hernäçe gende Görseler-de ondan hernäçe aýyp Soñra öz adyny geljek nesilleñ Tutmazlary ýaly gargap-sögünip Meñzäp tundranyñ çal aýysyna Boýnun burup rus halkyna garaýar: " -Eziz halkym, haýyş edýän, bagyşlañ! Men oñat ýolbaşçy bolup bilmedim. Edil häzir ýarylanok gara ýer, Menem gowrup barýan namysdan ýaña Gädigine girip ölüp bilmedim... Birwagt türkmeniñ gadyrsyz gazy, Akýarka Bakuwyñ gara altyny Depäñizden Murmanskiñ gary deý Ýagyp durka özbekleñ ak altyny Beýle-beýle güne galarys öýdüp Belki siz, pikirem eden dälsiñiz. Zähmet bilmän saga-sola ýaltaklañ: Döwür nä zamana, Nä wagt boldy... Nirä baksañ iş tapmaýan bikärler, Mafiýalar öç alýar biri-birinden, Öñýeten paç alýar hojaýynsyrap Ýiti penjesiniñ ýeten ýerinden. Hudaý saklawersin, uruş turaýsa, Watan üçin eli taýak tutmajak Bihepbeler sapançasyn somlaşyp Bu gün dumly-duşda selpeşip ýörler... Berezowksiý, Abramowiç ýalylar Mähriban Russiýamyñ ganyny sordy. Birmahallar gadym Kalkañ boýunda Ýurtbasar mongollañ biri-birine Jet bolan agzala knýazlarmyzy Gol-aýagyn güýlüp, Soñam seteran ýatyryp üstünde şagal mesligin guruşlary ýaly, garamaýaklañ gerdeninde ornaşykly oturan Gusinskiý, Melniçenko, Potanin. Liwçis, Ýawlinskiý, Hodorkowskiý. Kiriýenko, Nemsow, hemde Çubaýs... ýaly mugthorlar açlañ üstünde Doklukdan ikiýan agynýan wagty Ummalardan aşdy ýurduñ bergisi... Bäş ýüz göterme deñ inflýasiýa! Orramsy paýlaşdy ýurduñ baýlygyn. Abramowiç pul sowurdy Londonda Nirä ýetirjegni bilmän aýlygyn ýörkä Moskwada gullukçy bende... Gündogarda bir ýörgünli pähim bar: "Bu-da geçer!" Neneñ dürdäne sözmüş! Mert boluñ! Hemişe bolşuñyz ýaly. Ynha, geler mendenem has pähimdar Sizi bagtly güne ýetirip biljek, Ýurdunyñ omzunda oturan däl-de, Russiýany omzunda göterip biljek ~ Edenli, Gujurly, Dana hökümdar!.." Tamamlady sözün, Bar zat gutardy... Faraonlañ, patyşalañ alnyna ýazylan täleýden gutulyp bilmän, Kürsüsinden Ýelsin geçdi ýel kimin. Yzyndanam saýlaw... Gülala-güllük! Özüñiz bilýäñiz, Bu iş oýun däl. Etjek işi-de däl her öñýeteniñ. Putin geldi kürsä kyrk ýedi ýaşly. Ol howandar çykdy egbary agyp Soñky demin sanap ýatan Russiýa. Oligarhlañ ýepbeklendi gomuna Berezowksiý gaçdy "Ýelenin" bolup. Watanperwerleriñ ýyly demine Kem-kem ýurduñ ýüzi başlady gülüp. Hawa, beýik Pýotr gelen ýalydy Gaýtadan galkynan täze Russiýada! Ýöne bärde bir zat geñsi görünýär: Şol Russiýany aç şagallañ eline beren alkaş Ýelsin pensiýa çykansoñ, Eks-prezidentiñ ähli hukugyn peýdalanyp tä ölýänçä ýaşady, Iñ gymmat bahaly sanatoriýada!.. | |
|
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||